12:34 Aýalyny öýünde biwepalykda tutan sopy hakynda hekaýat | |
Aýalyny öýünde biwepalykda tutan sopy hakynda hekaýat
Goşgular
Ýatyrka aýaly oýnaşy bilen, Bir sopy olaryñ üstüne gelen. Gapyny kaksa-da ot alan ýaly, Eger-eger açanokmyş aýaly. Bir ädikçi bilen aýşy-eşrete, Meşgul zenan äri oda düşse-de. Gapyny açaýyñ diýmeýärmişin. wagt utup, ärini güýmeýärmişin. Aýalynyñ, şeýle gylygnyñ baryn, Añýan sopy irräk ýapyp dükanyn. Öz öýüne gelen wagty alñasap, Özüñiz bilýäñiz - ine, bolan zat, Ozal onuñ beýle gylygy ýokdy, Häzirkisi ýaly, ir gelenokdy. Hudaý hökman üstün açýar günäniñ, Ýok oñ nazaryndan sypjak gümanyñ. Şer işleñ iýtmegem onuñ elinde, Alaşyp gitmegem onuñ elinde. Ol kä günämizi geçse-de biziñ, Ahyry barybir gyzardar ýüzüñ. Bir zady aýdaýyn gelensoñ dile, Birmahal bir ogry düşüpdir ele. Paýhasly Omaryñ emrine görä, Agyr jeza bermelimiş ol ogra. Ogry aýdan: "Günämi öt, hökümdar, Meni bulaşdyran ol şeýtan murdar". Hökümdar aýdypdyr: "Başky günäni Geçmän, jeza bermek ýowuzlyk dälmi?" Tañry geçirimli. Günäkär bende Kän gezek ýalkanýar onuñ öñünde. Ýöne günä işe baş uran adam Halas bolup bilmez agyr jezadan... Ozalky gürrüñe geleliñ ýene, Äri aýalyny salyp çemine, Aýagyny gyşyk basýanyn bilip, Tutdy biwepany üstünden gelip. Aýal çäre gözläp, batsa-da dere, Ol jaýda ýer ýokdy gizlenäýere. Içine girere sandygam ýokdy. duwlanara hiç zat görünenokdy. Gözüñ aýlan taýyñ - ýalañaç diwar, Olarda ne tuty, ne-de örtük bar. aýalyñ hilesi özüne ýetik, Ärini aldamañ pikirni edip. Onuñ oýlap tapan pirimne gara- Ýapdy oýnaşyna gara çadra. Asyl-ha hiç ýeri görünmez ýaly, Tutuşlygna örtdi sopyñ aýaly. Soñra ylgap baryp, gapyny açdy, Äriniñ gözleri gara sataşdy. Aýaly bada-bat başlady söze: "Bu möhüm iş bilen gelipdir bize. Bu zenan maşgala baý ýerden gelen, Garyndaşlyk açsam diýýär biz bilen. Munuñ ogly gyzymyza taýmyşyn, Özem akyllymyş hem-de baýmyşyn". Äri diýdi: "Dogry bolsa aýdanyñ, Gudamy? Ikisem baý bolsa ýagşy. Biri garyp, biri baý bolsa eger, Ikisem bir-birne ýetirer zeper. Gapyñ iki tutaýy bar diýeli. Biri-altyn, ýaldyraýar diýeli. Beýlekisi-misden, reñki öçük, Şu ýagdaý olar taý bolsun niçik?" "Şu sözlerñi aýtsam-da bu hanyma, Ilmedi gulagnyñ ýele ýanyna. Diýýär: "Garyndaşlyk açjagam meniñ Zyýany ýok bolmasa-da öz deñim. Gudam barly ýermi, pukara ýermi - Isleýän oglumyñ bagtly bolarny. Perzendimi bagtly etmek maksadym, Baýdygyna, garypdygna bakmaryn". Äri diýdi: "Bu bir baý zenan bolsa, Biziñ gyzymyzy halaýan bolsa, Bu ýagdaý elbetde, gowy zat weli, Ýöne dogry zada dogry diýmeli. Niçik bolsa sümelgämiz-jaýymyz, Edil şonuñ ýaly ýagdaý-halymyz. Hiç bir goş-golamsyz, berbat bu öýde, Iññe gizläre-de ýer ýok bu öýde. Eger hanym sorap, syn edip bize, Göwni ýeten bolsa adamlygmyza, Onda şeýle zady bilmegi gerek, Öý bikes-ä loly, ýok asla derek. "Enesini gör-de, gyzyn al" diýlen Sözi ýöne ýerden aýdanok ilem. Ýoldan çykanlygy, asyllylygy - Enä görä bolar gyzyñ gylygy. Azgyn heleýdigiñ maña-ha aýan, Bu hanymam bilse, etmezdi zyýan". Aýtmak bilen beýle hekaýaty men, Düwdüm ýüregime şu niýeti men. Islendik pirimiñ, şelaýyn sözüñ Aýbyñy gizlemez, gyzardar ýüzüñ. | |
|
√ «Bolanok — diýipdiň — bir ýylda iki...» / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |