21:10 Bäşgyzyl -14: romanyň dowamy | |
ÖN DÖRDÜNJI BAŞ
Romanlar
Garagum çöli misli uka giden ýalydy. Äpet sazaklaryň kölegesine bukulan gök şaterenlerden salkynlygyň ysy gelýärdi. Günorta ýakyn başlaýan tozanyň derdinden gara hem-de tigirli öýleriň gapylary äpişgeleri berk ýapylýardy. Şondan soň agşamyň salkyn howasyna çenli yns-jyns ýok ýalydy, ýöne gurluşykçylar üçin arakesme diýlen zat ýokdy, gurulmaly desgalar gurlup gutarylmasa olara dynçlyk ýokdy. Günorta nahardan soň Täzegül üçin bir böwşeňlik aralaşdy, gap-çanaklaryny ýuwup agşamlyk naharyň taýýarlygyna çykmalydy. Bu gün onuň zerurlygy ýokdy, nahar üçin ähli zatlaryny irden taýýarlap goýupdy, indem çölden gyşlaga gidýän sagymçylaryň ýanyna baryp gelmäge mümkinçilik döräpdi. Sagymçylaryň ýerleşýän ýerini bilýän Çary Täzegüle ýoldaş bolmaga isleg bildirdi, gurluşykçylaryň biriniň gozakly motoryny tarladyp geldi-de: - baş üstüne, gyr at hyzmatyňda – diýdi. Çulba dyrmaşýan motoryň sesi güýçlenýärdi, eňňide düşende peselýärdi, tozany şemalyň ugry bilen kowalap gelýärdi. Birnäçe eňňitden geçenlerinden soň Täzegül durup bilmedi:- - Çary, sen meni nirä alyp barýaň? - Türkmen derýasynyň boýuna – diýip, Çary «Çykdym güllere» gygyrdy. - Toba, bu näme etdigiň bolýa. Soragyma jogap ber. Kim nahar taýýarlasyn? -Bir gün naharsyz oňanlarynda hem elesleri ýok! – diýip, Çary aýdymynyň arasyny bölüp jogap berdi. - Ýagşam bir gep tapdyň? Adamlar aç galsa Rahmandan käýinç... eşitmersiň... «Çykdym güller seýran edip...» - O nähili eşitmerin? Jüljüllemede jogap ber! - Adamlar, jüýjeler ýaly işleri bilen dargadylar. Agşam sagat altydan bäri seni idejek ýok. - Toba, gör-ä muny, ähli zady hasap edipdir. Çölüň jümmüşinde derýany görmek gowy zat, ýöne, men sagymçylary tapaly, Şirinden azajyk süýt sorajak. Oglanlara süýtli aş bişirip berjek. Täzegül motoryň gapyrjagynda oturyp, bir eli bilen gülgüne ýaglygyny saklasa, beýlekisi bilen çogmak gara saçlaryny ýygnady, ýüzi burnunyň üsti bilen ak ýaglyga saralgydy, ak ýaglygyň aňyrsynda garaja gözleri öňküdenem has owadan, has ulalan ýalydy, gür gaşlary çekgesinde inçejik çyzyga öwrülýärdi. Mekdep ýyllary ol jorasy Şirin bilen bile gezerdi, eşikleriniň, ýörüşleriniň, häsiýetleriniň meňzeşligini hasap etmäniňde-de ýüzlerem edil bir almany ikä bölen ýalydy. Olara ekiztaýlar diýýärdiler. Käte gyzlaryň özleri hemo lary bir-birinden aýryp bilenokdylar. Şirine Täzegül diýerdiler, Täzegüle bolsa Şirin. Çary welin Täzegüli ýalňyşsyz tanaýardy. Käbirleri söýgi kör bolýandyr diýýärler, emma Çary onuň beýle däldigini, söýýän söýülýän gözüň örän ýitiligini subut edýärdi. Käte ol Täzegüliň arkasyndan gelip iki eli bilen ýüzüni ýapardy. – Çagajyklara, dogaýy salam – diýerdi. Täzegülden birýaş kiçi bolansoň Çary şeýle degişýärdi. - Baý, toba, bezzat, ýüregimi ýardyň, beýle-de bir degişme bomy? Täzegül näz bilen öýkeleýärdi, soňam kirpiniň tikenleri ýaly kirpikmen gözlerini güldürip – Sen meni nädip tanadyň? – diýýärdi. - Seni tanamaz ýaly däl, aýtsalar aýdybersinler, sizde bir-biriňize meňzeşlik ýok. - Toba, şeýlemi? – diýip Täzegül güldi. - Gepiňde, ýylgyrmaňda, - zülpüňi gulagyň arkasyna atyşyňda, sen düýbünden üýtgeşik, Şiriniň ýüzi tutugrak, sen nurana, ýalpyldap dur. - Toba, şeýlemi? Bize bir almany ikä bölen ýaly diýýärler. Mekdebe ilki gelen ýyllary Çary hem hut şeýle hasap edýärdi, ýöne, sekizinji klasdan dokuzynja geçenden onuň gözi has ýiteldi-de, iki jorany şo bada aýyl-saýyl etdi. Täzegüle gözi düşse özüni ýitirdi. Şirine perwaýsyz garady. Ikisiniň ara tapawudyny saýgaryp bilmeýändikleri Çaryny geňirgendirdi. Iň bärkisi Täzegüliň çekgesindäki iňňän göz ýaljak garaja menegini ol gije-de saýgaryp bilýärdi ahyryn! Joralar daşky sypatlary boýunça meňzeş bolsalaram häsiýetleri boýunça tapawutlanýardylar. Täzegül örän aýgytly, tiz gahary gelip tiz ýatyşýan bolsa, Şirin asuda, parasatly gyzdy, Täzegül ilki gülüp yzyndan aglap bilýärdi, Şirin bolsa bir iş etse howlukman ýedi ölçäp bir kesýärdi... - Hany, dogryňy aýt, mekdepde sen meni nädip tanadyň? – diýip Täzegül ýene könäni ýatlady. - Elimde çekiji güýç bar. Saňa ýakynlaşsam tok urýan ýaly bolýa. - Toba, goýsana oglan, çynyňmy ýa ýeňsikçilik edýäňmi? - Çypbakaý çynym. Edil häzirem şeýle. saňa şeýle dälmi? - Ýok... Belki, bu diňe seň yradaňdyr? - Çynyňy aýtsana, Täzegül. Sen mydama kimedir birine garaşýan ýaly, emma hiç kim saňa garaşanok, senem hiç kime garaşaňok. Köňlüňde mysaly bir ýigidiňi göterip şeýle bolýaň! Eýse ýalanmy? - Goýsana, oglan. – Täzegül gyzyl alma ýaly gyzaran ýüzüni tutdy-da, başyna daňynan çargatyny düzetdi. - Ýok, sen hut şeýleräk pikir edýärsiň. - Goý, şeýle bolsun – diýip, Täzegül jogap berdi. - Ine, menem garşydaşymyň şol pikirini aňýanda ýalňyşsyz ýanyna geläýýän. - Waeý, toba munuň samahyllap durşuny? Täzegül utanjyndan ýaglygy bilen ýüzüni ýapdy. Çary gurluşykçylar üçin ýük çekýän gara ýoluň çatrygyna ýetdide motory çepe, täze gurlan çagyl ýola gönükdirdi. Ýoluň gyrasynda beton sütünleri bardy. Sunn turbalarynyň geçjek ugrundaky ýap heniz gömülmändi, hatda geçirijiniň kebşirlenip gutarylmadyk böleklerem ýatyrdy. Ýoluň aýagynda türkmen derýasy ýerleşýärdi, derýaň sag kenary hanasyndan çykyp oýtum-oýtum kölleri emele getiripdi, gamyş basyp ördekdir gazlaryň mekanyna öwrüldi. Köp sanly kölleriň biriniň gyrasynda Şiriniň mallarynyň ýatagy ýerleşýärdi, ýatagyň töweregine, kölüň gyrasyna ýaýran sygyrlar günorta sagymdan soň gäwmiş berip ýatyrdylar. Käbiri siňekdir, çybynlardan goranyp aýagyny kakýardy, guýrugyny bulaýardy, käbiri bolsa dälirän ýaly iki ýana at çapyp özüni köle urýardy. Beýle-de ýaş öküzçeler bir-biriniň güýjüni barlaýan ýaly süsüşýärdiler, birnäçesi bolsa suwdaky gamyşlardan geregini edinýärdiler. Nobatdaky alaňdan aşdygyň derýanyň üstünden öwüsýän salkyn şemal gamyşlaryň tozgalaryny, ýatagyň ysyny burnuňa urýardy. Ýatagyň ysy Çaryda ýakymly ýatlamalary oýurdy... Kakasy Baýram aga owgan urşundan gaýdyp gelensoň çopançylygyny taşlap, sygyr ýatakda mallaryň otuna serediji bolup işe başlapdy. Çary onuň yzyndan galmazdy. Kolhozyň medeniýet köşgünden geçen ýeriňde sygyr jaýlary keçäniň çatrygyny tutýardy. Ýatagyň orta gürpündäki girelgede çaý içip oturan garawul olara habar gatdy. – Baýram, sen-ä tanaýan welin ýöne, bujagaz çagany tanamadym-la? – Aý, kertik şon-a menem tanamok. Yzyma düşüp gelýär... diýip kakasy güldi. – Goý, ol ýanymda galsyn, men oňa pampaza berjek. «Oglum galjakmy» diýip, Baýram aga Çarydan sorady. Çary kaksynyň donundan ýapyşyp «Ýok, galjakgäl» diýip kellesini ýaýkady. «Galsaň, saňa traktor, maşyn alyp berjek, köp süýji berjek» - diýip Kertik aga ýerinden turdy. Çary alnyp galynýan ýaly kakasynyň öňüne düşüp ýatagyň içine gaçdy. Muňa Kertik aga bilen Baýram aga gülüşdiler. Çary kakasyna ýatak artyşdy, mallara ot döküşdi, gelejikler bilen «süsüşip» oýnaşdy. Baýram aga işini gutaryp ýatagyň gyrasyndaky teläriň üstünde gyşardy-da, asmandaky gaýyşyp ýören bulutlara seretdi. Çary şeýle ýagdaýda irginsiz soraglary bilen kakasyna rahat goýmady. - Kaka, owgan urşuna meýletin gitdiňmi? - Ýok, oglum o ýerik meýletin gitjekler bolandyr öýdemok... Çölde goýun bakýadym, dynç almaga gelen günümiň ertesi sen-men ýok alyp gitdiler-de owgana geçirdiler. - Gorkduňmy, kaka? Baýram aga diýmäge söz tapman ep-esli ýatdy. Ýogsa-da ol şol wagtky wakalary, gorkanda başyndan geçiren duýgularyny ýatlamak islänokdy, eýsem raketa oklaryndan soň çöwrülen ýerden adam diri çykar diýip güman eder ýaly däldi ahyryn. - Eliň, aýagyň ysanok, pikiriň bulaşyk, diri galsam diýip Alany çagyryp ýatansyň. Duşmana ölüm dileýänçäm özüme ömür dileýän. - Haýsy tüpeňden atyp gördüň kaka? - Kän tüpeňden. Köplenç Kalaşnigiň awtomat tüpeňinden... - Tanka münüp gördüňmi? - Mündüm. - Nähili? - Traktora münen ýaly-da, diňe tizligi ýokary. - Hezilmi? - Hezil zat ýok, haçan depäňden ok düşer diýip gorkup barýansyň? - Kaka, uçar sürdüňmi? - Uçar süremok. Sürüp hem bilemok. - Gämi? - Gämi süremok. Münüp gördüm. - Otly? - Otly süremok. Münüp gördüm. Mary Guşgy otlusyna münüp urşa alyp gitdiler. - Kaka, uruş kime gerek? - Wah, oglum, uruş hmç kime gerek däl. - Onda näme üçin uruşýarlar? - Onuň sebäbi kän, oglum, gowusy sorama-da, ýatlamada. - Kaka, ýaralandyňmy? - Ýaralaň yzy kän. - Hany görkez. - Sen ony az görmediň ahyryn? Arkamda ýadyňa düşýärmi, ho bir gezek bile hammama düşenimizde görüpdiň? Kaka, bu çukur näme diýip sorapdyň? - Ýadyma düşenok – diýip, Çary kejirlik etdi. – Görkezäýsene kaka. Baýram aga garnynyň üstüne ýagdy-da. – köýnegimi galdyr, gapyrgaň üstündedir – diýdi. Çary, sag gapyrgaň etegindäki ýumruk sokaýmaly yzy görüp gorkdy. Soň ýumşajyk barmaklary bilen ýarany elläp gördi, sypalady, gyjygy gelen Baýram aga söýgüsini saklap bilmän, sag eli bilen ogluny gujaklap ýüzünden öpdi... Ine, şu pursat ýatagyň ysy we kakasynyň mähirli söýgüsi Çarynyň ýadyndan çykmaýardy..., hemem «Çykdym güller» aýdymy. Çary obada abraýdan peýdalanýan Samat baýyň kowumlaryndan bolup, garry atasynyň häsiýetini alandy. Garry atasy Gultaý baý pul baryny seçip togalajak göle ýaljak şar gara at satyn alanmyşyn. Günde täze haly ýapynja bilen eýerläp iki ýana çaparmyşyn, zadyň gaýgysyny etmän iýip, içip, bagşy aýtdyryp, toýlarda pul baryny seçermişin, ýaşy ýetmese-de oňa batyrlyk patasy berlipdir. Bu waka saragt urşunda bolup geçýär. Duşman tarapyndan bir atly gylyjyny asmana göterip çykýardy «Ýa maňa taý tapyň, ýa-da muzdumy serin» diýip tekeleriň öňünde at salýar. Hiç kimden yza çykmansoň soň Gultak «Men çykjak» diýip ýerinden turýar. Onda ýaşulylar «Sokul aşak, entek ataň iki sanaç ununy iý» diýip, onuň çykmagyna garşy bolýarlar. Emma muzdy tölemekligiň şerti gaty agyr, eýmenç namysly ekeni, eger orta çykana taý tapylmasa onda onuň muzzuna bir gyz bermeli ekeni. Haçanda duşman ikinji gezek döwür edip gelende, başganyň başa-baş söweşe çykmanlygyny gören Gultak «Men çykjak» diýip Ýene-de dyzapdyr. Şondan soň ýaşulylaryň razylygyny alyp, gara atyna atlanyp öňe çykýar-da duşmanyna öňürti gezek berýär. Duşmanyň atan naýzasy Gultagyň ökjesini deşip, üzeňňini üzüp ýere gaçyrýar. Gultak atyny çapdyryp ýetip gelýän duşman atynyň çat maňlaýyndan naýzasy bilen urýar, at tüwdürilip gaýdýar, duşman ýere düşmänkä kellesini kesýärde gulagyndan tutup alyp gaýdýar. Ýaşulylar soňra 16 ýaşla batyrlyk patasy düşenok diýip Gultaga at bermejek bolýarlar, emma bir adam edip bilmez. «Batyrlyk patasyny bermeli» diýýär-de bir topar doga okap «Amin» diýip ýüzüne elini sylýar. Şeýdibem Gultak batyr adyny alýar. Ol awçulygam gowy görüpdir. Ullakan mele köpek tazysy bilen öýleden soň awa gidende aýalyna «Gazany ýuwup goý!» diýýär, kän eglenmän 2-3 sany towşandyr, çebşek, sülgün getirer ekeni. Gultagyň Mommat atly ogly «Çaryň atasy» jalaýlykda hiç kimden pes oturmandyr. Onuň bilen Samat baýyň ähli baýlygy gidipdir, şöhrady welin belende galypdyr. Mommat öz düýeleriniň yzynda köp ylganlygy sebäpli pyýada ýöremäge şeýle bir uýgunlaşypdyr welin bir ýere gidende aty, eşegi ulag hasap etmän pyýada ýöränini gowy görer ekeni. Mary bazaryna gidende Çaryň kakasy Baýramy mündürip tä Akýapdan bazara barýança 30 kilometrlik aralygy pyýada geçen ekeni. Ol Wekilbazarly ýalak Gara bilen dost ekeni, ol öý tutunyp toý edende teke, saryklylary Kerki begleri gatnaşýarlar, Goňurdan ýanamaçy bagşy üç tüýdük bolmasa sesine ýetişmeýän Agajan bagşy, Tagtabazarly Gurban bagşy aýdym aýdýarlar, şonda, Mommady ortadan delal bellän baýlar, begler tarap tutup, bagşa kümüş pul, ýüpek mata peşgeş berer ekenler. Şeýlelikde, Agajan bagşy bilen Gurban bagşy bir gije-gündiz aýdym aýdyp, ikinji gijäň ýarymyna baranda Mommat delal «How, adamlar, Agajan bagşy ýolbarsdyr, Gurban bolsa alaja gaýyşdyr, berkdir, Agajan bagşyny heläk edersiňiz, bir ýerini üzersiňiz, omyrsyňyz, geliň şu ýaryşy bes edeliň. Men şu ýaryşda üstün çykana bir süri düýäni paýlajak» diýýär. Emma haýsynyň ökdeligini çözüp bilmän aýdym öňkisi ýaly dowam etdirilýär. Gije ýarymdan geçensoň Agajan bagşy guşagyny gaýta-gaýta gataldyp oturşyna daňdan sagat bäşlerde «Şadilbere» gygyrýar. Aýdym gutaransoň Agajan bagşy içegesiniň üzülenini duýup «Tagan pälwan, baýtaly getir, men-ä gutardym» diýipdir. Tagan pälwan örän biten, owadan her egninde bir adam oturaýmaly ak telpekli adam ekeni. Ony ulaglaryň hemmesi göterip bilmän diňe dor baýtaly göterer ekeni. Onuň baldyrynyň her biri bir gujak bar ekeni. Ol Agajan bagşynyň syrtyna mündürip baýtaly bilen alyp gaýdýar. Çebişgen depä geçende bagşy pälwanyň gujagynda jan berýär. Mommat aýdym sazy diýseň söýýänligi üçin şol toýda düýelerini iki bagşa paýlapdyr. Umumanam şol wagtyň ýaşulylary bir baýyň toý-baýragyna gidenlerinde öz ýanlary bilen göreşiji pälwan, bagşy, şahyr, öýe böküji mergen we şuňa meňzeşleri äkidenlerinde olaryň diňe bir hünär başarnyklaryna seretmän, eýse syratlaryna, owadanlygyna we adamkärçiligine seredip äkider ekenler. Mommy pälwan hem edil Tagan pälwan ýaly görnüklileriň biri ekeni. Olar şol toýda dostlaşýarlar. Soň Tagan pälwany, Saryk hany, Rahman Ýazhan toýa çagyranda näbelli duşmanlar ony Talhatan baba demir ýol duralgasynyň ilersinde öldüripdirler. Pahman Ýazhan şoňa gahar edip, demir ýoly zaýalap, Guşgy otly gatnawyny ep-esli wagtlap kesipdir, şol herekedi üçinem ýok edilipdir. Agajan bagşy, Oraz Salyr, Ýazmyrat Alçyn, Kiçi Garly, Anna esen bagşy ýaly ussatlaryň sesi karta ýazdyrylyp gapyrjak bagşyda aýtdyrylardy. Mommat pälwanda Agajan bagşynyň «Öwezim», «Çykdym güller», «Şadilber», «Aýjemal» ýaly aýdymlarynyň karta ýetmişinji ýyllara çenli saklanyp galypdy, Mommat ony köp diňläpdi. Tüýdügiň ýanynda aýdym aýtmakda Agajan bagşy ýaly güýçli bagşy, örän üýtgeşik süýji labyzly bagşy bolmandyr, üç goşa tüýdügiň ýanynda aýdym aýdanda çöküne düşüp, iki dyzynyň daşyndan eli bilen gujaklap, barmaklaryny gowşuryp, iki dyzyny burnunyň ýanyndan gaýtaryp, tä aýdym gutarýança arkan-ýüzünligine çaýkanyp aýdar ekeni. Bagşy gyzanda ses ýetimde adam galman, bir tarapy erkek, beýleki tarapy aýal-gyzlar bolup oturypdyrlar, bagşynyň ak öýüniň durlugy aşak düşürilip, tärimleri ýalaňaçlanypdyr, maşyn zadyň sesi az bolandanmy – nämemi, bagşyň sesi örän uzakdan, gije ýarymdan geçensoň bir menzil ýola ýeter ekeni. Şonda süri düýäň garymynyň doňuz gözlerini gömüp bagşyny eşitmäge 15-20 kilometr aralykdaky adamlar gelerdiler, onuň bokurdagynyň ses perdeleriniň adatdan daşary süýji, ýakymly bolmagy diňleýjileriň ruhlaryny göteripdir, Mommat pälwan «Agajan bagşynyň bir aýal dogany bardy, şol aýalyň çaga hüwdüsini eşiden oba adamlary gidip bilmän, işini unudyp, üýşüp durardylar. Agajan bagşyny diňleseň başga aýdymlar duzsuz tagam iýen ýalydyr» diýip, ogly Baýrama aýdyp giden ekeni. Dogrudanam käte Agajan bagşynyň «Çykdym güllerini» diňlände Çarynyň depe saçy çümşülleýärdi, kalbynda uly tolgunma peýda bolýardy, aýdyma hiňlenmän durup bilmeýärdi. Ýatagyň öňündäki aýlawda motor çägä batdy. Täzegül böküp düşdi-de, kölüň ýakasyna ylgady, elini ýüzüni ýuwdy, ýaglygyny kakyp täzeden daňyndy. Onýança Çaram kem galyp barýan ýaly eşigi bilen özümi oklady. - Waý, masgara, toba – diýip Täzegül hyrra yzyna öwrüldi. Çary gamyşlaryň arasy bilen esli ýere ýüzüp gitdi. Käte ördekler güsürdäp uçup gidýärdiler. Gamyşlaryň içinde ördek jüýjelerine gözi düşen-de ol: - Täzegül bujagazlara seret! – diýip gygyrdy. Täzegül bolsa eýýäm ýapa dyrmaşyp sygyr ýataga ýetip barýardy. Çary suwdan howlukmaç çykdy-da: - Täzegül, dur ahyryn, nirä barýaň? – diýip, onuň öňüne geçdi. - Çary utanaňokmy? Aýryl öňümden toba. Çary güne ýanan eşiklerinden, egnine düşen saçlaryndan suw syrygýardy, garaja murtlary çygjaryp durdy, gözleri içiňden geçip barýardy. - Ýeke özüm motory çägeden çykaryp bilermikäm? - Çykaryp bilmeseň ýör, kömek edeýin, Täzegül köwşüni elline aldy-da, yzyna dolandy. Çary bir bökende onuň öňüne geçdi. - Aýryl, masgara dälirediňmi? - Täzegül... Täzäm... Men... Men... - Aýryl diýýän – Täzegül gaharly gygyrdy. – Eşideňokmy? Täzegüliň ýakyn barýan gyzgynlygyndan başy aýlanan Çary ne gidip bildi, ne gymyldyp. - Masgara, görseler näme diýerler. – Täzegül ýaglygy bilen ýüzüni sarady. - Saramak nämä gerek. Sen şeýle hem owadan – diýip, Çary onuň elinden tutjak boldy. - Çary, oýun etme! – Täzegül ýukajyk dodajyklaryny müňküldedip çala ýylgyrdy, saçyny düzedişdirdi, üst-başyna serenjam berdi, görýän welin men maňa kömek etmek üçin gaýtmansyň. Köňlüňde ýaramazlyk bar utanaňokmy? - Utanar ýaly men näme etdim? Tosunlan bolup... - Öňümde durma, biri görse näme diýer? - Näme diýseler şony diýsinler. Men öz ýüregimiň alanynyň... - Ýüregimiň alany diýýäňmi? - Eýsem sen ony aňmadyňmy? - Ýok, meň ýüregimiň başga alýany bar. Näme terrelýäň? - Muny sen köp gaýtalaýaň. Beýle hötjetligiň geregi ýok! Bolmaz ahyr, menem adam! meňem ýüregim bar. Sen-de hiç kim ýok. Men şony anyk bilýän... ýüregim seni aldyda nädeýin? - Heniz murtuň garalmandyr. Hajyrow ýaly bol. - Ynha murtum! - Ondan murt bolmaz, towlam-towlam bolsun! - Azajyk garaş, olam bolar. - Men ol ösýänçä garaşyp bilermikäm? – diýip, Täzegül güldi. - Täzegül, meni oýnama, haýyş edýän. Ilki okuwy, soň gullugy gutardym «Maňa garaşma» diýdiň. Senden umydymy üzdüm, ýöne seňem garaşýanyň ýokdugyny görýän ahyryn. Dogry, sen Gurdy görüp özüňi ýitirýäň. Ol çagaly-çugaly adam, onsoňam... - Gurt bu ýere nireden geldi. – Täzegüliň ýüzi şo bada üýtgedi. – Ge, şuny goýaly, ýör, motory çykaryp Şirini göreli... - Täzegül, senden bir zat sorajak. Gaty görmeseň. Çary haşlap demini aldy. Baý pul berip akyl aljak, garyp akyl satyp, pul aljak, men garybyň aklyny alýan on-da. - Zyýada sorag bermeseň bolýa. Bol, akylly soragyň bolsa ber. - Ýyl ýarym keselhanada ýataňda gözüň Gurda düşüp keseliňden açylypsyň, şol dogrumy? - Gurt buý ere nireden geldi? – Täzegül ýene şol bir sözüni gaýtalady. – Kimmişin ony diýýän? Kim? Ýagşam bir sorag berdiň? - Aý diýýärler-dä. Hemme kişem diýýär. - Sen oňa ynanma, ine saňa-da her-hili zat diýýärler, men oňa ynanamok ahyryn. - Maňa käte Zeňňi Hanam diýýärler-le – diýip Çary güldi. – Bir gün Myradyň maşynynda şähere gitdik, şäheriň gyzlary bir uzyn, bir kelte, bir gara, bir aga seredip gülüşdiler. - Olara gülmäň diýmediňmi? - Asyl gyz görseň tumşugyňy göge tutýaň diýýän-le. - Bu meniň özboluşly goranyşym. Mysal üçin ýylan goransa haşylaýandyr, kirpi ýumaga öwrülýändir, sygyr şahyny öwürýändir, men bolsa tumşugymy galdyrýan. - Şeýlemi? Täsin goranyşyň bar ekeni, ýöne, sen adam tanaňok. - Men seni gowy tanaýaryn, şol ýeterlik. - Bopba ikiňiziň araňyza çöp atmaly boljak öýdýän. - Näme diýdiň? Serhoşlaryň bütündünýä jemgyýetiniň başlygy buý ere nireden geldi? - Bopba bilen araňyzy bozmaly boljak öýdýän diýýän. Ol gaty ýeňilkelle, içegen, seni ýoldan çykararmyka diýip gorkýan, şol zährimara uýgunlaşyp gidersiň. - Gorkma, Öwelek däldirin, öjemeldirin. - Heýý, näbileýin. – Täzegül köpmanyly jogap berdi, birdenem menem senden bir zat sorajak bolup ýördüm, sen şol agşam kirlemmiň ýanynda näme işlediň? - Aý, bardym-da – diýip Çary gümmi-sümmä urdy. - Çary, gideli, Şirin garaşýandyr – diýip, Täzegül ukudan oýanan ýaly gyssandy. Motor patyrdap sygyr ýataga gelende Şirin eýýäm sagymdan soň gap-çanaklaryny ýuwup gutarypdy. - Bolşyň nätüýsli gyz? – Ol Täzegüliň salamyndan soň içi süýtli gorküýzäni görkezdi. – Dolduryp goýanyma esli wagt geçdi. - Sag bol, jorajan, Men seniň edýän ýagşylyklaryňy unutman. Kime näme tölemeli bolsa-da hasabyňy ber. - Süýdi gurluşykçylara kömek diýip berýän. Kärende malym bar, öz elim öz ýakam, menden size goşant... - Kärendeçiligiň jogapkärçiliginden gorkmadyňmy, gyz? - Gaýtam, mallary öz haýryma aljak bolup alada edip ýörün... – diýip, Şirin oraýana köýneginiň ýeňini çermedi. - Bä, şeý diýsene, maşyn bilen sygyr sagarsyň, onda. - Sygry el bilen sagarys, derläp işleseň gowy bolýar, onsoňam el bilen sagsaň, oty eliň bilen orsaň yhlasyň geçip berekediň artarmyşyn gyz. - Borla jora, ýaňkalaşyp durmaly, hany tut gulpundan, süýdi ýükläli – diýip, Täzegül gorküýzä ýapyşdy. Olar süýtli gaby motora atdylar. Şol barmana kakasy bilen salamlaşmaga giden Çary dolanyp geldi. Öz ýanyndan joralar bir almany iki bölen ýaly, meňzeşdiklerini – diýip pikirlendi. Täzegül welin oňa has-da gözel göründi. - Jora, Mälik daýyma salam aýt. Şujagaz çig gaýmagy hem gowşur – diýip Şirin çüýşäni Täzegüle uzatdy. - Ol edil ýanymyzda işlemese-de men haýyşyňy bitirin – diýip Täzegül hoşlaşdy. Gaýdyşyn süýdi motoryň gapyrjagyna ýüklänsoňlar Täzegül Çaryň yzynda ýerleşdi. Olar niredesiň Bäşgyzylyň gurluşykçylar obajygy diýip ugradylar... Edil şu wagt dört ýyl mundan öň bolup geçen waka Çaryň ýadyny düşdi. Şol gün goşun gullugyna gidýän Çary kakasynyň motorynyň yzyna atlanyp etrap merkezine barypdy, gapyrjakda bolsa kolhoza tabşyrmaly bir guty süýt bardy. Olar özlerinden artýan süýdi her gün şeýdip tabşyrýardylar. Harby bölümde Çaryny düşüren kakasy – Bar oglum sag-aman gulluk borjuny ýerine ýetirip gel. – diýip, otly bilen hoşlaşypdy. Emma ol oglunyň nämede bolsa bir zady sorajak bolýandygyny, emma bogny ysmaýandygynyň aňyp bilgeşleýin diýen ýaly eglenýärdi, ýönekeý gürrüňiň çäginden çykýan mesele Çaryny utandyrýan bolmaga çemelidi. Her halda bolsa Çary ahyrym dil ýardy. - Kaka. – ol çekinjeňlik bilen töweregine garanjaklady. – Haçan şähere gitjek diýipdiň? - Seni ugradaýyn, süýdi tabşyraýyn. Onsoň... Ýok ertir gitmeli bor. Näme hyzmat? - Kaka?... - Aýt, aýt. Iki gulagym sende – diýip, kakasy ony gyssady. Günem peýşinledi, oglum! - Men bir möhüm zady haýyş etjek bolýan. Nädip aýtjagymy bilemok Çary motoryň çyrasyny bir ýakdy, bir söndürdi. – Kümüşçiler obasyndan Pälwan agany tanaýansyň? - Pälwan, Pälwan, Salyh, Pälwan perreňmikä? Ýeri, onsoň? - Onuň Täzegül atly gyzy bar. Olaryň ýaşaýan jaýlary derýa ýakyn ýerleşýär, gür bagly, öleňli mellekleri bar. - Hawa, hawa. Ýadyma düşýär. Pälwan bazarda şaý-sep satýandyr. Ony tanamaýan barmy näme? Gyzy ýadyma düşenok. - Şol gyzy gerek bolsa kömek... - Nähili kömek etmeli? - Aý, birden bir kömek gerek bolaýsa diýýän – diýip, Çary edil ojar odunyň öňünde oturan ýaly derledi. Kakasy üçin bu habar duýdansyz çykan tüpeň sesi ýaly bolup ýaňlandy, ogluny agzyndan süýdüň ysy gitmedik hasap edip ýördi, asyl ol ýigit çykaýan oguşýa. Diýýän gepleri jahyl ýigidiňki – edil beýle bolýan bolsa gitmänkäň aýdan bolsaň öýlendirerdim-dä! – diýip, Baýram aga ýylgyrdy. - Ýok, häzir däl, gullukdan geleýin, maslahaty şonda. - Bolar, oglum düşündim – diýse-de, kakasy oglunyň ýönekeý-sadalygyna, açyklygyna begendi, başga biri bolan bolsa oňa ýüregini açmazdy ahyryn. Çary hoşlaşanda kakasynyň ýüzünden hoşallyk duýgusyny okady. Onuň özi hem şonda tas guş bolup uçupdy. Şol belet hem joşgunly duýgy onuň kalbyny gaplap alyp, gullugyny aladasyz geçiripdi, soň tehnikumy gutaranda hem bu duýgy ondan galmandy. Tükeniksiz hatlaryna ýekeje jogap almasa-da Täzegüliň hut özüne garaşýandygyna tüýs ýüregi bilen ynanýardy, tehnikumy gutaryp gelen güni «Sen näme meniň bir hatyma-da jogap bermediň?» diýende, Täzegüliň «Meniň köňül halanym bar» diýmesi ony serpmeden gaýdan ýaly edipdi. Şonda-da umytdan düşmän gelipdi. Onuňam sebäbi eger söýýäni bar bolsa obada biri-bilmese biri biljekdi. Täzegül barada ýagşydan-ýamandan dil ýarýan ýokdy. Haçan-da Täzegül aşpez bolup işe gelende Çarynyň köňlüni azara goýýan duýgular täzeden joş alyp başlapdy. Ol hatda Täzegül özi üçin ýörite şu ýere gelendir diýip pikire hem uýup ugrapdy. Hut şol sebäplem köňli inçeden näzik duýgur bu gyzyň ynamyna girmek üçin sabyrlylyk, ýene-de sabyrlylyk ýoluny saýlap alypdy... 2 Täzegül daň atandan aýak üstündedi, nahar üçin taýýarlanan azyklary ýuwmak, gazanlary suwdan dolduryp, ot ýakmak, çaý gaýnadylýan gabyň suwuny barlap, otlamak ýaly işlerini gutarandan soň özüne serenjam berdi. Yzyndanam ertirlik edindi. Garagumuň säheri öňki bolşy ýaly asuda, birhili mylaýymdy, başga tarapdanam öňkülere meňzänokdy. Täzegül ir bilen epinleri ýazylan gyzyl ketenisini geýdi, topugyna ýetip duran gara saçlaryny düýrläp depesine ýygnady, gülgüne ýaglyk bilen daşyndan daňdy, öýünde aýna bolmasa-da, öwrenişen elleri endik bolan işini kemsiz ýerine ýetirdi. Bu gün onuň eşik geýişem, ýaglygyny daňyşam, barmaklarynyň işleýşem öňkülerden üýtgeşikdi. Gazanlaryň oduna göz-gulak bolmak üçin çykanda gün adam boýy galypdy, özem öňküsinden has mylaýym, has mähirli, lezzetli ýalydy. Gyzyň nämedir bir näbelli duýga ýugrulan köňli ähli zady bolmalysyndan üýtgeşik kabul edýärdi, ýok töweregi üýtgemän kalby üýtgäpdi, beýle üýtgeme adam bir zatdan gorkanda ýa-da çaksyz begenende peýda bolýardy. Dogrudanam agşam düýşünde azajyk gorkupdy, göwresine azar berýän, düşnüksiz duýgy gorkydan däl-de başga zatdandy, özem ol birhili ýakymlydy. Hut şol ýakymlylyk gülki bolup onuň kükreginden Ýanardagdan atylyp çykýan läbik ýaly çykmaly wagtyna garaşýardy. Täzegül holl agşamky bolup geçen wakany ýadyndan çykaryp bilmedi, gözüniň öňünde egnindäki ketenisini sypalaýan Çaryň keşbi durdy, munuň aýratyn ähmiýeti bardy, köňlündäki üýtgeşik duýgy şoldy, bedenini ýuwaş-ýuwaşdan gaplaýan gyzgyn akym hem şoldy, Çary beýle herekede ýüz urdumy, diýmek Täzegüli synasy gelendir, «Şeýtsem özünm nähili alyp bararka» diýendir. Her zatda bolsa onuň eli häzirem Täzegüliň elinde duran ýalydy... Çary garaňkylykdan çykypdy... Täzegül, şol wakadan soňky düýşünde, öz ýatýan ýerine Çaryny goýberýärmikä diýýär. Näme üçin edenine düşünenok, ýanyndan kowup hem bilenok. Çary bolsa ýaman niýete gol berip, küýüni üýtgedip gözüni guş iýýän bürgüdiňkä meňzedipdi, şondanam ol öler ýaly gorkýardy, ahyram bolmajagyny bilip ejesini kömege çagyrdy. Ejesi «Garagyň çyksyn, özüň goýberdiň» diýýär, çagyrylmadyk myhman bolsa amadyna garap özüni onuň üstüne oklajak bolýar. Täzegül ýalbardy-ýakardy, Çary süründi. Demi bokurdagyna gelen Täzegül howpurganyp oýandy... Hawa, Täzegül şeýle duýgyny ömründe ilkinji gezek başyndan geçirdi. Has dogrusy, erkek adamyň ýakynlygyny syzdy. Ol bolsa ojakdan köz alyp, eliňi ýakmazlyk üçin elden-ele geçireniň ýaly bir zatdy, agyrylydy, ýöne ýakymlydy, süýjüdi. Beýle mukaddes zatlar barada Täzegül heniz pikir öwrüp görmändi, nädip peýda bolýanlygyny öz-özünden soramandy. Şu soraglaryň döremegi bilen onuň ertiri öňkülerden üýtgeşikdi, kalbynyň laýykaty leýs bolup joşupdy. Mundan öňem Çary eliniň boş wagty Täzegüliň ýanyndan aýrylmaýardy, sogan, kartoşka arassalamaga kömek ederdi, suw getirerdi, odun çapardy, şo gijeki wakadan soň welin gelmesini has-da ýygjaltdy. Soňky günlerde Täzegül hem Çara başgaça seredip başlady, öňem tanaman duranokdy welin adamy ýakyn bilmek üçin onuň bile niş salyşmak köpräjik bolmak, häsiýetini içgin öwrenmek gerekdi. Türkmene mahsus bolan bu däp-dessury ol gowy bilýärdi, polady ýumşak ýigidiň zähmetsöýerligi, sadalygy, işi üçin janyny gaýgyrman, minnetsiz ýerine ýetirmegi gaty-gaýrym söz eşitse-de göwni bir ýaly bolmagy synçy nazaryndan sypmady. Indi ol Gurduň tutuksy, dyma, öz peýdasyndan başga zady bilmeýän ýigitligine göz ýetirdi, Çary bolsa birine kömek edip bilse begenýärdi, özem minnetsiz edýärdi, aýdymy gowy görýärdi. Agajan bagşyny diňläýse dagy... «Çykdym gülleri»... Şu aýdymy eşitdigi Çaryň gelşikli boý-syraty Täzegüliň göz öňüne gelýärdi, onuň her bir herekedi suwsan bägüle gerek bir owurt suwdy, gark bolup barýarka ýapyşjak nawudy, oda gaçaýsa daşynyň demir donudy, dagdan ýykylsa ganatydy, kalbynda Täzegüliň elleri Garagum derýasynyň aňry kenarynda balyk tutup oturan Çaryň daşy bilen aýlanyp, misli bir gujaklaýan ýaly uzalypdy... Işi bilen gümra bolýan Täzegül Çaryň ýanynda sogan artyp oturanlygyny bilse-de, bir gezegem gaňrylyp seretmedi, emma onuň ýakynlygy köňlünde ýakymly duýgulary oýardy, onuň towuk soýuşy, özüniň palaw bişirişi, mekdep ýyllaryndaky wakalar janlandy. Täzegüliň içini bilýän ýaly indi Çary ýatlamalar ummanyna siňdi. Bu gürrüňler olara howa ýaly gerekdi, ýogsam, onsuzam birek-birege gepsiz düşünýärdiler. Soňky günlerde Çaryň köňlünde, özüni alyp barşynda dörän üýtgeşiklik Mämmet agaň gözüne ildi. Ony gowylyga ýordy, daşyndan guwandy, ýaşlary görüp ýaşlygyny ýatlady. Bir gün agşam naharhana gelende Täzegül bilen salamlaşyp: «Çary işe çykmady welin daşda-işde görünen däldir-dä?» diýip soran boldy. Ýogsam, uzynly gün bileje işläpdi ahyryn, soňam «O-how, jalaý, sen bärdemidiň? Gel-ä nahary bileje iýeli.» diýip ony çagyrdy. Çary turup gaýdybermegiň ebeteýini tapmady. Nahary alyp garaşýan Mämmet aga «Oglana maslahat bermesem boljak däl» diýen pikire batdy. Nahar sowaberende Çara Mämmet agaň ýanyna geldi. Sesini çykarman, oglanlaryň myňňyldysyna gulak gabartman naharlandy. Mämmet aga oglanlar aşhanadan çykandan soň Çaryň ýanyna süýşdi. - Sen ogul, söýýänim bar diýýädiň. Gördüm. Bolubilýä. Görmegeý, işeňňir. Men saňa bir maslahat berjek. Mämmet keliň saňa ýamanlygy ýoguny bilýäň. Bilýäňmi?... dogry bilýänsiň. Indi maslahatym şeýle. Eger ýürekden söýýänligiň çyn bolsa onda söýgiňi gizläp ýörmegiň geregi ýok. Ony duýdurmaly. Bir gezek däl, köp gezek duýdurmaly. Gyzyň köňli seniň mähirden, söýgüden doly sözleriňi gulagynyň üsti bilen köňlüne siňdirýänçä gaýtalap duýdurmaly. Şony etmeseň saňa derek ony başga biri eder-de sen ät galarsyň. Etiňi gataltda birneme batyrlan. Garry töňňe şeýle maslahat berýä diýme. Gerek ýerinde aýgytly herekediň aýby ýokdur, ogul! Çary bu sözleri diňläp mylaýym ýylgyrdy-da, Mämmet keliň gasyn basan ýüzüne mähirli seretdi, onuň bilen razylaşýanlygyny-da aýtman töwirden soň ýerinden turdy. Kim, Kim, Mämmet keliň köpi gören ýiti gözleri Çaryň bagtynyň oýanýanlygyna, maslahaty bermese-de ähli zatdan baş alyp çykjakdygyna düşündi. Bu ýylyň gyşy birhili üýtgeşik geldi. Güýzüň ikinji aýynda, bolmanda Sanjar aýynyň birinji ongünlüginde ekinleri sowuk urýanam bolsa, indi Bitaraplyk aýynyň aýaklary bolup barsa-da, ykyşagrak ýerde baglaryň saralan ýapraklary gaçman durdy. Köpi gören ýaşulylar gyşyň gazaply geljegini öňünden duýdurýardylar, ömrüni aýdym-saz, şady-horramlyk bilen geçirýän käbir adamlar bu habardan soň gyş otunyň ýetmezligini duýup iki ýana at salýardylar. Hojalykçy ähli zadyň gamyny wagtynda edenler diýseň arkaýyndylar. Garagum çölünde, gijäň salkynlygy bilen ýere düşýän çigiň hasabyna ýaz otlarynyň oýanmasy dowam edýärdi. Ýogsam, hasabyna şolardan ökde bilýän ýokduram welin tebigatyň soňky ýyllardaky adatdan daşary hereketlerine olaram düşünmän galýardy. Günüň gujagynda meýmiräpjik oýanyp, soňam aldawa düşjekdiklerini bilenokdylar. Otuz ýyl mundan öň – 1969-njy ýylyň gazaply gyşyny ýatlaýan ýaşulylar tebigatyň bu matlabyny adamlara duýdurýardylar. Mämmet kel şol gyşy başyndan geçirip, horluk baryny görensoň, öňem-ä dili kelte däldir welin, indi has-da işjeňlik görkezip, gyşa taýýarlygy güýçlendirmek barada iş alyp baryjylaryň gulagyny kamata getirýärdi. Hut şonuň irginsiz «iňirdisi» (käbir adamlar onuň sargytlaryna hut şeýle düşünýärdiler) bolmadyk bolanda ýaşalýan göçme öýlerde ýylylyk ulgamlary çekiljek däldi, goşmaça ýylylyk berýän tok peçleri getiriljek däldi, iň bärkisi traktorlaryň gyşky ýaglarynyň getirilmegini hem hut şol ýola goýupdy, dogrusy, beýle ýangyjyň barlygyny şondan başga bilýänem ýokdy... Gazçylaryň göçme obajygynyň töwereginde otlar gök öwsüp, bir serä ýetipdi. Garagum derýasynyň boýunda san-sajaksyz källerde bolsa dyza ýetipdi, tebigatyň bu hasabyny öňünden bilen ýaly Baýram aga sygyrlary obadaky ýatagyna äkitmändi, netijede ýagyň güneş ýüzüne çykan otlardan gerk-gäbe doýýan sygyrlaryň garynlary pökgerip, emjekleriniň süýdi köpeldi, gyşyň ätiýaçlyk ot-iými harç edilmedi, netijede mallardan alynýan önümiň mukdary iki esse artdy. Gaz känini özleşdirýän gurluşykçylar üçinem gyşyň giç gelmegi kemje-kerem bolmady. Gurulýan desgalaryň hili ýokary, depgini ileri gitdi, ýükleriň gelişi barha artyp zähmet öndürijiligi ösdi. Çara, atasy Mämmet pälwandan geçen häsiýet onuň ýörgünligidi. Ol gaz geçirijileriň ugurlaryny anyklamak üçin günde onlarça kilometri pyýada geçýärdi, şonda-da birjikde ýadamazdy. Mämmet keliň öwüt beren gününiň agşamsy Çary gezim etmäge çykdy. Ähli ýerde joşgunly zähmet möwç urýardy. Kebşirleýjiler gijäni ýyldyrym ýaly ýagtyldyp gaz geçiriji tokurtgalary sepleýärdiler, traktorlar süsňäp çägeleri süýşürýärdiler, ýükli maşynlar iki ýana at salýardylar. Çary az-owlak gezim edenden soň öýüne girmekçi bolanda aşhananyň ýanyndaky bir gara gözi düşdi. «Bä, bu kim bolarka janlarym?» diýip golaýlady. Görse, Täzegül hol alysda süsňäp gum sürýän traktorlaryň işleýşine seredip dur. Şol gün Täzegül aşhanaly işinden dynyp, ýuwundysyny dökmek üçin çykypdy. Aşhananyň günbatar gabadyndaky kiçijik depeden aşan ýeriňdäki oýda ýuwundy dökmäge ýörite çukur gazylypdy. Gije garaňkylygyndan gorkýanam bolsa Täzegül bialaç ol ýerde ýuwundysyny dökdi, yzyna ylgap diýen ýaly gaýtdy-da, jaýynyň golaýyna gelende çykýan ýyldyrymlara gözi düşdi. Görse, asyl olar ýyldyrym bolman kebşirleýjileriň işi ekeni. Kä ýerde, kä ýerde şeýle ýyldyrymlar çakyp, kä ýerde üznüksiz «ýanyp» garaňky gijä özboluşly bezeg berýän bu görnüşe syn etmek diýseň ýakymlydy, üstesine-de hut şol iki ýyldyrymyň arasyndaky uly depede häzir Gurt zähmet çekýärdi. Bu gün agşamlyk naharhana hem gelmändi. Täzegül oglanlaryň birinden oňa garbanmaga azyk iberipdi. Bu ýerden onuň traktory görünmelidi. Täzegül şut şony göreýin diýip birneme saklanypdy, galyberse-de agşamyň arassa howasynyň täsiri ýakymlydy. Hon-ha güýçli çyrasy bilen garaňkylygy böwsen traktory depäniň üstüne çykdy, arlap iki ýana oýkandy-da, ýenede gelen ýerine çekildi. Belki ol däl bolmagam mümkin, Täzegül üçin ähli traktorlar Gurduňky bolup göründi. Kimiňki bolanda-da Täzegül üçin ol erteki ýaly, arzuw-hyýallarynyň jylawyny goýberýän ýakymly duýgudy. Täzegül şeýdip, bütin ömrüni bu gözelligi synlap durasy geldi. Aşhanaň gyzgyn howasyndan irýän adama güýzüň salkyn şemaly tenekardy. Şeýdip näçe dursa-da ýadajak däldi, ýöne her zadyň çeni-çaky bardy. Käşgä birine garaşýan bolsa, olam däldi. - Täzegül... Täze! – onuň arkasyndan ses çykdy. Täzegül yzyna seretmese-de, geleniň kimdigini bildi, gorkmady, gaýtam adynyň tutulanyna durky bilen begendi, Çaryň dilinden bagtyň jaňy ýaly bolup ýaňlandy. - Waý, toba, Çary senmi? Taz gorkuzypdyň... Ýatmaly ekeniň-da! Ädehediň birhili. - Ýatmaga barýadym-da... - Onda näme üçin geldiň? - Täzegül «Näme niýet bilen geldiň?» diýip sorajakdy, emma sorag başgarak bolaýdy. Ol häzir arzuw-hyýallaryna beslenipdi, arkaýyndy. «Eýsem onuň niýeti näme?» «Gel mundan berkräk soraýyn. Gijäň içinde beýdip meniň ýanyma gelip durmasyn. Utanç bol ahyryn.» Täzegül yzyna öwrülip hut şeýle hem diýmek issledi, emma ýüzi lap-lap gyzdy, kellesi güwledi, çekgesi sagat ýaly urdy. Belki, saçyny ýuwansoň daşyndan ýaglyk bilen saranda gatyrak çekdirendir. Ýogsam kellesi beýle güwlemeli däl ahyr... - Täze... – Çaryň sandyraýan sesi nämedir bir zatlary diýjek boldy, Emma diline badak atylan ýaly gepläp bilmedi. – Täze... Men... Men... - Toba, näme diýjek bolýaň, oglan? - Täze... Men... – Çary bokurdagyny arçap söze başlady. – Täze men sekizinji klasdan bäri... Sen meniň köňlümiň azary, gözümiň guwanjy. Şondan bärem rahadym gaçdy, ýüregim gysylyp agzymdan çykaýjak bolýa. Seni görsem şeýle ýagdaýa düşýän, ondanam erbet bolýan. Näme diýjegimem bilemok. Belki, meniň bu sözlerim göwnüňe deger, belki öýkeleder, ýöne men indi sesimi çykarman gezip bilemok. Ýüregimde gasyn alyp ýatan arzuwlarymy aýdyp köňlümi giňeltmesem dünýä dar görünýär. (Mämmet kel burnuňdan çekmedik bolanda sen bu sözleri agzyňa alarmydyň diýsene). Täze... Men... Men seni dünýädäki ähli zatdan eý görýän. Mahlasy sensiz oňup bilemok. Belki, bu sözlerimden soň menden gaçarsyň, belki utançsyz diýip kowarsyň, näme etseň eliňde, ýöne, indi sesimi çykarman, gezip bilemok, ine, ursaňam, sökseňem öňüňde durun. Bar, traktoryň öňüne özüňi okla diý, gözümi gyrpman oklaýyn, gaz käniniň ýalaw çykmaly 70 metrlik diňinden özüňi okla diý, oklaýyn, ýöne, men indi aýtmasam bolanok. Täzegül elindäki tagarany bir goýup, bir eline alyp, hamana dumanyň içinde gezip ýören ýaly köňlünde turýan gozgalaňa düşünip bilenokdy, eşiden sözleri süňňüne ornaşyp ruhuny galkyndyrdy, bedeni özüniňki däl ýalydy. Gowusy ol häzir sesini çykarman öýüne girmelidi, emma ysgyny ýokdy, kellesi dumanlap dur, aýaklary diýen edenok, onsoň ýykylman durşuna Hydyr haýranyň aýdyşy ýaly haýranlar galýardy. Täzegül elindäki tagarany ýere taşlap özi bilen des-deň bolup duran Çara seretdi. Häzir ol «Oglan, seniň utanç-haýaň ýok ekeni, nädip beýle sözleri agzyňa alyp bilýäň, ýeke duranlygyny bilip ogrynlyk bilen nädip ýanyma gelip bilýäň? Gorajak adamymyň ýoklugyny bilip şeýle edýärmiň? Ýagşam bir klasdaş ekeniň... Meni ilden, dilden, gözden goramaly halyňa masgara etjek bolýarmyň? Nädip o sözleri agzyňa alyp bildiň? Men seni tanamandyryn, aldanypdyryn. Göwnüňe düwen zadyň gorkunç, ahlaksyz haýasyz hyýal. Gözüm seni görmesin. Indiden beýläk... Indiden beýläk» ... – diýip, Çaryň ýüzüni dalasy geldi... Emma... Emma dili bokurdagyna ýelmeşdimi nämemi, geplejek bolsa bolanok. Diýjegini diýip bilenok. Nähilidir bir güýç onuň erkine duzak gurana meňzeýär. Onsoň ähli diýjek sözlerine derek özüne basalyk Edip, ýuwaşja – Bar, git! – diýmegi başardy. Çary hut şu söze garaşyp duran ýaly, gyzgyn dodaklary bilen Täzegüli ogşamak isledi, ýaňakdan çalaja öpdem, ýöne gyzyň howry aljyradyp, sähelçe dursa erkini ýitirjegine gözi ýetdi. Şo barmana Täzegül yza çekildi. - Çry, git! Abraýyň barka! – süňňüni saklap bilmese-de, Täzegüliň sesi aýgytly çykdy. - Täze! – Çary başyny egdi, hyrçyny dişläp uludan demini aldy. Täzegül mundan artyk dursa eýgilik bolmajagyna düşündi, şol sebäplem sesi sandyrady. – Oglan, maňa haýpyň gelsin. Horlama meni. – Täzegüliň dodaklary titredi, misli bir gysajyň agzyna düşen ýaly ýalbardy, «Masgaraçylykdan halas et, ýogsamam mertebämi goramakda hiç zatdan gaýtmaryn» diýdi. Yşkyň ody başyna düşen ýigidiň gulagyna zat eşidilmedi, dälirän ýaly gujagyny gerip, Täzegüliň üstüne süründi. Şeýle ýagdaýda Täzegül özüne kömek etjek sözleri agtardy, şol bir wagtda aýdyljak söz ýigidiň ýanýan köňlüne suw sepip özüne getirmelidi. Ýogsam Täzegüle sypma ýokdy, iň ýamanam başy aýlanyp barýardy. - Meni masgara etme, Çary! Aklyňa aýlan! Bar git! Çary ukudan oýanan ýaly birden yzyna öwrüldi-de, garaňkylyga siňip gitdi... Hi, şeýle tolgunmadan soňam Täzegüliň gözüne uky gelermi? Ol şeýle bir gorkdy ýok, diňe bir gorkmak däl. Özüne ýer tapyp bilmedi. Aslynda nämeler bolup geçdi? Näme üçin gijäň ýarymynda ýuwundy dökjek boldy? Ýeri, çykdy, taň etdi, derrew öýüne giräýmel-ä, ýok gijäň tämiz howasyndan dem alasy gelenmişin. Bar olam owarram diýseň, näme üçin Çary gelen badyna öýüne girmedi? Aýagy saralgy däldi ahyryn. Ýok, aýagy saralgy däldi, ýöne, nähilidir bir täsin güýç aýagyny duşapdy. Oňa özi günäkär däldi. Eýsem-de, güýçli ýol ýaş agajyň başyny ýere degmäge mejbur etse agaç günäkär bolýamy? Onsoňam ol güle gonýan bar arysy ýaly irginsizlik bilen üstüne topuldy, olam näme etjegini bilmän aljyrady, depesine inen gyzgyn ganyň zarbyna gözüni ýumdy, ýüregi ýer tapmady. Inçe bili tutjak bolan eller, nar ýaly ýaňagyna çala degen dodaklar, simdäki toguň uzaklara akyşy ýaly gyzgyn howur bolup damarlaryndan akyp geçse ýürek ýer taparmy? Bütin kalbyny lerzana getiren, çökgün köňlüni bir demde ganatlandyran howur nämekä? Gurt bilen bile çaý-çorba iýende, birnäçe gezek duşuşanda, eger-eger beýle duýga sezewar bolmandy. Çary bir gezek gelende, aýagyny duşap goýaýdy. Onda nähili täsin güýç bar-ka? Her zatda bolsa munda Çaryny günäkärlemegiň geregi ýok. Dogry, ol birneme öte geçdi, ýöne, onuň özüne-de bu hereketler ýaraýan ýalydy, ýogsam gidip bilýärdi ahyryn. Wah, gije ýeke çykma diýsene... Täzegül gözüne çüý kakylan ýaly iki ýana agdarylyp ýatyşyna öz hereketleriniň telekdigine düşündi, düşündigiçede gorkdy. Munuň soňy gowulyk bilen gutarjak däldi. Bedeni isleginiň garşysyna gidip duransoň «Masgara etme» diýip ýalbaranda Çary Täzegüli uly günäden halas etdi, onuň üçin Çara sag bolsun aýtmalydy. Waý, toba, birden ol şeýtanyň aldawyna gidýän bolaýmasyn. Şeýtan ruhy gowşaklary oýnap ýoldan çykarybilse hoş bolarmyşyn, aýratyn hem aýal-gyzlary. Şeýtanyň azdyrany, özüniňki diýip ýönelige aýdylmandyr ahyryn. Dogrudanam bu onuň etjek herekedine meňzänok. Gurhanyň aýatynda ýazylmanmy näme? ... Hawa, ol şeýtanyň aldawyna gidip başyny aýlaýar, buýsanjyny goramakda ejizletjek bolýar. Mundan bir aý ozalam ugruna gezip ýören gyzdy. Çaryň ketenisini sypalap durşuny görenden özüne näme bolýanlygyna düşünmän erkini elinden aldyrdy. Erkini aldyrsa bu dünýäde kalbynyň ejirini çekip, o dünýäde dowzaha düşýändigi düşnükli zat. Näme bolsa şol bolsun, ýöne, ol özüniň buýsanjyny goramany başarar, gaýdyp ýakynlaşmaz ýaly Çaryň merkini berer. Iň soňky güýjüne çenli mertebesini goramany başarar. Hawa, onuň kalby hut şu zatlary isleýärdi, ýöne bedeni kalbyna gulak asmaýana meňzeýärdi. Onsoň Çaryň öňünde goragsyz bolup galýardy. Diýmek, şu günden şeýläk bedenine ynanmagy – goýbolsun etmeli. Hiç wagt, hiç ýerde ol Çary bilen ýekeme-ýeke galmaly däl, eger gepleşmeli bolaýsa-da ýa-ha ýanynda Gurt bolsun, ýa-da beýleki oglan-gyzlaryň biri bolsun. Indi ol sogan, kartoşka arassalamaly bolanda-da Çaryň kömeginden gaçdy, Aýsoltan bilen bile işlänini kem görmedi, Çaram şol wakadan soň nirädir bir ýere ýitirim boldy. Eden işine utanyp gelip bilmeýän bolara çemelidi. Ondan bäri iki hepde geçdi. Çary daşda-içde görünmedi, nahar iýmäge gelmedi. Täzegül bialaç gapyň bosagasyna seretmäge başlady, ýüregi küýsedi, gizlin küýsedi, görünmezligini welin gowulyga ýordy, onsoňam bedeniniň garşysyna güýç toplamaga amatly pursat döräpdi. Täzegül öz göwnüni aldady, teselli berdi, kalbynda bolsa yşk şuglasy köräp ugrapdy. Dünýäde yşk odunyň garşysyna durup biljek güýç ýokdy. Onda çykalga näme? Öňdäki juma güni işini Aýsoltana tabşyryp öýüne baryp gelmeli, ejesi bilen öwlüýä aýlanmaly, Hudaýdan köňlüne giňlik salmagy, ýaman ýoldan saklamagyny salgy bermegini soramaly, goý Perwerdigär kalbyna paýhas, bedenine-de edep eçilsin. Täzegül Hudaýyň kömegine diýseň mätäç... Juma güni ol köýnekleriniň haýsysyna geýerkäm diýip pikirlendi, öz ýanyndan ýaşyl ketenini saýlady, şonda-da ejesine maslahat saldy. - Eje, men-ä ketenimi geýäýjek! - Ýönekeýräk köýnegiň ýokmy gyz? Biz toýa baramzok ahyryn. Metjide gidýäs. - Aý, eje bor-la! – diýip Täzegül razylaşsa-da, ketenisini çykarasy gelmedi. Gurbansoltan eje gyzyndan gözi gorkansoň onuň daşynda kökenekdi, näme diýse razylaşýardy, metjide baryp köňle giňlik dilemek, gyzyna gaty derwaýysdy. Bendäm bendäme sebäp diýleni, adam pahyr nireden näme bolarka diýip gowulyk gözläp ýörendir. Oňam näme ýekeje gyzy, göz guwanjy, bar mydary, höwesi abraý bilen durmuşa çykarmaly, baran ýerinde akly-huşy sagdyn bolmaly. Gyz maşgala durmuşa çykmanka, gara ýakyn bolýar. Gep-gürrüňleri ýeterlik gurbansoltan eje metjitde Gurhandan okaljak dogalarynyň keramatynyň gyzynyň ruhy sagdynlygyny berkitmäge kömek etjegine ýüregi bilen ynanýar, goý, islese ýaşyl ketenisini geýsin, gaýtam ol gyzynyň görküni has-da artdyryp salyhatly eder, salyhatlylyk gyzyň ýaranydyr... Täzegül ýaşyl ketenisini geýmek bilen köňlünde peýda bolan, ýöne, özüne gulak asmaýan düşnüksiz duýgyny ýeňerin diýip hasap etdi... Ol oňa başartjak zat däldi... | |
|
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -7: romanyň dowamy - 13.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |