A Z I A D A
Öz maýdalyna ýöräp barýan atlylar Gün guşluga galyberende, dag içinde ýerleşýän, gara gaýmaly gaýalary üstüňe abanyşyp duran ýol-ýodaly uly bir obanyň üstünden bardylar. Bu obanyň adamlary hem indi näçe gündür dabaraly toýa ýörite taýýarlyk görüp, myhmanlaryň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýören bolmaly. Hatar-hatar guralan ak öýler obaň merkezi meýdançasyna bezeg berip duran bolsa, olaryň aňry ýüzünde atarylan san-sajaksyz toý gazanlaryndan datly tagamlaryň ysy burnuňa urýardy. Sazandalar saz çalýardy, halyçylar haly dokamak bilen, keçe basýanlar keçe bezemek bilen meşguldy.
Suratkeşler surat çekýärdiler. Süňňi ýeňil ýigitler ýaglyga towussalar, pälwanlar göreş tutýardy. Ak sakally ýaşulular bolsa ho-ol bir çetde halka gurap, “ýüzük bukdyň” hözirini görýärdi. Türkmeniň gadymy el guş we tazy aw ediş pursatlaryna tomaşa edýänlerem esli bardy.Olar bir ýa iki obanyň adamlary däldi, goňşy obalardan, hatda ýurduň ähli ýerinden hem adamlar ýygnanypdy.
Hoşgeldi häzir atlylaryň öňbaşyny çekip gelýärdi. Ol dagyň ýol-ýodasyna beletdi, onuň bu düzlüklerde heniz aýak yzlaram ýitmän, günde-günaşa gatnap, torç eden ýerleridi. Şu öňdäki aňňatlykdan aşdygyňam onuň önüp-ösen obasy görner. Bu ýeriň käkilikleridir torgaý guşlaram, arçaly-kerkawly zawlaram onuň gözüne yssy bolup görünýärdi. Soňky ýyllar obanyň tutýan meýdanynyň möçberem esli giňäpdi. Hojalyklar gurplanyp, her maşgala özbaşyna ýaşaýyş jaýyny edinipdi. Şeýle bolansoň indi birmahallar obadan esli uzaklykda, ady rowaýata öwrülen „Dam-dam“ çeşmesem bu günki gün ýaşaýyş jaýlarynyň orta gürpünde galypdy.
Olaryň öýi, başga-da birnäçe maşgalalaryňky ýaly, ýerden bäş-alty ýüz ädim ýokarda, baýryň ýüzünde ýerleşse-de, gapylarynda turba arkaly çekilen buz ýalyjak çeşme suwy akyp otyrdy. Ol ýere aýlaw-aýlaw bolup gidýan ulag ýodasam çykýardy.Onsoň bu ýerden synlan adama uly oba eliň aýasynda ýaly bolup görünýärdi. Daşy aýmançaly, gül-gülälekli meýdanlar haly ýazylan ýaly bolup öwşün atsalar, hatar tutup duran baglar gök lybasa geýnipdi. Jülgeden eňaşaklygyna gidýän ter sonarlykdaky ownuk hem iri şahly mallaryň ine-gana ýaýnap, otlaşyp ýörenlerini göreniňde, gözüň dokunýardy.
Oglanlar Hoşgeldä ýolboýy sowal yzyna sowal berip gelýärdiler. Ýörişiň ýany bilen gelýän şäherli ýigitlerden Aýly, Umyt, Nygmat dagylar hasam bu ýeriň täsin tebigaty bilen içgin gyzyklanýardylar. Ozal bu obada bolup görmedik adamlara salkyn howa, dury çeşmäň şypaly suwy, çarwa durmuşy, gelin-gyzlaryň ýanlyk ýaýyp, dowarlardan süýt-gatyk, peýnir önümlerini taýýarlap duran pursatlary olara üýtgeşik täsir etdi. Şonsuz hem Hoşgeldi oglanlaryň: „Obaňyza barýançak, ýene köp ýöremelimi?“, “Siziňkilerde her hojalygyň öz şahsy aty barmyşyn“, „Meşhur türkmen kinolarynyň aglabasy şul obada surata düşürilipdir diýýärler“diýen ýaly ýolboýy beren soňsuz sowallaryna ýetişibildiginden jogap bermäge çalşyp gelýärdi.
Onuň häzir Pena bilen aty ýanaşyk gelýärdi. Şonuň üçin olaryň özara gürrüňi hasam gyzyşypdy.
--Hoşgeldi, obaňa golaýlaşdygymyzça tolgunýaň gerek?
--Dogry aýdýaň, dostum. Her kimiňem göbek ganynyň daman ýeri gözüne yssy görünýändir. Bu obada garry atam, eziz käbäm, doganlarym, gelnim hemem meşhur Garlawajym bar.
--Haýsy Garlawaç hakda gürrüň berýäň, Hoşgeldi? Aşgabatda geçirilen at çapyşyk möwsüminde iki ýüz metr aralykda ýokary ýyndamlygy görkezip, baş baýraga eýe bolan Garlawaj-a däldir-dä!
--Hut şol.
--Näme, ol siziň atyňyzmydy?
--Onda-da, taýçanaklykdan ulaldanjaňmy diýsene?!
--Aý, ýog-a?
-- Atam Garlawajyň aňyrsynyň meşhur Garadäliden gaýdandygyny aýdýar. Garadäli öz döwründe diňe bir öňüne at geçirden bedew bolman, eýsem ol Aşgabat-Moskwa aralygyndaky atly ýörişine-de gatnaşan at. Özi-de halys garrap geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ýogalypdyr. Ony atam çagakam kolhozyň gara mallar fermasynda görýärdim diýýär. Daýaw, gelşikli, guýrugy ýere ýetip duran akja, tohum atlardanmyşyn.
Obanyň uzaklardan seleňläp görünmegi bilen Pena bilen Hoşgeldiniň özara mesawy gürrüňleriniň arasy bölündi. Öňi bilen olaryň gulagyna deprek sesi geldi. Yzýany bilen dutardyr gyjagyň, tüýdükdir gopuzyň owazlary dag dereleridir onuň kert gaýalaryna ýaň saldy.
Bu ýerde ähli zatlar baýramçylyk görnüşinde bezelipdi. Jaýlaryň öňi-de, hatda olaryň üçegi-de ýaş-ýeleňlerden doludy, olar köçeden geçip barýan atlylary görjek bolup öňe omzaýardylar.
Ýaşulular aýbogdaşyny gurap otyrdylar. Adamlar myhmanlaryň hyzmatynda gara başlaryna gaýdylar. Kimse töwerege suw sepýärdi, kimse ýörişe gatnaşan at-ulagalara ot dökýärdi. Goşa çynaryň düýbünde düşelen halyçada oturan bagşy sazandalar bolsa, joşup-joşup saz çalýardy.
Aslynda atly ýörişe gatnaşýanlaryň garşylanyşy başga obalarda-da şu zeýilli gurnalypdy. Ol ýerlerde-de ýörişe gatnaşýanlar il ýaşululary, türgenler, medeniýet we sungat işgärleri bolup, aýdym-sazyň şowhunly owazynyň astynda dabaraly garşy alynýardy. Olara duz-çörek hödür edilýärdi. Pälwanlar göreş tutsalar, gelinler olara düýe çalyny, agarany hödür edýärdiler. Daglyk obalarda bolsa çopanlar il-güne deri eýlemek, ýüp işmek, içmek tikmek, mal alyklamak, düýe howutlamak ýaly dürli däplerini görkezmek bilen ber-başagaýdy. Dutar-gyjakly bagşylardyr estrada aýdymçylary bolsa töwerekde halka gurap oturan adamlaryň öňünde aýdym-saz bilen çykyş edýärdiler.
Bu ýerde-de şol bir ýagdaý. On ýedi at. On ýedi ýigit, hersiniň elinde-de türkmeniň ýaşyl Baýdagy al-asmanda pasyrdaýardy. Ýigitler mähelläň orta gürpüne gelip, atlaryndan düşdüler. Şu ýerde on ýedi sany oglanjyk peýda boldy-da, olaryň hersi bir atyň jylawyndan tutup, taýagatym ýerdäki teläre bakan ugradylar. Adamlar ör turup, atly ýörişe gatnaşýan ýigitleriň öňünden çykdylar, olara duz-çörek hödür etdiler. Gadyrly salamlaşylyp, hal-ahwal soraşylansoň, bilelikde surata düşdüler. Soňam datly ir-iýmişdir gök miwe önümli giňden ýazylan toý saçagynyň başyna geçdiler.
Şol dara-direlikde Hoşgeldini goňşy jaýa çagyrdylar. Ol baranda, bu ýerde hersi bir işe müşgül bolup oturan gelin-gyzlaryň arasynda gelni Jennetem bar eken. Olar mähirli salamlaşdylar. Jennet her gezek ýylgyranda, sadap dişleri Günüň tygyna şöhlenip, gözüňi gamaşdyryp gidýärdi. Çep ýaňagyndaky meňi bolsa oňa mydama Magtymguly şahyryň Meňlisini ýatladýardy. Onsoň Hoşgeldiniňem göwnühoş bolardy: „Jennetiň gülem bolubilse, sençedir“ diýäge-de, oňa Jennetgül diýip ýüzlenerdi.
--Jennetgül, salam, asyl senem bu ýerdemidiň? Neneň, günüň-halyň oňatmy? Geljegimizi habarly edipdim.Ynha-da geldik.Atymyzam on ýedi, özümizem on ýedi. V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guralýan Atly ýörişe hormatly Prezidentimiziň hut Özi badalga berdi. Ol bize döwlet Baýdagyny hem-de Olimpiada nyşanyny göwşurdy. Başga-da, medeniýet-sungat işgärleri, atlarymyza esewan bolýanlar bilen alanyňda onlarça adamlar hem biziň bilen bu ýere geldi. Bizem indi nesip bolsa, ertir Ahal welaýatyndan atly ýörişe gatnaşan 17 sany atly ýigitler bolup, Balkan welaýatyndan atly ýörişe gatnaşýan 17 sany atly ýigitlere döwlet Baýdaklaryny we Olimpiýa nyşanlaryny dabara bilen gowşurmaly.
Ses-üýnüni çykarman, Hoşgeldiniň buýsançly gürrüňlerini diňläp, ýylgyryp durşuna Jennet „Teleýaýlym arkaly tomaşa etdik, hemmesinden habarym bar“ diýen terzde başyny atdy. Soňam onuň ýanyna hemişekileri ýaly, gaz ýöreýşi, ogryn-gyýa bakyş bilen dessem-dessemläp geldi-de, oňa bir şa käse düýe çalyny uzatdy. Hoşgeldi çally käsäni uly işdämenlik bilen başyna çekdi.
--Sag bol, Jennetgül. Heziller edinäýdim.
--Noş bolsun, öz elim bilen içiräýin diýdim.
--Sag bol.Men gitdim, öýe soň aýlanaryn...
Hoşgeldi başky ýerine dolanyp gelende, myhmanlaryň öňüne eýýäm çaý-nahar çekilip, dabara başlanan eken. Mähelle öýüň törüni eýeläp oturan il ýaşulysy, bütin ömrüni çopançylyk kärine bagyş edip, hormatly dynç alyşa çykan il ýaşulysy Begmyrat aganyň gürrüňini per berip diňleýärdi. Ol Hoşgeldiniň atasydy. Oglanlara oba durmuşyndan, gün-güzerandan gürrüň berýänem şoldy. Ol diýseň gürrüňçil adamdy. Onuň gürrüňlerini diňlemegem gyzyklydy, täsirlidi.
--Ynha, şu görýän goşa çynaryňyz bardyr-a--diýip, ol häzirem lokga per ýassygy goltuklap durşuna, haýsydyr bir wakany gürrüň berýärdi.—Oba adamlary bu çynaryň astynda Magtymguly şahyryň oturyp, Durdy şahyr bilen şygyr aýdyşygyny guranlygy üçin mukaddes ýer hasaplaýarlar. Bu hakynda şahyryň ýegre dosty, obadaşymyz Allaberdi begiň neberelerinde näçe diýseň maglumat bar. Mekdep mugallymlary häli-şindi öz okadýan okuwçylaryny, uzakdan-ýakyndan gelýän myhmanlary hem bu ýerlere aýlaýarlar. Şahyryň agzybirlik, halallyk, sahylyk, batyrlyk, söýgi hakyndaky goşgularyndan okap berýärler...
Adamlar asyrlaryň şaýady mähnet goşa çynara nazar salyp, uzak wagtlap dymyşyp oturdylar. Begmyrat aga şondan soňky gürrüňiniň atlara syrykdyrdy:
-- „Her döwür, bir döwür“ diýleni, hojalykda atdyr düýe saklamaga maý bermediler. Ilkä mal ugry öýme-öý girilip köpçülikleýin ýygnaldy, soňam olar ete tabşyryldy. Şeýdibem, dura-bara ýükçi at-arabalar aradan aýrylyp, her tüýsli maşynlar peýda boldy.
Häzir düýbünden başga dünýäde ýaşaýas. Miras belende galdyryldy, könä dolanyldy. Munuň üçin Mähriban Arkadagymyza näçe alkyş aýtsaňam azdyr. Gör-ä, indi her hojalykda diýen ýaly, biri-birinden owadan, ýelden ýndam, ýüwrük bedewlere gözüň düşýär. At-myrat. Häzir ata goýulýan hormat, sarpa çeniň-çakyň däl. Atlaň hormatyna heýkel gurýan ýeke-täk döwlet biz. Atlaram edil ynsanlar kimin hubbatly döwri başdan geçirdiler. Biziň ahalteke atlarymyzyň tohumy tas ýiteňkirläpdi. Olar haýsy ýurda eltilmedi. Indi şükürim bar, türkmeniň aty öz işiginde kişňeýär. Ähli welaýatlarda uly-uly aýlawlar gurlup, olarda ýyl boýy ýaryşlar geçirilýär. Onsoň, ine, ýedi ýaşlyja agtygym Şadyýanymyzy bir gepledip görüň: “Ata, ulalsam, menem at münjek, çapjak, ata bakýançy boljak“ diýip höwes edýär. Bu nämäniň alamaty? Bu biziň diňe bir uly ýaşly adamlarymyzyň däl, eýsem, bala-çagalarymyzyň hem türkmeniň öz atyna, öz ganatyna suwsanlygynyň alamaty.
Begmyrat aga henizem at hakynda köp zatlary gürrüň berjekdi welin, metjitden azan sesi geldi. Ol kündügini eline alyp, täret gylmagyň ugruna çykdy.
Gün ýaşyp barýardy. Myhmanlar dem-dynç almakçy bolansoňlar, Hoşgeldi öýüne gaýtdy. Howlyň daş ýüzünde atdan düşdi-de, jylawy öňünden ylgap çykan, at münmäge höwesek jigisi Şadyýanyň eline tutdurdy. Onuň her ýaňagyndan taýly gezek ogşady:
--Jigim, gurgunjamyň? Ullakanja bolýarmyň?—diýibem oňa lak atdy.Soňra ol ejesi, gelni bilen salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Hoşgeldi diýseň sypatlydy, dogumlydan görmegeýdi.Üstesine, egnindäki eşigi oňa hasam gelşik berýärdi.
--Tüweleme, oglum, tüwleme.--Annatäç eje ogluny aýagyndan tä başyna çenli synlady.—Taňrym, gözden-dilden gorawersin balajygymy, hakyt don-telpek saňa biçilen ýaly şaplaşyp dur. Häziriň özünde ýüzärlik ýakaryn. Sag-aman gezip ýörmüň, oglum?
--Hawa, eje.Ine, görşüňiz ýaly, janymyz sag, atly ýörişe gatnaşýas.
Annatäç eje eýýäm tämiz syrylyp-süpürilen açyk meýdanda düşek ýazyp, birki sany per ýassygam atyp ýetişipdi.
--Gel, geç oglum, ýol ýadadandyr, birsellem başyňy ýassyga goý.
--Ýok, eje, ýadamak näme işlesin?! Özümiziň atly ýörişe gatnaşýanymyza begenip aňyrsyna ýetip bilemzok. Hut Arkadag Prezidentimiziň hemaýaty, onuň Özüniň pata bermegi bilen ýola rowana bolduk. Onsoňam, biz saba bilen ýola düşmeli. Bize eglenmek bolmaýar. Biziň her ädimimiz, her sagadymyz hasaply. Şonuň üçin öňde goýlan maksada ýetmek üçin biziň her birimiziň egnine ýüklenen öz borjumyz bar. Biz Aziada barmaly.
--Nirä diýdiň, oglum?
--Aziada.
--Ol nire? Haýsy welaýatda ýerleşýär?
Hoşgeldi ejesiniň sadalaçlygyna adaja ýylgyrdy. Oňa beren jogaby hem gysgadan, anyk boldy:
-- 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde halkara derejesinde geçiriljek köpçülikleýin sport çäreleriniň toplumy V Aziada diýlip atlandyrylýar, eje. Häzirki wagtda Aziýa oýunlaryna taýýarlyk ýaýbaňlandyryldy. Munuň üçin paýtagtymyzda Olimpiada şäherjigi hem gurlup ýör. Aziada oýunlary biziň üçin toý-baýram. Bu toý külli türkmeniň toýy. Bu zatlar Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi hem-de akyl-paýhasy bilen dörän. Indi düşündiňmi, eje?
--Düşündim, oglum, düşündim.
-- Nesip bolsa, bu toý döwlet derejesinde uludan tutular. Onsoňam, sportuň onlarça görnüşiniň düzümine türkmen göreşiniň hem-de ahalteke bedewleriniň ýaryşynyň girizilmegi hem gutlanylmaly ýagdaý. Enşalla, bu ugurdan türkmen hünärmenlerimiz özleriniň gujur-gaýratlaryny görkezerler.
--Enşalla, oglum, enşalla.“Umytly guş Käbä ýeter“ diýipdirler.Yhlas eden myradyna-da ýetýändir, bagtynam tapýandyr.
--Eje, neneň biziň Garlawaç. Atam ony otdan-suwdan hor edýän däldir-ä.
--Ýok-la, guzym. Ataň şol ata seretmekden başga iş bardyram öýdenok. Gije-gündiz şonuň bilen. Sen onuň bilen görüşmediňmi?
--Görüşdüm, görüşdüm. Bileje oturyp naharlandygam. Garlawajy soramaga welin maý bolmady.
--Otursa-tursa bu at Hoşgeldi oglumyň atydyr diýýä, käteler Şadyýany mündürip töwerege aýlabam getirýä. Basym Aşgabatda boljak at çapyşygyna çakylygym bar diýýädi.Oňa gaýraky obadan Yhlas çapyksuwarlyk ederin diýipdir. Öz-ä öň geleniň şa serpaýy maşynmyşyn.
-- Nesibedir, eje. Ýöne Yhlas çapuksuwaram ökdedir. Ol çapjak atyna göwni ýetmese, aňsat-aňsat bu işi boýun almaz. Diýmek, Garlawajymyza göwni ýeten bolmaly.
--Şeýledir-dä. „Begmyrat aga, Garlawajyň aýagyny barlap göräýin!?“, „Begmyrat aga, atyňy gezdirip getiräýin!“ diýýär-de, aram-aram alyp gidýär, sähralyga bakan.Indi geç oglum, düşek üstüne.
--Eje, biz naharly. Gördüň-ä biziň üçin obadaşlarymyz dürli-dümen tagamlary taýýarlapdyrlar.
--Onyň dogry, balam. Menem gazan atardym. Indi näçe gündür öýden çykyp gideniň, näme iýenem bolsaň, nohutlyja unaş içen dälsiň. Sen unaşy gowy görýärdiň-ä. Onsoňam, ýoluň obaň üstünden düşüp, ene-ataň duzuny datmazlyk gowy görülýän zat däl. Siz ikiňiz gümür-ýamyr edýänçäňiz, menem naharyň oduna bakaýyn--diýdi-de, Annatäç eje olary ikiçäk galdyryp, gelnine bakan gözüni ümläp, çykyp gitdi.
Jennet gaýnynyň ümüni aňlapdy. Özi üçin gürleşmegiň şundan amatly pursatyň bolmajagyna-da düşünýärdi. Ýöne göwnündäkisini diline getirip, aýtjak sözlerini aň elekden geçirýänçä, jaýyň içine birhowa ümsümlik aralaşdy.
--Men onýança Garlawajymy bir görüp gaýdaýyn.--Hoşgeldi teläriň astynda saklanýan Garlawajyny görmäge gitdi.
Jennetiňki ýene-de paşmady. Ol başga bir maý dörände, ýüregimi açaryn diýibem, bu gürrüňi soňa goýdy.
Birsalymdan Hoşgeldi atyň ýanyndan öýe atasy bilen dolandy.Olaryň gapyň agzynda eden gürrüňlerini Jennetem eşitdi. Bu gürrüňler at hakynda boldy.
--Ata, sen häli 1935-nji ýylyň Aşgabat-Moskwa köp günlük atly ýörişi hakynda aýtdyň welin, şol gezekki atly ýörişe näçe çapuksuwar gatnaşdyka, bilýäňmi?
--Bilýän. Oňa çapyksuwarlaryň jemi otuzysy gatnaşypdyr. Olar dört müň üç ýüz kilometr aralygy segsen dört günüň dowamynda geçipdirler. Bu, elbetde, ýokary netije.
--Hawa, ata, bu ahalteke atlarynyň taryhyndaky edermenlik.
Ataly-ogul birsellem dymyşyp oturdylar. Dymyşlygy Hoşgeldi bozdy:
--Ejem, Garlawajy Yhlas çapyksuwara...
Begmyrat aga agtygynyň sözüni agzyndan kakyp aldy.
--Dogrudyr, oglum. Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň hormatyna Aşgabatda guraljak bedew atlarymyzyň ýaryşyna biziň Garlawajymyzam bellige alnypdyr eken. Onsoň Yhlas çapyksuwaram atymyzyň öňem birnäçe gezek döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolanlygyndan habarly. Garlawajy çapmaga onuň özi döwtalap boldy. Indem günde-günaşa gelip, atyň otuna-suwuna esewan bolup gidýär. Menem ýorunja diýse-de, arpa diýse-de, saryýagdyr ýumurtga diýse-de, zady gaýgyramok. Häzir-ä işiň gidişi ýaman däl, oglum. Galanynam näme, wagt görkezer.
--Yhlas çapyksuwaryň abraýam uly.Özem belli seýisçiler neslinden.
--Dogry aýdýaň oglum. Atyň ýyndam çykmagyna ökde seýisem gerekdir welin, onuň diline düşünýän çapyksuwaryň zerurlygy hem şonça barmykan diýýän.
--Şol uly ýaryşda ýeňiş gazanan atlar Aziada oýunlaryna-da gatnaşdyryljakmyşyn diýdiler.
--Ýogsam näme, herhal umytda bolmaly.
Ataly-ogul sagbollaşyp, hersi öz ýatak jaýyna girip gitdi.
* * *
Hoşgeldi hopugyp oýananda, daňyň düýbi ýaňy bir kepderiň ganaty ýaly çalaryp ugrapdy. Ol daş çykyp gelende, gelni Jennetdir ejesi Annatäç dagylar eýýäm aýak üstündediler.
Basym jahan hem ýagtyldy. Üýşüp çaý içdiler. Hoşgeldi turarman boldy.
--Howlukma, oglan.-- Jennet Hoşgeldini egninden basyp diýen ýaly saklady.—Meniň seň bilen gürrüňim bar.
Ol tolgunýardy, gürrüňiniň başyny nämeden başlajagyny bilmän elewredi. Hoşgeldiniň wagtynyň çäkliligi ýadyna düşende welin, has-da gyssaga düşdi. Ol birhili uýaljyrap, gyňajynyň ujuny birneme ýaýradybyrak tutup durşuna, dil ýardy:
--Neme, oglan, sen...sen...
Şo mahalam daşardan kimdir biriniň:
-- Ýigitler, ýola düşmeli, howlugyň!-- diýip, gygyran çasly sesi eşidildi.
Hoşgeldi çalasynlyk bilen ýerinden turdy.
--Jennet, Jennet, sen näme diýjek bolduň? Sen zady gaýgy etme.
--Men...
--Telefonda aýdaýarsyň, bolmaýamy? Biz jaňlaşar durarys. „Dostuňy egleme, nepden galmasyn“ diýlendir. Eşitdiň-ä, häziriň özünde ýola düşmegimiz gerek.
--Ýok, men ony saňa häzir aýtmaly. Sen ony hökman biläýmeli. Sen, sen oglan...
--Hawa, men.
--Sen basym kaka bolýaň.
Hoşgeldiniň ýüzi ýagtylyp gitdi:
--Näme diýdiň? Gaýtala. Men basym kaka bolýanmy?
--Hawa.
--Ejem bilýärmi?
--Ejeňem bilýär, doktora-da bile bardyk. Lukman gyzyň bolar diýdi.
--Ejem bilýän bolsa, onda, ol bu çaka çenli näme dil ýarmady?
--Ony aýtmagy maňa tabşyrdy. Özüň aýtsaň, kem bolmaz diýdi. Onsoň menem...
--Dogry edipsiň.--Hoşgeldi guş bolup uçara geldi. Ol gelniniň maňlaýyndan öpdi.—Indi, datlym, sen mundan beýläk, örän ünsli bolup, özüňi goraglap gezmelisiň. Düýe sagjak bolup ýa çeşmeden suw daşajak bolup, meň gyzymy kösemeli dälsiň.
Jennetiň ýüzi gyzyp gitdi. Ýöne ol ynjalypdy. Näçe günläp gursagynda göterip ýören ençeme günüň ýüküni adamsy bilen deň paýlaşypdy. Olar muňa bile begendi.
--Onsoň sen gyzyň adyna näme dakjak?
--Oglumyz bolsa-ha, kakamyň adyny dakaryn öýdüp ýördüm. Gyzymyňam ady üýtgeşik bor, ýeke-täk bor. Ony älem arzuwlar.
--O nähili beýle älem arzuwlajak üýtgeşik atmyşyn?
-- Gyzymyň ady Aziada bolar.
--Aziada.
--Hawa, Aziada.
-- Hakyt şeý diýibem at goýjakmy?
--Näme sen bu ady unamadyňmy?
--Ýok, ýok, gürrüň onda däl, ýöne ol seň nireden kelläňe geldi?
--Şu ady nirä, kime daksaňam gelşermikä diýýän. 2017-nji ýylda geçjek Aziada oýunlary dünýä ýaň salar. Bu çäre türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Üstesine, oňa menem gatnaşýan. Biziň aňrymyzam at bilen bagry badaşanlar. Babam 1935-nji ýylyň Aşgabat-Moskwa atly ýörişine gatnaşan.
Jennetiň özüne bakyp, sesini çykarman dymyp oturmagy, onuň Hoşgeldiniň pikirine aňryýany bilen goşulýanlygyndan habar berýärdi.
Şondan soň Hoşgeldi kän eglenmedi, daş çykdy. Egnine daşky lybasyny atyp, aýlawda baglanan atyna bakan ýöneldi.
Daşarda gaýda-gaýmalaşlyk başlandy.“Ýoly ýörän ýeňer, işi—ýapyşan“ diýipdirler. Begmyrat aga, bize bir pata beriň!-- diýip, kimdir biri ýaşulyny bu ýere çagyryp getirdi.
--Sag gidip, aman geliň, balalarym. Üstünlik hemraňyz bolsun!--Begmyrat aga hasasyna söýenibräk galdy-da, dileg etdi.--Tutan işiňiz oňuna bolsun. Ýoluňyz ak, ýoldaşyňyz hak bolsun. Arkadagly Watanymyzda toýlar toýa ulaşsyn. Bizi bagt atyna ataran hormatly Ýurt Baştutanymyzyň jany sag, işi rowaç, görjegi gowy günler bolsun,omyn!
Şondan soň atlylar eglenmän dutarda, gyjakda, gopuzda ýerine ýetirilýän aýdym-sazlaryň belent şowhuny astynda oba adamlary bilen sagbollaşyp, basym ýola düşdüler.
Hoşgeldi hem ýaýbaň göwsi kümüş göwüsbent bilen bezelen, häliden bäri agyzdyrygyny çeýnäp, gulaklaryny keýýerdip duran owadan atyna böküp mündi-de, ony dagyň etegini syryp ugran atly ýigitleriň yzyndan eňdi.
Oba adamlary atlylary ýagşy dilegler bilen ýola salyp, gol bulap galdylar. Jennet Hoşgeldiň atly ýörişe gatnaşýanlygyna guwanyp, oňa buýsançly seredýärdi. Hoşgeldi hem gaýta-gaýta yzyna gaňrylyp, gelnine mähirli ýylgyryp bakýardy.Bu pursat Jennetiň bimöçber begenýändigini, özüni iň bagtly ynsan saýýandygy daşyndan hem bildirip durdy. Ol ýylgyryp durşuna töweregindäkilere eşidiler-eşidilmez pyşyrdady: “Sag git-de, aman gel oglan! Biz saňa garaşarys!“.
Onýança Jennetiň bu sözlerini tassyklan ýaly, goňşy öýden eli bedreli çykan ak saçly enelerden biri köneden gelýän yryma eýerip, atlylaryň yzyndan suw sepdi.
Hekaýalar