01:30 Aýasofýada Rim papasy ymamlyk etsin! | |
AÝASOFÝADA RIM PAPASY YMAMLYK ETSIN!
Publisistika
“Aýasofýa hemlesiniñ” ýurduñ "agalyk ediji baýdagy we diniñ emridigi" baradaky çyna berimsiz propogandalara az sanly adam ynandy. Olaram çyny bilen ynanaslary gelýänlerdi. Ynha, günüñ güni anketalar-pikir soralşyklar geçirilýär. Halkyñ dilinde agyr güzeran. Işsizlik. Garyplyk. Koronawirus. Mekdepleriñ bilim programmasy. Togtap galan turizm. Maşgala düşewündi bilen çykdajylaryñ arasynyñ barha açylmagy hemmeleriñ dilinde. Elektrik togunyñ tölegi. Nyrhlaryñ galmagy. Tarapdar toplamalar. Döwletiñ möhüm wezipeli orunlaryny öz tanyş-bilişlerinden, ýallakçylaryndan doldurmalar. Halk salýut zawoduny zol-zol partladyp, her partlamadan soñ täzeden rugsat alýan we her partlamanyñ sebäbini garamaýak işçileriniñ üstüne ýöñkeýän işewüre ilkinji jañy Prezidentiñ edendigini gürrüñ edýär. Partlamadan soñ ýarylman galan därini daşaýarkalaram muña jogapkär edip esgerleri bellediler. Üç juwan esger ömürleriniñ baharynda aradan çykdy. Ýurt nä hala düşdi? Çüýreýän ahlak! Barha artýan korrupsiýa. Döwleti sogan soýan ýaly soýýanlar. Tüçjarlaşmalar. Aýasofýa meselesi bu birgiden meseleleriñ ýanynda wiýtjik bolup galdy. Aýasofýanyñ metjide öwrülmeginiñ halkyñ goldawyny barha ýitirýän bir häkimiýetiñ soñky syýasy çyrpynyşydygyny millet gördi. Kataryñ emiriniñ bezemen mes ejesiniñ güzergähiniñ üstünden “isrip we renta döretme taslamasy bolan Stambul kanalynyñ” geçjekdigi öñünden habar berilýär. Mundan bihabar galan garamaýaklar bolsa mülklerini deger-degmez bahasyna satmaly bolýar. Şindi bäş-üç şaýy pula ýapylan mülkleriñ, ekin meýdanlarynyñ üstünde söwda merkezleri, oteller, rezidensiýalar, dükanlar gurulsyn we Katar emiriniñ ejesi "Bir manadyny müñ etsin" diýip, ýyldyrym çaltlygynda emeli kanalyñ gurluşygyna üýtgeşmeler girizildi. Kataryñ emiri! Nähili sylag-sarpaly! Emiriñ ejesi! Niçiksi artykmaçlyklardan peýdalanýar. Ankaranyñ köşk häkimiýeti "Emiriñ ejesiniñ ekin meýdanyna niýetlenen mülki söwda, ýaşaýyş jaýy, rezidensiýa, otel gurma meýdanyna” öwürdi. Bu ýerde Maliýe ministri Berat Albaýragyñam 13 gektarlyk mülki "ýaşaýyş jaý we söwda nokadyna" öwrüldi. Halkyñ dilinde şu zatlar. Emeli kanalyñ gurluşygyna gidýän pullaram (çykdajylaram) barha artyp barýar. Başda altmyş milliard dollar diýdiler. Ýetmiş bäş milliarda çykardylar. Iñ soñky gezek ministrlik kanalyñ çykdajysynyń 118 milliard dollara barabar boljagyny mälim etdi. Emiriñ ejesi we şolara meñzeşler “Kanalyñ rentasy baý bolsun” diýip “Şäher abadanlaşdyryş ministrliginiñ şäherleýin üýtgeşme býužetiniñ 7-8 essesinden has köp puly” kanalyñ gurluşygyna goýjaklarmyş. Halk şu zatlar barada gürrüñ edýär. Menden bir teklip: “Aýasofýa hemläñiziñ” halka täsir etmegini çynyñyz bilen isleýän bolsañyz, Rim papasyny-da yrza edip görkezseñizläñ, goý, olam dogry ýola girsin, musulman bolsun, açylyşda ymamlyk edip, öñümizde namaz okasyn. Ine, şeýdeniñizde, diñe şol wagt halkyñ ünsi size düşmegi, size ynanmagy ahmal. "Atatürk Günbatardan gorkdy. Aýasofýany muzeýe öwürdi. Taryha hyýanat etdi" diýen ýaly hapa ýalan-ýaşryklary ýaýýarsyñyz. Utanç dälmi bu! Aýyp dälmi! Mustapa Kemal Atatürk ýurduny basyp almaga gelen duşmanlary ýeñen bir halkyñ ruhunyñ nähili belentdedigini görkezmek üçin Aýasofýany muzeýe öwürdi. Fatih Soltan Mämmet bolsa, Stambuly alanda halkynyñ näderejede ruhubelent halkdygyny görkezmek üçin Aýasofýany ýykmagyñ deregne ony metjide öwürdi - metjide öwrüp, gymmatly taryhy binany ýykylyp-ýok bolup gitmekden gorady. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 15.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |