BAGTYMYZY OGURLAN HAT
Olar bir obada, bir köçäniň ugrunda ýaşaýardy. Çagalary üýşüp Nazar aganyň ýetmişini bellän bolsa, Jemal ejäniň ýedi onlugy tegelemegine ýene-de iki ýyl bardy. Tüweleme, ikisem gol gowşuryp oturan uly maşganyň eýesidi, agtyk, çowluk sany hem ýylyň-ýylyna artyp gidip otyrdy. Garrylykdan zeýrenmeseler, olaryň ikisiniň hem zada zar ýeri ýokdy. Durmuş gül ýalydy. Nazar aga ömrüniň kyrk ýyldan köprägini mekdepde mugallymçylyk edip, şondanam hormatly dynç alyşa çykypdy. Ýöne bu iki garrynyň ýaşlyk duýgularynyň bir ýüpe çolaşan çaglary hem bolupdy. Haýp, ykbal olaryň şol duýgularyna ýowuz darapdy.
Soňky mahallar Nazar aga köçä-de eli hasaly çykýardy. Jemal eje welin heniz oňa görä berdaşlydy, daýawdy. Ine, bir günem olar obanyň esasy köçeleriniň biriniň çatrygynda gabatlaşdylar. Nazar aga muny tötänlik hasaplady, özi-de gowulyga ýordy. Garrylar baş atyp salamlaşdylar.
--Jemal, gurgunjamyň? Içiň-daşyňam sag-salamatmydyr? Neneň garrylyk bilen, oňuşýarmyň? “Ýetmiş-bitmiş” diýib-ä ýöne ýere aýdylman eken.
--Şükür, Nazar. Heniz-ä garrylykdan zeýrenemok.Ýöne näme garrylygyň dert ýamanydygyny-ha bilýän.”Adamyň owalam oglan, ahyram”. Henize çenli ondan gaçyp gutulan adam ýok. Gitjek diýen ýeriňe gidip bolanok, etjek diýen işiňem edip bolanok.
--Onyňa-ha hä diýjek. “Ölmeseň, garrarsyň” diýilýändir. Muňa-da şükür. Kileň adamlar biziň ýaşymyza ýetmän, ýurduny täzeläp gitmedilermi?
--Hawwa-la. Şükür, çagalar, agtyklar ýetişdi. Elleriniň aýasynda saklaýarlar, Aý, onsoňam uly bol, kiçi bol, her kimiňki bir nepesdir-dä. Her kime berlen bir ömür bardyr, şol ýaşy ýaşamak bardyr.
--Nazar.—Jemal eje birgeňsi ýuwdunyp durşuna gepledi. Onuň häzirki aýtjak bolýan sözüne Nazar aga köpden bäri garaşýan ýaly bolup göründi. Bu hakykatdanam şeýledi. Jemal eje soňky günler munuň üçin amatly wagty peýläp, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň küýünde gezip ýördi.-- Mende saňa degişli saklanyp galan bir hat bar. Şoňa eýe çykaýsaň diýýän. Ýogsam öläýsemem gözlerim açyk giderin.
--O nämäniň haty, o nämäniň gözi açyk gitmesi, Jemal?!
--Ejeň haty.
--Ejemiň, meniň ejemiňmi? Onuň panydan ötenine elli ýyldanam agdy ahyryn.
--Bolsa boluberendir.
-- Hany, nirede? Öýňüzdemi, onda näme ýazylypdyr?
Jemal eje çabydynyň iç ýüzündäki jübüsinden saralyp giden üçburç edilip eplenilen bir haty çykardy-da, oňa uzatdy:
--Öýe baransoň okarsyň.Men indi azat. Göwnüm ynjaldy. Ýogsam bu hat şu geçen ömrümde ezýet ýamanyny berdi maňa. Men bu haty ejemden, agalarymdan, adamymdan, çagalarymdan şu günki güne çenli bukup sakladym. Besdir, ol indi maňa derkar däl. Bu seňki.
--Meniň ejemiň haty saňa nädip düşüp ýör? Onuň saňa näme geregi boldy?
Jemal eje gözlerinden biygtyýar ýaş akanyna-da üns bermedi. Mert durup şu sözleri aýtdy:
-- Ol bagtymy ogurlan hat. Men ony saklamalydym, gereginden artyk sakladymam.
Nazar aga henizem nämäniň-nämedigine düşünmedi, bahymrak bu haty okamaga howlukdy. “Oňa ezýet ýamanyny berer ýaly, onuň bagtyny ogurlar ýaly bu hatyň ýazygy nämeka?”. Haýp, ýanynda äýnegini götermänini bilibem, öýüne bakan ugrady.
***
Nazar körpeliginden ejesi ýogalyp, eneliginiň elinde galypdy. Oňa-da eje diýip ýüzlenýärdi. Özi-de gulluga gitmezden öň mekdep kitaphanasynda işleýärdi. Elinden kitap düşmezdi. Onsoň hemmeler oňa „Mydama okaýan oglan“ diýerdiler. Gullugyna ýaňy başlan wagtlarydy. Esgerler harby „Kasam“ kabul eden güni Nazaryňam kakasy bilen ejesi gelip, ogullaryny bu dabaraly gün bilen gutlap gitdiler. Şeýdibem gulluk başlanyp, bu durmuş, harby tälim-düzgün bilenem esgerlige täze gelenlerem öwrenişip gitdi. Ine, şeýle günleriň birinde-de Nazar Jemal atly nätanyş bir gyzdan hat aldy. Geň ýeri, Nazar ony tananokdy. Gaýta-gaýta okap, özüne haty iberen gyzyň ýüz keşbini göz öňüne getirjek bolup jan etdi. Başarmady. Türgenleşikde-de, naharhanada-da, aý, garaz, ýatjak bolnanda-da bar küýi-pikiri şol gyz boldy. Synpdaş gyzlarynyň, ony tanaýan gyzlaryň arasynda-da Jemal atlysy bolmansoň, ol aklyny başyna toplap bilmedi. Ýogsam „Salam Nazar, neneň ýagdaýlar—diýlip başlanýan bu hatda üýtgeşik bir aýdylan zadam ýokdy, adaty salam hatydy.—Neneň, gulluk, esger durmuşy bilen öwrenişýärmiň? Menem seniň işlän kitaphanaňa günde-günaşa gelýän. Ýeriň boş dur. Dogrusy, ozal men-ä günde seni görmek bahanasy bilen kitaphana barýardym. Beýleki gyzlaram şeýledir öýdüp, men seni olardan gabanýardym. Sen giden soň meň dünýäm boşap galan ýaly boldy.„Günde meni görmek bahanasy bilen kitaphana gelýän gyz kim? Kimsiň sen gabanjaň gyz? Men seni tanamok“ diýmegiňem ahmal. Sebäbi seniň ähli ünsüň kitapdady. Gözleriň kitapdan özge zady görenokdy. Kän ýazyp, wagtyňy alyp durmaýyn.Salam hatyňa sabyrsyz garaşýan. Bukjanyň daşyndaky salga ýazdygyň, hatyň göni elime gelip düşdügidir. Hoş sag bol.
Jemal“.
Şondan soňky gaýgy-gam Nazary mazaly eýerläp mündi. „Hatyň jogabyny ýazsammykam ýa ýazmasammykam?!“ diýdi ýördi. Şol oýlanyp ýörkä-de gyzyň ikinji haty geldi. Onda: „Nazar, näme üçin meniň ozalky hatyma jogap ýazmadyň? Gowşan däl bolaýmasyn diýip, aragatnaşyk bölümine bardym. Özem ikilenç bardym. Ikinji gezek baranymda: „Anykladyk. Gowuşmasyna-ha hatyňyz elin gowşurylypdyr. Ýöne hatyňyzyň jogapsyz galmagyna welin aragatnaşyk işgärleri kepil geçenok“ diýdiler.
Nazar bu gezek esger ýoldaşy Alyhana sala saldy. Hatyň mazmuny bilen ony tanyşdyrdy. Ondan kömek sorady. Alyhan nazara garanda ýaş babatda-da, tejribe babatda-da parhlanýardy. Ol şonda Nazara ýüregindäkisini aýtdy:
--Biri saňa gadyr goýup, hat ýazypdyr.Tanamasaňam, sen ony jogapsyz goýma. Hat ýazdygyň, entek oňa öýlenmäge söz berdigiň däl-ä. Ynha, bir günden bir gün gullukdan boşap bararsyň, herhal tapjaksyň, görjeksiň, duşuşjaksyň. Belki peri ýaly owadan bir gyzdyr.Ynha, görersiň, ol meniň çak edişimdenem artykdyr. Walla, bu sözler ynan, körüň, keriň, däli-tentegiň tapjak sözlerine meňzänok. Akylly-başly
gyzyň söýgi duýdulary. Ol seni kitaphanada görýär eken, şo ýerde-de sulhy alypdyr, sen başgalardan hem gabanar eken, wessalam. Bir zady bilip goý, rast ol kitaphana gelýärmi, diýmek, ol köp okaýan, kitaba gadyr goýýan gyz bolmaly. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar.Ýüregi mähir-muhabbetden doly bolýar. Beýle gyzlar her kesiň bagtyndan çykýan däldir, her kese hat ugradýanam däldir.
Nazar ýaňadan pikire çümdi. Ol kitaphana okamaga gelýän gyzlary birlaý göz öňüne getirip çykdy. Ýöne hiç haýsy onuň nazarynda eglenmedi. Alyhan onuň egninde elini goýup durşuna:
-- Dost jan, galanynam özüň bil. Maslahat saldyň, menem ýüregimdäkini aýtdym--diýdi.
--Alyhan, sag bol. Sen meniň gözümi açdyň. Ýöne hiç görmedik, tanamadyk gyzyňa hat ýazmak...Diňe hatyndaky sowallara jogap beräýmesem, başga näme hakda ýazjagymy bilemok.
-- Sen oňa hat ýaz. Gulluk hakda ýaz. Dostlaşan esgerleriň hakynda ýaz. Hiç bolmanda, ondan oba täzelikleri barada sora. Ozalky işläp gaýdan kitaphanaň, oňa gelen täze kitaplar hakynda sora. Hamala, öňden tanyş ýaly bol-da, ýazyber. Soňundanam, soňundanam meniňem seni göresim gelýär diý, suratyny ibermegini haýyş et.
--Ine, munyň dost, biçeme däl. Suratyny görsem, men ol gyzy hökman tanaryn.
Ol eline kagyz galam alyp, Jemalyň hatyna jogap ýazmaga durdy...
Dosty Alyhanyň aýdyşy-aýdyşy ýaly boldy. Jemaldan hat geldi, içi-de suratly. Bukjany açyp, suraty eline alan Nazary tok uran ýaly boldy. Oňa hat ýazan mekdebi özünden iki ýyl soňra gutaran Jemal bolup çykdy, gören dessine tanady. Surata-da ýylgyryp düşüpdir. Onuň görk-görmegeýligem hiç neneň däl. „Be, şu çaka çenli bu gyza üns bermeýşime. Özem edepli, gepi-zözi ýerinde, asylly gyzlaryň biri“. Nazar haty hem howlukmaç okady, okasa-da okady welin, wagty bilen gözleriniň gytagyny suratdan aýryp bilmedi.Göwnüne bu ýylgyryp duran gyz onuň beýniisne üýşen ähli ýaramaz pikirleri allaowarra kowan ýaly etdi. Seri durlanan ýaly, göwni aram tapdy. Şol begenji, şol şatlygy bilenem bu suraty Alyhana görkezdi.
Ol baranda oglanlar otly meýdançada güneşläp otyrdylar.Alyhanyň synlan bu suraty elden-ele geçdi. Hemmeleriňem suratdaky gyzyň dogumlylygyna, owadanlygyna göwni ýetdi, kimdir biri-hä „Perizat diýibem şuňa aýdaýsaň!“ diýdi. Nazar bu sözüň kimiň agzyndan çykanyny aňşyrmady, ýöne ondan gysgandy. Suraty aldy-da, ýene-de bukja saldy.
--Gördüňmi, dost.—Alyhan diňe Nazara eşidiler ýaly adaja gürledi.--Seniň bagtyň gelipdir. Suw bilenjik ezip içäýmeli gyz eken.
Muňa Nazaryň ýüzi gyzardy, ýöne dostunyň sözlerini gaty görmedi.“Ýüzi gyzaranyň ýüreginde kir bolmaz”.Ol Alyhana minnetdarlyk bilen bakdy...
Nazary bir ýyl gullukdan soň az wagtlyk öýe dynç alşa goýberdiler.Ol gelen dessine özi bilen yşky dünýäsini paýlaşmaga taýyn gyzy görmegiň ugruna çykdy. Ol kitaphana barmakçy boldy, saklandy. Gyzyň salgy beren öýüniň töweregine barmagy ýüregine düwdi. Şeýle-de etdi. Jaýyň enaýyja howlusy hem bar eken. Howlyň içi el bilen syrylan ýaly päkizedi. Ýaz gülleri howlyň ikiýany bilen uzalyp, uzakdan howlyny owadan, görmegeý görkezýärdi. Şonda Nazar hem “Bular ýaly
gözel ýerde ýaşanlaryň özlerem, kalplaram gözel bolmalydyr” diýip çaklady. Öýden iki-ýeke çagalar çykdy-da, bir-birini kowalap deňinden ylgaşlap geçip gitdi. Başga töwerekde yns-jyns görünmedi.
Ýeke özi bu ýerde delmuryp durmagy uslyp bildimi nämemi, yza öwrülenem şoldy welin...
--Jemal jan, gyzym, ýetişeweri, gölämiz gazygyndan boşandy, tutmasak mellegi zer-zaýa eder, köçä çykdygam bize baş bermez!—diýip, içerden bir aýalyň sesi eşidildi. Onuň yzýanyndan bir göle ýüpüni süýräp howlyň içinde aýlandy. Onýança:
--Häzir eje--diýdi-de, içerden çykan bir gyz göläniň uzyn ýüpünden tutup özüne dartdy. Ol Jemaldy. Göle alty aýlyjagam bolsa göwresi ýaşyna görä däldi, daýawdy. Şol daýawlygy bilenem Jemalyň elinden sypmaga çalyşýardy. Gyz tijense-de, barybir göle oňa güýç bermän, onuň elinden sypdy. Diňe bir sypmagam däl, birýana serpilen gyzyň aýagyny basgylap geçdi.
Nazar bu ýagdaýa uzak seredip durup bilmedi. Ol howlynyň adam boýly germewinden aşyp giden göläň yzyndan eňdi. Nazar ylgamakda, beýikligine, uzynlygyna bökmekde gullukda-da öňdeligi eýeläpdi. Bu gezegem şeýle boldy. Bir bökende göläň aşan haýatyndan aşyp, onuň öňüne böwet boldy. Haçanda ejesi gyzyny ýerinden galdyryp, oňa göwündarlyk berip durka, Nazar boýny ýüpli, eýýýämhaçan ýuwaşan göläni yzyna tirkäp howla girdi.
Nazary gören Jemal ylla doňan ýaly bolup aňkarylyp galdy, aýagynyň agyrysynam umutdy.
--Bu sen?!—Ol aňkarylyp galdy.
--Kim bu gyzym? Men tanamadym-la. Bu ýigit nirden peýda boldy?
--Eje, bu kitaphanaçymyz Nazar. Ýöne...—Jemalyň ýüzi duw ak boldy.
--Ýönäň näme, gyzym? Ýagdaýyň gowumy? Agyrdan-sypjyrlan ýeriň bolmady dälmi?
--Ol gulluga gidipdi ahyryn.
--Kim ol?
--Nazar.
-- Gullukdady? O näme gaçyp gaýdandyr öýtdüňmi?
-- Ýok, ýok, siz men barada ýaramaz pikir etmäň. Men hakykatdanam gullukda, häzirem gullukda—diýdi-de, Nazar bu ýagdaýyň sebäbini düşündirmäge durdy.—Bir ýyl gulluk etdim. On gün möhlet bilen öýe dynç alşa goýberdiler. Köçäňizden geçip barýardym-da, göläňiziň Jemala baş bermän, ony bir gapdala süýräp barýanyny gördüm-de, saklanyp bilmedim.
--Oglum, sag bol, tüýs perişde bolup, wagtynda ýetişäýdiň, bolmasa, bu göläniň nireden çykjagy belli bolmazdy—diýdi-de, onuň elinden ýüpüni alyp, göläni özi bile idip äkitdi. Şo pursatda-da Nazara Jemal bilen birki agyz gürleşmäge maý boldy.
--Haçan geldiň, oglan?
--Birki sagat boldy.
--Öýňüze bir göründiňmi?
--Hawa, ejemlere göründim-de, göni bärik gaýtdym. Sen nä ýokary mekdeplere okuwyna synanyşygam etmediňmi, Jemal?
-- Uly okuw diýibem durmadym. Tikinçilik ugrundan obada açylan alty aýlyk okuwy tamamlanym bilen oňaýdym. Tikin-çatyn edýän, gyz maşgala şundan gowy hünär bolmaz. Özbaşyna tikin maşyn hem edindim. Işleseň, gazanç kemi ýok. Onsoň meniň suratly hatymam aldyňmy?
--Hawa, aldym, ýöne özüň suratdakydanam bäş esse owadan gyz bolup ýetişipsiň.
--Ýok-la, oglan, owadanlyk nämişlesin.Ýöne suratymy ýitiräýmersiň-dä!
--Heý-de, suratyňam ýitirip bormy? Suratyňy ýitirdigim seni ýitirdigim. Men ony günde azyndan bir gezek synlap-synlap goýýan. Indi men...men gideýin. Öýlän kitaphanada boljak.
Jemalyň ýüzi ýagtylyp gitdi.
--Menem bararyn.—Jemal agsaklap ýöredi.
--Aýagyňy agyrtdyň gerek?
--Hiç-le, bir azajyk.
--Häzirlikçe hoş.
--Görşeris.
Olar gyssagly sagbollaşdylar. Jemal Nazaryň tä howludan çykýança yzyndan garap galdy.
On gün diýeniň Nazar üçinem, Jemal üçinem ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. Nazar gulluga dolandy. Ony Jemal dagylar bolup, otla mündürip gaýtdylar.Nazar hoşlaşanda:
--Jemal, men seni söýýän—diýdi.
Jemal uýaldy.Ýöne ony jogapsyz galdyrmady:
--Menem seni söýýän. Men saňa garaşaryn—diýip, eli bilen ýüzüni ýapdy.
--Sen meni söýýän diýdiň. Şol maňa bes, seniň söýgiňe mynasyp bolmak üçin elimden gelenini ederin. Men saňa söz berýän.
Nazaryň wadasyna şo dem gyzyňam umytly gözleri uçganaklap gitdi.
***
Nazar gullugyny tamamlan ýyly ýokary okuw mekdebine mugallymçylyk ugrundan gaýybana okuwa girdi. Okuwymy tamamlaýança diýibem ýene-de başky kitaphanasyna işe geldi. Jemal bu ýere her günde diýen ýaly gelerdi. Olar wagt tapyp duşuşardylar, gürleşerdiler.
Bir günem Nazaryň ejesi Ogulhajat ýoldan geçip barýan Jemaly saklady.
--Jemal jan, gyzym, birsellem aýak çek. Seň bilen birki agyz gürrüňim bar.
--Wiý, Ogulhajat daýza,bu sizmidiňiz? Saglygyňyz gowymy, arada Nazar ejem ýaranok diýdi, ganymat bolduňyzmy? Näme hakda gürrüň etjekdiňiz, men sizi diňleýän—diýdi-de, uýaljak ýaly etdi.
--At oýnatma. Sen gyz biderek ýere çyrpynýaň. Oglumy öz erkine goý.
--Daýza, beý diýmäň-ä, biz Nazar ikimiz indi telim ýyl bäri birek-biregi...
--Ýok, siziň diýeniňiz bolmaz. Men oňa dirikäme ýol bermen. Sen gowusy, oglumdan eliňi çek. Men ony ýakyn wagtlarda öz ýegençelerimiň birine öýermekçi bolup ýörün.
--Ondan ogluňyzyň habary barmy?
-- Bar. Ýogam bolsa, ol meniň gepimden çykmaz. Erkek gytlygy ýok, saňa-da biri tapylar.
--Bi boljak iş däl. Men häziriň özünde Nazar bilen gürleşerin, eger aýdýanlaryňyz ugrunda bar bolsa...
--Men ýalan sözleýändir öýdýäňmi? Şonuň üçinem şu günüň özünde oglumyň ýanyna barda “Men seni söýemok!” diýip gaýt. Sebäbinem aýtma. Şeýtseň ýeňersiň.
Jemal ýüzüni aşak salyp, gözýaşa boguldy.
--Gözýaşyň wagty däl.
--Bu nähili beýle bolýar?
--Bu hakykat. Şonuň üçin ilki ol senden däl-de, seniň ondan ýüz öwürmegiň gerek.
--Men... men ony başarman. Siziň maksadyňyz näme? Bizi birek-birekden aýyrmakmy?
--Sen aýdylanyny et. Men aýdylan sözi yzyna alýan heleýlerden däldirin. Onsoňam bir zady bilip goý, oglumy öz diýen ýeri bilen guda bolup, öz eli bilen öýermesem görümde dik oturaryn. Ol meniň bagrymdan öndüren balam bolmasa-da, men onuň ejesiniň ornunda otyryn. Ogulhajat öňýeteni gelin etjek aýal däldir. Oglumyň garşysyna-da gitmek islämok. Ony seniň agzyňdan eşitse, gowy boljak. Diňe şeýle edeniňde, ol ynjalar.
--Bolýa, goý siziň diýeniňiz bolsun. Söýemok diýip, ogluňa-da aýdaryn. Niräňiz agyrsa, şol tarapa-da ýatyň. Sizem bir zady bek belläň, menem hiç haçan siziň ýaly zalym gaýynly içerä gelin bolup barman, ondan ýaňa durmuşa çykman ötenim müň paý gowudyr.
--Gürleşdik dälmi?
--Gatam gürleşdik.
--Gürleşen bolsak, şu hatdaka görä-de hereket etmeli borsuň. Sakyn, başga hilä ýüz uraýyn diýme.
-- Alada etmäň, siz näme isleseňiz, şoň ýaly hem bolar.
--Aperin saňa.-- Ogulhajat üçburç edilip epilen haty gyzyň eline tutduryp ötägitdi.
Jemal haty aglap diýen ýaly okady: ”Biz ertir size sözaýdyja barjakdyrys. “Gitjek däl, men ol oglany halamok!” diýip, bir depen ýeriňi depip durmaly borsuň. Bizi kowup goýbärsiň. Kelläňi işlet, akyllyja bol. Biziň şu gürrüňimiz ikimiziň arasynda ömürlik syr bolup galmalydyr. Hatymy birine görkeziji bolaýma, okansoň ýyrtgyn. Aýdylanyny edip, akyllyja bolsaň-a bolany. Ýogsam men etjegimi bilýän, ile ryswa edip, boý gyz halyňa bütin ömrüň öýden çykmaz ýaly ederin. Akylyňy başyňa topla. Saýla birini. Ýa meň oglumdan geçersiň, ýogsa-da... menden oňňulyga garaşma. Men oglumyň bagty üçin, ony öz elim bilen öýermek üçin her zat ederin, sen tetelli gyzy öýe gelin edip salman...”
Şol günüň ertesi Nazar bilen Jemal kitaphana golaý ýerde, goja tuduň aşagynda duşuşdylar. Olaryň bu günki söhbeti adaty söhbetlerden dartgynly geçdi. Nazar üçin onuň oturan ýer togalagy ters ugra aýlanan ýaly boldy. Jemalyň ýüregi galagoplydy, asla ozalky Jemala meňzänokdy. Ondan beýle zada garaşmandy.Ol göni gözüniň içine bakyp:
--Men seni söýemok. Saňa durmuşa çykmakçy däl!—diýdi.
--Näme???-- Muňa Nazaryň ýüregi agzyndan çykara geldi. Düýn giçlik dälmidi olaryň oturyp, toýa çagyryljak bagşylar barada söz açyp, dünýäň gürrüňini edenleri. Düýn dälmidi olaryň ummanlarda gezip, göwün ýüwürdenleri.
-- Jemal, seniň agzyň diýýänini gulagyň eşidýämi? Men saňa iň gymmatly zadymy—söýgimi bagş etdim. Sawçy ibermänim üçin şeý diýýäň gerek?! Azajyk sabyr et. Men her edip, hesip edip ejemleri göwnederin. Biz uludan toý ederis. Birek-biregi söýýäs ahyryn. Biz bagtly bolarys. Bizden boljak çagalaram bagtly bolar.
--Toý bolmaz. Sebäbinem sorama. Ähli zat gutardy. Gaýdyp adymy tutanam namartdyr. Men hiç kesiň bagtyny baglap, oňa duzak bolasym gelenok. Bagtly bol.
--Jemal, Jemal, bir minut aýak çek, saňa nä jyn urdy?—Nazaryň bokurdagy dykyn aldy.—Sen kimiň bagtgy hakynda aýdýaň? Sen nämäniň gürrüňini edýäň? Ýa bu sözleri meni synamak üçin tapdyňmy? Seniň çynyňmy? Oýun edýäňmi?
Jemal çalt-çalt ýöräp, basym ondan uzaklaşdy.
Jemalyň sözleri ýüregine iňňe bolup sanjylan Nazar kyn-gyssaga düşdi. Şol günüň özünde ejesini, daýy-daýzasyny Jemallara sawçylyga ibermäge yrdy. Şeýdibem iňrik garalyberende, oglan tarapy bolup Jemallara üýşüp bardylar. Haçanda guda-gorumlyk hakynda söz açylanda welin, gyzyň ejesi:
--Wah, gapymyzdan sarpalap gelipsiňiz, taňryýalkasyn. Ýöne haýp, bizde size berer ýaly gyz ýok—diýdi.
Nazaryň daýysy uzak saklanyp bilmedi:
--Dogan, bizem çem gelen gapyny kakyp ýören bihal adamlardan däldiris. Onsoňam bu ýerde gizläp oturasy zat ýok. Gyzyňyz Jemal meniň ýegenim Nazar ikisi owaldan halaşyp ýörler eken. Olar bir-birine-de mynasyp. Geliň bu işi gaýra goýmalyň. “Haýyr işi jäht tut” diýlendir. Bahymrak başlaryny bogmagyň alajyny edeliň! Elleşiň-elleşiň. Bizi boş gaýtarmaň. Ol eýýäm toýuň aladasy bilen gezip ýörendir.
--Menem adam dilinde gürleýän. Gyzym göwnänok!
--Bu nähili gürrüň boldy, guda?—Nazaryň ejesi Ogulhajat bu gezek çyna berimsiz ýalan sözledi. -- Çagyryň, biz Jemal gyzymyzyň öz agzyndan eşideli. Ol bize gelin bolmaga razymy, ýokmy, onçasyny görübereris. Goý onuň özi aýtsyn?!
Onýança içerki otagyň gapysy açyldy. Ol ýerden çykan Jemal öýde adam barmy-ýokmy, sylajagam bolmady.Garaört bolan ýüzüni kesä sowup durşuna gürledi:
--Gelmeli gapyňyzy ýalňyşypsyňyz, gadyrdanlar! Bahymrak garaňyzy saýlaň şu ýerden. Menmi siziň ogluňyz bilen halaşýan? Gümündenem aňry gitsin. Ýigrenýänim şolar ýaly nadan, ejem ogullary. Oňa men şu gün duşamda-da aýtdym.
Ogulhajat eje:
--Jemal, gyzym, Nazar ejem ogullardan däldir. Öz diýenlidir. Diýjek gepiňi bilip aýt?!
--Hawa, gyzym. Men bu ýere arzyly ýegenim Nazar jana söz berdim. Siz bagtgly bolarsyňyz. Siziň nikaňyz şowly bolar—diýip, bu gezek Nazaryň daýysy janygyp gürledi.
--Sizem daýy azara galyp, arrygyňyzy gynap oturmaň. Hälem bir pille, turuň gidiň, gaýdybam bu ýerlere köwlenmäň.
Oturanlaryň ýüzüne urlan ýaly boldy. Olar turmak bilen boldular. Ogulhajat eje welin assyrynlyk bilen gyzy synlap durşuna ýüz-gözüni güldürdi: ”Ýüregim bol-a, sagja bol, beren sözüňde tapyldyň!”.
***
Haty okan Nazar agany duran ýerinde gara der basdy. Böwri sanjyp, gözleri garaňkyrap–garaňkyrap gitdi. Derdini kime aýtjagyny bilmedi, ýüregine agram saldy.“Näme üçin menden ýüz öwüreniň belli boldy. „Seni söýemok!“ diýmäge mejbur eden zat, ejemiň haty eken. Ejemiň ýüregini agyrtmak islemän, ýoldan aýrylmaga äht etdiň. Şol ähdiňde durubam, şu hatyň gurbany bolduň. Şeýle gerek? Jemal, Jemal, sen bu zatlar barada näme üçin men bilen maslahatlaşmadyň? Iki bolsak, muň çäresinden gelerdik ahyryn. Ejem, eje-eje-em, men seni ejem janyň ýerinde goýdum, hemişe seniň aýdan-diýeniň bilen boldum. Ýeri bu näme etdigiň boldy? Men saňa ynanypdym ahyryn. Sen meni ne günlere saldyň? Sen sebäpli men bütin ömrümi Jemaly ýazgaryp ýaşadym. Heý-de ene-de öz ogluna şular ýaly zulum edermi? Ýazgydyň arasyna düşüp, ot bilen oýun edermi? Hany “Gyzyň özi göwnänok” diýipdiň-ä. “Onuň başga bir göwün bereni bar eken” diýip meni ynandyrypdyň-a. Men öýlenemden kän soň, ony ata-enesi ýat birine durmuşa çykaryp goýbermedimi näme? Guryja, Jemal seniň guran çoşgaryňa çolaşypdyr. “Iki ýoluň birini saýla!” diýen bolsaň, ol görgüli hem ikinji ýoly saýlapdyr. Bagyşla, Jemal, men saňa düşünmändirin. Öt günämi!”
Nazar aga hasasyna söýenip zordan diýen ýaly ýerinden galdy. Aşyklygyň üstünden atanak çeken, başky söýgüsinden müdimilik jyda salan eneliginiň ýerde ýatan şol ýigrenji hatyny hasasy bilen dürtgüçläp-dürtgüçläp, bölek-püçek edip taşlady.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar