02:15 Bähbit pälwan | |
BÄHBIT PÄLWAN
Taryhy şahslar
Biz şunça ýyllaryň dowamynda geçen zamanlarda iline özünden ýagşy at goýup giden adamlar hakynda - ömri rowaýata öwrülen batyrlar, serdarlar, pälwanlar hakynda gazet-žurnallara makalalardyr oçerkler ýazmadyk, dogrusy, çekindik. Sebäbi “Könäni dörmek nämä gerek? Ol adamyň geçmişde näme iş edendigini anyk bilýärmiň? Ol eziji synpyň wekili bolan bolaýmasyn?” diýen ýaly soraglaryň beriljekdigi düşnüklidi. Şonuň üçin şol legendar adamlary görenleriň gürrüňleri, olar hakdaky ýatlamalar, dokumentler toplanylmady, öwrenilmedi. Ine, şol sebäpli indi biz “hoşa çöpleýäniň” gününi başdan geçirmeli bolýarys. Biziň gürrüňimiz XIX asyryň ikinji ýarymynda - 1850-1865-nji ýyllar aralygynda Etek galalaryna, Arkaja, Eýranyň demirgazyk etraplaryna özüni tanadan Bähbit pälwan hakynda. Ilki bilen Bähbit pälwan hakynda köp gyzykly materiallary, gürrüňleri, ýatlamalary ýygnap, halka ýetirmekde iş bitiren baýry mugallym, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Meret Baýramowa öz minnetdarlygymyzy aýtmalydyrys. Eýsem, Bähbit pälwan kim? Ol näme iş bitiripdir? Nähili wakalary başdan geçiripdir? Şeýle sowallara jogap isläp, ilki ýüz tutan adamym Kaka posýologynyň ýaşaýjysy, pensioner Begnazar Ýolly ogly boldy. Bu gürrüňçil, örän ýatkeş adamyň pälwan hakda azda-kände biljekdigi şübhesizdi. Bu şeýle bolubam çykdy. “Meniň atama Ata mergen diýerdiler. Ol köpügören garry awçydy. Şonuň Bähbit pälwan hakda beren gürrüňleri hakydamda galypdyr. Atam oglan wagty Bähbit pälwany görüpdir. Pälwanyň gojalyp-garran, güýç-kuwwatdan galan wagty 1880-1885-nji ýyllar aralygy bolmaly. Atam şeýle diýerdi. “Pälwan aga diwara arkasyny berip oturanda iki dyzy gulaklarynyň ýokarsyndan somalyp çykar durardy. Aýaklary şeýle uzyn hem ýogyndy. ...Bir gezek Pälwan aganyň suwa düşmek üçin çykarynyp durandygyny gördük. Her näçe aýybam bolsa, bukdaklap ýap boýuna, onuň golaýyna bardyk. Onuň arkasynda hal - “Hezreti Alynyň penjesiniň yzy bar” diýip gürrüň ederdiler. Bizem şony görjek bolduk. Dogrudanam onuň ýagyrnysynda gara tegmil bar eken. Ýöne has geň gören zadymyz onuň baldyrlarynyň bolşy boldy. Onuň digir ýaly (digir - küýzäniň bili) baldyrlary garrylykdan ýaňa boşaşypdyr... Baldyrlaryň hamy halta ýaly halparyp, söbügine düşüp, gasyn-gasyn bolşupdyr. Gör, bu pelegiň oýnuny. Adamzadyň soňy hiç bolaýýar...” Atam Bähbit pälwanyň ýaşlyk ýyllaryndaky tutluşyklary hakda köp gürrüň beripdi...” Begnazar Ýolly oglunyň beren gürrüňlerini diňläp, ýene ýola düşdüm. Bu gezek men Kaka etrabynyň Onbegi obasynyň garry düýekeşi - 88 ýaşa gadam basan Weýis Nury oglunyň öýüne myhman boldum. Bu gürrüňçil gojanyň ýatkeşligine, ýiti zehinine, şähdaçyk myhmanparazlygyna telpek goýaýmalydyr. Ol Bähbit pälwan hakdaky gürrüňe-de örän takyk, berk delilli ýatlamalary goşmagy başardy. “Meniň ejemiň kakasyna - babama Begiş diýerdiler. Ol 1932-nji ýylyň 12-nji martynda - 100 ýaşynyň içindekä dünýäden ötdi. Men babamyň gürrüňlerini kän diňledim... Ol 13 ýaşly oglanka, diýmek, 1845-nji ýylda Eýrandan gelen alamana ýesir düşýär. Şol gezek ýagy alilileriň Peşdag galasyna dökülýär. Şonda duşmana garşy söweşen ýigitleriň arasynda Bähbit pälwan hem bar eken. Bähbit şol wagt ýüňi ýeten goç ýigit bolmaly... Babam 12 ýyldan soň ýesirlikden gaçyp gelipdir... Ol kän gürrüň bererdi...” Bähbit pälwanyň Eýranyň Maşat şäherindäki ýaryşa gidişi hakynda-da örän gyzykly gürrüň bar. Ilki bada ýadyma düşüp, göz öňüme getirýänimem ynha, şu: “Baba kakam Eýrana köp gidip gelerdi. Söwda-satyk ederdi. Bir gezek ol Maşada gidende şeýle wakany başdan geçiripdir... “Ýat ilde gijelerine aýlanyp ýörmek asla kelläňe gelýän zat däldir-le welin, şol gezek nämüçindir gije Maşadyň bir çetinden beýleki çetine gitmek zerury boldy-da duruberdi. Tünüň ýarynda dar köçe bilen barýan. Ynha, köçäniň ol başyndan äpet bir daýaw adam her ýere bir basyp gelýär. Bijaý uzyn hem daýaw... Dogrusy gorkmanam durmadym, sebäbi ol göni meniň üstüme abşanaklap gelýär. Ýaňky uzyn bela deňime ýetdi-de elini egnimde goýdy. Özüme seretdi. Telpegime seretdi. “Sen - türkmen, sen!” diýdi. Menem “Türkmendirin” diýdim. “Ýör” diýdi-de egnime kakdy. Ýylgyrdy... Menem nätjegimi bilmän onuň bilen tirkeşdim-de gidiberdim. Gepiňe-sözüňe gulak asjak bela däl ol. “Ýör” - gutardy. Ahyrsoňy onuň öýüne geldik. Daň agarýança iýip-içip oturdyk. Şonda ol maňa şeýle diýdi: “Meniň ýaly daýaw, pälwan adam görüpmidiň?” “Ýok, aga, gören däldirin”. Dogrudanam, ony ýykjak adam - pälwan bardyr öýdüp çaklar ýaly däl ahyryn. Birdenem ol şeýle diýdi: “Sen türkmen bolsaň, Bähbit pälwan diýip eşidipmidiň?” Ýüregim jigläp gitdi. Şonda-da dogrymdan geldim. “Eşidipdim. Ol bar”. “Bar diýdiňmi?” “Bar... Bar...” “Menden oňa köp dogaýy salam aýtgyn...” Ol elindäki altyn çaýylan käsesini barmaklary bilen oýnap, pyrlap haly-palasyň üstüne tigirläp goýberdi: “Men köpeý ogly Bähbidiň elinde şu pyýala dönendirin...” Men onuň elinden sag-aman sypsam kaýyldym. Ol welin sowgat-serpaý iberdi”. Eýrana söwdagärçilik etmäge giden Baba Kelsopynyň bu ýatlamasyny maňa kakam gürrüň beripdi. Ine, şulara salgylanyp men Bähbit pälwanyň ömürnamasynyň käbir sahypalaryny şeýleräk beýan etmäge synanyşdym. * * * Aliliniň agyr ili Peşdag galasyndady. Töwerekdäki ownuk-uşak obalarda-da garyp-gasar ilat ýaşaýardy. Eýrandan gelýän suw üçin hem öý başyna bir jinnek paç tölemek borç. Bu bir oňuşmazça hem däldir, ýöne soňky döwürde Daraýgeziň hany düme ekilýändigine garaman, galla bermegi-de talap edip başlady. Bu adalatsyzlygyň soňunyň nägilelige eltjekdigi hemmä aýan. Sebäbi ýylajy galmakdan beter näme bar... Kärgizler taýpanyň uly tireleriniň biri. Bähbit pälwanam şolara degişli - kirriklerden. Eýsem, nätmeli borka? Haçana çenli çydap bor? Dogan-garyndaşlarynyň bu sowalyna Bähbit belli jogap berip bilenok, sebäbi kethudalar - Şamämmet onbegi, onuň ogly, Aba onbegi, işanlar bar, Tekeli arçyn bar. Hany, olar näme diýýär?! ...Günlerde bir gün Daraýgeziň hany öz raýatyna - Peşdag galasyna görme-görşe gelýändigini habar edýär. Ony dabara bilen garşylamaly... Galanyň günbatar tarapyndaky ýaşyl ýaýla märeke ýygnanypdyr. Ynha, bellenilen wagty hanyň atlylary göründi. Onuň özi ortada, sagy-soly geňeşdarly, serbazly. Galanyň kethudalary öňe çykyp, salam berdiler. Şol wagt hem Bähbit pälwan tohum atyň nesli bolan ak taýy owlak göteren ýaly gujagyna göterip öňe çykdy. Hana “Sowgady kabul kylyň!” diýip yşarat etdiler. Bu ahwalata han haýran galdy. Pälwanyň berdaşly synasy, haýbatly keşbi ony aljyratdy. “Güýjümiz bardyr diýip durdugymyka türkmeniň?! Hany göreli bakaly?” Ol wagty bilen “Aty ýerde goýaý. Kabul etdik” diýmedi. Pälwanyň synasyna zor düşdi. Onuň baldyrynyň bir damary ýarylyp, topugyndan gan syrygyp başlady... Ol sarsman taýy göterip durdy. Märeke gowur tapdy. Kimdir biri erbet sögündi. Diňe şondan soň han: “A-haý, Görogly! Aty goýber-ha, Görogly!” diýdi. Pälwan agsaklap gala dolandy... Ol hemişeki işine gumrady: durmuşa çykaryljak baý gyzyna otuz iki şelpeli alagaly gupba, gurply ýeriň gelnine üç goşa bilezik, agasynyň oguljygyna niýetläp bazbent, garry enesine heýkel, kümüş dogaçyr, çapraz, gönjük, çeňňe, ilgiç, bukaw, tumar... garaz, işläp ýetişseň iş kän. Ýeke bular däl. Ol daýhanlaryňam iň gerekli adamy ahyryn: orak, maňňal, azal, pil... Bähbit ussanyň işi dogrudanam köpdi. Oňa ýigitler almaz gylyç, jöwher pyçak ýasap ber diýibem gelip durlar ahyryn... Toýa gidip, göreş tutmaga wagt hem bolanokdy. Şonda-da Alymämmet pälwan gelip ony yrýar: “Halypa, gideli-le, ýemreli garyndaşlaryň toýy bar”. ...Bir gezek Daraýgeziň hany Maşada baranda türkmenleriň pälwanyny ýatlady. Şol gezek Maşadyň hany öz pälwany Gulamryzanyň göreş sungatyny oňa görkezipdi. Hanyň uçursyz daýaw pälwany men diýen pyýadalary yzly-yzyna bulap ýere urup dur. “Bähbit pälwany näderkä?! Şolary bir dili gysga edip bolmazmyka?!” Şondan köp wagt geçmänkä Peşdaga çakylykçy geldi. “Gaýraty bar bolan Maşada toýa barmaly. Obasyndan çykman ýören pälwan pälwan däldirle-how”. Bähbit özüni göreş tutmaga çagyrýandyklaryny duýdy. Muny duýup durkaň duýmazlyga salmak namartlyk boljakdy... Basym iki dost - iki pälwan Bähbit bilen Alymämmet hatarly ýola gadam goýdy. Ýol hernäçe hatarly bolsa-da, olaryň ýanynda guşaga dakylýan aksaplydan özge ýarag ýokdy. Olara ýarag götermezligi oba ýaşulusy maslahat beripdi. “Şahyra, sazanda hemem pälwana - şu üçüsine ýarag götermek bolýan däldir. Olara ýaragy hudaý berendir. Şahyryňky - söz, sazandanyňky - saz, pälwanyňky - güýç. Olar şonuň kömegi bilen garşydaşyny ýeňmelidirler. Şu üç adama ýarag çekip, kast etmek bolýan iş däl. Şeýden adam - iki dünýäsini-de gömýändir. Ony adam ysy bar bolanyň hemmesi bilýändir, ogullarym. Baryň, alla ýaryňyz bolsun!”. Maşadyň etegindäki obada bu iki nätanyş adamy, ýat ilden gelen atlylary myhman almadylar. Bähbit pälwan Alymämmedi köşeşdirdi. “Zyýany ýok. Bu gije myhman almasalar-da ertir alarlar”. “Bu gije almadyk ertirem almaz, pälwan”. “Haý, ýaş bolýaň-ow, Alymämmet...”. Ýaş pälwan muňa soň düşündi. Ýele tarapyny dagyň ýamajyna diräp, telbe guran obalylaryň eşegi köp ekeni. Bähbit pälwan gujurly ýoldaşynyň ýeltek bermegi bilen gije on-on iki sany eşegi göterip, telbesiniň üstüne çykaryp goýdy. Irden telbedäki eşegini ýatagynyň üstünde gören adamlar goh turuzdylar. “Bu nä hikmet? Bu nä gudrat”. Obanyň kethudasy agşamky alynmadyk myhmanlaryň Maşada barýan pälwanlardygyna indi göz ýetirdi... Bähbit pälwan eşekleri towşanyň gulagyndan tutýan ýaly tutup aşak sallady... Oba adamlary gyzyl-gyran gülüşdiler. Kethuda - Ysmaýyl olara hyzmat görkezip, gaýdyşyn sowlup geçmegi sargyt etdi. ...Maşadyň hanynyň toýunda men-men diýen pälwanlar döşleşdiler. Alymämmet pälwanyň hem işi rowaç boldy. Emin onuň egnine Eýran halysyny atdy... Üçülenji gün mähelle Gulamryza pälwan bilen Bähbit pälwanyň göreşişine tomaşa kylmaga ýygnandy. Gulamryza meger, Bähbidiň howuny basmak isledi gerek. Ol hana hemem töweregine nazar aýlap Bähbide göwnüýetmezçilik etdi: “Meni siz baçça bilen tutuşdyrjag-ow”. Pälwanlar tutluşdy. Bähbit näçe daýaw, süňklek bolsa-da, garşydaşy onuň üstüne abanyp durdy. Ilki bilen Gulamryza güýjüni synady. Onuň pikiri tizden-tiz türkmen pälwanyny galmaz ýaly etmekdi. Ony maýyp edip, yzyna ýollajakdygyny Daraýgeziň hanyna wada beripdi. Emma dabany kertmekli pälwanyň ýere kakylan gazykdan enaýy däldigine ol basym göz ýetirdi. “Indi sen synan. Oýnuň bolsa görkez!” diýip, ol Bähbide rugsat berdi. Bähbit ony silkip, aýagyny ýerden üzdi. Aýlap-aýlap edil hanyň gabat garşysynda ýere pylçady... ...Iki ineri tirkäp gaýdan pälwanlary Ysmaýyl başga bir gizlin ýol bilen şol gije öz ýurduna atardy. Ol myhmanlary ölümden gutardy, çünki öňki ýolda - dar geçelgede Daraýgeziň adamlarynyň bukuda ýatjakdygyny oňa düýn habar beren ekenler. Peşdag galasyndaky asuda durmuş uzak dowam etmedi. Täze ýyl harman atylýan döwri Daraýgezden üç-dört sany atly geldi. Olar hem jinnek hem galla talap etmäge gelipdir. Tekeli arçynyň howlusyndaky del atlary görenden Öwez keliň girre gahary geldi. “Näme üçin men ýa maňa meňzeş garyp-biçäreler itiň güni bilen ýetişdiren gallasyny şu keçetelpeklilere berip goýbermeli!” ...Irden Tekeli arçyn bolmasyz bir işiň bolandygyny bilip galdy. “Myhmanlaryň biriniň atynyň ýalyny, gulaklaryny kesipdirler. Guýrugynam päki bilen syryp, ýöne türre edip goýupdyrlar. Torbalaryna gum doldurypdyrlar... Olaryň ýolbaşçysynyň atynyň guýrugyny kesip, aşak ýanynda sallanyp durar ýaly edip goýupdyrlar. Beýle-de bir masgaraçylyk bolarmy?!” ...Salgyt ýygnamaga gelenler atasy ölen ýaly bolup, ýüzlerini sortduryşyp gaýtdylar... Indi oňňullyga garaşmaly däldigi bellidi. Bu şeýle-de boldy. Bäş-on günden soň ilerde bir lek goşun peýda boldy. Sary toplaryny hem süýräp gelipdirler. ...Töwella üçin galadan çykyp barýanlary golaýa gelen wagty top okuna tutdular. Gyrlyşyk başlandy. Bu söweşde ölen öldi, ölmedikleriň käbiri ýesir düşdi. On üç ýaşly ýetimçe - Begiş hem şol söweşde ýesir düşdi. Ol on iki ýyldan soň gaçyp gaýdyp geldi. Bu ýesirlik hakda ol soň-soňlar agtyk-çowlugyna (Weýis aga onuň agtygy) köp-köp sapar gürrüň beripdi... Ýagyny az möhletlik yza gaýtaran galanyň ilaty indi has uly gyrgynçylygyň boljakdygyny aňýardy. Şonuň üçin tiz belli karara gelmeli boldy... Gadymy watana - sarygamyşa, Wasa tarap ýol başlamaly. Hywa hanyna raýat bolmaly... Göç yrgyldap ýola düşdi. Il-günüň agyr halyna bagryny ýakyp barýan Bähbit tä Hywa - Alili oýa barylýança ýeke agyz söz sözlemedi. ...Göçüp-gonup ýörmek maňlaýyna ýazylan halkyň bir bölek taýpasy oňly gün görmänsoň, ýigrimi ýyla golaý wagt geçenden soň ýene öňki obasyna - Peşdag galasyna göçüp geldi. “Il bilen gelen - toýdur-baýram” diýip ýören Bähbit pälwanam olaryň arasyndady. Öňki görlen görgüler az ýaly. Gaýdyşda Arwahýampyr diýen ýerde, gum içinden gelýän göçüň üstüne garakçy-talaňçy döküldi. Köp ýigitler şol söweşde wepat boldy. Bähbit ýaralandy. Il-ýurt aman-esen bolsa, parahat durmuş dowam etse, toý-tomaşalaram şowhunly bolýar. Meşhur Gylyç bagşy, Annaly bagşy, onuň ogly, sazanda Çary çepbe, Myrat bagşy, Baýramaly bagşy - şol döwrüň toý-tomaşasynyň bezegidi. Duşakdan Şükür bagşy gelerdi... Bähbit soň-soňlar göreşe çykmady. Bu etrapda onuň bilen göreş tutup biljek adam ýokdy. Toýlarda uly baýragy göreşsiz Bähbit pälwana bererdiler. Ikinji baýragy ezber pälwan Alymämmet gaňryp alýardy. Onuň halypasyna goýýan sarpasy örän belentdi. Ýöne “Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny - dil” diýleni boldy. Ilçilikde her hili adam bar. “Alymämmet, sen näme, Bähbitçe ýokmy? Näme göreşmänkä oňa baýrak berýärler? Näme seniň ondan dili gysga ýeriň barmy? Tutluş, baş baýragy özüň al!...” Gepe gidip, şeýtana özüni aldadan Alymämmet pälwan indiki uly toýda dillenäýdi: “Baş baýragy pälwan göreşip alsyn”. Bähbit öz gulaklaryna ynanmajak boldy, emma Alymämmet ortada guşak guşanyp, taýýar bolup dur. Bähbit nätjegini bilmedi. Ahyrsoňy ol başyny ýaýkap, orta çykdy. Tutluşmakçy bolup durka ol şägirdine - dostuna köp ýalbardy, öwüt-ündew etdi. “Sen päliňden gaýt, Alymämmet. Sözümi yzyna aldym diýäý...”. Ol kes-kelläm garşy çykdy. “Ýok, Bähbit halypa, “Atylan ok daşdan gaýtmaz”. “Saňa gep emdiripdirler. Oglanlyk etme!” Jogap ýene şol boldy. “Ýok. Indi bolmaz... Göreşdir, sylajak däldirin, ahmal galaýma...” Içi güjükli rakyplaryň tagna sözleri işledi. Iki dost - şägirt hem halypa gazaply tutluşyga girdi. Alymämmet şunça dyzady, urundy, emel etjek boldy, emma bolmady. Onuň bolşuna Bähbit pälwanyň birden erbet gahary geldi... Pälwan ony gysajyna salyp gysanda, özüniň iki tirsegi biri-birine degipdi. Bir şarkyldy eşidildi, märäke bir gygyryp dowul taz tapdy: “Haýt!” Demi ýetmän gözleri möleren ýaş pälwanyň burnundan gan göründi. Ony bir gapdala halta zyňan ýaly zyňyp goýberen Bähbit pälwan hapa bolup, ortadan çykyp gitdi: “Indi göreşip bolansyň, wah, işi gaýdan...” Alymämmet pälwanyň hemem Bähbit pälwanyň iň soňky göreşi şol göreş boldy. Dost-dostdan jyda düşdi. Bähbit garrady, Alymämmet maýyp boldy... Ýurda ors gelipdi. Demirýol çekilýärdi. Döwür-döwranlar özgerýärdi... * * * Bir ýowuz hakykaty aýan eýleýän şeýle söz bar: “Çyn aşyklardan hem çyn pälwanlardan nesil galmaz, at galar”. Bähbit pälwanam çyn pälwandy... AHMET HALMYRAT | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||