13:54 Aýralygyñ aýdymy | |
Aýralygyñ aýdymy
Goşgular
Gapyňyzda toý tutulýar, dilberim, Hany yşkyň messebi hem wepasy? Seni haýsy pelek urdy, Bilmedim, Köňlümiň soltany, Yşkymyň şasy! Hany seniň “Söýýän” diýen sözleriň?.. Gapyňyzda toý tutulýar, dilberim! Hany yşgyň wepasy hem messebi? Kesekiň bagtynyň üstünde şeýdip, Mydam toý toýlaýar dünýäň mesleri! Tylla gupbaň - başyňdaky şa jygaň! Ýüzde desmal - bagrym üzre pajygam, Seni haýsy pelek urdy, dilberim, Meni haýsy pelek urdy, dilberim, Bilebilmedim!... ...Başyňdaky kürte - daşdan kapasa, Başyňdaky kürte maňa kependir! Indi bu jahanyň bary hem ýogy, Saňa-da des-deňdir! Maňa des-deňdir! Başyňda gök kürte, Gyzyl ot kürte, Indi bu dünýäde bagtym ýok örte, Gök kürtäň içinde ýanyp barýansyň, Gök kürtäň içinde täleýe gargap, Gök kürtäň içinde äleme gargap, Hünübirýansyň! Bir gujak ter çemen - dähedem-dessem, Bir gujak ser çemen - dähedem-dessem, Şagalaň hem şowhun, Şadyýan sesler, Indi bu jahanyň bary hem ýogy Saňa-da des-deň! Maňa-da des-deň! “Gelin gelýär” diýip gygyrýar millet, “Ýarym gitdi” diýip bagyrýar kalbym. Gelnaljy maşynlar düýt-de düýt, Kyýamatyň zogyn çalýar Ysrapyl! Gyz gidip barýar! Gyz gidip barýar! Jahanyň şalygyn özünde jemläp, Jahanyň şatlygyn özünde jemläp, Jahanyň bagtyny özünde jemläp, Äkidip barýar! Şol gün şeýdip aýrylyşdy ýolumyz, Seňki toýa bardy, Meniňki - ýasa. Maňa dünýäň şa gyzyny söýdürip, Köýdürip, Bagrymy gana öýdürip, Seni rowa gördi kesekä - ýada, Meni bolsa örtendirdi perýada! Bir gujak ter çemen - Dähedem-dessem, Bir gujak ser çemen - Dähedem-dessem, Şatlyk-şowhun! Çapak çalýar halaýyk! ...Meniň betbagtlygym, sen niçik eziz! Meniň betbagtlygym, neneň owadan! Meniň betbagtlygym - Niçik ajaýyp! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |