10:44 Bahar wakalary / hekaýa | |
BAHAR WAKALARY
Hekaýalar
I. Ýene topraga ýyly gidip. degre-daşymyz ýaşyl begres geýindi. Gül-günçalaryň hoşboý ysy çar tarapa ýarady. Joşa gelen guşlar simagaçlarda we baglarda hatar gurap nagma kakýarlar. Owlak-guzularyň, köşejikleriň naşyja sesleri ynsan kalbyna hoş ýakýar. Irbaharda jüýje çykarmak öý guşlaryna mahsus häsiýetdir. Ýazda çykan jüýjeler tomus bilen güýz paslynyň sepgidinde ýetişip, ýumurtga berip başlaýarlar. Baharyň hoştap säherinde on-onbäş jüýjesini daşyny jemläp, paýpyldap ýören mäkiýanlary synlamagyň lezzeti bir başga. Elindäki gaby ýumurtgadan doldyryp, towuk keteginden çykan keýwanym: -- Çal mäkiýan-a ýene kürk bolup, 5-6 sany ýumurtgany basyp ýatyr. Ýeleklerini hüjjerdip, golaýyna eltenok. Geçen hepde sowuk suwa salanymda janawar kürklüginden açyldy, bu sapar degmäge dözmedim -- diýip, habar berende, “Oňaraýypsyň şony!” diýen terzde baş atdym. Ýogsam bolmanda eýýäm 4-5 sany mäkiýanyň hersiniň aşagyna 10-12 ýumurtga salyp basyrypdyk. Biziň hojalygymyza şolar ýeterlikdi. ...Düze gezelenje çykmaga hyýallanyp, ýol şaýymy tutdym. Agtyklarymyň ekabyrlaryny alyp gitjekdigimi aýdamda, olar begenjinden bökjekleşip çarak çaldylar. “Ýer ala -- ýurt ala” diýenleri. Obamyzyň gaýrasy şorluk ýalazy meýdan bolup, ol ýerde çaýyr, ýylgyn, şoradan başga bitýän ot-çöp ýok. Käte çopanlar bu ýere malyny kowýarlar. Sondan aňry biraz ýol ýöreseň welin her dürli ösümlikleriň gümürsin ösen ýaýlasy başlanýar. Sagylýan düýelerdir, sygyrlar şu ýaýlada otlanýarlar. Obanyň çekene çopany Çary aga dowarlary şu ýerde bakanyny kem görenok. Ýylakly gumuň ýapysyndan inen ýerimizde käkiligi agzynda mäkäm gysan tilkini görenimizde “haýt-hüýt” edip, ýerli-ýerden gowur turuzdyk. Ýöne tilkiniň piňine-de däldi, ol sapalak atyp, ýazzyny berdi. “Höwürtgrede ýatan käkiligi ahmallyga salan bolarly” diýip, öz ýanymdan çakladym. Dogrudanam, aňyrrakda weýran edilen höwürtgäniň üstünden bardyk. Onuň töwereginde kiçijik ýumurtgalar çaşyp ýatyrdy. Ýumurtgalaryň abatlaryny ýygnan nowbahar agtygym olary öýe alyp gaýtdy. Gijara oba gelenimizde olary çal mäkiýanyň ýumurtgalarynyň arasyna goşdyk. Hokgamyzyň soňunyň neneňsi tamamlanjakdygyny takmynan aňýardym. Sebäbi şuňa meňzeş wakalara öň hem ençeme gezek gabat gelipdim. Her niçik bolsa-da agtyklaryma syr bildirmedim. Ertesi mäkiýanyň biziň goşan ýumurtgalarymyzy hem özüniňkiler bilen bilelikde basyp oturandygyny görüp begendik. Mäkiýanyň ganatlarynyň aşagynda peýda bolan saryja jüýjeler daş- töwerege geň galyjylyk bilen ser salýardylar. Basym käkilik ýumurtgalaryndan hem jüýjeler çykyp başlady. Olaryň häsiýeti birgeňsi bolup, buky bir ýerde busup ýatmagy halaýardylar. Iki oduň arasynda galan çal mäkiýan boldy. Ol jüýjeleriň başyny jemlejek bolup pelesaň urdy. Ýöne bu işe hötde gelip bilmedi. It-pişige şam bolmazlygy üçin käkilik jüýjeleri üçin özbaşdak simden torlap ketek ýasamaly boldy. Agtyklarym şol torketegiň daşyndan aýrylanoklar. Eden işimizden göwnümiz hoş. Körpe käkilikler ganat-per baglanda, bu haýyr işimizi ýene bir sogap bilen jemläris. Howa, şonda biz olary düze äkidip, baýaky höwürtgäni tapan ýerimize elteris. Gadymdan galan däbe eýerip, jüýjeleri ýekän-ýekän ilki agtyklarymyň, soň öz başymdan üç gezek aýlaryn-da: “Erkana guşlar, indi bizden razy boluň!” diýip, tebigatyň gujagyna goýbererin. Olar erkinlikde ganat ýaýmagy gaty tiz öwrenip, sähramyzyň bezegi bolarlar. II. Ümmülmez Garagumyň goýnunda oba adamlarynyň dowarlaryny bakýan Garýagdy aganyň ideg edýän sürüsi ýylba-ýyldan köpelýärdi. Owlak-guzy möwsüminde ýazlagçylar gelmese mal-garanyň aladasy çoluk ikisiniň hötde gelerinden çökderdi. Golaýda bäş-üç sany dowaryny Garýagdy aganyň sürüsine goşan Akmyrat aga hem öýde oturyp karar tapmady. Beýleki mal eýeleri oňa azar bermejek bolsalaram, olara goşulyp gitjegini çynyrgatdy. Akmyrat aganyň ýazlaga döwtalaplygynyň sebäbi bir tarapdan ol ýeriň ýagdaýyny gözi bilen görüp, belet bolup gaýtmak bolsa, beýleki tarapdan çemi gelip durka birki hepde özüni geçi süýdüne tutmakdy. Onsoňam täzelikde pensiýa çykan baýry hasapçynyň indi başga iş-güýmenjesi hem ýokdy. Akmyrat aga bir töwra häsiýetli adamdy. Ýüreginde kir-kimir bolmasa-da onuň kimdir biri, hatda keýwanysy bilen hem göwün açyp, gürrüň edenini gören ýokdy. Seri hemişe aladaly görünýärdi. Özem türkana, ynanjaňrakdy. Häzierem ol çopanlara we özüne azyk alany bilenem oňman, köneräk keçäni, bir gyzyl horaz bilen üç-dört sany towugy hem awtoulaga ýükledi. -- Azyk-owkadymyz towuksyz-da ýeterlik ýaly-la, ýaşuly – diýip, sürüji Didarberdi ýola düşüp ugranlarynda sorady.--Ýa-da munuň başga bir sebäbi barmy? -- Olary iýmek üçin äkidemok. Garýagda goýup gaýtjak. Çarwaçylykda towuk bilen keçe wajyp bolýar. Towuk daş-töweregi mör-möjeklerden arassalaýar, keçä ownuk jandarlar gelip bilmeýärler -- diýip, Akmyrat aga agraslyk bilen düşündirdi. Dogrusy çöle birinji sapar diýen ýaly barýan, ömrüniň köp bölegini öýüdir howlusy bilen edarasynda geçiren adamyň beýle beletlik bilen gürleýşi sürüjini geňirgendirmän durmady. “Aý, kitaplardan okandyr-da” diýip çaklady. Ýylgyndyr sözenden mas ýüklenen awtoulag gelende, ýardamçylar ýaş mallar üçin körpeçdir agyl-aýmançalar, goýun-geçiler üçin wagtlaýyn ýataklar gurdular. Beýleki işler tamamlanansoň towuklar üçin ýerketek gazdylar. -- Towuklary gündiz töwerege goýberseň meýdanyň maýsasyndan we ot dänesinden geregini edinip, ýumurtgany gün yrman berer durar -- diýip, ýaşuly Akmyrat aga Garýagda we onuň ogly Seýitjana ýüzlendi – Sizem heýgeneksiz bolmaň diýip ýörite getirdim olary. Çopandyr çoluk aladaçyl ýaşula minnetdarlyk bildirdiler. Kömege gelenleriň köpüsi ertir awtoulagda oba gaýtdylar. Mal eýelerinden Akmyrat aga we iki sany ýigdekçe çopanlara kömek etmek üçin bu ýerde galdylar. Ýardama gelenler hem ir turup, giç ýatmaly bolýardylar. Her günüň säherini gyzyl horazyň sesi bozýardy. Endik etmedik Akmyrat aga üçin dowarlary tapawutlandyrmak kyn bolsa-da, ol her işe yhlas bilen ýapyşýardy. Garaz, iki sany berdaşly ýaşuly bilen üç sany ýeňil aýakly jahyl ýigit üçin eýgertmez ýaly iş ýokdy. Günler gyzykly gaçýärdi. Ýarym aýa golaý wagtyň içinde Akmyrat aganyň süňňi ýeňläp, bedeni berkedi. -- Oglum, sen sowuklajak bolupsyň öýdýän? – diýip, bir gün irden Garýagdy aga gije goýunlary otladyp gelen oglundan sorady – Emi-ýomy şorja horaz çorbasydyr onuň. Öýlän şol gyzyl horazyň çorbasyny içip, ojagyň ýanynda bürenip ýatarsyň welin şol bolar. Menem guş etine şorsurap gitdim... -- Horaz-towuklary Akmyrat aga soýmaga getirmedi ahyryn – diýip, çoluk geňirgendi. -- Onuň bilen özüm gürleşerin. Bar, bir salym uklap tur. Enşallasa, öýlän gelenimde çorba iýsek gerek – diýip, Garýagdy aga syrly ýylgyrdy. Günortanlar agyl arassalap ýören Akmyrat aga gapdalyndaky ýigdekçä alada bilen habar gatdy: -- Işimizi gutaranymyzdan soň sen şol gyzyl horazy tutup bersene, inim. Garýagdy ýarygije bir şagalyň towuk keteginiň edil düýbüni gazyp duranyny görüpdir. Alabaýam Seýitjan bilen giden eken. “Garaz, ol uwlap galanlar bu ýerde towuk saklatjak däl” diýýär. Nätjek-dä, beýle bolsa elden gidermänkäk ilki horazy bir özümiz iýeli. Akmyrat aga towuk etinden nahar bişmäge ökde eken. Onuň burç, düýe çaly we ýuka ýaýylan hamyrdan kesilen unaşynyň lezzetli bir başga boldy. Nahardan soň basyrynyp ýatan Seýitjanam turanda tut ýaly bolup turdy. Şondan bir gün soň oba gaýdan Akmyrat aga hoşlaşmazdan öň çopana: -- Men-ä size ýumurtgalyk towuk bolsun diýdim welin nesibe däldir-dä. Şagal ýok etmänkä towuklary hem tizräk halallaň – diýip, maslahat berip gaýtdy. Bir aý soňra çöle barýan Didarberdä çopanyň sargan gerek-ýagaklaryny berip duran Akmyrat aga ondan hemme towuklaryň salamatdygyny eşidip geň galdy. Horaz iýişligiň taryhy ýeser sürüjiden gizlin galyp bilmändi. Ol bu meselä şagal-tilkiniň dahylynyň ýokdugyny, horazyň soýulmagyna çolugyň ýeňilräk ýoňlamagynyň hem-de çopanyň jüýje çorbasyna höwesiniň sebäp bolandygyny Akmyrat agadan gizläp durmady. -- Haý, peläketler diýsäni! – diýip, çopanyň pirimine we öz sadalygyna gahary gelen ýaşuly jibrindi.—Towuklary höwürsiz goýupdyrlar diýsene... Soňra ol ýene-de durup bilmän, ketekden bir horazy tutup, aýagyny daňyp getirdi-de, Didarberdiniň eline tutdurdy: -- Garýagda aýt: indikide horaz jüýje iýjek bolsalar, özleri ýaltanman towuk basyrsynlar. III. Jala gelende obanyň günortasyndaky dagyň jülgesinden sil suwlary jaranlaryň içinden şahalanyp akýarý. Ol suw akymlarynyň yllaryň geçmegi bilen emele getiren akabalary obamyzyň bir ýanynda kiçijik derýajygy ýada salyp ýatan çaýa gelip birikýärdi. Haçandyr bir wagtlar çaýyň üstünde mal-gara geçer ýaly köpri gurlupdyr. Köp wagt geçensoň onuň pürsleri, pelte agaçlary çüýräpdir. Köprini abatlanmaga eýýämhaçan çen ýetenem bolsa, onuň halyndan habar alýan ýokdy. Köpriniň üstünden geçeniňde gaty ägä bolaýmasaň, betbagtlyk uzakda däldi. Köpri çaýkanyp durdy. Çaý dolup akanda dowarlary hem şu ýerden geçirmeli bolýardy. Sebäbi şonda güzerdäki suw hem mal-gara geçerden gala boýardy. Bir gezek köprüden geçip barýanlaryň biriniň aýagy taýyp, döwük-ýenjik pelte tagtalaryň arasynda galdy. Baldyrynyň eti tä süňküne çenli gapjalan bende, agyrydan dişini gysyp, aýagyny zordan sogrup aldy. Obadaşymyz şol şikes sebäpli tasdan hem maýyp bolupdy. Ep-esli wagt bir aýagyny çala basyp, ýempikläp gezmeli boldy. Şol wakadan soň obamyzyň arçyny Rahman aga ertesi gün etrap häkimligine gidip, küren obany ynjylyksyzlandyrýan bu wawwaly meseläni çözmek üçin ýüz tutjajdygyny ýaşulylara mälim etdi. Emma goja çopan Weli aga muňa zerurlygyň ýokdugyny aýtdy. Görlüp oturylsa Weli aganyň welaýat merkezinde ýaşaýan uly ogly Nurmuhammet öz obadaşlarynyň bu müşgili barada atasyndan eşidip, bu işiň garamatyny öz üstüne alan ekeni. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, agaç işleri bilen meşgullanýan kiçiräk hususy kärhanany ýöredýän Nurmuhammediň il-gün üçin şeýlekin sogap iş edip, alkyş almak pursatyny sypdyrmajakdygy çyny ekeni. Iki-üç günden üsti pürsdür kese tagta ýükli awtoulag köne köpriniň golaýynda saklandy. Onuň öňüne düşüp, ýol görkezip gelen ýeňil awtoulagdan Nurmuhammet bilen iki sany ussa düşdi. Gurluşyga kömek etmek üçin ýygnanan adamlaryň köpüsi oba ýaşlary bolup, olaryň niýet-yhlasyny göreniňde, bu haýyr işiň ertire-de galman şu gün tamamlanjagyna şübhe galmaýardy. Adamlar bilen görüşýän Nurmuhammedi aňyrdan synlap duran Weli aga bilen Maral daýzanyň bu wagt ömürlerinde iň bagtly pursaty başdan geçirýändiklerini aňmak kyn däldi. Türkmen üçin il-günüň derdine ýarap duran ner ogly ýetişdirmekden zyýada buýsanç ýok ahyryn. Syrdym-syrdym pürslerdir kagyz ýaly ýylmanak, sagdyn tagtalar haýal etmän düşürilenden soň ýük ulagy yzyna gitdi. Iş dessine gyzyşdy. Oýun-degişme bilen köne köprini söküp aýran ýowarçylar ussalaryň gözükdirmeginde täze köpriniň binýadyny atmaga girişdiler. Günortan desserhan giňden ýazylanda işiň aglaba bölegi arka atylypdy. Ýogurt bilen ýaňyja tamdyrdan çykan mele-myssyk çörek saçagyň bezegi boldy. Giç öýlän bolsa öňki çüýrük köpriniň ornunda täzeje ykjam köprüjik gurjak ýaly lowurdap durdy. Onuň germewlerini haşamlan ussalaryň ezberligine diňe “Berekella!” diýäýmek galýardy. Minnetdar obadaşlar Nurmuhammet bilen iki ussany bu gün yzyna goýbermediler. Ikindin çagy heniz şapak gyzarmanka, günbatar tarapda gözýetimde ilki bilen dowar sürüsi, iki sany goýunçy köpek, soňra bolsa çekeni çopany göründi. Göýä obadaky täzeligi ilki bilen özi bilen ýaly, boýny jaňly ygerkeç ýüzüni köprä tarap öwürdi. Täze ýonuşganyň ysy kokap duran köpriniň öňünde birlaý säginip dursa-da, soň tep-tekiz tagtanyň üstüne batyrgaýlyk bilen ilki gadamyny urdy. Goýun-geçiler onuň yzy bilen köprüden assa-ýuwaş geçip ugradylar. Köpriniň dabaraly açylyşy başlandy. Öýlänler duýdansyz guýan doly bireýýäm diňse-de, dag-derelerden syrygýan suw çaýdan şildiräp, ses edip akýardy. Köpriniň astyndaky akabada sil suwunyň getiren gyrmançalary gaýmalaşýardy. Oba ilaty bolsa täze köprüden arkaýyn geçip barýan agyr sürä mähir bilen garap durdy. | |
|
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |