21:46 Awtorlaryň öwlüýäsi / syrly wakalar | |
AWTORLARYÑ ÖWLÜÝÄSI
Hekaýalar
Aşakdaky okajak zatlaryňyzy çynlakaý kabul etmezligiňizi haýyş edýärin. Menden size maslahat: eger kitap okamakçy bolsaňyz, eýýäm merhum bolan awtorlaryň kitaplaryny okaň. Bu sözleri men ilkinji gezek öz gowy görýän ýazyjymdan eşitdim. Onuň beýle sözleri aýtmaga öz ýeterlik sebäpleri bardy. Hamala merhum awtorlary, olaryň eden işleri üçin bagyşlap bolýar. Merhumlar barada ýaramaz gürlemek bolmaýar. Eger merhum diri wagty ýaramaz kitap ýazan bolsa, kim ony ölüminden soňra tankytlasyn? Hawa, eger okajak bolsaňyz merhum awtorlary okaň, ýöne meniň gowy görýän awtorymyň aýdyşy ýaly, bagyşlamak aňsat bolýanlygy üçin däl-de, eýsem olaryň merhumdygy üçin okaň. Okan merhum awtorlarymyň bary meniň aňymda diri, olaryň bary oňurgamyň ýiliklerinde ýaşaýar. Olaryň bary meniň pikirleniş proseslerime gatnaşýar. Men olaryň bardygyny duýýan, olaryň bary kapyr, olaryň köpüsi ateist. Olaryň bary meniň arkamda otyr. Men olary kowup bilýän, ýöne kowmaga sebäp göremok. Ýöne barybir men olary ömrümde ýekeje gezek kowup gördüm. Men bir gün uzakly agşam Kuran okadym. Ana şonda meniň oňurgamyň ýiliklerinde ýaşaýan merhum awtorlaryň bary meni taşlap gitmeli boldular. Ýöne uzak wagtlyk däl eken. Daňdana ýakyn, entek Gün dogmanka olaryň bary gaýdyp geldiler we ýene meniň bedenimi eýelediler. Olar yzyna gargynyp, sögünip geldiler, olar meniň bagrymyň üsti bilen girdiler. Şol gün gije men ýatyp bilmedim, her bir gaýdyp gelen meni oýardy, meni öler ýaly gorkuzdy. Olaryň sypatlary enäniň göwresinde önüp- ösýän çagajygy ýatladýardy, olar edil bagyr ýaly ýumşakdy, ýöne her biri edil köçe küntüsi ýaly sögünýärdi. Olara meniň Kuran okanym ýaramady. Kuranyň sözlerini eşiden her bir kapyr ýa-da jyn-arwah girere deşik tapanok diýýäler welin, çyn bolmaly. Gepiň tümmek ýeri—her bir kitap okaýan adam ýeke däl. Okalan kitabyň awtory merhum bolsa, ol mydama okyjyň ýanynda, ol onuň oňurgasynyň ýiliklerinde ýaşaýar. Ol oýlanýan wagtyň kömek edýär ýa-da zyýan edýär, ol kelläňe edil ýanyp duran oda odun oklaýan ýaly, her hili kir-kimirleri oklaýar. Awtor seniň üstüň bilen ýaşajak bolýar. Onuň ýazan eserleri dirileriň dünýäsine gapy! Merhumlara hemme ýerde ýol ýok! Meniň arkamda näçe awtor ýaşasa-da, olara bar ýerik ýol ýok. Olar diňe meniň ýaşaýan öýüme arkaýyn girip bilýär, sebäbi men olary tanaýan, olar menden meni ýasadylar, olaryň eserleri dünýägaraýşymy üýtgetdi. Käbir manyda bolsa, men olaryň bir bölegi. Ýöne barybir olar bilen meni aýra düşürip bilýän ýene bir zat bar. Adam eli bilen gurlan desgalaryň tüýnükleri, bilemok, sizde nähili gudrat bar? Hiç bir merhum tüýnükden geçip bilenok. Her bir öýüň tüýnügi şol öýüň merhumlary tarapyndan berk goralýar. Ana, şolar ýaly tüýnükden ätlän wagtym, görgüli awtorlaryň bary meniň yzymda galmaly bolýar. Olary tüýnügiň sakçylary goýberenok. Sakçylar goýberer ýaly men olary yzym bilen çagyrmaly, çagyrar ýaly bolsa, men olaryň barynyň adyny tutmaly. Elbetde, men tüýnükde durup, ýekän-ýekän öz arwahlarymy çagyrmaga wagtym ýok. Wagtym bolaýanda-da daşyndan seretseň örän geň ýagdaý bolardy. Ýöne çykalga bar, tüýnükden geçen wagtyň birje gezek çalaja paýyş sögünseň ýeterlik, onsoň yzyň bilen gelýän arwahlaryň bary edil agzy açylan awtobusdan dökülýän mekdep okuwçylary ýaly tüýnükden bärligine eňýärler. Gara güýçler we arhawlaryň bary, atlaryny bilmedik çagyň ýa-da atlaryny tutasyň gelmedik çagyň, hapa sögünç söz bilen çagyrylýandyr. Eger siz, hormatly okyjy, haýsydyr bir tüýnükden ätlejek bolan wagtyňyz ýadyňyza ýakymsyz bir zat düşüp, sögünýän bolsaňyz, bilip goýuň, siz ýeke däl. Siziň yzyňyz bilen hökman biri gelýär. Ol biri siz bilen ýoluny dowam etmek üçin siziň ýatlamalaryňyzda ýakymsyz bir zady oýaryp, size hapa sögmäge mejbur edýär we şeýle ýol bilen tüýnükden ätleýär. Eger yzyňyz bilen gelýäni galdyrasyňyz gelse, tüýnükden geçeniňizde musulmanlarda aýdylýan bir sözi aýdyp geçiň. Gynansam-da, meniň iň gowy görýän awtorym entek diri. Men oň ölerine çynym bilen garaşýan, ol eýýäm garry adam, oňa az galdy. Men onuň eserleriniň baryny diýen ýaly okadym, onuň pikirleriniň bary diýen ýaly maňa aýan. Ol ölensoň onuň ruhunyň birje bölegi hökman maňa goşular we başga awtorlar ýaly oňurgamyň ýiliklerinde ýer tapar. Ol hem başgalar ýaly meniň oýlanmalaryma gatnaşar. Merhumlarda uly güýç bar, diri awtordan merhum awtor müň esse güýçli. Olaryň ýaşaýan dünýäsinden biziň dünýämiz, edil balyk saklanýan akwariumyň görünşi ýaly görnüp dur. Edil adamlaň dünýäsiniň kanunlary bolşy ýaly, merhumlaryň dünýäsiniň-de öz kanunlary bar. Ol kanunlar barada maňa bar zady KA düşündirdi. (KA atly oglanyň kimdigini men size soň düşündirerin.) Men köplenç «Gurbansoltan eje» köçesiniň ugry bilen gezelenç etmegi gowy görýän. Gulagyma gulaklyk (nauşnik) dakyp aýdym diňleýän. Gezelenç, ortaça, üç sagada golaý wagt alýar. Ol köçäniň ugry bilen men ýönelige ýörämok, ýoluň ugrunda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ýatan gonamçylygy bar. Ana, şol gonamçylyk meniň esasy nyşanym. Şol gabrystanlykda meniň iň gowy görýän türkmen şahyrym ýatyr. Ýaňy aýdyşym ýaly, merhumlaryň elinden gelýän zatlar, diri adamyňkydan kän. Tümmekleriň aşagynda ýatanlar meniň iň esasy arzuwymy amala aşyrmaga ukyply adamlar. KA-nyň öwredişi ýaly men ol merhumlary oýarýan, men olary biynjalyk edýärin. Men olar ýatyrka mazarlaryň içi bilen ýöräp geçýän. Iki elimi gapdala ýaýyp aýtmaly jadyly sözleri gaýtalaýan. Merhum görgüliler meniň ýaýylan ellerimden ýapyşyp aşak çekýärler. Ýöne olaryň güýçleri ýetenok, sebäbi daşarda Gün çykyp dur. Gün bolsa diri adamyň tarapynda. Ýöne men ol gonamçylyga gije hem girýän, ýöne gije özümi düýbünden başgaça alyp barýan. Sebäbi gije eýýäm merhumlaň tarapynda. Iň soňunda merhumlar çydaman gygyryp başlaýarlar: —Saňa näme gerek? Bizi öz günümize goý, biz rahatlyga mynasyp! —Maňa siziň pikirleriňiz gerek—diýýän menem. Maňa siziň entek diri wagtyňyz aýdyp ýetişmedik pikirleriňiz gerek. Şeýdip merhumlar öz pikirlerini maňa berýärler we men olary öz gününe goýýan. Merhumlary göründen galdyrmagy maňa KA öwretdi. Men size-de öwredip bilerdim, ýöne bu bilimleriň bary, adamlaryň köpüsi üçin ýöne bir erteki... Şeýle günleriň birinde men öz iň gowy görýän şahyrymyň guburynyň ýanyna bardym. Dogrymy aýtsam, men ony biynjalyk edesim gelenokdy. Ol dogrudanam rahatlyga mynasyp adam. Ýöne men ondan barybir bir haýyşym bardy. Men ýazyjy bolasym gelýär, meni hemme kişiniň tanaryny isleýän. Goý, tanamaýanlar tanasyn, tanaýanlar magtansyn, tanasy gelmeýänler ökünsin. Goý, türkmen edebiýaty meni öz sahypalaryna kabul etsin. Goý, meniň adym ölümimden soň hem ýaşasyn, ýöne başga awtorlaryňky ýaly sessizje däl. Edil öňümde ýatan şahyryň ady ýaly älem-jahany ýaňlandyryp ýaşasyn. Adam ölümden soň hem adam. Merhum hem diri wagty nämäni gowy görýän bolsa, ölümden soň hem öz endiklerine biwepalyk edenok. Men öňümde ýatan şahyryň näme gowy görýänini bilýän, men ol zady onuň başujyna getirdim. Ol zat üýtgeşik bir gymmat zadam däl, ýöne merhumyň diri wagty halan zady. Elbetde, meniň sowgadym onuň başujynda edil onuň özi ýaly çüýräp gider, ýöne merhum üçin meniň eden işim eýýäm uly hereket. Herekete bolsa hökman hereket bilen jogap bermeli. Merhumlaryň dünýäsiniň kanuny şeýle. Ol meniň sowgadymy alar we arzuwymy hasyl eder. Ol meniň sowgadymy alman bilenok, sebäbi merhumlarda aň bolanok. Ol oýlanyp bilenok, ol diňe hereket edip bilýär. Şeýle-de ol meniň beren sowgadymyň kiçidigi barada we soraýan zadymyň uludygy barada oýlanyp bilenok, ýaňy aýdyşym ýaly olarda aň bolanok. Halaýan zadyny berseň alýar, bir zat haýyş etseň edýär. Bolany. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |