16:41 Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy | |
ONUNJY BAŞ
Romanlar
1. Mälik enjamyň işini ýola goýanyndan soň Şiriniň ýanyna baryp gaýtmaga mümkinçilik tapdy. Üçajydan Bäşgyzyla ýük çekýän maşynlaryň birine münüp günorta ýakyn suw iteriji desga barýan ýoluň çatrygynda düşdi. Gara sowulýan daş ýol Garagum derýasyna direýärdi, şol ýerde desga gurulýardy, derýa ýetmänkäň ýoluň sag gyrasyndan ep-esli aralykda sygyr ýatak ýerleşýärdi. Mälik gyrmyldan gyr aşar diýip ugran badyna suw myşanlaryň biri gapdalynda saklandy. - Garagum derýasyna barýan – diýip, sürüji maşynyň içine depdi, welin motoryň güňleç sesi birneme peseldi. Ýogsam ses alyşar ýalam däldi. – Atymy kişňän tarapyna kowýan men. - Menem şo taýa atyň syrtyna müneýinmi, özüne? - Günde üç gezek suw çekýän, özümizem üç maşyn. Owganda hem üç maşyn bolup suw çekipdim. Onda aralyk 31 kilometr, bu ýerde 30, o ýerde çykmasy kyn daglyk, bu ýerde sorup barýan agyr çägelik käte, batmajak bolup alyp gelýän suwuňy dökmeli bolýa, haýsynyň gowudygyny biljek däl. Gel, tanşaly, Arslan atyjy. Üç çagam bar, ýaşym kyrk üç. Atyjy lakamy mergenligim üçin owganda berdiler, göreşde, ylgamakda, suwda ýüzmekde öňüme geçen ýok, indi inim, senem özüňi tanatü Öz-ä, görýän ýüzüm – diýip, uzyn boýly, gytyk murtly, burunlak sürüji elini Mälige uzatdy. - Maňa Mälik şa diýýärler, Soltan Alp Arslanyň ogly çagry begiň agtygy, Çagry beg Dandanakany basyp alyp Seljuk döwletini döretdi. Aslym Soltan-beglerden, ýagny soltanilden tüpeň atyp, gylyç syryp, aýdym aýdyp kellämiň üstünde pyrlanyp bilýän, ýaşym 25, öýlenmedik, şol sebäplem çagam ýok. - Bäý, sen onda meň oglum bolýaň-da, Alp Arslan edil maňa meňzeş adam bolupdyr, atyndan düşmän uruşar ekeni, men bolsa maşyndan düşmän uruşýan, ýagny suw çekýän. Ýagdaýlara şeýle. Derýa balyk tutmaga barýamyň? - Sygyr ýataga. - Sygyr tutmakmy ýa sagymçymy? Ýeri bolýa, - Meňem şolarlyk işim bar, bileje baraýarys. Maşyny çagyl ýoldan süýnüp kiçeňräjik çukurlardan, tümmeklerden säginmelidir öýdenokdy, her bökende sim bilen saralan gapylar açylyp-ýapylýardy. Mälik iki eli bilen tutawaja ýapyşyp özüni zordan saklaýardy. - Gaty berk oturgyn. Owganda top oklaryndan sypyp bilýädim, bujagaz çukurdyr, tümmejikler nämejik. - Yzymyzdan kowalaýana ýok, arabaňam eleşan. - Wah, Rahman diýip bir iş alyp baryjy bar, wagtynda suw eltmeseň topuňy atjak bolup dur, birneme gyssamaly bolýa. Be, be, be, bu näme boldugy? Batly ýöreýän maşynyň öňünde tigirlenip çykan zady görüp, Mälik Geň galdy, goşa tigir olaň öňünde nireden çykdy, nädip çykdy, Alla bilsin! Belki çelegiň gapdalyndan gaçandyr ýa-da yzdan gelýän başga bir maşynyň tigri sypyp öňe düşdümi-kä? - «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýipdirler. Şeýle dälmi, çagajyk? – diýdi-de, Arslan atyjy tigriň ýoldan çykyp sag tarapa ylgady. Mälik ähli ýeri sime saralan maşina göz gezdirende onuň ýöräp ýörüşine, Hydyr akgasy ýaly haýranlar galdy, maşyny herekede getirjek bolsaňam piliň sapy ýaly taýagy bir ýere diremelidi, öňündäki aýnasy aýallaryň gyňajy ýaly galgaýardy, aýak astynda Mälikden başga zat garym-gatymdy, taňka, demir çäýnek, açarlar, epenekler, gapyrjak, ýagly esgilerdir, egin-eşikler, olaryň arasynda nan halta, aý garaz, adyny tapan zadyň bardy. - Eý, inim, Mälik şa – diýip Arslan tümmegiň aňyrsyndan gygyrdy. Mälik maşyndan düşüp ses gelen tarapa bardy. Görse, Arslan atyjy ýaňky tigri oýdan çykarjak bolup azara galýar, emma ol baş berenok. Olar iki bolup tigri oýdan çykaryp biraz dynç almak üçin dyzyny epdiler. - Bäh, hany aýt, bu tigir nireden düşüp ýör? Maşynymyň üstüne daňanym gaçandyr diýseňem hon-ha, ol ýerinde dur. Asmandan gaçaýdymyka? – diýip, Mälik sorady. - Belki şeýledir. Gör, gör, özem täzeje tigir, maşynymyň yzyna goýanym ýaly, öňüne-de ikisi bolaýsa diýip ýördüm... Alla kömek etjek bolsa üstüňe getirip berer ekeni. Sen gördüň-ä? Gördüň gerek? Tigir öz-özünden peýda boldy. Umumanam men halatly adam. Dawut pygamber meni kelte-kerem görýän däldir, bilseň. Halatly bolmasam owgan toplaryndan syparmydym? Maşynymy saga öwürsem çepime, çepe öwürsem sagyma ok düşdi. Edil garpyz ýarylan ýaly ýaryldy. Bir adam bolupdyr diýýäler,. Oňa işle diýseler: «Ýok, rysgymy Allaň özi bermese işlejek däl» - diýýämiş. Bir gün güýçli şemaldan soň ol aýak ýoluna çykanmyş. Esli ýere baryp aýak ýoluna otursa edil öňünde içi gyzyldan doly küýze ýatyr diýýär. Ýalta «Allajan, sen meň rysgymy artdyrjak bolýaň welin öýüme eltip bermeseň aljak däldirin» - diýip gaýdyberipdir. Ýolda oňa bir içigara goňşusy duşup «Goňşy näme beýle daň bilen gyzyl tapan ýaly keýpiň kök-ler» - diýipdir, «Hol depeden aşan ýeriňde bir küýze altyn ýatyr, öýüme getirip bermeseler aljak däl» - diýiip gaýtdym. «Goňşy çynyňmy? Görübem, alman gaýtdyňmy? Ýa-da meni oýnajak bolýarmyň?» - diýip içigara gygyrypdyr. «Ýok, oýnajak bolamok, barda göräý» - diýen. Ýalta öýüne gelip, öňküsi ýaly tärime seredip, arkan ýatyberipdir. Ýaňkam barsa hakykatdanam küýze ýatyr diýýä, ýöne içi ýylandyr, içýandan dolumyş, muňu gahary gelen içigara küýzäniň agzyny ýaglyk bilen daňýa-da «Meni aldanyň üçin üstüňe zäherli mör-möjekleri ýagdyraýyn» - diýip ýaltanyň öýüniň çagarygyna münýär, küýzäň agzyny çözüp agdarýar, ýöne mör-möjek däl-de, altyn pullar, şaglap dökülenmiş. Şonda ýalta «Aýtdyma, getirip bermeseň aljak däl» - diýipdir. Neneň görýäň, Mälik han? Meňkem şeýle boldy öýdýän, üstüme gerek zadym dökülip dur. Hany, ýör muny maşina ýükläli. Öz-ä agyrdyr... Olar depeden aşdylar. Görseler, maşynyň yzky sag tigiri ýerinde ýok. - Aý, şeýledirem öýtdüm-le, Bize ol ýaltaňky ýaly elpe-şelpelik ýetdirip durasy ýok-la – diýip, Arslan atyjy ýüzüni sallap dyzyna çökdi. Indi onuň öňki şadyýan keşbinden nam-nyşan galmandy. - Akga, beýdip oturman tapyndy tigrimizi ýerine dakaly? – diýip, Mälik gyssady. - Ony etjek bolsaň ýük göteriji gural gerek, men-de ol ýok, sypan nurbatlary tapmaly, ýör, olary bir gözläli. Yzymyzdan başga maşyn gelýänçä barybir durmaly bor-da. Olar nurbatlary gözlediler. Mälik üçüni tapdy. - Sen-ä reňk ýaljak ekeniň, tüweleme. Arslan nurbatlary garbap aldy-da dişlerine seretdi. – Bular abat meň tapanym bibat ekeni. Sen zor, Mälik han, sagja bol. Adamda göwün barmy diýsene, Mäligiň şujagaz hyzmatyna-da Arslan atyjy begenip, iki bolup bilenok. Diýmek, Mälik çaga däl-de ol çagady. Bolsa-da atyjy lakamy oňa bilip berilipdir. Bir gezek Mary-Lebap ýolunda kardanym gopdy. Maşynyň ähli zady ýerinde, ýöne hereket ýok, ýoldan geçip barýany saklasam «Meň maşyndan başym çykanok, hereket bolmasa kardanyňy gör» - diýip jogap berdi, hakykatdanam aşak seretsem kardan ýerinde ýok, gaýdyp şular ýaly gözläp tapmazmyň onsoň – diýip Arslan atyjy müýni ýok ýaly ýylgyrdy. Ulaglar kärhanasynda onuň maşyn sürüşi barada bir giden şorta sözleri, degişmeleri aýdyp berýärdiler. Arslan bolsa bu gürrüňleri hezil edir diňleýärdi, «Ýok men beýle däl» - diýmän, gaýtam, gepiň duzy ýetmeýän ýerine özi goşundy goşýardy. Bir arzuwy ol gürrüňleriň bütindünýä galmagal ambarynyň müdiri bolan aýalyna ýetmezligidi, käbirleri onuň başagaýlygynyň düýp sebäbini «galmagalçy» aýalyndan görýärdi. Galmagalçy «Gawun kimin gülli, türçek kimin dilli» - diýilýänlerdendi, her ýylda ekiz-ekiz çagalary dogrup gidip otyrdy. Otuz ýaşa ýetmänkä Arslanyň on çagasy bolupdy, dostlary oňa «Aýak bilen depilýän pökgi oýnuna topar döretmejek bolsaň çagany bes edäý» - diýdiler. Arslan aga damkrada garaşyp oturman tigir goýjak ýerimizi gazaly – diýip Mälik çykalga tapdy. Onuň wagty ölçeglidi Şiriniň ýanynda azajyk oturyp yzyna gaýdyp barmalydy. - Wah, gazaýsaň bolar welin pilem ýok-da, öwsele gutarandyr – diýip Arslan artbujagyny gars-gars gaşady. - Elim bilen gazaýyn, ujy çiş demir tap, derrew daş edeýin. Mälik çukur gazdy. Arslan tigriniň nurbatlaryndan baryny berkidip sygyr ýataga çenli arabasy ýörär ýaly etdi. Garaz şeýdip olar günorta bolanda sygyr ýataga ýetdiler. Sagymçyllar sygyr sagyp bolupdylar. Baýram aga ýatagy arassalap ýördi, sygyrlar gäwmiş berip ýatyrdylar. Kepbäň daşky agzyndaky tekjede gyşaryp ýatan Kertik aga Mäligiň salamyny aldy-da «Golaýlarda adam gözüňe ilmedimi?» - diýdi. Mälik bu soragyň beriljegini bilip, jogabyny taýýarlap goýupdy. - Ýok, görmedim. Men sygyrlaryň sanjymyna geldim, sagymçy, olar barmydyr, daýy? - Bardyr, çaý içýändirler, baraý – diýip, Kertik aga jogap berdi-de maşyny söküp başlan Arslanyň ýanyna bardy. Mälik üçin ol kemem bolmady. Şirin bilen arkaýyn gürleşip biljekdi. Mälik gapyny kakdy. - Kim gerek? – diýip kepbeden ses çykdy. - Sen gerek, senjagaz gerek. Şirin gapyny açyp Mälige, soň aňyrda duran kakasyna seretdide: - Meni soraýaňmy? – diýdi. - Hawa, seň bilen ýigrimi ýyl bäri tanyş, hyýrsyz ýüzüňi görmäge geldim. - Ýuwaş bol, toba, kepbede gyzlar otyr, eşidäýmesinler, hon-ha kakamam seredip dur, warryllama kän. - Sygyrlara sanjym geçirtjek bolsaň derrew ýataga baraly, wagyrdyny onsoň görersiň. - Ýuwaş-la ýataga baryber, men häzir... sanjym iki ýaş juwanyň gizlin belgileridi, Mälik käte gelende sanjym geçirýän, mallara seredýän diýip, ýaşlaryň näme işleýäninden habarsyz Kertik aga düşündirýärdi, olam bilmedik bolýardy, Baýram aga üçin bolsa bu zatlaryň parhy ýokdy, Mäligiň mal dugtory däldigini bilýärdi, bir gezek ogly Çary bilen öýüne gelende görüpdi. Mälik sygyr ýatagy etekläp duran depeden aşyp daýaw sazagyň düýbünde dyzyny epdi. Birnäçe wagtdan soň Şirin «wazlap» geldi. - Şirin jan, men seni gujaklasym gelýär. - Şarpyk iýesiň gelenokmy? - Wah, şarpyk berseň-ä, sakasy. Ur, daş etde. Ýalbarman menden, ýalkamak senden. - Dur bakaly, ejemiň demine düşürerin welin aýňalarsyň. - Ejeň haýbaty Alabaýyň hyňranmasyndan enaýy däl. Öň gören zadym. - Kakama aýdaryn. - Kakaň gohy gök gürländen enaýy däl. - Toba, gyz, bi hiç kimden eýmenjek däl öýdýän, temegini taýzardan bolup. - Meň seň üçin Bagdat ogrusy bolmaga taýýar. Sebäbi söýýän. Söýgi ähli duýgulardan üstün çykyp, otdan alyp, suwa salýar, kalbymy elendirýär, durkum Arslanyň maşyny ýaly warryldap dur. - Toba, ogurlyk bir edäýme, näme diýseň ýanyňda men... - Şu wagt seni iýesim gelip dur, sen gül, men ary, sen şerbet suwum. - Waý, toba sen ajygansyň, kelläme gelmeýşini, asyl wejiň gaşdy diýdim-le... Azajyk otur, men häzir – diýip Şirin alakjap gitdi. Mälik ojaryň düýbünde ýüzüni asmana tutup ýatdy. Birden hyňranma eşidildi. Kellesini galdyryp seretse edil iki ädim gapdalynda äpet ala köpek uzur sorap dur. Mälik oňa «Näme gerek how, özüme iýmäge zat ýok. Bolsa berjeg-ä. Bar gowusy how-how etmäge git. Eýäň gelse ýüzüňi alar. Ol meni senden gowy görýär. Naharlajak diýip gitdi» - diýdi, Alabaý gepe düşünýär ekeni, üýrmesini goýaýdy. - Şeýt-de akyllan ahyr, barybir üýrýän diýip gozganjak gümanym ýok. Az wagtdan soň Şirin eline çorbaly pitii bilen ýarty tegelek nany alyp geldi. - Al, iý, iýjek bolsaň. Kakamdan zordan sypdym. «Çorbany nirä alyp barýaň» - diýdi welin «Alabaýa berjek» - diýdim. «Alabaýa bir okara berdim» - diýensoň nätjegimi bilmän durupdyryn. «Sen gowusy sanjyma gelen mal dugtory, ýegeni naharla» - diýip, kakam düşen oňaýsyz ýagdaýymdan çykalga tapdy. Menem «Bolýa» - diýdim-de göni bärik gaýdyberdim. - Bäh, men onda Alabaýyň nesibesini iýýändä. Aý, hawala, itçe görülmänimi bilýänem welin. Al, Alabaý gowusy sen iýäý – diýip Mälik nahary itiň öňüne süýşürjek boldy. Bolmanda-da öňüme ne supra ýazdylar, sulugybam geldim. Şirin onuň elinden ykjam ýapyşdy. - Berme, özüň iý, aç galarsyň, bu seň nesibäň. - Aç galsamam berjek, minnetli tagam bogazdan geçmez. - Itden gowy görülýäniňi bilýänsiň-le – diýip Şirin aglaýjak boldy. Item soňky günlerde gijelerine ýitmäni çykardy. - Ýeri, bolýa, şu gezeklikçe iýeýin – diýip Mälik niýetinden el çekdi, üstesine-de eýesine degilýändir öýden Alabaý hyňranyp üstüne bökjek bolup durdy. - Toba, bu oglany, gepe düşünmejek bolýa. Sen, näme, kakama «sanjym etmäge geldim» - diýdiňmi?... Alabaý, bar, bar, git, saýyl bolup durma-da. - Eýsem, näme? Sen, meniň duhtorlygymy bileňokmy? - O nähili? - Düşün ahyr, şeý diýmesem başga näme diýeýin. - Waý, toba, toba. Enejan Baýram aga dagy seň kimligiňi bilýär ahyr, kakamam bilýär, aýal doganymyň dogmasyny tanamazmy. - Kakaňa bilenok. - Kakam bilýär. - Bilende-de gorkup duramok. Gözüni baglaýmaly – diýip, Mälik siňrikmen burnuny synçgalady. - Waý, toba gözbagçylygam bilýärmiň? - Hawa, daş edýän. Ynanmasaň şu suw maşynyň sürüjisinden soraý. - Näme soraýyn? - Men şol maşyn bilen ýaňyja gaýtdym, özümem gyssanýan. Maşyn bolsa pyşdyl ýörüşini edip gelýär, onsoň bar ünsümi bir nokada jemläp «At bol-da, çap» - diýdim welin oň yzky tigirleri sypyp öňümizden tigirlenip barýar, maşynam burnuny galdyryp at ýaly kişňedi-de göz açyp ýumasy salymda seniň ýanyňa getirdi. Ýogsam, agşama çenli durmalydym, dikilgazyk bolup. - Toba, toba, çypdyrýaň öýdýän. - Çypdyrmasam ýanyňa gelip bolýamy? – diýip Mälik güldi. - Nämä begenýäň? - Ikimiziň duşuşygymyza. - Toba, beý diýmesene oglan, utanç bor ahyr. - Eýsem sen begeneňokmy? - Ýok, eger, eger... Göwnüm bir ýaly. - Onda näme, meni naharlajak bolup azara galýaň. Alabaýy kowuşyň ýaly kowup goýbärler, siňek ýaly waz-waz etmede git diýerler. - Şoň ýaly gijelerine ygyp ýörseň senem kowularsyň. Bilýämiň soňky günlerde ol ýitirim bolmaga başlady... Käte iki günden soň gelýär. - Awa güýmenýändir-dä... Şirin, men saňa bir zat aýtmaga geldim... Ejemi gudaçylyga iberjek. - Toba, kimlere iberjek? - Sizden başga men kime ibereýin. - Toba, eýýäm iberäýjekmi? - Eýýäm görýäňmi? Näçe ýyl bäri gowy görüşýäs. Deň-duşlarymyz öýlenip, durmuşa çykyp gidip otyrlar. Bizem deň-duşlarymyzdan gijä galmaly. Men şony saňa aýdaýyn diýdim. Nähili razymy? - Aý, bor-la. - Aý, bor-la diýme, bor diý. - Bor, bor – diýip Şirin Mäligiň elini gysyp goýberdi. - Diňle, biziň gatnaşygymyzy hiç kim, hat-da ejeň hem bilmeli däldir. Ilki göwnemejek bolan bol, oglany tanamok diý. - Ony diýip bolmaz-a. Sen garyndaşymyz ahyr. - Onda oglany görjek, görmän razy boljak däl diýen bol. - Toba, toba, beýdip ýörmämizde bolanokmy? - Umuman, meňki duýdurmak, galanynam özüň gör... Ýogsa-da iberýän süýdüň üçin gurluşykçylaryň adyndan ullakan sag bolsun aýdýan. - Sizeem sag boluň, obalary gazlaşdyryp ýörsüňiz. Birki günden oba gaýdýas, Baýram aga gitmeli diýdi, obada görşeris-dä? - Obada görşeris. Menem «ýaraglarymy» - dakynaýyn diýip, Mälik kagyza dolangy sanjym iňňesiniň içini çorbadan doldurdy. - Toba, sen-ä tüýs mal hekimi bolaýdyň – diýip Şirin güldi. Olar depeden aşyp ýataga gaýtdylar. - Mal duhtory sanjyma geldi, haladyny geýmeli, sanjym iňňesini almaly, iş geçirenimi bilerler ýaly – diýip Mälik ak haladyny egnine atdy. 2. Olar mallara seretmek üçin ýatagyň germewinden ätlän batlaryna äpet öküz ýat adamy görüp topulmaga häzirlendi. Mälik «Bäh, munda garşydaşym hem bar ekeno-ow!» - diýip sägindi. Şirin «Haýsy ol» - diýip sorady, şobada öküze gözi düşüp «Waý, toba, dälijämiz boş ekeni, bol çaltrak ýatakdan çyk. Ýogsam ol saňa hezil bermez» - diýip Mäligi çykardy. Çykmasa bolaýjagam däldi. Цistan öküz eýýäm ýetip gelýärdi. - Şirin muň henizem gabanjaňlyk keseli aýrylmandyr-ow. Düşündirler ahyr... Maňa abaý eden bolup. - Toba, men näbileýin, del adam görse bolanok şuňky. - Isgender Zülkerneýiňki ýaly öldürip şahyny kelläme täç edäýsem-ä biler welin... Arman kowmumdan bolaýýar-da. - Toba, o näme diýdigiň bolýa, oglan? - Biziň aňrymyz Oguzlar, ýagny öküzler, han gönüläp aýtsam maldarlar bolan... - Alymlar «Oguz sözüniň köki-owuz, süýt sözünden gaýdýar» - diýýärler, sen bolsaň öküzden diýýärsiň... - Alymlaryň ol delili ýöntemräk... Owuz süýdi örän näzik, ýokumly, çala tabyny bilmeseň zaýa boljak bolup duran önüm. Türkmen häsiýeti hiç bir jähtden bu aýdylanlara gabat gelenok, öküz diýseň gabat gelýär. Birinjiden Oguzlaryň oturymly mekany Tejen, Jeýhun, Murgap derýalarynyň ýakalary bolupdyr. Gaty ir döwürlerde Tejen bilen Jeýhuna – Ok diýipdirler. Ok – oguzlaryň – öküzleriň oturan mekanynyň gysgaldylan manysy. Ikinjisi – türkmeniň häsiýeti owuz süýdi ýady däl-de hut şu öküziňki ýaly, zatdan gypynjy ýok, sürünip gelýändir... Üçünjiden Nuh tupanyndan soň adamlar altyn asyrda ýaşapdyrlar. Ýagny, azyk näçe diýseň bolupdyr, hat-da agaçlaryň şahalarynda mesgen tutan bal arylarynyň önümi – ary baly aşak syrygyp akyp durupdyr. Ýyllar geçdigiçe adam köpelýär, azyk azalýar. Adamlaryň dünýä ýaýramagy azyk gözlegi netijesinde emele gelipdir... Taýyn azyklar azalansoň adamlar şol azyklary özleri öndürmese bolmajaklygyna düşünip başlapdyrlar. Şeýlelikde zähmet emele gelipdir... Olam esasy üç zähmetde – ýer işläp önüm öndürmekde, mal saklamakda we ary saklamakda bolupdyr. Şeýlelik-de üç uly halk öküzler (oguzlar) arylar «Ýewropa» - halky (nemesler) leglekler (rus halky) döräpdirler. Mälik germewine ýaplanyp durşuna birden ýykylyp gitdi, elindäki sanjym iňňesi, kellesindäki akja telpejigi zyňyldy. Hasanaklap tursa germewiň aňyrsynda ýaňky öküz dur. Şirin Mäligiň üstüni kakyşdyryp öküziň ýüzüni aldy. - Haý, mysalaň gursun. Saňa ol näme etdi, saýry dälä ol, bar git, bar. Bolmasa agşam tirtiňi almarsyň. Gazyga sarap goýaryn. Öküz dile düşündimi, nämemi öwrülip gitdi. Mälik üstüni kakyşdyryp: - Gabanýar!... Wah, öküz seňki bolaýýar, ýogsam-a etmelisini bilýän-le welin, diýdi. - Toba, toba, goýaweri oglan. Näme diýip otyrsyň? Mälik bir zat ýadyna düşen ýaly kellesini tutdy. - Men gyssagly gitmeli. Bissimilladan başlap Dawut pygambere ýykylyp bir çaga dünýä inderdik, örän çyrçykly çaga, işläp durka biri «Bäh» - diýse şobada döwülýär. Dört burçuna duz gömdük, maňlaýyna doga dakdyk... Adamlaryň içinde göripleri, işimize päsgel berýänleri bar, çagamyzy keselletjek bolşup durlar. Şol sebäplem gyssagly gitmeli. - O nähili çaga bolýa? – diýip, Şirin howsala düşdi. - Kebşirleýji enjam, men oňa çagam diýýän. Olar tirkeşip kepbä bardylar. Arslan atyjy maşynyň bir zadyna güýmenýärdi, şaýlary çaşyp ýatyrdy, Baýram aga bolsa Kertik ýaşulynyň saçyny syrýardy. - Ine, onsoň göläň içine salnan öküz ýaly çagalar bilen bile mekdebi bardym, men 17 ýaşymda, çagalar ýedi ýaşynda – diýip Kertik aga nämedir bir wakany gürrüň berýärdi. - Belorus topragynda uruşda boldum diýdiňmi? – diýip Baýram aga onuň kellesini ýelledi. - Hawa, şol ýyl okuwy gutarmankam urşa aldylar, ölümi köp gördüm. Hudaý saklasyn, ýatlasam inim titräberýär. Gorky mende şol uruşdan galdy... - Menem ellinji ýyllarda bir zatdan erbet gorkdum – diýip, Baýram aga päkisini gaýyşa sürtüp ýitiledi. – On bäş ýaşlarynda, owgan gädikden aňyrda, Sarahs Gullyň berki diýen ýerinde goýun bakýadym. Güýçli tupana tazygan goýunlar güni bilen ýöräp gije bir oýda saklandylar, ýatyryn welin biri «Tur, how, üstümden» - diýip biri gygyrýarmyka diýýän, ýa-da «Meni gysma» - diýýär, gije guzujygyň mälemesi, atyň kişňemesi, düýäň bagyrmasy, oýuň içig oh-galmagal. Men «Äl-aýt bu oýda goýun bakmadym, guzyň, çagaň, aýalyň aglaýan sesleri nireden çykýarka» - diýip pikirlendim. Edil düýe asybermeli sazaklaryň arasynda käte bir zat ýylp-ýylp edýär, birden on maşyn gelýän ýaly goh çykýar. Zordan ertire çykdyk. Asyl görsem leýs bolup ýatan maslyklaryň, süňkleriň üstünde düşlän bolsam nätjek. Olar otuzynjy ýyllaryň ortalarynda gyrylan adamlar. Ýapyň ýüzünde saçy Tokmak ýaly keteni köýnekli gyzlar taýagyň bilen dürtseň çäge bolup tozap gidýär. Guzy mäläp durandyr, nädip galdyka diýip barsaň ses başga ýerden gelýändir, ýörärsiň, ses holl beýleden çykar. Hiç düşünip bilmän galdym... Urşy görmedim, ýöne görenden gowy bolmadym. Kakam pahyr «musulmançylyk ýolunda, Garaşsyz döwlet ugrunda şehit ölen adamlary öldi hasap etmäň, olar diridir, Hudaý tarapyndan rysgy kyýamata çenli berilýändir» diýerdi. Urşuň geçen ýerlerindäki harabaçylyk garda baýguşlar «Geliň guda bolalyň» - diýip gygyryşarlar ekeni. - Arslan akga, hany, ýörejek dälmi? – diýip Mälik sorady. – Sizi diňläp gorkman durup boljak däl ahyryn. - Häzir ýörejek – diýip Arslan zatlaryny ýygnady. Kölüň gyrasyna baryp maşynyna suw sordurdy, soň hoşlaşyp ýatakdan gaýtdylar, çatrykda Mälik maşyndan düşüp Üçaja, Arslan atyjy bolsa Bäşgyzyla gitdi. Mälik iş ýerine howlukdy. Onuň göwnüne bolmasa enjam bir kem tapan ýalydy. Eger-de ol işläp dursa, uzynlygy 33 metrlik tokurtga her sagatda ammardan gütüläp düşýärdi. Düňküldi eşidilende Hydyr haýran aýtmyşlaýyn, edil gaýtarmasyna gören ýigit ýüküň ýeňleýärdi. Säherde, heniz sagat alty bolmanka Sapa Sapar «Hany gaýrat ediň, oglanlar. Günde segsen nokat edeliň, etmesek özümizi sylap goýjak däller» - diýip oglanlary turuzýardy. Şeýdibem olaryň işi başlanýardy. Mälik enjamyň işläp durşuny göreninden soň birneme özüni dürsedi. Kebşirlenýän 25-30 sany tokurtga gündelik gaz geçirijiniň ugruna daşalýardy, şol ýerde-de bir-birine seplenilýärdi... bu eýýäm edýän işine gözüň ýetip durmagyň netijesidi, halal zähmediňdi, guwanjyň, begenjiňdi... Guwanmaz ýaly däldi ahyryn. Hiç bir çyzgysyz, taslamasyz 1991-nji ýylda dokuz aýda ýygnap bolmadyk enjamy Mälik dagy bir aýda ýygnady. Muňa neneň guwanmajak. Sapa Sapar göçme öýjagazyň agzynda Mälige garaşyp duran ekeni. - Geleniň gowy boldy, tokurtgalary iberen zawodyň wekilleri Ukrainadan gelipdirler. Olar geçirijini ýokary basyşda barlap görjek diýýäler. Iki tokurtgany sepläp suw saljaklar, özüň dik durda kebşirle. - Başlyk, şol işiň daşda. – diýip, Mälik pert jogap berdi. - Berekella. Şu ruhybelentligiňi halaýan, heniz bir iş buýrup, ýok diýen gezegiň bolmady. Hut şu häsiýetiň awtomat kebşirleýji enjamy ýygnamaga kömek etdi. Hany, şu gezekki synagdanam gowy geçeli bakaly, onsoň men Daşoguza Sapar Ýoldaşa jaň etjek. - Kim aýt, ol? - Daşoguzly kärdeşimiz. Ol maňa «Atdaş, sen şu dargap ýatan demirlerden bir zat çykarsaň men ýanyňa baryp ýörüte salamlaşyp gaýdaryn» - diýipdi. Men oňa salamyň bolsa iberider diýjek, gowusy gelip durmada salamy telefonda beräý, siziň ýygnap bilmedik enjamyňyzy biziňkiler ýygnadylar diýjek. Soňundanam demriň pygamberi Dawuda saadaka berjek – diýip Sapba gözüni güldürdi. - Nähili görýärsiň, jalaý? - Daş-da, başlyk. - Men seni edil öz inilerim Toýly, Aga ýaly görýändirin. Gaýrat et... Mälik synag ediljek tokurtgalary seplemek işini öz boýnuna aldy, kömekçiligi Saparmyrada ynandy. Synag işi taýýar boldy. Zawodyň wekilleri öz önümlerini ýokary basyşda barlamaga gelen bolsalar, Mälik üçin bu barlagyň ähmiýeti uludy, onuň kebşirlän seplepi uly synagdan geçýärdi. Bellenilen güýçli enjamlaryň kömegi bilen barlanyljak tokurtgalara suw guýup başladylar. 75 basyşa çydamaly turbany 80-90-100 howa basyşyna galdyrdylar, 105-e ýetirip iki gije gündizläp sakladylar, kebşirlenen bölek ýokary synagdan geçdi. Onda Mäligiň tagmasy bardy. Şol günüň agşamy enjam yzly-yzyna kem tapdy. Ony bejermek üçin 5-6 sagat gerek boldy, wagt gyssaýardy, biri-birine bagly bolýan hereket zynjyrynyň ähli işe zyýany bardy. Iki ýana zowzullaýan Sapa «Işlemejek zada işlär diýip ýalan sözläp ýörsüňiz, bizi ýüzügara edýärsiňiz» - diýip Mälige ilkinji gezek igendi, Mälik «Işlejegine söz berýän, diňe bir işlemek däl, biz indi onuň önüm öndüriş tizligini artdyrmagyň ýollaryny hem öwrenýäs» - diýip jogap berdi. - Biz ikinji, üçünji nobatda işlär ýaly işi ýola goýmasak boljak däl – diýip, Sapa gün-günden üýşüp, artyp gidip oturan tokurtgalara seretdi. - Men ony hasapladym. Birinjiden kebşirlemekde turbalaň bir tekizlikde ýatmagyny sazlaýan enjam gerek. Ikinjiden üç nobatda işlemek üçin 36 kebşirleýjisi goşmaça almaly, üçünjiden oglanlaryň azykdyr iýmitini iş ýerinde üpjün etmeli. - Bolýar – diýip, Sapa teklipleri ýazyp aldy. – Şu gije enjamy sag-aman işe goýbersek erte günortan Dawud pygambere saadaka berjek. - Berseňiz, gowy edýärsiňiz, daş edip iýeris, aýat-töwir ederis. - Agzy arassa bolsun, işimiz ugrugyp gitsin diýip berjek bolýan. - Enşalla, işimiz ugruna bolar. Men inee sadranç ýaly bolup durun ahyr. - Treste ýük göteriji täze traktor geldi, bir hepdeläp işi duruzman ugrukdyrsaňyz, ol siziňki hasap edäýiň. - Bir aýlabam duruzmarys – diýip, Mälik ynamly jogap berdi... Dogrudanam, gije sagat üçlerde işläp başlan enjam soň tä ähli tokurtgalar kebşirlenip gutarylýança döwülmedi. Bopbaň elline demir bolup düşer ýaly däldi. Sapa şol günüň ertesi goýun soýup Dawud pygambere saadaka berdi, oňa ähli işgärler geldiler. Mämmet aga «Alla jan, her kimiň öz ojagyny gorap birek-biregi gerekläp, arzuwlap ýörmegi uzakdan bolawersin, çekýän zähmedimiziň rehnedi bolsun, işimiz ugrugyp gitsin, enjamyň agzy arassa, ümzügi ileri bolsun» - diýip doga okady. Töwür etdi, soňra «Ýaýalyň nany ýarty haly teň töwekgeliň nany bitin işi oň, tüweleme, oglanlar töwekgelçilik etdiler» - diýdi. Bopba bolsa 33 metrlik tokurtgany düňküldedip üznüksiz çykarýan enjama ümezläp duran gözüni dikip «Işlemänem bir görsün, biz oňa ýalbarmarys, talap ederis» - diýdi. - Türkmende bir aýtgy bar «Dil bilýän nöker bal bilen şeker, dil bilmez nöker abraý döker» - diýip guralyň dilini bilýäň, bu gowy zat, heleý bezenmesi, erkek öwünmese iş gozganmaz, ýöne her zadam bolsa, sen inim, kükregiňe kakma, küpür gepleme, ýuwaşrak bol. Gudraty keramaty bolmadyk bolanda senden müňlerçe ýyl öň ötenlerem nany ýeňsesinden iýen däldirler. Şonda-da Dawuda saadaka berip gelipdirler. Altyn depäň ýanynda, «Zarmy çeşme», «Altyn çeşme» - diýen ýerler bar. Seň kakaň Durdy Mergen maňa Haweran düzlügini, dagyny, jülgesini, çölüni tanyşdyran ökde awçy bolupdy, hakyky awçydy. Towuk ketegine, guş-gumrular, mör-möjekler hinine, mallar ýatagyna girýärler, diňe ýyrtyjylar bilen awçylar gije awa çykýarlar. Din bilen awçylyk bir ýere sygyşmaýan bolsada, şol-a ölemen awçydy. Bir gezek ol ýanyma dilege geldi, örän gowy tanamasam adama pul bermäm ýokdy. Salam-helikden soň öňüme gawun süýşürip iý diýdim, haçan-da üç dilim, her dilimiňde gawunyň içiniň çigidiniň bir bölegini düşürdi welin «Bäh, bu-ýa usat adam ekeni» - diýdim-de dilän puluny berip goýberdim. Onuň başarnygyna telpek goýmalydy, iş edeninde howlukman, sünnälärdi, ölçäp-döküp ederdi. Senem, inim Bopba kakaňa çekipsiň, ýöne içmäň kime çekipdir, bilmedim, belki tohumyňyzda bardyr-da... Dindaryň ogly içip ýör diýseler utançdy. - Içsemem ile azar beremok, Mämmet akga – diýip, Bopba jogap berdi. – Kakamyň daýhançylykdanam habaryňyz bardyr? - Hawwa bardyr, Bopba batyr. Ol nygmat bolçulygyny özüň döretmeli diýerdi, bir meşik kak, sök, toşap bu zatlar elinden gelerdi, azajyk ýere gawun ekdi welin, şeýle bitginli boldy, hat-da ýarylyp zaýa bolýanam bäş oýnam goýny saklamagy ýetdi. «Nädip muny gazanýaň?» - diýsem suw gaçan ýeriň yzgary sowulmanka çişi ýere urup gawun ekýän, dilini bilseň, yhlas etseň sokur gözden ýaş çykýar, ýer gatyrak bolsa agdaryp soň çiş dürtmeli, ýöne sürmeki gawun çalt ýetişýär. Gadymdan gelýän aýtgy: «Ýekeje däne boýunturyga degip ikinji gezek ýere gaçsa giç gögär». Atyň üstünden düşmän nädip ekmeli diýip dursaň zat gögermez diýerdi, Ine, şu takyrlara ýagyş suwuny ýygnap gawun-garpyz ekseň nähili gowy boljak, näçe önüm alsa boljak. Nan kesegiň üstünde diýilen aýtgy bardyr. Käbir adamlar zähmetden gaçyp aňsadyny gözleýärdiler, juda gaçara-kowara maý bolmasa özüňi söwda ýoluna atar, ýöne söwda-da ýüzden biri rowaçlanýar. Diňe halal zähmedi, ajy deri bilen daýhan nygmat bolçulygyny döredip biler. - Dogry aýdýaň, Mämmet akga işlejegiň eli açyk, ýere ýapyşybermeli, bolmasa söwda ýapyş, işle, işleýän adam baý bolar. Käsir sygyr ýatak salyp bilmän ýör, emma başarjaň, işjanly adam ýylgyny örüp daşyny suwaýar welin anna saňa ýatak, haýranlar galaýmaly. - Haýran galma, Hydyr akga – diýip gürrüňe Gurt goşuldy. Häzir bir gowy döwür boldy, öňde bol, yzda bol, ortammyýana bol, azar berenok ýör, şu uzak dowam etsin diýsene. Käte gorkyberýänem. - Çypbakaý çynym, dollara ýanaşmasaň, saňa howp abanmaz-la, Gurt kaka! – diýip, Saparmyrat güldi. - Sluşi, inim, sen näme maňa beýle görkezme berýäň, islesem dollar satjak, islesem frank, islesem dünýäň puluny edinjek. Men olary ýörüte ýygnaýan bolsam nätjek. Ýagşam bir – diýip Gurt gaharlandy. Size «Gurduň agzy iýsede gan, iýmesede gan» - edýäňiz. - Mämmet akga, siz näçe ýyl ýatyp geldiňiz? diýip, sadaka gijräk gelen Annuş nahar iýip otyrka sorady. - Nirede ol? Düşünmedim-le, han ogul? - Nirde bor, türmede. - Ýak, inim senem-ä – diýip Mämmet aga loh-loh güldi. Enteg-ä ýatyp göremok. Hudaý görkezmesin, muny näme üçin soradyň? - Kän zat bilýärsiňiz, türmede ýatmasaňyz bulary bilmeli däl. - Häzir etraplaryň polisiýa bölümleri täze jaý gurýarlar, men şolaryň birinde ýatmaga taýýarlyk görýän – diýip, Mämmet aga soraga degişme äheňde jogap berdi, Annuş üçin ýygnap goýan şerebesini welin pürkmän durup bilmedi. - Inim, obamyzda egni bilen naw çekip ýörmeli seň ýaly daýaw ýigit bar, diwary deşip deşik edýän sary garynjalar ýaly, özüne göwni ýetýän erkekler ýatymlyk işe gidende garry-gurtuly, aýal-ebtatly goragsyz oba dara pol islän malyny alyp gaýdýar... Türme akyl berýän bolsa, şony salmalydy. Soňky gezek ýaňkyny tutanlarynda ol «Türmä saljak bolýaňyzmy» - diýip sorady. Onda polisiýa nobatçysy «Türmä girjekleriň ýaryşy heniz yglan edilenok» - diýip jogap berdi. Şol-a näçe ýatyp geldi welin gaýtam barha akly gaçýat. Akyl-paýhasy durmuş saňa öwredýär ekeni... Biz indii segseniň çalmarynda otyrys. Gözüň täze dogan guzyň gözi ýaly bolar ekeni, biri «Ýaşuly» - diýse beýle tarapyňa seredip «Hä» - diýýäň, ýat gidip barýar. Şonda-da bilýänimi gysganman öwredýär, sorag berdikleriçe köňlümde tüweleý turýar... Bopba batyr, senem oragyňy taşlada, agarana geç. Seljuklar ony esgerlerine berer ekenler. Ajan agaran aýagyňa täze tigir oturdylan ýaly edýär-de ruhlandyrýar, gözüňi ýiteldýär, kelläňi gowy işledýär, gowy ýerem adam üçin zyýanly däl. - Ýene bir gowy ýeri-araga berşiň ýaly pul sowup ýörmeli däl diýsene Mämmet akga – diýip, Hydyr haýran goşuldy. – Bir çüýşäň puluna bir aý agaran içirjeg-ä men, haýranlar galarsyň. - Belany içersiň – diýip Bopba batnyksyz sögündi. Seniň ol aždarhaňdan agaran-a däl, malyň tezeginem alyp bolmaz... Muňa oglanlar gülüşdiler. Hydyr haýranyň garagözelek, etli, ganly, dözümine bäs gelip bilmeýän, ýamanja aýaly bardy. Oňa towugynyň bitinem özüne çöpledýärmişin diýýärdiler, bir desse ýorunjany ýigrimi towuga, dört goýna, bir sygyra ýetirýärmiş, imen dessäni taýaklap, pürüne kepek garyp gaýnadyp towuklaryna berýämiş, olar temegini galdyryp «Hezille bi» - diýip gygyryşýamyşlar, ýapragy alnan bedäni goýna, düýbüne başga zatlary garyşdyryp sygryna berýämiş özem onuň mallaryndan semiz sagat mallar ýokmuşyn diýýädiler. Bularyň dogrulygyna güwä geçip bolmasa-da haýranlylaryň erteki otarmany halaýandyklaryna güwä geçse boljakdy. - Bopba akga, daýzamyň göwnüne degjek bolup durmasana, daýym öýkelär – diýip Mälik güldi. - Dogrymy aýtmasam, meňki bolanok, üstesinede kelläm şatylap dur. - Sen bir daýaw adam ahyryn, daş ýaly gatyrak, böwen ýaly giňräk bolarlar, Bopba daýy. - Ýok, ýegen, giňräk bolmasyn, diýsin şol namartaý, neşderini soksun, onuň dört tarapyndan gapy açaýmaly kellesi bar! – diýip, Hydyr haýran hüňürdedi. Hydyryň jogabyna oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. - Düýäni daýzam sagýarmy? – diýip Mälik sorady. - Hawa, daýzaň sagýar. Jylawy taşladym diýsemem entejik gujurym gaçanok. Onsoňam aýalym şildirim şap däl, guba gelindir... - Aýalyň sagýan bolsa bolýa – diýip, Mämmet aga söze goşuldy. - Meň kiçi gelnim... Wah, gapysyndan garajak ýerim däl welin, nädeýin, oglum gaş kakyşansoň garagym akan ýaly almaly boldum. Gelin boldy, gaýdyp geldi. Görsem bileni-biteni boý-başyny bezemek. Her kim näme, gelinli dagy bolansoň ony-muny etdirjek, nan bişirdip sygyr sagdyrjak. Ony-muny et diýip oturtmajagyna gözi ýetensoň özünden bilip bir gün sygyr sagmakçy boldy. Birden «taňk» edip bir ses çykdy. Çykyp görsem gelniň her zady bir ýerde. Elini ysgap duran ýuwaş janawerdi welin, bilmedim, sypatdyr-syratyny halamadymy, ýa emjeginden edil janagyryly ýaly çekeledimi ýa-da üýtgeşik atyr ysynamy, garasaý bir zadyn-a halaman aýagyny aýlap goýberipdir. «Sygyr menden gorkýar» - diýýär. «Höwlüm, janym» - edip ony özüňe ymykdyrmakdan-a geçen, asyl soň onuň töwereginde-de görünmedi... Ine onsoň Zeňňi babany çagyryp özüm baraýmasam goňşular sagyp süýdüni alyp otyrlar, çig gaýmagyny iýmeli bolsa tapylýar. Düňňüle-dä! Mydam kölegede, üstüne gün gelse-de bitini çöpläp oturan gyrnak ýaly. - Nätjek-dä. Mämmet akga, ogluň söýüşen bolsa oňuşmaly borsuň, men-dä çagada ýok, sygyram... Ýöne aýalym sygyr sagyp bilmese, janymak bolmasa bellisini basym ederdim – diýip Bopba janykdy. - Kakam pahyr gahary gelende gara öýüň daşyna üç gezek aýlanyp «Bäh, imansyz gahar aýryldow» - diýip gapydan ýylgyryp girerdi. Döwletmyrat, inim senem gaharyň gelse şeýt. Gahar kapyrdyr, sowukganly bol, bilmeýän zadyny aýalyňa öwret, düzet. - Bopba çyn adynyň tutulandygy üçin Mämmet aga mähirli seretdi. Dogrusy çyn adyny onuň özem bilenokdy. Babasy Baba, Babam diýdi, çagalar «Bopba» - diýdiler, şol adam galyberdi. - Kakam pahyr pylan işi et diýmezdi. – diýip Mämmet aga sözüni dowam etdi. – Ýöne bir işi bitirmeseň «Adam ozal doglup, doglup doglar» - diýerdi. Ine onuň bar käýinji şeýledi. Annamämmediň kakasy Aman aga welin otsuz gara taňkany gaýnadyp duran gaharjaňdy. Şol sebäplem Aman tüňçe diýerdiler, derrew taňka ýaly lasyrdap gaýnardy, ýöne soňam ýokdy, neressäň... Ogly Annamämmediň edil kakasy. Şol wagt Üçajy demir ýol duralgasyndan otly jaňynyň sesi geldi. - Gör, gör, eşitdiňizmi? Näme diýýänime düşündiňizmi? Otly ugramazyndag öň «Ýolum boşmo-oo-ow» - diýip gygyrýar, häzirem tanyşym, bilişim, tanyşym-bilişim diýerde ugrar. Haýranlar galaýmaly diýip Hydyr haýran doňuz diňini saldy. - Haýran akga, bagyşla, Hydyr akga, otly türkmençe bilýärmikä? Onuň kakasy ors ahyryn – diýip Saparmyrat degişdi. - Orsça ol «Ýa bo-o-ýus. Ýa bo-o-ýu-ýu-s» - diýýär... Hol asmanda pel-pelleýän torgaý guşy diňle, ol «Allatagala» - diýip durandyr görseň, gowy diňleseň diýýändir, hüpüpik bolsa «Iki at ýok» , «Iki at ýok» - diýer, gumry kepderileri çaga sesi bilen «Eje, suw» , «Eje suw» - diýip gurruklaýandyr, bala-çagasy uruşda zatda galypmy, şol owaz ýaňlanyp durana çalymdaşdyr, haýranlar galarsyňyz. - Bä-ä, dogrudanam şeýle aýt, çypbakaý çynym, şeýle diýip Saparmyrat ýylgyrdy. Ulag sürüjiler Möjek aganyň başda durmagynda holl beýleräkde oturyp Arslan atyjynyň berýän gürrüňlerini diňleýärdiler, ondan beýleräkde lebaply, daşoguzly oglanlar çörek iýip otyrdylar. Oglanlaryň gürrüňini diňläp oturan Sapa sagadyna seretdi-de, ýerinden turdy. - Adamlar, sadakaňyz kabul bolsun. Enjamyň kem tapman ymykly işledigi bolsun, ýanyňyzda näler boljak welin gyssagly iş çykdy... Gyş gelýär. Tagtabazaryň ilatyna gaz berdik. Şol möhüm wezipe maňa tabşyryldy... Görüp gaýtjak, Mälik, Hydyr aga siz meni ýüňsakgal edesiňiz ýok-la. Şu ädimiňizi gowşatman dowam etdiriberiň. Sorag ýüze çyksa bu ýerde baş hünärmenim galýandyr – diýip, oglanlar bilen hoşlaşdy. | |
|
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -13: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Derbi dagyn: Morozka - 22.07.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |