21:07 Aýdymly dünýäniñ owazy | |
Ýagşy adam ýatdan çykmaz...
Ýatlamalar
AÝDYMLY DÜNÝÄNIŇ OWAZY Ata aganyň il içinde at-abraýy, hormat-sylagy uludy. Ol hemme ýerde sylanýardy. Işde ýoldaşlary, şägirtleri, kompozitorlar ondan hemişe maslahat soraýardylar. Ata aga ençeme ýyllap türkmen döwlet filarmoniýasyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda ondan hemaýat alan aýdymçylaryň bir topary ony bu gün ýagşylykda ýatlaýardylar. Ýekeje mysal, Türkmenistanyň halk artisti, ussat aýdymçymyz merhum Annaberdi Atdanowyň il içinde adygyp gitmegine hemaýat edenleriň biri hem Ata Esadowdy. Muny zehinli aýdymçylar Gurban Gummanow, Gurbansoltan Nurýagdyýewa we başga-da onlarça aýdymçylar hakynda aýdyp bolardy. Biziň Ata aga bilen tanyşlygymyz geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlaryndan. Men oňa deňiç Ata aga bilen gaýybana tanyşdym. Onuň şirin owazly aýdymlaryny radionyň efirinde, mawy ekranda, konsertlerde häli-şindi eşidýärdim. Özüni weli görmändim. Ykbal dartyp, men şol ýyllar türkmen telewideniýesinde işe durdym. Ata Esadow hem teleradio ýaýlymlarynyň saz kollektiwlerine ýolbaşçylyk edýärdi. Işlän ýerimiz bir bolansoň, ýaşuly bilen häli-şindi görüşýärdik. Ýaşy bizden has uly bolmagyna garamazdan, Ata aga gaty ýönekeýdi. Gürrüňdeş bolanyňda, öz täsirli gürrüňleri bilen söhbetdeşini özüne çekýärdi. Ol şahyr Täşli Gurbanowyň sözlerine birtopar aýdym ýazypdy. Olaryň döreden “Dört örüm saçly” aýdymynyň meşhurlygy gaty ýokarydy. Olaryň döredijilik hyzmatdaşlygyna köp adamlar gözügidijilik bilen seredýärdiler. Emma bimahal gelen ajal gowy adam, söz ussadymyzy aramyzdan alyp gidipdi. Bu agyr waka Ata agany halys gynandyrypdy. Birnäçe wagtlap aýňalyp bilmändi. Bir gün işden soň, agşamara öýde işläp otyrkam, telefon jyňňyrdady. Trubkany galdyrsam, tanyş ses – Ata aganyň sesi. Saglyk-amanlykdan soň, ýaşuly öz maksadyny aýtdy. Ýaşuly kompozitor merhum şahyr dostunyň hatyrasyna aýdym döretjekdigini, onuňam goşgusyny ýazmagy menden haýyş etdi. Ýaşulyň haýyşyna “başarman” diýip boljak däldi. Razylyk beremsoň, biz işe girişdik. Az wagtdan täze aýdym döredi. Onuň adyna “Nejeboglan diýlen şahyr” diýibem at goýduk. Ýalňyşmasam, täze aýdymymyzy aýdymçylar Saparmyrat Babaýew ýa-da Gurban Gummanow aýtdy. Häzir şol aýdymyň ýazgysy radoimyzyň aýdym hazynasynda bolmaly. Şeýdibem biziň ussat kompozitor bilen döredijilik hyzmatdaşlygymyz başlanypdy. Aýdym-yzyna aýdym döreýärdi: “Obam”, “Ahal- teke atlary”, “Gyz durmuşa çykanda”, “Tokaýçynyň aýdymy”... Soň bu aýdymlar nota ýazgylary bilen “Parahatlyk ýalkymy” ady bilen “Türkmenistan” neşirýatynda (1992 ý.) müňlerçe ekzemplýar görnüşinde okyjylara ýaýradyldy. Ata Esadow bütin ömrüni aýdym-saza bagyş eden adamdy. Ata Esadow diýlende ony aýdymsyz göz öňüne getirmek kyn. Ol atlary rowaýata öwrülen adamlar bilen ýakyn gatnaşykda bolupdy. Sahy Jepbarow, Çary Täçmämmedow, Daňatar Öwezow, Gara Seýitliýew, Aman Kekilow ... sanasaň sogaby bar. Oňa Hally bagşyny, Oraz Salyry görmek miýesser edipdi. Mylly Täçmyradow, Täçmämmet Suhangulyýew, Magtymguly Garlyýew ... bularyň hersi bir dünýä. Bu dünýäler Ata aga üçin tanyş dünýädi. Mätäjiniň goşgularyny aýdyma geçirip, ile ýaýradan Hally bagşynyň sesi mahal-mahal radionyň efirinde ýaňlanyp gidýär. Bu hakda Ata aganyň beren gürrüňi meniň ýadymda:Hally bagşy Sahy Jepbaryň halypasydy. Ol Köşüde ýaşaýardy. Uruş ýyllarynda ansamblda işleýän wagtymyz Daşkentden ýazgy edýän topar geldi. Şonda Hally bagşyny Sahy Jepbaryň öýünden ýazgy edilýän ýere äkidýärdim. Birnäçe günläp gatnadym. Hally bagşynyň radiodaky aýdymlarynyň birtopary şonda ýazgy edilipdi... Ýa bolmasa, Ata aga Oraz Salyr bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň beripdi: Bu şeýle bolupdyr: - Otuz dokuzynjy ýylyň başlarynda Ata Esadowyň işlän aýdym-saz ansambly Moskwada Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş etmek üçin ugradylypdyr. Otluda on günläp ýol ýörelensoň, Moskwa barypdyrlar — Oraz Salyr programmanyň ortaragynda çykyş edýärdi. Şonda ol “Köne güzeri” aýdýardy. Ýokary çeküwli aýdymdy. Aýdymyň birki bendini aýdanda burnundan gan inip başlady. “Aýdymyny goýup gaýdarmyka?” diýip, bizem daşynda üşerilişip seredip durus. Açyk meýdança. Ýöne ol burnundan gan gidip dursa-da, aýdymyny gutarman turmady. Aýdymyny gutardy weli, Hojamämmet Täçmämmedow ikimiz ylgap baryp, goltugyna girip, ýuwaşlyk bilen bärik çykardyk. Oraz aganyň derini-zadyny süpürmek üçin ullakan ýaglygy bardy. Şol ýaglyk bilen burnunyň ganyny süpürip, aýdym aýdyşy hiç göz öňünden gidenok. Ata Esadow uzak ömür sürdi. Ýalňyşmasam, 89 ýaşady öýdýän. Bu uzak döwrüň içinde niçeme – niçeme wakalar bolup geçendir. Niçeme dost-ýarlaryň bagyr awusyny çekmeli bolandyr. Onuň mähriban ýan ýoldaşy, gelnejemiz ir ýogaldy. Ogly Baýram men diýen ýaşynda ýurduny täzeledi. Bu ajy aýralyklar ýaşuly üçin çekip-çydardan agyrdy. Emma biziň Ata agamyz ykbalyň bu agyr urgularyna mertlerçe döz gelipdi. Uly gyzy Maýa mähriban kakasyny ýekesiretmezlik üçin perzentlik borjuna wepaly boldy. Munuň üçin oňa ullakan taňryýalkasyn aýdýaryn. Ata aga bilen häli-şindi jaňlaşýardyk. Iş-alada bilen jaňlaşyp bilmesem, onuň özi ýagdaýymy sorap jaň edýärdi. Biz onuň bilen gaty ysnyşypdyk. Misli ata-ogul ýalydyk diýsem öte geçdigim däl. Ömrüniň soňky aýlarynda onuň saglygy ýaramazlaşypdy. Men käte žurnalist dostum Kakabaý Gurbanowy hem ýanyma alyp, Ata agany soramaga bardyk. Ata aga gaty horlanypdy. Birwagtky daýaw Ata Esadow şu diýseň, ynanar ýaly däldi. Keseliň Ata agadan üstün çykýanlygy mese-mälim bildirýärdi. Şonda-da ol öňki edähedine eýerjek boldy. Ýagdaýlarymyzy sorady. Men şonda ýolagçydygymy aýtdym. Ol “näme üçin?” diýip gyzyklansa-da, men gürrüňi başga tarapa sowdum. Sebäbi oba gidip, ejemiziň belli gününi geçirip gaýtmalydy. Men muny gynanar diýip, Ata aga bilgeşleýin aýtmadym. Birki günden obadan dolanyp gelsem, “şu gün Ata Esadowyň üçi” diýip habar berdiler. Bu ajy habara ozal taýýar bolsam-da, bolmady. Biygtyýar göz ýaşlarym syrygyp gitdi. Türkmeniň zehinli ogly, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Ata Esadowyň röwşen keşbi hemişe hakydamyzdadyr. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. "Edebiýat we sungat“ gazeti, 2018-nji ýylyň 2-nji noýabry. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |