16:43 Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy | |
ON BIRINJI BAŞ
Romanlar
Täzegül bu gün gulagyňy kesip dursalaram aýrylyp bolmajak tagamly süýtli zowala bişirdi. Işden ýadap gelen oglanlar hezil edip iýdiler. Gurt üçin bir okara aýyrdy, emma bu gün näme üçindir ol nahara gelmedi. Gyssagly işi çykypdyr. Hemmeler iýip bolanyňdan soň ol eşiklerini garaýag edip ýetip geldi. Täzegül nahary täzeden gyzdyryp onuň öňünde goýdy. - Eşikleriňi ýuwmaly bolsa aýdaýgyn! – diýip, ol Gurduň edil öňünde oturyp nahar iýişine syn etdi. – Arkaýyn Iý! Az bolsa ýene-de guýup bereýin. - Ýok, bolar! diýip, Gurt agras jogap berdi. - Puldan kösenseňem aýdaýgyn! - Bulamakçym täze okuw ýyly ýetip geldi, çagalara eşik almaly diýýär, aýlygam berenoklar! - Bermeseler gysylmagyn! Men häzir – Täzegül aşhanadan bir bölek puly getirip onuň öňünde goýdy. – Al, ertir gaýdýanlaryň biri bilen öýüňe ugrat, kösenmesinler. - Täze sen maňa öňem köp kömek etdiň. Men alyp biljek däl! – diýip Gurtgözüni jerreltdi. - Almasaň meni öýkeledersiň! Onsoňam çagalar egin-eşiksiz, depder-kitapsyz nädip mekdebe barsynlar!? - Aý, öz-ä birhili-ow! Aý, ýok-la, almaýyn! - Al, meniň pulum bar! Bu gün saňa gerek, mende bar, ertir maňa gerek sende bolar. El-ele berer, iki el ýüzi diýipdirler. - Aý, bolýa-da! Bu kömekleriň bolmasa nädip günümi görjegimi bilemok men-ä. sen doganymdan eziz! Bilmedim, bu ýagşylyklaryň aşagyndan nädip çykjagymy! - Sen ony pikir etme! Işiň bitenini bil, çagajyklaryň begenenini bil! Täzegül janykdy. – Ýene-de pul gerek bolsa aýdaý! Çekinme! – Täzegül diýip duran sözlerine özem geň galýardy. Onda artyk ýeke teňňe ýokdy, häzirki pulam ol Çarydan karz alypdy. Onuň gözüne Gurtdan başga hiç bir zat, pulam, adamam görünenokdy, günde bir gezek görse-de edil berre guzynyň çekdirmesinden doýan ýaly bolýardy, daşyndan seretse-de oňýardy, şonda ýüregi ýerine gelip, gije rahat ýatýardy. Käte Gurduň işi köp bolup nahara gelip bilmese, özi maşyn tapyp ýörüte nahar eltip gaýdýardy. Adamlar onuň bu häsiýetine ýüregi ýuka, işgärleri edil dogany ýaly görýän, örän adamkärçilikli adam diýip baha berýärdiler. Oňa başgaça Baha bermek mümkinem däldi. Ol bir gezek Gurdy jaýynda hem ýatyrdy, özi bolsa naharhanada oturyp geçirdi. Gurt onuň düşeginde ýatyp, berlen nahary iýip, içenden bu zatlar ýöne bolaýmalydyr diýip pikir edýärdi, «Täze, bu ýagşylyklaryňy men nädip ýerine salarkam» - diýýärdi. Ikiçäk galsalaram henize çenli söýgi barada ýagşydan-ýamandan dil ýarmandylar. Täzegül ol gürrüňi diňe erkek adam gozgap bilýär – diýip hasap etse, Gurduň ýüreginde söýgüden nam-nyşan ýokdy. Täzegül oňa aýal dogany ýaly bolup görünýärdi. Gaýtam şeýle asylly, gowy maşgalanyň bagty açylman gezip ýörşüni diýip, Geň galýardy. Hiç mahal söýgi barada gürrüň gozgamansoň Gurduň perwaýsyz garamagyna ol aňry ýany bilen düşünýärdi, ýöne Gurduň ony aňmaýşyny diýsene! Täzegüliň gepinden, gatnaşygyndan, galyberse-de, hyrydar gözlerinden özüne bolan duýgyny sözsüz aňmaýan adama nähili baha berjegini biler ýaly däldi. Täzegül şol arzyly gün geller diýip köp garaşdy. Ilki Gurt öýlenýänçä garaşdy. Öýlenenden soň bolsa... Täzegül üçin ol günleri ýatlamak diýseň agyrdy. Şeýle bir agyrdy welin... Täzegül Gurdy ugradyp gap-çanaklary ýygnady, arassalady, töwereginde hozanaklap ýören Çarynyň kömegi bilen ertirlik naharyň taýýarlyk işlerini gutardy. Soň ýadaw halda ýerine geçip ýatdy. Ýöne Gurduň keşbi gözüniň öňünden gitmedi, şonuň bilen birlikde özüniň betbagtlygyny onuň aýalyndan gördi. Bir gözel ol düýşünde Gurduň görk-görmegi ýerinde bolan aýalynyň ýakasyndan tutdy. «Sen meniň bagtymy elimden aldyň!» - diýip, sögüp, masgaralaýarmyka diýýär! Oýanaňda herekedinden özi utanyp ýere girjek boldy. Şondan soň welin özüniň ähli ýigrenjini diňe şol aýala gönükdirdi. Bir tarapdan o görgüli günäkär däl ahyryn. Ol Täzegüle görä aýgytly hereket edipdir. Gurduň ejesine ejesini iberip duýgusyny syzdyrypdyr. Gurduň ejesi başga biri bilen gatnaşygy bardyr öýdüp ogluna «Göz öňünde tutýanyň bar bolsa aýt, ýogsamam rugsat ber maňa» - diýipdir. Gurt «Aý, özüňiz gowy bilýänsiňiz» - diýip jogap beripdir. Şeýlelikde ejesiniň aladasy bilen guda bolupdyr. Täzegül şol döwürlerde öýünde bolan bolsa gudaçylykdan soň arasy bary-ýogy bir aý dowam eden toýuň bolaryndan bolmazy ýakyndy. Täzegül onda aýgytly hereket ederdi, ýöne, edil şol günler olaryň maşgalasyny aýraçylygyň ýowuz bulutlary gaplap alypdy... Hawa, Täzegül şol gün birnäçe wagtlap Gurduň didaryna zar bolansoň, gussaly gözüni bir nokada dikdi, «Allajan! Adyňa döneýin, başym gurban Allajan!, Ýalbarýan! Gudratyň çäksiz. Ýeri, asmany, dünýäni, şu görünýän zatlary döreden sen! Maňa kömek et! Saňa bir kiçijik haýyşym Gurduň köňlüne söýgimi ýetir! Goý, ol gelsinde: Men seni söýýän!» - diýsin! «Gudraty güýçli Taňrym! Ýalbarýan! Aşyklaň piri Zylyha meniň şujagaz islegimiň amala aşmagyna goltgy ber! Ýoluňa bir towuk! Kömek et» - diýip, öýünde ýatyrdy. Tötänlikde ýoldan geçip barýan Çara gözi düşüp daşary ylgady. - Çary! Aýu, Çary! Biraz saklansana! Çary içi azykly bukjasyny bir elinden beýlekisine geçirip ýylgyrdy. - Täzegül, hyzmatyňa taýyn! - Kyn görmeseň horaz soýup ber! - Aýdýanyň näme, Täzegül! Biri göwnüme degdi diý, şonuň tepbedini okaýyn! Ýa-da holl gbläni soý diý! - Ýok,la, oglan! Beýdip dünýä gan çaýkajak bolup durmasana! - Hany, görkez şol horazyňy? - Horazy soý! Nahar edýänçäm öýüňe baryp gelersiň! Sen şu günki towukly palawdan iýmeli. - Iýmämde bolanokmy? - Bolanok! - Ýeri bolýa-da! – diýip, Çary towuk ketege tarap ýöneldi. Towuk soýuldy. Çary öýüne gidensoň Täzegül palawyň ugruna çykdy. Şol gün Çary näme üçindir gara bermedi. Garaşyp-garaşyp giçlik nahar edindiler. Gün ýitije şöhlesini gyzardyp topbajyk-topbajyk bulutlaryň aňyrsynda gizledi. Gije, çyralaryň ýagtysy öz hökümini ýaýratdy. Täzegül tama ýaplanyp çaý içýärdi hem-de göwün kölünde guçýan pikir derýasyna gark bolup söýgüsini akyl eleginde eleýärdi. Söýgi! Gör, nähili ýakymly, beýhuş ediji duýgy! Ol duýgy adamyň süňňüni gurşap alanda onuň gadamlary ýeňil gopar ekeni. Göz öňünde Gurduň keşbi! Hon-ha ol ýylgyrýar, oňa nämedir bir zatlar diýjek bolýar! Emma diýip bilenok! Wah, ol şol ýygralygyndan saplanyp biljek däl-dä! Ýüzüni sallap dur! Täzegül şonda-da onuň keşbine, sadalygyna guwanyp iki bolup bilenok! Hyýallarynyň jylawyny sypdyryp göwün solpudan çykdy-da ol radionyň nurbadyny towlady. Onda owgan urşy barada gürrüň berilýärdi... Eý, Hudaý, uruş bir bolmasynda janlarym! Täzegül eýýäm bu uruş zerarly Gurtdan howatyrlandy. Watanyň Garaşsyz, baky Bitaraplygyna gözi ýetsede Gurt bilen özüniň toýunyň şol galagoplyk zerarly bozulmagyndan howatyrlandy. Şeýdibem, giç agşam ýorganyna girip uklap galdy. Täzegül gije biçak erbet düýş gördi. Eger türkmen düýşüniň ýorgudy dogry bolýan bolsa... Ýok, Täzegül kän bir düýşe pitawa ynanyp ýören gyzam däldi welin... Hawa, ol düýşünde Gurt bilen durmuş toýuny tutýarmyka diýýär. Şeýle bir adam köp welin çöp-çörde san bar, olarda hasap ýok. Daýy-daýzalar ýetişibildiklerinden gollaryny çyzgap, gazana ot salyp nahary gaýnadýarlar, gazanlaryň içi gyzyl etden doly, şonda-da soýulýan goýunlaryň hetdi barda hasaby ýok!!! Ertesi sussypes halda oýanan Täzegül saman kepbeden ot alyp sygyrlaryna dökmek üçin daşary çykdy. Ol agşamky düýşüni ýatlamakdanam gorkýardy, ýöne düýşüniň şol wakanyň hut şu gün aýylganç hakykata öwrüljekdiginden bihabardy. Täzegül ot alyp çykdy weliň daňyň ümüş-tamyşlygynda bir maşyn gelip olaryň gabadynda saklandy. Maşyndan çykan adam: - Pälwan agaň öýlerimi şu? – diýip, sorady. - Hawa! - Ýaşulynyň özi barmydyr? - Öýdedir. - Daşary çyksyn. Täzegül öýe girip ertirlik namazyny okajak bolup durun kakasyny çagyrdy: Pälwan aga gelen adam bilen salamlaşdy, gepleşdi. Soň ony ugradyp Täzegüle – Gyzym, ejeň ýatakdadyr aýt, çalt gelsin! – diýdi. Täzegül ejesine aýdyp geldi. - Gurbansoltan, agaň ýaranok diýip habar geldi! Şu gün gitmesek boljak däl! Pälwan aga aýalyna habaryny mälim etdi. Bu habardan soň howul-hala bişirilen süýdi iýmek nesip etmedi. Olar jaýa, mallara göz-gulak bolmagy goňşularyna tabşyryp gyssagly ýola çykdylar. Täzegüliň daýysy Baýgeldi ussa adyny göterýärdi. Ol ýolagçylary gatnadýan maşynyň sürüjisi bolup işleýärdi, eliniň boş wagtlary bolsa dutardyr, gyjak ýasamak bilen meşgul bolýardy. Onuň sünnäläp ýasan gurallary uly islegden peýdalanýardy. Atly bagşydyr sazandalar onuň ýasan guralyny höwes bilen edinýärdiler. Baýgeldi ussa bu hünärini ata-babasyndan öwrenipdi. Onuň garry atasyna Gulgeldi ussa diýerdiler. Onuň döreden «Gyzdurdy» - diýen sazy biziň günlerimize gelip ýetipdi. Zehinli Sahy Jepbar ömrüniň soňky pursatlary Baýgeldä duşup «Men Gulgeldi ussanyň yzyny gözledim, ýöne wagtynda tapyp bilmedim» - diýipdir. Gulgeldi ussa ogly Baýgeldi bilen Gökdepe urşunda döşüni gerip çykan gerçekdi. Gökdepe galasynda olja alnan ýekeje saryja top bardy, şol top üçin olar goýnuň gumalagyndan däri ýasan duşmanyň garşysyna ok atypdyrlar. Söweşde Gulgeldi ussanyň aýaly olaryň ýanynda bolupdyr. Olar iň soňky demine çenli söweşip şol ýerde gurban bolupdyrlar, kelleleri alynyp gidilensoň üçüsiniň jesedem kellesiz jaýlanypdyr. Şol uruşda «Orsuň ýüzüni görmek size aýypdyr» - diýip gyzlary aýallary dagyň içinde gizläpdirler. Gizlenenleriň içinde Pälwan aganyň garry enesi hem bolupdyr. Ol ölmänkä «Bizi üçgümmez dagynda gizlediler. Şol ýerde Göroglynyň mazaryny gördük» - diýip gürrüň beripdir. Ondan «Sen näme üçin bu habaryňy gerekli ýere aýtmaýarsyň!» - diýip soranlarynda ol «Men iki aýagymy göre sokup oturan garry, kim meniň bu sözüme ynanar? Ýöne mazaryň barlygy çyn» diýenmişin! Täzegüliň babasyna Şükür Durdy diýerdiler. Ol Aşgabatda ýerleşýän egirme-dokma fabrigiň düýbüni tutanlaryň biri bolupdyr, goşgy hem goşýar ekeni. Täzegül onuň köp sanly goşgularyndan diňe bir topbagyny ýatdan bilýärdi. Änewiň bagy bakjasy, Açylsyn gülli gunçasy, Dik saraýly, giň köçeli, Hazana-weýrana döndi Şüküriň jemi ýigrimi çagasy dünýä inipdir, Emma 18-si ir ýogalyp diňe ikisi, Baýgeldi ussanyň ady dakylan Baýgeldi bilen Täzegüliň ejesi Gurbansoltan galypdyr. Ine, häzirem Täzegül şol daýysynyň keselini soramaga barýardy. Täzegüliň mamasy bilgiç bolup şol tutha-tutlyk ýyllarynda köp adamlary ölümden alyp galanmyşyn. Çary Koran diýen bir alym «Sen meniň halasgäris, aýal doganym» diýip mamasy bilen ölýänçä gatnaşypdyr, sebäp ol bilgiç bolansoň «Şu gün seniň öýüňi dökmäge gelýärler, derew gaç» diýip ony ölümden halas edipdir. Altmyşynjy ýyllarda onuň mamasy şol wagtky raýonyň birinji sekretarynyň ýanyna baryp «Sen biziň başlygymyzy işinden aýyr, ýogsam, şu gije men ony öz elim bilen bogup öldürýän! Sebäbi ol ýaş gelinleriň namysyny depgilemegiň kül-külüne düşdi» diýen talaby goýupdyr hemde başlygyň şol gün işden aýrylmagyny gazanypdyr. Ine, Täzegüliň mamasy şeýle aýal bolupdyr. Täzegül daýysy Baýgeldi ussanyň sadadan ýumşaklygyna, adamkärçiligine, hoşgylaw, süýji dilliligine haýran galýardy. Henize bu güne deňiç onuň agzyndan sögünç diýen zadyň çykanyny eşiden ýokdy. Ol Täzegüle mydama «ýegenjigim» diýip ýüzlenýärdi. Gezmäge baranda dagy niresinde oturtjagyny bilmezdi. Ol bir gezek Täzegüle Gulgeldi ussanyň «Gyzdurdy» sazynyň döreýiş taryhyny gürrüň berdi. - Garry atamyz täze düzen sazyny obadaşlaryna çalyp berip otyrka iki gyz guýydan suw almaga gelipdir. Olar sazyň hoş owazyna, melul ediji labzyna aşyk bolup durupdyrlar. Täze mukam olaryň kalbyny gurşap alan bolmaga çemeli, biri hasam uly gozgalaň tapypdyr, sebäbi guýydan çekip alan suwuny küýzesine däl-de bir gapdala guýup dursa nätjek?-ä Gyzlaryň ýürek oduny ölçerip bilen täze mukamyň güýjüni diýsene! Iki bedre suw çekip çykarsa-da küýzesine bir owurt düşmedik gyzyň kalby şirin owaz bilen derdinişýärdi. Iň soňky kakuwdan soň gyzlar boş küýzelerini göterip gidermen bolýarlar, şonda düşen ýagdaýlaryna göz ýetirip «waý-da, waý, toba» boluşyp küýzelerini täzeden doldurmaga başlaýarlar. Mukamyň jadylaýjy owazlary kalplaryny gaplap alan mähelle bir salym dymdy. Soň olardan biri «Bu mukamyň ady nämedir?» diýip ussatdan sorady. Onda usat «Sazyň ady belli boldy, a-na iki gyz saza melul bolup gidibilmän dur, goý ady «Gyzdurdy» bolsun» diýipdir. Ussadyň başga-da sazlary köp bolan, ýöne olar şonuň özi, ogly bilen bile gidipdir. «Sen ýegenjigim, garry enemize meňzeş, häsiýetiň dagy ediljek özi! OL pahyr haly dokapdyr, şaý-sep ýasapdyr, saz çalypdyr. Senem sazdan öňňesini başarýaň! Tüweleme, Hudaý köp görmesin, bagtyňy açyk etsin!»… Täzegül şol wagt daýysynyň beren gürrüňlerini ýatlap bilenokdy, ýogsam ol wakany şeýle bir çeper sözler bilen beýan edipdi welin çeniň-çakyň däldi. Özi barada eden dilegine şol wagtlar üns bermedik hem bolsa häzir ol kellesinden çykanokdy. «Bagtyňy açyk etsin!», «Bagtyňy açyk etsin!». Gör nähili ajaýyp sözler! Göräýmäge bir çuň manny ýok ýaly, emma Täzegül kem-kem bu sözüň aňyrsyna düşünýärdi. Daýysy hut Täzegüliň ruhy dünýäsine aralaşan ýaly bu dilegi bilip diýipdir. Ol diňe bagtynyň açyk bolmagyny, ýagny, köňül beren ýigidi bilen durmuş gurup bagtly ýaşamagyny arzuw edipdir. - Ah gyz, gözüňe gözle! – ejesi ýoly kesip geçjek bolanlarynda onuň elinden tutdy. Olar Mary şäherine gelip otla garaşyp durmadylar. Baýa minet, puluny berseň maşynlar hatara düzülip durdy, öňküler ýaly kösenip ýörmeli däldi. Aşgabadyň Köşi obasynyň gündogar köçesine gelenlerinde wagt günorta bolupdy. Baýgeldi ussanyň işiginde dogan-garyndaşlary ýygnanypdy. Asyl Baýgeldi pahyr olaryň gelerine garaşyp ýatsa nätjek! Aýal doganyny, ýegençesini görüp «hyrk» etdi-de jan beräýdi... Täzegül Baýgeldi ussanyň kyrkyny sowýança ejesi bilen bu ýerde galdy. Şunça wagtyň içinde ol daýysy barada öň eşitmedik gürrüňlerini eşitdi, bilýänleriniň üstüni ýetirdi. Gökdepe urşundan soň orslaryň ýurda eýelik etmegi bilen Gulgeldi ussanyň kowumlary gün görmändirler. Orsyň garşysyna gidenler diýen tagmasy bolansoň olara hiç ýerden iş-wezipe berilmändi. Baýgeldi ussa ýiti zehini bilen hasapçylykdan ýokary bilim alan hem bolsa iş bermändiler, şol sebäplem maşyn sürüp çagasyny eklemeli bolupdy. Ýurduň Garaşsyzlyga eýe bolmagy Baýgeldi ussanyň begenjini hasam artdyrdy. «Orsuň elinde yzarlanyp gün görüp bilmedik, indii Garaşsyz ýurdunda men şol horluklary göresim gelenok» diýip ol Garaşsyzlygyň ilkinji güni üç günläp toý etdi, maşynyny taşlap öz ugrundan iş gözledi. Emma baran ýerinde «Bize ýaş hünärmenler gerek» diýdiler. Şu ýerde ol birhili aljyrajak, zeýrenjek ýaly etdi. «Meniň näçe arka kowumlarym şu Garaşsyz ýurt diýip janyny berdiler, indi bolsa maňa ýönekeýje hasapçylyk işi hem ýetenok» diýdi. Olam ony edip durmady. Bir kiçijik wezipe üçin uly adamyň wagtyny alyp durmagy uslyp bildi, ýene öňki maşynyna atlandy. Baýgeldi ussanyň kyrkyny sowup Täzegül ejesi, kakasy bilen öýüne gaýdyp geldi. Daýysynyň ölümi Täzegüliň kalbyny sarsdyrdy, ýöne-möne bolmadyk bu aýralyk tohumyň täji saýylýan gerçegi alyp gitdi. Dogry, suwy gysymda saklap bolmaýardy, ýöne her zatda bolsa daýysy zähmediniň hözürini görüp, çagalaryna Garaşsyzlyga guwanyp ýaşamalady ahyryn! - Ene ataň ýüregine ýara salmaly diýip zäherdenem ajy şum habary gyzyna aýtmajak bolupdylar, soňam «ýeke özi galyp habary eşitse gaty erbet bor» diýip ýany bilen alyp gidipdiler. Belki şol sebäplidir ejesi özüni aklajak bolýan ýaly: - Gyzym, sen gaty horlandyň! Boljak iş boldy! Men seni ýanym bilen alyp gitjegimi, gitmejegimi aňymda aýlap köp pikir etdim! Äkidip ýalňyşypdyryn balam! – diýip aglady. Täzegül daýysynyň telärlerinden üzüm ýolup iýişini göz öňüne getirip, gözünden katra-katra gözýaş dökdi, elhenç düýşüni ýatlanda bolsa gaty gorkdy. Süňňi bir ýere sygman durky bilen galpyldady, ähli zatdan doýgun ýürek iki ýana urundy! Özüne näme bolsa-da wah diýjek däldi! Şeýle bir sussy peslik aralaşdy welin ol şu güne çenli syr berip syr alyşýan jan berip jan alyşýan, begenjine, gynanjyna goşulýan janköýer jorasynyň ýokdugyna gynandy. Eger-de bileje gezip çekeleşip ýören jorasy bolanlygynda, Täzegül Hudaýlygyny sözleýär, kä wagt durmuşda şular ýaly bişow bir zada gabat gelende içini döküp agyr ýüküni ýeňledip bilýärdi ahyryn! Dogry, Şirin bardy. Ýöne öz içki syrlaryny aýtman gezip ýörensoň Şiriniň gatnaşygy sowukdy. Ejesi Täzegüliň ýanyndan aýrylman «Gyzym, daýyňy pikir edip oturmagyn, oň gynanjyny kakaň bilen men aldym. Gynananyň bilen daýyň gaýdyp gelenok! Beýniň beketmedik halyňa zyýan bir tapynaýma! Göwrümiňi giň tut! Zady pikir etme! Juma göwni çökgün ýagdaýa sezewar bolsaň aýylganç kesele-pikir saraltma uçrarsyň! Boljak iş bolansoň gaýgyň zerre peýdasy ýok. Bir ýerde gynanmaly bolsa men iki paý aldym» diýip sargaýardy. Bu zatlaryň üstesine-de Täzegüle ýene bir aýylganç habar garaşýardy. Gurt öýlenipdir. Ony öýeripdirler. Täzegül bu habara ynanmajak boldy. Emma jorasy onuň dogrulygyna güwä geçdi. Täzegül ony içine sygdyryp bilmedi. «Öýlenipdir! O nähili öýlenipdir! Nädip öýlenipdir! Näme üçin öýlenipdir? Näme üçin oňa däl-de başga?!» diýip samrady, soraglara düşünmän uly ili bilen gülüp goýberdi. Guldi, güldi... yzyndanam aglady, erbet aglady. Ejesi ony köşeşdirjek boldy. - Guzym, daýyňy gowy görýänligiňi bilýän. Ýöne, öleniň yzyndan ölüp bolanok, aglanyň bilen yzyna hem getirmersiň! Goý, sesiňi goý. – Ejesi Täzegüliň elini eline aldy. – Ine, aýaňy synlaýan welin bir enaýy! Saňa gowy günler garaşýar, guzym! Sen bagtly bolarsyň! – Ejesi hem mamasy ýaly ähli zady öňünden aýdyp bilýän bolaýdy. Täzegüliň ýadyna düşýär, ýaňy 12-13 ýaşlarynda ýarawsyz ýatanda ejesi onuň aýasyna seredip – Sen uzak, bagtly durmuşda ýaşarsyň, balam! Aýaňdaky yzlar ýeriň göwsüni üöwüsýän kündäň yzy ýaly çukur we giň! Ortada azajyk ýitjek bolýar, Ýene dowam edýär. Hemmämiz şular ýaly Hudaý tagalanyň aýasynda durandyrys! Gudraty güýçli gel diýdigi gidibermelidir! – diýipdi. Täzegül şonda ejesiniň meňzetmesini Gurduň ýer sürüşine deňeşdirip görüpdi. Aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän giň meýdanda maňlaýdaky, aýadaky çyzyklar ýaly ýeri sürýän traktor, asmandaky bulutlar, Gün, Aý, ýyldyzlar – bularyň bary ilki bilen Täzegüliň aýasynda öz keşbini tapyp soň Taňrynyň aýasyndaky ornuna barýardy. Şol wagt Täzegül ejesiniň aýdanlaryna üns bermändi. Indi welin hakykatdanam ykbaly şol aýadaky yz ýaly ortada ýitip barýardy. Belki bu ir ölüp gitmegiň alamatlarydyr? Ölüp gitmek – dünýäden ýok bolmak diýmekdir! Gurhanda aýdylyşy ýaly ol Ezraýyl atly jan algyjyň üsti bilen amala aşyrylýarmyşyn. Wagtyň dolanda gelermişinde janyňy alyp gidermişin! Täzegül şu wagt äpişgäniň agzynda, gözüni bir nokada dikip Ezraýyla garaşýardy, özem ol hökman äpişgeden gelmelidi. Eger şeýle bolmaýan bolsa onda näme üçin daýysy ölen güni äpişgeden ýüplük çekip onuň kepenini tikdiler? Näme üçin? Belki bu alamat «Sen almytyňy aldyň, indii bu äpişgeden /öýden/ eliňi çek!» diýip jan algyja adamlaryň berýän duýduryşydyr. Täzegül welin häzir aýasyndaky yza durmuşyna seredip ölüm pursatynyň gelendigine ynandy, ölesi gelen ölüp bolanokdy, aýasyndaky çyzyklaram üýtgäp baranokdy. Bir gün ol Gurda niýetläp tiken keşdeli tahýasyny, ezýaka köýnegini oda atdy. Tahýa durşy bilen ýandy, Emma ejesi köýnegi otdan çykaryp ýetişdi, bir ýeňi ýanan ekeni. - Guzym, saňa näme bolýar? Aýt ahyryn! Aýt, ejeňe, ýüregiň giňesin! Ýöne aglap ýörsüň! Hiç ýere çykaňok! Hon-ha, bile okan ýoldaşyň Gurt öýlenipdir, gutly bolsun diýeňok! – Şondan soň-a Täzegüliň horkuldysy öňküleriň çakynda hme durmady. Gurbansoltan eje gyzynyň beýle ýagdaýa düşmeginiň esasy sebäbini daýysynyň ölüminden görse-de, başga sebäpleriň barlygyny-ýoklugyny anyklamak üçin oba aýlandy. Emma zat bilip bilmedi, diňe «Häzirki döwrüň ýaşlary garrylara ýüregini açanoklar!» diýip oňaýdy. Çary, Gurt, Şirin ýaly bile okan ýoldaşlary hem Täzegüliň bu bolşuna düşünmediler. Gurt gaýtam «Toý gutlamagada gelmedi» diýip öýkeleýär. Çary bolsa işden geldigi her hili gürrüňler bilen Täzegüliň göwnüni açjak bolýar, jogap eşitmänem öýüne gidýär. Şirin eliniň boş wagty jorasynyň ýanyndan aýrylmaýardy. - Jora, öleniň yzyndan beýdip ýörmek gowulygyň alamaty däl! Özüňe zor salsaň saglygyňy ýitirersiň, keselli bolarsyň. Keselli bolsaň sen kime gerek? Ýör, gowusy şähere gezmäge çykaly, dükanlara aýlanaly gözel ýerlerine syn edeli! Şäher şeýle bir gözel keşbe giripdir welin, indii ony tanamarsyň diýip, Täzegüli ýany bilen alyp gitjek bolýardy. Emma başartmaýardy. Her zatda bolsa bir gezek Gurbansoltan ejäniň kömegi bilen Täzegüli şähere alyp gitmek oňa başardypdy. Derýanyň geçelgesine ýetenlerinde Täzegül Gurt bilen bolan duşuşygy ýatlap, indem ondan mydamalyk el üzmeli boljakdygyny göz öňüne getirip aglady, derýanyň batly akýan suwuna özüni oklasy geldi. Şirin ýalbar-ýakar bilen ony zordan öýüne alyp geldi. Täzegüliň ýüregi içine sygman, gysylyp-gysylyp bir gysym boldy, indem böwsüp çykjaga çalymdaşdy. Perwaýsyzlyk süňňüne ornaşypdy, hasapsyz hereketler köpelipdi. Şol bir nokada seredip uzynly gün ýatyrdy. Kellesi güwläp misli bir taýak bilen urlan ýalydy, gözýaşy kepänokdy. Ejesi gyzynyň düşen halyna bir ölüp bilenokdy. Ozalam ýalňyz doganyndan ýaňy el üzen gyzynyň näsaglygy agyr degýärdi, doga-tumar, täsir edenokdy. Pälwan aga bir gün ökde hekimi çagyryp gyzynyň saglygyny barlatdy. - Haçandan bäri ýaranok? – diýip, hekim sorady. - Daýysy ýogalanda tapyndy! – diýip Pälwan aga jogap berdi. - Çagalykda bir zatdan gorkan-a däldir-dä? - Aý, ýok! Ýadyma düşenok! - Meň ýadyma düşýär! – diýip Gurbansoltan eje söze goşuldy. - Gyzym on ýaşlaryndaka goňşymyzyň çagalary bilen mellekdäki erigiň aşagyna oýnamaga gitdi. Howa parahatdy. Birdenem güýçli tüweleý geldi. Şonda agaç orta bilinden omrulyp çagalaryň üstüne gaýtdy. Meň ýüregim ýarylan ýaly bolup ylgap bardym-da gyzymy beýleki çagalar erigiň aşagyndan çykardym. Gyzymyň omurdany çykdy, çagalar ýaraly boldular. Ýöne, şondan soň çala ýel öwüsse, çabgaly ýagyş ýagsa gyzym şeýle bir gorkup başlady welin, kakasy ikimiz hiç köşeşdirip bilmezdik. Soň çalady welin, kakasy ikimiz hiç köşeşdirip bilmezdik. Soň çala üsgürsemem tisginip oturan bolaýdy. - Çagalykda gorkan bolsa kesel galyp bilýä! – diýdi-de, hekim derman baryny ýazyşdyryp berdi. Täzegül dermanlaryň ýüzüne hem seretmedi. Uzynly gün aglap geçirdi, gijelerine erbet düýş gördi, gara basyp, derläp oýandy, ýüregi titräp ysgyn mydary galmady. Sebäp ýok ýerinden gaharlanyp başlady. Hekimiň beren ýürek dermanlary peýda bermedi. Öz-özi bilen gepleşip samrap ýörkä-de barmagyna ýara çykdy. Ýara şeýle bir agyrakdy welin yzasyndan ýaňa ýatyp bilmedi. Işdäsi bolmansoň, üstesine-de ýatyp bilmänsoň ysgynsyz halyna ýykyldy. Täzegül keselhanada özüne geldi. Sanjym baryny kabul edensoň eliniň agyrysy aýryldy, şondan soň kellesinden bir zat çakyp giden ýaly bolup başlady. Bejergileriň hiç-hili peýdasy degmedi. Asla ol bejergi hakda pikir edenokdy, daýysy gaşyna gelip «Ýegençäm, ýör, uçma gideli, sen açylmadyk bägül, jennetde jaýyň bar!» diýip goýanokdy, şeýle ýagdaýda ol «Dünýä baky gelen ýok, nebir adamlar gidýär. Allajanada daýyň ýaly gowy adamlar gerek! Onsoň öz bagty üçin göreşip bilmeýän ýygra, samsyk gyz ýaşap ýörmelimi? Hawa, bu dünýäde ýaşanyňdan ýaşamanyň gowy! Öz janyma özüm kast etmesem, Alla meni alanok» diýip samraýardy. Şu halyndaky Gurt ýadyna düşäýdigi ol demini saklap öljek bolýardy, damaryny keseýin diýse, päki ýokdy, boýnundan ýüp salyp asylaýyn diýse, şepagat uýasy ýanyndan aýrylmaýardy. Gyzyny soramaga gelen ejesi ýagşydan-ýamandan söz eşitmän aglaýardy hem-de «Wah, men bir garamaňlaý ekenim ýekeje çagama nä döw urdy-ka? Aý ýaly görmekli Täzegülüme näme bolduka? Gyzyl diýseň onda bar, köцnek ýaglyk diýseň onda bar, kakasy ikimiz bir diýenini iki aýtdyrman ugrunda hözenek! Şonda-da, dilini tapyp bilemzok» diýýärdi, ejesi giden badyna sanjym etmäge şepagat uýasy «Seň bolşuň nätüýsli gyz? Adam bolan adam heý ejeň gelende ondan-mundan söz alşyp gülşüp oturmazmy? Sen heniz durmuşa çykmadyk gyz, gaty köp pikir edýäň! Pikiriňi dargatmak gerek! Ünsüňi başga zada sowmaly. Iň bolmanda kitap okamaly. Bagtyň açylyp durmuşa çyksaň keseliňden saplanyp gidersiň!» diýip maslahat berdi. Wah, kitap okap bolýan bolsady, kitap iň ýakyn ýoldaşy, syrdaşydy ahyryn! Indi okadygy kellesi güwläp başy aýlanyp ugraýar. Ene-atanyň barmadyk, görmedik gapysy, mollasy, tebibi galmady, näçe gezek kesel bejeriji dynç alynýan ýerlere äkidildi. Emma peýda tapmady. Soňa-baka Täzegüliň eli-aýagy buz ýaly sowap, birdenem gyzyp başlady, duranda, oturanda ýer yranýan ýaly çaýkandy, tiz-tizden gahary geldi, yz ýanyndanam sesli aglady, soň erbet ýadap iki günläp özüne gelip bilmedi, ejesiniň berýän soragyna «Hawa» diýse-de, kellesi güwläp durdy, ýüregi erbet gysdy, ýeke bolanyny kem görmedi. Hekimler onuň keselini anyklap bilenokdylar. Täzegül olara «Wagtyňyzy biderek sarp edip oturmaň, barybir meniň ýaşasym gelenok! Hiç zat gözüme görnenok» diýýärdi. Höwes bilen gutaran aşpezlik okuwy biderek boldy, işläp bilenokdy, iň bolmanda maşyn bilen keselhana alyp gelenlerinde hem kellesi, ýüregi bilen sarsýardy, onsoň öňküje günündenem bolýardy. Umuman durmuşda ony hiç zat gyzyklandyrmaýardy. Barysynyň sebäbi daýysynyň ölümi, yzyndanam Gurduň öýlenmegi boldy. Eýsem ol biwepa üçin şeýle ejir çekmelimi? Eger-de jinnek ýaljak duýgusy bolanlygynda iki ýyllap keselhanadan keselhana girip ýören wagty iň bolmanda ol bir gezek Täzegüliň halyndan habar alardy ahyryn! Şeýle biwepa üçin özüni horlap, iýmän-içmän dünýäden doýup ýörmek, ynsana gelişjek zat däldi, şonda-da Täzegül ony Edip bilenokdy, ýüregi edenokdy. Onuň päkize söýgüsi ähli zatdan ýokarydy. Ýok, ýok, Gurdy biwepalykda aýyplamaga onuň hakam ýokdy. Gurt onuň söýgüsini bilmeýärdi, aňmaýardy ahyryn! Alla onuň bagtyna şeýle ýygra, utanjaň, ýaýdanjaň ýigidi saýlap beripdir. Bu ýerde onuň hereketine garaşyp ýörmeli däldi-de özi söz gatmalydy. Onam etmän keselli bolup gitdi... Daýysy Täzegüliň düýşünde ýygy-ýygydan peýda bolup başlady. Ol maňlaýyna çykyp duran çal saçyny sypalap, gök köýneginiň üstünden gaýyş ýeňsizini atynyp «Ýegençäm, sen uly gyz bolup gidipsiň, ýaňy dälmidi, suwa düşüp ýörkäň gabat gelip käýänim» diýip ýylgyrýardy. Hawa, ol ýaňy ýalydy, Emma eýýäm 10-12 ýyl geçäýen ekeni. Täzegül şonda joralary bilen günorta ýakasyndan geçýän gyralary gür bagly ýalpak güzere suwa düşmäge barypdy, oňa gyzlar ilki barsa oglanjyklar garaşardy, oglanlar ilki barsa gyzjagazlar garaşardy, ýöne bile suwa düşenokdylar. Soňa baka oglanlar ýabyň birneme günbataryndan özleri üçin täze güzer edinipdiler, köne güzer bolsa «Gyzgüzer» ady bilen galyberdi. Daýysy gezmäge gelenden öýden adam tapman ýegençisini idäp güzere gelipdi, daýysyna gözi düşen Täzegül begenjine ylgap gelip onuň boýnundan gujaklapdy. Şonda daýysy «Ýegençäm sen indii ulugyz bolup barýaň, köýneksiz suwa düşmek gelşiksiz bor» diýipdi. Häzir şol ýatlamalaryň içine girenem bolsa özünde endik bolup barýan perwaýsyzlygyň göwnüçökgünliligiň täsirinden çykyp bilenokdy. Dogrudanam bagtly ýaşlyk ýyllaryna gaýdyp getirjek gümanyň ýokdy, geçen geçipdi, geljegindenem garaşýan zady ýokdy. Indi oňa akar suwa gaçan ýaprak ýaly ykbalyna kaýyl bolup, maňlaýyndakysyny görmek garaşýardy. Aslynda garamaňlaý dogulsaň bolmaz ekeni. Durmuşyň lezzetini görmekden mahrum bolýanlygyna göz ýetirýänem, ýaşasynyň gelýänligini bilýänem bolsa indi oňa başga ýol görnenokdy, şol sebäplem göwnüne düwenini amala aşyrmaga özüni mejbur etmelidi. «Gurt sen meni ne güne saldyň? Sende ýürek bir barmy? Başga birine ýölenip nädip ýaşap bilýäň? Seni ýüregime alan günüm, seni sulhum alan günüm gelmän geçse bolmaýarmy? Köp sanly ýoldaşlarymyň arasyndan seni saýlamda gözüm gapylsa bolmaýamy? Sen meni nädip ýadyňdan çykaryp bildiň? Nädip? Maňa nähili agyr degse-de sen öz ykbalyňy başga bir gyz bilen bagladyň. Şeýdip maňa üns bermän gezmegiň sebäplerini düşündirdiň, menem sadalygym bilen senden islänje sözümi eşiderin diýip gezdim. Sen bolsa başgany ýürekde göteripsiň! Ýöne ol barada maňa duýdurmaly ekeniň-dä, duýduran bolsaň aglap goýardym, indi bolsa kelläm üýtgäýmese ýa-da ölüp dynaýmasam hasratlarymdan gutulma ýok! Sen kime öýlenseňem seni mençe söýüp bilmez ahyryn! Eý, Hudaý, bagtymy başga berip, maňa hasrat paýladyň. Bu näme etdigiň boldy? Men senden kömek isläp dilimden düşürmedim. Sen bolsa meniň päk söýgimi elimden aldyň!» «Eý, näbelli gyz, men seni tanamok, göremok, indi sen meniň köp garaşyp eýe bolmaly baýlygymy eliňe aldyň, şol sebäplem ýüregim paralanyp barýar, Alladan gije-gündiz dileg etdim. Emma meniň dileglerim peýdaňa boldy! Onuň ýüregine aralaşaňda ýüz keşbinden söýýän gyzynyň barlygyny bilmelidiň ahyryn! Bilmedik bolup baýlygymy edil ganym ogrular ýaly ogurladyň! Sen ogry, hem-de meniň ganym duşmanym! Iň soňky demime çenli seni ýigrenip, edeniň ugruna bolmazlygyny dilärin! Bu dileg ölümim bilenem gutarmaz, men seni o dünýäde hem yzarlaryn! Sen meniň bu gargynçlarymy eşidýärmiň? Ýa-da söýgümi elimden alaňsoň halkyň halyna käbir häkimleriň garaýşy ýaly, «Diýseň diýer goýarsyň-dan» diýýärmiň. Ýa-da bu ýerde seniň günäň hem ýokmy? Belki seň hem ýüregiň alany bardyr, Gurduň günäsi bilen zorlanyp dakylansyň? Belki senem men ýaly bagty ýatanyň biri bolansyň? Eger şeýle bolsa sen meni bagyşla! Ejem maňa gözümiň guwanjy, depämiň täji, aýraçylyk diýlen zatdan sypma ýokdur, adam dünýä inip Allaň beren ömrüni ýaşaýar, sanalgyň dolan güni bakylyga gidibermelidir. Öleniň yzyndan ölmeli bolsa onda adamzadyň tohumy gutarardy. Ölüm agyr zat, ýöne ony mertlerçe çekmäni başarmaly. Dogry daýyň ölümi biziň barymyzy sarsdyrdy, bagtly çagyň oňa guwanyp, bagtsyzlyga uçranyňda özüňi horlanyň bilen ölümi yzyna gaýtaryp bolmaz! Garry eneň pahyr aýdardy: «Ýüň tüýdüp, ik egirýän, soň ondan ýüplük ýasaýan, ýüplügi ýumaga saraýan, ýumak taýýar bolanda ýüplügiň ujuny kesmeli bolýan, şol adamyň ömri ýalydyr, ýüplük taýýarlamak dogulmakdyr, belli bir ölçege çenli saralan ýumak adamyň ömrüdir, ýüplügi kesmek bolsa ölümdir. Adamyň ömri ýol ýumak ýalydyr. Ykbal diňe güýçli adamlara kömek edýändir, asgynlary basýandyr, şu ýerde sen öz güýçlidigiňi hiç bir sarsgynyň öňünde asgyn däldigiňi subut etmelisiň! Diňe Alla, birem özüňe ynamyň bolmalydyr. Kimedir birine bil baglamak bagtsyzlygyň ýoluna alyp barýandyr, şoň üçinem her hili ýagdaýda hem özüňi ýitirmän gowulygyň boljagyna ynamly ýaşamalysyň! Biziň barymyz ykbalyň oýunjagydyrys. Maňlaýa ýazylandan gaçma ýokdur. Biz näme etsegem, şol ýazylandan çykyp bilýän däldiris! Adam ilki dogulanda öljek güni belli edilipdir. Köp adamlar şu zatlary bilip gorkuly ýaşaýar, käbiri ykbalynyň öňünde dyza çöküp gorkuly ýaşaýar. Daýyň ömrüni ulag münüp geçirdi, köçelerde howply ulaglar bilen galtyşman, bitiniň burnuny ganatman gezdi, Emma hiç bir howpuň ýok ýerinde, öý öýünde tarpa-taýyn ölüp gitdi. Bize şu hasratly ýoly saýlan ykbalyň dürli oýunlary bardyr, eger sen ýaşaýşyňy öz ynamyň bilen dowam etseň, onda ol saňa bagtly ýollaryň birini sowgat berýändir» diýip göwünlik berdi. Ejesiniň akylly sözleri bir gulagyndan girip beýlekisinden çykdy, umuman ejeler bir zat diýende ünsli diňläp, ýüregiň bilen kabul edip, durmuşyňa badalga alsaň köp şowsuzlyklar ýene ýanyňa hem geljek däl welin, ol bolaýýarmy näme? Ýok, men bu hasrata çydap bilmen... Belki Gurt meniň bu dünýäni terk edip gitmegim üçin şeýle edendir? Eger şony isleýän bolsa, onda men ony höwes bilen kabul Edip, kör söýgim bilen hasaplaşyp bilerdim. Bu dünýäde bagtsyz ötenimden azatlyga çykan ruhum o dünýäde öz söýgülisine gowşar ahyryn? Gowuşsa men öljek! Özem bu agyr jezany özüme özümden başga berip biljek ýok!» Şu pikirleri kellesinde aýlan Täzegül özüni öldürmegiň ýollaryny saýlap başlady... Ol ýollar näçe diýseň bardy. Gökdepe galasyny gorap iň soňky demine çenli söweşen zenanlar duşmanyň elline düşenimden ölenim gowy diýip özüni gylyjyň üstüne oklapdyrlar, «Gylgamyş» atly gadymy /türkmen/ eposynda Daýanyr atly gyz Gulgamyşyň söýgüsini gaýtadan gazanjak bolup oňa ýylanyň zäherine eýlengi deri eşigini geýdiripdir. Aždarha bilen söweşde Gylgamyş üstin çykýar. Aždarha ölmezinden öň ýanyna gelen Daýanyra «Sen meniň ganyma boýalan matadan köýnek tikip Gylgamyşa sowgat Ber, ol köýnegi geýse, senden başgany gözlemez!» diýýär. Daýanyr muňa ynanyp köýnegi sowgat berýär. Gylgamyş köýnegi geýen badyna erbet ejir çekip ölýär. Gowy etjek zady ýaman çykansoň Daýanyr awy içip ölýär. Täzegül bu ýollary oňlamady. Obalarynda bir adam düwünme keseline ýolukdy. Ol goşaň okuny agzyndan goýberdi. Ýok, olam onuň edip biljek zady däl, ýarag elline alyp görenok! Özüni däli derýa atsa ene-atasy jesedini tapman kösenjekler, özüni jaýdan taşlasa, ölmän maýyp boljak... Onsoň diňe bir ýol galýar... Diňe bir ýol... Täzegül birdenem sowuk suw depesinden guýlan ýaly hopukdy. «Eý betbagt gyz, sen näme etjek bolýarsyň? Sen hasratyňa ýugrulan gaharyňa bäs gelip bilmän ýok bolup gitmek isleýärmiň? Adam gutulgysyz kesele duşanda hem öz ölümi bilen göreşip nähili ejir çekýär? Sen indii ölmeziňden öň iň bolmanda Gurda bir gezek duşup onuň biwepadygyny ýüzüne aýtman gidiberjekmi? Öleniňden soň onuň bilen görüşjegiňe ynamyň barmy? Onsoňam seniň bu hereketleriňe nebsi agyryp aglajak kim? Diňe eneň-ataň, garyndaşlaryň dälmi? Ýaşasaň belki Gurt söýse-söýmese saňa gaýdyp geler? Eger gaýdyp gelse ol seniň hasratyňa göz ýetirip ýüregini ýumşadar! Olam möjek süýdüni däl-de /gadym türkmen rowaýatlarynda Gurt gudamyz bolanmyş diýilse-de/ ene süýdüni emendir ahyryn! Ýüregi daşdan bolmasa ol saňa düşünip elini uzadar, eger uzatmasa onda şu etjek bolýan işiňe baş goşaýsaňam bolardy. Sen näçe ýyllap daşyndan oňa guwanyp gezen bolsaň Ýene-de az wagtlyk garaşyp bilersiň ahyryn? Ýa-da oňa ýüregiňi açman ölüp gidiberjekmi? Ýüregiňi açyp, ölseň iň bolmanda ol seniň yzyňda eden işine gynanyp gözüniň ýaşyny döker ahyryn! Diýmek göwnüňe düwen işiňi ýerine ýetirmäge howlukma. Kim howlugyp netije çykarsa ömrüni ahmyrly geçirýär, seniň etjek bolýan işiňde bolsa ahmyra mümkinçilik ýok, mümkinçilik bolanda-da peýdasy ýok!... Şu pikirleri aňynda aýlan Täzegül esli salym nätjegini bilmän ýaýdanyp gezdi, ýöne şeýtan böwrüne dürtüp «Sen ölüp gitseň päk söýgiň derejesi ýokary galar!» diýip goýanokdy. Hut şol sebäplem ol öňki pikirini amala aşyrmagy ýüregine düwdi. Bulary aňynda aýlan Täzegüliň ýukajyk dodaklarynyň etekleri tipir-tipir etdi, gözüne ýaş geldi, ölenden soň ejesiniň ýakasyny ýyrtyp aglajakdygyny, kakasynyň başyny egip ýer dyrmap oturjakdygyny göz öňüne getirdi. Soň käbesiniň bagryny ýere berip öz yzyndan barjaklygyny hakydasyna getirende bolsa bialaç düýrügip bir gysym boldy. Ýene-de ejizlik edip ýüregine düwen niýetini amala aşyryp bilmeýänligi baradaky binýady gowşak pikirler kellesinde at saldy. Şeýle ýagdaýda ol sowukganlylyk bilen etjek bolýan işiniň kiçijik taslamasyny taýýarlady. /Eýýäm näçinji gezek?/ Sygyr teläriň öňündäki saman jaý, bir aýagy döwük oturgyç, sygyrlaryny örklände ulanýan indem öz bokurdagyna saljak sygyrbagy... Ol etjek herekedini bir ýandan sallarlap gördi, kakasy ejesi kümüş bazaryna gidende daş-töwerege aýlanyp, öýde ýekeligini, goňşularynyň daşarda ýoklugyny barlar-da, aýgytly herekedi bilen saman jaýa baryp ýüpi üçegiň daşyndan aýlar, oturgyja münüp ýüpüň beýleki ujuny bokurdagyna daňar, şol wagtam oturgyç döwülip aýagynyň aşagyndan sypar... Täzegül düwünçeginden ähli egin-eşiklerini çykaryp bir ýandan sypalap çykdy, durmuşa çykanda geýmeli ketenisini bagryna basyp hoşlaşdy, ýaglyklaryna gözüniň ýaşyny süpürdi, ýatýan ýorgan-düşeklerine garap «Goý, sizde indiki ýatjaklar bir menden bagtly bolsunlar!» diýdi. Soň ýerinden turup jaýdan çykmak issledi, emma etjek bolýan işinden gorkýanlygy sebäpli aýagy diýen etmän iki gezek gürpüldäp ýykyldy. Gorky onuň aýagyny duşaýardy, ruhy bolsa duşagy kesýärdi. Ahyram ruh gorkudan üstün çykdy. Ol edil janagyryly ýaly ýerinden tarsa turup titreýän elleri bilen ýere gaçan ýüpleri aldy-da gapydan çykdy. «Eý ýaşan otagym, seň söýgiň öňünde meniň güýçsüzligimiň şaýady bol-da hoş gall! Ejem-kakam, ähli dogan-garyndaşlarym hoş galyň! Alla sizi öz penasynda saklasyn!» diýip, şol bada hem ölümine howlugyp edil ganatlanan ýaly samanhana ylgap gitdi, Emma ýagşy işiň päsgelçiliginiň bolşy ýaly, ýaman işiň päsgelçiligi hem bolar ekeni, egnindäki köýnegi sygyr daňylýan gazyga ilip şarpa ýykyldy. Gyssag arada ýöne bir aýrylaýmaly zadam aýrylman durjak ekeni, zor bilen çekip, ýyrtyp aýyrmaly boljak ekeni! Täzegül samanhanada öýden taýýarlap goýan oturgyjynyň üstüne münende kimdir biriniň güýçly goly ony gujaklap, aşak düşürdi. Görse Çary! Täzegül edil ogurlykda tutulan ýaly bolup «Git bu ýerden, git! Maňa seniň kömegiň gerek däl! Rahat ölmäge päsgel berseň günäsi saňa düşýändir! Meni ölümden alyp galsaň öz eliň bilen öldürdigiň hasap etjekdirin! Goýber, meni, maňa päsgel berjek bolup biderek synanýaň! Indi menden pyçagy, ody, suwy gorap bilerin öýdýäňmi? Ýa-da awuly otlardan, zäherden gorap bilerin öýdýäňmi? Iýýän iýmitimi hem barlaryn öýdýäňmi? Meni saklap hasratly günlerimi artdyrjak bolýarmyň?» diýip gygyrdy. Nämäň nämedigini indi göz ýetiren Çary Täzegüli henekden göterip çykardy. Ol: - Täze! Täze jan! Aklyňa aýlan! Edýäniň näme? Men saňa on ýyllyk mekdebiniň gutardyş gününi belleýäs diýip aýtmaga geldim ahyryn! – diýip gözi ýaşly samraýardy. Şol wagt bazardan gaýdyp gelen Gurbansoltan eje hem gujagyny gerip tasap geldi. - Gyzym, gözümiň guwanjy, mähribanym! Ak süýt beren ejeň sözüni diňle! Men saňa hasraty ýüregiňe ýakyn kabul etme diýdim, gulak asmadyň, Ýöne hasratyň öňünde dyzyňy epip öljek bolmak ejizligiň, onuň garşysyna göreşmek bolsa mertligiň alamatydyr. Onsuzam adamyň ömri kesgitli ahyryn! Alla beren ömrüni ýaşamak – musulmanyň borjudyr. Özüňe kast etmek günädir – diýip, gyzyny gujaklap aglady. Gykylyga goňşy-golamlar ýygnandylar. Pälwan aganyň öýde ýoklugam gowudy, wakany gören bolsa ýüregi çydam edip bilmezdi. Ýygnanan adamlar «Gyzyň akyly üýtgäpdir» diýip dodaklaryny dişläp kellelerini ýaýkadylar. Täzegül şol gün agşamlyk düýşünde daýysyna sataşdy. Ol ak egin-eşikli gabrynyň gyrasynda durmuka diýýär. Täzegüle gözi düşenden «Ýegençäm, sen durmuşdan islän zadyňy alyp bildiňmi? Ykbalyňdan razymy?» diýip sorady. «Daýy, menden ony sorama, oňa jogap berip biljek däl» diýip Täzegül aglady. Daýysynyň ýüzi çym ak boldy, gözleri içine çöküp duluklary tüňňerdi. «Ýegençäm, aglama, dünýä ineňsoň maňlaýda ýazylana kaýyl bolaýmalydyr, Ine, men ömrümde birden gelip ýygnarlar diýen gorky bilen gezdim, ol gorky hatda Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soňam endik bolansoň aýrylyp gitmedi, birden gije gapy kakylyp eliňi arkaňa daňyp alyp giderler öýtdüm. Şol gorkynam, ýanym bilen gabyra alyp gitdim! Ýöne, saňa nebsim agyrýar. Sen tüweleýiň ýykan eriginden gorkdyň, indem tä ömrüň ötýänçä ýanyň ýoldaşly ýaşarsyň!... Töweregiň şatlygy saňa ýokmaz!» «Daýyjan, berýän gürrüňleriňe düşünýän däldirin!» «Men durmuş barada, pelsepe otarýan! Sen oňa dura-bara düşünip ugrarsyň! Soňky, sargydym, eger kabul etseň! Sen ýüregiňdäki biwepa ýigidi ýadyňdan çykar! Biwepa üçin ölüp gitmek ynsana ýaraşýan däldir. Bar ahyryn ýanyňda, kökenekläp, seni elinde göterjek ýigit! Şoňa göwün berde, ýaşa! Bagtyňy şondan gözle!»... Daýysy şondan soň daşlaşyp gözden ýitdi, töweregi duman gaplap aldy. Duman dargandan soň Täzegül şäher merkezindäki «Öçmejek oduň» öňünden daýysynyň tabydyny göterip barýan adamlara gözi düşdi. Ol adamlaryň öňüne geçdi-de «Siz daýymy şu «Öçmejek oduňn» öňünde jaýlaň! Ol Watanyna hyzmat etdi! Mertebesini ýitirmedi! Eger adalat bar bolsa şeýdiň!»» diýdi. «Aýryl ýoldan» - diýip dişleri dodagyndan çykyşyp duran hyýrsyz zypdyrun adam onuň döşünden itdi. Ol Täzegüliň babasyny garalap türmä basdyran adamdy. - «Öçmejek otda» daýyň orny ýok! Oňa umumy gonamçylyk hem köp! Ýöräň, adamlar!» «Ýalan, ýalan! Töhmet!» diýip tabytda ýatan daýysy birden seslendi. – Ol diňe töhmet bilen gazanç edip ýaşady. Ynanmaň oňa! «Sen öldüň! Sessiň çykmasyn!» diýip, ýaňky adam daýymyň açylan ýüzüni ýapdy. Muňa gahary gelen Täzegül uly ili bilen gygyrdy-da ol adama topuldy. Şol wagtam ukusyndan açyldy. Görse keselhanada ýatan ýorgan düşegi derden ýaňa öl-myžžyk bolupdyr, dodaklary gurap, ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Täzegül ýerinden kynlyk bilen turup esli wagtlap özüne gelip bilmedi. Pikirleri zym-zyýat uçup, düýşündäki betgelşik adam gözüniň öňünde peýda boldy. Şol wagt şepagat uýasy gapydan girip «Tüweleme, tüweleme! Ýüzüň birneme nurlanypdyr! Indi bäri bakýanlygyň gowy bildirýär» diýip, sanjym etmek üçin alyp gelen dermanlaryny tekjede goýdy. Näme, derlediňmi? Bolýar, deriň sowulsyn! Men azajyk garaşaryn! Der gowulygyň alamaty. Uzyn boýly saçlary topugyna düşüp duran şepagat uýasy äpişgäniň öňüne baryp daşary seretdi. Etli-ganly görmegeý ýigit eli bir desse gülli çaga dogrulýan otagyň gapysynda durdy. - Bagtly ýigit, gyzy bolupdyr, üçünji çagasy bolupdyr, aýalynyň yzyndan geldi. Täzegül ol siziň obaňyzdan... Sereet, gel, gel, sereet!... Turaýsana gyz! Derlän bolsaň donuňy egniňe at!... halys goýmansoň Täzegül ýerinden turdy. Görse, edil birinji gatdaky gapyň agzynda eli gül desseli Gurt dur... Gurt... Onuň Gurdy... Ýok, indi, onuňky däl, ýöne şonda-da... Başy aýlanyp, gözüniň öňi garaňkyrap ugrasada Täzegül äpişgäniň gyrasyna ýapyşyp saklandy. Seretdi. Seretdigiçe doýmady. Seretdigiçe dabanyndan ýokarlygyna çowup gaýdan gyzgyn gan galdy, ýenede ýokary galdy, ahyrym kellesine ýetip çüýr depesinden çykyp gidenligini duýdy. - Indi ýeriňe geçäý ýadarsyň! – diýip şepagat uýasy ony ýerine geçirjek boldy. Emma Täzegül elindäki ter gül dessesini ak halatly gyza gowşuryp gözden ýitýänçä Gurtdan gözüni aýyrmady. Şondan soň onuň dünýäsi giňelip gitdi. Bu otagda ýatanam bolsa diwardaky tebigatyň gülzarlygyny teswirleýän surata gözi düşmändi. Indi diňe görmeg-ä däl, süňňi bilen şol gözelligi syzmany başardy. Şol günüň agşamy ol ilkinji gezek dutaryň owazyny eşitdi, ýok, dutar çalýan ýokdy, ýöne owaz nirelerden uçup geldi-de onuň damaryny yzlap gulagyna gondy. Saz çalýany görjek bolup äpişgede diýen garaňky gijä seretdi. Görünýän zat ýokdy, emma, dutaryň melul ediji şirin owazy ýaňlanýardy. Allajanlar, Täzegül bu sazy ilki haçan diňläpdi? Hawa, goňşularynyň toýuna gelen bagşylardan diňläpdi. Hut şol günem obasyndan bir gözel ýigide – Gurda syny oturypdy... Ýeri indii ol saz näme üçin ýene-de gaýtalanýar? Näme üçin? Täzegül şöhlesi öçüşen gözlerini owkalap, gulagyny gazady, şirin mukam welin öňküsindenem möwç alýardy. Sazy diňledigiçe pikir ulgamlary geçmiş ýatlamalaryna, özem süýji ýatlamalaryna gaýtaryp getirdi. Belki süýji ýatlamalar ukusynyň deregini tutup dert labyryny ýeňledýändir? Kim bilýär, ýöne Täzegül şirin owazyň höwdüsiniň astynda uklap galdy. Özem, şeýle rahat ýatdy welin, ertesi öýlen oýandy. Şepagat uýasy gozgalaň tapyp, onuň dem alşyny birnäçe gezek barlap gidipdi... Şähdi açyk oýanan Täzegül ilki bilen aýnanyň öňünde saçyny darady, üstüne timar berdi, şu güne çenli özüni biygtyýar, hiç kime gerek däl diýip hasap edenem bolsa, indi ol ejesine, kakasyna, ýakynlaryna gerek! «Hudaýdan soň ýakynyňy söýmek mukaddes zatdyr» diýip kakasy gaýtalamany gowy görýär. Bu baýdak edinmeli sözlerde gör nähili many ýatyr! Täzegül şu ýörelgeden ugur alar. Başga bir tarapdan ol durmuşyň manysy näme diýen soraga jogap gözledi. Halal zähmet çekip, ýakynyňa ýarasaň, söýgiňe wepaly bolsaň, perzent öndürip terbiýeleseň durmuşyň manysy şondadyr. Dogry, näçe ýaşasaň-da garrap ölüp gitmeli diýen hakykat bar. Emma ölenden soň adamyň eden haýyr işleri, perzentleri yzynda galyp, onuň adyny ebedileşdirýär ahyryn! Ol bolsa tas özüne el urupdy. Dogry, käbir adamlar durmuşyň manysyny baý ýaşamakdan bol-elin iýip-içmekden gözleýärler. Emma öýünde ýeke köçeden başga düşegi bolmadyk daýysy bir gezek «Näçe baýlyk topla, ýene ýetmeziň tapylýandyr, maksatsyz ýaşaýan adamyň ruhundaky boşlugyny baýlyk bilen dolduryp bolmaz. Men maksatly ýaşadym, däp-dessurymy berjaý etdim, ýakynymy söýdüm, başga göriplik etmedim, horluk görenem bolsam ykbalymdan razy! Sebäbi maksatly durmuş ýaşanyňa degýändir!» diýipdi. Hawa, Täzegül hem indi maksatly ýaşamany öwrenmelidi. «Goý, öýlense öýlensin! Ýazylandyr bolýandyr». Bu pikiriň peýda bolmagyna geň galyp durmady. Söýgini ýeňip bolmaýardy ahyryn. Diýmek onuň garşysyna göreşe çykmagyň hem geregi ýokdy. Yzly-yzyna gelýän sawçylary kowup, durmuşa çykmakdan ýüz öwrüp dursa ene-atany çykgynsyz güne saljaklygy iňkise goýýardy. Enedir, atadyr düşünerler diýsin, oba adamlaryna näme jogap berjek? «Namysyny janyndan eziz görýän, görk-görmegi hiç kimiňkiden pes bolmadyk asylly gyzymyz bar!» diýip guwanýan ene-ata näme jogap berjek?». Täzegül uludan demini aldy. Ýöne soraglara jogap tapyp bilmedi. Kör söýgüsi erk mydaryny elinden alypdy... Ýuwaş-ýuwaş keselinden saplanan Täzegül öz täze söýgüsi üçin täzeden göreşe başlady. Munuň üçin ol ilki bilen obadan gitmelidi. Haçan-da gaz känini özleşdirijilere aşpez bolup işe gidýänligini ýaňzydanda ejesi Täzegüliň garşysyna gidip durmady, Pälwan aga-da «Goý, işlesin, adamlaryň arasyna çyksyn, göwni açylar!» diýip göwünjeň razylaşdy. Şeýdip Täzegül Üçajy demir ýol duralgasynda ýokary basyşly gaz geçirijini kebşirleýän we gerekli ýerine ugradýan işçileriň aşpezi bolup işe geldi... 2. Gündizki ýadawlykdan soň arkaýyn dem-dynç almak lezzetlidi. Işçileriň sany öýküden artypdy, diňe bir Şatlykdan däl, lebaply, daşoguzly gaz gurluşykçylarynyň birnäçe edaralarynyň hünärmentleri egin-egne berişip zähmet çekýärdiler. Täzegül öň 40-50 adamlyk nahar edýän bolsa, indi olaryň sany bäş esse köpelipdi. Şonça adamyň naharyna ýeke özüň ýetişjek gümanyň ýokdy, diňe bir gap-çanaklary ýuwmagyň özi-de bir adama ýeterlikdi. Indi nämede bolsa kömekçisi bardy, üstesinede Çary edil Hydyr ata ýaly aljyran wagty kömege gelýärdi. Işjanlylygy üçin Täzegüli örän sylaýardylar, sadalygyny çakdan aşa ýüregi ýukalygyny bilýärdiler, ýöne köplenç gijelerine aglap çykýanlygyndan habarsyzdylar. Indii onuň hiç kim gözüne görünenokdy. Wagtyň geçip, durmuş gurmakda öz döwürdeşlerinden yza galyp barýanlygy birjikde gyzyklandyranokdy. Jorasy Şirinden, Çarydan başga mekdepde bile okan oglan-gyzlar öýli-işikli bolupdylar. Gurduň eýýäm üçünji çagasy bardy, daş gulakdan eşidişine görä aýaly bilen agzybir, bagtly ýaşaýarmyş, bir kem zady haçan görseň puly ýetenokmyş. Ýa-ha ol pullaryny bir ýere toplaýardy, ýa-da düşüşi ýaly sowýardy, kim bilýär, ýöne Täzegüliň her aýda edýän kömegi oňa az görünýärdi. «Wah, men käbir adamlar ýaly alyp-ýolup baramokda!» diýip Gurt özüni aklajak bolýardy, şol bir wagtyň özünde «Aýalym pylan zat ýetenok, pylan zady edinsek gowy bolar, oňa bolsa pulumyz ýok» diýýärdi. Täzegül onuň häsiýetine belet bolup başlady. Ol hiç mahal durmuşyndan nalanokdy ýa-da özi barada gürrüň berenokdy, ýaşaýyş düzgünini üýtgetjege-de meňzänokdy, bir ýetmeýän zady pul bolansoň Gurdy gördügi «Puluň bir barmy?» diýen soragy berýärdi. Gurt baram bolsa ýok diýmäge endik edipdi, bergilerini gaýtaryp getirmelidir öýdenokdy. Kem-kemden bulara düşünip ugran Täzegül howpurgaýardy, gysylýardy, gark bolup barýarka lummurdap akýan derýadaky sypala ýapyşýardy. Dogrusy, Gurduň şu bolşundan üýtgemejegine doly gözüni ýetirse-de, henizem umytly gözleri balkyldaýardy. Täzegül aşhananyň gapdalyndaky dynç alýan otagyna girip gapyň kildini içinden ildirdi. Iş eşiklerini çykaryp ýuwundy-da öýde geýýän setin köýnegini egnine atdy. Ýorgan-düşegini ýazyşdyryp ýerine gyşardy. Tä uka gidýänçä, çölüň içinde bir pursatda säginmeýän ýer süsüji, gazyjy traktorlaryň güwwüldisini diňledi. Bu ses birahatlyk getirmän gaýtam edil sallançakda hüwdüleýän ýaly täsir edýärdi. Eýsem näme? Bu ses eişidilip dursa iş gidýärdi, iş gitse ähli adam üçin uly üstünlik uly abraýdy... Ýöne bu gün ol näme üçindir ýatyp bilenokdy. Ýumak ýaly ýygrylyp, ýorganyny aşagyna saldy-da soňky günlerde basmarlap ugran ýekelik hasratyny çekmäge başlady. Iň ýakyn jorasy Şirin sagylýan sygyrlaryň birnäçesini alyp öz hususy hojalyk kärhanasynda işleýärdi, käte bir duşuşýardylar. Üçajyda, Bäşgyzylda zähmet çekýärdi. Aýal-gyzlar bilen ol her gün diýen ýaly görüşýärdi, ýüreki alyşýan jorasy ýokdy. Gurt bilen gepleşmeýär diýen ýalydy, häsiýeti ýumşak, ýuka ýürek Çary bolsa işiniň agdyklygyndan ýaňa agzy nanly uklap galýardy. Soňky günlerdäki ýürek gysma aýralyga gidibermeýärdi. Birden ol tarsa ýerinden galdy-da egnine donuny atyp daşary çykdy. Agşam ýuwup goýan kirini ýygnamak ýadyndan çykaýsa nätjek! Garaňkynyň içinde ak seçeklisi messe-mälim bildirýärdi, ketenisi, mahmal köýnegi garaş eşiklerini ýygnamasa rahat ýatyp biljek däldi. Birden ol gorkup sakga durdy. Eşiklerini asan ýerinde kimdir biri bardy, garaňka gözi öwrenişip onda durany açyk gördi. Ol adam eli bilen ketenini sypalap nämedir bir zatlar diýýärdi. Täzegül gorkusyna «Ogry bar!» diýip gygyrasy geldi. Dek düýnüň özünde işçileriň huruşlyk diýip satyn alan toklusyny ogurlapdylar, şol günüň agşamsy bolsa Üçajyda Annuşyň tokly satanyny görüpdiler. Diýmek, ol indi Täzegüliň eşiklerini ogurlamaga gelen bolmaly-da, ona goýun boldy, gyzlaryň eşikleri boldy tapawudy ýok, tirýegini tapsa bolanydy. Görmekden daýanykly gara penjekli, ak köýnekli Annuş göräýmäge uly bir edaranyň başlygydyr diýdirjekdi, emma ogryja häsiýetini welin üýtgedenokdy. Bu duranam hut şol Annuş bolmalydy. Ol ketenini sypalap soňam reňkini saýgarjak bolýan ýaly egilýärdi, birdenem aşak oturdy. Geň ýeri, ogry bolan ogry aljak bolsa ýüpden sypyryp gidiberjek ýalydy. Emma onam edenokdy. Täzegül birneme heserlenip, ýuwaş-ýuwaşdan oňa ýakynlaşdy, indi «Ogrynyň» sesi anyk eşidilýärdi. «Wah, seniň eşikleriňden aýlanaýyn! Bularyň näzikligini, ýumşaklygyny diýsene! Muşki-anbar ysy edil janyňy alyp barýar! Bolsa-da gudrat diýip şuňa aýdaýsaň!»... Täzegül «Ogrynyň» arkasyndan barmak üçin sowuldy. Şo bada hem ojara büdräp ýykyldy. «Ogry» gaçmagyň deregine, gaýtam Täzegüle tarap gaýtdy. Täzegülem hasanaklap ýerinden turdy. Şol wagt tanyş ses çykdy. - Eşikleriňi gördüm-de, ýygnaýyn diýdim! – diýip, Çary özüni aklajak boldy. – Tussagdan boşanlar geleli bäri ogurlyk köpeldi. - Asul, bu senmisiň? – Täzegül ýylgyrdy. – Ýadymdan çykypdyr. Ýygnaýyn diýip gelsem... Sen... Gör-ä bu bolýan zatlary! Çary onuň eşiklerini goraýardy, emma Täzegüliň jogaby kömege mätäçliginiň ýoklugyny, öz zadyny özüniň gorap bilýänliginiň medeniýetli duýduryşydy. Ýaňy «Ogrudan» gorkup duran Täzegül indi geň galmakdan doňup galdy, esasanam eşiden sözlerine... Eýsem ol näme eşitdi? Çaryň aýdanlary özüne degişli bolmalymy? Çary ony ogurlamak üçin etmändir, gaýtam gorapdyr. Täzegül eşiklerini ýygnap başlanda Çary «Menem kömek edeýin!» diýdi-de, gyzyl ketenini, akja düşekçäni alyp bagryna basdy, şol durşunada Täzegüliň yzyna düşdi. Keteniň gijäniň çagy, ondaky özüne çekiji enaýyja ysy başyňy aýlaýardy. Çary gapyny emaý bilen açdy-da Täzegül sesini çykarman otagyna girdi-de Çaryň goltugyndan köýnegi, akja düşekçäni çekip aldy. Çary özüni aklajak bolýan ýaly «Geçip barýadym welin» diýip samrady. Çary çykyp gidenden soň Täzegül ýorganyna girdi. Soňky döwürlerde ol birhili aljyraňňylyga düşüp ýörene çalymdaşdy. Ýogsam kirlerini ýygnamagy ýadyndan çykarmaly däldi! Çarada gije gabat gelmeli däldi, arada bolan zat ýokdy, ýöne Çara derek başga biri gabat gelse nätjek diýsene? Ýok, Çaryň duşmagy gowy boldy. Bu duşuşyk köňlünde näbelli duýgulary oýardy, olary seljermek üçin synanyşyk etmekden gorkdy, başga bir tarapdan köp sanly soraglaryň döremegine sebäp boldy. Goý, Çary onuň ketenisini ýygnamak isläpdir diýsin, ony ogry hökmünde kabul eden wagty oň bu hereketlerine geň galmasa boljakdy. Eger ketenisini sypalan gyz maşgala bolsa, hilini barlaýandyr diýersiň, erkek oglana ol nämä gerek diýsene? ýa-da Çary hakykatdanam onuň ketenisini sypalamaga geldimikä? Hawa, ol hut şeýle hem etdi. Ketenini bagryna basyp getirişi şondan habar bermeýärmi näme? Täzegül ýerinden turup köýnegi aldy, ondan Çaryň elleriniň ysyny gözledi. Birdenem gülküsi tutdy. Ol bagtly adamyň kalbyndan çykýan çyn gülküdi... | |
|
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |