05:08 Awtoportret | |
AWTOPORTRET
Goşgular
Gam-gussa bile birikdim Bolubilsem satirikdim Bilýän üçin materikdim Bilmedige ada boldum Kyny tutdym, amady däl Kalbyn gördüm, kamaty däl Kimler üçin adaty däl, Kimler üçin kada boldum Şeýtana boýun bolmadym Il-güne oýun bolmadym "Hä" diýip, goýun bolmadym Boldugymdan sada boldum Mätäç bolup, el sermedim Yhlas etdim, el çermedim Ýakyn üçin göz görmedim, Bolsam mydam ýada boldum Duranok, durmazam günler Ak bagta atarar daňlar Bagtyna gowuşdy kimler Men ortada "ýa-da" boldum Haram iýsem, ýansyn bagrym Bozman asla iman çygrym Düşmedige labrint şygrym Düşünene ýoda boldum Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |