13:12 Aýlawly aforizmler | |
AÝLAWLY AFORIZMLER
Sözler
• Dünýäde hiç bir däli, öz däliligini boýun aljak derejede däli däldir. • Maña şeýle diýýärler: "Öñler beýle däldiñ, indi içiñi hümledip ýörsüñ..." Menem şeýle diýdim: "Içi bilen ümmülleşip ýören kalp sizi näme etsin eýse?". • Adam biler bolsa, söz ~ jan diýmekdir. Söze mynasyp bolmak, adama başga jan berýärem diýýärler. • Bir tohum eçildiñmi, gunçasyny al. Bir däne eçildiñmi, agajyny al. Bir pudak eçildiñmi, tokaýyny al. Dünýämi berdim saña, mende gal! • Iñ uly bagt - adamyñ öz halaýan zady bilen meşgul bolmagydyr. • Endigiñe öwrülipdir: nutuk diñleýärkäñ uklap galýarsyñ. Sen beýdip uklap ýörjek bolsañ, dañ atjagyndan, körleriñ ýurdunda çaşynyñ patyşa boljagyndan habaryñ ýok! • Mende şeýle bir täsin pikir bar: ölenimden soñra birje gün ýaşamak we dostdur duşmany etmişleriniñ üstünde tutmak isleýän... • Eýtdiñ, beýtdiñ... garaz garaşdyra-garaşdyra garaşmaga öwrenişdirdiñ. Ençe wagt geçensoñam gelen bolduñ. Men indi seniñ özüñden seniñ zaryñy çekmegi has gowy görýärin... • Bilbil gülüñ zaryndaka, haýsy läle onuñ derdine derman bolup biler?!. • Aldawçy adamyñ jynsy näme bolsa şol bolsun, intellektual derejesi bihaýadyr... • Näçe gynansam-da, nädip ölşümi ýazyp bilemok. Iñ köpem şoña gynanýaryn. Bir ýazyjy başyndan geçiren ähli zatlaryny ýazsa-da, ölümini ýazyp bilmeýär. Ýogsa bolmasa, ölüm ýaşaýyşyñ iñ aýgytlaýjy pursaty ahyryn... • Biz bir kagyzyñ arka we öñ tarapy ýaly. Müdimilik bile, emma hiç wagt bir-birimizi görüp bilemzok... • Meniñ ýaly garybyñam haky iýilermi? Näme üçin diýseñizläñ? Sebäbi meniñ hiç hili arkam ýok. "Ýetimiñ üstüne ýylan oklanlarynda "Wah, arkam..." diýip ýöne ýere aýtmandyr ahyryn... • Dälilik - iñ ygtybarly goragdyr. • Ýalñyzlygyñam al-da, gel meniñ ýanyma! Gorkma, içimiz gysmaz. Seniñ ýalñyzlygyñ meniñ ýalñyzlygym bilen ümmülleşer. Biz bolsa dymarys!!! • Kartalara seretdim, hiç birinde öýüñ ýok. Ensiklopediýalaryñ gatyny açdym, hiç birinde keşbiñ ýok. Sözlükleri agtardym, hiç birinde adyñ ýok. Aýnada özüme bakdym, seni gördüm. Seniñ menden başga ýeriñ ýok... • Häzirki döwürde ýolda gaçyp galan pul tapmak iş tapmakdan has añsat... • Ady soralanda iki minut ýaly pikirlenip, soñ aýdýan adamy görüpmidiñiz? "Köpbilmiş bolandygy üçin şeýdýärmişin! Kakasy şeýle öwredenmişin! "Adyñy soranlarynda-da pikirlenmän aýdaýma" diýenmişin!" Çünki köpbilmişler mydama pikirlenýärmişin... • Dalak, ýürek, içege, böwrek, beýin... al hany şulardan... Ýöne bäş şaýylyk wyždany almagy bir unutma! • Gündiz aýdylmaýan söz ýok eken. Şonuñ üçin öz söýýänligimi gijelerine aýdýaryn. • Her ýurduñ taryhynda buýsanylýan we utanylýan sahypalar bardyr. • Adam söýüp bilermikäm diýip pikirlense, onda onuñ hiç haçanam söýüp bilmejegidir. Hernä şu söýgi diýlen zatda düşünje ýok, ýogsa hiç kim hiç kimi söýmezdi... • Söýüşip durkañ ýylanyñam degmezligini, hatda şol pursatda ýyldyrym ursa-da duýmazlygy isleseñ, onda elmydama yşkyñ dünýäsini pürepür boýla, hatda ajalam söýüşip durkañ janyñy almaga dözmezmişin... • Terezi çekip bilmejek etmişlerimiz, ýer göterip bilmejek günälerimiz bar... • Senden bir gyzym bolsun, adyna "Ýagyş" goýaly. Birem oglum bolsun, adyna "Toprak" goýaly. Ikisi dawalaşsyn, ortada "Palçyk" emele gelsin... • Biziñ başymyza ol agyr kynçylyklary salanlaryñ özüne hormaty bolmandygy üçin bize-de, aslynda adam diýlen zada-da hormatlary ýokdy. Özüne hormaty ýoklar başgalara näme üçin hormat goýsun?!. • Häzirki döwürde adamlaryñ ýaşamaga wagtlary bolmansoñ, öljek günlerine garaşýarlar. • Düşegiñe geçende, ýüregiñ sesi seni ýatyrmaýan bolsa, düşün, onda sen ýalñyzsyñ... • Belki-de, gujagyna dolar ýaly belli-külli bir söýgülimiz bolmady, belki-de biz ýalñyzdyrys... Emma şuny gowy bilmegiñizi isleýän: adam ýaly söýüp bilýänligimizdendir ýalñyzlygymyz... • Wadalaşan ýerimizde duşuşdyk, wadalaşan wagtymyzda däl. Men ýigrimi ýyl ir gelip saña garaşdym, sen ýigrimi ýyl giç geldiñ. Men saña garaşmakdan ýaña garrap gitdim, sen bolsa garaşdyranyñ üçin juwanlygyña galdyñ... • Watan başga zat... Watana taý boljak zat barmy!.. Bolubam bilmez... • Ýaşyñyz kiçi diýip hiç bir hakykatyñ sizden ýaşyryn bolup galmagyny islämok. Çagalaryñ düşünip bilmejek zady ýokdur. Megerem, diñleýjileriñ ýaşyna görä, aýdylýan zatlaryñ düşündiriliş görnüşi üýtgäp biler. • Adamdyr - çydar. Adamdyr - çeker. Adamdyr - döz geler. Aldanar - ynanar. • Bir ýalñyşlyk bar: sen şeýle owadan, menem beýle aşyk bolmajak ýalydyk. • Ýurt ýaşlaryñ egninde beýgelýändir. • Hemme hakykatlar hakykata öwrülmänkä ýönekeý bir hyýaldan ybaratdyr. • Öñem biri: "Biz muny öldürmekçi bolsak, kanuna gabat getirip öldüreliñ!.." diýenmişin. Soñra ol adamy öldürmek üçin ilki kanun ýazypdyrlar, ondan soñam kazyýetiñ ýörite çykaran hökümine esaslanyp öldüripdirler... • Hernäçe galmak islesek-de, käte gitmäge mejbur bolýarys. Käte bolsa hernäçe gitmäge mejbur bolsagam, göwnüniz galmagy isleýär. • Däliler ölüp biler, ýöne, heý, ölüleriñ dälireýänini gördüñizmi? • Adam diýeniñ ýatlamalar toplumyndan ybarat. • Birnäçe adam jynaza namazyna gatnaşanda "soñky borjumyz amal edýäris" diýip öz-özlerine teselli bererler, emma olar ondan öñki borçlaryny ýerine ýetirmelidirem öýdenok... • Gadymkylar "Ýagšy adamyñ ady agzalsa, sözüñ üstüne geler" diýipdirler. Men hemişe seniñ adyñy gaýtalap ýörsemem geleñok; diýmek sen gowy adam däl bolmaly. • Öz güýçlüdigime meniñ özümem ynanýaryn, çünki güýçli bolmaga mejburdugym üçin güýçli boldum, öz islegim bilen däl... • Beýik taryhçylaryñ biri şeýle diýipdir: "Taryhdan alynan iñ uly sapak ~ adamlaryñ taryhdan sapak almaýanlygyna düşünmekdir". • Bolup geçýän zatlar biziñ islegimize görä, bolýan bolsa, hamala wakalary biziñ özümiz dolandyrýarysmyka diýip düşünýäris. Adam oglunyñ iñ uly hownuhoşluk pañkelleligi hem şunda! Emma wakalar biziñ isleglerimize gabat gelmese, ajy hakykat alnymyza gütüläp degýär... • Indi ne-hä gelmek, ne-de gitmek durmuşyñ iñ agyr pursaty bolup bilmez, ýagny biziñ hiçimizem dünýä inerimize garaşmandyk, dogulanymyzdan bäri ölerimize garaşýarys. • Durmuş bir synagdyr diýip düşünseñ, onuñ bilen hiç gidişme, adyñy ýaz-da bir gyra çekil. Belki synpyñdan ýykylmarsyñ, emma adyñ aşagynda ap-ak bir sahypa galdyrarsyñ. • Ýalñyzlygymdan başga hiç hili ýakynymam ýok. Kämahal olam meni ýalñyz goýýa diýmeseñ... • Sen ýok. Ýagyşam biderek ýagýar. Bilelikde ezilip bilemzok. Küýseglerimizem, aýralyklarymyzam biderek, aramyz diýseñ uzak. Bilelikde aglabam bilemzok... • Siz üns berdiñizmi ýa bermediñiz, bilemok. Bizde wezipeli işgärleriñ ýüzi köplenç agyr, asyk bolýar. Halkyñ hyzmatyndaky adamyñ halka ýüzüni asan bolmasyna hiç düşünip bilemok... • Ýaşlyk... Ýaşaýyşyñ tagamyny bilmänkä ýaşan we ýaşaýyşyñ hemişe şol başdaky ýaşaýşy ýaly dowam etjegune ynanan adamyñ ömrüniñ başky döwri.. • Gaýgy-hasratlarymyñ gymmatyna wagt geçdigiçe has gowy düşünýärin... • "Meni çakmadyk ýylan müñ ýaşasyn" diýip ýaşadan ýylanlaryñyzyñ soñky pidasy özüñiz bolarsyñyz... • Eýe bolup bilmedik bir zadyñ bar bolsa, ony ýeterlik islemändigiñ üçindir. • Mundan öñküler nähili tamamlanan bolsalar, bulam şeýle tamamlanar. Tamamlana-tamamlana menem tamamlanaryn. Wessalam, iş tamam. • Garyp-gasarlar ömürlerinde birje gezek ýeñillikden peýdalanarlar, olam ölenlerinden soñ. Meýdi dessine tabyda salnar we derrewem jaýlanar. • Ynanç... Muña gowy düşünýän. Ynanjyña arka dur, eger gorkýan bolsañ, iñ bolmanda dymyp otur! Emma bu gün täze gelene ýaranjak bolup düýnki öwlüýä diýip oturan adamyña kesek oklama, ogry, haramzada diýme. • Ha altyndan bolsun, ha demirden. Kapasa - kapasa bolar! • Gaý-tupan hernäçe öwüsse-de, çarlak söýgüli deñzinden el üzmez. • Bir ýazyjynyñ iñ uly tragediýasy ~ ölüminden soñ yzynda galan zatlary, tamamlanmadyk ýazgylaryny onuñ özünden başga hiç kimiñ ýazyp bilmejegidir. • Seni ejeñ ýaly söýjek we kakañ ýaly gamyñy iýjek ýokdur. Şonuñ üçin hiç kim seniñ ýanyñda söýgiden söz açmasyn. • Ýoldaşymyza, dostlarymyza akyl bermek bize mahsusdyr. Akyl bermekden çäksiz lezzet alýarys. Öñümizden biri biri çykýar welin, derhal oña akyl berjek bolup dert-azara galýarys. Akyl bermek babatda biziñ ýaly jomart adamlar barmyka?!. • Tanyş-biliş, deñ-duş, dost-ýar, hakyky dost... Her adamyñ tanyş-bilşi köpdür, ýöne deñ-duşy azdyr. Dost-ýary ondanam azdyr. Hakyky dosty bolsa, dost-ýardanan azdyr... • Hormatlanýan bir syýasatçymyzyñ iş otagyna girdim. Ol kitaba gümra bolup durdy. "Näme okaýarsyñyz, halypa?" diýip soradym welin, "Demokratiýanyñ tepbedini okaýaryn!" diýip jogap berdi. • Seniñ barlygyñda ýalñyzlykdan has beter ýalñyzlyga düşdüm. Haýyş edýärin, meni öz-özüm bilen goý... • Adam içinde ýaşap ýörkä pursatlaryñ pursatdygyny bilmeýär. • Adam diñe aýdýan zatlaryndan däl-de, dymýan zatlaryndanam jogapkärdir. • Käbir adamlar öwünmeli zatlaryndan utanarlar, utanmaly zatlary bilenem öwünerler... • Bir gün bu ýurduñ ýañajygna bir posa, başujuna-da bir bellik goýup başymy alyp giderin... • Özüñ bilýäñ: günäleri ýazýan perişde çepde oturýar. Megerem ýüregiñ çepdeligem şonuñ üçindir?!. Belki-de, söýgi başdan geçirýän iñ uly günämizdir... • Dünýäniñ öñünde bergidar bolup ölmeli boldum. Eýse bu dünýä bergidar bolup ölmeýän barmy näme? Diñe bergili däl, dünýäden algyly bolubam ölýänler bar... • Erkek adam añsat-añsat aglaýan däldir. Eger aglaýan bolsa, onda onuñ gözýaşynda ýalanyñ zerresi-de ýokdur. • Adamyñ nirede garny doýsa, şol ýeri-de watan ekeni. • "Hiç kime ynanamok" diýen zat ýok, wagtynda "Oña ynanandygym üçin indi hiç kime ynanamok" diýsek dogry bolar. • Ulalan adamlar bilen olaryñ öz çagalyklarynyñ arasynda belki müñ, belki-de iki müñ ýyllyk wagt bardyr. Şonuñ üçinem biz ulalanlar öz çagalygymyzy unudýarys. • Adam dara-direde iñ bolmajak zatlary-da añyna aýlap ýetişýär. • Ne öliniñ, ne-de gideniñ yzyndan gepi ediler. Çünki yzynda galan üçin ölen bilen gideniñ tapawudy bolmaz. • Dünýäde iñ erbet zat - adamyñ iñ soñky ýapyşalgasy bolan adalata we hukuga bolan ynamyny ýitirmegidir. • Gorkamok diýýänler başgalaryñ öñünde ýalan sözleýärler, ýa-da özlerine ýalan sözläp öz-özlerini ynandyrýarlar, ýa-da özleri-de bilmän adam däldiklerini aýdýarlar. • Üşeýän bolsañ onda ýylylyk ýokdur, garañkylyk bar bolsa onda ýagtylyk ýokdur. Eger hemme ýer garañkylyk bolup, senem üşeýän bolsañ, onda OL ýokdur. • Käte birini şeýle bir küýsärsiñ welin... Hatda küýselen kişi öz ýoklugyndan utanar. • Kitaplarymyñ ählisini söýýärin, söýmesem ýazmazdymam... • Adam ýaly erbet mahluk ýok... Bagtyny başgalardan-a gysganýar, başyna bir betbagtlyk inse welin, başgalar bilen paýlaşasy gelýär... • Gadyrdan, biz haramzadalyga, eden-etdilige, ýapjalyga ýeñildik... • Ganhorlar eden jenaýatlary ýüze çykmasa, hiç rahatlyk tapmazlar, çünki olar jenaýatlarynyñ öwrenilmegini isleýärler. Şonuñ ýaly-da BAÝLARAM BAÝLYKLARYNY MAZAMLAMAGY HALAÝALARLAR. • Menem söýgimi içimde saklap dymyp ýörün. Dymyşlygmyñ niçiksi ýañynyñ bardygyny duýýarsyñ dälmi? Bende susuyorum sevgimi saklayıp içimde. Dymybam öz söýgüsini yglan edenler köpdür, ezizim. Ýöne meniñ dymyşym ýaly söýen başga ýokdur... • Adam adamyñ ýagdaýyna düşünmez. Terk eden adamyñ giden ýerinde gözleýän zadyny tapman, soñam yzyna dolanyp "seni küýsedim" diýmesi, onuñ seni küýsänliginden däl-de, eşek kimin puşman edenligindendir. • Käte hemmeleriñ bilýän hakykatlaryny açyk aýtmak jenaýat hasap edilýär. • Itiñ yzy bilen möjegiñ yzy garyşdy. Alanam belli däl, satanam... • Zenanyñ söýgä bolan garaýşy: "sen, men we bebek (bäbek, çaga)". Erkeklerde bu ýagdaý: "sen, men we ýedek (bu ýerde "ikinji" manyda); • Ýagşylygyñ iñ gowusy ýaşyryn edilenidir. Ýagşylyk kim tarapyndan edilendigi belli bolmasa gowudyr. Eziz NESIN. Toplan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |