10:13 Bafra türkmen begligi | |
BAFRA TÜRKMEN BEGLIGI Gündogar älemine hapa sil bolup dolan mongol ýörişleri ähli yslam ýurtlaryny öz läbigine batyryp taşlady. Megerem musulman halklarynyñ arasynda mongol ýörişlerinden iñ köp zyýany türkmen halky çeken bolsa gerek. Horezmşalardan başlanan ýykan-ýumranlyk ähli ýurtlary, ähli döwletleri öz içine alypdy. Yslam ýurtlarynyñ galkany bolup duran türkmen döwletleri birin-birin synýardy. Kiçi Aziýadaky Anadoly Seljukly türkmen döwleti hem mongol ýörişleriniñ soñky pidalarynyñ birine öwrüldi. Elbetde hilegär Çingiz hanyñ nebereleriniñ Eýranda esaslandyran Ilhanlylar döwleti edil Horezmşalar döwletini edişleri ýalyrak bir usulda kuwwatly Anadoly Seljukly döwletini dargatmagyñ ugruna çykypdylar. Munuñ üçin olar Fransiýanyñ koroly bilen dil birikdirdiler. Netijede Günbatardan haçparazlar we Gündogardan mongollar tarapyndan gysaja alynan iñ soñky türkmen döwletininiñem soñuna nokat goýuldy. Şeýdibem Anadoly ýarym adasynda ikinji beglikler döwri başlady. Bir asyr geçmänkä Seljukly döwletiniñ küllerinden jahana ýañ saljak täze hem-de beýik türkmen döwleti bolan Osmanly imperiýasy döremelidi. Emma oña çenli Anadolyda onlarça türkmen beglikleri dowam etdi. Şol beglikler Osmanly türkmen döwletiniñ oñurgasyny emele getiripdi. Bu beglikleriñ biri bolsa Bafra begligidi. ■ Bafra begligi nähili döredi? 1243-nji ýylda gaýtadan möwç uran mongol ýörişleri Anadolydaky Seljuk-türkmen döwletiniñ ýykylmagyna we onuñ ýerlerinde özbaşdak türkmen beglikleriniñ döremegine getirdi. Türkiýäniñ häzirki Janyk diýen sebitinde (Orta Garadeñiz) gurulan Bafra begligi hem şol beglikleriñ biridir. Bafra begligi hem beýleki türkmen beglikleri ýaly wagtal-wagtal gyýtaklaýyn ýa-da bütinleý özbaşsak bolsalar-da, köplenç diýen ýaly töweregindäki güýçli döwletlere garaşly ýagdaýda barlygyny dowam etdiripdir. ■ Giñişleýin maglumat üçin seret: http://www.unye.net/TARIH1.HTM/ | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |