14:07 Aýralyk goşgusy | |
AÝRALYK GOŞGUSY
Goşgular
Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz, Göreçler göreje bakmanka heniz. Emma ne döw çaldy. Bilmedik asla... Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz. Aýralykdan öňki ajaýyp günler, Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa. Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi, Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa. Nesibede bolsa duşuşarysam... Ýollar saňa duşyr. Duşyr ol, hökman! Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz, Görmedik bolarys, gözlere bakman. Belki, soň ýene-de duşuşarys biz Bakaryn öýmeli başyňa ýarym. Öňler otagymda açylmaly gül, Bezär şonda, özge ýeriň güldanyn... Hakyda hoşlaşyk gününde galar, Gulakda ýaňlanar aýralyk sözi. Ýüzläp düýş, onlap ýol, bir şäher, emma... Ykbal bir ýassykda duşurmaz bizi. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |