18:16 Aýasofýa but boldy! | |
AÝASOFÝA BUT BOLDY!
Publisistika
Gördüñizmi, näme boldy: “Aýasofýanyñ içinde ediljek ybadat…” pikiri egildi, büküldi, süýndürildi, uzaldyldy - “Aýasofýanyñ özüne ybadat edilen ýere” döndi duruberdi. Aýasofýa but boldy! Aýasofýa gitmek. Içinde namaz okamak! Allaha ybadat. Bularyñ barsy soñky orunda galdy. Aýasofýa diýlende! Ynanç ýada düşmeýär. Namaz ýada düşmeýär. Allaha iman etmek düşmeýär. Ýatlaryna: halyflyk düşýär, şerigat düşýär, respublikan režimi ýykmak düşýär, Atatürke gargynmak düşýär, patyşalary öwgülemek düşýär, Lozana sögünmek düşýär. Häkimiýeti başyndan bäri goldap gelýän Albaýrak toparynyñ çap edýän bir žurnalynyñ soñky sanynda Aýasofýanyñ açylyş dabarasyndan söz açyp, yzyndanam: "Halyflyk üçin toparlanyñ. Häzir däl bolsa, haçan? Sen däl bolsañ, kim?" çagyryşyny etmegi we Türkiýäniñ iñ uly üçünji şäheriniñ raýonynda bilim müdiri bolan kişiniñ internetde "sms-ler" ýaýradyp, Aýasofýanyñ açylyşy barada: "Bize zor bilen kabul etdirilen Lozan kildiniñ ýene bir parçasyny zibile okladyk... Galyndysy beýleki maddalaryñ..." diýip ýazmagy, "Aýasofýa çokunmak" däl-de, eýse näme! * * * Bu müdir! Bu žurnal! Din işleri ministri! Hojaýynlary! Aýasofýany butlaşdyrdylar. Olaryñ öñbaşçylaryndan biri bolsa, açylyş gününiñ ertesi şu aşakdaky şygyry ýazyp, öz çykarýan gazetiniñ birinji sahypasyna goýdy: “Jennet-mekan fatyhan, Nesilleriñ şadyman… Bu bagtly günümizde Gülmedikler perişan… Saña hossar çykana Ne gorky bar, ne hüzün! Aýasofýam, gül indi, Çytylmasyn nur yüzüñ!” Häzirki Aýasofýa diýilýän bina hristian dininiñ şol döwürdäki in uly, iñ haşamly, iñ gymmatbahaly ybadathanasy hökmünde V asyrda gurlupdyr. Şindi XXI asyrda ýaşap ýörüs. V asyrda Aýasofýada “Isa pygamber aslynda Allamy? Ýogsa-da, hem Alla, hem Allanyñ ýaradan ynsanymy? Ýa-da, hem Alla, hem Allanyñ oglumy? Merýem diñe Allanyñ (ýagny Isanyñ) ejesimi, ýa-da hem Allanyñ (ýagny Isanyñ) we Allanyñ ýaradan ynsany Isanyñ ejesimi?” diýen sowallaryñ üstünde gyzgyn jedeller turupdyr. Bu ýerliksiz çekişmeler hristian dininde bölünşikleri, dürli mezhepleri döredipdir. Ýedi müñ bäş ýüz kw metrlik bina. Ýüz ýedi sütüniñ üstünde duran gümmeziniñ beýikligi - 56 metr 60 sm. Gurluşygynda 10 müñ işçi işläpdir. On müñ işçini müñ sany ussa işledipdir. Ussalaryñ başynda-da iki sany arhitektor bolupdyr. Türk(men) patyşasy Fatih Soltan Mämmet Stambuly alanda içerki dekorasiýadaky inçelik we gözellik ýitip-ýok bolup gitmesin diýip, Aýasofýany metjit edipdir. Mustapa Kemal bolsa Stambuly basybalyjy duşmanlardan azat edenden soñ ony segsen alty ýyl öñ muzeýe öwrüpdir. Ondan soñky ýyllarda Aýasofýanyñ bir korpusy yslam ybadatyna açylypdyr. * * * Şindi bu Aýasofýa: "Täzeden kasam. Täzeden direliş. Ýedi yklyma kükreýiş. Asyrlyk arzuwlaryñ oýanyşy. Sejdeler bilen täzeden tapyşma. Milletiñ täzeden dogşy" Badyhowa jümleler bilen şeýle bir götergilenýär, şeýle bir beýgeldilýär, heý, aýdyp-goýar ýaly däl. Alla meni bagyşlasyn welin, Afasofýany diñe özüne ybadat edilen buthana öwürdiler. Näme üçin? Saýlawlarda ses sanyny artdyrmak üçin. TW kanallardaky ähli syýasy çekişmeli gepleşiklere dañ atýança tomaşa edip, ertesi gün tomaşa etmedikleriñ dykgatyna ýetirýän Burhan Aýeri düýnki gazet makalasynda şuny ýazdy: "AKP-niñ düýbüni tutujylardan ANAR pikit soralşyk şereketiniñ öñki eýesi Ybraýym Uslu FOX TV-ä myhman boldy. Ol çykyşynda diýseñ üns bererlikli sözleri aýtdy: “Häzir prezidentlik saýlawy geçirilse, Erdoganyñ 40% ses almagy mümkin däl. Täze referendum geçirilse, prezidentlik sistemasyna-da ses berjekler az bolar. Nyrhlar günde ýokarlanýar, bahalar keýgiñ şahyna çykdy, millet mundan ýadady. Aýal-gyzlar herekete geçdiler. Milliýetçi dindar gatlaklar howpa öwrüldi. MHP bu zatlaryñ nirä baryp direjekdiginden habary ýok” diýdi. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 29.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |