Teke ogullary begligi, 1321-1423-nji ýyllarda merkezi Teke ili bolan Hamidogullary begliginiñ bir şahasy hökmünde Antalýada höküm süren türkmen begligidir.
1321-nji ýylda Hamidogly Dündar begiñ Antalýany eýeläp, Ýunus begiñ ygtyýarlygyna tabşyrmagy bilen Teke ogullary begliginiñ düýbi tutuldy. Häkimiýeti gysga wagt dowam eden Ýunus begiñ döwründe Anadolyda mongol dikmeleriniñ täsiri dowam edýärdi. Bu sebäpli Ýunus Beg häkimiýetini olara ýarym garaşly ýagdaýda hökmürowanlyk etmäge mejbur boldy. Ýunus beg aradan çykandan soñra ýerine ogly Mahmyt beg geçdi. Mahmyt beg dogany Sinauddin Hyzyr beg bilen bilelikde Gorkutelini (Korkuteli) dolandyrýardy. Şol wagtlar Anadolydaky türkmen beglikleriniñ arasynda Ilhanly mongol döwletine garşy köpçülikleýin nägilelik bardy. Bu sebäpli, Ilhanlylaryñ Anadoly boýunça dikmesi Teýmirdaş Hamidogly Dündar begiñ üstüne ýöriş etdi.
Dündar beg Teýmirdaşdan gaçyp Antalýa geldi. Teýmirdaşyñ ünsüni özüne çekmejek bolan Mahmyt beg agasyny mongollaryñ eline berip onuñ ölümine sebäp boldy. 1327-nji ýylda Teýmirdaşyñ wezipeden çetleşdirilmegi netijesinde onuñ bilen birlikde Müsüre gaçan Mahmyt beg ol ýerde saklanyp zyndana atyldy. Netijede Gorkuteliniñ emiri Sinauddin Hyzyr beg dogany Mahmyt begiñ häkimiýetini hem ele aldy. Hyzyr beg we ondan soñra hökmürowanlyk süren Dady beg barada taryhy çeşmelerde maglumatlar ýok diýerlik derejede azdyr.
Dady begden soñra tagta çykan we "Zynjyrgyran" lakamy bilen tanalan Mübarizuddin Mehmet beg döwründe 24.08.1361-nji ýylda Kipriñ koroly Pierre Lusignan I Antalýany basyp aldy. Mundan soñra Garamanogly Alaeddin Aly beg we Alaýyýäniñ begi bilen güýçlerini birleşdiren Zynjyrgyran Mehmet beg Kiprlilere garşy aldym-berdimli göreşe başlady. Has soñra mamlýuk soltanlarynyñ hem kömegini alan Zynjyrgyran Mehmet 1373-nji ýylda bolan gazaply söweşden soñra Antalýa galasyny eýelemegi başardy. Mehmet beg Antalýanyñ eýelenmegine minnetdarlyk hökmünde Seljukly soltany Alaeddin Keýkubadyñ gurduran metjidini gaýtadan abatlap halka ybadat etmäge açdy. Zynjyrgyran Mehmet beg aradan çykandan soñra onuñ ýerine ogly Osman Çelebi geçdi. Osman Çelebiniñ döwründe Osmanly imperiýasynyñ soltany Ýyldyrym Baýezit 1390-njy ýylda Antalýany tabynlygyna geçirenden soñra bütin Teke ilini öz ogly Isa Çelebä sanjak begligi (prowinsiýa) edip berdi.
1402-nji ýylda bolup geçen Ankara meýdan söweşinden soñra Antalýadan başga begliginiñ garamagyndaky bütin ýerleri gaýtadan ele geçiren Osman Çelebi Gorkutelini paýtagt edip aldy.
1423-nji ýylda Osmanly döwletinde bolup geçen hökümdar çalşygyndan peýdalanmak islän Osman Çelebi Garamanogly Mehmet II bilen güýç birikdirip, Antalýany gaýtadan ele geçirmäge hyýallandy. Emma bu dildüwşikden habarly edilen Osmanly döwletiniñ Teke-Karahisardaky harby komendanty (subaşy) Firuzbegogly Hamza beg Gorkutelä duýdansyz hüjüm edip Osman Çelebini öldürýär.
Osman begiñ ölümi bilen Teke ogullary begliginiñ ömri soñlanýar. Osmanly soltany Myrat II Anadoly beglerbegligi wezipesi bilen birlikde Teke-eli prowinsiýasyny hem Hamza bege peşgeş hökmünde berýär.
Teke ogullary begliginiñ ýerleri kiçeñrägem bolsa, ol örän ähmiýetli ýerde ýerleşýärdi. Aýratynam XIV asyryñ birinji ýarymynda haly, kilim, işlik (podkladka) dokamak we pagtadan edilen önümleri öndürmek bu ýerde amala aşyrylyp, eksport edilýärdi. Bu bolsa Teke ogullary begligine ummasyz girdeýjileri berýärdi.
Şahabetdin el-Omary 1332-nji ýylda Hyzyr begiñ garamagynda 8.000 atly nökeriñ, 12 şäheriñ, 25 galanyñ bardygyny ýazypdyr. Munuñ bilen birlikde Teke ogullarynyñ kiçeñräk flotiliýasynyñ bolandygy barada hem maglumatlar bar.
Antalýanyñ ady Türkiýe Respublikasynyñ gurulan wagtyna çenli Teke diýilip atlandyrylypdyr. Antalýa ýarym adasyna häzirem Teke ýarym adasy diýilýär.