10:53 Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy | |
11. Nowruz baýramy şam-şagalaň bilen geçip gitdi, otdan böküp, heňňallyk uçup bilmese-de, Tekemuhammet bir çetde oturyp, olara syn etdi, eli pişekli, ýeke aýagynda ýöredi. Bu wakadan soň ejesi indi ony ol-a awa goýbermek ekeni, hat-da öýünden çykmaga hem rugsat bermeýärdi. Hut düýnüň özünde ol gaýyn atasy Gazan begiň, kakasy Serdar begiň ýanyna baryp: ”Enemden, atamdan ýegräk gaýyn atam, mähriban atam, hataryň bugrasy ürkdi, tezdi, sarwanlar öňüni alyp bilmezler, gara atyň tasap gider, ýylkyçylar öňüni alyp bilmezler, agylyň goçy ürkdi, çopanlar öňüni alyp bilmezler, ala gözli agtyk-ogluňyz awa-şikara diýip goýanok, her gezek öýden çykyp giden-de, bir ölüp bilemok, ol indi akja ýüzli gelniňize başardanok, maňa nä öwüt berersiňiz?“ diýip, geňeş saldy, gaýyn ata: “Agtygymyň aýagyna at duşagyny urmaly, öýlendirmeli” diýdi, mähirli kakasy: ”Gyza gytçylyk düşmändir, taparys” diýdi. Bu gürrüňleri eşiden Tekemuhammet sallançak uçup ýören Ýomuda ýüzlendi. - Dost jan, bir emjekden süýt emen doganjygym, men…, men... - Ýüzüň nätüýsli, sögüşip aýrylyşan ýaly... - Nädeýin, atam meni öýlendirmäň ugruna çykdy. Ýüregim Akja periniň ýanyna gitjek bolup urunýar, ejem bolsa meni goýberenok. Iki jahan owarrasy bolup galdym. Sen iň ýakyn syrdaşym, dost-doganym, maslahat ber!? - Şu oba gyzlaryň nämesi Akjadan kemmiş? - diýip, ol, şol pursat gülüşip, olaryň gapdalyndan geçip barýan gyzlary görkezdi. - Olaram gowudyr, söz ýok, ýöne kalbym Akjaň ýanyna bar, gör diýip urunýar. Ýör, azajyk gezim edeli, arassa howadan dem alaly. Bu ýerlerem gowy, ýöne aýuwlar jülgesiniň howasy büs-bütin başga geläýýär. Dogry dälmi? Sen maňa kömek et, maslahat ber. - Men olar barada örän az bilýärin... - Sen bilmeseňem men bilýärin. Dogry, ýene bilmeli zatlarym kän, ýöne gep onda däl. Men Akja barada soraýaryn. - Seniň maslahatçyň men däl. - Mende sen ýaly dogandanam ýakyn serdaşym ýok. Meni diňläý, haýyş edýän. - Näme diýjek bolýaň? - Diýjek zadym, git-de Akja aýt: ”Ol sensiz oňup bilenok, seni söýýär!” diý. - Oňa özüň aýt. Onsoňam, onuň söýýänligini nireden bilýärsiň? - Gözünden aňýaryn, gözünden. Özüm giderdim, ýöne aýagym gutulanok. - Bolýar, gürleşäýerin, ýöne senem aýagyňy görkezmäge gitmeli bolarsyň ahyryn? - Oňa ýene dört gün bar. Ýüregim ýarylyp barýar. Ýogsa-da, sen tebibe barmaly diýip, ejemi ynandyryp bilmezmiň? - Ol-a, menem siz bilen bile gitjek diýýär. - Aý, onuň bir alajyny taparys - diýip, Tekemuhammet Akja bilen boljak duşuşygy göz öňüne getirdi. Ilki bilen ol Akja sowgat berer ýaly, bir zat almalydy. Gülýaka, bilezik, ýüzük haýsyny aljagyny bilenok, ýöne almaly. Gyzyň ýanyna eliň boş barmak gelişikli däl, galyberse-de, “gyzy zat bilen özüňe imrindirip bolýar” diýip eşidipdi. Diýmek, ol ejesinden bilezik almak üçin puljagaz sorar. Dogrusy, ol dag jülgesinde gezip ýören ýarym ýabany gyza duşaryn öýdüp guman hem edmeýärdi, duşarsyň, gatnaşyk açarsyň diýip aýdan bolsalaram ynanmazdy. Hakykatda bolsa şeýle zat boljak ekeni. Gyzyň özüne çekiji, haýran galdyryjy sypatlary indi ony rahat oturmaga goýmaýardy. Başga bir tarapdan ol bu gyz bilen ykbalyny birikdirse, özi hem aýuwlar ýaly wagşy adama öwrülerin diýip gorkýardy. Hawa, şeýle gorky bardy, emma ol ony göz öňüne getirerden ejiz gelýärdi. Ýaş ýürekde ýer alan ilkinji zenan onuň ýoldaşyna öwrülipdi, eger ondan daşlaşsa kalbynyň boşap galma gorkusy dörejekdi... Ýedi gün diýeniň göz-açyp ýumasy wagtda geçip gitdi. Tekemuhammediň aýaklary açylyp gitmese-de, garaz, gowulaşýanlygy mese-mälim bildirdi. Muňa atasy Gazan beg diýseň begendi. Ol agtygyna araplaryň myhmansöýerliligini, parslaryň paýhaslylygyny, türkmenleriň merdanalyk häsiýetini jemlemek üçin jan edýärdi, ony öküz bilen güýç synanyşdyryp göresi gelýärdi, sebäbi söweşe girmeziniň öňüsyrasynda onuň güýjüni barlamalydy. Dag içiniň sümme tokaýlygyna özüni atyp, dürli ýyrtyjy haýwanlar bilen başa-baş söweşe girmegini, güýjüni barlap görmegini, haýwanlaryň çalasynlygyny, tilsimlerini öwrenmegini isleýärdi. Degmedige degmeýän türkmen güýç-gaýrat babatda elmydama öz başarnygyny saklamalydyr, ýöne ol ýowuz tebigatyň üstünden hökmürowanlyk sürmeklik üçin däl-de, sazlaşykly ýaşap, barlygyňy, bakylygyňy saklamak üçin özüňde hem güýç bardygyny bilmekleri üçinem gerekdi. Hut şu sebäplere görä ol agtygynyň sümme tokaýlyga awa gitmegini iki elläp goldaýardy, dogrusy, gözleri mähirli, ýüzi nurana, häsiýeti ýumşak, göwnünde zerre gumany bolmadyk päkize we kemally perzendiniň garşysyna gidesi hem gelmeýärdi. Hut şol sebäpli Ene gaýyn atasyndan goldow alyp bilmedi, gury jebrinip galany galdy... Ýedinji gün diýlende Tekemuhammediň aýagy has-da gowulaşdy. Indi ol eli taýakly, agsabyrak ýöräp bilýärdi. Hut şol günem, ejesiniň garşylygyna garamazdan, atasynyň rugsady bilen, Ýomudy hem alyp, aýagyny görkezmek üçin “tebibiniň” ýanyna ugrady... - Akja peri goşlaryny, atlary goýýan ýerlerindäki gür tokaýlykda olaryň öňünden çykdy. - Akja, senmiň? - diýip, Tekemuhammet seslendi. - Başga, kim bolsun! Men... - Ine, bu saňa! - diýip, Tekemuhammet gyrmyzy donunyň goltuk kisesinden iki sany altyn bilezigi çykardy. Akja ony alyp, ep-esli salym seredip durdy, eýlesine-beýlesine öwürdi-de, yzyna gaýtardy. - Näme, halamadyňmy? Ony saňa sowgat diýip getirdim ahyr. - Muň bilen aw awlasa bolýarmy? Gündelik durmuşymda oň maňa näme peýdasy bar, ol maňa näme edip berýär? – diýip, Akja sorady. - Aý, ýönebir bezeg-dä! Ine, şeýdip, gollaryňa dakmaly. Görýämiň, nähili owadan! - diýip, Tekemuhammet bilezikleri onuň goşaryna dakyp görkezdi. - Dag perisine bezeg ýaraşmaz, asla bezenmäge onuň eli hem degmez, onsoňam maňa-ha beýle ýasama gözellik däl, tebigy gözellik gerek - diýip, ol bilezikleri gaýtardy. - Hany, aýt, aýaklaryň nähili? Ýöräp bilýäň, ýaly-la? Ýörüň, onda çaltrak gideliň, ejem ýola gözüni dikip oturandyr... Olar gowaga baranlarynda Jeren eje dogrudanam bir diňiň üstünde duran ekeni. Salam helikden soň ol Tekemuhammediň aýagyna seretdi, ”Indi seýiklemeseňem bolar, melhem çalaý” diýip, Akja bir zatlary düşündirdi-de, ok ýaýyny, ep-esli ýüpi egnine atyp çykyp gitdi. - Biziň her pursadymyz hasaply - diýip, Akja ejesiniň gidenine mähetdel, gelip Tekemuhammediň gyrmyzy donuny çykardy, arkan ýatyryp, beýleki eşiklerini hem çykarmaga başlady. Haçan-da aşaky jalbara ýapyşanda Tekemuhammet garşylyk görkezdi. Emma gyz garşylyga seretmän: ”Ejem seniň eşikleriňi oda tut, özüni ýuw, çagalara kesel ýokaşmasyn diýdi” diýip, ony çüw ýalaňaçlady. Akja onuň ak tenine seredip esli oturdy, merdemsi barmaklary bilen elleşdirip gördi, soň bir goşawuç çeşme suwuny kükrege guýdy-da, eginden aşaklygyna syryp başlady. Şeýdip, ilki arkan, soň ýüzün ýatyryp, onuň bar ýerini ýuwdy. Gyzyň ýumşajyk endamynyň gyzgyny ýakyp-ýandyryp barýardy, ondan nähilidir bir özüne çekiji güýç gelýärdi. ”Bir ýaş gyz ýetişen oglany suwa düşürdi” diýseler, oňa erteki otarýaň diýjekler tapylar, emma aýuw ilinde ol bolýan zat ekeni. Gyz onuň eşiklerimi ojakdaky hiç wagt sönmeýän oda tutup, gaýtaryp berdi. Yzyndan Ýomudyň eşiklerini oda tutdy, ”özüň çeşmä ýuwun” diýip buýruk berdi, soňundanam, Tekemuhammediň aýagynyň sargysyny aýyrdy, däri-derman çalyşdyryp, ejesine garaşdy. Älhepus, onuň beýle görkli bolaýşyny! Edil surat ýaly diýenleri, synasy ýerli-ýerinde. Bu ýagdaýy ejeme gürrüň beräýsem ol: ”Ölen-ä öleni, üstesine gözünem garga çokany diýsene, wagşy diýsene” diýer diýip, Tekemuhammet aňynda aýlady. Dogry wagşyrak diýäýmeseň gyzyň başga kemi ýok ahyryn. Ol eşiginiň oda tutulandanmy, çeşme suwuna ýuwulandanmy, birhili dili gijäp, aýdym aýdasy gelip başlady. Belki-de muňa durmuşyň çaňy siňen kalbyny tämizleýän dag howasy, gowagyň demirgazyk burçunda, daşdan syzylyp çykýan çeşme suwynyň täsiri ýetýändir, belki şeýledir, bir zat welin aýdyň, ömründe ony beýle şähdiaçyklyk gurşamandy. Eşreti görseň daglara bar diýleni dogry ekeni. Dört tarapyňa baksaň, täze dört görnüşli kämil bir suraty ýadyňa salýan tebigat. Ýa-da bu zatlar düýşi bolup, ol ejesiniň gürrüň berýän behişdini görýärmi-kä? - Ýomut, käte-kate bir aýdymjyga hiňlenerdiň-le: ”Gyzlar köňül berse tümlük ýagtylar, olar döräýendir meniň bagtyma” diýip. Hany, hiňlensene, how! - Bilemok! - Bolmanda, seniň bilýän zadyň barmy, güň diýsänim - diýip, Tekemuhammet seslendi-de, Akjanyň goluna ýapyşdy, emma ol sypaýyçylyk bilen elini çekip aldy-da, goşawujyny dolduryp injir kakyny getirdi. Bu Tekemuhammediň gowy görýän iýmişidi, hat-da şekerek igdedenem gowudy. - Sen nä iýeňok? - diýip, ol injiriň birki sanysyny Akja uzatdy. - Hany “A”diý-de, agzyňy aç! Akja başyny atdy-da, mylaýym ýylgyryp, injiri çeýnemäge başlady. Onuň ýüzi şeýle bir nurludy, şeýle nurludy welin, özüne miýesser eden şujagaz bagtyna guwanýan ýalydy. ”Garybyňky görgi bilen” diýleni oňa degişli däldi, akylly, owadan gözleri inçemik, syratly göwrä aýratyn gelşik berýärdi. Özem, obanyň pukaraja, sadaja gyzlaryna çalym edýärdi. Oňa mämişi keteni köýnek geýdirip, şaý-sep bilen bezäýseň dagy,onda atamyň aýdyşy ýaly: ”Juda horlanyp, süýekden galan, ebla düşen adama jemalyny görkezäýmelidir, şonda ol dokunyp, aýak üstüne galma bilen bolýandyr“. Tekemuhammet injir kakyny, hoz maňzyny çeýneýärdi, bir ýandanam eşiden rowaýatdyr ertekilerini dynman samraýardy. Indi onuňky hezil, güni şam-şarklykda, iýgi-içgide geçirip ýörmeli boldy. Uzagyndan bolsun-da! ”Üzüm iýseň çöpi baram” diýipdirler. Ýa, ”içi ýananyňam bir gülküsi barmyş” diýenleri bolaýarmy-ka? Olam ahmal... Tekemuhammet ähli zady bilesi gelýärdi, aýuwlaryň ýaşaýşy, eklenji, güýmenjesi, gelin alyp, gyz çykaryşy, ölülerini jaýlaýyşlary we ýene şuňa meňzeşleri jikme-jigi bilen bilesi gelýärdi, hasam daýzasynyň ykbaly gyzyklandyrýardy. Onsoň ol awdan ganly gelen daýzasyndan bular barada sorady. - Arassalygymy, namysymy ähli zatdan ýeg görýänligim üçin, meni betbagt eden bir işe baş goşdym - diýip, daýzasy, onuň soragyna jogap berdi. - Ejem pahyr aýtdy-la: ”Duýgusy üýtgemeýän perişde däl, biz adam, hat-da haýwanam... Onsoňam, bu ýerde taýagyň beýleki ujy bar, seniň arassalygyň bilen birlikde, näsag ýaralynyň hem wyjdanlylygy gerek, ony bolsa onuň özünden başga bilýän ýok. Wah, agzy sary guş bolupdyryn-da, şol tebibe bor diýmeli däldim. Ýöne men ýaly namysjaň, men ýaly edenli ýeke geplini, gaýdyp ene dogurmaz. Uly ile masgara bolanym üçin ýaşamaly däl diýen pikir şu güne çenli ynjalyk bermedi, senden hakykaty bilenimden soň, namysymyň arassalygyna iliň göz ýetirenini eşidenimden soň, özüme el gatmanlygyma begendim. Näçe gezekler özüme el gatjak boldum, emma çagalarym, çagalarymyň kakasy Ýelginli pälwanyň ýekeje pursat hem meni gözden salmazlygy, soňam, çaga üstüne çaga, şol pikirimiň öňüni aldy... Ýelginli pälwanyň kakasy gaty dindar bolupdyr. Ony çapawulçylyga çekmekçi bolanlarynda obadan gaçyp, dagyň gowagynda ýaşapdyr, Ymam Agzam mezhebini (Horasanly Nygman Sabyt oglunyň mezhebini) bir ogly, üç gyzyna öwredipdir. Çagalary ýetişende, gyzlaryny gabanyp: ”Oglum, sen aýry gowakda ýaşap, özüňe gelinlik, aýal doganlaryňa bolsa ýanýoldaş gözlärsiň, şonda biz Taňry alkyşyna mynasyp bolarys” diýip, ogluny şu gowaga getiripdir. Ol ilki bir göwreli gelni ogurlapdyr, onuň dogran çagasyny geçi getirip emdiripdir, şol pursatda oglanjygyň enesi ýitirim bolupdyr. Maňa duşanynda ol otuz ýaşlarynda-dy, şonuň 17 ýylyny şu gowakda geçiripdir. Aý, näme kysmatdan gaçma ýok-da! Men bu gürrüňi ýönelige galdyrmadym, dokuz gyzym, bir oglum bar. Olary öýli-işikli etmeli, garaz... - Men aýuwlar köplük, serdarlarynyň agzyna seredýärmişler diýip eşidipdim... - Olar ýaly zatlar belki, bolandyr, men bilemok. Geläýen uçurlarym şu derede ýüz sanydyk, ýöne eli naýzaly, peýkamly adamlaryň derdinden olar ýok edildiler. Häzir şu uly derede bar bolsa on ýa on iki aýuw maşgalasy ýaşaýandyr, olaryň hem haýsy gowakda ýaşaýandyklaryny bilemok. - Siziň çül çagaňyz ... - Düşündim - diýip, daýzasy Tekemuhammediň sözüni böldi-de, hezil edip güldi - Ene, çaga ösdürip ýetişdirmek üçin dünýä inýär, ol diňe çagalary bilen bagtly, onsoňam näme, Taňrynyň berenine kaýyl bolmaly... Ýöne, Hudaý beýle gürrüňleri halaýan däldir... Tekemuhammet bulary diňläp öz ýanyndan pikir öwürdi. Aýuwlarda garyndaşlyk nikasy aýp hasap edilýän bolsa, adamlarda ol bolaýýan zat, aýal dogan aýal dogany bilen, ýa-da barjamlyrak kowmy bilen guda bolýar. Aýuwlarda söýmek, söýülmek ýaly zatlar ýok, diňe sagdyn nesil öndürmekden ugr alynýar, adamlarda bolsa söýmek, söýülmek mazamlanýar, hat-da ol barada kitaplar hem çykýar, söýüşmeýän oglanyň ýa gyzyň bir kemi bar bolaýmasyn diýen netijä çenli baryp ýetýär. Adamlary pul, altyn-kümüş ýaga salýar, bularda bolsa onuň ady-sory ýok, onsoň nebis diýlen närse hem ýok. Adamlar birek-birekden synalaryny gizleýärler, kemi bolaýanda-da, ejesinden başga bilýän ýok,aýuwlarda bolsa: ”Ynha synam, syn et, kemim bolsa ýüzüme aýt” diýýän ýaly, bar zat açaçan... - Dag, tokaý, gar adamsyna eşik çydamaz - diýip, daýzasy onuň pikirini aňan ýaly seslendi - Oňa berk mata gerek. Diňe uýat ýerleriňi gizlemegiň özi gülkünç. Gizläniň bilen binamys ýa namysly bolup bolanok, her kimiň asly bolsun! Ine, men söýülmek diýen zady bilmän çaga baryny dogurypdyryn,ýöne käte gulagymyň agzynda: ”Ezizim, seni söýýärin” diýilmegini welin islemän duramok. Ol bolaýýarmy näme? Oňa derek men dagy, tokaýy, haýwanlary, şildiräp akýan çeşmäni söýýän. Ýogsa-da, dil duşman, ”dil bela-diş gala” diýen aýtgy hem bardyr, häzir bolmaly. - Biziň ilde baý, pully adamlar sylanýar... - Ýegen, pul diýeniň öýdeçimi, düzdeçi? - Şolaryň ikisem. Öz ugryňa gezip, yrsgalyňy gözlemek bizde ýok, ilki baýlyk, pul gazanmaly, soň şol pul bilen gerek zatlaryňy almaly. - Beýtseňiz maksat-myradyňyz ýok bolanokmy? Baýlygy tebigat berse bar, bermese ýok ahyryn!? - Aýdaly, tebigat hiç zat bermedi, onda aç öleýmelimi? - Bizi dünýä inderen Taňry üpjünçiligi sazlap durýar. Bu ýyl ir-iýmişi köp ýygnadyk, kesel garasyny görmedik. Käte gyş gazabyna tutup, uzak saklananda açlygam, keselçiligem bolýar. Ähli zat Taňrynyň elinde... - Türkmende: ”Taňra ynansaň ynanda eşejigiňi berk duşa” diýen aýtgy bar... - Ýaňralygyň gowy gylyk däl! - diýip, Jeren daýza (indi ol onuň hakykatdanam Jeren daýzadygyna ynanýar) onuň sözüni böldi. - Ýaňralyk, ýalan söz, ynsapsyzlyk, wepasyzlyk erbet zat, ylaýta-da zenanyň ýanynda. .. - Bolýar - diýip, Tekemuhammet onuň bilen ylalaşdy. - Men durmuşyň asyl manysyndan has daşda, ýetişiksiz gara günde gezip ýörkäm, bagtymyň ýumşajyk penjesine ilip, aýuwlar ýurduna, Jeren daýzama, Akja dogan ýaly mähirli zananlara duşdum. Men örän bagtly. - Bizi taryplanyň üçin taňryýalkasyn. Bu ýerde ýaşamak ýeňil düşmez, yzyňda ataň-eneň bardyr,gowy görýäniň bardyr, garaşarlar - diýip, Akja akja dişini görkezip, meni ýoluma ugratmaga razylaşdy. - Sen maňa duşmadyk bolsaň gaplaňlara şam bolardyň, sebäbi seniň ýüzüň gyňyr, ýolbars ony aňýar. Tokaýda ýaşajak bolsaň kalbyň mährini köpelt, ýogsam, seňem, dostuň Ýomudyň gözündenem ýadowlygyň gazabyny görýärin. - Sen ony nädip bilýärsiň? - Ony daşyňdan ýüzüň keşbinden, garaýşyňdan aňýan. - Oňa derek seň jigijikleriň gözlerinde mähir bar, ýüzleri nurana, olaryň päkizeje dulujaklaryndan öpäýesim gelýär. - Senem bolup bilseň şolar ýaly boljak bol! Bolýany?... Ynha, ýaşaýşymyzy gördüň, ýene gelip dur. Men nar maňzynyň goňur, hoz daşynyň gara, itüzümiň miwesiniň gök reňklerini alyp, guşuň ýelegini ulanyp, ak arçanyň gabygyna tebigatyň keşbini çekýärin. Indiki geleniňizde görkezerin. Häzirlikçe sag-aman baryň!... Dogrudanam, gün gijigipdi, öýe gaýtmaga wagt bolupdy. Ýomut hem bir ýanyňdan “bol” diýip goýanokdy... 12. Bu gün aýagymyň ýarasyny sary suwuklyk bilen arassalamak Akja tabşyrylana çalymdaşdy, sebäbi ol meniň nebis, baýlyk, Hudaýberdi gorkak ýaly ertekileri aýdyp, söýgi barada, birini söýmek baradaky gürrüňler bilen güýmäp oturan çagajyklarymy germewden aňry geçirjek boldy. Emma olar kes-kelläm göwnemediler. - Hany dargaň, geçiň beýläk, üýşüp gözüme gaçjak boluşyp durmaň! - diýip, Akja olary iteläp kowdy. - Goý, otursunlar, olar üçin ikimiziň ikiçäk galmagymyz syrly görünýändir. - Syr bolmaz, geçsinler diýdim, geçerler... Wah, şu Ärdöw jigim bir hili wagşy sypatlyrajykda, gözüni elek-çelek edip. - Çaga häsiýetleri meňzeş bolmaýar - diýip, men Ärdöwiň tarapynuy çaldym. - Şeýle ýagdaýda atam şuny aýdyp berýär. Birisi ot ýaly ýanasy geler, Ajalam sergezdan, alasy geler Nebis alsam diýip ölesi geler Ahyryň gara ýer-düşün adamzat! - Dogry, sen nebis, baýlyk diýlen zada düşünýän dälsiň, oňa düşünmäniňden gowusy ýok. Şeýle dälmi? - diýip, men Akjanyň owadan gözlerine hyrydarlyk bilen bakdym. Akja hem özüniň üýtgeşik mähirli, özüne çekiji gözüniň gytagyny aýlap, ýanymda çökdi. Ejem duzaklary barlamaga gitdi, ýaraňa men seretmeli bolýan - diýip, Akja barmajyklary bilen aýagymy ellände, men birhili tisginip giden ýaly boldum. Muňa bolsa bir ýerimi agyrdandyr öýden Akja müýnli ýaly çiňerildi. Edil şol pursatam Taňrynyň gudraty bilen ýokardaky kiçijik deşikden günüň şöhlesi onuň nurly ýüzüne düşüp, has-da nurlandyrdy, çalaja güne ýanan al ýaňaklar şeýle bir özüne çekiji, kämildi welin, barmaklarym gijäp barýardy. Meniň islegim ýetjek derejä ýetende, zaryn iňläp, dodagymy dişledim. Özüme erk edip bilmerin öýdüp gözümi ýumdym. - Agyrtdym-my? - diýip, Akja ýüzüme çiňerdi. - Näme diýýäň? - diýip, men aýagymyň agyrsyny ýadymdan çykaryp, laňňa ýerimden galdym, emma Akja seresaplyk bilen meni öňki ýerimde ýatyrdy. - Sen asyl gaty bezzat hem ekeniň-ä! Oglan, oýun etme. Sen dil duşman diýen düşünje ýörgünli diýýärsiň, emma agzyňa aljak bolýan zatlaryň ýa manysyna düşünmeýärsiň, ýa-da düşünjek hem bolmaýarsyň. Durmuşy geplemänem ýeňip bolýar. Dil bela, diş gala diýleni, galadan diliň çykmasyn. - Ol-a, dogry, iki barmak dilinden çoçgara çolaşyp ýörenler gyt däl. Akja, sen birini söýüp gördiňmi? - Söýmek diýmek bir zady gowy görmek bolýan bolsa, onda, men dagy, tokaýy, onuň haýwanlaryny, şildiräp akýan çeşmäni halaýan, olardan adyllygyň, asudalygyň, gözel tebigatyň nury çaýylýar. - Men saňa Akja diýýän welin... - Ilki adymy nireden bilýärkä diýdim, soň ejem aýdandyr öýütdim, asyl ony özüm tapdym diýsene! Hawa, adym Akja, has dogrusy, ejem maňa Aýperi diýýär. - Aýperi, sen meni aýuwlar ili bilen haçan tanyşdyrjak? - Aýagyň gowja bitsin, oglan, gyssanma, sabyr et! - diýip, ol çiňerilip-çiňerilip seretdi-de. - Ol, ýaňy aýdyp beren ertekiňdäki, seň ugruňda eräp-akýan, kalbyny köýdürýän gyz şumat nädýärkä? - diýdi. - Hä, o gyzmy, bilmedim - diýip, men gümmi-sümmi jogap gaýtardym, sebäbi öňki aýdan gürrüňleriniň ertekidigini bilýärdim, bizde erteki hiç zatdy, emma aýuwlarda agzyňdan bir gep çykdymy, bolaýmaly zat hasap edýärdiler. - Men şeýle gürrüňler edip özümi kösäpdirin, köpräjik ýaňrapdyryn, öteräjik geçipdirin, indi men köpräjik baýlyk toplamagyň gamyny iýýän. Biziň ilde baýlyksyz sen hiç kim, iýjek bolsaň işlemeli, gazanç etmeli, gazanç etseň islän zadyňy alarsyň, meselem meň gowy görýän hoz, pisseşämi alsa bolar... - Ony biziňki ýaly ösüp oturan ýerinden alsaň bolmaýarmy? - Ýok, ol gadagan. Meselem aýdaly, däne ekýäs, emma uny başga ýerden almaly. Şeýdip, biziň matlap-maksadymyzy ýok edilýär. Şol wagt duzaklary barlamaga giden daýzam alyp gelen towşanlaryny goýup, aýagyma seretdi. - Ýara bitmezek bolýar - diýip, ol seslendi. - Ýöne seňki çalt biter. Ýelginli pahyryňky welin bitmedi, gaplaňyň dişi beýnä çümen borly - diýip, ol sözüni dowam etdi. - Iki ýyl mundan öňem edil şu günki ýaly güneşli, emma aýazlyja howalydy. Duzaklary barlamaga giden daýyň wagty bilen dolanmady. Howsala düşüp, men onuň duzak guran ýerlerine aýlanmaga gitdim. Negä-de bir sülgün ýa towşan düşerdi, olaňam eti üçin däl, derisi üçin soýardyk, sebäbi men negäde bir bolaýmasa çagalaryma et iýdirmeýärdim... Aýu dere diýilýän jülge günbatardan gündogara uzalyp gitse-de, soňy günorta, daglyga siňýärdi. Gadym zamanlarda içi dolup suw akan bu jalge diýseň gözeldi. Sil suwunyň getiren harsaň-harsaň daşlarynyň arasyndan çykan hoz, injir agaçlary ýaýrap ýatyrdy, şildiräp akýan çeşme daşlaryň düýbüne siňip gidýärdi, deräniň daralýan ýerindäki gowaklaryň agzy garalyp görünýärdi. Bu gowaklarda köp sanly aýuw maşgalalary ýaşapdyrlar. Häzir olaryň sanaýmalysy galypdy. Öwrüme golaýlaşdygymça, birahatlyk tapyp, ýüregim agzymdan çykaýjak boldy, bir zat bolmadyk bolanda ol öýe dolanmalydy ahyryn diýýän. Öwrüme ýetenim şoldy welin, açyk, tekiz meýdança-da gaplaň çagasynyň aýagyny kakyp ýatanyny gördüm, onuň ýanynda bolsa daýyň, başyny ýaýkap, hyrçyny dişleýär. Ýüregime pyçak sanjylan ýaly aýylganç gygyrypdyryn, dag sesimi alyp, gynanjyma goşulýan ýalydy. - Gynanma! - diýip, daýyň üm bilen bolan wakany düşündirdi. - Ýaş ýolbars öz doganlaryna-aýuwlara topulmaly däldigini bilmändir, birden üstüme bökdi, garşylyk görkezmeli boldum. Mende başga çykalga galmady. Enesi gelmänkä biz mundan uzaklaşmaly... Biz başardygymyzdan ol ýerden tiziräjik gaýtdyk, näçe gyssansagam ene gaplaňyň bizi tapjagyny anyk bilýärdik. Biz eýýäm köp ýyllardan bäri asuda ýaşap gelenem bolsak, bu eýýäm aýular bilen ýolbarslaryň arasynda dörejek nobatdaky uruş diýseňem boljakdy. Iki tarapdanam degmedige degilmez diýen düşünjä eýerilip gelinen hem bolsa, tejribesiz ýolbarsyň herekedi serarly ol bozulypdy. Edil pikir edişimiz ýaly deräniň harsaň daşly, öwrümli ýodajyklaryndan düşüp gelýärkäk, ene gaplaň öňümizden çykdy-da, aýylganç arlap, öňki aýaklarynyň üstüne galdy… Men özümi parçaladaýyn ýöne çagalarymyň ekleýjisini aman galdyraýyn diýen niýet bilen onuň üstüne süründim. Ony geň görýän ýaly ol duran harsaňyň üstünden böküp, beýleki bir daşyň üstüne bardy. Men “Bilýän, gaplaň, saňa peleň hem diýýärler, senem ene, çagaň ölümi üçin ar aljaksyň, aryňy, özüň ýaly eneden al. Bilýämiň, seniň şol çagaň soňky döwürler, gaýybana gezip ýören mallary parçalamagy endik edipdir, hat-da güýjüne baýrynyp, gören zadyna topulyp başlapdyr. Meň ekleýjime hem topulypdyr, olam goranypdyr, bolany. Sen ýoldaşyň şir-ýolbars bilen çagaňa gowy terbiýe bermänsiň, terbiýesiziň kimem bolsa biri öňünden çykmaly bolar-a” diýip, onuň öňüni gabaladym welin, ol ýene aýylganç arlady. Men onuň arlamasynda gahar-gazaby, ar-namysy duýdum, göýä diýersiň aýylganç ses gaplaňdan däl-de dereden çykýan ýalydy. Ýelginli bolsa: “Aýryl onuň öňünden, goý, dikleşip göwün solpudan çyksyn, men doganymdan çekinemok” diýip maňa gygyrýar. Şol aralykda gaplaň ýere ýazyldy-da, birdenem meniň üstümden böküp, arkasyny harsaňa diräp duran Ýelginlä topuldy. Ýylçyr daş örtükleriniň üstünde başa-baş söweşe giren, gulan süňkünden ýasalan ujy çiş ýaragyny eline alyp ýetişen Ýelginli, azajyk gowşaklyk etse özüniň tüýt-müýt ediljegini bilip,bir eli bilen ýyrtyjynyň demir penjeli dyrnaklaryndan goranjak bolýardy, beýleki eli bilen bolsa gaplaňyň böwründen sançýardy. Agyr urgular Ýelginliniň ýüz-gözüni, endam janyny pers-ala edipdi. Ilki aljyrajak ýaly etse-de soň özüni tejäp, urulýan urgulara, akýan ganlara döz gelip, tutluşyp ýatan ýerinden ýyrtyjynyň böwründen ençeme gezek sançmaga ýetişdi. Sansyz urgulara çydamadyk gaplaň birden dört aýagynyň üstüne dikeljek ýaly etdi-de, şalkyldap gaýtdy. Ol iň soňky gezek aýylganç sesi bilen arlady. Aldym-berdimli söweş ikisiniň hem jany çykýança dowam etdi. Dogrusy, gaplaň ilki jan berdi. Üsti-başy durşuna gana boýalan Ýelginli aýak üstüne galjak boldy, emma pers-ala bolan ýerlerinden akýan gan galmaga maý bermedi. Ol gaplaňyň iki-üç ädim golaýynda jan berdi. Ýylçyr daşlaryň üsti gyzyl gana boýalandy, gaplaňyň demir dyrnakly penjeleriniň gan gatyşykly yzlary daşlaryň ýüzünde mese-mälim bildirýärdi. Bu wakanyň şaýady bolan men örän aýylganç haldadym, şonda-da men mertligime, özümi ýitirmän sowukganlylyk bilen hereket edenligime häzirem geň galýaryn. Daýyň “pyçagyny” alyp gaplaňyň derisini sypyrdym-da, daýyňy onuň üstüne ýatyryp, daşda bolmadyk gonamçylyga süýräp eltdim, üstüne daş üýşürip ýere duwladym. Soň, daýyň süňklerini alyp, ýaşaýan gowagymyzyň iň hormatly ýerinde goýdum... - diýip, daýzam gözüniň ýaşyny syldy. - Diýmek, aşagyňyzdaky deri şol gaplaňyňky-da? - diýip, men deriniň ýüzüni sypaladym. - Daýza, maňa gulak assaňyz, bu ýerden oba gideliň! Ejem sizi gujak açyp garşylar! - Men-ä öwrenişerin welin, çagalarym ol ýerde ýaşap bilmezler. Towşana dogduk depe diýleni. - Men sizde ýaşaýaryn ahyryn!? - Sen-de, öýe dolanaryn diýen umyt bar. Wagt geçer, bu günleriňi düýş ýaly ýatlarsyň. Eger gidäýseň welin, Aýperi solup-salarar. Aýagyň gowy bolar ýaly köpüräjik hereket etjek bol, Aýperi bilen duzaklary barlamaga gideniňde aňsat bolar... Ýeri gelende men saňa bir zat aýtmaly. Aýu-larda, meňki ýaly eklenjisini ýitiren aýaly äriniň ýakynyna dakma dessury bar, eger ýakyny ýok bolsa, aýalyň ýaşaýan gowagyna ilkinji aýagyny atan adam şol öýüň eýesi bolmaly. Galanynam özüňe bagly, ýegen! - diýip, ene onuň ýüzüne dykanlap seretdi. - Daýza, ýaňy gepiňizde daýym ýolbarsa doganym diýipdir, şoňa düşünmedim-le? - Bir döwürler ýolbars bizden, Aýuwlardan bolupdyr, asyl siňe seretseň onuň ýüzem adama meňzäp durandyr. Bir gün ol ýaňaklary nar ýaly günden gözel, aýdan aýan bir näzenine aşyk bolupdyr, söýgi oduna ýana-ýana syratly, nurana ýigide öwrülipdir-de, gyza söýgüsini syzdyrypdyr. Şeýdip olar tanyşypdyrlar. Gyzdan ilki ýolbars çagalary dünýä inip, özlerinden köpelip gidipdirler. Şeýdip, olar aýular bilen garyşyp, agzybirlikde ýaşapdyrlar. Muňa gözi giden bir pygly ýaman adam ýolbars çagasyny öldürip, olam aýularyň işi diýip gep ýaýradypdyr, şondan soň aramyzda ilkinji uly uruş turupdyr. - Diýmek, daýymyň ýolbarsdyr gaplaňa doganym diýmesi mundan gelip çykýa-da? - diýip, men bu rowaýata onçakly bir ynanyp barmasamam soradym. - Bu gün aýuwlara meňzeş dälligiň üçin doganyň öldüriljek bolsa... - Ýegen, daýyň özüni gorady. Her nämede bolsa ol günä iş etdi. Ol meň çagalaryma betbagtlyk getirer, maňa indi onuň aşagyndan çykma ýok. Wah, men ne günlere düşdüm diýsene... Şo gün kakamdan gaçyp daga çykmadyk bolsam-a, ykbalym başgaça bolardy - diýip, daýzam gözüne ýaş aýlady, soňundanam gürrüňini dowam etdi. - Biziň gaýa gysylyp oturan baýyrdaky obajygymyz onçakly bir uly hem däldi. Iki ýassynyň goýry garaňkysy sallançaga salanam bolsa, ana, obamyzyň hatarynyň çetinde oturan köneje külbämiziň gowry peselmedi. Maňa ýaňy gudaçylyga gelip gidipdiler, ine onsoň ejem jigilerim bilen meniň toýumyň maslahatyny edip, giç agşama çenli ýatmandylar. Şol günüň ertesem meň saňa öň aýdyp beren wakam boldy. Şondan soň Kakamdan gaçyp bir dag daşyna duwlanyp, eglibräjik oturdym. Şol bada hem özüme tarap okdurylan äpet bir garany görüp, haýýatym başymdan göçdi, dilim tutuldy, nämäniň-nämedigini aňşyryp aňşyrmankam, eýýäm haçan haýsydyr bir tüýlek peläket meni arkasyna aldy-da, edil gözüne urulan ýaly aýak aldygyna düwdenekläp barýar. Men çirkin gygyrýan, kakamy, ejemi, jigilerimi kömege çagyrýan, emma her bir ýerden etläm-sätlem edip barýan peläketiň kim yzyndan ýetsin! Gör-ä, meň sataşyp ýören zatlarymy? Gijeniň garaňkysynda aglap-eňränim bilen dadyňa kim ýetişsin? Her zatda umydy elden bermän, erbet agymy, kömek soramamy goýmadym, ahyrym öz sesimden özüm ýadap, kysmatyma kaýyl gelmeli boljagymy,daş-diş başa gelenini çekiberenden gowusy bolmajagyny aňdym... Daýawdan tüýlek gara zalywadyň bolsa şol ýegdekläp oturyşy, daşam bilenok, dagdyr-gaýanam, eňip barýar. Ahyrym ol agaç atyp, üstüni köprüläýmeli dar derä düşüp, herekedini haýallatdy. Haçanda daragtlaryň derdinden eglip geçmäge gezek geliberende sagynjyraga-da aýak saklady, soňam edil syrtyna bir howp abanýan ýaly garanjaklady-da, meni usullyk bilen arkasyndan düşürdi… Diňşirgenip ep-esli oturdy. Gözedürtme garaňkyda süňňümi saklabilmän sazanaklap başlanymda, ol meniň ýüzümdir sagrymy sypalap, bir bagryna basdy-da, gowagyna girdi ötägitdi. Şeýdibem, bu gowakda ornaşyp, gün-güzerana gadyrdanyp ýören obaň iň syraytly, iň görmegeý hasap edilýän, durmuş toýunyň sähedi bellenen gyzy aýuwyň aýaly boldum galyberdim. Öýüm şu gowak, onuň agzam diňe aýuwyň gýji ýetäýjek düýäň ýary ýaly mähnet daş bilen baglangy. Onsoň gaçaryn-gutularyn diýen umydym galmady. Haýsydyr bir ýerden şirläp gelşine, suw kädi batyraýmaly çukanajyga pyşyrdy bilen guýulýan çeşmejik soň ses-selemsiz daşlaryň arasyna siňip gidýär, dik-depäňdäki yşdanam, görşüň ýaly, asman görünip, sähelçe ýagtylyk düşüp dur. Iýmek-içmekden gysylmadym welin, ilki-ilkiler ýürek gysyp, tas ölüpdim. Ol bolsa maňa bir gün towşan, bir gün sülgün, käte ýaraty dag goçuny hem alyp geläýýär. Ýaz çyksa hep-hezillik, töwerek-daş durşuna miwe, ir-iýmiş. Men oňa şeýle-şeýle diýip, elim-dilim bilen düşündirýän welin, ol görgüli, şondan bäri köne keýik derisiniň arasyna salyp, tapan zadyny şol daşap ýör. Soňa baka-ha azda-kände geplemäni hem öwrendi. Şeýdip, ýarym ýabanylyga ýetişime, bir gün siňe seretsem,asyl garnymam gäberilip gidipdir. Agzymyň bimaza bolanynam bilmän galypdyryn. Bä, aý-günüm dolup, birden burgum tutuberse nätmeli bolarka? Ol köpi gören, iň aýran-jöwran aýallaryňam-a gözüni tegeledip, aňyrsyny bärsini diňledýän zatdyr özün-ä, ýa gyssanybersem öz aýuwyma obamyzdaky öz göbegenem bolan Jemile Halany äkel däýsemmikäm? Şeýle hyýala geldim-de, aýuwyma: ”Biziň öýmüziň aňyrsynda Jemile atly garry aýal ýaşaýandyr, şony alyp gel, goý, bilimi tutup, boljak çaganyň göbegini kessin! Gaty berk tutmasaň, al salyp gaçar-da, saňa el bermez” diýdim.. ”Ho-o-oş!” diýip, hasanaklap giden aýu,assyrynlyk bilen Jemile enäniň işigini itýär. ”Waý-ý, bu ne yşarat, Alla janlarym eý-ý!” diýip, ene gorkýar, ”Bol, git, çaga boldy, seret” diýip, ol gepini zordan düşündirýär. Onuň gözüni görenden niýetini aňan garry: ”Bor, bor, häzir zatlarymy alaýyn” diýşine dessine şaýyny tutmak bilen bolýar, aýu bolsa: ”Bil, ogul gerek, ogul bol, gyzyl bar, gyz bol, ho, ho sen öler, ho, ho!” diýen-de, garry: ”Bä, şeýdäýjekmidiň? Onuň ýaly bolsa, dur hany, ätiýaçdan üşenek torbamdan mumdyr uşlybam alaýyn” diýen garry zatlaryny bir çalça ýyrtyga dolap ugraýar. Daşary çykan batlaryna aýuw: ”Ho, ho hop”diýip,ony arkasyna alyp,gönümel jünäberýär. Obaň ähli itlerem onuň yzynda. Olara barmysyňam diýenok. Bolsa-da Jemile enäň sähel-mähel eýle-beýle zada ýüregi ersip, tüýi tisginmesi ýok. Dag eteginde ýaşasaň eýle-beýle zatlara garaşybermeli. Ýöne aýuwyň her ýerden bir basyp, harsaňdan-harsaňa towsup, atylyp barşy, onuňam aňkasyny aşyryberdi. Onuň gözüni ýumuşyna düwdek bolup, aýuwwyň ýeňse çukuryndan çogdamlanyp çykan çokulyndan ýapyşyp ýatyşyny dagy diýsene. Şeýdip gowaga eltilen Jemile daýza, meni görüp, dilini ýuwdan ýaly köp oturdy. Menem, ejemi gören ýaly, uly ilim bilen horkuldap aglaýardym. ”Wah, jan balam, bu senmidiň? Asyl sen bu mahlugyň eline düşüpmidiň? Wah,waheý. Biz bolsa ýok zatlaryň pikirini eden ekenik. Gör-ä, bu bolýan zatlary? Ejem pahyr” Aýuwlar oba aralaşyp, aýal-erkek ogurlardy, gowagyna äkidibem ulanardy. Käte olar daga-damana kowlan ýabylaram çapyp oýnardy. Olar birhili bet ýakym. Bimahal gelip, köne keçedir, uýan-gamçy ogurlaýmalaram bar. Özleri agzyňa öýkünýän ýaly, ”çüw” diýseň, ”çüw“ diýer, ”ur” diýseň ur diýer, gülse dagam eňekleri jakyrdar welin, üýşenip gidersiň. Iki dagy bolsa ellerini çatyp,çagasyny üstüne oturdyşyna, gönümel daga dyrmyşyp gider. Olar ýarym adam,öldüräýseňem ýarym adam huny bardyr” diýip, kän gürrüň bererdi, ýöne men ol zatlara ýalandyr öýdüp, pytywa kylmadygam bolsam, bu-ýa, asyl, beýle oguşýa. Şu myrryh gaçyp-tezmeziň üçin seň dabanyňy ýalan-a däldir-dä, hernä?” diýip, garry sesine dyngy berdi, ”Ýok, ýalamady, ene, ýöne gapyda goýan daşyny gozgar ýaly bolmady” diýip, jogap berdim. “Gulagyňa degendir-ä, könelemmizde “Nä aýagyňy aýy ýaladymy?” diýen gep bolmaly, kä aýuwlar-a ogurlanlary gaçaýmaz ýaly, olaryň dabanyny tä gyzyl jijjigi çykýança ýalap taşlarmyşlar”. ”Oň ýaly zad-a etmedi welin... Aý, indi men-ä öwrenişiberipdirinem, iýgi-içgidenem, çyg diýäýmeseň, kemimi goýanok. Özümem birhili ony höwür tutunypdyrynmy, nämemi? Giden ýerinden wagtynda köwlenmese, howsala düşüberýän-dä. Ýöne ozal göwrelilik başyma düşmänsoň,siz ýanymda bolup, derdimi ýeňledäýseňiz diýdim-dä!” diýip, men jogap berdim. - Aý bor-la, iň gowy ýeri senden uç bildik - diýdi-de, ol göwrämi sypaň-sermeň edip, gowaga aýlandy, çeşmeden el-aýagyny ýuwup - Gowy suwuňyz-a bar ekeni, jan guzym” diýdi. ”Suwumyz-a bardyr welin, Jemile ene, indi bu-ýa çynyrgadyberjegem ýaly-la” diýip, men buruljyrap ugranymdan soň, kän wagt geçmänkä-de jägildi eşidildi. Jemile ene bäbejigi eline alyp görse, gyzjagaz, şujagaz Aýperim. Emma köp çarşenbäni başyndan geçiren garrymydyr aljyrajak: ”O-how, balam! Ogluň boldy, buşluk, ogluň!” diýip, çyna berimsiz edip gygyrdy-da, onuň gepine güp ynanyp, hoşnutlyk makullamasy bilen ýüzüme seredip duran aýuwyň gözüne çöp atyp, ýasan ujudyny eriş bilen gyzjagazyň göwresine berkitdi, ”Ine, serediň-ä, bu gop-goçajyk oglanjyga!” diýip, ojagazy derä dolap, meniň goltugyma tutdyrdy-da - Ana, indi emdiriber, ýaşam uzyn bolsun!” diýdi. Onýança-da, garrynyň gepine güp ynanan aýuw gowagyň has garaňky burçuna girip, bir zatlary şagyrdadyp geldi-de, garrynyň synyna guýdy. Soňam ony öýne eltip gaýtdy. Ine, Aýperi gyzym şeýle ýol bilen oglanjyklygyndan gyzjagaza öwrüldi. Gyzjagazym bilen halys öwrenişip gidensoň-a, ärim özüniň aldananlygyny bildem welin, indi giçdi. Öňräjik bilen bolsa göbek ene diri galmaly däldi, ýöne, ilkinjimiň gyz bolanyna men az begenmedim, ol maňa kömekçi, ýürekdeş boldy - diýip, ene sözüne dyngy berdi... Az salymdan ýene seslendi - Häzir-ä aýuwlar azaldy, men bu ýerlere düşen uçurlarym köplükdi. Aýuwlar adam ýaly bolsalaram, akyldyr-üşük, pähimdir-paýhas babatynda kän bärden gaýdýarlar, ondanam adamlar peýdalanýarlar. Gelenime iki ýyl geçensoň, adamym meni Aýuwly derä pisse ýygmaga alyp gitdi. Ol ýere barsam başga-da bir aýuw aýal çül çagasy bilen pisse ýygyp ýör, ýyganlarynam sebede salýar. Enesi pisse kakýar, çagalaram çöpleýär. Sebet agzy-burny bilen dolanda, ene alagetdin, agyr sebedi göterdi welin, ozal sähel güýç gördügi düýbi açylar ýaly edilip örülen sebediň aşagy gapak kysmy bolup sypdy-da, bar çöplänleri paýrap gitdi. Aýu pahyr sebediň düýbüni ýerine eltip, ony sypmaz ýaly etmäň-ä ugruny tapyp bilenok, pisseleri salsa-da, ýene bary aşak gaçyp dur. Teý ahyry janynyň ýangyjyna sebedi bir ýerik,gapagam bir ýerik bulap urdy-da, gyzyl-ýaýryt bolup ýatan pisselere seredip esli durdy, soňam görgüli jüýjelerini tirkedi-de gidiberdi. Asyl, adamlar al salyp,aýuwlara şeýdip pisse ýygdyrýar ekenler. Aslyýetinde, ýadyma düşýär, ejem pahyr maňa: ”Hakyky halal süýt emen kişi “gazanmadygyň gadyrsyz” diýen ýörelgeden ugr alyp, diňe öz çanagyňy ýalamaga çalyşmalydyr” diýerdi. Adamlar şeýdip pisse ýygnasalaram, ýygnanlary özlerine siňýän däldir. Şon-a men bilýän... - “Aýuwlar sada, kalplary çaga ýaly, maşgalasyna welin diýseň wepaly” - diýip, atam maňa bir wakany gürrüň beripdi - diýip, men gürrüňe başladym. - Bir gün obamyzyň atly mergeni, düýesini ýolbars alana şol ýolbarsy, ýylkysyny gaplaň alana şol gaplaňy getirýän Ýolum mergen ýitipdir diýdiler. Ol azaşmaly däl, diri bolsa gaýdyp geläýmeli... Ençeme ýyllap ondan gördüm bildim bolmady. Ahyrym öz ugurtapyjylygy bilen öýüne gaýdyp geldi. Asyl ony döw ýaly bir aýuw aýaly ogurlapdyr. Birek-birege ysnyşyp, gyzjagazy hem bolupdyr. Bir günem gyzjagazynyň aşagyna ýüň düşäp durka bir täsin pikir kellesine gelýär. Otaga kysmy ýüňden inçejik ýüp işip ugraýar, boldum edibem onuň ujuny aýalynyň eline tutdyryp: ”Ine, şuny äkit-de, bildirmän, ýazlaga göçüp gelen öýleriň biriniň işigine dakyp gaýt” diýýär, aýalam onuň näme etjek bolýanyny aňşyrman, daňyň öň ýanynda, uka giden itleriň üstüne gyraw ýasaw çyg düşüberende, gümmezekläp oturan ak öýüň zülpesine ýüpi dakýar. Şeýdip mergen, obasyna özüniň barlygyny bildiripdir. Oba adamlary ýüpi yzarlap kötelden-kötele aşýarlar. Bir görseler ýüp gowaga girip gidýär, ýöne onuň agzyndaky daş gozgadarly däl. Onsoň ýatan bir agajy aşagyna sokup,zordan daşy beýleräk süýşürseler, Ýolum mergen gözüni ýyldyradyp otyr diýýä. Ol gaýtjak bolanda gyzjagazyny hem aljak bolýar, emma oňa ýol bermeýärler. Mergen ýazlagçylaryň arasyna gelende, haýranlar galaýmaly başdan geçirmesini onuň dilinden diňlejek bolup, bar kişi gara heläk diýýä. Iki-üç gün geçiberende adamlaryň gulagyna “Ýolum uwww! Ýolum Uwww” diýen ses gelip ugraýar. Ol ses bir hepdeläp eşidilýär. Soň oba adamlary aýuw aýalyň özüni we çagasyny gorpdan taşlandygyny bilýärler. Ine, olaryň şeýle gyzgyn söýgüsi bolupdyr... Men bulary gürrüň berip otyrkam Aýperini, onuň bilen duzaklary barlamaga gidişimi, maňa bolan gatnaşygyny, meniň oňa bolan gatnaşygymy saldarlap görýärin welin, bir tarapdan onuň beýle gyzgyn söýgüsine gorkmanam duramok, şol bir wagtda gowagyň ýerleşýän ýerini, oňa barýan ýol-ýodalary anyklap bilýänligime begenýärin. Gowagyň içiniň howasy hem erbet däl welin, jülge tebigaty meni edil magnit ýaly özüne çekýärdi, asla, men ondan doýup bilmeýärdim, ýogsam, obamda malyň yzyna düşüp, sähramyza aýlanýan wagtym hem erbet howa diýip biljek däldim, ýöne bu ýerini oba bilen deňeşdirer ýaly däldi. Onuňam sebäbi, tebigatda adama, janly jandara bolan ýigrenç, içigaralyk duýgusy ýokdy, adamda bolsa tersine. Adam tebigata kömek edenden-ä geçen, başarsa onuň kada-kanunlaryny äsgermezçilik etjek, ýeriň eýesi diýip döşüne kakjak. Ýogsam, müdümi ýaşlyk ýelginine ýugrulan tebigat adamlary hem garratjak däldi ahyryn. Onsoňam bu ýeri üýtgeşik täsin, aduda, hiç hili goh-galmagal, dawa-jenjel, ýa başga ýakymsyz sesler eşidilmeýär, şuwlaýan şemalyň, togalanyp dagdan gaýdýan daşyň, guşlaryň her hili sesleri, käte bolsa edil ýanyňda ýaly arlaýan ýolbarsyň sesi umumy asudalygy bimaza edäýmese, başga zat ýok. Howanyň durnuklylygy, ösümlik dünýäsiniň ajaýyplylygy, dag depelerini bezeýän dürli adaçlaryň täsin öwüşgini özüne bendi edip, birhili beýhuş ediji täsiriuni ýetirýär. Beýik dag gerişlerini örtýän lember-lember bulutlar dumanlap, kä ýeriň harsaň-harsaň gara daşlarynyň düýbünden syzylyp, ägirt uly agaçlaryň arassy bilen şildirä akýan çeşmejiklere nem paýlaýar. Käbir çägesöw ýerde çeşmejik kiçijik köljagaz döredip, eňňit ugruna görä, tokaý jümmüşine herekedini dowam edýär. Şeýle ýaraşykly, her hili ala-mula ýaprakly ösümlikleriň gurşan gözel ýerinde arkanlygyňa ýatyp, diýseň gözel gök asmana bakyp, bar zady ýadyňdan çykaryp, uzak wagtlap dynç alasyň gelýär. Aýularyň arasynda bir zada anyk göz ýetirdim, olam aýular-ha däl, bu ýeriň wagşy haýwanlaram ýürekdeş bolup göründi. Bu ýerde seniň häsiýetiňden gowuşgynsyzlyk, gowşaklyk aýrylýar, şöhratparazlygyň, ýaranjaňlygyň ýitirim bolýar. Şonuň özi näm-ä degmeýär? Ýogsam olar seni ganatlandyryp goýbermekden başga-da, aklyňa, duýguňa meçew berip, ömrüň manysyny püçege çykarýar ahyryn. Iň gowy ýeri aýuwlarda beýle häsiýetler ýok, olar tebigatyň özi ýaly. Mysal üçin Aýperi öz bagtyny tebigat bilen el-ele berşip ýaşamakda, hasylyny göterip bilmän egrelýän şahalara goltgy-söýeg bermekde, bir sebäp bilen guran şahalary aýyrmakda, kesellän baglary ot-çöp bilen bejermekde görýär, garnynyň aladasyny etmän, tebigatyň aladasy bilen ýaşaýar, şeýdip, paýhasyny durlaýar, çuňlaşdyrýar, ýitileşdirýär. Adamlarda nähili? Olar diňe öz garnynyň aladasy bilen ýaşaýar, ýagny iýmek üçin ýaşaýar, aw etmeli bolanda, gyşa odun gerek bolanda, ir-iýmiş zerurlyguy ýüze çykanda, keýpi-sapada, diňe şonda tebigaty ýatlaýar, onuň edil özi ýaly janly zatdygyny, ynjykdygyny, sähel zady hem göwnüne alýandygyny unutýar. Ýöne, ol çydamlydyr, belli bir pursa-da çenli çeker-çydar, sylag-hormatyň, direg-söýegiň azalýan döwrüne çenli çydar, soň welin... Onuň netijelerini diňe Alla biler. Menem edil şonuň ýaly, käbir adamlaryň ruhumy-duýgumy öz isleglerine görä ugrykdyrjak bolmaklaryny, kimi söýüp kimi söýmeli däldigini öwretjek bolmaklaryny islemän dag-düzlerde ýaşamak isleýänligimi ýaňzydanymda: ”Sen diýmek, gowy görmeýän gyzyňa öýlendirjek bolýandyklary üçin öýüňden gaçýarsyň-da?” diýip, Aýperi ýüzüme çiňerilýär. Men oňa ”Aý, edil beýlede däl” diýýärin, onda ol: ”Sen gyňyrlygyňy taşla-da, kalbyňdaky mähir uçgunlaryňy köpelt, dostuňam gözünde agyr ýadowlygy, gazaby görýärin” diýýär. ”Sen ony dädip bilýärsiň?” diýsem, ”daşyňdan, ýüzüň keşbinden, garaýşyňdan aňýan,sen şeýle bir gülkünç hem goragsyz,ýöne nämälim bir täsin höküm ediji güýjüň bar. Adamlaryň hemmesi şeýledir” diýýär, ”Oňa derek gör, jigijikleriň gözleri päkize, ýüzleri nurana, bagryňa basaýasyň gelýär” diýip jogap bersem, ol ”Senem bolup bilseň şolar ýaly bol” diýýär. Men düýn duzaklary barlamaga gidenimde, gowagyň agzyndaky äpet daşyň nähili açylyşyny öwrendim, giden yzyňy tapar ýaly gizlin belgileri gördüm, özi edil maýmyn ýaly, daşdan-daşa çalasyn böküp bilýänem bolsa, Aýperi maýmyn sözüni eşideninden ölenini gowy görýändigini bildim. Aýperi şonda şeýle bir ýygryldy welin, üstümize abanyp duran gaýa daşlaram bir hili ýygrylan ýaly boldy. Ol käýiner öýtdüm, emma ”Oglan, sen görmegeý!” diýdi oturyberdi. Men eşidenlerime ynanmajak bolup, gyza bakdym, ol bolsa aljyrap-gyzardy-da, dodagyny dişledi… Men gülümsiräp, ýüzümi asmana tutdym-da: ”Aýperi, hoş sözüňe minnetdar, ýöne senem owadanlykda gyz öňüňe geçirmersiň! Şu inçemik kaddyňa ýekeje gasynsyz gyzyl keteni geýdiräkgetdän, owadanlyk ýaryşyna çykaraýsaň, öňüňe gyz geçmez... Meniň sözüm Aýperiniň ýüreginden turan bolmaly, onsuzam ýalpyldap-ýanyp duran garaja gözleri gaýtadan janlandy, dodaklary garagolja tirpilde-di, esli salym görmekli ýüzünden, mylaýym syrly ýylgyryş aýrylmady... | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |