02:34 Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy | |
IKINJI BAŞ
Romanlar
Saň-gaty çagyllary el bilen düşürmek aňsat däldi, ýöne düşürmelidi, önüp barýan zat welin ýokdy. Oglanlar gara dere batypdylar. - On sagat der dökýäs haýranlar galaýmaly! – Hydyr Haýran elindäki pili zyňyp goýberdi. - On günläp dem-dynç alman işleýäs diýsen-e! Saparmyrat onuň gapdalyna çökdi. – Ýuwunmaga goýanoklar how, çypbakaý çynym! Mälik gabarçaklan eline tüýkürip: – Zyýany ýok! Bu-da geçer! Wala-wala wagyrdykdan wejiňi gaçyrman gymyldasaň gowy. – diýdi. Olar günortana çenli hars urup işlediler, soňra göçme jaýda ýerleşen naharhana geldiler. Mälik üst-başyny kakyşdyryp, gapyň agzyndaky oturgyçda çökdi-de, aýtymy bilen ýüzüniň derini syldy. - Gaty ýadadyňmy –aşpez gyz mylaýym ýylgyryp aşhanadan söz gatdy. - Sen sorama, Täzegül! Gymyldamaga mejal ýokdur. Ýöne seni görýän weli, işdäm açylyp ýadawlygym sowulyp gidiberýär egniňdäki köýnegiň çowmak gyzyl güli, boý-syratyň, kaddy-kamatyň çöl maralyny ýatladýar, barmaklaryň... - Waý, toba toba, goýaweri oglan, aýyp bor ahyr! Şu ýarmany al-da, garnyňy bir doýur! Tarypymy soň edersiň! Aşpez gyz galam gaşyny güldirip, okarany uzatdy. - Bize-de bir döwüm çörek tapylarmyka? – Sapa sapar gapydan girdi-de, boş oturgyçlaryň birine çökdi. – Täzegül, geň görme men bu gün senden iýsem ertir başga birinden iýmeli göçüp-gonup ýörün! - Ýok-la maňa naharym iýilse bolýar! - Başlyk seň geregiň ýok tabşyrdyň gutardy işde mandy goýan däldiris. Mälik Täzegüliň uzadan iýmitli jamyny bir bölek kelemini aldy-da Sapa getirip – Iýiň, işdäňiz açyk bolsun! - diýdi. - Ýok besdir haýranlar galaýmaly. Hydyr Haýran kelemi böleklere bölüp oturşyna seslendi –Mälik maüa ýer gaz diýdi sesimi çykarmadym gatan çagyly düşür diýdi. Düşürdim-ä ýok diýdimmi - Ýok Hydyr Haýran kaka diýeňok! –diýip Mälik çorbaly okaranyalyp onuň ýanynda oturdy. - Sen maňa inim ýöne Hydyr kaka diýäý bolýamy! Onsoňam indi men bu oýunlara çydamok. - Biz işlemäge geldik sen bolsaň men çydamok diýýäň! Munyň bolanok Hydyr akga gagal bolmazalar. - Dogry işlemeli gazanç etmeli ýöne her kim öz bilýän işinde işlemeli, men kebşirleýji bolup çagyl düşürip ýörsem, çagyly düşürmeli adamlar kebşirleýji biljak bolsalar nähili bor Beter beteri görende elheder gaýra teser, haýranlar galaýmaly. - Hydyr kaka gazanjy gelnejemden az eltseň-ä diliň kelte bolýandyr. – diýip Saparmyrat naharyny galk-gulk iýdi. - Muny bilmän soraýaňmy ýa... Ýogsa-da bir gün garny aç galandan kyrk günläp zat soralýan däldir-le. - Ýok, bilemok çypbakaý çynym! Öwülýäjan kessin. - Inim, öýleneňde bilersiň bu zatlary... Haýranlar galarsyň. – Hydyr Haýran Mälige ýüzlendi. – Mälik batyr, bu düşürilmän geçen çagyly öküzçe batyryň bilen ýerine ýetirseň bolanokmy - Bolýa, ýöne öküzçebatyry nireden aljak - Sen tap! Toparyň ýolbaşçysy sen! Sygyr bakaňok! - Hydyr akga, Mäligiň mekgesine münäýdiň-le, nanyny bie iýsin! – diýip Saparmyrat güldi. - Münjek, sebäbi ol kiçijigem bolsa ýolbaşçy! Ol işle diýýär, men işleýän! Ol dur diýýär, men durýan! Buýruk bermäni bilýän adam işi gurnamany hem başarmalydy, ol menden iş soraýar, meňem soramaga hakym bardyr. - Hydyr soragy dogry goýýar! – diýip, Sapa söze goşuldy. - Men köp ýyl bäri kebşirleşjiler kärhanasynda işläp gelýän, olar az aýlyk lasalar gynanjak! Şu günki ýumuş, çykgynsyz ýagdaýa düşülende bolaýýan zat!gazanjyň aladasyny ýadymdan çykarýan däldirin oglanlar!ondan arkaýyn boluň. Ýaňky ekskawator diýeniňizem gaz çykaryjy edarada bar! Ony sorap görmeli! - Men Bäşgyzyla çagyldüşürmek ýa bakgalçylyk üçin gelmedim! Okuwa giren bolsam-a! - Goýsana how, Saparmyrat, bilýäň-ä, häzir nähili ýagdaýda duranymyzy, zerurlyk ýüze çykanda çetde durup bilmeris ahyr. Olarda öküzçebatyr bar bolsa sorap göreris! - Men soradym Mälik! Başga ministrlik, kyn görýärler. –diýip, Sapa çaýly käsä elini ýetirdi. Gapydan gaba telpekli Mämmet aga girdi-de oglanlara birlaý göz gezdirdi, Saglykmydyr oglanlar, işdäňiz açyk bolsun! Diýdi, aşpeze – Hany, gyzym, şu okarany doldur bakaly! Kelemiňem ulurak bölegini ber! – diýdi. - Başga ministrlik kyn görýärmişin! Haýranlar galaýmaly! Bar, ol, şeýle bolsun, ýöne gündelik şol bir ýarma, kelemli kürtük bilen suwy gaçan kelem! Nahary üýtgedip bolýandyr ahyry! Men galdyrma soramok! – diýdi-de, Hydyr Haýran kelemiň bir bölegini agzyna atdy. - Keleme at dakmaň! -diýip, Mämmet aga goňşy oturgyçda çökdi-de, - Kelem dünýäde bar ir-iýmişiň iň gadymysydyr, munuň ömri daş asyrdanam öňden bäridir. Alymlar oň Watany Atlantik ummanyň ýakasyndaky ýurtlar bolupdyr diýýärler, ýöne meň pikirimçe kelem ilki türkmenlerden çykan bolmaly. Isgender Zülkarneýin söweşe girmezinden ozal esgerlerini kelem bilen naharlapdyr. Kelem ýokumly bolmasa ony etmez ahyr! Şeýle dälmi Meläm diýip ol Mälige ýüzlendi. - Mämet kel kaka meň adym Mälik! - Bilýän, ogul, bilýän, ýöne gowy görüp diýýän! Kelem barada Pifagor “Kelem adamyň keýpini, ruhunyň rahatlygyny saklaýan önümdir” diýipdir. Meniň özüm kelemiň serhoşlukdan açyjy işdäňi açyjy häsiýetlerini bilýän! Şol sebäplem han ogul, kelem berseler sesiňi çykarman symyşlabergin! Gaýtam begen! Mämmet keliň bu gürrüňleri Täzegüliň keýpini göterdi, ol ýene bir jam nahar getirip onuň öňünde goýdy sowandyr diýip täzeden çaý demledi. - Mämmet Kel kaka kelem türkmenlerde döräpdir diýdiňizmi - Hawa mele jan ol şeýledir! Ony kelemiň ady aýdyp dur ahyryn! Kelle ýaly bolansoň oňa kelle-kelläm soň kelem diýipdirler. Gadymy grekler kaput (orsuň kapusta sözüniň köki) diýýärler kaput bolsa türkmençä geçirseň kelle diýmek bolýar. - Hydyr akga eşitdiňmi Sen bolsa muny külpet görüp iýmejek bolýaň. – diýip Mälik kelemiň uly bölegini agzyna saldy. - Ýene-de meňki ters çykaýýa-da! Haýranlar galaýmaly! - Hä Mälik näme jogap bereňok Hydyr meseläni dogry goýýar adamlar işlär ýaly ýaşar ýaly gowy nahar iýer ýaly şert döretmeli! –diýip Sapa söze goşuldy. - Men nädeýin öküzçebatyr bolmasa –diýip Mälik kempaýyny gaşady. - Şeýle çykgynsyz ýagdaýda nähili hereket edýärler - Bir çüýşe içýärler. – diýip Saparmyrat jogap berdi. - Oltimas edýärler. – diýip Hydyr jogap berdi. - Başlyk mende teklip teklip bar. Eger oňlasaňyz! – Mälik oturgyjy Sapa ýakyn süýşirdi. – Ýeňil maşynyň öňünde Täzegüli oturtsak bizem yzynda birden baryp öküzçebatyry sorasak nähili görýäň Gazçylaryň başlygy gyzyň haýyşyny perwaýsyz goýmaz ahyry. - Dogrudanam synanyp göreli! Gowy pikir gowy pikir. – diýip Sapa aşhanada güýmenýän Täzegüle tarap ümledi. – Ol gitmäge göwnärmikä? - Ony daş edip ňz boýnuma alýan! Daş ederin! Öýleden soň Üçajydan ugran ýeňil maşyn Mary-Lebap gara ýolunyň ýedi kilometrliginden çepe aýlandy. Kötel ýol aňňat-aňňat çäge alaňlaryny böwsüp demirgazyga barýardy. Soňky günlerde Mirhaýdar pir şemalyň güýjüni peseldenokdy şonda-da ýollary öňki ýaly çäge basanokdy sebäbi oba-şäherleriň gazlaşdyrylmagy çölüň ot-çöplere bolan islegini azaldypdy, bu bolsa ösümlik dünýäsini baýadyp çägeleriň süýşmeginiň öňüni alypdy. Täzegül sag eli bilen maşynyň tutawajyndan ýapyşyp nebsewürlik bilen töweregine garaýardy. Heniz çöle beýle çuň aralaşyp görmedik gyz üçin şahasyndan düýe asaýmaly sazaklar ondanam pes bolmadyk çerkezdir-sözenler täsin bir ertekä meňzeýärdi. - Täzegül bir zat diýdiňmi –diýip Mälik sorady. - Çölüň beýle gözelligi bardyr öýtmeýärdim diýýän! - Çöl diýseler diş synçgamaga çöpi bolmadyk suw ýaly akýan çäge depelerini görjeksiň sen. - Dagy nä Men kitaplarda hut şony okadym. Emma okamak başga gözüň bilen görmek başga ekeni. Çölüň bu baýlygy meniň gözýetimimi giňeltdi. Ot-çöp bar mal bar iýmit bar durmuş bar durmuş bar-bagt bar. Şeýle dälmi Mälik – diýip Täzegül labyzly seslendi. - Durmuşda bagt seni gujaklab-a duranok. - Waý ol çatmany Kimiňki Täzegül gürrüňi başga ýana sowmak isledi. - Çopanlar ýola ýakyn ýerde ornaşýarlar guýy ýok ýerinde maşyn bilen suw getirer ýaly, -diýip Mälik düşündirdi. - Gymmat düşýärmikä - Ony çopanlaryň özleri çözýärler öz mallary öz zatlary. - Bermeli önümini berýärler bolany! Indi kolhoz-sowhozlar ýok! Nobatdaky çäge alaňyň aňyrsyndan gazçylaryň şäherçesi göründi onuň sag egninde ulanmakdan galan turbadyr demir bölekleri çaşyp ýatyrdy... - Mälik seret 18-nji nomerli şweller bar. –diýip Sapa seslendi. – Kebşirleşji awtomat gurallar üçin ol bize edil howa ýaly gerek bolar! - Başlyk düşündim belläp goýmaly. Gaz çykaryjylaryň şäherjigi Üçajy demir ýol duralgasyndan ýigrimi kilometr uzaklykda Repetek goraghananyň günbataryndaky kälde ýerleşýärdi. Onda önümçilik otaglary işçiler üçin göçme naharhana aragatnaşyk serişdesiniň otagy bardy. Hut şu otag şäherjigiň merkezi hasap edilýärdi. Onuň töweregi gür baglyga bürelendi. Işgärleri her on günden birek-biregi çalyşmak usuly boýunça işleýärdiler, birtopar on günläp işlese onuň ýerine ikinji topar gelýärdi. Gazçylaryň şäherini Şatlyk bilen birikdirýän ýeke-täk serişde howa aragatnaşygydy. Jaýyň öňünde duran adamlar gurluşykçylary täzeje gök lybasyny geýen gyza aňkaryşyp seretdiler. - Eý görüň-eý! Melek gyz gelýär! Olaryň biri wagyrdady. –eşigi dagy nähili ýöne bellik bolup dur hekim bolaýmasa... - Hekim däl ol samsyk! Gaz desgalaryny gurujylaryň başlygy bolsa gerek... Mälik bu gürrüňleri eşidip heserlenen ýaly boldy egnindäki täzeje gurluşyk eşigi aýagyndaky çäge reňk ädigi kellesindäki tugy ony galkyndyrýardy. Hut şol sebäplem ol - Gaçyň-eý ýigitler gyz ýetip gelýär – diýip gygyrdy. Soňam aragatnaşyk jaýynyň agzynda duran uzyn boýly ýaş ýigitden başlygyňyz barmy diýip sorady. - Başlygy nätjekdiňiz? - Tapsak lak-luk atjakdyk! - Heý, näbileýin bokudagyňyz asgyn geläýmese! Giriberiň! Şu wagta ol tüýs tanapyna towsup dur! Özüňiziň ýuwdulmagyňyzam mümkin! – Ýaş ýigit gapyň agzyndan sowuldy. Gazçylaryň başlygy oyuza golaýlan orta boýly etli-ganly görmegeý ýigitdi. Ol jaýyň töründäki oturgyçda oturan ýerinden telefonda kimdir birine sögýärdi. - Şatlyk! Şatlyk! Alýo alýo! Merez nirä ýok boldy şol haramzada! - Şatlyk hä senmi ütüji! Gözüňi ýeňsäňden çekerin! Bir gün puruja berýän! Getiren ýagyň hasabatyny ber! Kime berdiň Sen maňa gazal okama!.. Barladym... Barladym diýýän... Ýigrimi litr çykdy! Kyrk litriň ýetenok. Düşünýäňmi men ony nä günlik bilen alýaryn Şu günüň özünde tapmasaň boýnuňy almaň sapagy ýaly towlaryn. Men saňa satdyň diýemok! Tap diýýän, muzdyny töle diýýän, gutardy. Heý, seniň bir... – Ol lagnat okajak boldumy nämemi birdenem Täzegüle gözi düşüp telefony ýerinde goýdy-da, gelenlere oturmagy yşarat etdi. - Essalawmaleýkim! – diýip Mälik görkezilen ýerde otyrdy. - Halyk, salam! Biz siziň ýanyňyza işlije gelipdik, ýagny – Sapa şol bada iş meselesine geçmekçi boldy, emma Halyk onuň sözüni boldy. - Ähli demir, gara ýollary eýelediňiz, ökde kebşirleýjileri alyp gitdiňiz, telefony hem aldyňyz. Şatlyk bilen gepleşjek bolsaň, Aşgabada gidip gelenden enaýy däl. Indikiňiz näme? - Biz oglanlara täze iş orynlarny döretmek üçin wagtlaýyn eýeleýäris - diýip Mälik ara goşuldy, Täzegüli görkezip: - Ine, Täzegülem Aşgabatdan gelipdir, siziň desgaňyzy göreýin diýensoň bizem ýany bilen gaýdyberdik!- diýdi. - Aşgabatdan diýsene - Ýüzi açylan Halygyň öňki gazabyndan nam-nyşan galmady. - Horlanman geldiňizmi Şeýdip bizem ýatlap duruň ahyryn! Ýaşaýşymyzy görüň! Ýogsam Aşgabada barsam gep düşündirip bilemok-how! Otaglar yssy sowadyjy gurallar gerek diýsem oňarsyňyz diýýärler! Gelen bolsaňyz ony bize düzedip berersiňiz! Men sizi görýärdim ýöne iş eşiginde tanamajak bolýan! - Tanar ýörersiňiz-dä ilki ýumşumyzy bitiriň! –diýip Mälik jogap berdi. - Myhman bilen gelen bolsaňyz ýumşuň nejady tapylar! - Bize bir hepdelik öküzçe... ýagny ekskowatoryňyz gerekdi. Ol Üçajy demir ýol duralgasynda dur. Mälik ýene bir zatlar diýjek boldy, emma Sapa onuň böwrüne dürtdi. - Boldy, boldy! Elli gepden belli gep diýipdirler. Halyk ýeňillik bilen ýerinden turup gapyň aňyrsyndan birini çagyrdy. Ýaňky ýaş ýigit içeri girip – Näme boldy? Bularyň haýsysyny çykarmaly – diýdi. - Kerim sen maňa aýt! Halyk ýerinde oturdy. – Sen puly gowy görýäň öýlenjek diýip Junbyjan piri çagyrýarsyň iş tap bolmasa gidip öýüň oduk-buduk işini etjek diýýärsiň! Şeýlemi Ine saňa iş! Bir hepde gurlyşykçylara kömek etmeli. - Menmi? - Hawa sen! Bäşgyzyl ýaly uly desgany gurmaga gatnaşsaň armanyň näme - Meň üçin Bäşgyzyl boldy, Üçdepe boldy, Ondepe boldy, Sapandepe boldy, tapawudy ýok! Bäşgyzyl häzirlikçe biziň desgamyň däl şol sebäplem men buýrugyňyzy ýerine ýetirip bilmen. - Näşat bolmasana Kerim! Gowy haýyş etsek nädersiň –diýip Sapa sorady. - Başlyk haýyş etme-de günüme näçe tölejegiňi aýt! Onsoň görübereris. - Ine bu sorag maňa degişli däl –diýip Mälik Täzegülüň ýüzüne çiňerildi. - Siz şol ekskawatoryňyzyň özüni bie hepde berip bilmezmisiňiz Bide ökde ekskawatorçylar bar –diýip Mälik sorady. - Ekskawatory şuny alarsyňyz –diýip Kerim ýumrugyny görkezdi. –Beýle aňsat eken-ow! Sen onuň bejergisine harajat çykardyňmy Ýa-da ýagyny tapyp berdiňmi Nasos tapmaga kömek etdiňmi Kerim kisesinden kellesine geýýän mata telpejigini çykaryp mynçgady-da çykarman boldy. - Hany dur Kerim! Nepesiňi dürse! Sen heniz bularyň pikirini bilmediň ahyr. - Başlyk men ony sensizem çözüp bilýän. Özüm olar bilen gepleşerin! - Bolýa bolýa! Oňa meni goşmaň! Maňa ýag ätiýaçlyk şaýy gerek diýmeseň bolýar! Halyk iki elini galdyrdy. - Siz menden gaty görmäň! – diýip Täzegüle kä Sapara seretdi. – Men dogrymy aýdýaryn ejemiň guda bolanyna üç ýyl boldy ýetirinip bilemok. Maňa pul gerek, özem nesýe däl, nagt! Haýyşyňyz derkar däl! Dogry siz bir zatlar bilen çalyşjak bir zatlar berjek diýersiňiz! Onam görübereris! Garaz ylalaşyga gelseňiz men siziň guluňyz. - Ylalaşyga gelmeris! –diýip Täzegül aýgytly jogap berdi. - Görýän welin siz dokmäde ýaly. Kerim gapa ýöneldi. - Hany dur! Birbada jogap bermek ýeňil däl. –diýip. Sapa gümmi-sümmi etdi. - Pikirleniň maslahat ediň. Maslahatly biçilen don gysga bolmaz diýipdirler. Gerek bolsa taparsyňyz. – diýip, Kerimçykyp gitdi. - Bu-ýa birhili bolýar! –diýip Mälik gatyrganjak boldy. –goňşyçylyk arasynda alşyp berilýändir, nyrh soralýan däldir, ýagny baha kesilýän däldir. Myhmanyň hatyrasyna işimizi bitirersiňiz diýipdik welin siz-ä muny daş etdiňiz-de çözmän goýaýdyňyz. - Tüýs gowy, näme diýsem “lepbeý” diýip duran işgärlerimizi siz eýýäm özüňize çekdiňiz, şular ýalylaram galdylar, çala bir zat diýseňem nyrh soraýarlar. “biz bazar gatnaşyklaryna geçdik, soragsyz hereket ýok" diýýärler. – diýip halyk özüni aklajak boldy. Sapa onuň düşen oňaýsyz ýagdaýyna haýpy geldimi ýa-da beýleki dilegi bu dileginden has ýokary hasapladymy, garaz ýagdaýdan çykalga tapdy oturyberdi. - Ýaňky ýigit işde nähili? Gaçalygy barmy? - Işe gezek gelende oňa söz ýok osal galmaz! Iki aýtdyrman gül ýalak bitirer. - Olar ýaly bolsa biz onuň bilen işleşip bileris! Adam adam bilen düşünişer, ýagdaýymyzy, berip biljek zadymyzy aýdarys. Şeýle dälmi, Mälik! - Menem şo pikiri edýärin. – diýip Mälik Sapa bilen razylaşdy. – Işe peýan berse bolýa! - Ine, munyňyz makul gep. Halyk çäýnege çaý damläp käselre guýuşdyrdy, orta süýji-köke çykardy. –Bir ýumuş bilen gelýärler, bitirip bilmeseň oňaýsyz ýagdaýa düşýärsiň! - Bizde ýene bir haýyş bar. Sapa käsesini eline alyp çaýdan owurtlady. – Kesip taşlan demirleriň içinde geregimiz bar. - Onuň ýarasy ýeňil-le! Ol meň özümden bitýär. - 18-lik şwellerden elli metr gerek! - Şweller diýdiňizmi Olaram şolýerde ýatan zatlarmy Halyk Täzegülüň ýüzüne seretdi. – Bagyşlaň siziň ýerligiňiz nirede? - Meň aslym-a Gökdepeden, amaşaly. - Gyz gowusy amaşa, at gowusy alaşa diýipdirler. Örän gowy. – Häzirki oturýan ýeriňiz? - Häzirki oturýan ýerim Mary etraby. - Mary, Wekilbazar, Murgap, Sakarçäge etraplary hünärmenleriň mesgenidir. Men Murgaply. Okuwy gutaranymda ministrlikde alyp galjak boldular, etmedim, ýok men ýönekeý ussalykdan işe başlajak diýdim. Şatlyga iberdiler, desgalaryň birine işe goýdular. Öýlendim. Bir günem aýalym bilen sözüm azaşdy. Men başlygyma “uzak aralykdaky desga işe ugradyň” diýdim. Şol günem ine şu ýerik, çölüň jümmişine işe geldim. Ilki ussa, soň bölüm başlygy, indem görşüňiz ýaly dört ýylyň içi şu uly desgaň garamaty başymda, garaz öwseläm ýetik. - Gelniňiz nätdi? – diýip Täzegül durup bilmän sorady. - Nämäni nätdi? Wiý, hä gelnim soň ýalňyşyna düşündi. Öň günde öýe barýardym, indi köp wagtym işde geçýär. Ol “işiňi taşlada agşam öýe geler ýaly işe geç!” diýip halys peteň edýär. Ýalbaranyň peýdasy ýok, meni goýberenoklar. Özümem bu ýerden gidesim gelenok. Giden alaňlyga öwrenişipdim. Onsoňam... size dogrusyny aýdaýyn. Öýüňe käte barsaň aýalyň mylakaty artýar, paýyzy peselýär. – Sapa bilen Mälik ýylgyrdy. Täzegül welin utanyp, nar ýaly gyzardy. - Indi oraçama barsam nirede oturtjagyny bilenok. “Gyýw, üç ýaşlyja gyzjagazym kaka diýip aglaýar.” diýýär. Men bilýänä kimiň näme diýýänini. Onsoňam... - Ýaňky şwellerli gürrüňi näderis? – Mälik oturyp bilmedi. - Nämäni näderis? Şweller diýdiňmi? Hä, şweller bolar. Men käbir adamlar bilen maslahatlaşaýyn. Gerek wagty aýlanaýyň! Näme turmakçy bolýaňyzmy? Oturyň-da. - Ýok, sag boluň işimiň bokurdakdan! –diýip Mälik ýerinden turdy. – Ýaňky ýigidem saýyl bolup durandyr. - Täzegül, sizem gidýäňizmi ýa-da galmakçymy? - Täzegül biziň bilen gider. – diýip Sapa gapa tarap ýöredi. - Bolýar, onda, ýene görüşýänçäk, hoş sag boluň! –diýip Halyk olary gapa çenli ugratdy, Täzegüle garap: - Şeýdip ýatlap duruň ahyryn! – diýdi. Sapa maşynyň ýanynda sürüji bilen gürleşip duran Kerimden: - Üçajy duralgasynda kyrk wagon çagyl dur, şony näçe wagtda düşürersiň? – diýdi. - Düşürse bolar-la! - Näçe wagtda, bir günde, iki günde, ýa-da bir sagatda. - Gowy işleseň bir gije-gündizde. - Onda maňa hasabyňy çykar! Işiň muzdy näçe? - Men size näme diýeýin? Kyrk wagony düşürmek üçin azyndan ýigrimi adam işlemeli, üç ýüz müň beriň, iki adamam kömekçim bolsun, wessalam! - Üç ýüz müň diýýämi, gyz? – diýip Täzegül içini çekdi. – Onça puly bir aýda zordan... - Ýok, Kerim, munyň-a çökderräk bolýa... Hiý, beýlede bir... Ýaňky... - Hany, dur! –diýip Sapa Mäligiň sözüni böldi. –Muny nämä esaslanyp soraýanyňy delillendirip biljekmi? - Beter ederin! Bir adamyň ortaça aýlygy ýüz müň manat diýeli. Diýmek günde oyuz üç müň gazanýar, ýigrimi adamyň haky 660 müň bolýar. Men sizden şonça soramok ahyryn, gylla ýaryny soraýan! Ýa-da çagyly el bilen düşürmek üçin adama ýigrimi müň manatdan hak töleýäňiz, kyrk wagona 800 müň bolýar, onsoň... - Boldy, boldy seňki düşnükli. Sen döwlet öküzçebatyryny, daş edip, edil özüňki ýaly hasap edýärsiň. –diýip Mälik gaharlandy. - Şu wagt ol meňki däl, ýöne, döwletimiziň täze syýasaty esasynda meňki bolar. – diýip, Kerim ynam bilen jogap berdi. – Meniň ýolbarsyma on iki ýyl boldy, hasapdanam öçürdiler, emma seret, täzeje ýalpyldap durandyr. Sebäbi özüme galjak bolansoň gözümiň göreji ýaly saklaýan! - Şu wagt ol seňki däl ahyryn! – diýip Täzegül janykdy. - Sen dogan, biziň gürrüňimize goşulma! Renji men çekýän, sustumy basjak bolma! - El bilen ýük düşürmek bal ýalan ýaly däl. Sapa pessaý sesi bilen sözüni dowam etdi. – Mälik sen oglanlara maslahat salsaň ýok diýişip durmazlar-la! Ähli zady bolşy ýaly aýtsaň? Kerime beriljek puly olaryň haklaryndan tutmaly bor. - Bilmedim-dä, başlyk, ýaňky, bir iş etmeli, etjek bolsaň kanuny bozmaly! Bilmedim-dä! Eger başgaça çykalga ýok bolsa goý, şeýle bolsun! Etjek bolýan işimiz gowulyk bilen gutarsa bolýar! Adamlary göwnetmek meň bilen! Hydyr Haýran kakam garşy bolmasa beýlekiler-ä... - Toba, toba şunça puly beriň diýip duran görmändim men-ä. – diýip Täzegül ýakasyna tüýkürdi. - Gyz dogan, sen ara goşulma! Durmuşda käbir bikanun hereketlere göz ýumulýan wagty az bolýan däldir. Biri köp, biri az tapawudy näme? Pulam pul welin ýükler düşürilmese beýleki işlere böwet boljak! Her adam özüniňkini dogry etjek bolup jan çekýär! Biz işi çaltlandyrmaly, onuň üçin çykdajy çykarmaly! Dogry dälmi? Şeýlelikde, Kerim, biz seň bilen ylalaşýas. Al eliňi! Sapa Kerimiň elini gysdy-da – Biz işleşeris! Ýöne üç ýüz däl, iki ýüz elli müň! Razymy? – diýdi. - Iki ýüz segsen! - Iki ýüz altmyş! - Ýok, goý, iki ýüz ýetmiş bolsun! Bolmasa sen laň etjek. - Goý, bolsun! – diýip Sapa ylalaşdy. – Häzir biz bilen gidýäň. Işi gutaran badyňa gepleşilen puly alýaň, razymy? - Razy! –diýip Kerim maşyna mündi. Çökder gurluşyk işleri çölüň içine gündä däl sagatsaýyn täzelik girizip başlady. Öňler käte bir uçaryň, otlyň sesi eşidiläýmese, ygyp-tozup bir maşyn geçäýmese, ses-üýn çykmaýan ymgyr çöl, nirä seretseň gaplaň ýaly arlaşyp ýören maşynlardan doldy. Ine, häzirem ymgyr çölüň beýikli-pesli alaňlaryň üsti bilen äpet maşyn arlap barýar. Maşynyň giň oturgyjynda çyzgylaryna dümtünip ýer işleriniň hünärmeni otyrdy. Ol her ýüz metrden baýdakly gazygy ýere kakýar. Ntijede uzynlygy 92 kilometre golaýlaýan täze gaz geçirijiniň geçmeli ugry takyklanýar. Kartasyndan ugur tapmadyk wagty hünärmen taslama düzüjileriň sögünjini ýetirýärdi. - Wah, muňa seretsen-ä! Gaz geçirijiniň geçmeli ugrunyň nokatlary aýyl-saýyl däl! Bir ýerde belgi bar, bir ýerde ýok! Häý, siziň bir... - Sögünme, köşek, sögünme! Ol belki bolandyr, ýöne çölde mal bakyp ýören çopanlaram gazygy alaýgyç bolýar. Sen indiji nokadyňy tapda tapmadygyňy şoňa gönüle! –diýip, Mämmet kel oňa göwünlik berdi. - Häý, näbileýin, Mämmet akga! Bu taslama bilen ugrumyzy ýitirip azaşaýmasak ýagşydyr. - Azaşmarys, köşek! Maşyn saz ýörese bolýar! Men otuz ýyl bäri şu gyr çölde zähmet çekýän. Bu ýeriň her depesine, her oýuna belet! - Bäh, Mämmet akga, oyuz ýyl bäri işleýän diýdiňizmi? Ýaşyňyz näçe? - Köşek, ýaşym ýetmişden geçendir! - Tüweleme, ýaş görünýärsiňiz! Entejik gözüňiz ýitijä - Gözüň ýiti diýýärmiň? Mämmet aga loh-loh güldi. –Men 1931-nji ýylda dünýä indim, 13 ýaşymda traktorçylyk okuwyny okadym, - “STZ” uniwersal traktoryny sürdüm. Şondan çörek iýmeli diýip işe ýapyşdym. Umumanam ol şeýle bolmaly. Işe çyn ýürek bilen ýapyşsaň ugrugyp gider! Soň etrabymyza 1.5 tonluk ýekeje maşyn geldi, şony sür diýdiler. 53-nji ýylda maňa işim üçin radio sowgat berdiler. Şondan Staliniň ölenini eşidip, gözümi pökgi ýaly pökgertdim. Şu gazyň gurluşygynda biregne işläp başlanyma otuz ýyl boldy. - Tüweleme, tüweleme! Bize-de Hudaý ýetirsin, Mämmet akga! - Şeýle bolsun, Çaryjan! Gaz gurluşygynda ilki sürenim KRAZ maşyn boldy. Onuň bilen Gazojak, Böwürdeşik, gaz iterijisiniň 1-nji, 2-nji Baş desgalaryň Jojukly, Malaý, Samandepe desgalarynyň gurluşygyna gatnaşdym. Dogrymy aýtsam, çölde barmadyk ýerim ýok, maksatly ýaşasaň, gowy adamlaryň göreldesine eýerseň işiň rowaç bolar ekeni! Ýolaman kör diýip bir hünärmen bolardy, ol maňa “Häýt, seniň gözüň ýiti!” diýip arkama kakardy. “Gözi ýiti adam gujurly, edepli bolýandyr, işden ýadaýan däldir, garadan gaýtmazdyr, saňa ynamym bar.” diýerdi. Diňe bir olam däl, nirä barsam “Häý, seniň gözüň ýiti!” diýýärler. Hudaýa şükür, üç oglum, üç gyzyň bar, ýetmişden geçsem-de bedenim, akyl-huşum, saglygym ýerinde! - Mämmet akga, ýaňy ýigrimi dörde ýetdim, eýýäm dyzym agyrýar. - Eý, köşek, köşek! Men saňa bir zat aýdaýyn! Sen şol zährimary köp içýäň! Azalt şony! Arak aňy küteldýär, saglygy igeleýär. - Mämmet akga, men-ä şony keýp üçin däl, kelläme dynç bereýin diýip içýärin. - Wah, köşek, zährimara bir agzyň degse durmaň ýok ahyry. Ine, seni heläk edýän zat. Ony derman diýip içseň bolar-la weli... Olar gaz geçirijiniň otuz kilometrlik ugruna baýdajyklary dikip nahara çykdylar. Mämmet aga iki sany suwly çelegini, taňkasyny çykatdy, derrew ot ýakdy-da çaý goýdy. Pomidordyr sogany supraň üstüne ýaýratdy, kiçeňräk syrçaly göweçdäki gowurdagy ortada goýdy. Aýak ýoluna gidip elini aýagyny ýuwmaga oturdy. Ýaňy bir ýuwnup köwşüni geýende arkasyna kimdir biri iki gezek kakdy. Mämmet aga Çarydyr öýdüp: - Häzir köşek, köwüşimi täzeden geýeýin, namazymy okaýyn, onsoň barjak, sen çaý demläber! - diýdi. Arkasyna bir zat patylap degende ol bialaç yzyna garady. Görse kepjebaş guýrugynyň üstünde durup kellesini iki ýana yralaýardy. Onuň bolşy “Sen maňa päsgel berme!” diýýän ýalydy. Mämmet aga ilki aljyrajak ýalam etdi, täretini gutaryp ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da: - Heý, janawer! Sen meni bagyşla, seň hiniň üstünde oturaýypdyryn, esewan bolmandyryn, bagyşla! – diýdi. Kepjebaş durşuny üýtgetmän käte bir “hyss” edip ony gözi bilen ugratdy. Mämmet aga namazyny okady, saçagyň gyrasynda henizem çyzgylary bilen gümra bolup oturan Çara: -Köşek, çaý içilýän döwri kagyzlaryňy taşla! Hon-ha taňkalar lasyrdap dur, çaý demle, biraz garbanaly! –diýdi. Çary ýeňillik bilen ýerinden turup çaý demledi, bukjasyndan iýer-içer ýaly zatlary çykardy. Olar gowurdakdan çaý çorba edindiler. Mämmet akga, gelnejemiň eli süýji ekeni. Gowurdakdan iýip doýar ýaly däl. – diýip, Çary barmaklaryny ýalady. Ol umumanam, kän bir damakçy däldi, azajyk iýdigi doýardy. Şol sebäplem agajetdi, gözleri mydama gülüp durdy, degişmäni, dost-ýarlary bilen oturmany, içmäni gowy görýärdi, baryndan gysganmasy ýokdy. - Wah, köşek, aýal galdymy... diýip, Mämmet aga dillendi. Pahyryň ýurduny täzelänine şu gün göni üç ýyl dolýar... diýip Mämmet aga uludan demini aldy. Üç ýyl mundan öňki waka Mämmediň gözüniň öňünden gidenokdy. Aýaly pahyr bokurdagyndan öl geçmän bir gysym bolup ýatyrdy, geplemäge-de mejaly galmandy. Ol yşarat bilen Mämmedi ýanyna çagyryp: - Şu gün men ýurdumy täzelejek! Razy bol! –diýip pyşyrdady. - Goýsan-a walla! Ölübermeli bormy? Adamlar pagta ýygymynda, jaýlajak ýok. Garaşmaly borsuň! –diýip Mämmet aga degişdi. - Garaşyp ýadadym. Beýdip görgi görüp ýatanymdan ölenim gowudyr. Arassaja ürgün çägede ýatyrda soňky ýoluma ugrat. Üstüme gum atmaga bolsa adam tapylar. Mundan artyk men çydamok! Ölemde sen bir ýanymda durma git, git! Işiňe git, ömrüň ýary çölde geçdi, galanynam geçir! Aslynda-da sen meni zor bilen alypdyň, indem ýanymda durma! - Maňlaýa ýazylandyr-da keýwany! Seni mäçe ýyllap elimde göterdim! Çagalar dünýä indi. Günä eden bolsam günämi geç! Onsoňam men ýanyňdan gitsem seni kim jaýlar? - Ölseň jaýlan tapylar – diýip aýaly çep eli bilen ýüzüni süpürdi, guran dodaklaryny müňkülledip uludan demini aldy. – Seniň günäň köpdür, Mämmet, günäň köpdür! - Günäm näme işlesin... - Bardyr, bardyr. Kimiň ýanynda bolup geleniňi ysyňdan aňýadym! Bilmeýändir öýtme! Ýöne meniň dilim bolmady. Ähli zady içime saldym. - Bilýäň-ň mydam çölde boldum. Saňa hiç mahal ikilik eden däldirin. Eger bir zatlary bilýän bolsaňam, goý, seňki dogry bolsun. Özümi aklajak bolamok! Bir haýyşym günämi geçseň bolya! - Mämmet, menem indi saňa aýdaýyn. Hudaýyň öňünde bir günä iş etdim, aýdaýyn... - Sen ony maňa aýtma, gerek däl! - Mämmet, diňle sen iki aýlap öýe gara bermediň, hurşumyz, unumyz gutardy, elimde bir teňňe pulum bolmady. Onsoň men nätdim? Eý, Alla, günämi geçeweri! Indi men ony nähili saýlaýyn? Nähili saýlaýyn? - Saýlap saýlamaz ýaly näme bar? Ine, öňüňde uly ogluň, yzyndaky ikisi kiçi ogullaň, ine-de gyzlaň! Bulaň haýsysyny saýlajak? - Wah, Mämmet, Mämmet! Men gorkýan! Men gorkýan! Günäm agyr, günäm! - Gorkar ýaly näme bar? - Wah, Mämmet, Mämmet! Men şonda bir pohiýijilik etdim. Arabasyny takyrdadyp gelen bir garry adam “Bir bedre süýt bersen-e, onluk eçiljek.” diýdi. Ýarty bedrä ýakyn süýdüm bardy, üstüni suwdan dolduryp şoňa satdym. Düşen pula bir ýuwyrlyk un aldym. Onuň üçin o dünýäde hasap soralmaz öýdýäňmi? Ölemde sagyma jaýlap gaýdarsyňyz welin, ýanyma salam bilen hasaba gelerler. Eýäň kim? Kimiň milleti? Kimiň dini? Günä etdiňmi? diýip sorarlar. Şonda men näme jogap bereýin? - Ýa, seňem ýadyňa düşürýän zadyňy –diýip, Mämmet başyny ýaýkady. - Süýt ýygnan garry bir mahal ölüp gitdi, süňklerem çüýredi. Sen bolsa. - Ýok, ol diri agşam ýanyma gelip: “Hasaplaşmaly pursatyň geldi. Üzmeseňem, dowzah oduna ýanarsyň! –diýdi-de agyr daşy boýnumdan asdy. - Ol düýşüňe girendir! Özüňi şeýtana oýnatma! Agşam uly ogluň ýanyňda boldy, sen şoňa diýýänsiň. - Ýok, men ony gördüm! Boýnuma daş asdy. - Häzir gidip, şol Sary agaň çagalaryny razy edip gelerin! Sen arkaýyn bol! Boýnuňdaky daşy aýyrarlar. Şondan soň hassa birneme rahatlanan ýaly boldy. “Wah, şu wagt sowujak garpyz bolaýsa” diýip naýynjar garady. Ol getirilen garpyzyň suwundan owurtlady, ýuwdup bilmänem düwündi, üsgürip, üsgürip, ganly gakylyk gaýtardy. Birnäçe wagtlap özüni bilmän ýatandan soň içine çöken gözi bilen töweregine seretdi. - Çagalar, siz daşaryk çykyň! Kakaňyz galsyn! – diýip, hassa zordan gepini düşündirdi, çykjak çykandan soň: - Mämmet, adam ölüm ýassygyna başyny goýanda bütin durmuşy göz öňünde janlanar ekeni. Ikimiz agzybir ýaşadyk, birek-birekge ýaman söz diýmedik! Men seniň ojagyň oduny öçürmän sakladym. Göwnüňe degen ýerim bolsa razy bol! Iň soňky haýyşym şol garrynyň çagalaryny, kowumlaryny tap, ýöne razy edip gaýt. Özem ony ölmänkäm et! Çagajyklarymy gözüňden salma, esasan kiçi gyzymy. Ojagaz gowşajykdyr. Indem men ömür tanapymy täzeden külterlejek, belki ýada düşmän galan günälerim bardyr, saňa aýdyp giderim ýaly...Menden razy bol! Bar, indi senem git! Ýanymda dursaň ýer meni kabul etmez! Mähribanlarym içim ot alyp barýa-la... Halys guradym men, çaltrak ýurdumy täzelesem razy... Hassa soňky sözüni zordan düşündirdi. Mämmet kel goňşy obada ýaşaýan Sary agaň öýüni soraglap tapdy. Köşk ýaly jaý, belent haýat, kaşaň derweze. Özleri gapyny açaýmasa öýe girer ýaly däl. Birnäçe wagtdan soň daýaw pyýada göründi. Salam-helikden soň Mämmet aga: -Inim, saryň ogludygyňy soraman bilip oturmaly. Kakaňa meňzäpsiň! Kakaň pahyr, ýatan ýeri ýagty bolsun, diýseň sahy adamdy. –diýdi. - Ýaşuly, sahy adamy nädip tanasa bolýar? - Zerury bolup, dilege geleniň işini bitirýän adama sahy diýýändirler, ini –diýip Mämmet aga jogap berdi. - Men her geleniň dilegini bitirip ýören bolsam beýle jaýy salyp bilmezdim! –diýip ýigit derwezesini ýapjak boldy. - Han ogul, men dilege däl, bergimi bermäge geldim. - Ömrümde bergi edenim ýadyma düşenok. - Meň saňa däl, kakaň pahyra bergim bardy. Arabaly süýt ýygnaýan döwründe bulamakçym süýdüne gereginden artygrajyk suw goşupdyr. Bilmedim ýarym bulgurmy, bir bulgurmy... goşulan şol suwuň muzduny tölemäge geldim... Ynha , ýüz müň manat, şunt alda razy bol! Aýalymyň şol eden işiniň günäsini geçdim diý! - Ýaşuly, ony kakam bar wagty bermeli ekeniňiz! Ýüz müň manat bilen meni awlajak bolmaň! - O-how, inim, aýalym ölüm ýassygynda ýatyr, bu oň soňky haýyşy. Men seni razy etmeli! Şu ýula nahar-şor bişirip kakaňa degsin etseň, günäsini geçýäs diýseň bolany. Ýigit buýradan bulaşyk saçlaryny gysymlap pikirlendi-de –Agam, üç-dört jaý gapdalymda ejem ýaşaýandyr. Puly beriňde haýyşyňyzy şoňa aýdyň. Meň size kömegim ýetenok! – diýip, derwezesine girdi. - Heý, köpeý ogly! – diýdi-de Mämmet aga şol aýdylan jaýa bardy. Ýegşerilip giden hütdük kepbeden, gözden, gulakdan galan garry aýaly tapyp ýagdaýyny düşündirdi, oglunyň ýanyna barşyny, beren jogabyny aýdyp berdi. - Heý, dogman geçen sadyr diýsänim! – diýip garry ogluna paýyş sögündi. – Onuň gözi gyzarypdyr... Hudaýdan tapar ol... Sary pahyr Hudaýdan gorkmaýandan gork, birem Hudaýdan gork diýerdi. Ol Hudaýdanam gorkanok! Bu ýumşuňy men bitirerin. Ortanjy oglumyň gyzjagazy ýanymda, şeýdip Saryň ýurduny saklaýan! Ýylyssy iýmedigimize bir aý boldy. Juma agşamsy aýat okap “günäsini geç” diýerin. Sen ondan arkaýyn bol! Mämmet keliň ýüki ýeňläp gitdi. Aslynda ol göni şu öýe gelmeli ekeni. Garra minnetdarlyk bildirip öýe gelende uly ogly aglamjyrap “Kaka, ejem birhili bolup barýar” diýdi. Mämmet kel öýe girip, “Hajar, möhümiňi bitirdim, seniň günäňi geçdiler” diýdi welin demini sanap ýatan aýal gobsundy-da jan berdi, rişdesini üzdi... - Köşek, gelnejeň ýurduny täzeländir. – diýip, Mämmet aga uludan demini aldy. – Ýatan ýeri ýagty bolsun, pahyryň, imany hemra bolsun! Gowurdagy uly gelnim taýýarlady. Olam, tüweleme Hudaý bize köp görmesin, elli-aýakly, işine gaýym. - Wah, Mämmet akga, bolmandyr-ow, yzy ýarasyn. Sizem indi men ýaly sallah diýseňizläň? - Senem öýlenmediňmi? - Ýok, öýlenip ýetişemok. - Hi, göz öňünde tutýanyň barmy? - Meňmi? Aý, hawa, baram däl, ýogam däl. Aý garaz häzirlikçe belli däl. - Ol näme diýdigiň boldy? Barmy ýa-da ýok? - Aý, hawa, bar öz-ä. - Bolsa, öýlenerler. - Wah, Mämmet akga, ony gyzyň özi bilenok-da! - Nämäni bilenok? - Meň söýýänligimi. - Senem daşyndan guwanyp ýörmüň? - Hawa, daşyndan guwanyp ýörün. Onunjy synpy gutaranymyzdan bäri. - Päh... Päheýde weli, şu ýaşyňda, şu görküňe beýdip ýörseň nähili bor, köşek? - Ol hiç kim bilen gatnaşyk edenok. - Şeý, diýsene. Sen oyn nireden bilýäň? Ýa günde görüp ýörmüň? - Günde görüp ýörün. - Hä, olam şu ýerde işleýär diýsene. Onda bolýar. Onda sypdyrma, köşek! Eger kömegim degjek bolsa men seniň hyzmatyňda. Aýdyp bilmeseň, men ýaňzydaýyn. Ýöne gijä galma! Haýyr iş gijä goýulýan däldir. Ýeri, bolýar, çörekden doýan bolsak töwir etjek! –diýip Mämmet aga töwir galdyrdy. Saçaklar ýygnalyp, goş golamlar maşyna atyldy. Çary bir goltuk gury ojary maşynyň üstüne oklady. Birdenem, tazygyp Mämmet agaň ýanyna geldi. Mämmet akga! Mämmet akga! Bir olara sertsene! Maşynyň yzynda iki sany kepjebaş kelleleri bilen haýbat atýardylar. - Olar indi iki boldularmy, köşek? –diýip Mämmet aga perwaýsyz jogap berdi. Häzir ugraýas. Olar “ bu toprak biziňki, çaltrak ugraň” diýýändirler, bizi saýry görýändirler. - Hany, maňa daýaw açaryň birini ber, olara topragy görkezeýin – diýip Çary heserlendi. - Köşek, degmedige ýylan degýän däldir, azar berme. –diýip Mämmet aga maşynyna müdi. Kepjebaşlar gaplaň ýaly arlaýan maşynyň gapdaly bilen gitdiler, öz goraýan meýdanlaryndan çykylansoň yza galdylar. - Çöl diýjeksiň, muň her daban ýeri eýelidir, köşek, edeniňi edip arkaýyn gezip ýörmeli däldir. Ýogsa-da, ýaňky ýylanlardan çekindiňmi, bi baýdajyklaryňy dikmäňi goýaýdyň-la? - Ýok, gorkub-a gorkamok. –diýip, Çary maşyndan düşse-de düşde welin aýaklary saňňyl-saňňyl edýärdi. Olar ýene onbäş kilometr aralyga bellik edip goşa gaýtdylar. Mämmet aga maşynyna ýag guýmalydy, Çary bolsa dikmeli baýdajyklaryny almalydy. Gije ýassa golaýlanda goşa geldiler. Gündiz işden ýadan oglanlar göçme öýlerden dynç alýardylar. Naharhanaň çyrasy ýanýardy. Täzegül eglenip gelýänleri naharlaman ýatanokdy, häzirem Çara garaşyp durdy. - Içiň sabandyr, naharyňy iý Çary, - Şu gün geň wakanyň şaýady boldum. –diýip, Cary öňündäki ýarma işdämenlik bilen agyz urdy. – Iki kepjebaş, ýogynlygy golum ýaly, haýbat atýarlar... - Wa-ýeý, toba, gorkunçdygyny gyz. Onsoň nätdiň? - Men “Baryň, janawerler, işiňiz bilen boluň! Bize päsgel bermäň.” diýdim welin “Bolýa” diýip gidiberdiler. - Waý, toba şeýlemi? Göni gidiberdilermi? - Hawa, ine, şeýdip – Çary eli bilen ýylanlaryň ýörüşini suratlandyrdy. –Ine, şeýdip gidiberdiler. Täzegül hezil edip güldi, soňam ýerinden turup –Waý, men nämä otyryn? Naharhanany syryp-süpürmeli, gap-çanaklary ýuwmaly, - diýdi. - Täzegül, kömek etsem garşy bolmarsyň gerek? - Çary, sen ýadansyň, gitde ýat, dynjyňy al! - Ýadamok! Onsoňam sogan arassalamak iň gowy görýän zadym. – diýip, Çary öwündi. Täzegül aşhanaň içini süpürdi, ýuwdy. Daşardan otlyň sesi, tirkegleri düşürýän oglanlaryň galmagallary gelýärdi. Gijäniň salkyn şemaly göwnüňi göterýärdi. Täzegül gap-çanaklary ýuwup haltadaky ýer almany ýere dökdi, pyçagyň birini Çara berdi, beýlekisini özi alyp arassalamaga durdy. - Ýok, ýok, beýdip arassalama, täzejedir, gabygy ýuwkajykdyr! Täzegül oňa arassalamagy öwretdi. – Sen gowusy, git-de ýat! Gözüň ýumulyp barýar ahyryn! - Men ýadaman! Sen gaýtam dynjyňy al, mydam aýak üstünde. - Nämäň pikirini edýän diýsene- diýip Täzegül gülgüne ýaglygyny düzedişdirdi-de çüýrän ýeralmalary saýlady. –Şu göçme öýlerde, hersi ülkämiziň bir künjeginden Lebapdan, Daşoguzdan, Marydan, Nebitdagdan gelen oglanlar ýaşaýrlar, olary bir ýere üýşüren Bäşgyzyl gaz ýatagy! - Hawa, olar Garagumyň ýowuz şertine döz gelip, halkyň rowaçlanmagy üçin gelen oglanlar. Indi, bize daşymyzdan işimizi edip berjek ýok! Garaşsyzlyga eýe bolup öz göbegimizi özümiz kesmäni başarmaly, ýöne seň bu çöle düşüp ýörşüňe düşünemok! - Aý, hawa-la! Menem bir sebäp bilen geldim-dä. Iş-ä köp ekeni. - Bilýän, işiň esasysy öňde. Biziň dilimizde aýtsam häzir başky nokatda durus! Soň şeýle bir tozan turar welin, agzyň nanly uklap galarsyň! Obaň töwereginde iş tapmaly ekeniň! - Waý, öýde iş kän-le! Öý edil uçma baran ýaly ahyryn! Mekdebi bile gutaryp joralarym bilen lukmançylyk institutyna okuwa gitdim, girip bilmän Marydaky aşpezlik mekdebini okap, islegim bilen şu ýere gaýtdym. Asyl, bu zatlardan habaryň ýokmy? Onda keselhana düşenimdenem habarsyzsyň? - Işden boşadygym ýanyňa bardym, emma sen maňa seretmediň, ahyrym! – Ony ýatlamaly-la! - Hawa, habarym bar, çalaja bilýän. Ejem maňa, “Her ýeriň özüne mynasyp artykmaçlygy bar! Çölüň howasy arassa, serçemenlik, goh-galmagal ýok” – diýdi, “ kelemli çorbany oňly bişirip bileňok, gitme!” –diýip kän ýalbardy. Men bolsa “ýata suw däl, köp zady göresim, bilesim gelýär, durmuşyň her pursatyny manyly geçiresim gelýär!” diýdim. Bu ýerde maňa nämedir bir zat ýetmeýän ýaly. Belki men durmuşa düşünýän däldirin? - Bagyşla, gelşiksiz welin käbir zatlary sorajak bolup sorap bilmän ýörün. - Bilýän, söýýäniň barmy diýip sorajaksyň, menem oňa bar diýip jogap bererdim. Çary bu jogapdan soň özüni ýitirdi, başagaý halyna pyçagy eline saldy. - Waýeý, toba, toba, eliňi gara-gan edip... Hany getir hasa bilen sarap bereýin! Häzir bolarlar ahyryn! Täzegül bir bölek hasa ýod damdyryp çep eliň süýem barmagyny mäkäm sarady. Çary üçin bu iň bir ýakymly, lezzetli, beýhuş ediji pursatdy. Ol beýle pursady gaýtaryp getirmek üçin ähli barmaklaryny kesip taşlamaga taýýardy. Başga bir tarapdan ony aljyradan habar böwrüne myh kimin dürtülip durdy. - Söýýän diýseňem durmuşa çykman gezip ýörsüň? - Aý, ýok, durmuşa-da çykmadym-da! Hyýalam edemok. Durmuş gurmak, maşgalaly ýaşamak... men bulara taýýar däl. - Onda, ýüregiň bilen söýýän dälsiň-dä! Ýogsam söýýäniňe barmagyň aýby barmy. - Barmagyň gany durdumy? Gowusy pyçagy maňa ber, özüm arassalaryn! Täzegül onuň elinden pyçagy aldy. – Sen, Çary, maňa samsyk diýmegiň mümkin! Gaty görmeseň ýüregimdäkini dökjek! Razymy? Durmuş örän çylşyrymly. Maşgala, çaga, öý, bular meniň joralarymda bar, ýöne, olaryň käbirleriniň bagtly ýüzlerini görüp bilemok. Diýmek, bagt diňe bir ol zatlara bagly däl. Şu ýerde bir ýetmeýän zat bar, näme-de bolsa bir zat! - Söýgi ýetýän däldir! – diýip, Çary Täzegülüň kirpikmen garaja gözlerine dikanlap seretdi. - Belki şodur, belki başgadyr, meň pikirimçe ýol ýetmeýän zat seň durmuşyňy bagtly etmelidir. “Bäşgyzyla iberiň” diýip men ejemi goýmadym. Belki şu desga bagtymyň açarydyr? Gelmedik bolsam öz-özüme käýiner ýörerdim. - Ol ýigit gaýtmagyňa garşy bolmadymy? – Çary ýuwdunyp, ýuwdunyp zordan sorady, bokurdagy gurap geplemäge mejaly galmandy. - Men oňa “Gel, bileje gideli, belki saňa-da iş tapylar, belki ol desga bagtymyzyň açyljak nokadydyr” diýdim. - Ol näme jogap berdi? - “Häzir öýe gitjek, “Sindbadyň syýahaty” kinosyny görkezýärler” diýdi. Täzegülüň häzirki otarýan “ertekileri” Sindbadyň syýahatyndan on esse beterdi. Heniz hiç kime ýüregini açmadyk halyna agzyna gelenini otaryp oturşyna özem geň galýardy. Ýogsam-da, ol “Men Gurduň yzyna düşüp şu ýere geldim” diýip biljek dädi ahyryn! Şol sebäplem erteki tapmaly bolýardy. - Sen näme diýdiň? - Menem oňa “Gitseň gidiber, agşam ejem, kakam bilen daýymyň maşynyna münüp Kemine teatryna “Däli Domruly” görmäge gitjek” diýdim. - Ertesi bolsa, “Dälini...” görmän göni bärik gaýdansyň? Şeýlemi? - Hawa, ony nireden bilýärsiň? - Näme bilmän? Ikimiz Mollanepes ýadygärliginiň ýanynda däl, çölüň jümmüşinde otyrys! Biziň herimiz belki-de işläp, özüňi görkezmek, halkyňa peýdaly iş etmek, bagtyňy tapmak üçin gelendiris?! Gaýdyb-a gaýdansyň welin ýüregiň birhili sadylla bolup durandyr. - Hawa, ýüregim agyrýar. – diýip Täzegül uludan demini aldy. – Zyýany ýok, goý, gadrymy bilsin! Öz aýajygy bilen yzymdan geler. Ine, görersiň, edil idilýän gölejik ýaly ýuwaşlyk bilen geler! –diýip Täzegül güldi. - Sen, ömrüň her bir pursady – sowgat diýip örän dogry bellediň. Çary barmaklary bilen maňlaýyna düşüp duran saçyny darady. –Geň galaýmaly! Ozal bir gyzyň ýanynda agzymy açanym ýadyma düşenok, seň ýanyňda welin gepläp doýamok... - Indi, sen dymmaly. Gije bir çene bardy. Duralgada gije işleýänlerem arakesme etdiler. Töwerek gum-guklyk, git-de ýat! Şol wagt daşarda şemal turup nämedir bir zady jaýyň böwrüne patyladyp urdy. Täzegül Çaryny ugratmaga çykdy. Naharhana bilen goňşuçylykdaky öýjagazda kimdir biri hor çekýärdi. Çybyndyr çirkeýler, towşandyr möjekler, semendedir atýalmanlar gijeki awuna çykypdylar. Soňky döwürde Garagulak diýibem bir haýwan peýda bolupdy. Çary Täzegüle gijäň rahatlygyny diläp ýatak jaýyna bardy. Täzegül bolsa köňlüniň iň gizlin ýerinde saklaýan syrly söýgüsiniň lezzetli hem ejirli ýatlamalaryny hakydasyna getirip, synasynyň süýegini saklap bilmedi. Ol asyl her gün şeýledi... | |
|
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |