09:35 Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy | |
5. Serdar beg, ir bilen gelen Nusaý periniň aýdanlaryny üns berip diňledi, esli salym böwrüni diňläp oturanyndan soň şeýle diýdi: - Guda, men özümi bilelim bäri şu ýerlerde oturýaryn, gulluk bilen oňa-muňa giden ýerlerimi hasap etmeseň... Meniň enem-atam hem şu ýerlerde önüp-ösenler, ondan aňry neslimiz Jentde oturypmyşlar, galanynam bilmedim. Çaga wagtymyz, şol tokaýly derede bir zat barmyşyn diýip gürrüň ederdiler, ýöne näme barlygynyň aňyrsyna ýeten ýok. Ol baradaky gürrüňler bolsa gaty köp. Biri ol ýerde adamsypat döwler ýaşaýar diýse, ýene biri ajdarhalaryň, ýolbarsdyr-gaplaňlaryň mekanymyş diýýärler. Dogry, ýaşkak özümizem çeşmäniň maňlaýyndaky gerşe çykypdyk. Gerşiň aňyrsy tokaýly dere bolmaly, köp sanly gowaklaram görünýär. Şol derede-de, aşaky Agar çeşme (köpler oňa Akar diýýärler, emma onuň ady Agar bolmaly) ýaly bir näçe çeşmeler barmyş diýýärler. Ol belli zat. Dagda, bölejik-bölejik, ululy-kiçili dereler kän, olarda çeşmeler bolaýmaly, onuň bolan ýerinde-de, keýik, towşan, käkilik, ýekegapan, guşlar we başga ýyrtyjy haýwanlar bolaýmaly. Olaryň bar ýerinde gaplaň, ýolbars hem bardyr. Gaplaňa-ha özümizem duşýardyk, birini tutupdygam. Özüňe, ýaragyňa göwnüň ýetmese, gaplaň bir erişiberer ýaly haýwan däldir. Garasaý, nirde çeşme bolsa şol ýerde gaplaň duş gelýär, özem sen zat diýmeseň, ol zat diýmez, ýa-da güýjüm ökde diýip oba aralaşmaz. Ol janaweriň öwlüýälere aýlanýanam barmyşyn diýýärler, ýöne özüm-ä göremok... Seniň kelek geçiňi emýänem ýöne zat däldir. Bir çemçe süýt üçin ol derä barylmasa nähili bolar? Onsoňam, men saňa kesgitli bir zat aýtmaýyn, ony adamlar bilen maslahatlaşyp göreýin. Bu ýerde gep ýeke seniň kelek geçiň bir çemçe süýdünde däl. Biz, türkmenler haýwan bolsun, ynsan bolsun, ejiziň hakynyň iýilýän ýerinde, kesesinden seredip oturyp bilmeris. - Serdar guda, geçini satyp, başgasyny alaýsamam boljak weli, ilkä men ony owlajyklygyndan elimde ulaltdym, olam owarram diýsem, çöregime ýetne, hurşum, onsoň... - Bolýar, guda, men şu günüň özünde bir netijä gelerin, habarymy bolsa saňa ýetirerin-diýip, Serdar beg sözüni jemledi... Şol gün ol oba oglanlarynyň tagallasy bilen bäş adam ýygnap, gürrüň edilýän derä gitmekçi boldy. Olaryň ikisi gylyç, biri naýza, ýene ikisi gyrkylyk bilen ýaraglanyp, onuň ýanyna geldiler. - Size bir zat aýdaýyn - diýip, Serdar beg oglanlara ýüzlendi. - Eger siz Serdar beg bizi syrly depä iberip, özem öýünde galýar diýjek bolsaňyz aýdyň, onda menem gitjek. Ýöne meni äkitseňiz size azar bolaryn diýip gorkýaryn, iň bärkisi şol kese gerşe-de göterip mündürmeli, göteribem düşürmeli bolarsyňyz. Elbetde, elimdäki gylyjymy bir adamlykça işlederinem-le weli... - Aý, Serdar aga, nätdiňiz aýt!? Siziň ýaş wagtlaryňyz görkezen gahrymançylygyňyzy biz bilýäris ahyr. Diňe bir otparazlaryň patyşasy Ýezdigerdiň ähli baýlygyny ýany bilen alyp, Marydan Samarkant hakanynyň ýanyna gaçyp gitmekçi bolan wagty Siziň eden herekediňiz nämä durmaýar!? - Oglum, onda meniň eden bir uly işim ýok, diňe Mary halkyna: ”Sasanid patyşasynyň ýurdyň ähli baýlygy bilen başga bir ýurda gaçyp gitmeginde örän ýaramaz terbiýäni görýändigimi, beýle ýagdaýda başga ýurtda oturjak patyşamyza we onuň oturan ýurdynyň patyşasyna salgyt tölemeli boljakdygymyzy, ondan, duşmanymyz hasap edýän araplara öz ýurdumyzda oturyp salgyt töläniň amatly boljagyny” düşündirdim, şeýdibem, ähli baýlygymyzyň özümizde galmagyny gazandym. Meniň bu çykyşym Mary häkimi Orazyň (Abrazyň) Hezreti Alynyň wekili Numan Bahiliniň üsti bilen ýazan: ”Türkmenleriň yslam dinini öz islegi boýunça kabul edýänligi “baradaky hatynyň iberilen wagtyna gabat geldi. Netijede, baýlygy elinden giden Ýezdigert, Ýusup atly bir degirmençiniň öýüne gaçyp bardy. Haraz, Orazyň kakasy Mahanyňky bolup, ol ony günde 4 derhem tölemek şerti bilen Ýusuba kärendesine beripdir. Şeýlelikde, edil şol gün kärende tölegi üçin 4 derhem gerek bolansoň, Ýusup ony altyna bezenen myhmanyndan sorapdyr. Ol bolsa, dört derheminiň ýoklugyny aýdyp, “oňa derek kyrk müň derheme durýan altyn guşagyny oňa uzadypdyr. Emma Ýusup “maňa diňe dört derhem gerek, şaý-sep gerek däl. Kisesinde bir derhemi bolmadykdanam bir patyşa bolarmy?” diýip, gaty gaharlanypdyr we Ýezdigerdi paltalap, jesedini Razik derýasyna taşlapdyr. Soň onuň jesedi, derýanyň gyrasynda ýerleşen, Isa pygambere uýýanlaryň ybadathanasynyň deňindäki gatladan çykýar. Hristian ruhanysy jesedi suwdan çykaryp, şaheriň ortasynda jaýlaýar we hristian dininiň ýaýramagyna päsgelçilik döretmänligi üçin, onuň guburyň üstüne köşk saldyrýar. Şondan soň yslam dini giň gerim bilen ýaýrap başlady. Ýöne, yslam dini bilen otparazlyk dini ikisi bir wagtda köp wagtlap egin-egne berişip, käte özara urşup, şu güne geldiler. - Serdar aga, biz şaman otdan böküp, ”günämizi” dökýäris, sallançak uçýarys, bular otparazlygyň galyndylary dälmi näme? – diýip, ýene ýaňky ýigit seslendi. - Ol şeýledir, ýöne adamyň ganyna siňen däp-dessur bir ýylda däl, ýüzlerçe, müňlerçe ýyllap dowam edýändir. - Serdar aga, ýaňy yslamy meýletin kabul edýänligimiz baradaky haty agzadyňyz, şonuň mazmunyny eşidip bolmazmyka? – diýip, beýleki bir ýigit sorady. - Ony eşidersiňiz, ýöne öňürti meniň ýumşumy bitiriň. - Bilibem duramzok weli, şol derä bäş adamyň ýaragly gitmegi gerekmikä? - diýip, oglanlaryň biri sorady. - Oglanlar, oňa syrly dere diýilip ýönelige aýdylan däldir. Gitjek ýeriňiz onçakly bir daş däldir. Güýç,ýarag ulanmasyz bolsa-ha, oňa ýetesi zat ýok. Gaty bir irem gitmäň, her zatda bolsa, gündüzlik bir gowy zat. Igdir çopan günorta ýakyn çekenäni çeşmä eltýändir, galanynam şonuň bilen maslahatlaşyň. Ol ýere gidýänligiňizi özüňizden başga hiç kim bilmesin. Eger oba adamlary eşitseler, her kim bilesigelijilik edip, çeşmäň başyna barar,gepiň gysgasy şolaň üýşmesi size zyýan eder welin, peýda etmez. Baryň, Alla ýaryňyz bolsun! Maslahat edilişi ýaly, çekene suwa barar-bararda bäş gerçek, tokaýly syrly deräniň her ýerräginde bukulyp garaşdylar. Ine, birdenem kelek geçi ýapydan aşak inip, şol uly toraňňa tarap, edil yzyndan kowulýan ýaly bolup, ylgap gitdi. Ýigitlerem, bir-birlerine yşarat edip, aralaryna maý salyp, onuň yzy bilen garama-garama gitdiler. Geçi toraňňynyň ýany bilen geçdi-de, çala ýapgyt bolup ýokary galýan depäniň böwründe ýerleşen kiçeňräjik bir gowajyga sümülip gitdi. Ýigitler derrew gowagyň daşyny galladylar, ýuwaş-ýuwaşdan sümülip, gowagyň kiçeňräjik agzyndan içine seretseler, geçi eglibräk idirip dur, aşagynda-da, geçiniň ýüňünden ýaňa nämedigi saýgartmaýan bir zat müňňüldeýär. Ol gymyldaýar, hereket edýär. Birdenem, geçi dikeldi-de, ylgap gaýtdy. Ýigitler zordan oňa ýol berip ýetişdiler. Geçi hiç zada üns bermän, gelşi ýaly yzyna ylgaşlap gitdi. Ýigitleriň hemmesi diýen ýaly, bärden barsalar, donuň üstünde däbişäpjik ýatan, ýalaňaç çagajygy gördüler, üstüne atylan ýaglyk bolsa onuň aýajygy bilen yza serpilipdir. Ýigitler bir-birleriniň ýüzlerine seredip,dilleri tutulan dek doňup galdylar. Az salymdan özüni dürsäniň biri: ”Bu çagajyk Serdar begiň agtygy-ha däldir-dä, how? Hany, çagajygy alalyň!” diýip seslendi, beýlekisi: ”Şuny ýerinden gozgamasak gowy bolaýmasa” diýdi, ýene biri: ”Aslynda bi adam çagasymyka beri?” diýdi. Garaz,eý diýdiler, beý diýdiler, ahyry biri ýaglygy galdyrdy, beýlekisi çüw ýalaňaç, posalajyk çagany ýuwaşlyk bilen goltugyna aldy, ýene biri onuň aşagyna ýazylan çabydy galdyryp: ”Bäh, geň zada seret, donuň üstünde täret-ä däl, asyl öljagazam dammandyr” diýdi. Bu ýagdaý ýigitleri haýran galdyrdy” geň zat-da, geň zat” diýişip, çagajy alyp gaýtdylar. - Ýigitler, çagajygy, gowakdaky zatlary bilen Serdar begiň ýanyna alyp bardylar. Çagajygy göterip gelen ýigit ilki bilen: - Ine, ýaşuly, şüý-ä, Nusaý enäniň kelek geçisini emýänje garagoljyk. Toba, garagoljygam diýäýdim-dä, garagoljyk däl-de, keramatlyja balajyk. Ynha, bularam, çagajygyň ýanyndan tapylan zatlar. Bizi aýratyn haýrana goýan zat, şu çagajyk, Nusaý enäniň geçisini üç hepde bäri emipdir. Diýmek, çagajyk şol gowakda ýigrimi günden gowrak ýaşapdyr, emma ýerjagazyny öllemändir, beýlekem etmändir. Bu gaty geň zat. Onsoň, meň muňa kerematly balajyk diýenimi geňlemäň! - diýdi. (Görogly dessany hem öz gözbaşyny şu wakadan alyp gaýdýan bolmaly diýip çak etse bolýar. -A.N.) - Berekella, inerler, siz-ä uly iş bitiripsiňiz. Meýdanda galan çagany möjek äkidip idedipdir diýip eşitdik,ilimiz erkin oturanda üstümize köp ýagy çozup, gaçanlaryň biriniň süýt emdirýän çagasyny galdyryşyny,onyň çyrlap aglaýşyny eşiden bir şiriň gelip,balany ysgap, ýüz-gözüni ýalap alyp gidişini,emdirip iki ýaşa çenli ulaldyşyny, soň ilimiziň öňki ýurduna göçüp gelmegi bilen endamyna tüý bitip ugran ol çagany tapyşlaryny eşidipdik, ýöne geçiň özi meýline baryp,çagany emdiripdir diýip eşitmändik. Bu hem Hudaýyň gudraty bilen bolýan zat. Indi, baryň biriň Nusaý perini, Gazan begi,sürüden gelen bolsa Igdir çopany alyp geliň, bu çaganyň ejesi Ene perini hem goňşulardan çagyryň! - diýip, Serdar aga görkezme berdi. Iki obanyň arasy onçakly bir daş däldi. Nusaý peride, Gazan begem, agşam dowarlary ýatagyna getiren Igdir çopanam ýetip geldiler. Ilki bilen Ene peri alaslap geldi-de, çagasyny bagryna basdy, begenjine aglady, eňredi. - Nusaý ýeňňe, Gazan beg, gözüňiz aýdyň, agtygymyz tapyldy - diýip, Serdar beg gelenleri gujak açyp garşylady. - Eýjejik çagamyz tapyldy, ynha, şu şaý-sepli çabydy, ýaglygy hem oglanlar alyp geldiler. Näme diýseňiz menem siziňkä goşularyn - diýip, tolgunýan Serdar aga oturanlara matlabyny mälim etdi. Özi bolsa çabydyň bir beýlesine bakýar, bir eýlesine. - Guda, siz bizi gaty begendirdiňiz. Siziňem gözüňiz aýdyň bolsun! - diýip, Gazan beg özüne uzadylan çagany alyp bagryna basdy, siňe-siňe ýüzüne seretdi, ogşady, soň ony gözi ýaşly aýalyna uzatdy. - Guda, agtygymyz tapyldy, Hudaý tagala çagamyzy bize gaýtaryp berdi, toý tutalyň - diýip, Serdar beg joşgunly seslendi. - Wah, Serdar dogan, biz çagaň dyrnajygyna zar ahyr - diýip, çagajygy ogşaýan Nusaý peri onuň ýüzüne, eýlesine-beýlesine seretdi, alkymynyň aşagyndaky meňe gözi düşüp: - Gazan beg, ýitigmizi tapdyk, agtyjagymyzy tapdyk - diýip, aglamjyrap, çagany bagryna basdy. - Hany, oglanjygyň musulman çagasy bolmagy üçin azan okalyň - diýip, Serdar beg, doga okady, soňam duran ýerinden bir daban yza süýşüp ýene bir uzyn doga okady-da: - Ýaşy uzyn musulman bendesi bolsun, ene-atasynyň mähribany bolsun! Hany, Nusaý ýeňňe, bujagaz ogluňa näme at dakjak? - diýip, henizem ejesine bermän çagany ogşap duran eneden sorady. - Makul bilseňiz men-ä, şehit öten oglumyň adyny dakaýjak. Teke pahyr bir tirsegine galsa gerek. Özüňiz bilýäňiz, ol, halky, ili üçin başyny goýan adam, ýowuz ýagynyň elinden ölüp gitdi. Şujagaz çagajyk halkynyň goragynda janyny pida eden gerçegiň adyna mynasyp bolsa meniň şu dünýäde armanym galmaz! - Guda, olam-a bolman durmaz... Meni hem diňle! Öleniň ady dakyljak bolsa onda muňa hakykatdanam ogluňyzyň ady dakylsa gowy boljak. Teke beg batyrdy, garadan gaýtmaz gaýduwsyzdy. Onuň ady dakylsa jüpüne düşäýsek. Asyl çagajygyň ykbalam, geçi emip ölmän galmagam şony salgy berýändir. Makul bilseňiz, onuň ady goý, Teke beg bolsun! Oturan adamlaryň hemmesi, şol san-da Nusaý peri-de, Gazan begem: ”Adynyň eýesi bir musulman bende bolsun!” diýişdiler. - Onda meniň muňa ýene-de bir goşjak zadym bar - diýip, Serdar beg sözüni dowam etdi. - Siz bilýäňiz, biz yslam dinini öz islegimiz boýunça kabul etdik, sebäbi ondaky bar bolan däp-dessurlar, düzgünler biziň öňden gelýän düzgünlerimize gabat geldi, kalbymyza ýakyn boldy, galyberse-de, Pygamberimiz bize, türkmenlere “meniň nökerlerim” diýip ýüzlendi. Men size şyh Bekr Müfid Jerjeraýynyň hezreti Pygamberimize salgylanyp getirýän bir hadysyny aýdyp bereýin, ol şeýle: ”Allatala aýdýar, ”Meniň bir esgerlerim bardyr, men olara türk(men) adyny berdim, olary Gündogarda ýerleşdirdim. Bir kowma, il-ulusa gazap etsem, gaharym gelse, olaryň dogry ýola dolanyp, toba, mugyra gelmegi üçin, türkleri olaryň başyna musallat (soltan) ederin” diýilýär. Ine, bu aýdylanlar biz üçin ähli ynsanlaryň öňündäki bir artyklykdyr. Başga bir taryhy maglumatlarda Pygamberimiziň ”Yslam ejizlän wagty ony Gündogardan geljek halk halas eder” diýendigi, sahabalaryň ol kowmy suratlandyryp bermegini soranlarynda, Pygamberimiziň mugjyza-keramaty esasynda baýryň üstünde, silkme telpekli, şar gara sakgally, milli eginbaşly nurana türkmenleriň sudurynyň peýda bolandygy nygtalýar. Türkmenler barada beýle ajaýyp suratlandyrmalary diline getiren Pygamberimiziň hatyrasyny has-da belende galdyrmak niýeti bilen men ýaňky çaga dakylan Teke adynyň yzyna Muhammet adyny hem goşmagy, ýagny oňa Tekemuhammet diýip ýüzlenilmegi teklip edýärin. Nähili görýärsiňiz? - diýip, ol oturanlaryň ählisiniň razylygyny alyp, sözüni dowam etdi. - Indi men size ýokarda agzalan hat barada aýdyp bereýin. Şol wagtky Mary häkiminiň-merzbanynyň adyna biri oňa Abraz diýýär, biri Beraz diýýär, ýöne dogry ady Oraz bolmaly. Ine, onuň arap ýygynynyň ymamy Ahnapa ýazan hatynyň mazmuny şeýleräk: ”Biz öz islegi boýunça ähli zady edip bilýän, islese ýokary göterip tagta oturdýan, islese, aýak astyna atyp, gözden düşürip bilýän beýik Allanyň guludyrys. Maňa siz bilen ylalyşyk baglaşmaga, yslamy öz islegimiz bilen kabul etmäge iterýän esasy sebäpleriň biri, meniň Maha atly atamyň yslamy kabul etmegi netijesinde, Siziň hökümdaryňyzyň (Hezreti Alynyň) oňa eden hezzet hormaty, sylagy boldy. Soň, Sizi hoş gördük we gaty begendik. Men, alty ýüz müň derhem töleg şerti bilen, özara parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagy teklip edýärin, Sizem öz tarapyňyzdan, patyşalaryň patyşasy Hosrow şanyň, ýurtlary we obalary birleşdirýän ýollara abagançylyk girizmekde päsgelçilik döreden “ajdarhany” (duşmany) ýok edeni üçin, biziň ata-babalarymyza, onuň beren mülkleriniň, şäherdir, obalarynyň, adamlarynyň eýesi hökmünde, meni ykrar etmelisiňiz, şeýle-de, meniň hojalygyma degişli harjyň, hökümdarlygyň eldegirmesizligi ýa-da olaryň başganyň eline geçirilmezligi kepillendirilmelidir. Eger şu aýdylanlara razy bolsaňyz onda, öňüňizden elim saçakly çykaryn. Haty, ýegenim Mähegiň üsti bilen ýollaýaryn we onuň ýokarky haýyşlaryma getirjek ýakymly jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn...”. Ine, hat şeýleräjik mazmunda ýazylan... - Serdar aga, munça bolanyna görä araplaryň Mary häkimine ýazan jogap haty barada hem aýdaýsaňyz!? - diýip, soňky soragy beren ýigit ýene seslendi. - Aýtmaly bolsa, onam aýdaýyn. Mürze Kaýsanyň eli bilen ýazylan jogap hatyna sahabalar Jaz Saidi, Hamza Hirmas, Hümeýt Hiýar, Warka Useidi, goşunyň emiri Ahnap Kaýs dagy gol goýupdyrlar we “Allaha muharrema” aýynyň dynç güni, “Bir Alla boýun bolýarys” diýen ýazgyly möhür bilen möhürläp, Marynyň we Merwuridiň (kiçi Mary, häzirki Tagtabazar etrabynda ýerleşýär) häkimlerine, beglerine, emirlerine atbaşçylara we olara degişli gullukçylara ýüzlenilip ugradylypdyr. Onda: ”Ýegeniň Mähek seniň islegiňi mälim etdi, men ýanymdaky musulmanlar bilen maslahatlaşyp, olary kabul edýärin. Diýdimzor Hosrow şa size mülk-mal beripdir, ýöne olar Allanyňkydyr we onuň wekiliiňkididr. Eger yslam dinini meýletin kabul edýän bolsaň, onda saňa, seniň öýüňe, ýakynlaryňa harç tölemegiň zerurlygy ýok, gaýtam, Pygamberimiziň ýoluny dowam etdiriji doganymyz hökmünde, maňa, meniň ata-babalaryma edilýän hormat ýaly hormat, saňa, ýakynlaryňa hem ediler, harj hem beriler” Ine, türkmenler şeýle ýagdaýda yslamy kabul etdiler - diýdi-de, Serdar aga gülümsiräp: - Gazan beg, indi bir üýşmejigem ederd-ä? - diýdi. - Enşalla, üýşmejik däl, uly toý ederis! - Indi Tekemuhammet geçini emäýse: ”Geçimiň emjegi boşaýypdyr” diýip, çopana igenip ýörmersyň-ä, Nusaý guda?! - diýip, Serdar aga güldi. - Ýok-la, dogan - diýip, çagajygy bagryna basýan Nusaý peri jogap berdi. - Adamlar ýene bir zady maslahatlaşalyň. Şujagazyň Tekemuhammet adynyň yzyna erkeç sözüni hem goşup Tekemuhammet erkeç diýäýeliň. Näme üçin diýeniňde, çagajygyň taryhy ähli ýere ýaýrar, şonda dili siňliniň biri: ”Aý, bu oglan geçi emip ulalandyr, şonuň üçinem muňa Tekemuhammet geçi diýäýeliň!” diýer welin, soň ýigit çykanda geçi sözüni eşitse gaty görer. Geliň bizem ilden öňürdeliň-de, oňa Tekemuhammet erkeç diýip ýüzleneliň. Bujagaz çaga meniň hem agtygym bolýar, ol geçi däl, goç. Galanynam Hudaý oňarsyn - diýip, Serdar aga sözüni jemledi welin, oturanlaryň hemmesi: ”Omin” diýip, ellerini ýüzlerine syldylar. - Serdar dogan, adyň yzyna erkeç goşaýalyň diýdiň weli, özüňde şeýle lakamyň bolany üçin ýene bir erkejiň sany köpelsin diýäýdiň öýdýän? - diýip, Nusaý peri degişdi. - Guda, senem bir zat tapaýýaň. Hawa, bu oglanjyk ýönekeý bir oglan däl, erenleriň nazary düşen oglan. Beýle bolmadyk bolanda haýsy hem bolsa bir haýwanyň ýa-da mahlugyň ogurlap alyp giden çagasyny geçi emdirmezdi. Onsoňam, obamyzda menden başga-da erkeç lakamly adamyň sany az däl, goý, olam biri bolsun. Görersiňiz welin, şujagaz çaga uly döwlete, abraýa eýe bolar. Öz adynyň hakyky eýesi bolsun-da, Hudaýym! - diýip, doga okap ýüzüne syldy-da, sözüni jemledi... 6. Nusaý peri çagajygy mähir bilen öýüne getirdi-de, Enäniň gujagyna saldy. Göwnüne bolmasa ol gün onuň üçin üýtgeşik bir görnüşe eýe bolup, tutuş älem-jahany nur gaplap alan ýalydy. Eýsem ol başgaça bolup hem biljek däldi, sebäbi, hemme enelere mahsus bolşy ýaly, bütin ömründe agtyk arzuw edip gelipdi. Bu gün hem oňa ýetdi, hut öz agtyjagyny, dünýä inse diýip guwanyp ýörenini tapdy. Onuň indi öz ýyldyzy dogdy, öz ogly peýda boldy. Bu çagajyga onsoň neneň begenmejek, neneň mal kesip, bütin obany çagyryp, zyýapat bermejek! Gelenem gutlag sözüniň yzy bilen adyny soraýar, ýaşunyň uzyn bolmagyny, adynyň eýesi bolmagyny arzuw edýär. Ene geleni garşylap, toý saçagyndan gerk-gäbe doýansoňam, gaýtmaga rugsat sorana ”Rugsat Alladandyr” diýip, hormat bilen ugradýar,ýöne şol wagtlaram çagajyk baradaky aladasyny ýanyndan goýmaýar. Hawa, çaga şu güne çenli geçini emip gelipdir, ýöne indi oňa geçi süýdini içirip bolmaz, öz enesiniň süýdi bolsa kesilipdir, türkmende bolsa, ene süýdini emmedik çaganyň ýakynlaryna mähremliligi kesekiçe-de bolmazmyş diýen gürrüň bar. Ol dogry, ýöne ol ene süýdini nireden alsyn? Şeýle ýagdaýa düşen käbir enelere Hudaýyň gudraty bilen süýt inermişem diýýärler, gelinde olam ýok. Ine, onsoň, çykmazmyň, ýaňy çaga doguran süýt eneleriň gözlegine! Ol şeýle hem etdi. Gelip çykyşy arassa türkmenden bolan,diliniň gadymylygy saklanan ýaş enäni gözledi, ýogsam, töwerekde,ondan-mundan göçüp gelen,haýsy taýpalygy näbelli eneler gyt däldi. Baran ýerem, ilki bilen çaganyň ýetimligi baradaky soragy keserdip goýýar, çünki ýetimi emdirmegiň kän bir girdejisiniň bolmajaklygyna düşünýär. Ahyrym ol öz isleýän, gözleýän ýaş enesine gabat geldi, ýöne olam garyplygyň derdini çekip, iýmäge zady bolmanlygy üçin, ”süýdim öz çagamy emdirmäge zordan ýetýär” diýip zeýrendi. Ine, onsoň, Nusaý peri geçiň süýdüni, nanyny, hurşuny, harjyny berjekdigini aýdyp, gelni razy etdi. Şeýlelikde, Tekemuhammet, üç çagasy bolan Maral atly enäniň süýdüni içip ulaldy. Maral ony öz perzendi ýaly görüp, ýelden-şemaldan gorap saklady, Käte, Enäniň işi çykanda, ol çagany öz çagalary bilen oýnadardy. Onuň çagalarynyň iň kiçisi bolan gyzjagaz Tekemuhammedi örän gowy görerdi. Olar hemişe bile oýnardylar, edil hakyky dogan ýaly, bir eneden bolan perzentler ýaly ýaşardylar, Tekemuhammet bilen ýaşytdaş bolan Ýomut atly çagajyk hem onuň bilen oýnamany gowy görerdi. Bütin maşgala agzalary, bu ýetim çagadan razydylar, Maralyň adamsy bolsa: ”Keýwany, seniň bu emdiren ýetim çaganyň aýagy düşdi, malymyzyň sany köpeldi, öýümize bereket indi, elimiz giňedi. Men bu çagada nähilidir bir täsinligi görýärin” diýdi. Şeýlelikde, çaga iki ýaşyna çenli Maralyň süýdi bilen, ejesi Enäniň, enesi Nusaý periniň terbiýesi bilen ulaldy, soňam öýüň onsuna-munsyna ýarap başlady. Nusaý peri öz gezeginde, elinden geldigiçe çaganyň ýetimligini bildirmezlige çalyşdy, ony ähli zatdan eziz gördi, ýatan wagty öz ýanyndan aýyrmady, hat-da, geçisi ekiz-ekizden guzlap, birneme köpeleni sebäpli, çopana kömekleşýän wagtam ýanyndan goýmady. Irgözünden mal yzyna düşürip, çagany çopan edip ýetişdirmegiň aladasy bilen boldy. Enäniň pikiriçe dünýäde iň arassa, iň halal zähmet çopançylyk käridi, bolmanda-da çarwa durmuşynda ol ýaşaýşyň bir serişdesidi, ömrüň manyly bir bölegidi, onsoňam, kesp-käri, hünäri we seneti harlamaýan, oňa sapra goýýan adam ynsanlygyň nusgasydy ahyryn. Hut bujagaz çaganyň peýda bolmagy bilen, öň ýeke owlajyk berýän kelek geçi hem indi ekiz-ekizden owlaklap başlady. Her bir ynsany öz rysgaly bilen dünýä inderýän Alla “pylany pylan kärde işlese, meselem çopan bolsa oňa yrsgaly kem bererin “diýmänligi belli. Onsoňam. gyrda, sährada tebigatyň görnüşlerini, pasyllaryň üýtgeýşini gözüň bilen görüp, mallaryň yzyna düşüp aýlanyp ýörseň göwnüň göterilmezmi? Asly çarwa gyzy bolan Nusaý periniň göwni göterilýär, ösüp-örňäp gelýän çagajyk hem ony kem görenok. Aýn bolmasa “Igdir kakam bilen gitjek” diýip, nan düwünçejigini alyp,ýerinden galyp ugraýar. Ene çaganyň bu herekedine päsgel bermeýär, gaýtam goldaýar, kä çabgaly günüň, kä aňzaklygyň aşagynda taplansyn, tebigaty, möwsümler üýtgedigiçe-de, olardaky ajaýyp görnüşleri synlasyn, şeýdip, gözýetimini, duýgy-düşünjesini giňelsin, beýnisini tämizlesin diýýär. Giň we arassa howada adam hileden we ikiýüzlilikden daşda bolýar, öz içky dünýäsine aralaşýar, ähminetli-u-ehminetsiz zatlara düşünýär, kemçiliginden saplanýar, nebisden, gaýry düýgulardan daşlaşýar, has dogrusy ol ynsanlygyny ýitirmeýär, adam şekilli bolup galýar, haýwanlaşmaýar, bu dünýäniň alyna aldanmaýar. Jemgiýetde bar bolan ýalan-ýaşryk, hile, aldowçyçylyk, zyýan ýaly bulam-bujar zatlardan daşlaşyp, sap we tämiz sahrada sürüňi agaýana otladyp, bakmak ýaly asylly iş ýok diýen düşünjä gulluk edýär. Kim näme diýse diýibersin, alyn deri, daban azaby bilen zähmet çekip ýaşaýanlar bagtly bolýandyrlar, emma bidüzginçilik, galplyk bilen ýaşaýanlaryň gazany gaýnamaz. Ene peri çagasyny şeýle maslahatlar bilen her gün diýen ýaly sürüniň yzyna goşýar. Ol bir gün: ”Eje, pygamberimiz hem bir ýyl goýun bakypdyr” diýip, garaşmaýan gürrüňini orta atdy. ”Hawa, guzym, bakypdyr, ol hem adam balasy, beýlekiler ýaly deň-duşlary bilen oýnamak, gülüşip oturmak isläpdir, emma her gezek şeýle ýagdaýda ony uky basmarlapdyr. Diýmek şeýle ýagdaýlar onuň jahyllyk kalbynda, belent ruhunda orun alyp bilmändir, sebäbi onuň höwes edýän zady olardan ýokarda bolupdyr” diýip, ejesi hoşamaý jogap berdi... Şeýlelikde, Tekemuhammet Igdir çopanyň ýany bilen çopançylyk edip ugrady. Her gün ýaş çaga üçin uzak we lütüňi çykaryjy hereketler gaýtalansa-da, ol ýadadym diýmeýärdi, gaýtam, ertesi öňküsindenem ir turup, ”Hany, gitmerismi?” diýdi. Igdir çopan hem indi öňki ýekeligini ýadyndan çykardy, çaga bilen öwrenişdi, asla ony ýanyndan aýyrasy gelmedi... Hawa, bu waka çaga ýedi ýaşyna ýetende bolup geçdi. Şol günem olar öňküleri ýaly sürüni meýdana çykarypdylar. Geçileriň edehädi, mydama sürüniň öňünde, ylgaşlap depä, gerşe çykarlar, barmasy kyn ýerlere bararlar, käte gaýadan hem aşak gaýdarlar, emma olara hiç zat bolmaz. Tekemuhammedem olaryň yzyndan aýrylanok. Bir aýlap geçi süýdüni emenliginiň täsiri ýetýändir-dä! Ine, bir owlak, özem onuň iň gowy görýän owlajygy gerşiň howply ýeryne bardy. Ol onuň kellejiginden tutup, goýbermejek boldy, şol halatda hem owlajyk gorpa ýykylyp, ony hem öz ýany bilen alyp gaýtdy. Olaryň ýykylan ýerleriniň beýikligi elli-altmyş ädim dagy bardy. Owlajyga hiç zat bolman galyp gitse-de, hoz agajynyň ýaýbaň şahasynyň üstüne düşüp, soň ýere gaçan Tekemuhammediň kellesi daşa degip, özünden gitdi. Igdir çopan gerşden ylgap düşdi-de, ony ýerinden galdyrdy. Görse, ol şalkyldap ýatyr. Ine, onsoň ony göterip, ylgaşlap gaýtmazmy, öýlerine. Igdiriň indi 15-16 ýaşy bar, diýen wagty, ýadamany bilenok. Ol çagany göterip öýe getirdi, ylgap gidip, Gazan begi çagyrdy, goňşy obadan babasy Serdar bege, onuň ogullaryna habar ugratdy. Gazan beg ylgaşlap geldi-de, çagany barlap: ”Keýwany, boljak iş bolupdyr, aglap-eňräp oturanyň peýdasy ýok, ölüni ýuwup ardyp, tiziräjik ugratmagyň aladasy bilen bolaly” diýdi-de, oglanlaryň birini mallary ýataga alyp gelmegi buýrup: ”Indi biz “Öýünden öli ugradylmadyk adam gözläp ýörmäli, şerigat boýunça-da merhumy ýuwmaklyk öteniň iň golaý hossaryna buýrulýar, oňa bolsa senden golaý ýok” diýip, aglap oturan Igdir çopana ýüzlendi. Teke getirilenden bäri ony gujaklap aglaýan Ene peri: ”Wah, maňa aýtdylarla, ýedi, on ýedi, ýetmiş ýedi ýaşynda häzir bol diýip. Wah, men guraýyn, çagama esewan etmändirin, goýnuň yzyna goýberip ýalňyşypdyryn. Wah, men guraýyn” diýip, bagyryp, saçyny ütüp, özüni öldüräýjek bolýardy. Onuň bagyryp ýatyşyny görýän Igdir çopan hasam erbet bolýardy, aljyraýardy, el-aýagyny ýitirip, näme edýänini bilmeýärdi. Ahyrym, Gazan beg aýalyna, Ene perini öýe salmagy tabşyrdy. Şondan soň Igdir: ”Men heniz öleniň ýanyna girip göremok, gorkýaryn” diýip, hasam beter aglap, jogap berdi. ”Ogul, ol kyn däldir. Meýit ýuwuljak bolanynda, eger ol namaza akly ýetmedik dagy bolsa-ha, onda täret gyldyrmak derkaram däldir, namaz okamak buýrulan bolsa onda täret gyldyrmaly. Häzir merhuma ol buýrulmadyk, diýmek özümiz täretli bolup, işe başlabermeli” diýd-de, ol eýýäm eňegiňi saralan merhumyň sag goluny goşary bilen üç ýola, ondan soň çep goluny üç ýola ýuwdy, soň goluna halta geýip, arassa esgi orap, synja galdyrdy, esgini taşlap, başga bir esgini dolap, bedeniň galan bölegini üç ýola ýuwdy, arassaja esgini ölläp, agzyna, burnuna nem berdi, soň ýüzüni, iki aýaklaryny topuklary bilen ýuwdy. Soň ol meýdi tagtanyň üstünde çep tarapyna ýatyryp, sag tarapyndan tä aşagyna ýetýänçä üç mertebe ýuwdy, soň sag tarapyna öwrüp öňki herekedini gaýtalady. ”Wah, çogan tapylmady, neressejigi arassaja suw bilen ýuwsagam ýeterlik bolar-la. Hany munyň arkasyna tekge berip dikeldeli” diýdi-de, ol merhumyň garnyny ýuwaşlyk bilen sypalady, bir ýerden öl çyksa şol ýerini ýuwdy. ”Munuň tärete zyýany ýokdur, ýaňadan terät we gusul galdyrmaly däldir” diýip, ol öz ýanyndan gürledi-de, merhumyň agzyna, gulagyna pagta dykyşdyrdy, dyzlaryna, göbegine, maňlaýyna oňat ysly müşk sepdi. Ýuwan döwründe onuň ýüzüni, uýat ýerlerini, deşik-deşik deşilen lüň (mata) bilen ýapdy... - Ýör, indi men saňa kepen etmäniň düzgünini öwredeýin. Seniň häzir ýatkeşligiň ýitidir, gelejekde bular saňa gerek bolar - diýip, Serdar aga, Igdiri öýden daşary alyp çykdy. - Kepen edilende adamyň dirilikde geýen geýmine göräräk biçilýär, reňkiniň tapawudy bolmasa-da (ak bolsa juda ýagşy görülýär) ol ýüpek matadan bolmaly däldir. Hawa, ýaňky ýuwmak meselesinde, erkegi erkek, aýaly aýal ýuwmalydyr, ýöne biziňki ýaly ýaş merhumy kim ýuwsa-da tapawudy ýokdur. - diýip, ol kepen biçip oturan ýerinden başyny ýaýkap, sözüni dowam etdi. - Ýaş bol, garry bol, adam ölmeli, ýöne... Agtyjagym heniz ýaşajyk çagajykdy-da! Nebsiň janyň agyrýar. Oda-köze düşüp, haram-halal diýmän zat ýygnap ýörenler-ä gezişip ýör, bujagazam... - Soň ol daşyna üýşen adamlaryň birine - Gabyr gazýanlar gitdilermi? - diýip sorady, kanagatly jogaby alanyndan soňam öz işini dowam etdi... Şol günüň öýlesi gölegçileriň ýüzleri gaýrak, sekiz agyzly öwülýä tarapdy. Gonamçylyk obadan gaty bir daşda hem däldi. Adamlar oglany ýük bilmän göterip barýardylar, hiç kimden ses çykmaýardy, her kim içinden “Bizem ir-u-giç, nesip bolsa, şeýle bolaýmaly” diýýän ýalydylar, dünýä gürrüňini edenokdylar, ýaşlykda bir ýerde ýalňyşanam bolsalar, indi dogry ýola dolanmagy niýet edýärdiler. Merhumy jaýlanjak ýerine eltip, kybla bakdyryp goýdular. Serdar aga: ”Tekemuhammed-ä, biwagt gitdi, ýaşajyk oglandy. Hudaýa-da ýagşy adam gerekdir-dä” diýdi, başga biri bolsa “Ýagşy-ýamanyň wagty gelip, ajaly ýetende şeýdip gidip durandyr”diýdi. Şeýdip, adamlar “gowy oglandy” diýişip, bir gysym topragy onuň gabrynyň üstüne sepelediler... - Ogul, beýle gaty aglama! - diýip, Gazan aga, gonamçylykdan gelensoň çyny bilen aglaýan Igdir çopany köşeşdirdi. - Bir musulman dünýäden gaýtsa, sesli aglamak, ýüz ýyrtyp, başyňa toprak seçmek, öz-özüňi urmak dürs däldir, bu nadanlyk, şermendelikdir, belki, Allanyňam duşmanydyr. Emma sessiz aglamaklyk dürsdir. - Gazan aga, heý eziz iniň ölerde, aglamasaň nähili bolar? - diýip, Igdir çyny bilen aglamjyrady. - Ogul, onyň dogry, ýöne, sen ile göz bolmaly däl-de ýyglamaly, gelene gidene “Taňryýalkasyn, bizi sylany Hudaý sylasyn” diýmeli, gaýrat etmeli. Ölüm barabardyr şah-u-gedaýa diýleni, bi. Ynha, adamlar “Iman äkidenden bolsun, Hudaý rehim etsin, ölümiň yzy kesilsin” diýişip, merhumyň yzyna abadançylyk diläp, gelip-gidip durlar. Şolara şükür etmeli - diýip, ony köşeşdirdi... Merhumyň jaýlanan güni, gijesi bilen aglap geçiren Ene peri ir bilen Igdiri ýanyna alyp, öwülýäniň bir çetinde gol goýup, hemme ýatanlara salam berdi-de: ”Essalamälik ýa ählel kubur ýagpirulla hülene entümlena, sabykune wessellen we nhanu bileser” diýen dogany okandan soň: - Hany, Igdir jan, meň oglumy nirede goýduňyz, görkez! - diýip, boýurgandy. - Daýza, honha, ol görünibem dur-la - diýip, ol başyny atdy, sebäbi öwülýä tarap barmagyňy çommaltmaly dälmiş” diýen sözler onuň oglanlykdan gulagynda berk galypdy. Olar täze mazaryň ýanyna has golaý barman, aýak üstünde durup salam berdiler, gol göterip doga okadylar, ondan soň merhumyň aýak ujundan arka tarapyna geçip, ýüzlerini kybla tutup-oturyp, bir mertebe “älhem”, bir gezek “Aýatyl Kürsini”, üç mertebe ”ieeulletilarze älhäküm utkes äsirini”, on mertebe “kulhuallahu ahady” okadylar, onsoň “suraýly tebäregi” okadylar, soň Gurhanyň sogabynyň bir bölegini Pygamber Hudanyň ruhlaryna bagyşlap, galanyny Tekemuhammede, müminlere bagyşladylar, ýöne doga etmezinden öňem, soňam atly galalary, gonamçylyklaryň atlaryny üç mertebe okadylar. - Ogul, ýadyňdan çykarmagyn, zyýarat edeňde merhumyň daşyndan aýlanmaly däl, ýüzüňe sylmaly däl, ýöne eneň-ataň gabry bolsa “posa alsaňam zeleli ýok” diýipdirler... - diýip, Ene peri gözüniň ýaşyny sylyp duran Igdiri köşeşdirdi. - Hoş gal, erenleriň zurýady, gahar-gazabyna erk edip bilýän, pygamber sypatly Tekemuhammet jan, eziz balam! Ýatan ýeriň ýagty bolsun, imanyň hemraň bolsun, seniň! - diýip, hoşlaşyp gaýdarman boldy. Şol wagt ýer astyndan bir ses çykan ýaly boldy, emma ony hiç aňşyryp ýetişmedik ene, gözüniň owasyny ýaşdan dolduryp, gonamçylykdan daşlaşdy. Igdir çopan bir sesiň çykanyny aňsa-da, gorkusyna, hiç zat diýip bilmedi... | |
|
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |