23:38 Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy | |
7. Ene peri şol gün gijesi bilen aglap geçirdi, daňa golaý irkilende bolsa düýş gördi. Düýşünde, Müňgyşlagyň demirgazyk günbatarynda, deňiz kenarynyň gol berip, saga öwrülýän ýerindäki kiçeňräjik bir bazara bardy. Ol ýerde her gün bakja ekinleri, gawun, garpyz, arpa, bugdaý, her dürli mallar, şaý-sepler, esbaplar ýaly zatlar satylýardy, ýöne özlerine kiçilik bilip, süýt önümleri satylmazdy, olar hat-da adamlaryň kellesine hem gelenokdy. Käte biri çekizeden edilen gurdy, çaly ýa mesgäni satuwa çykaraýsa dagy, onuň kellesi bir ýerindemikä diýip, çiňerilip-çiňerilip bakardylar. Sebäbi beýle harytlar her bir öýüň bol zadynyň biridi. Onsoň käbir alaslary gelýänlerem özüne kiçilik bilip, ondan ýüzüni öwrensoň, ýaňky haryt gitiren utanyp, zadyny satyp bilmän: “Almasaňyz almaň, çagalarym iýer” diýip, öýüne gaýdýardy, gaýdybam bazara çykman diýse-de, pul bir gowy zat, ýene ol ýere nädip baranyny bilmezdi. (Ýöne häzirki döwrüň täze bir hokgasyny - bazar gatnaşygy diýilýän hokgasyny, ata-babalarymyz Pygamberimiziň döwründen öň hem ulanyp gelipdirler, barter-haryt alyş-beriş söwdasy hem giň gerimde ýaýbaňlanypdyr, bar-da hem haryt alypdyrlar). Bazaryň ileri çetinde, deňiziň gyrasynda kiçiräjik çaýhana bardy, onda esasan içi nohutly piti, towukly ýa-da towşanly palaw, nabatly gök çaý satylýardy. Onuň ýakynynda et dukanlary hem ýerleşýärdi. Adamlar çaýhana diňe iýip-içmek üçinem däl, täze bir habary eşitmäge, pikir alyşmaga ýygnanardylar. Bazaryň ir ertirden tä garaňky düşýänçä adamsyz wagty ýokdy. Olaryň has köp ýygnanýan güni, anna günüdi. Zat satyn almaga, satmaga gelýän adamlaryň aglabasy erkek adamlardy, iki-ýeke aýal bolaýsa-da olar mazaly ýaşy durugşan aýallardy. Ýaş aýal-gyzlardan, negä bolaýmasa bazara barýany görünenokdy, olar geläýselerem, ýanlary ejeli, kakaly, durmuşa çykan bolsa ýanýoldaşly gelerdiler. Adaty anna güni bazarda adam köpdi, kim almaga, kim zat satmaga gelipdi, her kim öz işi bilen mübtelady, ýöne, keýpine aýlanyp ýören adama duşaýmak kyndy. Öň höwes edip edinen şaýly donuny aýu-lar deresinde galdyryp, wagt geçeninden soňky azajyk pursatda başyndan geçen horluklary arka zyňan Ene peri: ”Menem gaýyn atamyň bu döwletiniň içinde “oda salsaň tütemez” diýenleri bolmaýynda, az-owlak özüme seredeýin, täze bir şaýly don alaýyn” diýip, bazara çykarman boldy. Bazara barsa, bir peşeneli ýaşuly şaý-sep satyp otyr, şelpeli dony hem bar, özem Enäni tanaýan ýaly gadyrly garşylady: ”Gel, gyzym, şaý-sep al, arzanja berjek” diýýär. Ene peri şaý-sepleriň içinde gyz wagty dakynan çekeligine gözi düşdi. Ol tolgundy, aljyrady, çekeligi bagryna basaýjak boldy. ”Daýy, şujagaz şaý size nireden düşdi?” diýip, ol naýynjar sorady. ”Onuň eýesi edil siz ýaly ýaş zenandy, ol maňa muny getirip: ”Men muny ogluma diýip saklaýardym. Oglumy gorap bilmän,elimden aldyrdym,indi munyň maňa geregi ýok, siz alaýyň” diýdi. Menem, ynha, ony öz satýan şaý-seplerimiň arasyna goýdym-da, gelersiň diýip saňa garaşdym, gyzym. Ynha, senem geldiň. Indi bu seňki. Muny al, ýöne, gowuja esawan et, ýitiräýme! Biziň maslahatymyza gulak asman ogluňy ýitirişiň ýaly bolaýma! Ýogsa-da, ogluňy çalt gabyrdan çykar, ýogsa ol heläk bolýar ”diýdi-de, sellesini kellesine geýdi. Görse, öňünde oturan şol erenleriň biri. Ol: ”Men saňa ýedi, on ýedi, birem ýetmiş ýedi ýaşda gabat geljek hadysalardan aman galsa, ogluň bir ýüz ýedi ýaşar, şulary ýadyňdan çykarmagyn” diýipdim” diýip, onuň yzyndan gygyrýar... Ene birden hopugyp oýandy we hasaplap görse, dek düýn jaýlan balajygynyň ýedi ýaşanlygyna gözüni ýetirdi. Daňyň ýaňy tilki guýruk bolanlygyna garamazdan ol Igdir çopany turuzdy, ondan: ”Öwülýä baranymyzda gulagyňa ses eşidildimi?” diýip soray, olam: ”Bir ses gelen ýaly boldy, gorkyma saňa aýdyp bilmedim” diýip, jogap berdi. Muny eşiden Ene aýagyny köze basýan ýaly zowzuldap, Igdiri hem ýanyna alyp, ylgaşlap, ganamçylyga tarap ýola düşdi. Olaryň ýoly köne jaryň gyrasy bilen, obanyň günortasyndan daş bolmadik aralykda ýerleşýän öwülýäniň gapdalyndan geçýärdi. Ol ýere baranlarynda, Igdir birden aýak çekdi-de, diňşirgendi, soňam daýzasyna gysmyljyrady. - Öwlüýäden bir ses çykýan ýaly-la, daýza? O saňa eşdilenokmy? - Bir ses bar ýaly, ýogsa-da! - diýip, Ene jogap berdi. - Tomusyň ortaky aýy, ir ertirden başlaýan yssyda, ol gulagymyza eşidilýän bolmasyn? Ýör, hany, hol golaýmyzdaky, şindi reňki solmadyk oglumyň mazarynyň ýanyna baryp göreli. - Daýza, şo mazar Tekemuhammediňki.. Olar mazara golaýlaşdyklaryça ses açyk eşdilip başlady. Mazaryň daşyna aýlanyberseň, günbatar tarapyna geçdigiňçe ses has güýçlenýär. Ol ýerde ýaňy-ýakynda gazylan alaka hini hem bar, sesem şondan gelýän ýaly. - Ses alyşjak bolaýyn - diýip, gözi ýaşly Ene hiniň agzyna agzyny tutdy: - Oglum, bu senmi? - Men Tekemuhammet, ejem Ene perä, atam Gazan bege “enem Nusaý perä habar ediň, toprak gysyp kükregimi ýaryp barýar. - Bolýar, balam, bolýar! - diýen, Ene gygyryp jogap berdi-de, birdenem elleri bilen gabyryň üstüniň gumlaryny gazap ugrady, soňam başy aýlanyp, özünden gidip ýykyldy. - Daýza, daýza!? - diýip, Igdir onuň ýüzüni ýelpedi. - Igdir jan, tiz git-de, gaýyn atam Gazan bege, kakam Serdar bege habar ýetir, eli pilli 5-6 adam bolup ýygnansynlar, bir laýyk erkek eşiginem getirsinler, özem gidişiň bilen gelişiň deň bolsun! Onýança men şu ellerim bilen gabyry açjak bolaýyn. Ýok, ýogsa-da oňa meniň özüm gitmesem bolmaz - diýdi-de, ol bilýän dogalarynyň birnäçesini okap, ýüzüne syldy-da, oba tarap, kä ýykylyp, kä galyp ylgap gaýtdy, gal diýse-de, erbet gorkan Igdir hem onuň yzynda. Gün dogup, ýaňy ýerden saýlananda, olar elem-ras bolup, gür baglaryň astynda Tekemuhammediň üçüni sowýan adamlaryň ýanyna bardylar. Ýol boýy aglaýan we samraýan Ene peri adamlaryň kändigine garaman ýaşmagyny syrdy-da: - Atasy, buşluk, oglumyz diri, oglumyz diri - diýdi-de, özünden gidip ýykyldy. - Igdir jan, näme bar, bolup gelişiňiz nätüýsli, bu nähili gürrüň boldy? - diýip, gyzynyň ýykylanyny gören Serdar beg ylgaşlap geldi-de, onuň ýüzüne suw sepdi, soňam göterip öýe saljak boldy. Onýança-da Ene özüne gelip:. - Kaka, kaka jan! - diýip, ony gujaklap aglady. - Men saňa adatdan daşary bir ýakymly habary getirdim, kaka jan! Bu gün üçüni sowup oturan agtygyň diri, hawa, kakajan diri! - Gyzym, bu näme diýdigiň bolýar? Sen aklyňdamy bir? - Hawa, men aklymda, ýagdaý-a şeýle - diýip, Ene bolan wakany gürrüň berdi. - Serdar beg ep-esli salym doňan ýaly bolup durdy-da, soňam oturan adamlara golaýlaşyp: - Eý, jemegat, biz Gazan bege, Nusaý guda “Gözüňiz aýdyň!” diýmeli, agtygymyz direlipdir! - diýip gygyrdy. Oturan adamlar bu söze ynanjagynam, ynanmajagynam bilmän doňan ýaly boldylar, şol halatda Igdir: ”Adamlar, şol-a dogry, çaltrak bäş-alty adamy alyp, ony guburdan çykarmaly” diýmegi, olary ukudan oýanan ýaly etdi. - Adamlar, bu habar dogry bolsa, men bar baýlygymy Igdir jana berjekdirin - diýip, Gazan beg güzüniň ýaşyny süpürdi. - Biz gideliň, ýöne bu habary Nusaý guda ugry bilen öwrenişdiribiräk aýdaweriň - diýip, Serdar aga eli pilli adamlaryň öňüne düşüp, niredesiň gonamçylyk diýip ylgaşlap, ýykylyp-sürşüp ugrady. - Nireden, nädip eşidenligi näbelli bolan Nusaý peri ylgap gelip gelnini gujaklady-da, aglap: - Gyzym, habaryň dogry bolsa, meniňem ähli baýlygym seniňkidir - diýdi. - Mähriban gaýyn enem, maňa baýlyk gerek däl. Oglum direlip öýe gelse, şol meniň baýlygym, siziň hem baýlygyňyz. Zadyň bolsa, mysapyr musulmanlara paýlaň. Maňa siz bagtly bolsaňyz bolýar! - diýip, Ene gaýyn enesiniň agysyna goşuldy. - Men saňa toý baýragynyň iň ulusyny bererin, guzym! Nesip etse agtyjagymy bir getirsinler. Guzym, sen örän mähirlije, ýüzüň nurlyja gelin bolup çykdyň. Agtygym Tekemuhammedi bir getireli bakaly, toýy soň uludan tutarys. Wah, musulmanlarda giňden ýaýran bir däp bar-da, ölüsini tyz jaýlaýarlar, gazak gardaşlar bolsa bir hepeläp saklaýarlar. Bu bolan waka Enäniň gözüniň öňünden gitmedi. Erenleriň düýşüne girmegi, ýedi ýaşynda oguljygynyň bir ahwalata duşjaklygy baradaky habar, gonamçylykdan çykarylan çaga bularyň bary haýsydyr bir zynjyra düzülen, ýöne özara baglanyşygy bolan zatlardy. Näçe içini it ýyrtsa-da, ol ony hiç kime gürrüň bermändi, ýöne nähilidir bir sebäp bilen çylşyrymly ýumagyň çöşlenjegine bolan ynamy welin, ganat berdi... Ogluny gabyrdan çykaryp öýe getirilen güni uly toýuň aladasy ertä goýuldy. Şol gün agşam Ene sekiz ýyllap hiç kime, iň eziz görýän ejesine-de aýtmadyk syryny, kakasyna aýtmagy ýüregine düwdi, ýöne şonça wagt başyndan geçen, indem düýş ýaly bolan gowgalary nädip aýtjagyny bilmedi. Nätjegini bilmän ýaýdandy, ynjalykdan gaçdy, ýöne barybir bu gün bolmasa ony erte aýtmalydy. - Kaka, diýýän-ä, men senden gizläp ýören syrymy şu gün açmaly boljak... - diýip, ol ahyrym ýaryldy. - Gyzym, o nä syr, aýt, eşideli!? - diýip, kakasy onuň sözüni böldi. - Aýtsam, kaka jan, ozal senden ajap edip, aýtman geldim. Indi başga çykalga tapman, şol gara günlerimde başdan geçirenlerimi aýtmaga mejbur boldum - diýip, ol hemme bolan ýagdaýy, çagajygynyň ogurlanyşy, ogurlanan çaganyň ýanynda galan donunyň bazarda satlyga çykarylyşyny, perişde sypat gojalaryň çagasy barada aýdanlaryny gürrüň berdi. - Aý, gyzym, sen aýtmasaňam, ol wakalaryň bir bölegini, çeşmeli gowagyň golaýynda çagany ogurladyşyňdan başga gören horluklaryňy maňa ejeň gürrüň berdi, ýöne özümem bu zatlary menden gizleýänligiňi aňýardym. Sen bulary öň aýtmalydyň. Men saňa özüme ynanşymdanam beter ynanýaryn ahyry. - Hawa, Enäniň kakasyna bir aýtmadyk zady, düýşünde gören erenleri we olaryň diýen zatlarydy, çagasynyň ogurlanmagy,onuň sebäbem: ”Hudaýyň ady bilen edilýän zady ile ýaýratmak ikiuçly bolarmyş” diýen ýörelge, köne däp-dessurdy. 8. Şu wagt Enäniň ýüreginde gopýan harasady bilsediňiz?! Ähli zat onuň pikir edişi ýaly bolup barýar, ähli zat dogry çykýar. Ol asyl çagasynyň göbegini özi kesen, ogluny ölümden halas eden bolýar. Neneň onsoň ýürek gürsüldemesin, neneň tolgunmasyn? Onuň şol öýe,uly toý tutulýan öýe seredip, doýup bilmezligini, gözüni aýryp bilmezligini, begenjini düşündirer ýaly däl, sebäbi, ol öýde onuň göwnünden turar ýaly, ony injaldar ýaly jygerbendi bar ahyryn. Ol bu pikiri kellesinde aýlan badyna, içerden ogly çykyp, aýak aldygyna ylgap geldi-de, ejesini gujaklap: ”Eje, men seni düýşümde gördüm!” diýdi. Ene, ýetip gelen gaýyn atasynyň ýanynda näçe ejaply saklanjak bolsa-da, özüne buýryp bilmän: ”Eziz balajygym”diýip, çagany bagryna basyp, ogşap, aglamaga durdy. Bu ýagdaýa Gazan begem durup bilmän, gözüni balkyldatdy, çaganyň yz ýany öýden çykan Nusaý peri-de doňup galdy. Ol aljyrap, näme edenini, goýanyny bilenokdy, begenýäninem-gynanýanynam düşüner ýaly däldi. Şeýle ýagdaýa diňe çagalykdan ene mährinden mahrum bolup, ýetimligiň jebrini çekenler düşüner. Başgalar oňa düşünmez. Ol şeýle bolmalamdy. - Hany, toý güni beýdişip, ile göz bolup durmalyň-la! - diýip, Gazan beg ahyrym özüni dürsäp seslendi. - Balajygyma gowuşdym! - diýip, gujagyny gerip gelen Nusaý peri agtygyny,gelnini garsa gujaklady. - Enesi, biz bagtly, ýitigimizi tapdyk, toýuň gutly bolsun! - diýip, Ene jogap berdi. - Taňryýalkasyn, guzym! Waý, men ýaňy ýetimlikden çykyp, dünýe bilen gyzygyp ugrapdym weli, ýeke agtygym Tekemuhammet jandan tas aýra düşüpdim. Hudaý jan, ony gorady, dilegimi eşitdi-diýip, Husaý peri horkuldap, aglamaga başlady. Gazan beg Enäni gujaklap duran ýerinden aglaýan aýalyny köşeşdirjek bolup: - Bibim, beýle bolmaweri! Seni ýeke balaňdan aýyrjak bolýan ýok, nirede bolsaňam, Tekemuhammet seniň ýanyňda bolar. Hany köşeş. Biz aglaşmaly däl-de, gaýta, begenmeli, gülüşmeli, toýy sowmaly. Salyr Gazanyň ogly, gaýtadan dünýä indi ahyryn. - Aýyplaşmaweri, gojam, biz bir kembagt aýallardyrys, sähel zada-da bokurdagymyzy dolduryp aglaberýäris. Biz ýaly biçäre aýallaryň bileni-biteni agydyr. Waý, ýogsa-da, men guraýyn, toý güni myhmanlara hyzmat etmelidirin ahyryn. Gelnim, senem hany öýe gireli, gadyrly gonaklara hezzet-hormat edeli - diýip, indi birneme süňňi ýeňlän Nusaý peri öýüne tarap ylgaşlady. - Tekemuhammet jan, senem uly adam bolupsyň. Hany, gel, ataň bilenem görüş! - diýip, Gazan beg henizem ejesini gujaklap duran oglana ýüzlendi, olam gelip, sesini çykarman, iki elini uzadyp, atasy bilen görüşdi. Gazan beg onuň salamlaşmak üçin uzadan elini tutup, özüne çekdi-de, garsa gujaklap: ”Meniň eziz balajygym, Salyr Gazan hanyň we meniň agtyjagym”diýip,bagryna basdy, gaýta-gaýta ogşady. Muny görüp duran Ene guwanjyndan saklanyp bilmän şumjardy. Soň Gazan beg agtygyny alyp, ýaşulylar bilen söhbet gurup oturan Serdar begiň ýanyna bardy, onýança Nusaý enede çaý-paýy olaryň öňlernde goýdy. - Adamlar, siz gudamy tanaýansyňyz! - diýip, Gazan beg, Serdar begiň gapdalynda oturanyndan soň seslendi. - Oňa Serdar beg diýýärler, Oguz hanyň ýigrimi dört agtygynyň biri. Biz, Tekemuhammet jan, Igdir jan, Ýomut jan dagy şu ýaýlalarda ýaşasak, beýleki doganlarymyz bolan Eýmür, Baýat ili Daşoguz ülkesinde, Efşarlar Ajamda, Garkynlar şu daglaryň günortasyndaky ülkelerde, Halaç, Baýat nesliniň bir bölegi gündogarda, Öküz derýasynyň ýakasynda ýaşaýarlar. Biziň tirebaşymyz Deňiz hanyň gynyk oglundan bolan nesli Salyr Gazan, ynha şujagaz çaga-da, hem onuň, hem meniň agtygym. Bu obada garyndaşlary bar bolsa, olar bilenem maslahatlaşyp, Serdar begiň göwni nämede bolsa, bizem şonuň bilen bolarys. Onuň ogul perzendi ýok, onsoň ony agtygyndan aýra düşer ýaly etmeris - diýip, Gazan beg, Serdar begiň göwnünden turaýjak, inçe damarlaryny tapaýjak sözleri aýtdy. - Wah, Gazan guda, meniň bu ýerdäki garyndaşlarymyň bary bir adamda jemlenýärdi, olam ýagy bilen garpyşykda wepat boldy, indi meni tanajak ulular bir eýýäm gaýdyş boldy, ýaş-ýuşlaram meni tanamaz, menem olary. Häzir men, aýalym ölensoň, bir ojakda ýalňyz galan biçäre, gyzym siziň gelniňiz. Menem bir wagtlar el aýasynda saklanýan. Köp hossarly ýigitdim. Muňa çarhy pelegiň oýny diýerler - diýip, ol gözüne ýaş aýlady. - Onda, Serdar beg, makul bilseň, toýy sag-aman sowanymyzdan soň,obaňyzda hormatlanýan adamlaryň bir-iki sanysynysy bilen maslahat edeliň. Ýöne agyz-agyzdan ýel alar edip, obada biderek gep ýaýramaz ýaly ol ýaşulylara: ”Biz, Serdar begiň daşkyrak garyndaşlary, eger sizem makul bilseňiz, ony obamyza, agtygynyň ýanyna görme-görüşe äkidäýjek” diýeris. Onsoň, olaryň sözlerini eşideris,ýöne meniň üçin iň parzy seniň pikiriň. Eger göwneseň, şu günüň özünde obamyza göçürip getireris, ýaşaýşymyz bilen tanyşarsyň, soňunam näme, Hudaý oňarsyn. Bilip goý, Hudaýyň haky üçin, her halatda-da, seniň garşyňa gaýdyp, göwnemedik zadyňy etmeris... Şol gün Salyr Gazanyň öýünde öňde-soňda görülmedik toý tutuldy, at çapdyryldy, göreş tutuldy, keçe-keçe oýnaldy, ýomak atyldy. Garaz, toý giç agşama çenli dowam etdi. Ertesi Serdar beg ýanyna oba adamlaryny alyp, maslahata geldi. Çaý-nahardan soň Gazan begiň aýdanlaryny makul bildiler, maslahatyny oňladylar. Serdar beg birneme böwrüni diňlese-de, Ene bilen Tekemuhammediň keýpleri kökdi, bir-birine ysnyşyp otyrdylar, bu bolsa, daşyna çykarmasa-da, Serdar begi kemsindirýän ýalydy. Ol ”Bolmanda ogluň bolmasa boljagyň şudyr" - diýip, başyny ýaýkaýardy... ”Meniň ýagdaýym özüm üçin örän amatly. Ondan başga çykalgam hem ýok. ”Gurt çagasyndan ekdi bolmaz” diýip, ýönelige aýtmandyrlar, bary bir men göwnesem, göwnemesem, agtygym Tekemuhammet ejesiniň ýanynda galmaly, onsoň ýeke özüm gara öýüň içinde gugaryp galaryn. Dogry, mülkümi Igdir jana bersem, ol maňa göz-gulak bolar, ýöne, gowusy agtygymyň ýanynda, Gazan beglerde ýaşaýyn, jaýymam Igdire goýaýyn. Bäş günlük ýalançy-da, göwün aldamak diýenleri bolsa-da, Gazan begem, onuň aýaly Nusaý ýeňňe hem bir gowy adamlar. Olar meni ynjytmazlar, onsoňam,men Tekemuhammet jana şeýle bir öwrenişipdirin welin, birje agşamam şonsuz ýatyp biljek däl. Şeýle edilse gowam bolar. Obada galamda-da utýan zadym ýok, maňa garaşýan ýok. Bu ýaşdan soň gün-güzeran aýlamak hem kynlaşýar. Bu ýagdaýy maňa Hudaý janyň özi salgy berendir...” Şeýle pikirler Serdar begiň kellesinde bir näçe günläp aýlandy, üstesine-de, özüniň geňeşen adamlaram: ”Seni Hudaý ýalkady, tüweleme, Gazan begiň ýanynda bolsaň ol seni hor etmez, ol gaty gowy, ”Iliň derdine ýaraýan döwletli adamdyr”diýip, maslahat berdiler. Barjasyndan beteri-de Tekemuhammet babasyny şeýlekin gowy görýärdi, ony sähelçe görmese: ”Hany babam”diýip soraberýärdi. Beýle ýagdaýda ol diňe agtygynyň ýanynda bolmalydy... | |
|
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |