23:03 Basan ýerim gap-çanak / satiriki hekaýa | |
BASAN ÝERIM GAP-ÇANAK
Satiriki hekaýalar
Täze ýyl gijesi. On minuty kem on iki. Durmuşymyz garrylarymyzyň gyşyň uzak gijelerinde aýdyp berýän hyýaly ertekilerindäkiden hem gözel. Altmyş ýylda şeýle derejä ýeten ülkämiz ýene-de iki ýüz-üç ýüz ýyldan nähili bolarka? Hyýal ýüwürtmäge birneme maý bar. Ýene-de on minutdan Spask başnýasynyň zaňy 1977-nji ýyl bilen 1978-nji ýylyň arasyny aýyl-saýyl eder. Şampan çakyrynyň dykylary potologa patlaşyp degerler. Bulgurlarda al şerap gaýnar. Geliň, oňa çenli bagtly geljege syýahat edeliň. Men gözümi açdym. Töweregimde guwuň ýelegi ýaly ülpüldäp, aňyrsy görnüp duran sintetik matadan tikilen ak ýektaýly wraçlardan üçüsi dur. Olaryň biri maňa pamyga siňdirilen dermany ysgadýardy. Men bolsam asgyrýardym. Beýlekisi meniň bedenime şpris bilen derman goýberýärdi. Soňundan bolsa tenimi owkalaýardy. Üçünji wraç bolsa meniň agzyma diş pastasy ýaly tagamly zat çalýardy. Men minutsaýyn özüme gelip gurplanyp başladym. Ýatan jaýym tutuş aýnadandy. Töweregi giden gülzarlykdy. Otagdaky senetleri taryp etmäge sözem tapyljak däldi. Wraçlardan biri maňa elini uzadyp: ― Tanyş boluň, maňa medisina ylymlarynyň doktory Iks diýýärler ― diýdi. Men oňa: ― Men Italmaz ― diýip elimi uzatdym. Olar tas pyňkyrypdylar. Ýöne düşünjeli adamlar ekeni, gülmän saklandylar. Umuman, bu professorlar biriniň üçem çagasy ekeni. Birine Iks, beýlekisine Igrek, üçünjisine bolsa Zet diýlip, at goýlan ekeni. ― Men nirä düşdüm? Heý, beýlede zat bolarmy? Hany Annamyrat, Geldimuhammet nirede? Maňa Mämmetwelini tapyp beriň! ― diýip gygyrdym. ― Bizde beýle at bolmaz. Indi ilatyň sany artdy. Öňküje atlaryň indi kime ýetsin ― diýşip, Iks, Igrek, Zet üçüsi gülüşdiler. Onýança Isk aňyrky otagyň gapysyny açyp: ― Kaka, eje, bärik geliň. Biz ýigriminji asyrdan bir adamyny oýardyk. Tanyş boluň ― diýip gygyrdy. Är-aýal gapydan girdi. Olar ýigrimi bäş-otuz ýaşla meňzeýärdiler. Üçemleriň kakasy: ― Tanyş boluň, maňa Sinus aga diýýärler. Özümem Ýer bilen Aýyň aralygynda gatnaýan ýolagçy raketasynyň kapitany ― diýip elini berdi. Men saglyk-amanlyk soraşdym. Arasynda: ― Kosinus daýza, sizem gurgunmysyňyz ― diýdim. Üçemleriň ejesi geň galyp: ― A gyz, bu myhman meniň adymy nireden bilýär? ― diýdi. Men: ― Sinusyň bar ýerinde Kosinusam bolmaly. Gaýtam, siz maňa Kotangensiň nirededigini aýdyň ― diýdim. ― Olam uzakda däl. Kotangens jan indiki ýekşenbede gelmeli. Ol Zöhre ýyldyzyna kurorta gitdi. Kotangens jan biziň ilkinji nowbahar perzendimiz. Wah, balamy göresim gelýär. Ol basymrak gelsedi. Şu artyp maşynlaryň tüssesi biziň atmosferamyzy zaýalaýypdyr-da. Gün görnenok. Şonuň üçinem balam Zöhre ýyldyzyna güne ýanmaga gitdi ― diýip, Kosinus daýza aglaýjak-aglaýjak boldy. Biz soňra beýleki otaga geçip naharlandyk. Birdenem çüňkde duran ýüzi aýnaly şkaf ýaly zatdan jyňňyrdy eşidildi. ― Wah, ana, meniň nowbahar oglum Kotangens jan Zöhre ýyldyzyndan öýe jaň edýändir ― diýip, Kosinus daýza ýaňky aýnaly apparatyň burmasyny towlady. Apparatyň ýüzi ýagtylyp başlady. Soňra Kotangens görnüp: ― Eje, kaka, salam, jigilerim, sizem gurgunmysyňyz ― diýdi. Soňra ol: ― Kaka, ýanyňyzda bir adam bar-la, ýa-da Marsdan bir dostum gelmelidi, şolmy? ― diýip sorady. ― Ýok, oglum, Ýer bilen Marsyň arasyndaky gatnaw wagtlaýynça kesildi. Şu günler şol ygyp ýören ykmanda meteor Ikar geçjekmiş. Öýümizdäki adama Italmaz diýýärler. Ony ylmyň güýji bilen jigileriň oýarypdyrlar. Bu myhman 1970-1980-nji ýyllarda ýogalan ekeni. Özem biziň ata-babalarymyz bolmaly. Geleňseň gürleşersiň, tanşarsyň ― diýip, Sinus aga aýtdy. Men öýüň eýesine ýaýdana-ýaýdana bir sowal berdim: ― Sinus aga, siz gaty ýaş görünýäňiz-le. Çagalaryňyz, tüweleme, köp. Özlerem eýýäm deňli-derejeli. ― Men-ä bir ýüz kyrk alta aýak basdym. Keýwanymam bir ýüz kyrk iki ýaşynda. Üçemlerimem altmyşyň onunda. ― Nädeňde köp ýaşap bolýar? ― Adam, ylmyň, tehnikanyň, awtomatikanyň, onsoňam iýmitiň, adam adama sözsüzem düşünişmek ýaly ýönekeýje zatlaryň kömegi bilen uzak ýaşaýar-da. Ýöne weli, myhman siz öz ýaşaýan döwrüňizde tebigaty zaýalan ekeniňiz. Maşynlary elektrik güýji bilen işletmänsiňiz, benzin ýakypsyňyz. Ynha, indem gün görnenok. Ýogsam bäş ýüz ýyllap, ondanam uzak, tä irip-ýadaýançaň ýaşasa boljak. Arman, atmosfera zaýa-da, kislorod az. Ýöne alymlarymyz ol zatlary düzetmegiň ugrunda. Şol wagt gapydan gyzjagaz girdi. Onuň ýüzi salykdy. ― Körpe gyzym Elektron jan, saňa näme boldy? ― diýip, Kosinus daýza çaltlyk bilen ýerinden turup, ýaňkyja gyzyň portfelini elinden aldy. ― Eje, ikilik aldym ― diýip, Elektronjyk aglamaga başlady. ― Weý, weý, gyzym, kileň bäşlik belgili baha bilen okabam, heý, ikilik alarlarmy ― diýip, Sinus aga dermanly çüýşäni eline aldy. ― Ine-dä, Italmaz aga, biz käte şeýle ýagdaý sebäpli günümizden öň garramaly bolýarys. Ýogsam bizde bäş ýüz-alty ýüz ýaşamaga doly mümkinçilikler bar ― diýip, Sinus aga maňa zeýrenip gürrüň berdi. Ahyrsoňunda ýaňky ikiligiň magadyna ýetdik. Elektronjyk «galyň» diýen sözüň manysyny bilmändir. ― Kakasy, bu sözüň manysyny menem-ä bilemok ― diýip, Kosinus daýza janygyp aýtdy. ― Ýeri, şeýle düşnüksiz sözi okuw programmasyna girizmek nämä gerek ― diýip, Sinus aga zeýrendi. Tutuş maşgala çlenleri «galyň» diýen sözüň nämedigini bilmedi. Bu sözüň manysyna men gaty gowy düşünýärdim. Emma meniň öňki ýaşan döwrümde iki-ýeke yzagalak adam öz gyzyny pula satardy ― diýip aýtmaga utandym-da, sesimi çykarmadym. ― Medisinada-ha beýle termin ýok. Hatda gadymy latynlarda-da bolmandyr ― diýşip, üçemler gaty kän tomlary agtaranlaryndan soň, kesgitli aýtdylar. ― A-haw, kosmonawtikada-da «galyň» diýen termine men-ä duşmadym ― diýip, Sinus aga aýtdy. ― Ilata durmuş taýdan hyzmat edilýän ugurda-da «galyň» diýen terminiň ýokdugyny men güwä geçýän ― diýip, Kosinus daýza seslendi. ― Agam Kotangens gelse biler ― diýip, Elektronjyk gözüniň ýaşyny süpürdi. Men tasdan aýdaýjagam boldum, zordan saklanaýdym. Biz ýigriminji asyrda ýaşaýarkagam galyňy erbet ýigrenerdik. Emma hemme adam deň ýigrenmänsoň, ony güýpgöter ýok edip bilmändik. Ýöne weli Elektronjygyň döwründe «galyň» diýen zadyň has erbetligi belli bolýar. Eger bulara «gyz satylýardy, käbir adam perzendini pula çalşardy» diýsem, onda bular çaşjakdy, derman baryny işjekdiler. Şonuň üçinem men hiç zat aýtmadym. Men gurplanyp, mazaly aýak üstüne galdym. Soňra işe ýerleşmek üçin edaralara baryp gördüm. Görsem ähli adam spesialist. Çylşyrymly awtomatikadan meniň başym çykarly däl. Basan ýerim gap-çanak bolup dur. Köçelerde şol aýlanyp ýörüşime gözel bir ymaratyň ýüzünde «Geçmişiň muzeýi» diýlen ýazga gözüm düşäýdi. Baryp görsem bu muzeýde maňa tanyş zatlar köp. Men bu muzeýe işgär boluň geçäýdim. Iki hepde işläp, edaramyza bardym-da, hil bir iş bitiren ýaly bolup: ― Maňa awans beriň ― diýdim. Hasapçy geň galyp: ― Awans diýen zat näme? ― diýdi. ― Awans diýlen zat pul-da ― diýdim. Onda hasapçy: ― Pul näme? ― diýdi. ― Pul pul bolar-da, ýüzlük, ellilik, ýigrimi bäşlik... ― diýdim. ― Hormatly işgär, siz pulsuz jemgyýetde ýaşaýandygyňyzy bileňzokmy ― diýip, hasapçy Atom aga güldi. ― Ýeri, bolýa-da meniň-ä kem zadym ýok, mugtja işläp bereýin ― diýdim. ― Ýöne weli, Italmaz, şol «mugtja» diýen sözüňi indikile agzyňa alyjy bolma ― diýip, Atom aga äýneginiň üstünden maňa seretdi. ― Ýak, walla, bu jemgyýetde meniň ýaşamam kyn boljag-ow, ýöne basan ýerim gap-çanak bolup dur-la ― diýip pikir etdim-de, muzeýe tarap gitdim. Günlerde bir gün meniň durmuşymda elhenç bir waka-da boldy. Tüýs basan ýerim gap-çanak diýibem şoňa aýdaýsaň. Hawa, bolan waka şeýle. Zöhre ýyldyzyndan bir topar turist Ýere gelipdir-de, olar «Biz muzeýe baryp göräýsek» diýipdirler. Gelseler men muzeýde serilip ýatan ekenim. Ýanymda arakdan boşan çüýşeleriň ikisi barmyş. Ernimde bolsa bir çilim burugsap duranmyş. Tas muzeýe ot beren ekenim. Sintetik penjegimiň bir gapdalyny mazalyja eredipdirin. Içi çägeli bir çüýşe bankany hem döwüpdirin. Wraçlar meni derrew huşuma getirdiler. Muzeýiň direktory Neýtron Wodorodowiç Parallelow dökülip ýatan çägäni gysymyna alyp, gaharyndan ýaňa derman içmäge başlady. Ol titräp: ― Italmaz, muny nädäýipsiň. Tutuş Garagumdan ýadygärlik galan çägäni döküpsiz. Indi biz geljekki nesle näme görkezeli ― diýdi. Garagum çölümiziň ady tutulanda, menem gygyryp galdym: ― Hany meniň Garagum çölüm? Tapyň meniň goýun bakan alalarymy, nirede öňki sözenli alaňlar? ― diýip, birsalym gahar-gazaba mündüm. ― Indi goýunlary nirede bakmaly? ― diýip gygyrdym. ― Indi goýunlary Kaspi deňziniň düýbünde bakýarys. Ylmyň güýji bilen biz goýunlary balyk ýaly suwdan dem alyp bilýän etdik ― diýip, muzeýiň direktorynyň orunbasary Kosmosmyrat gülüp aýtdy. ― Ýoldaş Italmaz, sen bujagaz arakdyr çakyry içip, çilimi çekip, nasy atyp gutarsaň, soňra biz muzeýi ýapaýmaly bolarys ― diýip, muzeýiň hudožnigi Kistguly Akwarelowiç ýylgyrdy. ― Aragyň deregine duruja suw, çakyra derek gara çaý, nasa derek bolsa kül bolar ― diýdim. ― Ýok, bolmaz, muzeýde herki zadyň asyl nusgasy durmalydyr ― diýip, kimdir biri meniň pikirime garşy çykdy. Men turistlere geçmiş barada oňat düşünje berdim. Olardan biri: ― Be, dogrudanam, Ýerdäki häzirki oňat durmuşyň düýbi ýigriminji asyrdaky zähmetsöýer adamlar tarapyndan tutulan eken-ow ― diýdi. Turistler gaýtdylar. Soňra direktor meni ýanyna çagyryp, nähili bolmalydygymy düşündirdi. Men utanyp: ― Maňa bu etmişim üçin käýinç beräýiň, ýa meni kowuň ― diýdim. Ol bu sözüme hezil edinip güldi-de: ― Bizde işden kowmak, käýinç bermek diýlen ýaly jezalar ýok ― diýdi. Soňra direktor pessaýlyk bilen söze başlady: ― Seniň bilen oňuşsa boljak. Arada alymlar başga birini oýarypdyrlar. Olam köneräk döwrüň adamy ekeni. Ýaňky direldilen adam biziň işgärlerimiziň birini urupdyr. Onsoňam ýaňky bir gyzy bir ýigide satjak bolupdyr. Aý, sen sorama, menem aýtmaýyn, bizi derman baryny içmäge mejbur etd-ow. Soň direktor: ― Hany, Italmaz, sen haçan öýlenmekçi ― diýdi. Menem: ― Ýoldaş direktor ― diýip, men onuň kapron penjeginden gyl-gypyr gözläp başladym. Emma gyl-gypyr ýokdy. Onsoň iliklerini ýazdyryp, soňam ötürmäge başladym. ― Italmaz, beýtme, biziň kada-kanunymyzda ýolbaşçyňa ýaramsaklyk etmek geçilmesiz günä hasap edilýär. Ýüz gezek muzeýi ýumup, ýekeje gezek ýaranjaňlyk et, ikisi deň ― diýip, direktor çyny bilen düşündirdi. Men bolsam: ― Ýoldaş direktor, men öýlenip bilmen, çünki meniň wezipäm kiçi. Hususy «Wolgam» ýa «Žigulim» ýok. Galyň tölemäge bolsa kän pul gerek. Hany halat-serpaý. Eger men öýlenýänçäm, siz direktorlyk wezipäňizi wagtlaýynça beräýseňiz ― diýdim. Direktor güldi. Menem ýalňyşanymy bildim. Soňra: ― Ýoldaş direktor, meniň Doýduk diýen aýalym bardy. Şony oýarmaga kömek edäýiň ― diýdim. Gepiň tümmek ýeri, meniň aýalymy oýardylar. Bizem ony muzeýe tam süpüriji edip işe aldyk. Ýöne weli, ol ilkinji oýanan güni goňşymyzyň aýalyna sögüp, ony tozan sorujynyň, çotgaly sapy bilen uraýypdyr. Menem muzeýdäki eksponatdan bir çüýşe arak alyp, wraçyň ýanyna ylgadym. ― Doktor jan, gözüňe döneýin, Neýtron, şujagaz sowgadymy aldajyk, bize kömek et. Goňşymyzyň aýaly Plastmassa daýza sprawka almaga ýanyňa gelse, urulmandyr diýip hat berersiň. Milisiýa bilen bolsa özüm oňşaryn. Muzeýde sowgatlyk zat kän ― diýdim. Ol gülüp: ― Bizde beýle zat bolmaz. Çüýşäňi muzeýde goý. Gadym eýýamdaky ýaly sud, prokuratura, milisiýa indi bu jemgyýetde ýokdur ― diýdi. Şeýle diýip, Neýtron külembikesindäki ýüzüginiň gaşyndaky mawy ekranjygyna seretdi. Soňra ol: ― Ynha, seret, Plastmassa daýza eýýäm medisina kömegi berlip dur ― diýdi. Ýüzündäki mawy ekranjyga seretsem goňşyma wraçlar em edip durlar, ýanynda meniň Doýdugym hem dur. Olar elleşdiler, ýaraşdylar. Menem ynjaldym. Arakly çüýşäni goltuk jübimde pugta gizledim-de, «Kaprondandyr zülpüň seniň» diýen aýdyma hiňlenip, öýüme bardym. Ýöne aýalym barja keýpimi gaçyraýdy-da. Doýduk üstüme gygyrmaga başlady: ― Sen adam bolmarsyň. Ana, «Wolgany» köçede goýupsyň. Islän adam münüp gider. Bir ýerden kerpiç ogurla, demir derweze ýasat, garaž sal ― diýdi. Menem: ― Doýduk, beýle diýmesene. Bu jemgyýetde maşynyň belli eýesi ýok-da, her kim münübermeli ekeni ― diýdim. ― Ýok, men beýle ýaşap bilmen. Garaž ýasat. Kelle ýaly gulp tap. Goňşy bilen aramyza beýik haýat sal, üstüne tikenli sim, ýa aýnagyýyk berkit. Muzeýde ýekeje eksponat gulp bar. Onam ogrynça sumkaňa sal-da getir. Onsoňam haly-dorožkany köpräk aljak bol. Ýüň seçekliden şifoneri doldurmaly. Muzeýdäki puldan, ine on-on iki paçkany görkezmän alyp gaýtdym. Sesiňi çykarma, magazinlerden arzan haryt alyp, indiki jygyllyga eltip satjak. ― A-haw, Doýdugym, bu jemgyýetde jygyllygyň nämä geregi bar. Äber bäri pullary, men olary muzeýde ýerinde goýjak. Men daşary çykdym. Derman alaýaýyn diýip, dermanhana bardym. Derman içdim. Gaharym birneme ýatyşdy. Soňra ak ýektaýly bir ýigit maňa: ― Italmaz daýy, Doýduk daýzam ikiňizi oýaranlary bäri meniň dermanhanama derman diýip gelýänler köpeldi. Öňler edere iş, güýmenje tapman oturardym ― diýdi. Men oňa: ― Ýegen, siziň alymlaryňyz oýarmaly adamlaryny bilmändirler. Biziň ýigriminji asyrymyzda gowy adamlar gaty kändi ― diýdim. Dermanhana işgäriniň sözi maňa ýarady. Çünki ýigriminji asyrda ýaşanymyzda-da, nebir oňat adamlaryň derman içmeklerine sebäp bolandygymyz ýadyma düşüp utandym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |