23:56 Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy | |
4. Gazan begiň toýly gelnini aýuwlar ogurlanmyşyn diýen habar ýyldyrym çaltlygynda ülkä ýaýrady. Ýaragly altmyş adam seçilip, hut Gazanyň öňe düşmeginde, dag-jülgelerini ilik-düwme barlap başladylar. Üç bölege bölünen topar, berkidilen jülgä aýlanyp gelende Gazan beg: ”Tüf, ýüzüňize, ýigrimi kişi bolup, ýumruk ýaly gelnimi tapmansyňyz” diýýär. Oňa “Bir aýuw adamsyna duşduk, ýaý bilen atyp öldürdik“ diýseler begener, ”Bir aýuw zenanyny ýaraladyk” diýseler: ”Zenana, çaga degmeli däldir” diýip gaharlanar. Nökerlerem näme, öz begleriniň toýly gelnini ogurlan aýuwlary sylap goýjak däl. Gür tokaýlyga aralaşdyklaryça, Gazan beg ýigitleri bir ýere jemläp, gözlegini dowam etdi. Özi äpet bir çynaryň düýbünde oturyp, çar tarapa kişi gönderdi. Ahyrym, biri ýüzüni ak tam edip geldi-de: ”Bir gara zat ýatyr, ynsmy-jynsmy bilmedim” diýdi. Gazan beg kime aýtsa, gorkup, gidip bilenok. Ahyrym ”Heý, züwwetdinler” diýip, özi baryp görse, çüýrap, garalyp giden toraňňy töňňesi. Muňa gahary gelip: ”Hany düşüň yzyma, indi men gözläýin” diýdi-de, syçyrap adamlaryň arasyndan çykdy. Gün eňegini ýere beripdi, gyssanmak gerekdi. Töwerege hars urup aýlandy, aýlandy, birdenem gowaga gözi düşdi-de, ylgap ol ýere bardy. Bakdy, gördi, görse, on dördi gijäniň aýyna mäňzäp bir ajaýyp sypatly ýaş zenan, gana bulaşyp, gowagyň agzynda ýatyr, gelenden-gidenden habary ýok. Gazan beg çöküne düşüp, begenjine gözünden boýur-boýur ýaş döküp: ”Wah, wah, meniň garypja gelnim, penjeleriňi serip, çagaňy gözläp usurgapjyk galypsyň sen! Ak sakgally gaýyn ataňy, ak bürenjekli gaýyn eneňi aglatmajak bolup kösenipsiň sen, gelnim! Gapyl bolmada, görkli başyňy galdyr, alaja gözüňi aç, guzym. Kadyr beren datly janyň teniňden çykmandyr, her-nä, Hudaýa şükür! Hany, ýigitler, bir dony aşagyna, bir dony üstüne ýapyňda, derrew muny göterip, gaýyn enesiniň ýanyna alyp baralyň” diýdi. Ýigitler dona dolanan gelni götergiläp, atlaryny goýan ýerlerine geldiler, atlandylar. Gan gitmeden ýaňa jany tenini terk etmedik hem bolsa, Ene üç günläp özüne gelmedi. Ýöne, Nusaý ene-de, näme, özüňize belli, aňryujy Taňry gereklemedik bolsa, adamynyň dikelmegi üçin em tapýar. Gazan beg gudasy Serdar bege buşlukçy gönderdi: ”Şu zamanda ýetip gelsin” diýip. Oba adamlary gelip: ”Gazan beg, gözüň aýdyň, gelniň tapylypdyr, agtyjagyň hem bir ýerden çykar, enşalla” diýdiler. Serdar beg, Maral eje dagy gelip, şat boldular. Şondan soň dowul çalyndy, altyn, tuç burylar-dilsiz tüýdükler çalyndy, ak öýler tutuldy, bugra, goýundyr-goç soýuldy... Üç gün geçensoň agşamara, perişan halda sekiz ganat ak öýünden çykyp, ýuwaşlyk bilen ädimläp barýan Ene: ”Salamälik”diýip, gaýyn enesiniň gapysyndan girende, Nusaý peri aljyrady, bozuldy. Ýaraman ýatanlygyna garamazdan, ýerinden turansoň ony: ”Guzym, bu senmi? Bu nä boluş?” diýip, garsa gujaklady-da, aglamaga durdy. Az wagtyň içinde şeýle kyn, hatarly, ýatsaň-tursaň ýadyňa-oýuňa düşmejek jebirlere uçran merdana gelin, gaýyn enesiniň bolşuna ejizläp, öz keç ykbalyny ýatlap horkyldamaga başlady. Ene bilen gelin bir-birine hiç zat aýdyp bilmän, dik duran ýerlerinden şeýle bir aglamak aglaşdylar weli, ol-a daş ekeni, polat hem çydap biljek däldi. Birneme köşeşenlerinden soň: ”Balam, saňa näme boldy? Ýüzüň-gözüň ýellenipdir, tanar ýaly bolmansyň?” diýip, ene sorady. Ene, maňlaýyma bu çykgynyksyz kembagtlyk ýazylan ekeni. Siz goýnuň yzyndan gitme diýdiň-ä, gulak asmadym, nirä ýöräp nähili hereket edýänligimi bilmedim, akylym üýtgedi, netijede bir aýuw meni ogurlap alyp gitdi. Şol sebäp boldumy, nämemi, göwrämdäki çagam hem aýryldy, men onuň diriligini, ölüdigini bilemok, belki, aýuw ony hem ogurlandyr - diýip aglady, ara maý salman gürrüňini dowam etdi. - Beýle ýagdaýda, bir gezegem emdirmedik çagamy gözläp-gözläp ýykylyp galypdyryn, men onsuz ýaşap bilmen ahyr. Ýa men Allanyň gözünden düşäýdimmikäm?! Ýöne, ene jan, adamyň edeni şowuna bolman, düşen gününe närazy bolup, öz janyna kast edäýmegem gaty mümkin ekeni. Kalbymda şeýle pikir peýda boldy, özüme: ”Çagany eliňden gidiren bolsaň, sen ýaşamaly däl” diýdim, öňki horluklaryň üstüne şowsuzlyk düşüberse ”Süýji janyňdan irip, şu dünýäden gideýin” diýen pikir güýçlener ekeni, şol niýet üçin amatly pursadyň gelmegine howlugar ekeniň. Menem, ene jan, senden gizläp nädeýin, çagamy tapman, şol ýagdaýa ýetdim. Ýüregime düwen zadym, ýerimden galyp bilsem, asylyp, otlanyp ýa-da özüme tyg urup däl-de, Kesedagyň iň belent ýerine çykyp, şondan özümi aşak goýbereýin diýdim... - Guzym, jan balam! Janyňa kast etjek bolmaň näme? Nämeler samrap otyrsyň? Sen öz akylyňdamy bir? Biz seniň düşen ýagdaýyňy bilýäris ahyr-diýip, Nusaý ene gözüni mölerdip, gelnine bakdy. - Ene, Kese dagyň aňyrsyndaky tokaýy düýşümde gördim - diýip, Ene peri ukudan oýanan ýaly, birneme özüni dürsedi, özüniň “Kese dagyň belent ýerine çykyp, özümi aşak goýbereýin diýdim” diýip, agzyndan sypdyranyna ökündi, indi bolsa ony ýuwmarlamak isledi. - Ýöne, men janyma kast edäýsemem, meýdimiň göz-gülban bolup ýatmagyndan gorkýardym. Dogrusy, keremli daglaryň jümmüşinde özüňe kast etseň, birinjiden-ä bir näçe gün geçýänçä maslygymy tapmazlar, onýança-da maslygyň galmaz, mör-möjekler, dagyň wagşy haýwanlary dagydar. Men şeýle ölümi maksat edinipdim. Ýöne, ýüregimde beslän matlabyma ýetmezligime çagajygymyň dünýä inmegi, ol tapylsa Salyr baýyň yzynyň dowamat-dowam bolmagynyň ähtimallygy sebäp boldy. Ýene bir zat,olam siziň yhlasyňyz, enejan! Enem-atam, gaýynlarym bolup, siziň: ”Ýekeje perzendimizdenem dyndyk” diýip, dady-perýat boljagyňyz. Diňe bir ölüm däl, ölseň öler gidersiň ýöne, onuň yzynyň “Serdar begiň ýekeje guzy, Gazan baýyň ýekeje gelni janyna kast edipdir” diýiljegi. Käbir adamlaryň “Ene periden beýle zada garaşmaýardyk, Allatagalanyň edenine näşükürlik edip, janyna kast etmeklik namartlyk ahyryn, onsoňan Serdar beg akylly adam, ondan beýle küpür maşgala dogulmazmyka diýýärdik. Elbetde bu zatlar Enäniň ykbalynda bardyr”diýlen ýaly geplerem, kakama, ejeme ýetip, bagyrlarynyň para-para boljagy, siziň, meniň ezizlerimiň ”Ýeke balamyzam bize rehim etmändir, bizi il içinde dili gysga edipdir” diýip, gaýga batyp, müýnli ýaly bolup gezjekdigiňiz meniň öz janyma kast etmekden saklanmagyma sebäp boldy. Ýöne, käbäm, haýyşym, bu edilen gürrüňler diňe ikimiziň aramyzda galmalydyr. Bu wakalary kakam-ejemiň eşidenini bilsemem, men olardan gaty utanyp, girmäge ýer tapmaryn... - Balam, az wagtda seniň şeýle gaty horlananyňy kakaňdan gizläp bolarmy? Sen mendenem bir zatlary gizleýäň, eliň-aýagyň persala, gan-gabarçak, şu ýagdaýda-da ýalan sözleýäň. Dogryňdan gel diýip gyssap durjak däl, soň özüň maňa bolşy ýaly gürrüň berersiň. Sen meniň syrdaşym ahyryn. Kakaňy sen menden gowy tanaýarsyň, özüňjik ugruny tapda düşündiräý. Hemme bolan ýagdaýy ondan gizläp saklap bolmaz. Oňa diňe çagaň aýyrlanyny aýdaý. Başga gürrüňler, aýratynam, jana kast erme wakalar öz aramyzda galsyn... Asla... - Gelnim, asyl senmi, gaýyn eneň bilen gümürdeşip oturan?! - diýip, gapyda peýda bolan Gazan beg ardynjyrap öýe girdi-de, aýalynyň sözüniň arasyny böldi - Guzym, özüňe geldiňmi? Ýeriňden turaýdyňmy? Gaýyn atasyny görüp ýaşynan Ene gaýn enesiniň ýüzüne seretdi. - Kakasy, gelnimiz-ä, Hudaýa şükür, özüne geldi, turaýdy - diýip, Nusaý peri ýuwup-ýalmap, sypaýyçylyk bilen jogap berdi - Ýöne, senem, agşam namazyňy okamaga gidip, köp eglendiň, çaýyňam sowan bolsa gerek! - Köpüräjik eglelenimiň sebäbi namazymyň kazasyny okadym, soňam dünýä inip, diri gaýyp bolan agtyjagymyň gözleginden gelenler bilen gürleşdim. Häzir-ä, uç tapylanok. Ýöne, men gözlegi goýmaň diýip tabşyrdym. - A-na, çaýyň basyrylgydyr, könäni ýatlap, üçüjigimiz bir başybirje çaý içeliň! - Haý, keýwany, näçe ýuwmarlasaňyz-da, menden bir zady ýaşyrjak bolýaňyz öýdýän!? - Ýok, kakasy, biziň Sizden gizlin zadymyz bolmaz, ýöne, gelnimiziň az wagtda başyndan geçen gowgalary weli... - diýip, aýaly bokurdagyny doldurdy. - Hemmesi düşnükli. Bu zatlar gelnimiziň maňlaýynda bar ekeni, ýöne enşalla, ol açylar. Men onuň düýşüni elinje görüpdim. Gelnimiň haýsydyr bir ýitgilere sezewar boljagyny doly bildim diýsem-ä, Hudaýlyk satdygym boljak. Ol düýşümi indi sizden gizläp oturmaýyn-da, aýdyp bereýin - diýip, Gazan beg ardynjyrady. - Men basyrganyp, gara basyp ýatan ekenim. Şol wagt düýşümde, aýalym,men, sen üçümiz adatdaky bolşumyz ýaly gara öýüň kölegesinde çaý içip oturanmyşyk. Ine, birdenem günbatarymyzdan howutly, üsti kejebeli bir akmaýa gelip, çökdi oturyberdi. Şol kejebeli Maýa gelnim mündi welin, maýa ýuwaşlyk bilen turdy-da, gündogarlygyna gidiberdi, bizem är-heleý ikimiz bir-birimiziň ýüzümize haýran galyjy nazar bilen garaşyp, sesimizi çykarman oturdyk. Heniz maýa gözden ýitip-ýitmänkä, onuň kejebesi togalanyp ýere gaçdy-da, düýe ýalaňaçlandy, gelnimem ýalaňaç düýä münüp gözden ýitdi. Biz, bu ýagdaýa haýran galyp otyrkak, birdenem guzym, sen, görküne haýran galaýmaly bir ak ata münüp, gaýdyp geläýdiň. Biz seniň gaýdyp geleniňe begendik we ak atyňy gutladyk, şonda gyzym, sen şeýle diýdiň: ”Şu ak ata münüp gelenimi hiç kim bilmesin. Sag-aman geldimem welin, arman Kese dagyň aňyrsyndaky dag gowaklarynyň birinde altyn guşagymy galdyryp gaýdaýypdyryn, ony alyp gaýtjak bolyp yzyma dolansam: ”Gyzym, şol guşagyňdan arkaýyn bolaý, biz ony saňa elinje gowşurarys” diýip, iki sany juwwak eşikli, başy selleli erenler söz berdiler” diýýärsiň. Guzym, şu sözi aýdan badyňa men oýanaýypdyryn. Görsem, edil ertir namaz wagty bolupdyr. Men düýşümem özümçe ýordum, beýlekinem. Bu edil, imanly bolmuş Teke beg üçin meniň Serdar beglere sawçylyga gyden günümdi. Kejebeli ak maýa meniň döwletim, ýalaňaç düýe gelnimiziň bujagaz emgegi. Azajyk sabyr edip, gaýrata galsak, enşalla, guzym, şol ak at seniň bagtyň bolar, diňe bir seniň däl, bütin neberämiziň hem bagty bolar, ýagny, bu wakaň, neberämiziň nesilbaşysynyň döremegine sebäp boljakdygyna men iki garagym bilen gören ýaly ynanýaryn. Ol altyn guşajygyňam erenler getirip bererler, ýöne men şol gören düýşümi, onuň ýorgudyny size mälim etmänime häzire çenli ökünýärin, ökünjiň peýdasy hem ýok. Boljak zat bolaýmaly. Guzym,bu seniň ykbalyňda, ýazgydyňda bardyr, ýazgytdan bolsa gaçyp gutulyp bilmersiň. Munda, diňe Taňra sygynyp, gaýrat etmeli, kaýyl bolup garaşmaly, başga ýol ýokdur... Gaýyn atasynyň bu aýdanlary Ene periniň depesinden basyp, demligini daraldyp barýan agyr ýüküniň azajyk hem bolsa ýeňlemegine alyp geldi. Akar çeşmäniň golaýragyndaky dag içiniň çaklaňja obasynyň goýun-geçi çekenesini başy çöwürmelije Igdir bakýardy. Ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglanjyk, obanyň dag içine süsňäp giren, iň çetki öýünde ýaşaýan Gazan beg, aýaly Nusaý peri ikisiniň agtygydy. Işine gabyl, hoşgylow, dogumly, söze çeper bu oglanjygyň adyny tutjagam bolman ýöne “guzym” diýip ýüzlenäýýärdiler. Näme-de bolsa oba oba bolýar, çaganyň deň-duşlarynyň arasynda kemsidilýän wagtlary bolýardy. Ejesiz-kakasyz ösýän çaganyň kemsinýän wagty bolaýmalamdy, çaga egin-eşik, garnynyň doklugyndan başga-da, ene-ata mähri hem gerekdi. Onuň ýok ýerinde çaga hökman kemsinerdi. Özi ýaly çagalaryň “Muny ejem alyp berdi, muny kakam alyp berdi” diýen ýaly sözleri ony kemsindirýärdi. Dogry, Nusaý ene başardygyndan öz mährini oňa siňdirýärdi, ýöne ol öz eneň-ataň mähri bilen deňeşdirenden daşdaki zatdy. Çagajyk-ka diline guwanylan, labyzlyja sesi bilen aýdymjyk aýtdyrylan döwri onuň hiç ýadyndan çykmaz. Ýetimligiň derdini çekýän häzirki döwürde-de, ol aýdyma hiňlenmäni ýadyndan çykaranok. Aýdýan aýdymam köplenç: ”Ejesiz oglan oýnamaz-ow, oýnasa nä oýnaýşy bar, gapaksyz gazan gaýnamaz-ow, gaýnasa nä gaýnaýşy bar” diýen sözlerden durýardy. Paýhasly, adamkärçilikli adamlar duşanlarynda oňa: ”Tüweleme, çöwürmeli, sen-ä gün-günden ulalyp barýaň, basym jahyl çykyp, uly adam bolarsyň”diýip, kellesini sypap, göwnüni göterseler, ”ulalyp-oňalman geçen” diýilýän adamlar gabat gelse: ”Ýetimi ýetip ur, ýetibilmeseň salyp ur diýipdirler” diýen bolup, loh-loh gülüp, özüniň nadanlygy bilen onuň ýürek ýarasyna duz basýardy. Şeýle ýagdaýda onuň närazylygy mese-mälim artýardy, ýetimligine kemsinip bokurdagy dolýardy, diňe şeýle ýagdaýda ýetimligi öz egni bilen çekenler oňa gowy düşünýärdiler. Ol kanuny,bolaýmaly zat. Kimde-kim öz egni bilen çekmedik ýüki barada näçe janygyp gürrüň etse-de,oňa geregiçe düşünilmez, gowy düşünilýän ýaly hä-de bererler, ýöne çyndan düşünilýän däldir. Ol çagaka-da bir eýjejikdi, indi hem syratlyja, görnükli oglan bolup barýar. Ýöne, bir wagtlar kellesine suwlyja düwürtijikler çykypdi, şonda oňa derman diýip çalynmadyk zat galmandy. Käbir zadyň dilini-başyny çeýnäp ýören suwjyklar onuň Igdir adyny taşlap “Keljebeg” diýip at dakdylar. Kelledäki düwürtikler bir wagt gutulyp gidenem bolsa, onda-da Keljebeg ady galyberdi. Ine, ýetim bolsaň, iň bärkije aýdylýan zat. Nusaý peri welin, onuň bu adyny bir gezegem agzaman, diňe guzym diýip ýüzlenýär... Günleriň birinde Nusaý peri Igdiriň öňünde çaý-nany goýdy-da, olaryň ýany bilen bişirip berýän süýdini goýmady. - Guzym, täzelikden bäri meniň geçim süýt bermesini goýdy, has dogrusy, bir hepdeden bäri onuň emjegi boş, ýa ýarty gelýär. Men muny gaty geň görýärin. Bilýäň-ä, geçi gaty süýtlidi, il günde bir sagsa men ony iki gezek sagýadym. Oňa indi nä döw çaldyka? - diýip, ol zeýranjek ýaly etdi. - Mama, men-ä bilmedim. Meniň bakýan ýerlerimde ownuk mal üçin ot-a köp. Bu günler tomus, otlaryň gurylygy üçin, ertir ir bilenem,günortanam, agşamam, jemi üç gezek Akar çeşmäniň gözbaşynda suwa ýakýaryn... - Guzym, sen maňa dogryňy aýtmajak bolýan bolaýma? Onuň süýdünden men saňa hem berýärin. Hol pylany-ha: ”Ol ýetimden her zat çykar, ýönelige ”Ýetimi ýetim ur, ýetip urmasaň atyp ur” diýmändirler” diýýär. - Mama, maňa beýle zat diýmäň, ýetimem bolsam men beýle zat etmen. Bu ýagdaýy şol bada aýtmaly ekeniňiz. Öň ünsem bermändirin, indi meýdana äkidenimde geçini göz astyna alaryn. Ony käte zemzeniň emäýmesem bardyr diýýärler, her zatda bolsa men sebäbini bilerin. Siz ondan arkaýyn bolaýyň! Şol günden başlap Igdir çopan kelek geçiniň hereketlerini aňtap başlady. Irden, çekene çeşmä golaýlap-golaýlamanka ýenede bir iki geçä baş bolup,kelek geçi çeşmä tarap ylgap gitdi. Çekenäniň hemmesi çeşmä gelip ýetişmänkä, kelek geçi eýýäm maňlaýdaky Kese gerişden düşüp gelýär. Onuň haçan ol ýere gidenini aňyp ýetişmedik çopan ”Bä, kelek baý eýýäm suw içip, başga bir ýerik gidip geldigimikä? Hany entejik göreli bakaly” diýip pikirlendi. Günorta çenli onuň sürüden çykyp giden ýeri bolmady. Günorta çeşmä barylanda ol ýene ýapydan düşüp gelýär, agşamam şol hereket. Şol günüň agşamy Igdir çopan Nusaý perä ýüzlenip: - Mama, kelegiň süýdi köpeldimi? - diýdi. - Köpelme nire, edil iki gözem boş halta. - Onda bir zat edeli. Men irden giderinde, çeşmäniň ýakynyndaky Gara dag gowagynda bukulyp ýataryn, sizem çekenäniň yzyndan ýuwaş-ýuwaşdan baryberiň. Men ol ýerden kelegiň nirä ýitirim bolýanlygyny saýgaryp bilsem gerek. - Bolýar, şeýdäýeris... Ertesi kelek geçi ýene bir näçe geçi bilen suwa eňdi-de, az-owlak suw içip, edil yzyndan ýagy gelýän ýaly bolup, maňlaýdaky kese kerte dyrmyşyp ugrady, gerşe zordan çykdy-da, gözden ýitip gitdi. Çopan öz ýanyndan: “Ol kertiň aňry ýanyndaky tokaýlyga baryp gaýdýan bolmaly. Ol ýerde nirä barýanyny synlajak bolsam menem şol gerşiň bir ýerinde bukulmaly” diýip, pikirlendi. Günorta suwdan öň çopan kese kerte çykyp, bir gara daşa duwlandy. Bir görse kelek geçi ýokary çykyp, ýetip gelýär, gelşine-de ylgaşlap tokaýlygyň günbatar ganatyna tarap gitdi. Igdir çopan üçin indi bar zat düşnükli boldy. Ol derrew kertden aşak çalasynlyk bilen düşdi-de, çeşmäniň boýunda, suw bilen çörek iýip oturan Nusaý periniň ýanyna bardy. - Mama, men indi bir zat aňlajak bolýan! - diýip, ol maňlaýyndaky deri eli bilen sylyp, bir owurt suw içdi-de, sözüni dowam etdi. - Geçi şu kertiň aňyrsyndaky tokaýa siňdi. Tokaýda nirä barýany yzarlaýmasaň bilip bolmaz. Çaklaýşym dogry bolsa, häzir ol emjegini boşadyp aşak iner. - Be, ol peläket zemzeni emdirip ýörmükä, balam!? - Mama bilmedim. Şahyndan tutup soraýar ýaly dili ýok, diňe yzarlap bilse bolýar, özem iki-üç bolup yzarlamaly... Hon-ha, şahy kesileniň özem, etjegini edip, ylgaşlap, aşak düşüp gelýär, barlasaň emjegi gowzandyr, ýa boşandyr... - Toba, toba! - diýip, Nusaý peri gelip sürä goşulan geçiniň emjegini barlady, görse, süýt gowzapdyr. - Toba, bu näme boldugy bolýar, guzym? Indi biz näderkäk? - Mama, onuň näderkägi bolmaz. Oba ýaşulylaryna maslahat salyp, näme diýseler edäýmeli bolar. Meniň ýeke özüm-ä, ol tokaýly deräniň içine girmeg-ä däl, asyl golaýnada baryp bilmen. Ozalam, şu çeşmede sähel gijiräge galmaly bolsam, şol tarapdan bir zat geläýjek ýaly bolup dur, dogrumy aýtsam gorkýaryn. Şol dere ýöne dere däl diýip oba adamlary hem aýdýarlar. - Guzym, beýle bolsa bu ýagdaýy hiç kime aýtmasak nädýä? Ýene baş-on gün garaşaly, bilip bolmaz, onda bir gudrat ýa-da bir nägehan bar bolaýmasyn? Soň olar bizi bir heläkçilige eltäýmesin? - diýip, Nusaý eje gözüni mölerdip, çopana bakdy. Olar şol gürrüňi şu ýerde hem galdyrdylar, bir hepdeläp, nämäň näme bolýany biljek bolup garaşdylar, emma üýtgän zat ýok, her gün geçi üç wagtyna şol tokaýlygy gidip, emjegini gowzadyp gelýärdi. - Mama, indi näme ederis? - diýip, çopan Nusaý perä ýüzlendi. - Indi näme etseň özüň bil, geçiň şol ýerik baryp gelýänlyg-ä çyn... Men gowusy, nädeýin diýsene!? Goňşy obamyzyň sylanýan adamsy, gudamyz Serdar bege maslahat salaýyn. Ol, öň Gazan hanyň, soň meniň oglum Teke hanyň hyzmatynda bolan adam, köp zat bilýändir, şol tokaýlyga-da belet. Oňa Gazany ibermän özüm gideýin, iki hepde bäri atasy öýüne giden gelnimi hem alyp gaýdaýyn... Dowamy bar >> | |
|
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |