15:47 Aýdym | |
AÝDYM
Goşgular
Bu aýdym kasam däl, wada-da däl bu, Bu aýdym ömürlik ýoldaşym meniň. Kalbymda dörände ganatly arzuw, Synlamda başlanşyn her täze günüň, Hiňlenýän joş alyp, guşlaň sazyndan Hem säher çygyna ýüzümi ýuwup: «Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden, Şu eziz topraga bergidar bolup...» Baharda sähramyň ogşap güllerin, Gyşda garlaryma oýkap bagrymy, Daglaryň, çölleriň, deňiz-kölleriň Taryp edip ýazan wagtym şygrymy, Hiňlenýän, ýene-de özüm-özümden Öýkeliräk galyp, närazy galyp: «Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden, Şu eziz topraga bergidar bolup...» Öz bütin ömrüni topraga baglan, Hut şoňa bagş edip güýçdür kuwwatyn, Toprak gülse, gülen, aglasa, aglan Ak sakgally goja sataşan wagtym, Hiňlenýän, many alyp her bir sözünden. Hiňlenýän çal başyn ýüzüme sylyp: «Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden, Şu eziz topraga bergidar bolup...» Toprak üçin şirin janyn berenleň Mazaryn gül bilen örten çaglarym, Şu gün onuň göwsün bezäp ýörenleň Tozlaryn gözüme sürten çaglarym, Hiňlenýän, keşplerin saklap gözümde, Wesýetlerin bolsa ýüregme salyp: «Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden, Şu eziz topraga bergidar bolup...» Hatda kyn pursatda taşlap topragyn, Namysyn-wyždanyn çalşyp bäş şaýa, Bu günem utanman, açyp kükregin, Duşsam gezip ýören näkes, bihaýa, Hiňlenýän gazaply garap yzyndan Hem onuň deregne gyzaryp, solup: «Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden, Şu eziz topraga bergidar bolup...» Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |