15:04 Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy | |
9. Serdar begiň Gazan beglere göçüp gelenine on ýyl dolýardy. Iki öý bir-birine degişip, ýanaşyk otyrdy. Goňşy golamlar özara gürrüňçilikde: ”Tüweleme, Tekemuhammet babasyny atasyndan kem görenok” diýýärdiler. Mylaýym, mylakatly oglan iki atanyň hem, iki enäniň hem göwnüni aldamaga ökdeläpdi. Şeýle hem bolmalydy, sebäbi Serdar begiň ondan başga kimi bar? Ol çaga göwüs süýdüni bermese-de, köňül süýdi bilen ulaldýardy, ”Öňüm gelenden soňum gelsin” diýipdirler, şükür, meňem soňumyň geldigi bolsun. Öz ykbalymdan, ilinden-günümden, Gazan begden, aýaly Nusaý ýeňňeden, gyzym Ene jandan, Tekemuhammetden ýüzde müň razy, kem zadym ýok” diýip, biri gabat gelse gaýtalaýardy... Şeýle günleriň birinde Nusaý peri tarpa-taýyn ýogalyp gidiberdi. Ir bilen arkaýyn öýünden çykan adamy öýlän gonamçylyga alyp gitdiler. Tüýs, ýaňy ýetginjek çykan agtygynyň hözürini görmeli wagty, özem.”Pahyr iman äkidenlerden bolsun”diýäýmeseň, başga çykalga ýok. Ene, gaýyn enesi Nusaý periniň üstünde dik durdy, hat-da kepeninem ak ýüpek matadan etdi. Merhumyň jenaza namazyna başga-başga obalardanam gaty köp adamlar geldiler, hossary köp adamlaram şundan gowy hezzete eýe bolan däldir diýip, açyk aýtsa bolar. Gazan beg: ”Nusaý peri üçin zat aýamaň, şükür bardyr”diýip, gelenlere hyzmatyny gaýryranok, Serdar begem şeýle. Türkmen ýaly yslam dinine ýüregi bilen berlen başga millet az bolsa gerek, muny araplaryň özleri hem boýnuna alýarlar. Türkmeniň yslamdan öňki bar bolan däp-dessury onuň yslama hasam ysnyşmagyna getirdi, has dogrusy öňki däp-dessury hasam berkitdi. Ölä edilýän soňky hormat meselesinde hem şeýle. Onsoň, gadymdan gelýän däbi, erkek adam ýogalsa erkek babalylar, aýal adam ýogalsa aýal babalylar ony ýuwmaly diýlen däbimiz hasam berk saklanýar, ýöne, kä ýerlerde aýal adamynyň kepenini erkek adamynyň tikýän wagty hem bolýar. Nusaý periniň kepenini Ene tikdi. Onuň ýanyndaky aýallaryň biri: ”Ene gelin diýýän-ä, aýal adama ýüpek kepen geýdirmek bolýanmydyr?” diýip sorady. ”Hawwa-la, jora, gurby ýeten adam etse bolman näme! Emma erkek adama ol mekrudyr. Kepen ediljek matanyň reňkiniň köne, täzeliginiň parhy ýok, arassa bolmaly, ak mata bolsa hasam gowy. Hudaýa gulluk edilen geýim kepen üçin bolýar, ýöne ony edýän ýok. Seniň bilmeli zadyň, aýal adamyň kepeniniň erkekleriňkiden tapawudy, goşmaça syna bent we gyňaçdyr. Erkek adamlaryň köýneginiň ýakasy egin tarapyna, aýal adamyňky öňüne tarap açylýar. Syna bendiniň boýy üç gez bolmaly, ini goltugyndan tä dyzynyň aşagyna çenlidir. Gyňaç boýy iki gez, ini bir garyşdyr. Bularyň hemmesini ýaşdyryn, garrydyryn diýmän hökmany suratda öwrenmeli, näme üçin diýlende ölüm hemmäniň başynda bar, ”Ölmek hak, direlmek hak” diýip, ýönelige aýdylmaýar” diýip, jogap berdi. Şondan soň ýaňky gelin töweregindäkilere ýüzlenip: ”Gelinler, şular ýaly zatlara gyzyksaňyz Eneden soraň, başy ýaşam bolsa köp bilýändir. Menem bilýänje zatlarymy şondan öwrendim. Onuň ýöne adam däldigine, her bir zada ukyplydygyna güwä geçýän bir mysaly getirjek. On bäş ýyl mundan öň, hol Oraz baýyň aýaly ilkinji çagasynda ýaş üstünde jan berdi. Göwredäki çaganyň janlylygyny takyklan Ene, wagt ýitirmän, gelniň garnynyň çep böwründen kesip, bir enaýyja çaga aldy, şol çaga şu wagt on bäş ýaşlarynda, adyna Goçmyrat diýýärler” diýip, ol Enäniň akylyny, paýhasyny, okumyşlygyny taryplap, öwgüsini ýetirdi... Nusaý perini şol gonamçylykda, Tekäniň ýumrylan gabrynyň gapdalynda jaýladylar. Gyzy hökmünde Ene dady-perýat edip aglady, ogly hökmünde Tekemuhammet, Igdir aglady, garaz garyndaşy ýok diýdirmän soňky ýoluna ugratdylar, etmeli hyzmatlaram gaýgyrmadylar... Ene, öz ýeke perzendiniň öňündäki borjuny gowy düşünýärdi. Çaganyň asylly bolmagy oňa baglydy, ýöne onuň töweregini deň-duşlary, goňşylar, dost-ýarlary tutýardy, esasy zat çagany olaryň bet gylyklaryndan goramakdy, oňa aň-düşünje bermek, kemally edip ýetişdirmekdi. Türkmeniň şu köne däbini saklajak bolup dyrjaşýan Ene, hiç mahal çaga haram lukma iýdirmeli däldigi baradaky talaby birinji orunda goýdy, sebäbi onuň ruhy düşünjesine we hakykata laýyklykda, haram lukma çaganyň terbiýesine ters täsir edýär, adama mahsus häsiýetler azalyp, şol ýaramaz zatlara kybapdaş gylyk-häsiýetler köpelýär diýip düşünýärdi. Şonuň bilen birlikde, çagany erbet nazarlardan, ýaramaz gözlerden gorajak bolup, tahýasynyň ýokarsyna göz monjugyny, boýnuna alaja ýüpi dakýardy. Ol bir tarapdan gözellik, gelşik berýän bolsa, beýleki tarapdan Allanyň hikmetlerini unutmazlyk bolup hyzmat edýärdi. Babasy Serdar beg oňa dünýä we tebigat, ýaradan we barlyk düşünjeleri öwredip, olary hem tebigat bilen baglanyşdyryp, çagada mertlik, merdanalyk, garadan gaýtmazlyk ýaly duýgularyň parasatlylyk, paýhaslylyk, ugrtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp gitmegini gazanmaga çalyşýardy. Hut onuň aladasy bilen, Tekemuhammetde, tebigata, dag-düz tokaýyna, çeşmesine, janly-jandarlaryna bolan tükeniksiz höwes oýanypdy. Babasynyň berýän gyzykly gürrüňleri ony heýjana getirýärdi. Onuň bolsa gürrüňlerine gutarma ýokdy. Bir gün ýabany adamlar “Aý-u-lar” barada gürrüň berse, ertesi Demirbilek, soň Buýnuzbilek adyny alan ýabany adamlar barada gyzykly gürrüňler berýärdi, özem şeýle atlary göterýän deredir-jülgeleriň Agar çeşmeden günortada ýerleşýänligini, ol ýerlere barmagyň howplydygyny aýdardy. ”Men size ejem pahyryň aýdanlaryny gürrüň bereýin. Ol: ”Aýuwlar oba aralaşyp, aýal-erkek ogurlardy, ýaşaýan gowagyna äkidibem ulanardy, käte bolsa daga-damana kowlan ýabylary çapyp oýnardy. Olar bir hili bet ýakym,bimahal gelip, köne keçedir uýan gamçy ogurlaýmalaram bar, özleri agzyňa ökünýän ýaly “Çüw”diýseň “Çüw”diýer, ”Aýuw” diýseň “Aýuw” diýer, güläýse dagy eňekleri jakyrdar welin, üýşenip gidersiň. Iki dagy bolsalar ellerini çatyp,çagalaryny üstünde oturdyşyna, gönümel daga dyrmaşyp giderler. Aýuwlaryň içinde gepläp bilýänleri hem bar. Çagalykda ene-atasyndan dil öwrenensoň ogurlanan çaga, tä ölýänçä bytdyk-sytdyk gepläp bilýär, dil bitmänkä, möjekdir-şirleriň ogurlap giden çagalary ulalansoňam gepläp bilenoklar. Atam pahyr: ”Aýuwlar ýarym adamdyr, öldüräýseňem ýarym adam huny bardyr” diýerdi. Obamyzdanam bir ýetişen gyzy aýuwlaryň ogurlap gidişini gürrüň berýärler. Awçylar soň, pisse ýygyp ýörkäler ol gyzy görüpdirler, ol ”Men indi öz ýagdaýym bilen öwrenişdim, iýgi-içgidenem, çig diýäýmeseň kemini goýanok, özümem birhili ony höwür tutunypdyryn,çül çagam bar, nädeýin” diýipdir. Muny gürrüň beren şol awçy, soň özüniň aýuwlara pisse ýygdyryşyny aýdyp berdi. ”Ululy-kiçili sebetleri örüp, pisse tokaýlygynyň her ýerräginde goýýan, düýbüni çala ilteşdirip. Onsoň, aýuwlar çagalaryny tirkäp gelýärler-de, ilkä sebetleri tigirläp oýnaýarlar, soňam ýygan pisselerini oňa salýarlar. Agzy-burny bilen dolan sebedi göterjek bolanlarynda ähli çöplänleri paýrap gidýär. Sebediň düýbüni ýerine eltip, ony sypmaz ýaly etmäň ebeteýini tapyp bilenok, pisseleri salyp göterse-de,ýene aşak gaçyp dur. Olar adam ýaly çaga dogurmany bilselerem, akyldyr üşük, pähimdir-paýhas babatynda kän bärden gaýdýanlygam bir taň zat. Ine, şeýdip pisse ýygyşymy kakama gürrüň bersem ol käýýäp: ”Hakyky halal süýt emen kişi ”Gazanmadygyň gadyrsyz” diýen ýörelgeden ugr alyp, diňe öz çanagyny ýalamaga çalyşmalydyr” diýip, gaýdyp pisse ýygmagy gadagan etdi” diýip, ol sözüni tamamlady. Soň bir gün Serdar beg ýene bir gyzykly gürrüň tapdy. Asyl onuň özünden uly awçy agasyny şol aýuwlar ogurlap giden bolsa nätjek. - Meniň, düýesini ýolbars alana şol ýolbarsy, atyny gaplaň aparana şol gaplaňy awlap berýän awçy agam birden ýitdi ötägitdi - diýip, ol gürrüňe başlady: – Biz ony hiç ýerden tapmadyk. Iki-üç ýyldan soň ejem ir turup,gapymyzy açjak bolsa doly açylanok. Kakam muny görüp: ”Bo-how, keýwany, gözüň aýdyň! Bu gapa daňylan ýüp-ä, oglumyzyň eliniň işi bolmaly” diýdi, ejem bolsa: ”Wah, görgüsi ýeseri aýuw ogurlandyr, indem gör-ä, bir ýerlerden onsuna ýüň daşadyp, onam işip, wah, wah, neressejigim barlygyny bildiripdir, wah, wah.. Derrew jemleniňde, edil ajal ýaly, ýüpüň ugryny yzlap, dessine oglumy alyp geliň!” diýip, şumjardy. Şol ýüp boýunça biz agamy tapdyk, asyl onuň aýuw aýaldan iki sany gyzjagazam bar ekeni. Agam çagalaryny hem alyp gaýtjak boldy, emma biz oňa ýol bermedik. Şeýdip, biz ony ýazlaga çykanlaryň arasyna getirdik, getirdigem welin, agamyzyň gözi ýolda... Käte dag tarapdan: ”Aýu-u, Mergen-ä!” diýen zaryn ses çykýar, kate süýt ýaly aý aýdyňa aýuw aýalyň şaltyldap barýanlygy görünýär. Bir günem ol: ”Aýu-u, Mergen-u, ýürekdeşim, hem syrdaşym, ýarym-uw, iki çaga, ýary senden ýary menden uw, olary ýetim goýma-uw” diýip, zarynlady welin, agam durup bilmän: ”Kaka, aý men-ä çagalaryň ýanyna gitjek, käte geler duraryn-da” diýdi. Aýdyşy ýaly käte gelýärdi, çagalarynam getirýärdi. Özi ölüp gitdi, dogan ýerine öwrenişen çagalary bolsa, oba gelesleri gelmediler. Indem, gatnaşyk galdy” diýip, Serdar beg gürrüňini tamamlady... Bular ýaly gürrüňlerden gulagy ganan Tekemuhammet, öňler ýaýyny alyp, babasy, käte agasy Igdir bilen gündelik daga gidýän bolsa, indi ýeke özi gitmäni çykardy. Bu bolsa, çagasynyň her bir ädimini gözünden salmaýan Enäni biynjalyk etdi. Onda ogly: ”Eje, sen arkaýyn bol, babam maňa gylyç oýnamany, naýza urmany, at çapmany öwretdi. Ol “sende kämil zehin, gaýduwsyzlyk bar diýýär” diýip, ejesini köşeşdirjek boldy, emma ol oglunyň ýeke gitmegine çürt-kesik garşy. Ine, onsoň ol bu gezek daga giden-de, ýany bilen Ýomudy almaga mejbur boldy. Sebäbi Ýomut bilen bir enäni emimdi. Ýomudyň kakasy Oraz baý goňşy obada ýaşaýardy, baýlygy, özüni alyp baryşy Serdar bege meňzeýärdi,bir tapawudy on ýaş kiçidi. Oba adamlary ýaşlaryň biri-birine meňzeşligine haýran galýardylar, Ýomut belli bir derejede Tekemuhammede meňzeýärdi. Ine, onsoň Ene oglunyň Ýomut bilen gitmegine garşy bolup hem durmady, sebäbi oglunyň diri gezip ýörmeginde, onuň ejesiniň uly hyzmaty bardy, onsoň ony hem öz ogly hasap edýärdi… Şol çagalyk döwründen başlabam iki ýetginjegiň arasynda dostlyk başlanypdy. Olar atlaryny eýerläp, dagdan towşan, sülgün awlap gelýärdiler. Ýöne, gaty bir geçirimli bolaýmasaň, Ýomut bilen ýoldaş bolar ýaly däldi, sebäbi, onuň gürrüňdeşliginiň ugry ýokdy, ol öz içki dünýäsi bilen gürleşer, güler, ýene gürleşer, güler, soralsa-da, jogapsyz ýylgyrar. Asyl ýylgyryşam üýtgeşik, edil çagajygyňky ýaly mylaýym. Tekemuhammede bolsa içini dökmäge ýoldaş, syrdaş gerek, olam ýok. Onuň geplemän oturanyndan-a sögeni, hat-da şarpyk çalany ýagşy. Adam bolan adam bilen iç döküşmelidir ahyryn, emma ol ýok. Başga bir tarapdan, ondan azajyk ekabyrraklygy üçinmi, dag jülgelerine has belediräkligi üçinmi, Tekemuhammet nirä barmaly, näme etmeli, nirede bukulmaly, awuny nädip tutmaly soraman, maslahatlaşman edýär, ýöne ýanyňda adam pisint biri bolup gürleşibem bilmeseň, olam gowy däl. O-how, ol suw içjek diýende hem geplemän,ýöne çeşmäni görkezip oňaýýar. Şonda-da, Tekemuhammet käte Aý-u-my, Aýymy, ady şoňa ýakyn uly jülgä, ondaky gür tokaýlyga, pisselige aýlanyp, tebigat gözelliklerine, täsinliklerine syn edip, aw duşsa alyp, sütüni süýnüp, dag burnundan sykýan çeşmejigiň gözbaşyndaky goşlary saklaýan dostunyň ýanyna gyssanýar, höwürdeşini az salymlyk görmese ýüregi gysyberýär. Barsa, ol edil çaga ýaly begenip, enaýyja ýylgyryp: ”Daşa gitme, azaşarsyň. Bu derede nämeleriň barlygyny, Serdar beg, Gazan daýy daýy gürrüň berdiler ahyryn” diýýärdi. Tekemuhammet bolsa: ”Hawa, men beýle gürrüňleri kän diňledim, ýöne ýabany adamy gördüm diýýäne duşmadym. Sebäbi, babamyň aýdyşy ýaly, olar adamyň barmasy kyn ýerlerinde, adam üçin howply-hatarly ýerlerde ýaşaýarmyşlar, duşaýanda-da adama el bermez, gaty güýçli we ýyndam”diýip jogap berdi. Şeýle diýsede ol, ertiriň özünde şol gürrüňi edilýän howply derelere aýlanmagy ýüregine düwüp ýatyp galdy... Tekemuhammet ertesi Ýomudyň garşysyna gidip, şol Aýuw dere diýilýän howply ýere ugrady. Ol dere düşlenen ýeriň günorta tarapynda, esli ýerden seleňläp görünýän belent gerşiň aňyrsynda ýerleşýärdi. Ýylyň alty aýy diýen ýaly deräni ümür gaplap, iki ädim öňüňi hem saýgaryp bolmaýardy, ýöne bu günki ümür welin aýdyp-diýer ýaly däldi. Şonda-da näme, ýüregine düwen niýetinden el çekmeýän Tekemuhammet dere bilen ýokarlygyna gidip barýar, käte äpet pisse agaçlary gabat gelip sowulaýmasa, ugruny üýtgetmeýär. Ol gowy ýadaýança, ötlem-ötlem derelerden, bir-birinden belent daglardan ýöredi. Bir ýerden gaplaň sesi çykanda gapdalyndaky ak saply pyçagyny çykaryp häzirlendi. Şol pursatda birden güwläp harasat gopdy. Ol daýaw pisse agajyna ýapyşyp,özüni zordan saklady. Duýdansyz harasat, hamala şeýle iş edenine ökünýän ýaly, birden mylaýymlaşdy, edil bäbegini ýanap ýatan ýadow enäniň parahat ýatyşy ýaly ýatdy. Ol goýy ümüri hem ýany bilen alyp gitdi. Indi beýik gerşi gaplan pisse agaçlary, gyrymsy tokaýlyk gowy saýgardýar, ýaldyrap gün hem käte gerişleriň aňyrsyndan görünýär. Şildiräp akýan çeşmäniň gyrasy şeýle ýaraşykly, her-hili ala-mula ýaprakly ösümlikleriň gurşap alan gözel ýerinde, arkan ýatyp, owadan gök asmana seredip ýatasyň gelýär. Emma ol bu ýerde saklanman gidip barşyna ejesini ýatlady, onuň beýle herekede hiç mahal ýol bermejegini, hut şol sebäplem özüniň azatdygyny bildi, ýöne gulagynyň agzynda ejesiniň: ”Guzym, näre barýaň? Ätjek ädimiňi ölçerip dökdüňmi? Ejeňden muny soradyňmy? Sen azaşsaň ejeň ne güne düşer?”diýen ýaly mylaýym sözleri eşidýän ýaly boldy. Bu sözler ony çuňňur oýlandyrdy, hat-da tolgundyrdam, emma özüniň gaýduwsyzlygyny, garaşsyzlygyny barlamak üçin şeýle hereketler howa ýaly gerekdi. Her hili kynçylyga gabat gelse-de, ejesiniň beren sapaklary, ejesiniň ruhy, ejesiniň kalby ony ýeke goýmaz. Ýedi ýaşynda guburdan çykaran ene, on ýedi ýaşynda hem ýeke goýmaz. Her zatda bolsa ejesi ýanyndaka ol arkaýyn, ýok wagty bolsa kalby boş, ynamsyz duýga gaplanýar. Adam öz mertebesini gorap, özüniň kimligini, şu dünýä haýsy niýet bilen gelenini ýadyndan çykarmaly däl. Bu hem ejesiniň sözi.... Birdenem, ol on ädim golaýyndaky gara gözi kaklyşdy, ilki oňa ýaşajyk pisse agajydyr öýütdi,emma ol adamdy, ýok, erkek adam däl, gözi ýanyp duran, seçelenen gara saçy sagrysyndan geçýän gözel gyzdy. Belki ol öňem görünendir, sebäbi ony nähilidir bir zadyň nazarlaýandygyny syzýardy, ýöne gözi bilen görmänsoň hüşgärligini artdyrypdy. Ine, indem, şeýle gözel künjekde, bir ýabany gözel gyz, edil ertekilerdäki ýaly onuň gözýetiminde dur. Ol ilki gyrymsy agaçlara duwlandy, soň ýene göründi.Onuň egninde haýsy reňkdeligi näbelli, “topugyny ýetip duran ýukajyk köýnegi bar, boýy uzyn, ýüzi ap-akja. Bu gyza gözi düşen badyna Tekemuhammediň kellesine ilkinji gelen pikir Aýuw boldy. ”Eý, Hudaý-eý, aýdanlarynda ertekidir öýdüpdim welin, ilkinji gezek şol Aýuwlaryň birine gözüm düşdi, hon-ha, sag aýagyny çala epip, gorkman maňa seredip dur. Olam meni görüp haýran galan bolmaly. ”Aýuw gyz, gel,gel ýanyma, seni goşuma alyp gideýin” diýip, ol mylaýym seslendi welin, gyz jakyrdap: ”Aý-ýuw, özüň bärik gel” diýýär. Ol bir ädim ýörese gyz şonça-da yza tesýär, dursa durýar, käte, daşa büdräp ýykylsa, bir enaýyja gülküsini edip hikirdeýär. Ol üm bilen gyzy ýanyna çagyrýar, olam akja eljagazynyň aýasy bilen agzyny ýapan bolup kikirdeýär. Şeýdip,olar ep-esli wagtlap kowalaşdylar. Gyz şeýle bir çeýe, şeýle bir çakgan weli, onuň daş ýany bilen aýlanyp çykýan belentligine her ýerden basyp, harsaňdan-harsaňa böküp, gönümel çykaýýar. Gyz ony mekirlik bilen ýokarlygyna, laňňa-laňňa daşlaryň artyp, pisseligiň kemelýän ýerine çekýän ýalydy. Ol, mundan artyk goşdan daşlaşmaly däl diýen netije geldi-de: - Saňa duşanyma örän minnetdar, Aýuw gyzy, Akja peri! Men indi yzyma gaýdaýyn! - diýip, elini galdyrdy. - Biziň aslymyz suw perileridi, indi men tokaý perisi boldum. Sen meni tanaýarmyň? - Iki gözüm düşenden syratyňy, sypatyňy, saçyňy haladym, Akja gyz! Sen asyl gepleýär ekeniň-ä? - Näme geplemän, gülüp hem bilýän. Sen diňe saçymy haladyňmy? - Hany, saňa ýakyndan seredeýin-le, rugsat etseň? - diýip, Tekemuhammet bir ädim ätdi. - Ýok, ýakynlaşma, men senden gorkýaryn. - Gorkma, zat diýjek-gäl. Nirede ýaşaýarsyň, Akja gyz? - Meň öýüm şu giden dag dereleri, gowaklar, tokaý, şildireýän çeşmejikler. - Diýmek, muňa Aýuw deresi diýilýär, şeýlemi? - Ony bilemok, ýöne özümiň ynsan çagasydygyny weli bilýärin. - Gözlesem, seni nireden taparyn? - A-na, agzynda gojaman derek agajy ösüp oturan gowak bar, şoňa gelseň meni tapyp bilersiň. - Seniň gülüp duran jigerli, owadan gözüň, nar ýaly ýaňaklaryň, gar ýaly alkymyň bar, göwnüň açyklygy meni bendi etdi, ýene duşuşsak gow-a bolardy, Akja gyz! - Belki, gowy bolsa gowudyr, ol maňa däl, saňa bagly - diýdi-de, gyz birhili näzik sesi bilen sykylyk çalan ýaly etdi welin, uly bir daşyň aňyrsyndan çykan gaplaň, bir bökende gyzyň gapdalyndan geçdi-de, okduryldy, emma ikinji buýrukdan soň yzyna dolanyp, Tekemuhammede tarap gazap bilen arlady. Akja onuň alkymyny sypalap: ”Ol biziň tanşymyz, degmeli däl, onuň hol dag gädiginden käte garaýan dostuna hem degmeli däl, jora jan!”- diýdi. Gaplaň gepe düşünýän ýaly öň aýaklaryny uzadyp, gyzyň gapdalynda ýatdy. - Oglan, adyňam bilemok welin, meň joramdan gorkan-a dälsiňdä? - Ýok, gorkamok, hat-da çekinemogam - diýse-de, ol hakykatdanam gorkupdy. - Indi arkaýyn gaýdyp bilersiň! Yzyňy taparsyň gerek? - Taparyn-la. Gaty daşa gaýdypdyryn özün-ä. - Tapmaryn öýütseň ugradaýyn?! Ýa dostuňa bil baglaýarmyň? - Ýok, özüm taparyn, dostum goşumyzda galdy. Indiki duşuşyga çenli sag bol, Akja gyz. Men ýene üç günden gelerin... Tekemuhammet yzymy taparyn diýse-de diýdi welin, esli ýöräninden soň diýenine ökündi. Ol hakykatdanam azaşypdy. Indi nätmeli? Yzyna gaýdyp, azaşanlygyny, özüniň nalajedeýinligini, synçy däldigini gyzyň öňünde boýnuna almalymy? Ýok, ol-a bolmaz, ony edeninden azaşyp ýiteni gowudyr. Onda nätmeli? Wah, Ýomudy alyp gaýtmaly ekenim, oňarmandyryn. - Ýok, sen oňardyň, garama-garama yzyňa düşüp, men oňarmandyryn - diýip, pisse agajynyň aňyrsyndan çykan Ýomut onuň ýanyna geldi. - Dost, senmi, nireden çykaýdyň? –diýip, Tekemuhammet ony garsa gujaklady. - Nireden çykanymda näme? Nätmeli bor diýip ýaýdanyp durma-da, yzyma düşüber - diýip, ol mylaýym ýylgyrdy. - Şunça wagtlap, azaşman zat etmän yzyma düşdüňmi? Onda sen maňa duşan perini hem görensiň? Gaplaňy hem... - Gördüm. Ýor, garaňky düşmänkä goşa ýeteli. - Gyz nähili ekeni? - Suw perisi ýaly. - Suw perisi diýsene. Suwperi, suwperi! Gör nähili mylakatly at! - Dost, nirä gyssanýaň? Dursana! - diýip, ol sesini çykarman ýöräp barýan Ýomudyň yzyndan ylgady. - Goşa gelseler, at janawerler garynlaryny ýazmadan-a elli bizar geçen, gaýta, yrgyldaşlap zordan ýöreýärdiler, özlerem gara suw, megdi ýaly bolup. - Be, bulary aýuwlar çapyp, keýpden çykandyr-ow! - diýip, Tekemuhammet seslendi. - Bilmedim-dä, gara suw bolupdyr, özler-ä... - Münüb-ä bolmaz, öýe idip äkidäýeli! - diýip, ol öz atynyň jylawyna ýapyşdy... 10. Soňky günlerde oglunyň bolşunda nähilidir bir üýtgeşikligi duýan ene oňa her dürli ýumuşlary buýrup, käte bolsa tötänlikden diýen ýaly: ”Dag jülgelerinde nämeler gördüň, gürrüň ber?” diýip, soraýardy. Oglunyň berýän ýönekeýje jogaplaryny diňlese-de, ol onuň ýüzünden bir zatlary aňjak bolýardy, emma nämedigini bilip bilmeýärdi, Ýomut hem sesini çykarmaýardy. Ýöne, soňky günlerde oglunyň daga gitmegini ýygjamlatmagy welin ony has-da birahat edýärdi. Dogry, ene oglunyň özbaşdak, garaşsyz herekedini goldaýardy, guwanýardy, nämede bolsa ol Teke begiň ogly, Salyr begiň agtygydy, il içinde onuň her bir herekediniň hasaplyja, tertiplije bolmagyny, abraýynyň artmagyny, beg bolup il öňüne düşmegini isleýärdi, ýöne özüne ýüregini açmazlygyny halamaýardy. Hut şol sebäpli hem ene kalbynda iki hili duýgy saklaýardy, bir tarapdan syratly, görmegeý oglunyň näme diýse lepbeý diýip, iki aýtdyrman ylgap, buýrulan ýumşy ýerine ýetirip ýörmegine guwansa, ikinji tarapdan özünden soragsyz bir ädim hem ätmezligini isleýärdi. Şeýle ýagdaýda döreýän uşajyk soraglar, herki zadyň anygyna ýetjek bolmaklyk oglana ýaramaýardy, gaýtam onda:” ejemiň ugruny tapyp bilmän geçdim” diýen pikir döreýärdi. Şol bir wagtda günde günaşa diýen ýaly Ýomut bilen daga gitmegini welin halamaýardy. Ene bir gün Ýomuda berk käýýedi. Olam şondan soň daga gitmesini bes etdi. Ençeme ýalbarmadan soň Tekemuhammet: ”Men indi gyzyň ýanyna ýeke gideýinmi? Sensiz ýolumy tapmaz öýdýärmiň?” diýse-de, ýeke gidibermekden çekindi. Ilkinji duşuşykdan bäri kalbyny eýelän gyz, onuň ýadyndan çykmaýardy,ejesiniň dokma daragynyň sesi ýaly,düňk-düňk edip, ony ýanyna çagyrýardy. Ejesiniň beýle zada rugsat bermejegine, asylly, ady belli beg oglunyň haýsydyr bir ýabany dag perisi bilen duşuşmagyny islemejegini bilse-de, nätsin, ýüregi ony görsem diýip eräp barýardy. Ine, onsoň bu gün nobatdaky awa gidişlik barada gürrüň gozgalanda, ejesi kes-kelle garşy çykdy duryberdi. - Men seni on ýedi ýaşyň dolýança, bir hepdeläp ýanymda saklamaly, hiç ýerik gitmeli däl! - Eje, oň sebäbi näme? - Sen iki günden on ýedi ýaşaýarsyň, oglum. - Ýaşasam gowy dälmi? Gaýta saňa towşan, käkilik getirsem ... - Ýok, maňa towşanyňam, beýlekiňem gerek däl. Öýden hiç ýere gitmersiň, gutardy. Tekemuhammer halys bolmajagyny bilip, babasyny kömege çagyrdy: ”Baba, äleme nowruz geldi welin, biz Ýomut bilen, obamyzyň ortasynda ýanjak şaman odunyň odunyny alyp geljek bolýas, oňa bolsa ejem goýberenok” diýdi. Ol bolsa: ”Beýle asylly iş etjek bolsaňyz men size rugsat berýärin, ýöne gidişiňiz ýaly, odun ýygyp yzyňyza geliň!” diýip, rugsat berdi. Tekemuhammet muny ejesine hem aýtman, atyna atlanyp, daga garşy çapyp gitdi, Ýomudam yzynda. Atyny çapyp barýar özem,obanyň ortasynda ýakyljak ägirt uly şaman ody göz öňüne getirýär, oduň günbatary uly sallançak. Oglan-gyz bary üýşüp, ilki şaman odunyň üstünden bir näçe gezek bökerler, yzyndanam sallançak nobadyna durup, gezekleri gelende uçarlar. Ähli öýlerde gazanlar atarylar tagamly naharlar bişiriler, ony iýip doga edenlerinde, köne Güni doga-dileg bilen, aglaşyp ugradarlar-da, täze Günüň dogmagyna garaşyp, gijesi bilen söhbet gurap,otdan böküp, sallançak uçup geçirerler. Tekemuhammet olaryň içinde özüni görýär,ýanynda-da Akja peri. Adamlar uly şowhun bilen birek-biregiň elini gysýarlar, gujaklaşýarlar, şaman otdan köz alyp, öýlerinde täze ot ýakmak üçin ylgaýarlar, ýary gijeden soň oduň külüni gysymlaryna, küýzejiklere, eteklerine alyp, bolçulyk bolsun diýip, kim ekin ýerine, kim bag-bakjasynyň içine, kim mallarynyň ýatagynyň agzyna sepeleýärler. Şo gije ýetginjekler özlerini has akyllanan ýaly, gyzlar uýalan ýaly, gelinler bir hili agralan ýaly, garrylar has kiçelen ýaly duýýarlar. Her kim ertesi dogan täze Güni ýüzlerine sylyp, birek-biregi gutlaýarlar. Hakyky toýam şondan soň başlanýar. Tekemuhammet nowruz şagalaňyny gaty gowy görýärdi,ýylyň dowamynda onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy, ine, bu günem, eger Akja perä gelerin diýip söz bermedik bolanda, ol ýerinden gozganjagam däldi... Bu gün ol Akja periniň ýanyna Ýomut bilen bile bardy. - Seni görenime örän şat! - diýip, Akja mylaýym ýylgyrdy. - Menem şeýle - diýip, Tekemuhammet jogap berdi: - Ertir bizde baýramçylyk, isleseň seni äkitjek! - Ýok, şüweleňlere baryp bilmen, ejem beýle zatlara rugsat berenok, haýaň peselýär diýýä, onsoňam, goh-galmagala kelläm agyrýar. Dogry, köp sanly baýramçylyklaryňyz örän dabaraly, gyzykly geçýändir, bizde gündelik azyk meselämizi çözmekden başga baýramçylygymyz ýok... Dostuň ady näme? - Ýomut.. - Gowja oglan ekeni, ondan batyr serkerde çykar. - Jür-jür gürlemäni nireden öwrendiň? - diýip, Tekemuhammet sorady. - Kakam, on alty ýaşynda ýazlaga çykan ejemi ogurlapdyr, olam bize, geplemäni öwretdi. Bu ýerde biz ýaly başga-da aýuw çagalary bar, olaryň köpüsi gepläp bilenoklar. - Dost, bu gyz saňa ýaraýarmy? - diýip, Ýomut ony bir çete çekip sorady. - Onuň topugyna ýetýän saçyna, çeýeje syratyna, garaja gözüne, nurana keşbine seret! Neneň gowy görmejek? - Odun üçin gelmändiris-dä, onda! - Gyzy göreýin, gepleşeýin diýdim, odunam ýygar ýöreris-dä. - Dostuň bu ýere ýene geler, sebäbi aýuwlar onuň göbegini kesdi – diýip, Akja peri mylaýym ýylgyrdy. - Meň bilmeýän zadymy nireden bilýärsiň? Ejem-ä, seniň göbegiňi özüm kesipdim diýýär - Aýuwlaryň bilmeýän zady bolmaz, ýeriň asty-üstünde ýylan gäwüşesede bilýäs - diýip, Akja peri mylaýym ýylgyrmasyny dowam etdi. - Dostuma hem, ýanymdan aýrylmaz ýaly, özüňe meňzeş bir perini tap, ýogsam, ol ýekesireýär. - Gyz tapylar, gyza gytçylyk ýok - diýip, ol enaýyja gülküsini etdi-de, çeýelik bilen adam boýy gara daşyň üstüne çykdy - Gel, senem, şu ýerden görünýän jülge gözelligine syn et! Ýöne, häzir bol, daşyň günorta tarapy uçut gaýadyr. Tekemuhammet Akjanyň kömegi bilen daşa dyrmaşdy. Ýomut aşakda galdy. Dogrudanam, bu ýerden gündogara gitdigiçe daralýan jülgäniň pisse, hoz, armyt tokaýlygy ýap-ýaşyl dona bürenip, diýseň owadan görünýärdi. Hol aşakda görünýän Jülgäniň günorta tarapyny tutýan belent çöňňeleriň ýarpy göwresinden ýokarsy ümüre bürenendi, aňyrdaky beýik, garly dag akjaryp görünýärdi. Käte gaplaňyň arlaýşy, guşlaryň pyşyrdysy, çöňňeleriň arasynda iňleýän şemalyň, eňreýän syrtlanyň sesi, döwülýän agajyň şatyrdysy eşidilýärdi. Howa, diýseň ýakymly, arassa, beýhuş ediji täsir bilen göwnüňi galkyndyrýardy. Munda näçe dursaňam ýadatjak däldi, emma aşakdan Ýomudyň odunly gürrüňi ony gyssanmaga mejbur edýärdi. Ol mundan artyk saklansa odun ýygmaga ýetişmejegini ýatlap, bir ädim yza ätdi welin, şol bada özüniň çuň gorpa uçup barýanlygyny duýup ýetişdi. Akjanyň çirkin gygyrmasy esasynda peýda bolan gaplaň, bir bökdi-de, ýokardan gaýyp gelýän Tekemuhammediň göwresini penjesine alyp, ýuwaşlyk bilen aşak taşlady. Kellesi daşa degip, näçe ýatanyny bilenok, ýöne ol gözüni açsa, kyrk-elli ýaşlaryndaky ,Akja meňzeş bir aýal, haýsydyr bir sarymtyk suwa göwsüniň süýdini goşup, onuň kellesindäki, aýagyndaky kiçeňräjik ýaralary süpürýär. Haçan-da ol onuň gözüniň açylanyny görende ygtyýarsyz bir zat diýip, seslendi, ol ses Tekemuhammede: ”Waý, Alla jan!” diýlip eşidildi. Aýalyň emjekleri,giň ýakaly, ýuka köýneginiň içinde, edil göwse daňylan boş halta ýaly sallanýardy, agaran saçlary eginleriniň üsti bilen sagrysyny ýapýardy, ýanynda onuň Akjasyndan-onuňky bolaýşyny - başga-da ululy kiçili ýedi sany çaga bardy, hemmesem çüw ýalaňaçdylar. Bir ýaşlaryndaky çagajyk patdyk-satdyk süýşenekledi-de, ejesiniň emjegine agzyny urdy. Ejesi oňa emýärsiňem diýmän, gaplaň derisiniň üstünde ýatan Tekemuhammediň topugyny barlamaga başlady. Topugyň her gapdalyna merdemsi pisse çybyklary goýlyp, daşy agaç gabyklary bilen saralandy. Töweregine gözüni aýlasa, depedäki kelle sygar ýaly deşikden günüň yşgy düşýän giň gowakda ýatanlygyna düşündi. Bir ädim gapdalyndaky oda pissedir-hoz gabyklaryny atan Akja, onuň saralgy aýagynyň barmaklaryny mynçgalap başlady. Goçmyrat gowagyň içinde, ortada ýanýan oduň başynda ýüzüni sallap otyrdy. Çagalar enäniň näbelli bir yşaraty boýunça, sebet ýaly örülen germewiň aňyrsyna geçdiler. Olaryň yzyndan Akja hem emip bolan çagany alyp gitdi. Aýagyň ýarasyna seredýän ene nämedir bir zatlar diýýärdi, hüwdüleýärmi, hiňlenýärmi, garaz, käte ýüzüne düşýän saçyny ýeňsesine zyňyp,gözüniň ýaşyny sylýardy. Tekemuhammet şu wagt onuň bu göz ýaşyna düşünmese-de, soň onuň mundan ýigrimi bäş ýyl ozal ogurlananlygy sebäpli özüniň taşlap gaýtmaly bolan obasyny ýatlap aglaýanlygyna düşündi. Ol asyl Tekemuhammedi görüp obasyny ýatlapdyr. Belki ol ýagy dökülende wepat bolan, enesi Nusaý periniň dogany Berkeli begiň aýaly Gynnak ejäniň atsyz-sorsuz ýitirim bolan ýeke dikrary Jerendir? Aglap gözi kör bolan Gynnak eje häzirem: ”Gyzymy gördüňizmi?“diýip, gabat gelenden soraýardy ahyryn. Häzir Tekemuhammediň güni hem onuň gününden ýeňil däl,olam bir sebäp bilen gaýry ýere düşdi, obasyndan aýryldy,onuňam ejesi aglap: ”Hany meniň inerçäm?” diýip, urunýandyr, däli-porhan bolýandyr. Ejesiniň boz-boran bolup, elewräp ýörşüni göz öňüne getirende, onuň hem agysy tutdy, ýanyndaky aýal bildirmän ýaşyny dökýän bolsa ol saklanyp bilmän möňňürdi. Aýuwlaryň dilinde munuň nämäni aňladýanlygy belli däl, ýöne bir salymdan onuň öňüni gök önümden, ir-iýmişden doldurdylar. aglasa emjek berilýär, oňa-da ajygandyr diýip berilýän bolmaly. Alma, şepdaly, üzüm, nar, hoz, pisse, kişmiş, garaly erik edil ýaňyja ýygylan ýaly, terje, onda bir çörek bilen gowurlan et ýok. Olaryň oňa geregi hem ýok, öýünde mydam iýýän zatlary, indi bu ýerde ir-iýmişden doýagarna doýaýyn diýip, bir ýandan iýip başlady. Doýmajak ýalydy weli, derrew gerk-gäbe boldy. Akja oňa, gowagyň içinden şildiräp akyp geçýän çeşme suwundan bir bulgur alyp berdi. Ol öňde soňda beýle süýji tagamlary, beýle süýji suwy agzyna alyp görmändi. Aýuwlaryň öň nähili ýaşaýandyklaryny bilmese-de ol häzirki asudalygy welin göz öňüne getirer ýaly däldi, çeşmejigiň şildirdisiniň sesi çyksa çykar, çaga sesi çykmaýardy. öz obasy bilen deňeşdireniňde edil uçma ýalydy, obada iki çagaň goh-galmagaly öýüňi göçürýärdi. Bularyň adamlar baradaky bilýänleri adamlaryň olar barada bilýänlerinden has artyklygy aýdyňdy. Sebäbi aýuwlaryň biri adamlaryň eline düşenok, emma adamlar olaryň ellerine düşýärler, biri ogurlanýar, biri Tekemuhammediňky ýaly awa ýa gezime çykanda, ýa saý-sebäp bilen azaşyp,ýa gorpdan gaýdyp, ýaralanyp düşýär. Iň geň ýerem bularyň eline düşen adamyň biri hem yzyna gaýdyp barmandyr,emma geçmişde bir wakanyň-bir aýuwyň adamlaryň eline düşüşi, şol günem obany sil alyp, onuňam gaçyp gidişi barada gürrüň eşidilipdi. Bu nähili beýle bolýarka? Munda bir syr bar bolaýmasyn? Ýogsa-da, Akja bir gepinde” Biz adamlary asmandan inen perişde hökmünde görýäris, ähli zatda ony öňe tutýarys, ol hiç hili iş etmän ýatsa-da, ekleýäris” diýipdi ahyryn. Adamlar bolsa şol ele düşen aýuw adamsyna iýmek-içmek berip nobatly-nobatyna barja bugdaýlaryny degirmende üwedipdirler, aýagy gandally, gözenekde saklapdyrlar, onsoň neneň adamlaryň eline düşesiň geler? Olaryň eline düşseň seni öz islegleri boýunça terbiýelejekler, soňam eşek ýaly işletjekler. Şol aýu ýigidi sesini degirmeniň hyrryldysyna goşup, käte: ”Aý-u, aý-u, Aý gyzy, golum degirmene bagly” diýip, hiňlenermiş diýýärler. Tekemuhammet nehili baý ýaşaýandyryn diýse-de, bularyňky ýaly bol-elin ir-iýmiş iýmändi ahyryn. Gynansa-da ol adamlaryň ýaşamak üçin iýmän, iýmek üçin ýaşaýandyklaryna düşündi. Ýene bir zat,aýuwlaryň ilinde çykdajy bary çykarylyp, egniňe eşik, aýagyňa aýakgap geýmek däbi galypdyr, çaga egin-eşikli dünýä inenok ahyryn, adamam çaga ýalydyr-da. Bir tarapdan gowagyň içiniň howasy gyşy-ýazy şol bir durkuny saklaýanlygy üçinem eşigiň zerurlygy döreýän däldir. Olara diňe gyşda eşik gerek, onam gyşa azyk baryny ýygnap, çykman oňaýmaly. Dogry, eşik geýmeselerem, owrat ýerlerini ýapmany bilýärler, ýüzi haşamlanan gaýyş kemerleri dakynmany, her hili el bukjalaryny götermäni, aýnada özüne serenjam bermäni halaýarlar... Birden çykan düňküldi ony pikirinden açdy. Sagyna seretse, edil beýle ýanynda Gynnak ejesiniň gyzy-Tekemuhammet onuň şol gyzdygyna ynanýar-sokuda pisse maňzyny owradýar. Dogrusy, onuň arkaýyn oturýan wagty ýok, ýogsam, kir ýuwma, nan bişirme, içerini syryp-süpürme ýaly aýaly ýykýan işlerem ýok. Ine, häzirem ol döwen maňzyny ortasy oýuk, içi ýylmanak daşyň içine guýup, üstünden suw akytdy, çoň ýuwurdy, ýumruk ýaly hamyry ýaýyp, dokuz bölege böldi-de, hersiniň daşyna üzümiň guran ýapraklaryny dolap, ojagyň gyrasyndaky çägä gömdi. Soň awdan getiren towşanlarynyň derisini çekişdirip, birnäçe gün ýatan çaga siýdigine eýledi. Gör-ä, onuň ugr tapyjylygyny, asyl çagalarynyň kiçi täretini çukurjyga ýygnap, ýara em etmekde, göz agyrysynda, döwük-ýenjikde, deri eýlemekde gaýry ýerlerde ulanýan ekeni, uly täreti bolsa gowagyň günorta ganatyndaky meýdança, daşardan getirilen topragyň üstüne dökün hökmünde ulanýardy. Onda her hili gök önümler, sogan-sarymsak, ýer tudanasy we ýene dürli ösümlikler ýetişýärdi. Çagalaryny naharlamak, terbiýelemek, azyk bolçulygyny döretmek, kesel bejermek, gowagyň daşynda guran duzaklaryny günde iki gezek barlamak,duzaga aw düşmedik ýagdaýynda eline ýaýyny alyp aw etmek ýaly işlere hem ol ýetişýärdi. Bularda: ”Waý, meň unym, etim, azygym gutardy, bezirgenden alyp geleýin” diýip, azapsyz, taýýarja zady alyp geljek gumanyň ýokdy, ähli zat tebigatyň kanunyna baglydy. Beýik Taňry dünýä inderen bendeleriniň yrsgalyny hem olaryň köňüllerine görä paýlarmyş diýýärler, şol dogrydyr. Tekemuhammet, daşynda hozanok ýaly pyrlanyp ýören bu çeýe,syratly aýalyň ýüzünde öz ejesiniň sypatyny gördi, ikisinde-de, nähilidir bir meňzeşlik, nähilidir bir gizlin gussa gizlenip ýatyr. Ejesiniň gussasy düşnükli, ol heniz dünýä inmänkä kakasy şehit bolup, ýurduny täzeläpdir, şondan bärem ony saklap, terbiýeläp, goraglap gelýär, ”Oglum, basym seni öýerjek” diýip, babasynyň kümüşçi garyndaşynyň gyzyny onuň üçin niýetleýär. Ojagaz gyzy ol bir gezek görüpdi, orta boýly, burnuny syksaň jany çykjak horja, görmegeýje gyzdy... Ýogsa-da, onuň ýitirim bolmagy ejesini howsala salýandyr. Ol goýbermejek bolup çalyşypdy ahyryn, diýmek özüniň şeýle ýagdaýa düşjegini aňypdyr. Älhepus, bu ýeriniň ýürek gysgynç asudalygyny! Çaga diýjeksiň, aglar, uruşar, goh-galmagal eder, emma olaryň bary-ýogy des-deň, ýa-da, onuň rahatlygy üçin çagalary daşa kowuldymy-ka? Ol Ýomuda dymma diýerdi, bu ýerde bolsa ondanam beter... Ýogsa-da, Ýomut ýanymda-dy ahyryn! Ol nirede? Ýa şol dymmalygyny edip, gowagyň bir ýerinde otyrmyka? - Ýomut, sen nirede? - diýip, Tekemuhammet seslendi. - Jana, sesiňden aýlanaýyn! Asyl gepläp bilýär ekeniň-ä? Men güňmikäň öýdüpdirim - diýip, nahar bişirip oturan aýal mylaýym ýylgyrdy. - Menem, size güňdir öýütdim - diýip, Tekemuhammet jogap berdi. - Meni durmuş güň etdi - diýip, ol uludan demini aldy. - Men bärde, sen nähili?-diýip, Ýomut hem bir ýerden peýda boldy - Sen gaty gorkuzdyň. - O-how, häliden bäri sesiňi çykarman otyrmyň? - diýip, Tekemuhammet oňa gaharly seretdi. - Hany aýt, biz bu ýerde näçe wagtdan bäri ýatyrys? - Odun ýygmadan-a geçdik welin, şu gün öýe aşyp biläýsek diý! - Her zat etmeli welin, öýe aşmaly, barmasam ejemiň ýüregi ýarylar! - diýdi-de, ol: - Daýza, siz Kynnak daýzamyň şol ýiten gyzy bolaýmaň?.. Ejem maňa “Daýzaň gyzy Jeren sen dünýä inmänkäň gürüm-jirim boldy, aýuwlaryň eline düşen bolaýmasa. Günäsiz görgülä günä ýükläp ”Betnamçylyga baş goşup, soňam biri bilen daklyşyp gidendir” diýenlerem boldy, men oňa ynanamok” diýenini bilýän. Daýza, dagy näme etmişiňiz bar? Jeren daýza gözünden boýur-boýur ýaş dökdi, ”Günäsi ýok diýdi” diýsene diýip, horkuldap aglady, onuň sesine germewiň aňyrsyndan çagalar çykyp, ejelerini gujaklap aglaşdylar. Aýylganç uwlamalar şeýle bir gorkunçdy weli, iniňi titredip ysgynyňy gaçyryp barýardy. Özleri ýadap goýýançalar olary köşeşdiren bolmady. Ene çagalaryny pisse unundan küle gömülip bişirilen köke bilen naharlady, suw içirdi, soň oduň daşyna towşan derilerini taşlaşdyryp,olary ýatyrdy, üstlerine tapan-tupan zatlaryny oklaşdyrdy. Tekemuhammet ýaňky ahy-nalanyň täsirinden çykyp bilmän, ýüzüni sallap otyr. Muny Jeren daýza aňan ýaly: ”Etmişimi gürrüň bersem ýüregim düşüşäýjek ýaly weli, ýatlasym gelenok-da” diýip, esli salym dymdy. Onuň sessiz aglaýanlygy bildirýärdi, başga bir tarapdan adamyň ýüregini açmagy üçin diňlemegi başarmagyň gerekligini hem Tekemuhammet aňýardy. - Men şol wagtlar 17 ýaşly, özüme göwnüm ýetýän gyzdym, durmuş toýumyň sähedini bellejek bolup ýördüler-diýip, ol gürrüňini dowam etdi: - Birahat zamanady, günüň bir bolsa ýagyň ikisi dökülýärdi. Ýazlaga çykylan günleriň birinde obamyzdan bir ýigit ýaralandy geläýdi. Onuň daşyna adamlar üýşdüler. ”Halaýyk, uýlukda döwülip galan naýzany çykarmak üçin bir ýol bar, olam duýgusy üýtgemedik gyz maşgala ýaralynyň üstünden üç sapar ätlemeli, şondan üç gün soň naýza çykmaly”diýip, tebip ýagdaýy düşündirdi. Beýleräkde oturan gyz-gelinlerden ses seda çykmady. Menem näme, dek oturaýmaly weli, özüme göwnüm ýetýär-dä: ”Adamlar, synag näçe ýowuz hem bolsa,özüme ynamym bar, şol ýumyşy bitirmäge men taýýar” diýdim. Kakam, Berkeli baý, meni garsa gujaklady-da: ”Guzym, iliňe hyzmat etmekden ýokary we peýdaly iş ýokdur, bir ynsanyň janyny halas etmäge peýdamyz degse, Taňryň öňünde ýalkanarys!” diýip, etjek işimi goldady. Ýaraly ýaş ýigidiň üstünden üç gezek ätlänimden soň, tebip ýaňy soýulan toklynyň derisini oglanyň guşaklygyndan aşak sarady-da, Hudaýy çagyryp dileg etdi. Bäş ýaş kiçi uýam üç günläp maňa igendi: ”Tebibiň sözüne ynanyp, namysyňy terezä saldyň. Ok çykmasa näme diýerler?” diýip aglady. Bu etmişimiň jogapkärçiligine men şondan soň düşündim, ýöne boljak iş bolupdy, onsoňam men özümiň arassalygyma ynamym bardy. Üçünji gije weli, asla ýatyp bilmedim, ýüregim bir zatlary syzýardy. Şonda-da, näme, bäş wagt namazymy okap, Alla sygynmakdan başga çäräm galmandy. Dördünji gün ir bilen Goýun guýa ýazlaga gelenleriň köpüsi ýaralynyň bolýan ak öýüne ýygnandylar. Tebip, Allany çagyryp, uýlyga daňylan derini aýyrdy. Men naýzanyň çykanlygyna ynanýardym, emma ol çykmandy. Onuň üçin deriniň ýene bir gije-gündüz durmagy gerek ekeni. Säwlik goýberen tebip: ”Adamlar, men gün bellänimde ýalňyşypdyryn, naýza ertir çykar” diýip, gümmük-sümmik etdi. Emma eýýäm nämäň nämedigine düşünen kakam pyçagyny syryp: ”Nirede pohuňy iýen bolsaň gönüňden gel”diýip, maňa topulyp gelýär. Men: ”Kaka, men arassa, arassa!” diýip gaçyp başladym, ol kowalýar, men gaçýan. Şol gaçyşyma aýuw derä nähili aralaşanymy bilmändirin. Özümi zyňmak üçin amatly bir gaýa gözläp ýörkäm, şu çagalaryň kakasy meni alyp şu gowaga getirdi, özüne aýal etdi. Hemmesine meniň şu gara maňlaýym günäkär – diýip, ol maňlaýyny ýumruklady, aglady. Aglasaň Taňry gaty görermiş diýselerem, Tekemuhammet hem agysyny saklap bilmedi. Ol ýaraly ýigidiň naýzasynyň dördünji gün öýlänler çykyp, ölmän galyşyny, soň onuň öýlenişini, kakasynyň: ”Gyzyma nähak azar beripdirin” diýip, ahmyr çekişini gürrüň berdi, şonuň bilen birlikde, özüniň odun ýygmaga gaýdanlygyny, bu gün öýe barmasa ejesiniň gaty howsala düşjekligini ýaňzytdy. Onsoň ol gyzy Akja ýüzlenip: ”Ol oglany hem ýanyňa al-da, ýegeniň goltugyna girip, atlarynyň ýanyna alyp git, gerek bolsa odun ýygyş, ugradyp goýber” diýdi, Tekemuhammede bolsa “Bir hepdeden aýagyňy görkezmäge gelersiň!” diýip tabşyrdy. Şeýdip, olar Ýomut bilen giç agşam öýlerine odunly dolanyp geldiler... | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |