22:39 Bardyr | |
BARDYR
Goşgular
Bir bigäne öwse, çyndan - oýundan, Onuñ öwgüsiniñ bir zady bardyr. Garga deý wehim kyl, häzir bol ondan, Şelaýyn sözlerde müñ jady bardyr. Zynjyr urman, aldyñ elden erkimi, Ýürek darka-darka takyr ýer kibi. Zordan çekdim öñ biriniñ derdini, Her yşkyñ bir jüre perýady bardyr. Bu bahar aşyklar meýlisi bolsa, Kebelek dälirär beýnisi bolsa, Çölde ýatan Kaýsyñ Leýlisi bolsa, Daglarda Şiriniñ Perhady bardyr. Yşka düşen yşk öñünde ejizdir, Söýgä diñe söýgiñ özi kepildir. Aşyklar aglasa, gözýaşy sildir, Gözden gözýaş alan derýasy bardyr. Tañrym hak kelamyn çyn sözlä berse, Dana sözi tapar kim gözläberse. Çyn aşyk az geplär, köp sözläberse, Başynyñ içinde yrýasy bardyr. * * * Şirmaýy daragyn alyp eline, Saçy şana uran gyzy gördüñmi? Şol altyn saçlaryñ kemendi bile, Bize duzak guran gyzy gördüñmi? Deñiz öz kenary bilen erjeşip, Barýar duran sarsmaz gaýany deşip. Gelýän däli tolkun bilen dikleşip, Möwç öñüne uran gyzy gördüñmi? Oýandym aýagma degen dessine, Uklan deñiz gelen eken essine. Soñ başlady öz möwç urmak kesbine, Şu kenarda ýören gyzy gördüñmi? Soñra gaý başlady, ýyldyrym çakdy, Ýyldyrym bulutlañ böwrüni ýakdy. Meger, gaýga galdy, deñizde akdy, Suw düýbüne baran gyzy gördüñmi? Heý, akarmy, meni oýnap gidendir, Ýa öýkeläp, ýa-da aýnap gidendir. Ýa bir başga ýigdi saýlap gidendir, Oñ gidenni gören gyzy gördüñmi? ▶ ÜÇ SETIRLIKLER Hünärsiz gussadan, gaýgydan öler. Hünärli dünýäniñ minnetin çekmez, Gaýta ol dünýäniñ aýbyna güler. * * * Öñe seredýän bagban hoz eker, güjüm eker. Geljekden gorkýan adam Geçmişe hüjüm eder. * * * Alaç ýok aglaýmasañ, Näsaz goşgy juda kän, Saz ýazyp sazlaýmasañ. * * * Näme ýazyp, nä okyrsyñ? Sen bir beýik ýigit, çünki, Bizden ýokarda otyrsyñ. Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |