11:06 Aýdymlar şeýle döräpdi... | |
AÝDYMLAR ŞEÝLE DÖRÄPDI...
Ýatlamalar
• “Sen - aýdymyň aşygy” Ýadyňyzda bolsa, “Gel, obamyň lälesi” aýdymymyzyň döreýşi hakda ýazgymda bu aýdymy men Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýan döwrümde ýazandygymy “Garagumuň” okyjylaryna habar beripdim. Aýdymyň sazyny ýazan Baýram Hudaýnazarow şo döwürde Türkmenistanyň medeniýet ministrligine degişli halk döredijilik öýünde işleýärdi. Men mahal-mahal okuwdan boş wagtlarym onuň işleýän edarasyna barýadym. Ol ýerde halk döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça birtopar adam zähmet çekýärdi. Olar bilen tanyşlygym maňa döredijilikli işlegimegime ýardam berýärdi. Ýaşlygyna garamazdan, “Ýaşa ýaşlyk”, “Sada gyz”, “Elwan güller”, “Gijeler” ýaly birnäçe ganatly aýdymlary ýazan kompozitor Gurbandurdy Çaryýew bilenem şol ýerde tanşypdym. Olam goşun gullygyndan gelip, Baýram bilen bir edarada işleýärdi. Bir gezek baranymda, Gurbandurdy menden täze ýazan goşgularymy getirmegimi, olary özüniň okap görjekdigini aýtdy. Men oňa “Dagly gyz” hemem “Sen-aýdymyň aşygy” atly goşgularymy okamaga beripdim. Kompozitor bilen ilkinji ýazan aýdymymyz “Dagly gyz”. Şu ýerde men “Sen-aýdymyň aşygy” atly aýdymymyzy döredişim hakda gürrüň beresim geldi. Gepiň gerdişine aýtsam, şol ýyllar, ýagny altmyşynjy ýyllar ýurdumyzda çeper höwesjeňleriň sany barha artýardy. Ilhalar aýdymlary aýdyp, iliň göwnünden turýan aýdymçy oglan-gyzlar az däldi. Okuw jaýlarynda ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen talyplaryň içinden öz ýiti zehinleri bilen deň-duşlaryndan saýlanýanlar barmak basyp sanardan köpdi. Uniwersitetden Annagül Gurdowa, uýalar Berdyýewalar, Atadurdy Mämmedow, oba hojalyk institutyndan Oguljan Makyýewa, medisina institutyndan Aýsoltan Saparowa, pedagogik uçilişeden Gülendam Artykowa, Bäherdenden Muhammet Hallyýew... dagylar eýýäm adygan aýdymçylardy. Meniň diýjek bolýan zadym, ýazan täze goşgym- “Sen-aýdymyň aşygy” şolara bagyşlanyp ýazylypdy. Has takygy, Aýsoltan Saparowanyň aýdym aýdyşy, labyzly owazy meniň hasam göwnümden turýardy. Men ony ýakyndan tanamasam-da, goşgy ýazylanda, şol aýdymçy gyzy göz öňünde tutupdym. Ýalňyşmasam, goşgymyň ady hem “Aýdymçy gyz Aýsoltan” bolsun gerek. Soň ony kompozitor üýtgedip, “Sen-aýdymyň aşygy” bolsa gowy boljak diýdi. Men onuň bilen ylalaşdym. Ýeri gelende aýtsak, aýdymçy gyz Aýsoltan instituty tamamlap, wraç bolup işläpdir. Muny maňa ony tanaýanlar soň gürrüň berdiler. Hawa, goşgulary kompozitora okamaga berenimden soň, wagt geçirmän, bir gün agşamara biziň ýaşaýan otagymyza kompozitor Gurbandurdy Çaryýew salam berip girdi. Elinde-de magnitofon. Biz diýýänim Mele Badaýew, Öwezdurdy Nepesow, Gurban Tagyýew, Kakajan Täçmyradow, Baýramgeldi Şalyýew dagylarymyzdyk. Biz şonda hemmämiz bir gulaga öwrülip, magnitofona ýazylan täze aýdymy diňledik. “Sen-aýdymyň aşygy”. Täze aýdym! Aýdymy aýdýanam, biziň söýgüli aýdymçymyz Gurban Gummanow! Dogrymy aýdaýyn, täze aýdyma mendenem beter dostlarym begendi. Olar kompozitory, meni şowly çykan aýdym bilen tüýs ýürekden gutladylar. Täze aýdymy biz şol gün agşam gaýtalap-gaýtalap diňledik. Aýratynam aýdymçynyň hoş owazy bizi bendi edipdi. Täze aýdymymyz ganatlaryny ýaýyp, çöllerden, daglardan, sähralyklardan... aşdy. Ony şo döwürlerde aýtmadyk çeper höwesjeň galmady diýsem, öte geçdigim bolmaz. Aýdymçylar Toýguly Jepbarowyň, Kaka Geldiýewiň, uýalar Berdiýewalaryň... aýtmaklarynda ol aýdym häli-şindi radionyň efirinde, telewideniýäniň ekranynda ýaňlanýardy. Häzirki bu-güne çenlem bu aýdym ýaňlanyp dur. Aýdymyň ýazylanyndan bäri ýarym asyra golaý wagt geçipdir! Arada telewideniýäniň arhiwinden uýalar Berdiýewalaryň aýtmaklarynda gepleşik gitdi. Şoda aýdymçy doganlaryň aýdan aýdymlarynyň arasynda “Sen-aýdymyň aşygy” hem ýaňlandy weli, men göýä uniwersitet ýyllaryma dolanan ýaly boldum. Sen – aýdymyň aşygy Sazy Gurbandurdy Çaryýewiňki, Sözleri Allaýar Çüriýewiňki. Aýdym aýdanyňda hoş owaz bilen, Läleler açylýar bagy-bossanda. Kakanyňda ýürekleriň taryna, Göwün guşy ganatlanýar asmanda. Gaýtalama: Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy, Aýdymçy gyz, sen aýdymyň aşygy. Mahmal owazyňa gulak goýanda, Gojalar ýatlaýar juwan ýaşlygy. Aýdymçy gyz, sen aýdymyň aşygy, Owazyň meňzeýär saýrak bilbile. Sahna çykanyňda hoş owaz bilen, Çar tarapdan garşylanýaň gül bilen. Gaýtalama. • “Damjalar” Şu ýerde men kompozitor bilen “Damjalar” atly aýdymymyzyň döreýşi hakda birki agyz aýdasym gelýär. Aýdymyň goşgusyny Moskwa şäherinde okap ýören döwrümde, has takygy, 1974-nji ýylyň 18-nji ýanwar gijesi ýazypdym. Okan ýerimiň ýatakhana jaýynda ukym tutman, aýnadan daşaryk seredip otyrdym. Wagt bolsa birçene barypdy. Daşarda ýagyş ýagýardy. Baglar bolsa ýalaňaçlanyp galypdyr. Şonda meniň birden öz obamyz, obamyzdaky ýaşyl baglaryň gyşda ýalaňaçlanyp, birhili tukat görnüşe girişlerini ýadyma saldym. Özüme-de tukatlyk aralaşan ýaly bolupdy. Şondan soň goşgy setirleri yzly-yzyna döräpdi. Men soň bu goşgymy 1975-nji ýylyň tomsunda, okuwymy tamamlap gelenimden soň, kompozitor Gurbandurdy Çaryýewe okap beripdim. Ol goşgyny gowy görüp, alyp galypdy. Şondan soň goşgy aýdym boldy. Ony 1976-njy ýylyň 16-njy iýun güni kompozitorlar üýşüp, aýdymyň sazyny, sözlerini seljerip, ony goldadylar. Şonda Aşyr Kulyýew, Nury Muhadow, Durdy Nuryýew, Çary Nurymow, Genrih Držewskiý, Kakabaý Annanepesow, Çary Babaýew ýaly halypa kompozitorlar aýdyma gowy baha berdiler. “Damjalar” aýdymyny ilkinji bolup Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebimiň talyby, zehinli aýdymçy gyz Gülendam Artykowa aýtdy. Ýalňyşmasam, bu aýdymymyz goşgusy ýazylyp, aýdym bolup, diňleýjilere ýetýänçä aradan birküç ýyl geçdi. Muny öz göwnüne laýyk edýänçä, şahyr birneme gyssansa-da, kompozitor gyssanybermedi. Belki-de, aýdymyň kämil çykmagy hem şonuň üçindir. “Damjalaryň” kyrk ýyl wagt bäri dilden düşmän aýdylyp gelinmegi köp zatdan habar berýär. Eýsem-de bolsa, muňa aýdymy döreden adamlar guwanman bilermi?! Damjalar Sazy Gurbandurdy Çaryýewiňki, Sözleri Allaýar Çüriýewiňki. Uzak gije ýagyş ýagdy şybyrdap, Hüwdüledi öz erkime goýmady. Uzak gije aýdym aýtdy güýz ýagşy, Şeýdip aşyk bolan ýigdi güýmedi. Gaýtalama: Ýagyş diňdi soňlanmadyk aýdym deý, Indi diňe sowuk şemal gamçylar. Ýalaňaç agaçlaň baldaklaryndan, Gözýaş bolup ýere gaçýar damjalar. Uzak gije hüwdüledi güýz ýagşy, Yhlas bilen ýuwdy ene topragy. Ýuwdy çuw ýalaňaç ak agaçlary, Hem saralyp ýere gaçan ýapragy Gaýtalama. Kompozitor Gurbandurdy Çaryýew bilen biz soňam “Çyralar”, “Düýşüme giripsiň ezizim, ýene”, “Durnalar” ýaly birnäçe aýdym ýazyldy. “Prezidentiň ýüregi”, “Bagt seniňdir, Türkmenistan” ýaly aýdymlarymyz hem şowly çykdy. Gurbandurdy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri. Aşgabatdaky ýörite sazçylyk mekdebinde hem mugallymçylyk edýär. Onuň şägirtleriniň sany bir ýa iki däl. Olar onlarça. Özleriniň Gurbandurdy Çaryýew ýaly halypadan tälim alandyklaryna tüýs ýürekden buýsanýarlar! Biz onuň bilen mahal-mahal görşüp durus. Şo-ol öňki göwnaçyklyk, şo-ol degişgenligi. Soňky gezek ýanyna baramda ol halk döredijilik öýünde işlän döwründe, edara başlygy Allanazar Rejebowy ýatlap gülüşdirdi. Ony tanaýan adamlar nämüçindir oňa “Baý aga!” diýip ýüzlenýärdiler. -Baý aga bilen işläp ýörüs. Meni bir gün telewideniýä, sazly gepleşikler redaksiýasynyň başlygy Akmuhammet Aşyrow öz ýanyna işe çagyrdy. Menem döwtalap boldum. Baý aganyň razylygyny alaýyn diýip, onuň ýanyna girdim-de, maksadymy aýtdym. Ilk-ä göwnemedi, soňam köşeşdi. Ol meniň adymy hemişe Çary Gurban diýip tutýar. Bu gezegem: -Aý, bolýa-da, Çary Gurban.Täze baran ýeriňde-de abraý al! – diýdi. Men pursatdan peýdalanyp, -Baý aga, gaty görmeseňiz sizden ýekeje haýyşym bar-diýsem, -Aýt – diýdi. -Indi bir adymy “Gurban Çary” diýip, adymy dogry tutsaňyz! – diýdim. Olam: -Hä, bolýa, bolýa, Çary Gurban-diýdi. Wagt diýeniň bir ýerde durmaýar. Aýlar-günler, ýyllar geçip dur. Şu geçen döwürleriň içinde maňa ussat kompozitorlaryň tas hemmesi bilen diýen ýaly döredijilik hyzmatdaşlygynda bolmak miýesser etdi. Munuň üçin men özümi bagtly saýýan. Weli we Nury Muhadowlar, Aşyr we Gurban Kulyýewler, Durdy Nuryýew, Baýram Hudaýnazarow, Gurbandurdy Çaryýew, Ata Esadow, Kakabaý Annanepesow, Rejep Rejebow, Akmyrat Çaryýew, Ata Ablyýew, Ýolaman Nurymow, Nurýagdy Baýramow, Şanepes Şanepesow, Gurbanmyrat Nobatow, Çary Artykow, Döwletgeldi Ökdirow... bularyň hersi bir dünýä. Hersi bilenem birnäçe saz eserini döretdik. Kompozitor Ata Esadow bilen döreden aýdymlarymyzyň sany ep-esli. Kompozitor aýatdaka, olary iş edinip, “Parahatlyk ýalkymy” ady bilen gapdalynda nota ýazgysy bilen kitabymyz neşir edilipdi. Bile işleşen kompozitorlarymyzyň bu günki gün aglabasy ýurduny täzeledi. Olary ýatlanymda her gezek ýürek gyýlyp gidýär. Etjek alajyň ýok. Wagt öz hökümini ýöredýär. Allaýar ÇÜRIÝEW. “Garagum” žurnaly, 3-nji sany, 2016. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |