18:02 Bagt gülüp bakanda / hekaýa | |
BAGT GÜLÜP BAKANDA
Hekaýalar
Belentli-pesli uzalyp gidýän giň baýyrlygyň läle-reýhana öwrülip, Zeminiň üstüne misli türkmen halysy düşelen ýaly gyrmyzy begrese bürenip oturan mahalynda gezelenç etmegiň hem lezzeti, kalbyňa täsir ediji süýjüligi, jana şypalygy bardy. Şemala başlary çalaja ygşyldaşyp duran çigildem gülleridir gözüňi dokundyrýan jüm-jümeler, gyrmyzy bägüller töwerege atyr ysyny saçýardy. Her gülüň öz ysy bardy. Gyzlar topar-topar bolşup şol gül-gülzarlyga öwrülen çemenzarlykda gezelenç etdiler, göwün açyşdylar. Olaryň okuwdan boş mahallary hemişe-de şular ýaly tämiz howa çykan gezekleri köp bolupdy. Onsoň kimsi gül ýygnardy, kimsi-de sähraň özboluşly owazyna goşulyp aýdyma hiňlenerdi. Arasynda käbirleri körpeje çaga ýaly gülden-güle böküp ýören kebelekleri kowalap ýörse, başga biri daşy keşdelenen kersenlerini üstlerine düňderişdirip barýan pyşdyllaryň, endam jany iňňä örtülen oklukirpileriň ýöreýiş hereketlerini synlap, uzak wagtlap olaryň ýanyndan aýrylybilmän, bendi bolup oturardy. Olaryň soňky gezek bu ýere gelenlerinde, gözleri taýagatym uzaklykdan toparlanyşyp geçip barýan oglanlarda eglenipdi. Ýöne olar ylla gyzlary görmedik ýaly olara üns hem bermän, özara gürrüňe gyzyşyp, olaryň deňinden wakyrdaşyp geçip gitdiler. Oglanlaryň ellerindäki çeňňeklerini göreniňde kölden gelýändiklerini, gollaryna agram berýän giň ýaýrawly bedrelerine gözüň düşende bolsa olaryň şu günki awlarynyň şowly bolandygyny aňmak bolýardy. Şol barmaşa oglanlardan biri topardan üzülip galdy-da, çeträkde gül ýygýan gyzlaryň birine bakan gönüläp gaýtdy. Onuň has golaýyna geleni hem Jeýran boldy. Dogrusy, Jeýran ony görse-de, görmezlige saldy. Ýöne bu ýagdaý uzak dowam etmedi. Iki ýaş juwanyň birek-birege gözi düşüp, dideleri sataşanda, ylla bulutsyz gün ýyldyrym çakan ýaly boldy, bu ýagdaý olaryň ikisini-de heýjana saldy. Her näme-de bolsa, Jeýran ýüzüni aşak bakyp ýetişdi. Oglan pursatdan peýdalandy. --A gyz, adyňy aýdaý-da, sen maňa?—diýdi. Jeýran hem beýle ýagdaýa garaşmadyk borly. Şonuň üçinem oglanyň sowalyna sowal bilen jogap gaýtardy. --Wiý, masgara, bi oglany, saňa adym näme gerek boldy? Hany şu ýerde senden başga ilkinji duşan gyzyndan at sorap duran barmy? Onsoňam kim gyz geçip barýan ötegçä adyny aýdar?! Senem gidiber öz ýoluňa! --Aý, neme... öte geçen bolsam bagyşlawer, gelşiksizrägem boldy, ýöne ilki adyňy soraşmazdan, çakylygymy aýdyp bilmerin diýdim-dä! Hemmelerem tanyşjak bolanlarynda ilki bilen at soraşyarlar ahyryn. --Bä, şeý diý-ä. O nämäniň çakylygy? Hany, bu ýerde seniň bilen tanyşmakçy bolup garaşyp duran gyz barmy? --Sen maňa düşünmediň. --Gaýta siz maňa düşünmediňiz. -- Neme...dogrusy, kileň oglanlar ýaly “Şu gün howa maýyl boldy, şu günüň birneme sowugy bar” diýip gep başyny howadan başlasamam bolardy welin, onam oňlamadym-da. Bilýän, ilki bilen “Armaň, gyzlar!” diýenem bolsam mundan müň paý gowy bolardy. --Men-ä sizi şu ýerde ilkinji gezek görýän. Okaýaňyzmy, işleýäňizmi ýa gezip ýören diwanamy? Asyl bu ýerde näme işleýäňiz? Ýa sizem sähralygyň, gül-gunçanyň, tebigatyň, janly-jandaryň, tämiz howanyň aşygymy? --Meniň adym Eşret. --Men senden adyňy soradymmy? --Biz dynç günümizi talyp ýoldaşlarymyz bolup gaýraky köle balyk tutmaga geldik. Balygam tutduk, suwa-da düşdük, indem gaýdyp barýas. Biziň hemmämiz Medeniýet institutynyň teatr bölüminiň dördünji ýylynda okaýarys. --Artist diýsene. -- Men bilýän sizem şol institutyň talyplary bolmaly. Ertirem goňşy okara baýramy. Oglanlar bolup balyk bişirinäýsek diýdik. Eger-de sizem çagyraýsak bararmysyňyz? Men şuny aýtmak üçin, oglanlara-da basym yzyňyzdan ýeterin diýip, ýörite siziň ýanyňyza sowulyşym. Esli balyk tutduk, hemmämize-de ýeter. Daşarda bişirinmekçi bolýarys. -- Balyga çagyrýas diýsene? Teklibiň-ä erbet däl eken welin....—Jeýran jorasyna bakan gülüp gepledi.—Jora jan, bu golaýda şorja balygam iýlen däldir. Bu teklibi sen neneň görýäň?! --Toba, tob-eý. Seniň çynyňmy, gyz. Hakyt, utanman-uýalman, tanamadyk-bilmedik, ýat oglanlaryň ýanyna balyk iýmäne barjakmy? --Bularam öz institutymyzyň talyplary ahyryn. Balygam bir bahana bor-da. Tanşarys, gülşeris, oturarys. Onsoňam goňşy okara baýramynda çagyrylan ýere barmasaň-a bolmaz. Şonsuzam başga barjak ýerimiz ýok. Bararysmy? Ol Jeýranyň garşysyna gidip oturmak islemedi: --Özüň gowy bilýäň—diýip, egnini gysdy-da oňaýdy. Eşret gyzlaryň özara gürrüňiniň gutararyna mähetdel: -- Neneň, barýaňyzmy? Ertir agşam sagat ýedide –diýdi. --Bararys. --Sözüňiz sözmüdir. --Sözümiz sözdür.--Bu gezek gyzyä jorasy öňürtdi.--Bararys diýdikmi, bararys. --Çakylygymy kabul edeniňiz üçin öňünden sagbolsun aýdýaryn. -- Ol ýene-de başky gürleşen gyzynyň--Jeýranyň ýanyna bardy. --A gyz, adyňy aýdaý-da, sen maňa. --Ana, indi aýtsagam bolar. Meniň adym Jeýran, institutyň ikinji ýylynyň talyby. --Jeýran, örän gowy. Onda men gitdim. Biz size hökman garaşarys. Eşret gyzyň ýanyndan guş bolup uçup gaýtdy. Özüniň şeýle gözel, şeýle asylly görmegeý gyz bilen tanyşmaga mümkinçiligiň bolanyna begençden ýaňa aýagy ýer tutmady. Gyzyň ýanyndan gaýdansoňam onuň ýüz keşbi, katdy-kamaty göz atuwyndan aýrylmady. Gije ýatybam ugry bolmady. “Gijäniň uzynlygyny sakçy biler” diýlen pähim ýadyna düşdi. Ylla wagtam şol bir duran ýerinde duran ýaly, göwnüne sagadynyň dilem öňkülere garanda ýerinden haýal gozganýardy, ertirki boljak duşuşyga howlugýardy.Haýp, ýüreginde yşk ataşy lowlasa-da, esasy zady unudypdy. Gyzyň adyny şunça ýada saljak boldy, bolmady, serine gelmedi.”Heý, pekge, pekge”. Munuň üçin öz-özüni ýigrendi. Öz ýatkeşliginden zeýrendi. Iň ýamany gyzdan gaýtadan adyny soramakdy. Gyz ikilenç adynyň soralmagyny halarmy-halamaz. Belki oňa Eşrediň oýny diýip düşüner, belki-de “Bu oglanyň akly geler-gider eken-ow” diýer. Sagat ýedä golaýlaberende oglanlar çişligiň ugruna çykdylar. Olar özlerine myhman geljegini bilýärdiler. Şonuň üçinem umumyýaşaýyş jaýynyň ilersindäki bakjalykda oturmak üçin irgözinden oturgyçlary taýýarlapdylar. Oglanlardan aňňalda ot ýakýanam, saçaga gök-sök äberýänem bardy, gap-gaçlardyr suwlary tämizläp ýörenem bardy. Garasaý, bäş-alty oglanyň hersi bir işe müşgüldi. Jeýran bilen Şasoltan institutyň umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýan joralarynyň ýanlaryna seýrek gelerdi. Olaryň ikisi-de şäherde ýaşaýardy. Ine-de, olar ulagdan düşdi. Eşret olary garşylamak üçin öňlerine sary esli ýerden ýöräp gaýtdy. Gyzlary öz dostlary bilen onuň özi tanyşdyrmalydy. Şo dem ýene-de bir gezek gyzyň adyny hakydasyna getirjek boldy, başarmady, “Wah, dilimiň ujunda welin...”. Aljyrady, şol aljyraňňylygy bilenem gödegrägem bolsa esli aralykdan gelýän gyzlara bakan goluny bulap, gygyryp goýberdi: --Bärik, barik!—Olar birneme golaý gelenlerinde Eşret olaryň öňünden çykdy. --Salam, gyzlar! --Salam. --Salam. Şondan soň ara birneme böwşeňlik düşdi. Başga zat diýmäge söz tapmady. Şonuň üçinem özüniň boluş-hereketine utanan Eşrediň ýüzi çapady ýaly gyzardy. Ol dek düýn tanşan gyzynyň bu gün adyny bilenok. Ony gülkünç hem geleňsizlik hasap etdi. Häzirki ümsümlik uzak dowam etse, ýagdaýy birneme kynlaşdyrybam bilerdi. Hernä onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Oňa jorasy sebäp boldy duruberdi.Ol: --Jeýran, bu bizi balyga çagyran ýigitmi?—diýip jorasynyň adyny tutup gepledi. Muňa Eşret “geçisi daglara ýaýran ýaly” begendi, gyzlara gülüp bakdy-da: --Hawa, hawa, men sizi balyga çagyran Eşret. Nesip bolsa, şu gün biz siziň bilen şorja balykdan mazaly garbanarys—diýdi. Jeýran ondan ötünç sorady: --Bagyşlaň, men sizi tanamajak bolupdyryn. Düýn siz bütinleý başga lybasdadyňyz ahyryn.—Şasoltan Jeýrana ýüzlendi.—Siz meni balykçy ýigit bilen tanyşdyrmadyňyz-la? Şondan soň Jeýran Eşrede garap: --Eşret, ine bu meniň iň ýakyn joram Şasoltan!—diýdi. --Şa-soltan, örän gowy, ynsan birek-birek bilen tanyşmak üçin ilki bilen at soraşyp dogry edýär. Şasoltan muňa o diýen bir üns hem bermedi. Jeýran welin Eşrediň soňky sözlerini özi barada kakdyryp aýdandygyny bada-bat aňdy. Ýöne ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, çalaja ýylgyryp oňaýdy. Jeýranyň elinde saçaga dolanan iki sany tegelek çörek bardy. Ol çörekleri Eşrede uzatdy. --Çöregimiz bar ahyry, näme azara galdyňyz—diýdi. --Alyň, alyň. onuň azary bolmaz. Goňşy okara saçakly barmaly, birek-birek bilen saçakly gatnaşmaly. Bu ozaldan gelýän däp. Onsoňam men muny satyn alamok. Ol ejemiň bişiren tamdyr çöregi. Özem täze bugdaý hasylyndan. Ony iýen adama başga huruş küýsetmez. -- Sag boluň, ejeňiziň ellerine saglyk. Şondan soň Eşret oglanlary gyzlar bilen birin-birin tanyşdyrdy. Basym olar üsti dürli-dümen näz-nygmatdan doly saçagyň başyna geçdiler. Ondan-mundan gürrüň etdiler. Eşret gürrüňiniň bir ýerinde: --Herimiziň öz gowy görýänje kesbimiz hem bar. Meret dutarda saz çalmany halaýar. Ahmet surat almaga ökde. Anna at münmäge höwesek. Allaýar aýdymyň aşygy -- diýdi. --Özüň barada hiç zat aýtmadyň-la, Eşret. Ýa sen diňe balyk tutýanmy? Muňa hemmeler gülüşdi. Jeýranyň bu sowalyna Anna jogap gaýtardy: -- Eşret, biziň şahyrymyz. Onuň söýga ýugrulan onlarça goşgulary bar. --Aý, ýog-a. Belki ol bize goşgularyndan okap berer. --Okap berer, hökman okap berer.—Anna Eşrediň ýüzüne garady. Eşret bolar diýen äheňde başyny atdy. Onýança köpi garaşdyran düzüm-düzüm edilip kemsiz bişirilen balyk çişlikleri hem geldi. Ortada goýlan bu tagama her kes işdämenlik bilen topuldy. --Işdäňiz açyk bolsun!—diýip, oduň başynda oturan Meret gygyrdy. --Meret, özüňem gel-ä!—diýip, ony Ahmet çagyrdy. -- Iýiberiň, noş bolsun, gysylmaň, yzy kändir! Şol gün oglandyr gyzlar şorja balykdan geregini edindiler. Soňra aýdym-saz diňlediler, degişdiler, gülüşdiler. Eşret özüniň täzelikde ýazan goşgularyndan okap berdi. Şeýdibem, balyk zor çykdy, goňşy okara baýramynda dostlaryň bir saçaga jemlenmegine sebäp boldy, ýaşlary ak ýollara ataran hem balyk boldy. Şasoltan özüne söz berlen ýaly sen-men ýok, tarsa ýerinden galdy: --Oglanlar, mühähediňiz üçin köp-köp sag boluň, indi men siziň hemmäňizi geljek şenbede joram Jeýranyň „Aşgabat“ kinomerkezinde boljak konserdine tomaşa etmäge çagyrýaryn. --Dur-la, durla. Men seni ozal nirede gördümkäm diýip ýördüm.—Eşret geňgalyjylyk bilen gürledi.—Fakultetara aýdym-saz bäsleşiginde aýdym aýtdyň, baýragam aldyň, şeýle gerek? Jeýran Saparowa. Bildim gerek? --Asyl sen meniň ýeke bir adyma däl, familiýama-da belet ekeniň. Şonda-da düýn adyňy aýdaý-da diýip, ýürege-bagra düşdüň sen?! Eşret myssa ýylgyrdy. Onýança Allaýar: -- Belki, Jeýran, siz dostumyzyň kalbyndan syzyp çykýan goşgy setirlerini aýdym edip aýdarsyňyz! -- diýdi. --Uly höwes bilen! -- Jeýran şo dem özüni uzak aýralykdan soň taýyna sataşan gumry mysaly bagtlylaryň bagtlysy duýdy. Assyrynlyk bilen Eşredi synlap oturan gara gözleri gülüp, owadan akmeňiz ýüzi ýagtylyp gitdi. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |