15:05 Azyl molla / satiriki hekaýa | |
AZYL MOLLA
Satiriki hekaýalar
Mellek ýerini elinden aldyran Azyl molla çyny bilen ellerini göge göteräge-de, awuny aldyran tomzak ýaly gargamaga başlady. ― Hernä, azabyňyz reýgan bolsun! Gowaçalaryňyz tersine gögerip, aljak girdejiňiz çykdajy bolup, gäbiňizi azdyrsyn. Ak pagtaňyz açylsa-da, gap-gara bolup açylsyn. Azyl molla birden böwrüni diňşirgendirdi-de, içinden: «eger birden gara pagta gögeräýse, ony döwletiň gymmat alaýmagy mümkin. Bu gargynjy yzyna almak gerek» diýip, Azyl molla töweregine seredip, özüniň gargyşyny duran çaga-çugalaryň öňünde iki gepli bolmajak bolup, sözüni almady-da, içinden «aý diýenim bolup durmy?» ― diýdi. Men işsizlikden bu mesele bilen gyzyklanyp, mollanyň öýüne bardym we özümi tanatman habar gatdym. ― Azyl aga, siz, gowaçalar başaşak gögersin diýip gargapsyňyz weli, gowaçalar-a siziň diýeniňize boýun sunmadyk ýaly ― diýip oýnakladym. ― Boýun sunman görsün. Haýsy birine boýun sunman bilerkä? Men oňa soň «karadrin degsin, wilit degsin» ― diýip, goşmaça gargyşlar hem etdim ahyry ― diýip, molla jalaýja gözlerini oýnatdy. Men şu gürrüňlerden soň Azyl mollanyň kimdigini tanamak üçin Allatagala bilen telefonda ýörite gepleşdim. ― Essalawmaleýkim. ― Waleýkim essalam, gurgunmysyňyz? ― Size şükür, gurgundyrys. ― Ýagdaýlaryňyz nähili? ― Siz ýokarda oturyp, ol zatlary has gowy görýänsiňiz. ― Şu ýyl howa ýagdaýy öwerli däl, ara bulut düşýär-de, sizi görüp bolanok. ― Telewizor üsti bilen göräýiň. ― Bize-hä hokkeý bilen futbolam iş bolýar. Gapymyň agzynda «Hudaý ýok, ýedinji gata, arşa komandirowka gitdi» diýip, ýazgy asyp, futbol görüp otyrdym welin, birden bezzat kometajyklaryň biri ekranymy kül-pagyş etdi gidiberdi. Menem özüme şükür, şu daş börümi garaldyp gidiberen bolsa näderdim ― diýip oturyberdim. Näme hyzmat? ― Alla jan, biziň Täzebazar obamyzda Azyl molla diýen bir tip bar. Şol dogrudanam mollamy? Şonuň şahsy delosy bilen meni tanyşdyrmagyňyzy haýyş edýärin. ― Be, maňa kyn ýumuş buýurdyňyz-ow. Çünki häzirki döwürde mollasumaklar şeýle bir köpelýär welin, inkubatordan çykýan ýaly. Ählisiniňem häsiýeti pis. Ili aldap pul gazanyp bilseler, edil laureat bolan ýaly. ― Onsoň ýaňky Azyl molla nähili? ― Be, Azyl molla, Azyl molla hany kartotekanyň mollalar diýen bölümine seredeýin. Azyl molla, Azyl molla... Ol-a mollalaryň spisogynda ýok. Alo, alo meždugorodnyý. Ýer bilen meniň aramy nämüçin kesdiňiz? A gyz! Keýgim! Dewuşka! ― Alo-alo, gepläberiň. Ynha, ýer bilen ýene birleşdirdim. ― Alla jan, Azyl mollanyň delosyny tapdyňyzmy? ― Ýok, tapmadym. Hany S harpyndan başlanýan kartoteka-da seredeýin. Onda diňe sopularyň delolory saklanylýar. Trubkada bir salym ümsümlik bolýar. Soňra Allatagalanyň şu setirlere çalaja hiňlenýändigi eşidilýär. Uzyn boýly derekler, Ýaryş gurýar gerekler... ― Äl-aýt, şundanam bir aýdym bormy? ― Alo, alo, Ýer, Ýer... Redaksiýanyň işgäri, seniň ol diýýäniňiň ady sopularyň spisogynda-da ýok, pirleriň spisogynda-da. Men sizi kän garaşdyran-a däldirin? ― Ýok-la, on minut garaşdym. ― Dogry, ýöne sizdäki bir minut arş üçin üç güne barabar. Diýmek, men göni bir aý bäri elektron maşynlaryň kömegi bilen Azyl mollany gözleýän, tapamok. Men size ertir jaň ederin. ― Bolýar, bolýar. ― Ýekeje minut gyssanmaň, ynha, tapdym. Siziň ol diýýäniňiz asyl «K» harpynda bolsa nätjek. ― O nähili «K» harpynda? ― «K» harpynda. Özem kezzap Azyl diýlip ýazylypdyr. Ynha diňle, «Azyl kezzap, №1 kezzap. Boýy 1,76, agramy 80 kg, sakgalynyň uzynlygy 68,7 sm, körsowat. Sogaby diýen grafika boş, deregine günäsi diýen grafikada boş ýer ýok. Mysal: Ol 1977-nji ýylda tutan orazasynyň 28 gününi ogrynça börek bilen arakdan kemsiz urup geçirdi. Diňe gaýynynyň ýogalan güni köpçülikden sypynyp bilmäni üçin aç geçirdi. Ýene-de mysal... ― Ýok, ýok, besdir mysal gerek däl... Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |