11:27 Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy | |
13. Men heniz ýüzi açylmadyk, durşuna syr bolan bir gözeli çynlakaý gowy görüp bilmesemem, Aýperiniň özüni alyp barşy welin, biparh goýmady. Onuň kalbyndaky harasat daş çykyp, başyny aýlaýana, akyl-huşuny ýitirýäne meňzeýär. Maňa gözi düşdigi ýüzi-gözi gülüp, töweregini şatlyk-dabara gurşaýar. Şonda ol durmuşda ýaşamagyň hezildigi barada samraýar, telwas urýan kalbynyň nirädir bir ýerlere ymtylýanlygyny aňdyrýar. Şeýle halatda şadyýan garaýyşly, sesi mylakatly gyza öwrülýär. Onuň maňa bolan syrly garaýyşy göwnümi göterip, ýakymly duýgulary oýarsa-da, entäk oňa jogap bererden ejiz gelýärdim, has dogrusy hälki mergeniň düşen ýagdaýyny ýatlap, azajyk gorkýardym we birneme gaçgaklaýardym, ýogsam gözelligiň gadryny bilýän gyzyň päk duýgusy, oba gyzlaryňkydan has ýokarydygy aýandy. Soňky günlerde läheň-läheň daşlaryň üstünde oturyp, uzak-uzak gürleşdik, ýaz paslynyň gelenini hem bilmedik. Bir gün öňki oturýan ýerimizde dag jereniň owlajygyna gözümiz düşdi, ol dagyň gök-parç bolan otlarynyň içinde, meýmiräpjik ýatyr, şeýle bir eýjejik, şeýle bir näzikden gözel welin, Aýperi: ”Ynha, tebigatyň diňe şujagaz gözelligi üçinem ýaşasyň gelýär” diýdi. Ol begenjine, şu giň derä sygmaýan ýüregini ýaraýjak bolýardy, owlajygy bagryna basyp, ogşap-ogşap: ”Şujagaz owlajyk men-de umyt uçgunlaryny oýarýar”diýip, gözüne ýaş aýlady.... Bir günem daýzam meni howsalaly garşylap: ”Gyzymyň haly harap, gözüni asmana dikip ýatyr, bar-da, göwnini awla! Men jülgä aýlanyp geljek” diýdi. Aýperi aýaklaryny ýygryp, kellesini eli bilen ýapyp, bir gyzym bolup ýatyr. Dogrusy, gözgyny bolup ýatyşyny synlamak ýeňil del, ýöne daýzamyň: ”ýalan sözle welin göwnüni tap” diýeni täsir edip, onuň gapdalynda çökdüm. - Aýperi, gyrmyzy keteni geýdirseň-ä, sen şeýle bir owadan, şeýle bir syratly... - Aldaňok gerek? Çynyňmy? - diýip, ol gözi ýaşly başyny galdyrdy. - Çypbakaý çynym. Saňa goşgy hem goşdum, diňle! On dördi gijäniň nurana Aýy Ýere baksa böwser asman tolkunyn. Gözelleň gözeli, ýok keşbiň taýy Tebigatda görýän jemalyň seniň. Aý, Gün, Asman, daglar, dereler maňa Görkezip dursa bor, ajaýyp keşbiň Perileň perisi, sözlärden waspyň Asgyndyr aňymam, dilimem asgyn! - Bä, şeý diýsene! Maňa gazal goşaýdyňmy?- diýip, ol akja dişlerini görkezip ýylgyrdy - Meni wasp etmäge dilim asgyn diýsene! Men şolar ýaly owadanmy? Bolsa bolar, ýöne seňem gözleriň janymy alyp barýar. Men ýalan sözlämok . - Ýok, ýalan sözleýän dälsiň. - Boýnuňa aljagyňy bilýädim, bilýädim! - diýip, ol şadyýan keşbe geldi-de, meniň gowy görýän injir kakymy öňüme dökdi. Injire agyz urup, dilime gelen patarrakyny suňşuryp başladym. Sen diýseň mylaýym, açyk göwünli, Enaýy ýaz gül deý göterýäň keýpim Alarlyp bakaňok, gabak astyndan Hyrçyňy dişläňok, syratly Keýgim! Halaňok sen, hyrçaňlaşyp durmany Hoşamaý, hoşgylow, eýjejik zenan Şirin sözleň bilen ugumy dikýäň Boýun ýüpüm eliňdedir, natuwan! - Aldaňok gerek? - diýip, Aýperi gyzyl-gyran ýaýrady. Şeýlelikde, Aýperi üçin ajaýyp, meň üçin bolsa ýasama durmuş başlandy. Onuň näçe dowam etjegi näbälli bolsa-da, men Aýperini ýykyp barýan yşk hasratyny azda-kände ýeňletmekde janymy gaýgyrmaly däldigime düşündim. Tokaýdan gaýdyp gelen daýzam, gyzynyň keýpiçaglygyny görüp: ”Näme diýselerem, aýularyň durmuşyny gowulandyrmakda adamlaryň täsiriniň ýokarydygyna ynanýan!” diýdi. - Daýza o täsire adam barada alada, söýgi diýýärler. Söýýän kişiň gulagy jam ýalydyr, göreji bürgüdiň garagyny gapar, duýgurlygy saçakçyň murtuny ompa oturdar. Joşgunyndan syýa ýasamasa şahyr hem bir setir döredip bilýän däldir. - Ýegen, o zatlara düşünip baramok, ýöne gyz maşgalaň nesil üçin ýaradylanlygyny bilýän. Kakasy bolan bolsa gyzyna köreken tapardy. Häzir aýular nesli gutaryp barýar. Men şoňa gynanýan. Her zatda bolsa, Adam Ata How eneden bäri aýowly aw etmegiň tilsimlerini gowy bilýän, durmuşda ulanyp gelýän aýularda ýaşamak meniň üçin-ä ýakymly. Daýzamyň ýolbars doganlary barada aýdan rowaýatynda gaty çuň many ýatyr, ol dünýä adamsynyň kalbyna siňen dost-doganlyk ýörelgesi. Onuň köki taryhyň çuňlygyna siňip gidýär. Mundan iki-üç aý azal, obamyzda kimdir biri aýuwlarda adamlara ýetdirmeýän şeýle gözel häsiýetleriň bardygyny aýdan bolsa, men ynanmazdym, häzir bolsa Aýperini, tumşugyny göge tutup, öňümde näzirgän bolýan obadaşym Kümüşe meňzedesim gelenok. Aýperiniň tutanýerliik barada maňa öwreden sapagy nämä degmeýär. Bir garynja özünden on esse uly injir dänesini çukurjygyň içinden çykarjak bolýar, ýokary galyp başlandan ýüki bilen aşak togalanyp gaýdýar, emma onuň üçin herekedini togtadanok, ýene onlarça gezek şol herekedini gaýtalaýar, ahyrymam, erjelligi bilen maksadyna ýetýär. ”Durmuşda şeýle erjel bolmasaň hor ýaşarsyň” diýip, Aýperi seslenýär. Dogrusy, onuň sesine öwrenişip başlapdym. Obada ýaşasam düýşüme giräýjek ýaly, gulagyma mähirli sesi geläýjäk ýaly. Şeýle pikiriň täsirine düşüp: “Aýuwlaryň ýaşaýşy maňa ýaraýar” diýip, seslenenimi duýman galypdyryn. Bu bolsa aýu-laryň dilinde “Maşgala garamaty boýnuma alýan, ekleýji bolmaga taýýar”diýen manyny aňladýar ekeni. Men oňa soň düşünip galdym... - Daýza, bozulyp oturmaňyz näme? - Ýegen, biziň durmuşymyzyň ýaraýanlygyny barada ýagşy söz aýdyp, begendirdiň, şoňa göz ýaşymy saklap bilemok. Daýyň ölüp, maşgala garamaty boýnuma galdy, gyz-ogul ýetişip gelýär, çykarmaly, öýermeli, nesil öndürmeli, emma... - Ejemiň bozulýan zadyny - diýip, hiç wagt söndürilmeýän oda odun atyp duran Aýperi seslendi. - Nesil öndürmekden başga-da ruhy kämillige alyp barýan güýmenjeler gyt däl ahyr. Sen çagalaryňa yslamy öwretdiň. Uýam Sadap ony jigilerime öwredýär. Sadap, gel gyz, bäri, gel-de ejeme düşündir. - Eje, seň şo bir heňiň-dä! - diýip, Aýperä meňzäp duran syratly, ýöne boýy azajyk kelteräjik Sadap gelip, ejesini gujaklady. - Özüň öwretdiň-ä, Taňryň köňlüňe salany bilen bolsaň bagt taparsyň diýip. Beýikligi ýaly Taňry beýik pikirleri kalba salar ekeni. Ejemiň pikir edişi ýaly nesil öndürsem, Taňrydan daşlaşaryn, sebäbi maşgala aladasy oňa ýol bermez. Ejem aýuwlaryň nesli gutardy diýip aglaýar, men bolsa oňa begenýärin, sebäbi hiç kim garrygyz diýip, üstümden gülmez, ejemiňki ýaly ogurlanyp, horluga sezewar bolman. Dogry, men ýaş, meňem hiňňillik uçasym gelýär, oýnasym gelýär, “ejemiň aýdanlaryny edesim gelýär, emma ony etsem meni her hili eşretler biynjalyk eder, närazylyk dörär, kalbym bulaşar, şonda özüňe ýer tapman iki ýana zowzuldap ýörmeli bolaryn. Indi men ýolumy Taňra bagş etmekçi, oň edenine, berenine kaýyldygym üçin, olam meni bagtsyz goýmaz. Dünýä ýüzünde alty müň tüýsli haýwan, alty müň tüýsli ösümlik, alty müň tüýsli jansyz zatlar bar, şolary ýokdan bara getiren we ähli bar bolanlary özüne mätäç edip bakdyran, külli Älemiň üstünde ýokary Asmany gabap goýan we Ýer atly düşegi olaryň aşagyna düşän, buýrugy bilen bir tohumdan köp gülleri döreden, her kimiň kellesine bir küýi salan, öli-dirini geň ýagdaýda ýaradan, ähli zadyň yrsgalyny ýetiren beýik Taňry dälmi?... Men oglan jigime öwredenlerimi ýat bellemänsiň diýip, azajyk igendim, hat-da çalaja çaldymam, emma ol şobada gaýtargysyny berdi. Dogry etdi. Beýle gedem, sabyrsyzlyk bilen ylym öwredip bolmaýar. Haçanda dulugyňa çalsalar çal diýip beýleki dulugyňy tutmasaň sabyrly bolup bolmaz. Ejem meniň ykbalym barada birahat bolýar. Eger men ondan oňa ygyp ýörsem, ýa ýolbars sypat,betnyşan bir aýu-a durmuşa çykyp, aglap ýörsem onda rahat oturjakmyka? Belki, men doglamda garrygyz bolup doglandyryn? - Şeýle garrygyzlar obamyzda-da köpeldi - diýip, men ara goşuldym. - Eje, öz-özümi terbiýelemegiň iň asylly ýoluny saýlandygyma sen basym düşünersiň, bolmanda-da eneler çagalaryny goraglap, mydam gorky bilen ýaşaýarlar. Gorkma, ine, aýal doganym adamzadyň bu akylly ogluna durmuşa çyksa, bizem garrygyzlar bolup olaryň nesillerini terbiýeläris. Nähili, bu aýdýanlarymyň ugry barmydyr? - diýip, Sadap meniň ýüzüme çiňerildi. - Dogry, dogrydyr - diýip, maňa boýun almakdan başga çäre galmady. - Men Sadaby diňläp, gulagym bilen eşidýänlerime ynanmadym, biz-de garrygyzlaram bar welin, her kim öýlenjek, durmuşa çykjak, nesil öndürjek, ol bolsa tersine, tebigy bolaýmaly zatdan ýüz öwrüp, köňlüniň islegine tabyn bolýar, ýeke ýaşamak isleýär. Bu Sadabyň öz işi, oňa hiç kim goşulanok, ýöne, onuň gürrüňi daşdan aýlap, meniň heniz diýmejek sözlerimi diýdirip bilýänligine welin telpek goýaýmaly. Onuň ruhy derejesine düşünmek hem maňa däl, durmuş tejribesi köp bolan ejemede başartmasa gerek. Diýmek, adamlaryň ruhy derejesi aýuwlaryňkydan has pes derejede bolmaly. Adamlarda gara nebis üçin dawa jenjel, gaýgy-gam, uruş, goh-galmagal möwç urýar, munda bolsa diňe kalbyň islegine görä ýaşajak bolunýar, saňa ony et,muny etme diýýän ýok. Sadabyň herekedinde ilden çykma ýok, gaýtam, onuň öz ykbalyny ruhy dünýäsine tabşyrýanlygy görünýär. Biz-de çala bir zat bolsa, ejeňe-kakaňa, ýa ýakynlaryňa arzymyzy aýdyp kömek soraýarys, hiç wagt ruhy dünýämize sala salmaýarys, şol hem bizi bagtsyzlyga getirýär. Deň-duşlarymyň köpüsi durmuşyň agyrlygy, gazaplylygy barada gürrüň edýärler, ýasama, manysyz ýaşaýarys diýýärler, ýöne olar öz ruhlarynyň ýeten derejesine görä ýaşaýandyklaryna düşünmeýärler. Ruh, kalp, wyždan päklenmese, manyly durmuşy tapmarsyň. Onuň üçin Taňra sygynmaly ýa-da özüňi şeýtana oýnadyp, baryň bilen oňňut etmeli, ortalyk diýen zat ýok. Sadap meniň Aýperiniň göwnüni aldap ýörenligimi hem bilýän bolmaly, bilmese beýle gürrüň etmezdi. Aňyrsy boşluga barýan meniň oýnum näçe wagt dowam etjegi näbelli tümlük. Gyzyň hasratyny iň bolmanda ýekeje pursat ýeňletmek üçinem men bu tümlülkli pursaty süýndirýärdim. Şol günüň ertesi Aýperi: ”Maňa goşgy goşýarsyň, mahabatlandyrýarsyň, ýöne, diliň bir zat diýse, ýüregiň başga zat diýýär. Bilip goý, eger ýaňky aýdanlaryň dil ujundan ýöne bir aýdylaýan hasap edýän bolsaň, meni gaty agyr güne salarsyň. Gowusy, oýnumyz çyna dönmänkä gatnaşygy bes edeli“ diýdi. Şu ýerde men öz-özümi aldap, öz guran duzagyma özümiň düşenligime göz ýetirdim. Bukullym oýnaýan wagtyň ahyrym sen hem tutulýarsyň ahyryn. Şol sebäpli hem men mahabatymy artdyrdym we: "Sen bir hüýr-melek, walla görküň Gün nurun tutýar, saçyň altyn-zere gaýra dur diýýär, kamatyň serwidir, meňziň meňzär gündüze” diýip, Aýperini mazamlap başladym,”Seret muňa, baharyň söýgüsi bilen baglar gül açypdyr, bägülleri bahar ýeli emaý bilen öpýär, şeýdip, bägüller mähir tapýar. Men bolsa şol gülüň näzijek ýaprajyklaryny öpüp bilmän şemala gaharlanýaryn we gama batýaryn...” - Waý, enaýy-da, gyz, ýigidiň haly teň, şo güli ýolasy gelýär oň! - diýdi-de, ol gowagyň agzyny gurşan bägülleriň birini ýolup berdi. Menem öz gezegimde gyzyl güläleklerden bir desse bogup oňa uzatdym welin - “Waý, toba, nähili ýakymly, lezzetli bu zat” diýip, bägüli bagryna basdy we gül ýaly açylyp, bagt umytlary ýüzüne çaýyldy. “Hakyň bardyr näzik güli öpmäge, aýuw deresiniň töresi sensiň!” diýip, men oňa gülüp bakdym, olam maňa: ”Hany dogryňy aýt, häki aýdanyň ýürekdenmi ýa tötänlikde agzyňdan sypdymy? Ol söz meň durmyşa bolan höwesimi artdyrdy” diýip, ýüzüme çiňňerildi. ”Dogrudanam, men seni hut aýal doganym ýaly gowy görýärin” diýip, men buýtar-suýtar etdim, emma Aýperiniň ýaldyraýan gözüne, gyzaran duluklaryna seredip, agzymy açyp galdym. Bu gün onuň keşbi näme üçindir diýseň özüne çekýärdi, belki ara ýakynlygy üçindir, belki hozdan gerk-gäbe doýanlygym üçindir? Her zatda bolsa men saklanyp bilmän ilki onuň ýaňagyny sypaladym soňam ýaňakdan öpdüm. Gör-ä, dag howasynyň, hozunyň ediberişini! ”Waý, gowudygyny, gyz”diýip, Aýperi titreýän barmaklary bilen ýaňagyny sypalady. - Meni ogşaýdyňmy, oglan? - Näme, ýaramadymy? - diýip, men bu gezek onuň dodagyndan ogşadym. Asyl ondan aýrylasym hem gelmedi. - Demimi bir alaýyn - diýip, Aýperi döşümden itdi, soňam: - Şeýle bir enaýy boldy welin, başym aýlanyp gitdi – diýdi. - Asyl şony menem halaýan-da - diýip, men onuň gyzgyn dodagyna dodagymy goýdum. - Boldy, boldy. Gyzyberme, özüňi dürse - diýip, Aýperi döşümden iteledi.... Bu gün daýzam aw etinden üýtgeşik bir nahar bişirdi. Dogrusy, bularda näçe bolanam bolsam, heniz etli nahar iýip görmändim. Bu gün onuň aýdyşy ýaly: ”Et iýip ýören ýegeni üçin aýratyn hyzmat edesi gelenmiş” . Men aýuwlaryň duzakdyr-gapanlar bilen aw etmelerinde, adamlara däp bolan, ýöne ýatdan çykarylan ýörelgeleri-tebigat bilen aýawly gatnaşykda bolmak, kanunlaryny islegiňden ýokarda tutmak ýaly ýörelgeleri gördüm. Aýuwlar bilen tebigatyň arasyndaky aýuwly gatnaşyklar olaryň öz aralaryna hem ornaşyp gidipdir, edep-terbiýelerine, ahlak päkliklerine, ynsaplaryna oňaýly täsirini ýetiripdir. Arman bular adamlaryň arasynda gytçylyk edýärdi. Ýene bir zat, bu ýeri üýtgeşik, täsin asuda, obadaky ýaly goh-galmagal, dawa-jenjel, ýa beýleki sesler, yslar ýok, şuwlaýan şemalyň, dagdan gaýdýan daşyň, her dürli guşlaryň, käte bolsa edil ýanyňda ýaly arlaýan ýolbarsyň sesi umumy asudalygy bimaza edäýmese, başga şygşyldy ýok. Howanyň durnuklylygy, ösümlik dünýäsiniň ajaýyplylygy, dag depelerini bezeýän her dürli baglaryň täsin öwüşgini özüne bendi edip, berhili beýhuş ediji täsirini ýetirýär. Dag çöňňeleriniň depesini örtýän lember-lember bulutlar dumanlap, harsaň-harsaň gara daşlaryň arasyndan syzylyp, ägirt agaçlaryň kökleriniň aşagy bilen şildiräp akýan çeşmelere jan berýär. Olar käbir kölçelerde kiçijik toplum bilen, eňňit ugry boýunça tokaýyň jümmüşine herekedini dowam edýär. Şeýle ýaraşykly, her-hili ala-mula ýaprakly gyrymsy ösümlikleriň gurşan gözel künjeginde, diýseň owadan görünýän gök asmana bakyp ýatasyň, sonarlykda ýaýnasyň, baldan datly tenekär suwundan ganasyň, hiç zady pikir edmän dynç alasyň gelýär. - Ýegen, seň üçin dag gaýalarynda mesgen tutan arylaryň balyny hem getirdim - diýip, daýzam, edil pikirimi aňan ýaly, ary çakyp pökgeren ýerlerini görkezdi. - Bular gaýa ýüzündäki gowaklarda, äpet baglaryň jaýryklarynda mesgen tutup, bal ýygnaýarlar, olary almak üçin üzüm şahalaryny merdiwan edinip ýokary galmaly. Örän howply, ahmal bolsaň gaýadan gaýtarjak bu işi diňe men edip bilýärin. Arylar başga hiç kimi ýanlaryna goýbermeýärler, diňe meni tanap, ýanlaryna goýberýärler. Dogry, bal almaga gitmänkäň hudaý ýoluna aýtmaly zatlar, okamaly dogalary bar, şolary berjaý etmän barsaň synaňa zeper ýetirdigi hasap edäýmeli. Adamym pahyr beýle yrymlara ynanmaýardy, arylar onuň bir gözüni kör edip,almytynam aldy... Daýzam gaty geň adam, döwlen soky daşyna derek başga bir çemelisini tapypdyr-da, indem onuň bilen gepleşip otyr: ”Rahat ýatan ýeriňden alyp gaýtdym, bagyşla! Indi gaýrat et-de, maşgalama hyzmat et! Nädeýin, kysmatyňda bardyr-da, meni bagyşla!” Daýzamyň sözünden soň soky daşy birneme dikelen ýaly, has-da ýylmanan ýaly bolup, gözüme göründi. Öňem onuň baglaryň hasylyny ýygnanda, çeşmeden suw süzende olara ýüzlenip aýdýan mähirli sözleri meň üçin gaty geň görünipdi, ýöne olar daşa garanyňda janly zatlardy, diliňe düşünýärdi, daşy welin bir ýere süýşürip aýyranyň üçin ötünç soralyp ýörmeli bolmaz-a. Emma muňa daýzamyň öz düşündirişi bar. ”Tebigatda soragsyz zat ýok. Şu daşyň ýatmaly ýeri öňden belli, ony ýrerinden gozgajak bolsaň hökman soramaly, bolmasa eden-etdilik, ejizeganymlyk, sütemlik bolýar”. Eger daýzam tükeniksiz dag daşlaryna şeýle garaýan bolsa,onda tebigatyň beýleki görnüşleri barada aýdyp oturmagyň geregi hem ýok... Atam “Işdäň naharda açylar, söýgi baharda” diýerdi welin, manysyna indi düşünip başladym. Asyl men indi Aýperiden aýrylyp bilmediksirän bolup başladym, barha ysnyşyp gidip barýan. Bu bahar paslynyň täsiri bolmaly. Ýüzi durlanyp, has-da gelşige gelen Aýperi hem ”Söýgüň nämedigine indi düşünip başladym. Ol asyl saňa ganat bitirýär ekeni” diýip, mylaýym ýylgyrýar. Menem ynsan kalbynyň joşmagy üçin söýgüniň gerekligine düşünip başladym. Dogry, howasyz, iýmitsiz ýaşamak mümkin däl, söýgi hem ynsana şol derejede zerur bolmasa-da, garaz gerek ekeni. Men bu pikirlerimi öň aňyma getirip bilmezdim, bu gün bolsa yşk ataşyna ýanyp, näme edýänimi hem bilemokdym. Asyl lowlap ýanýan oduň howry hem yşk howrundan pes ekeni. Görüp otursam, öň Aýperi yzyma düşüp, ýanyp-köýüp ýör ekeni, indi özüm ýaldyr-ýuldursyz onuň çeňňegine ildim galaýdym, munda gümmi-sümmä ýer galmady. Her näçe geň görünse-de, Günüň gara buldy böwsüp çykyşy ýaly, yşgyň ýaýrap gidiberse, kelläňi ýitirmegem daşda däldi. Indi Aýperi ýanymdan aýrylsa, elleri başymy sypamasa suw ýetmedik bag ýaly süllerip, ölüp barýardym,islegim, onuň ýüreginiň urgusyny diňläp ýatmakda, damardan akýan gyzgyn ganyna siňip gitmekde, dury çeşme suwuny ýadyňa salýan garaja gözlerine gark bolmakda-dy. Lebleriniň süýjüliginden ýaňa bala gonan ary ýalydym. Surat çekip bilýänligimde ilki bilen bu ajaýyp şekili çekerdim, gara saçlary aýu deresini doldurardy, gaşlary deredäki Gaplaň gädigi ýadyňa salsa, kirpikleri Gün şöhlesine, gözi gowaga ogşardy. Birek-birege ýakynlygymyz ýer döräli bar ýaly-dy, sözde däl, garaýyşda düşünişip bilýärdik. Diýmek, biz birek-birek üçin dörän bolmalydyk, özem indi ony şeýle bir gabanyp başladym welin, on ýaşlyja iň kiçi jigisi Gaplaň batyryň hem ýanymyzda uzak saklanmagyny islämokdym, ýogsam, çyrçykly çaga doly gürläp hem bilenokdy. - Gaplaň, bar derede şemallap gel, dyzytdyryp durma-da - diýip, Aýperi äwmedik bolup, çygylyp hoz döwýän garagol jigisine ýüzlendi. - Myň ýüzüni? Urgan gaçyrýan ýaly... Mazany aldyň-la halys, owarra bol! - Daýyňlary göresiň gelýändir seň!? - diýip, men üýrýämiňem diýmeýän Gaplaňyň gulagyna ýapyşdym. - Degmesene, birden mojugyny ataýmasyn!? - Gulagy towlandygyça Gaplaň ýüzüni çytdy, dodagyny dişledi, soňam “ziýk” edip syrtyndan ses çykardy-da, züwdürilip gaçdy, gaçyp barýarka-da “Daýy osyrak” diýdi. - Wah, oňarmadyň, jigim-jan, ýüzümi ýere çaldyň. Wah, ýaňy aýtdym-a - diýip, Aýperi ýüzüni tutup, gülmejek bolup dodagyny dişledi. - Gaplaňy kowdum diýsem, daýzam atly gazak ýaly üstüme abanyp dur. - Bolsa-da ýegen, gaýrata galdyň, dowamatym dowam boljak diýip, süňňüm ýeňledi ötägitdi. Sen indi eneň-ataň bilen maslahat et, gowuja bişir. Çaga iňňäsini eşideýin, gitseň hemişe Aýperi hem ýanyňda bolsun. - Heý, näbileýin-ow, daýza, ýaş başymyza çaga basdyrsak kyn bolaýmasa... - Ýegen, samsyklama. Tebigy bolaýmaly zat bolaýmalydyr, bu aňňyş-maňňyşlygyňy goý! - Daýza, her zadyň hili gerek! Obamyzda Orja ogry, Şady şugulçy, Gytja gepçi ýaly ile peýdasy degmän, ýürek bulap ýörenler bar. Şolar ýaly çaga dogjak bolsa, bolanyndan bolmany gowy, ondan dünýä akyl ýetirýän bir çaga dogsa gowy. - Ýegen, seň bulaň aýuwlaryň ata-baba ýörelgelerine ters gelýär. Çaga doganda perişde ýaly bolýar, diňe terbiýe-de ol üýtgeýär, onsoňam her çaganyň öz rysgaly bilen dünýä inýänligini unutmaly dälsiň. - Daýza, meseläni öýe gidip çözmegi dogry tapýaryn. Bizde öýlenjek ýigit ata-enesini gudaçylyga ugradýar, guda bolunýar, toýuň sähedi bellenip, toý tutulýar, nika gyýylýar, şeýdip är-aýallyk kanunlaşdyrylýar. - Ony kanunlaşdyrýan ýaşlaryň özi bolmaly dälmidir? - Daýza, ol dogry. Gepiň keltesi, men size ejemi gudaçylyga ugratjak, razyçylygyňyzy aljak, toý tutjak, nika gyýdyrjak... - Göwnüme jaýlajak diýsene ýegen, şeýt, ýegen şeýt, ýöne aýuwlar bilen adamlaryň arasynda hiç mahal düzüwli gatnaşyk bolan däldir, bolmazam welin... Özüme ekleýji tapdym diýip begenäýipdirin-dä... - Men enem-atamy begendirjek, toý etjek, soň yzyma dolanjak. - Aý, garaz, ýerliksiz bahanalar tapyp, gaçmagy küýüňden çykarmansyň-da? Şirin pelsepäň datlyja tagamyny dadyp, yzyňa dolanaýsaň-a, bolaram welin... Eger aýdýan zatlaryň çynyň boljak bolsa, onda meňem maslahatlaşmaly adamym bar. Ýörüň hany - diýip, daýzam Aýperi ikimizi yzyna tirkäp, gowagyň düýbündäki ötlem-ötlem otaglaryň birine alyp bardy - Ine, şu otagda aýuwlaryň, şol sanda daýyň ruhy ýaşaýar. Men ondan maslahat sorajak, sizem diňläň - diýip, ol öňünde ýatan gara daşy öpdü-de, tümlüge garap sözläp başlady: ”Ezizim, seň duluňy saklap, beren duzuňy haklap, indem adyňy şan-şöhratyňa besläp ýörendirin men-ä! Ýurdum başga diýme, köp ýyllap bile ýaşadyk, çaga dogurdyk. Öňürt-ä özüň, soňam Taňry meni saňa berdi. Indi meni senden aýyrjak ýok... Barmagyma tiken çümse saňa aýan bolýanlygyna şübhäm ýok, ony saňa şemaldyr, ýagyş-ýagmyr, bag-bakjalar eltýändir. Seniň ruhuň meni gorap gelýär. Ýanyma gaýdyp geleniňde hem, ýolbars bilen bolan söweşden sypma ýok, maňlaýyňda bardyr-da. Bilýän, seniň dünýäňde peri peýkere duşup, göwnüňi bölmänligiňi eşitdim, taňryýalkasyn! Hawa, sen ilki Gazan begiň göwreli gelnini ogurlapsyň, ony adamlar tapyp, alyp gidipdirler... Ol meniň joram we ýakynymdy. Noýbadan pal atyp ýören bir halanmaýan aýal,ikimiz üçin hem bir günde sawçy getiripdi, menden bir ýaş kiçi hem bolsa joram durmuşa çykdy, göwreli halynda adamsy dünýäden ötdi, meni bolsa bir ýyla ýakyn wagtdan soň durmuşa çykarjak bolup ýörkäler sen ogurladyň. Garaz, sawçylary getiren şol aýalyň aýagy düşmedi, ikimiz hem batbagt bolduk. Ine onsoň, şol daşkyrak uýamyň ogly biziň uly gyzymyza - Aý perä öýlenmek isleýär. Indi ol gelnimi ena-atama görkezip geleýin diýip, maslahat soraýar, menem bu işleri sensiz çözüp bilemok. Bir gitse gaýdyp gelmez diýen gorkymam bar, näderkäm? Hawa, ony göbek ganynyň daman ýeri çekýändir, ýöne uzak we sagdyn ýaşamak üçin tebigata golaý durmalydygyny olam bilmän durýan däldir. Aýdyşyň ýaly, gyzymyz baran ýerinde ýerlemez, onam bilýän... Onda men bulara ak pata beräýmeli bolýan-da, şeýlemi? Bolýar, onda, ýatan ýeriň ýagty bolsun,menden razy bol!” diýip, ol bizi yzyna düşürip, bir çüňkde, daýymyň terslin-oňlyn goýulan süňkleriniň üstünden ýedi ýola ätletdi, soň bolsa öçmeýän ojak odunyň üstünden ýedi gezek bökdürdi-de:”Synaňyzy arassalaň, el-aýak dyrnaklaryňyzy alyň, ýuwunyň - diýdi. Men el-aýak dyrnaklaryny bir bada almak bolýan däldir diýjek boldum, birdenem nirede gizip ýörenimi ýatlap dodagymy dişledim.. - Daýza, meň-ä eşiklerim taýýar welin... Aýper-ä hem ýazlaga çykanlardan eşik getirerin. Hemma zat gül ýaly bolar! Bizden parhlyrak diýip oturan daýzam birden iki elini ýüzüne tutup aglady. Nesil üçin aýuwlaryň beýle ejir çekýänligine gaty geň galdym. Birden, ejemiň hem şeýle ýagdaýda aglajakdygy ýadyma düşüp, öýmüze gidesim geldi, ejemi, atamy, babamy göresim geldi. Baýaminnet, dostum Goçmyrat hem atlaryň ýanynda maňa gözüni dikip oturandyr... Daýzamyň agysy ähli çagalary bir ýere ýygnady, olaram deňje aglaşdylar, boldy bir başagaýlyk, hi goýaý! - Öýüňe gidýärmiň? - diýip, Sadap menden sorady, yzyndanam - Towşana dogduk depe diýleni, sen gitseň gidiber, Aýperi welin baran ýerinde ýerlemez, gidişi ýaly yzyna dolanar - diýip, Sadap seslendi. - Ony göräýeris... - Aý, ol görülen ýaly-la... - Häý, bisyrat diýsänim, özüňden uly bilen sanaşyp durmaga utanmaýarmyň? - Eje, ýegeniň özi başlad-a... - Wah, ýegenem gursun, senem... - diýip, daýzam öňküdenem beter aglady... 14. Bizde “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar” diýilýär, meňem yhlasym düşdi, hiç bir kynçylyksyz obamyzyň ýazlaga gelen adamlaryny tapdym, oňat olaryň içinde ejem bilen atamam bar ekeni. Obamyzyň ýerden ýöräni her ýyl goýun guzlaýan döwri ýazlaga çykýarlar, bir däl iki üç guzyny emdirip biljek daýaw goýunlaryň süýdüni yrýa etmän alyp, ondan ak gurt, gara gurt, gyzyl gurt, sargan, ýag taýýarlarlar. ”Örim gundogara, suwum şorajy, itim garadyrnak ganjyk, çopanyň bimaza, taňkasy misden, taýagy taldan bolsady” diýýän o janaweriň “Bir ses, bir öri, bir suw, bir it,bir jaň,bir sürim, bir goş erkek bilen hyzmatymy ýetirseler, eýämi huma büdürän ýaly etmesem, gatyryň guýrugyna tirkäýiň” diýäýmesem barmyş. Asyl, obadaşlaram on adamlyk işi telli-pelli bitirenlerinden ýarym adamlyk işi jandynarlykly edenini gowy görýänlerden. Atamam şolaryň hilinden, babamam, ejemem. Muňgyşlak pesliginiň gündogar ýakasyndan başlanýan Duzly oýda Aýperini Ýomuda goýup, ejemden egin-eşik almak isledim. Baran badyma ol: ”Jan balam, gowy geläýdiň, şujagaz guzyny enesi almajak bolýar. Bar git-de ikisinem dölä salda, gün şöhlesi düşmez ýaly et, garaňkyda hem almasa onsoň etjegimi bilýän” diýdi-de, ýaňja bolan guzujygy elime tutdyrdy, ”Eje, meni diňle, bir maslahat bar” diýsemem, elini salgady-da, ýetim guzyjyklary çäýnek bilen emdirmäge başlady. Ejemiň buýran ýumşuny bitirip, guzylary emdirip bolýança garaşmaly boldum. - Hä, näme oglum, indi möhüm işiň bar bolsa aýdyp otur, aslyýetinde häzirki döl döwründe şu dowarlardan başga biziň möhüm işimiz bolmaly däldir - diýip, ol elini öňlügine süpürip ýanyma geldi. - Eje, maňa birlaý gyz egin-eşigi gerek! - Oglum, işim başymdan agdyk wagty bu oýnuňy goýsana... - Eje, meň çynym. Işiňe ýetişmeýän bolsaň saňa bir gyz maşgalany kömekçi getirjek. - Merez getirjek, ýagşam bir... Öňem şeýdip samsyklaýadyň. Maňa seniň tapan kömekçiň gerek däl, ogluma gelin, özüme kömekçi tapdym. Ony saňa aýdaýyn diýip ýördüm. - Eje, asyl meni öýerjek bolup ýörmüdiň? Maňa laýyk gyz tapdyňmy? Maňa şeýle bir gyz gerek, men ýerimden turmankam, ol eýýäm turup dursun, men atyma münmänkäm, ol eýýäm atlansyn, men gan döküşikli duşman üstüne barmankam, ol eýýäm baş getirsin! - Oglum, sen gyz islemän, arkasyndan iýip-içip ýatmaly bir çalasyn batyr gelin isleýän ýaly... - Hawa, eje, men şeýlesini isleýän. Ýogsa sen baryp bir ýarar-ýaramaz gyz alyp berersiň, ol meniň bir şatyma-da çydamaz. Meniň saýlanym bolsa hut şolar ýaly. - Kim gyz ol, eşiksiz zatsyz ygyp ýören gyz ? - Ol dagda, egin-eşigini ýyrtdyrypdyr... Özem kimiň gyzy diý,seň doganoglan aýal doganyň Jereniň gyzy. - Kim gyz, ol Jeren? Kimlerden ol, dagda kaňkap ýören? - Eje,ol aýuwlardan, dag perisi, gül ýalak gyz... - Waý, toba, toba, kimlerden diýdiň? Aýuwlardanmy? Jeren daýzaň bu ýere nireden geldi? Jereniň ýitenine näçe ýyl boldy? - diýip, ejem duran ýerinde lampa çöküp, ýakasyna tüýkürdi. - Oglum, şu samsyk oýnuňy goýman geçjek-dä, sen. - Eje, meň çynym... Ýolbars bilen başa-baş söweşde onuň eşigi pers-ala bolupdyr, meňem, ine eşiklerim ýyrtym-ýyrtym... - Goýsana, oglan! Daglaryň gowaklarynda ýaşaýan ýabany gyz meň öýüme gelmez, getirmenem. Dogry, dag eteklerindäki obalarda käte şeýle ýabany adamyny, ýagny biziň dilimizde atlandyrylyşy ýaly “nas-nasy”, ”aýuwy”, ”suw perisini” ýa “dag adamsyny” gördük, ýa pylany ony görüpdir diýýädiler, emma olaryň aýak yzlaryny görenem bolsalar, şu çaka çenli biri hem ele düşmän gelýär. Juda bolmanda olaryň süňkleri bir tapylmaly ahyryn. (Şu ýerde ýazyjy birneme öwrüm edip, okyjy üçin düşnükli bolar ýaly käbir taryhy maglumatlary getirmekçi. Ýabany adamyň taryhy gaty uzak geçmişden başlanýar. Baryp, 5 müň ýyl mundan ozal wawilonlaryň-sümerleriň (ylymda olara şumerler diýýärler, olar türki dilli milletleriň ata-babalary) meşhur “Gylgamyş hakyndaky dessanynda” ýabany, tokaý adamlary barada gürrüň berilýär. 25 asyr mundan ozal pars şasy Artakserksiň köşgünde gulluk eden grek tebibi Ktesiý Gimalaý daglarynda ýabany adamlaryň ýaşaýandygyny ýazypdyr. 23 asyr mundan ozal Gan Bao diýen hytaýly hem şo zeýilli adamlar barada ýazan ekeni. Bu barada gadymy grek taryhçysy Uly Pliniiniň eserlerinde hem degerli maglumatlar bar. 8-nji asyrda Mongoliýa baran italýan syýahatçysy Plano Karpini hem öz gyzykly kitabynda ýabany adamlar barada ýatlap geçen ekeni. Gadymy hindi we tibet ýazgylarynda-da şolaryň gürrüňi edilýär, beýik şwed alymy Karl Linneý hem şu mesele bilen gyzklanypdyr. Ýazuwly taryhyň şaýatlyk etmegine görä bäş müň ýyl bäri dürli ýurtlarda, her hili kitaplarda ýabany adam barada mahal-mahal söz açylan hem bolsa, türkmen okyjylary üçin heniz belli bolmadyk, çak edilşine görä, teke taýpasynyň gelip çykyşyna dahylly bolan şu wakany siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul tapdym)... - Eje, olar adamyň barmasy kyn ýerlerde, adam üçin howply-hatarly ýerlerde ýaşaýarlar, eger duşaýanda-da, adama el berer ýaly däl, gaty güýçli, gaty ýyndam, onsaňam olaryň adamlaryň ýakynynda ýaşaýanlary gaty ägädirler. Seň özüň hem bu barada bir ýerde gürrüň edipsiň-ä?! - Men hiç wagt beýle gürrüň edemok - diýip, ene öz başyndan geçiren wakasynyň käbir bölekleriniň oglunyň gulagyny ýetenligini aňdy, şonda-da per bermedi. - Ýöne, beýle ýabany adamlar adam şejeresiniň bir şahasynyň wekilleri bolmaly. Gadym zamanlarda biziň bir adam bolan bolmagymyzam ahmaldyr, wagtyň geçmegi bilen hem kem-kemden birek-birekden daşlaşandyrys, ol dogry, ýöne... - Eje, menem geçmişde aslymyzyň bir adam bolanlygy üçin şol gyzy saýladym-da, galyberse-de, edil göbek ganym daman ýaly, hiç şol ýerden aýrylasym gelenok. Onuň ejesini men heniz dünýä inmänkäm aýuw ogurlap özüne aýal edinipdir. Diýmek, ol biziň kowmumyz bolup çykýar... - Aý, oglum, göbek ganym daman ýeri ýaly diýdiňmi? - diýip, ejem ýüzüme birgeňsi bakdy-da,dodagyny dişledi, soňam başyny ýaýkap: - Geregiň gyz bolsa häzirden gyz gözlegine çykaryn, ýöne, gyz gözlemäge ertir gidip, öýle gelmek ýa-da öýle gidip agşam gelmek gelşiksizdir, oňa ymykly çykmaly. Sen arkaýyn bol, ynha, gyz tapmaga özümjik giderinem, taparynam. Onsoňam, kim bolanda-da şol gyz meniň öýüme gelmez, aýtdym, gutardy. Ýabany gyz almamyzda-da hem, öz içimiziň kemakyllaram ýeterlik, Hudaýa şükür! - Eje, beý diýmesene, göwnäýsene... Barybir, maňa ýarar ýaly gyz tapyp bilmersiň, onsoňam ol kemakyl däl-de, obamyzyň gyzlaryndan-a has akylly. - Oglum, başymy agyrtma, aýtdym gutardy... Seň o diýýän ýerleriň aýlow-aýlow ýollary bar, atly çykybilmejek palçygy bar, ala ýylan geçip bilmejek jeňňeli, başy asmana ýetýän goja daglary bar. Beýle ýowuz ýerleriň gyzam gerek däl, özem! - Eje, ýowuzdan gorkýan ogluň barmydyr? Aýlow ýollaryny gönülärin, palçygyna çäge dökerin, jeňňelini çakmagym bilen otlaryn, gök bilen bäsleşýän goja daglaryň başyny ýykaryn, ýöne, ýolumdan dänmerin. - Ogul, meniň başymy agyrtmasana... - Näme ol başyňy agyrtýan zadyň? - diýip, atam bir ýerden peýda boldy. - Atasy, agtygyň-a, şeýle-şeýle diýip kellämi agyrtýar - diýip, ejem oňa ähli zady aýdyp berdi. - Goçum, bu aýdylýanlar çynyňmydyr? - diýip, atam meniň başymy sypady. - Çynymdyr atam! - Çynyň bolsa... Ýa,bi kysmatdan gaçma ýok, sypma ýok ekeni... Bi bolýan zatlara seret!? Haýranlar galaýmalydyr. Ilki bilen-ä aýtjak zadym, atamyz Deňiz han “alsaň aýaldyr, gonsaň ýurtdyr” diýer ekeni, şonuň bilen birlikde mähriban gelnim üçin düşnükli bolar ýaly, bir wakany gürrüň bereýin. Adamyň başy gaýsyz bolanok. Uruş wagty nesilbaşymyz Deňiz hanyň ýygynynda ýörüte topar, sapan, ýaý salýan, atýan topar bolup, onuň nökerleriniň adyny tutup durman, salýanlar, soňam hemme kişä düşnükli bolar ýaly, salyrlar diýip ýüzlenipdirler. Ine, şol salyrlaryň serkerdesi bolan Deňiz han mydam awa ýeke çykyp, aw awlapdyr, at çapypdyr, gün ýaşyberende nirde bolsa hem ýatyberipdir. Bir gün ir bilen tursa, onuň aty ürküp, böküp dur diýýä. Ol bu hikmetleri bilmek üçin töweregine garasa, alysda bir gara görünýär, görse,bir näzenin gözel diýýä. Deňiz han ony özüne aýal edinip alypdyr. Emma bir näçe günden soň ol gelin gürüm-jürüm bolupdyr. Deňiz han esewan bolman, aýalyny ýitirenligine ökünip, (gaplaň-syrtlan-möjek aldymy nämemi) onuň yzynda ah çekip galyberipdir, awa çykanda welin şol bir ýere, perä duşan ýerini ýatlamasyny, ol ýere barmasyny goýmandyr. Ine, bir günem ýene şol ýere awa çykyp, perini ýatlap, bozulyp otyrka, birden onuň alkymyna şol peri gelip, ”Bu seniň ogluň” diýip, süýtden aýrylan bir çagany goluna tutdyryp gidiberipdir. Onuň yzyndan ylgap, gal diýip ýalbaran Deňiz han: ”Men basym gelerin” diýen sözi eşidip, çagany öýüne alyp gelipdir. Adamlar “Deňiz han, öýüňe gul getirdiňmi?” diýip, sorapdyrlar, onda ol “Bu gul däl, ig, igdir ol, meniň oglumdyr ”diýip, jogap beripdir. Şondan soň onuň ogluna Igdir-Gynygyň uly ogly diýip ýüzlenip başlapdyrlar. (Soňra bu oglanyň neslinden igdir tiresi döräpdir). Soň ol aýal “ejesiniň ölümi” sebäpli eglenenligi üçin ötünç sorap gelipdir. Gynyk begiň Igdirden soň Bükdüz-hyzmatkär, Uwa-mertebesi belent, Gynyk-eziz görülýän atly ogullary bolupdyr. Olaryň tagmalary Igdiriňki garçygaý, gynygyňky ak garçygaý, Uwanyňky ak laçyn, Bükdüziňki ütelgi bolupdyr. Aslynda peri gatyşygy bolanlygy üçin olar owadan, syratly bolupdyrlar. Biziň aslymyzda, gelin, görüp durşyň ýaly, beýle gatnaşyklar öňem bolupdyr, belki, soňam bolar, bizem şol Deňiz hanyň nesilleri. Galyberse-de, oglum Teke han hem çölden Igdir atly bir oglan tapyp getirdi. Atamyz Deňiz hanyň uly oglunyň yzy ýitmesin diýip. Şol sebäpli hem, gelin, men-ä agtygymyň bu herekedini goldaýaryn. Belki, maňlaýyna şol gyz ýazylandyr, ýazgytdan bolsa gaçma ýok... Aslymyzda jan algyç bilen darkaş guran Makowlaram bolandyr, gury çaýda köpri ýasap,kim şondan geçse otuz pul alyp, geçmedikden bolsa ura-ura kyrk pul alan Dälimizem bolandyr. Gowusy, gelin, sen ogluňa boýun bolaý... Atamyň şu sözlerinden soň, ejem aglaý-aglaý boýun bolmaly boldy, ýöne dileýän eşiklerimi welin bermedi. Men nätjegimi bilmän garanjaklap durkam, birden asmanda käkilik göterip barýan bürgü-de gözüm düşüp, iki elimi agzyma tutup,bar güýjüm bilen gygyrdym welin, tisginen bürgüt ýarym öli, ýarym diri käkiligi öňüme patlaladyp taşlady. Men: ”Eje, al, käkilikli palaw bişirýänçäň gelniňi alyp geleýin”diýip, käkiligi onuň eline tutdyrdym. Ejem bu görkezen “gudratymy” az görýän ýaly, ýüzüme dykanlap seretdi-de, daşy ýüpek mata dolanan Gurhandan ant içdirip, bir kişilik egin-eşigi elime tutdyrdy.”Sag gidip, aman gel” diýip, ak pata hem berip goýberdi... Ýok, pata berse-de, özi hem meniň bilen gidermen boldy. Bolmanda-da, indi onuň meni ýeke goýbermejegi hakdy. Ejemi bärräkde goýup, beren eşiklerini Aýperä geýdirdim welin, şaplaşyp duran bolaýdy. Gyzyl keteni, seçekli ýaglyk ony öňküsindenem has gözelleşdirdi, seredip doýup bolmady, özümem, ”Beýle gözele aşyk bolan kim-kä?” diýip, aýdyma zowladyp duran bolaýdym. Aýperini gören ejem dilini ýuwdan ýaly gözünden ýaş dökdi hem-de: ”Agyt, Jereniň özü-dä, gyz” diýip, ony bagryna basdy. Atamyň mesisiniň daşyndan geýýän köwşi hem gyzyň aýagyna ilenokdy. Ine, biz bir eli gelninde, bir eli men-de bolan ejem bilen tutaklaşyp barýarkak, (yzymyzdan garama-garama Ýomut hem gelýärdi) öňümizden geçili Makow çykdy-da: ”Eý, Teke, sen görünme, görünseň ataň maňa sýýji dadyrmasyny goýar” diýip, sümügini çekdi. Makow meniň bilen ýaşytdaş oglandy, akylly, okumyşdy. Dokuz ýaşlarynda gowurgaly kisesine gara çakjanyň dänelerini goşup,kunjüli gowurga iýýän diýer ýörerdi, şolam ony akylyndan azaşdyrdy, ejem-ä tohumynda bar diýýärem weli. Makow diýselerem ol kimiň çagasy boldy, kim haçan öldi, kimiň sygryny gaplaň aldy, ýiten sygyr haýsy wagtda ýataga gaýdyp geldi, haçan azan okalýar, jikme-jik aýdyp berýär, ýöne öňünden kim çyksa parhy ýok, süýji dilemesi welin bardy. “Men saňa süýji alyp bererin, arkaýyn bolaý” diýsem ol “Alyp bermesem ejem ölsün diý” diýýär. Men onuň üçin ejemi öldüresim gelenokdy, ýöne öwülýäjankessin-ä diýmeli boldum. Onsoň ol: ”Ataňa buşlajak, buşlajak” diýip, hökürdikläp gitdi. Bir salym ýöredik welin atam gelýär, tasarlyp, gujagyny gerip: ”Balam gelýär” diýip. Makowyň her eline we agzyna bolsa ýumruk ýaly sargany tutdyrypdyr-da... Men oýun eden bolup: ”Jan Makow, maňa-da sarganyňdan azajyk beräýdä, agzym suwarýar!?” diýsem ol ”Berjekgäl, içiň ýansyn, berjekgäl, sen özüňe gyz alyp gaçdyň” diýip, kellesini ýaýkaýar, atamam: ”Oňa bermeseň maňa beräý” diýse ol: ”Maňa gyz tapyp ber, menem dadyraýyn”diýip jogap berýär, atam bolsa “Çaga ýaly-da, wah” diýip, hyrçyny dişleýär. Şeýdip, toýuň şagalaňy bir hepdä çekdi. Oguz ilini özüňiz bilýäňiz, toýy düýpden dabaraly belleýär. Bu toýa Salyryň bagşysy gelip, şatlyk paýlady, boý-boýlady, söz sözledi. Ärler başlaryna gelen işleri sözlediler: ”Indi, hany diýdigim begler, ärler, dünýä meniňki diýenler, kimi ajal aldy, ýer gizledi, pany dünýä kime galdy? Gelmeli, berlenini ýaşap gitmeli, soňy puç dünýä bi! Ajal geläýende-de, ärleri imandan aýyrmasyn, Kadyr seni namarda zar etmesin, Alla beren umytlaryň üzülmesin. Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk, kabul bolsun. Ämin diýenler didar görsün! Omyn!” Toýuň şagalaňy gutardy. Aýperi indi ýargyjy dartmaga, degirmen üwemäge, tamdyra nan ýapmaga, etegi bilen tezek getirmäge ökdeledi, goýun-geçi sagmak, guzyjyklary emdirmek, mallaryň gurt düşen ýerlerine goýun gumalaklaryndan taýýarlanýan garaýag çalmak ýaly, öň öwrennikli işler-ä, onuň iki elinden gelýär. Şeýdip, ýazlagda iki aý dagy bolduk. Bir günem ol: ”Egin-eşigim gyzyp-gowrup, alyp barýar, çydamok” diýip, dyzap dur. Höre-köşe bilen dagdan akyp gaýdýan köp sanly çeşmeleriň biriniň ýakasyna baryp, dynç alýas, suwa düşýäs, güne ýanýas, ýöne günem kän”. Göwnüme bolmasa aýuwlar adamlara garanyňda has arassa, tämiz ýaşaýarlar, goýun eti mädämi doýurýar, işdämi gaçyrýar. Sen maňa düşünmeýän bolmagyňam mümkin, sebäbi sen aýu däl. Adamlaryň ýüzleri örän hyýrsyz, gelinler başýuwlyga saçlaryny ýuwsalar ýanlarynda durar ýaly däl” diýip, bir günem ol zeýrendi. ”Aýperim, öwrenişersiň, gaýrat et” diýip oňa göwünlik bersemem, dogrusy adamlaryň uludyr-kiçileriniň gürrüňleriniň egin-eşige, ir-iýmişe, awa, at çapyp, gylyç oýnatmaga, göreşe, pylan ýeriň adamlary gaty gurply ýaşaýarmyşlar, olara alamançylyga gidiläýse...” diýen ýaly meselelere syrygýanlygyny, özleriniň esasy goraýjysy-saklaýjysy bolan tebigat barada, Taňry barada welin asla dil ýarmaýandyklaryna göz ýetirip başladym. Bileni bitenleri hars urup, şahalaryny döwüşdirip hoz, pisse, armyt ýygnamak,onam bir zada çalyşmak. Onuň üçin hiç zatdan gaýtmaýarlar. Ýaňja dünýä inen, heniz ene süýdüni datmadyk guzyjyklary bagyrdyp, baganasyny almak däbi diňe adamlarda ýörgünlidigi üçin, heniz beýle zady görmedik Aýperi: ”Men wagşylaryň arasynda ýaşajak däl”diýip, dälilik derejesine ýeteňkirledi. Meniň höre-köşe etmäm peýda bermänsoň, ejemiň razyçylygyny alyp, Aýperini görme-görüşe, ejesiniň ýanyna alyp gitmegi ýüregime düwdüm. Özümem oňa höwesekdim, sebäbi adamlaryň ýok ýerinde özümi rahat duýýanlygyma düşündim. Atam “Torsuk howpa duçar boldugyça özüni tutýar” diýip, ýönelige aýtmaýardy, menem tokaýda zähmet çekip, özüme sütem etdigimçe taplanýanlygyma düşünýän. ”Diýmek, derede ýaşap, özümi taplamaly, senem ol ýerde birneme köşeşersiň” diýip, men Aýperini gujagyma gysdym.”Oglan, edepsizlik etme, özüňi ele al, aýp bolar” diýip, Aýperi döşümdem itdi. ”Öýde ikimizden başga hiç kim ýok, kimden çekinýäň?” diýsem ol “Gör, gapydaky sazagyň şahalary gymyldaýar, şemal öwüsýär, diýmek bu ýerde olary herekete getirýän bar. Agzyňy açyp uludan demiňi al, kuwwatlanarsyň, çykarýan demiň öwüsgüni bolsa bedeniň erkine tabyn bolşy dekdir, bu zatlar. Bölejik zatlarda bütewüligi görmeklik parasatlylygyň alamatydyr” diýip, jogap berýär... Derä gitjek günümiň öňki agşamy daýzam düýşüme girdi. Adaty bolşy ýaly, deredäki dumanly günde, ol ak eşikli, seçelenip duran ak saçly öňümden çykaýdy. Meni görüp aglaýar, men bolsa gülýärin. ”Ýegen jan, geljegiňi bilýädim. Meň saňa aýtmaly zatlarym bar. Sen şu öýüň töresi, ekleýjisi, çagalarymy gözüňden salma, aç-hor etme, ekle-sakla. Men daýyň ýanyna gitmeli boldum, sebäbi edep-ekram peselip, azgynçylyk artdy. Şeýle ýagdaýda Harut-Marut atly perişdeler asmandan inip, ýagdaýy düzetmek tabşyrylan, emma olaram bir azgyn aýalyň eline düşüp bozulypdyrlar. Indi bela-beteriň öňüni aljak ýok, ondan diňe gaçyp gutulyp bolar” diýýär. ”Ony gyzyň Aýperi hem aňýar, ejemiň ýanyna gideli diýip goýanok” diýsem, ol “Gelseňiz gözümiň üstündäki gaşym bolarsyňyz welin, arman -...” diýýär... Ertesi Aýperi hem “Ejem düýşüme girdi, gideli çaltrak” diýip gyssanýar. Gowaga barsak, daýzam pahyr amadyny tabşyrypdyr, çagajyklaram aglaşyp, onuň daşynda... Daýzamy daýymyň süňkleriniň ýanynda jaýlap, çagalary hem ýanymyza alyp, oba gaýtmaly bolduk... Üç ýylyň içinde üç çagam bolup, olaram bir-iki aý ýaşap, durmady. Öwezine ogul diläp gelen babam Serdar beg atama: ”Alla size ýene bir perzent berse baglaşdyrybam bir görseňiz, ata-babalarymyz-a şeýdip Tirkeş, Kössek, Duşak, Bessir, Togtamyş diýip, atlary baglaşdyrýardylar” diýdi. Şondan soň bolan ilkinji çaga Togtamyş-ýagny çaga dursun, togtasyn diýip çyn adyny dakdy, hakykatda welin oňa Kakajan-Tekemuhammet diýip ýüzlenýärdik, men bolsa oňa Kakam diýýärdim. Atam Ikinji ogluma Utamyş “ady yzyna tirkäp utdym” diýen manyny berýän ady dakdy, hakykatda bolsa ol öňki ölen çagaň Sarygeldi adyny göterdi, üçünji ogluma Ýalkamyş-Hudaý ýalkady diýen manyny berýän ady dakdy, hakykatda bolsa ol öňki ölen çagaň Sarydurdy adyny göterdi.... Atam Salyr Gazan 80 ýaşa aýak basanda dünýäsini täzeledi. Onuň yz ýany men babam Serdar beg bilen maslahatlaşyp Balkan daglarynyň töweregine, kakam Teke hanyň duşman bilen garpyşyp, şehit ölüp galan ýerine çekildim. Ol ýerde ganymyz bir, bir enäni emenimiz üçin süýtdeş doganym hasap edýän Ýomut beg, Igdir beg dagymyz bolup, özümizden önen çagalara uruş tälimlerini öwredip, gylyçdyr naýza işletmäge,ýaý atmaga,at üstünde her dürli hereketleri etmäge türgenleşip, ýaşaýan ülkesini her dürli gelmişeklerden goramak üçin taýýarlanýardyk. Bu işde babam Serdar beg gowy kömek berýärdi. Igdir Sadaba öýlenip, iki ogul bir gyzy bardy, Ýomut begiň hem çagalary ýetişip gelýärdi. Nobatdaky türgenleşikden soň, bir gün babam agtyklaryny ýygnap şeýle diýdi. - Tüweleme, tüweleme, balalarym, siz indi atarman-çaparman, batyr ýigitler bolup ýetişdiňiz, indi siz düşmanlara berk gaýtawul berip bilýärsiňiz. Biziň köneden galan, duşmandan almaly syrly arymyz bar. Size şol gizlin syry aýan etmesem boljak däl, ilki bilen-ä bu ataňyz Salyr Gazan pahyryň maňa goýan wesýeti, onsoňam, meňem ýarowlygym ýok, muny size gürrüň bermesem bolanok, galanynam kakaňyz bilen maslahat edip göräýiň! - diýip, meniň ýüzüme seretdi. - Baba, aýdyberiň, men sizi goldaýaryn! - diýenimden soň, ol gürrüňini dowam etdi. - Balalarym, bu syry beýan etsem şeýleräjik bir waka boldy. Ýigrimi ýyl mundan öňräk Tümöten galasynyň hany Tarabuzan han agyr leşgeri bilen gelip, biziň Muňgyşlagyň gum eteklerinde oturan Omçaly obamyza çozdy we mal-mülkümizi talap aldy. Iň erbet ýerem, bu waka siziň ataňyz Tekemuhammet hanyň daýyňyz, daşoguz hany Oraz begiň ýanyna giden döwrüne gabat geldi. Tarabuzan han, biziň ýalbaryp-ýakarymyza, puldyr mal berjek diýenimize garaman, hanyň dogany Güljemaly özüne aýal edinip,bizi uly ar-namysa goýdy. Tekeli türkmenlerimiz şondan bäri köýen ar-namysymyzy aljak bolup, köp gezekler Tümöten galasyna çapawulçylyk edip geldiler, emma galany alyp bilmediler. Olaryň gorag leşgerleri köplük bolansoň, diňe galanyň gyrak-çetinden guldyr-gyrnak alyp gelerdik. Ol getirilýän ýesirlerem, özümiz ýaly garyp-gasarlar, özümiz ýaly türkmenler. Onsoň ol biçäreleri eklemek we öýli-işikli etmegem biziň boýnumyza düşýär. Şu wagta çenli ol zalymyň kowum neberesinden golumyza düşeni bolmady. Tekäniň köýüp-gidip barýan ar-namysyny, enşalla, siz berjaý edersiňiz diýip, tama edýändirin. Galanynam, pederiňiz Tekemuhammet bilen maslahat ediň. Garry ataňyz-a, duşmanyň elinde wepat boldy, ýaş ataňyzam garadan gaýtmaz batyr, söweş tälimlerini, hilelerini bilýän adam. Eger isleseňiz, men size çözgüt tapyp, ak pata hem berip biljek... Ýigitler soragly nazarlaryny kakalary Tekemuhammede gönükdirdiler. Ol nazarlarda “Namysymyzyň köýen ýerini ýerine salmak üçin bize rugsat ber” diýen sorag keserip ýatyrdy. - Eý, özümden önen neslim - diýip, men söze başladym. - Siziň gujur-gaýratyňyza, edermenlikleriňize guwanýaryn, her bir zadyň hötdesinden gelip biljekdigiňize gözüm ýetýär. Dogrudanam, biz ir wagtlar täleýimiz ters gelip, utuldyk, güýjümiz pes geldi, indi bolsa, biz ol duşman bilen garyndaş hasaplanýarys. Siziň Güljemal ejeňizden birnäçe nesil önüpdir, olardan eýýäm öýli-işikli bolanlary-da barmyş. Indi siz özüňize leşger-goşun ýygnap, uruş-dawa etjegem bolmaň! Kakam-a ölüp gitdi, Güljemal doganymdan bolsa, söwda-satyga gidýän kerwenleriň täjirlerinden hat-habar iberip, habarlaşyp ýörün. Olam yzyna habar iberýär. Tümöteniň hany-da şol gezeginden soň, biziň üstümize leşger çekip, talap duranok, gaýtam, biziň uruşgan serdarlarymyz käteler galanyň gyrak-bujagyna alamançylyga gidip, oljadyr, ýesir alyp gelýärler, kakama derek olaryň üçüsiniň janyny jähenneme ugratdylar. Indikimiz ar aldyk bolanok, ýesir aldyk diýýänimizem, kileň bigünä adamlar. Meniň size berjek pendim, könelerimiziň “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy”diýen dana sözüni ýadyňyzda saklaň. Häzirlikçe, Güljemal ejeňizden habar tutup geliň, belki, onuňam berjek maslahaty bardyr.Ýol şaýlaryňyzy tutuberiň. Ynha, Mary, Ajam tarapdan eýrana söwda gidip, yzyna gelýän kerwen basym Müňgyşlak taraplaryna geçer. Ana, siz şolara goşulyp gidersiňiz. Kerwendäkiler, ýollara belet adamlar, size-de uzak ýoluň belgilerini, ýolaýryklaryny, çelgilerini görkezerler... Aýdylşy ýaly, kän wagt geçmänkä, kerwen tekeli-türkmenleriň ilinde düşlediler. Men olary myhman alyp, hezzet-hormat etdim hem-de gala sary ýola rowana bolanlarynda özümiň üç oglumy hem alyp gitmeklerini soradym. Netije-de, men kerwen bilen ugraýan oglanlaryma: ”Güljemal ejeňize we ýegenlerimize köp-köp dogaýy salam aýdyň” diýip tabşyrdym we ak pata berip ugratdym. Hawa,uzak ýola ugralmanka, Togtamyş ejesi Aýperä şeýle diýdi: ”Eje, meniň atam Teke han öldrilipdir, aýal dogany alynyp gidilipdir, sen bolsa bulary menden gizläpsiň.”Ene haky-taňry haky” bolmasaýdy, gara polat uz gylyjymy tartardym, duşmanyň alja ganyny ýer ýüzüne dökerdim!”diýdi, ejesi bolsa: ”Oglum, muny saňa aýtmaga gorkdum, ataň aryny almaga gidip, duşman elinden heläk bolarsyň öýütdim”diýip jogap berdi. Garaz, oglanlar, ejeleri bilen razylaşyp, ar-namys üçin ýola çykdylar, begler ýygnanyşyp geňeş etdiler, bir çukura tüýkürdiler. Ýol uzak, menzilem uzak, kerwenem kiçi-girim däl. Agyr kerweniň 15-20 sany saýlama atly ýigitlerden ybarat ýaragly goraýjylary-da bar. Togtamyş we inileri kerweni goraýjy atly ýigitler bilen dost-ýar bolup, käte kerwenden ozup gidip, aw-şikar edinip, öňräkdäki guýylarda hatarly kerwene garaşyp barýardylar. Olaryň ýaşulusy bolup, Igdir beg bilen Ýomut beg hem gidermen boldy. “Gyrmyldan gyr aşar” diýlişi ýaly, agyr kerwen ahyry bir gün Tümöten galasynyň bir çetine ýeteninden Togtamyş dagy kerwenbaşydan rugsat we barmaly ýerleriniň salgysyny takyk alyp,ozup öňe gitdiler we galadaky hanyň maşgalasynyň ýaşaýan howlusynyň äpet derwezesini kakdylar. Emma, özlerini tanatsalaram, näçe ýalbarsalaram, howly garawuly “Han awdan gelip rugsat bermese bolanok” diýip, olary howla goýbermedi. Ep-esli garaşylandan soň, sabyr-takadyny ýitiren Utamyş, beýik howlynyň içine böküp girdi-de, gylyjyny garawulyň damagyna goýup, derwezäni açdyrdy. Boldy bir başagaýlyk, beýleki garawullaram ylgaşlap geldiler. Bolsa-da, soňky gelen garawulbaşy gowy adam ekeni, nämäň nämedigine düşünip, olary Güljemal ejeleriniň gapysyna eltip, söýünjiläp, eslije pulam gazanmany başardy. Togtamyş bolsa Utamyşa garap: ”Sarygeldi, sen, tüweleme är işini bitirdiň, aýgytly hereket etdiň, ýogsam biz han gelýänçä garaşmaly bolardyk” diýip, onuň arkasyna kakdy. (Şondan soň Utamyşa-Sarygeldä – “sen är işini bitirdiň” diýip, Ärsary diýip ýüzlenip başladylar). Güljemal ejeleri bolsa jigilerini görüp, olaryň daşyndan pyr-pyr aýlanyp, gujaklap, Togtamyşa kakam, Utamyşa Sarym, Ýalkamyşa Saryjam diýip, begenjine-de, nije ýylyň aýralygyna bozulyp, gözýaş etdi, jigileriniň didaryny görenine şükür edip, myhmanlaryň hormatyna uly toý tutdy. Hanyň bag-bakjaly howlusynda birnäçe hatar ak öýler tutulyp, hanyň ähli maşgalalary jemlendi. Hanyň Güljemaldan başga-da üç aýaly bolup, olardan hem önen oguldyr-gyzlary uly maşgala bolup, şol bir ýerde ýaşaýardyrlar. Şeýlelikde, Togtamyş dagy öz ýegenleri we beýleki ýakynlary bilen örän tiz ysnyşdylar... | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |