DOBRUJA BEGLIGI
■ Alyslarda dogan bar...
Merdana ata-babalarymyzyñ beglik guran ýeri bolan Dobruja häzir Rumyniýa döwletiniñ Gara deñiz kenarlarynda galdy. Şeýle-de bolsa, biz bu makalany "Anadoly türkmen beglikleri" rubrikasynyñ çäginde taýýarladyk. Anadola göçmän galan türkmenleriñ häli-häzirlerem uly bölegi Dobrujada ýaşaýarlar.
Gysga wagtlyk dowam eden Dobruja begligini öwrenmek, belki-de ol ýerlerde galan ganybir doganlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny açmaga, olaryñ beglik ýykylandan soñra häzirki döwüre çenli geçen taryhy ýollaryny öwrenmäge, gyzyklanmaga mümkinçilik döreder. Makalany okan ýaşlarymyzda döräp biläýjek bu gyzyklanma bolsa, biziñ ujypsyzja zähmetimiziñ añryýany bilen berjek miwesi diýip düşünýäris.
■ Dobruja begliginiñ gurulmagy
Dobruja begligi Sary Saltygyñ ogly Seýit Ysmaýyl Saltyk tarapyndan gurulyp, 1281-1299-nji ýyllarda Dobrujada hökmürowanlyk süren türkmen begligidir.
Gelip çykyşy boýunça saltykly türkmenlerinden bolan Sary Saltygyñ ogly Seýit Ysmaýyl Saltyk birnäçe esger bilen pontuslularyñ eýelän ýerleri bolan Sinop ve Amasýa sebitlerini gaýdyp alýarlar. Emma Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ weziri Muhitdin Perwana (1262-1277), Soltan Gylyç Arslan IV-niñ üsti bilen Seýit Ysmaýyl Saltygy we onuñ atlylaryny ol ýerlerden uzaklaşdyryp, sebite öz ogluny dikme edip goýýar. 1264-nji ýylda Ysmaýyl Saltyk hem Wizantiýadan ýer talap edip jigitlerini we müñlerçe çadyrly çepni taýpasyndan bolan türkmenleri Deliorman sebitine ýerleşýär we ol ýeri ýurt edinmäge çalyşýar. Şol bir wagtyñ özünde tagt üstünde agyzlary alaran Soltan Kyýaseddin Keýhysrow II-niñ ogullarynyñ biri hem Wizantiýanyñ imperatory Mişel XVIII-den özi üçin ýer haýyş edýär, onuñ tarapyny tutýan seljukly begleri şeýlelik bilen Seýit Sary Saltygyñ toparyna, çepni taýpasynyñ arasyna goşulýarlar. Seýit Sary Saltyk has soñra Kryma gidip, Altyn Ordanyñ hany Nogaý han bilen güýç birikdirýär we 1281-nji ýylda Krymdan Dobruja geçip Dunaý derýasynyñ kenarlaryny (Dobruja sebitlerini) eýeleýär. 1282-nji ýylda Ysmaýyl Saltyk çepni taýpasynyñ hemme tiresini täze eýelän ýerlerine ýerleşdirýär we Dobruja begliginiñ gurulandygyny yglan edýär. 1297-nji ýylda Seýit Ysmaýyl Saltyk Dobrujanyñ Isakça şäherinde aradan çykýar. Häzir onuñ mazary Isakçanyñ Babadag diýen ýerindedir.
XIII asyrda Dobruja begligine Anadolydan seljukly türkmenlerinden göç edenler köp boldy. Şeýlelikde beglik hasam ilatlaşdy we kuwwatlandy.
Seýit Ysmaýyldan soñ onuñ ýerine ogly Eje Halyl Saltyk geçýär.
■ "Agzalalyk aýrar ili dirlikden..." ýa-da begligiñ öz tatar kowumdaşlarmyz tarapyndan ýykylmagy
1299-nji ýylda Altyn Ordada dörän tagt dawalary netijesinde tagty ele geçiren tatarlar Altyn Ordanyñ ýeñilen hany Nogaýa we onuñ ýakyn soýuzdaşlary bolan Dobruja türkmenlerine hüjüm edýärler. Tatarlary Dobrujanyñ üstüne hüjüm etmäge bolsa Wizantiýa gizlinlik bilen meçew berýärdi. Hanlygy ele geçiren tatarlar Eje Halylyñ ýolbaşçylygyndaky çepnileri we olaryñ soýuzdaşy bolan Nogaý hanyñ goşunyny derbi-dagyn edýärler. 1310-njy ýylda (käbir çeşmelerde 1306) Eje Halyl Saltyk, söweşde aradan çykan Nogaý hanyñ aýaly Çiçek hatyn we onuñ ogly Türi, Dobrujadaky ähli türkmenler we birnäçe nogaý esgerleri bilen birlikde Çanakkale bogazyndan geçip Anadola girýärler we Karesi türkmen begligine sygynýarlar. Karesi ogullary begliginiñ serkerdeleri Gazy Ewranos we Hajy Ilbegi Sary Saltygyñ nesli bolan türkmenleri we Eje Halyly uly dabara bilen garşylaýarlar we olary öz ýerlerine ýerleşdirýärler. Eje Halyl soñra Karesi begliginiñ esasy serkerdeleriniñ biri bolup Wizantiýa garşy bolan söweşleriñ ençemesine gatnaşýar.
1360-njy ýylda Karesi begliginiñ Osmanly döwletine birikdirilmegi bilen Eje Halyl osmanly doganlarynyñ hyzmatyna girýär. Bu wakalaryñ köpüsi "Saltyknama" atly kitapda beýan edilýär.
Häzirki Türkiýäniñ Balykesir, Çanakkale, Bergama etraplaryndaky 100-den gowrak alawy çepni obalarynyñ ilaty şol türkmenleriñ nesli hasaplanýar. Şeýle hem olaryñ belli bir bölegi beýleki türkmen taýpalaryna siñip gidipdir.
■ Giñişleýin öwrenmek üçin çeşmeler:
1).. Machiel Kiel, "The Türbe of Sarı Saltık at Babadağ-Dobrudja", GDAAD, sy. 6-7 (1977-78), s. 205-227.
2). H. Stānescu, "Monuments d’Art Turc en Dobroudja", SAO, III (1961), s. 177-189.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy makalalar