09:48 Awazada duşan ýar / hekaýa | |
AWAZADA DUŞAN ÝAR
Hekaýalar
Ahmet merkezi gazetleriň birinde işläp, redaksiýanyň ýörite tabşyrygy bilen bu ýerde ýygy-ýygydan iş saparynda bolýardy. Awazaň gözel ýerlerinde guralýan medeni çärelere digişli düşüren suratlary ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallarda yzygiderli çap edilýärdi. Häzirem ol şu töwerekde gözleri Günüň ýiti şöhlesinden goraýan ullakan gara äýnekli, başy aýlanyp duran tegelek şlýapaly, boýnundan içine ululy-kiçili fotoapparat salnan ýan torbasy asylgy halyna şu ýerde gezmeläp ýördi. Şo mahal hem Ahmediň ünsüni başga bir zat özüne çekdi. Göm-gök bolup, aňyrsy-bärisi görünmän, ýüzi gaýmaklap, alyslara uzalyp gidýän deňziň ýokarsynda çarlak guşlaryň sany-sajagy ýokdy. Olar belentli-pesli, başly-barat uçuşyp ýörişlerine, ählisi diýen ýaly bir enaýy ses bilen jürküldeşýärdiler. Deňiz guşlarynyň bu toplum-toplum bolup ýerine ýetirýän geň-enaýy hereketlerine päsgel berjek bolup durýan ýokdy. Şoň üçinem olar asuda asmanda ünji-aladasyz uçýardy. Çarlaklar erkinligi halaýan guşlardy.Munuň şeýledigine olardan gözüni gyrpman seredip duran Ahmedem göz ýetiripdi. Deňziň ýakasy hemişe-de köp adamlydy. Kileň ýaşlaryň birek-birege sataşmagyna, tanyşmagyna hem-de özbaşdak durmuşa sary ilkinji ädim ätmeklerine ady, tarypy äleme dolan şu gözel Awaza sebäp bolupdy. Ahmediňkem şeýle boldy. Ahmediň bu ýerde bolan günlerinde oňa Medeniýet institutynyň aýdymçy hem tansçy talyp gyzlaryndan düzülen uly bir topar hem gabat gelipdi. Toparyň agzalary bir-birden ady tutulyp, ýazgy meýdançasyna çagyrylýardy. Gyzlaryň arasynda ady dillerde sena bolan, waspy dünýä ýaýran bu gözel künjegi ilkinji gezek görýänleri hem bardy. Humaý atly gyzyň hem bu ýere ilkinji gezek gelşi eken. Şonuň üçin hem ol bu ýeriň gözellik dünýäsini haýran galyjylyk bilen synlaýardy. Haçanda ol aýdym aýtmaga çagyrylanda, onuň ilki bolup ünsüni çekenem Ahmet boldy.Ony gören Ahmediň baldyry syzlap, gözleri jöwherlendi, şo dem ýürek urmasam birsellem dynç alaýsam diýýän ýaly, tutuş göwräni saňňyldatdy. Orta çykan uzyn boýly, edepli, ekranly görnen gyz Humaýdy, daşyndan göräýmäge ýygra görünse-de, ol dogumlylygy hem mylaýymzadalygy me-saňa mälim bildirip durdy. Ahmet şol bir ýagdaýdady, gözlerini gyzdan aýyrman ony assyrynlyk bilen synlaýardy. Ine, bar bolany. Galany şondan soň başlandy. Ahmet häzirki oturan oturgyjyna ylla çüýlenen ýalydy. Aýdylyşyndanam bäş beterdi. Aýdymyň tä başyndan ahyryna çenli gözlerini gyrpman diňledi. Aýdym şirinden-şirindi, owazy Awazaň kenar ýakasynda tasanjyrap oturan tolkunlaryň şelpelerine süýjülik mukamyny çaýýardy. Diňlese-de diňledi welin, ol eýýäm hyýalynda bu görmegeý gyz bilen bir beýik dagyň gerşine gol tutuşyp çykypdy. Soňam iki bolup şol belentlikden älemi synlap, uzaklara ser saldylar. Howanyň sowujak mymyjak şemaly bolsa gyzyň zülplerini adaja galgadýardy. Her gezek zülpleri galganda, gyzyň akmeňiz alkymy Günüň şöhlesine öňküdenem agaryp, gözüňi gamaşdyryp gidýärdi. Bu boluş uzaga çekdimi-ýokmy, hyýalmy-hakykatmy, onçasyny bilerçe bolmady. - Ahmet, bizi çagyrýarlar!—diýip, kärdeşi Jeýhun bir elini onuň egninde goýmadyk bolsady, Ahmet heniz-henizler hem hyýaly dünýeden aňsat-aňsat dönerli däldi. - Hä... Jeýhun bu-bu sen, senmidiň?—diýip, sakawlady. Ahmediň aljyraňňylygyny gören Jeýhun: - Ahmet, saňa ne döw çaldy, ýap-ýaňam sagatdyň-la!? Özüňi erbet duýýamyň ýogsa...—diýdi. - Ýok, ýok, alada etme, dost jan, menden mes adam ýok. Ýöne aklyma bir zatlar, bir zatlar geldimi ýa geljek boldumy, bilmedim. - Ýör, onda, gijä galaýmaly. Bizi “Çarlak” myhmanhanasynda boljak konserde çagyrýarlar. Ahmediň gözi yzynda galdy. Soňam: - Biz gelýänçäk, bu gyzlar gaýtmazlar-a?—diýdi. - Sen haýsy gyz hakda aýdýaň? Gyz kän-ä bu ýerde. Aýdymçymy, tansçy? Sen olary surata düşürdiň dälmi? Gideli, gidelile-how, barybir, agşamky konsertde-de şu gyzlar çykyş etmeli. Ýöne biz suratçylar o ýere öňünden barmasak bolmaz. “Agşamky konsertde-de şu gyzlar çykyş etmeli”. Jeýhunyň bu sözleri oňa azda-kände teselli berdi, göwün guşuny ganatlandyrdy. Dogrusy, şu ömründe onlarça, ýüzlerçe gyzy surata düşürenem bolsa, olaryň hiç biri edil häzirkisi ýaly beýnisini yrandyryp, inçe duýgusyna täsir edip bilmändi. Bu gyzyň gaz basyşly ýöreýşem, gyýa-gyýa ogryn bakyşam, jahyllygyň seri uran islendik ýigidi aldym-berdime salyp biljekdi. Ahmet özünde bolup geçýän ýagdaýlara haýran galyp oturdy. “Bu nämekä? Söýgi diýilýäni şumyka? Elim-aýagym dolanýar, edenimi-goýanymy bilemok”. Haýran galmazça-da däldi. Ýogsam ol heniz bu gyz bilen gürleşibem görmändi, adynyň Humaýdygynam, institutyň ikinji ýyl talybydygynam ýaňyrak aýdyma çagyrylanda, eşidip galypdy. Halys kelebiň ujuny ýitiripdi. Birbada şu günki etmeli-goýmaly işinem unutdy. Birgiden käbir dostlaryndan öýlenip, çoçgara çolaşanlary hakydasyna geldi. Hasam ähli haly-malyny orta goýup, öýlenen Anna dostunyň soňky düşen gününe ýüregi awady.Öýlenenine heniz bir ýyl bolup-bolmanka, är-aýalyň arasyna tow düşdi-de, nikalary bozuldy oturyberdi. Ýeri, muňa kim günäkär? Annamy ýa onuň saýlap alan gyzymy? Bahanasy olaryň häsiýeti, dünýägaraýşy köp meselede biri-biriňkä çapraz gelenmişin. “Aýrylyşjak” diýip ýer depdi durdy. Anna ugur-ýön tapmady, aýdany tersine boldy oturdy.”Ýeri, sen bir zat diýdiň-de, men etmedimmi? Aýrylyşjak sözi nireden kelläňe geldi? Sabyr et, özbaşyna öýümizem bor, ulagymyzam. Her zadyň öz wagty bar” diýse-de, gulak gabartmady.”Men boş tünege gelipdirin. Men beýle durmuşda ýaşamak islämok.” Ine, gelniniň oňa beren jogaby. Soň näme etdi? Siz näme bolar öýtdüňiz?! “Erkek demirdir, aýal kömürdir, ahyry ereder” diýleni boldy. Anna her zat etdi, ile gep bolmazlyk üçin elde baryny etdi, ilkinji bagtyny ýitirmekden gorkdy, gelniniň göwnünden turmak üçin ähli zada kaýyldy, bolmady. O näme etdi? Gulak etini iýdi. Gelniniň ýanynda oňa san ýetmedi. Bir günem, ahyry aýdanyny gögertdi, özüne degişli goş-golamy bilen öýi terk edip, düzüwli sagbollaşmanam atasy öýüne turup gitdi. Aýryldyň taň etdiň, sulhuň alyşmady, ilçilikde bolýan zat. Hemmelerem şeýle pikir etdi. Ýöne onuň baraga-da başga bir ýigide durmuşa çykyp oturybermegi köplere ýakmady. Bu zatlaryň ählisi heniz maşgala gurup görmedik Ahmet üçin durmuş sapagydy. Ol indi oglan-oglanjyk däldi. Öz başyny özi çararça bolupdy. “Ýetim oglan öz göbegini özi keser”. Ýokary bilim aldy, hojalygyna ulag edindi. Ýöne, öýlenmek meselesinde welin birjigem howlukmazdy. Ol hemişe özüniň nädürs hereket ederinden gorkýardy. Munuň üçin deň-duşlaryna sala salýardy, atasyny görenlerden akyl soraýardy. Kim bilýär, belki onuň gören gyzynyň hem Annanyň öýlenen gyzy ýaly ozal kimdir birine göwün bereni bardyr. Ahmet talyp gyzlaryň konserdine gatnaşdy. Bir saý-sebäp bilen Humaý bilen hem tanyşdy, gepleri-sözleri alyşansoň soňy bilen olar köneden tanyş mysaly gürleşdiler. Gürrüň durmuş gurmaga syryganda welin, heniz okuwyny bir ýüzli etmese, Humaýyň hem durmuşa çykmak hyýalynyň ýoklugyny aňdy. Şeýdibem, olaryň maksatlary, içki oý-pikirleri, durmuşa bolan garaýyşlary bir bolup çykdy. Dosty Annanyň halyna welin ýürekden gyýyldy. Olaryň aýrylyşmagyna sebäp bolan zada akyl ýwetiren dek içini gepletdi: “Dostum, dostum, on sekiz ýaşyňda öýlenmek gowy zat. Ýöne sen gyz saýlamakda öz göwnüňi aldansyň, söýeniň alman, seni söýen gyzy almalydygyna akyl ýetiren dälsiň, aşa howlugyp, ýaşlyk edensiň”. Aralarda hem ol dostunyňka baryp, onuň halyndan habar aldy. Oňa duýgudaşlyk bermek isledi. Ýöne Anna indi onuň öňki gören şadyýan, bälçik, hemişe ýylgyryp duran Annasy däldi. Bar akyl-huşy öýi terk edip giden gelni bilen bile gidipdi. Haçanda dostuna salam berip içerik girende, onuň gelni bilen bile düşen suratly toý albomydyr toý ýazgylary çalam-çaş bolup, öýüň içine pytraşyp ýatyrdy. Olaryň arasynda toý gününde geýen eşikleridir dakynan şaý-seplerem bardy. Ol zatlary görmek güzapdy, dogrusy olar Ahmediň hem agysyny tutdurdy. Anna perişandy, hatda Ahmediň düzüwli salamynam almady, “gel-geç, otur” bilenem ugry bolmady. Ahmet gelşiksiz hala düşdi,”Çakylyksyz baran, soraşman gaýdar” diýleni boldy, baranyna ökündi, ýagşydan-ýamandan dilini ýarmanam yzyna gaýtdy... Aý-gün diýeniň geçip durdy. Ahmet bilen Humaýyň biri-birini synlap, birek-birekden habar alyp, gürleşip, duşuşyp ýörenlerine üç ýyl boldy. Humaý instituty tamamlap, şäher Medeniýet öýüne işe bardy. Ahmedem bu ýere günde-günaşa diýen ýaly gelýärdi. Işden soň ulagyna mündürip, ony şäheriň owadan köçeleridir seýilgählerine, muzeýlerine aýlardy. Her gezegem ony bir enaýy ösüp oturan daragtyň ýanynda oturdyp, surata düşürerdi. Halaşýan gyzyny hem elýetmez daragta meňzederdi, ol bagtyny şol daragta müdimilik örklenmeginde görýärdi. - Humaý, her zadyň bir öz çeni-çaky bar, bize-de belli bir netijä gelmek üçin oýlap-ölçäre wagt boldumyka diýýän—diýip, Ahmet gülümsiredi. - Onyň-a dogry welin.. - Weliniň näme? Tüweleme, okuwyňy tamamladyň, işe-de durduň. Indi beri ata-eneňe sala salsaň bolmaýarmy? - Ata-enem barysyndan habarly. - Habarly? Eýse, olar men barada näme pikirde? - Umuman-a olar biziň durmuş gurmagymyza garşy däl, ýöne men olaň ýanynda toýly gürrüň barada nädip söz açjagymy bilemok. - Menem bilemok, ýöne daýym-daýzam “Bize gyzly gapynyň salgysyny ber!” diýişip, meni halys öz günüme goýanoklar. - Biz ertir ýene-de ýolagçy. Men şu gün agşam ejem janyň gulagyna bir çawuş çakyp göreýin. Belki... onsoň siziňkilerem şoňa görä hereket edibermeli bolar... Şol günüň ertesi olar ýene-de Awaza gaýtdylar. Humaýyň göwün guşy deňziň hoştap howasyna duwlanyp, şady horram, keýpiçagdy. Bu ýere Medeniýet öýüniň aýdymçy gyzlaryna baş bolup gelipdi. Ol häzir bar zatdan öň Ahmet bilen ýüzbe-ýüz oturyp, ata-enesinden getiren şatlykly habaryny hem-de olaryň mundan beýläk etmeli işlerini deň-derman paýlaşmagy berk ýüregine düwdi. Bu mahal Ahmet al-asmanda ganat ýaýyp, erkana uçuşyp ýören çarlaklaryň hoş owazly hereketlerini hem-de gök deňziň uly ses bilen şo:ol bir kenara urup, ýene-de yza tesýan mawy reňkli tolkunlarynyň töwerege ýaýylýan täsin öwüşginlerini surata düşürjek bolup özi bilen ber-başagaýdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |