14:29 Aýralygyň dilegi | |
AÝRALYGYŇ DILEGI
Goşgular
Öziň aýralyga gaty jan cekdiň, Menem saklamadym, alan badyňy. Ýöne bil! Unutjak bolsaňda her gün, Ýüregiň gaýtalar-durar adymy. Gaýtalamakdan ýadamaz ýüregiň, Ony ikimizem bilýäs şübhesiz. Umytlarym pytrap gitdi çar ýana, Arzuwlarym süpürildi sübsesiz. Her gün seni hyýalymda besläpdim... Her gün toý edipdim, (gör, neneňsi bagt!) Emma ykbal özgelere nesibe, Bolarys aýry öý, Aýry bir daragt. Hawa, şeýdip, bolarys aýry daragt... Özgä nesip eder, ajap dideler. Her näme bolsa-da şuny dileýän, Bagtyň bolsun! Bolsun ajap miweler! Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||