19:03 Bäşgyzyl -4: romanyň dowamy | |
DÖRDÜNJI BAŞ
Romanlar
Heniz munça ýükleri kabul etmäge ukyply bolmadyk Üçajy demir ýol duralgasyna ýük yzyna ýük ýagyp başlady. Ýagdaýdan çykmak üçin demir ýol ýolbaşçylary elinden gelenini edýärdiler. Bir ýandan köne ýollary abadanlaşdyrsalar, bir ýandan ýük düşürmäge niýetlenen täze ýoluň işi gyssagly suratda alnyp barylýardy. Garaz, gysga wagtyň içinde demir ýol duralgasynyň ýük kabul ediş ukybyny bäş-on esse artdyrmalydy. Gelýän ýükleriň hetdi-hasaby ýokdy. Her zatda bu ýagdaýlar bilenem oňşuk etse boljakdy, eger ministriň şu günki haty bolmadyk bolmasa, onda şu stirler bardy, “Möhüm, ähmiýetli! Gyssagly! Hemme trestleriň ýolbaşçylaryna! Sentýabr aýynyň başyndan uly göwrümli gaz geçiriji tokurtgalaryň gelmegine garaşylýar. Ýükleri wagtynda düşürmegi, haýal-ýagallyga ýol bermezligi talap edýärin! Ministr”. Ýokary basyşly, giň göwrümli tokurtgalaryň gelmegine iki ýyl mundan ozal garaşylypdy. Emma käbir sebäplere görä ýylyň aýagynda hem, täze ýylyň Alp-Arslan aýyna çenli hem gelip ýetişmändi. Ine, indem bir ýyla ýakyn wagtdan soň şol garaşylýan şatlykly habar geldi. Kaka Rejep ministriň çakylygy boýunça Aşgabada gidip gelipdi, gelşine-de trestiň jogapkär adamlary bilen uly maslahat geçirdi. - Adatdan daşary waka ýüze çykanlygy zerarly men sizi gyssagly ýygnamaly boldum! Ol oturanlara gözüni aýlady. – Siziň bilşiňiz ýaly biz bu ýüke garaşýardyk, şol döwürdenem edilmeli işleriň takyk möhletlerini düşüp ministrlik bilen ylalaşypdyk. Eger ýük diýlen wagtynda gelen bolsa onda biz Bäşgyzyl gaz käniniň gurluşygyny taslama boýunça göz öňüne tutulyşy ýaly iki ýylda gutarýardyk. Indi bolsa ýagdaý düýdünden üýtgedi. Ýük bir ýyl gijigip geldi, ýöne taslamadaky ýaly gurluşygyň möhleti üýtgedilenok. Ministr muny maňa açyk aýtdy, gaz känini iki ýylda gutarmaly diýlen görkezmesiniň ýerine ýetirilmegini talap etdi. Maňa boýun bolmakdan başga çäre galmady... Biz nädip iki ýylda edilmeli işi on aýda ýerine ýetireris? Şu mesele boýunça kimde nähili teklip bar bolsa aýdyp oturyň! - Şol tokurtgalaryň geljegi indi bir çynmyka? – diýip, Muhammet Beg ýerinden turdy. – Garaşyp köp wagtymyzy ýitirdik, tehnikalaryň hereketsiz durmagyna getirdi, onsoň onuň geljegine ynamymyz gaçdy. Meseläni ýükleriň gelip başlandygyna göz ýetirip onsoň çözmelimikä diýýän. - Nädip çözmegiň ýollaryny salgy berjek dälmi? - Başlyk, meniň pikirim şeýle! Taslama ýokary hünärli hünärmenler tarapyndan düzülýär, gurluşygyň her bir tehnikasynyň, adam güýjüniň etmeli işleri minutsaýyn hasaplanyp çykarylýar, munuň üstesine-de, taslamada tehnikada, ylymda gazanylan iň soňky üstünlikler öz beýanyny tapýar. Şondan soňam iki ýyllyk işi on aýda ederis diýip boýun almak şol alymlaryň zähmedine atanak çekdigimiz diýip düşünýän! Sözümi jemläp aýtsam bu ýerde çykalga görünenok. - Menem şeýle hasap edýän, ýöne... diýip, Begmyrat sakyndy. - Hawa, ýönäň näme? Men anyk pikiri halaýan, özüne-de gysga beýan edilmegini... - Başlyk, men tokurtgalary kebşirlemekde ulanylýan awtomat gurallary gyssagly işledip bilsek, gaz geçirijini on aýda tamamlamak mümkin diýjek boldum –diýip, Begmyrat jogap berdi. - Ministr hem maňa şony aýtdy. Kaka Rejep öz orunbasary Begmyradyň sözüniň üstüne goşdy. - Gaz geçirijini guranymyz bilen gaz ýygnaýjy nokady nätjek? Sapa Sapar öz pikirini mälim etdi. –Işiň iň hysyrdyly ýeri şonda. Meseläniň düýp çözgüdini şondan gözlemeli. - Sapa Sapar dogry aýdýar! –diýip, ulaglar kärhanasyny başlygy Muhammet Begenç ýerinden turdy. –Şatlyk bilen Bäşgyzyl gaz käniniň arasy üçüz kilometre golaýlaýar. Ol ýere müňlerçe tonna gurluşyk çig mallaryny, demir-beton önümlerini çekmeli. Ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýän häzirki döwründe ulaglaryň segsen göteriminiň köne maşynlardygyny göz öňüne getirsek, onda menä bu wezipe başardar diýip güwä geçip biljek däl! Bu ýerde Sapa Saparyň aýdyşy ýaly täze ýollary gözlemeli. - Çig mal üpjünçiligi edarasynyň ýolbaşçysy hökmünde bizden meseläň ýüze çykmajagyna ynandyrasym gelýär – diýip, Annamämmet söz aldy. – Çekip ýetişseler gurluşyk çig mallaryny taparys! Ulaglar kärhanasynyň başlygy Muhammediň ýüküni ýeňletjek bir çykalgany aýdyp biljek! Biz ýükleri demir ýoluň üsti bilen Şatlykdan Üçajy duralga daşarys, ol ýerdenem gerekli ýerine eltilse belli bir derejede ulaglaryň üstüne düşjek jogapkärçiligi gowşatsa boljak! Ýöne, bu ýerde başga zadam bar. Tokurgalar gemände-de demir ýol duralgasynda ýük düşüriji enjamlar ýetenok, onsoň düşürilmedik ýükler üçin jerimeleri tölemäge mejbur bolýarys. Zeýrenýär diýmäň, ýagdaýymyz diýseň agyr! - Başga kimde teklip bar? Kaka Rejep oturanlara gözüni aýlap çykdy. – Näme, indi biz başaryp bilmeris diýip gol gowşuryp oturmalymy? Ol-a bolmaz. Ýeňillik bilen alynýan zat ýokdur, ýöne, kämilligiň hem çägi bolmaly dälmikä diýýän! Şatlyk biziň köpümizi ýokary hünärmen edip ýetişdirdi... Köpimiz halal zähmedimiz bilen il içinde abraýdan peýdalanýarys, olara baha bermänem başarýandyrys. Ýöne, kynçylygyň öňünde gol gowşuryp oturmak bize gelişýän däldir. Bize gaýry ýerden kömek etjek ýok, diňe özümiz kynçylyklardan baş alyp çykmany başarmalydyrys. Türkmeni türkmen etjek diňe türkmendir we şu pursatdan başlap ählimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ýollaryny irginsiz gözlemelidiris. Ine, meniň size aýtjak zadym. Bu meselede başga çykyş etjek ýokmy? - Men iki agyz aýtjak! – diýip, trestiň önümçilik bölüminiň uly hünärmeni, ýaşy elliden geçen Gurbannepes söz aldy. Ýygnak gutardy hasap eden adamlar ýerinden turdylar, Muhammet Beg bolsa “Ýene-de bir pelsepeçi tapyldy” diýip hüňürdedi. - Türkmen ähli zatdan baş alyp çykýan halkdyr, baý taryhymyzy öwrenen adam oňa göz ýetirip biler! Taryhda uly açyşlar türkmene degişlidir. Oglanlyk döwrüm meň häzirki oturan ýerimde mel bakardym, bu ýerler giden sonarlykdy, towşany towdaryny çykan ýeriňden taýak bilen alybermeli bolçulykdy, edil ertekilerdäki ýalydy, ýazyna sekiz ganat ak öýüň içine ýaglayp asyp towusýardyk, käbir öýlerde üsti gülli peçegiň ýaly aýdym aýtdyrylýan sandyk bagşy bolardy, aýdym aýtdyrylyp at çapdyrylardy, çeletindir-sözenden durşuna ot ýakyp onuň üýtgeşik ýagtysyna gyz-gelinler keşde çekerdiler. Şu çölde iň çuň guýylary gazmak türkmene başardýardy. Türkmen elinde pişigiň dyrnagy ýaly gural bilen ýere gaçan ýapraklary çöplemäni bilýän halk. Içimizde, gurluşykda täze açyşlar edip, şöhle saçyp, ot bolup gidenler az däl. Olaryň ody, käbir adamlaryňky ýaly, ody ýetmän hyssyk-pyssyk edip otlanman duran maşynlaryňky ýaly däl-de örän üýtgeşikdir. Türkmeniň gezi ýokarydyr. Ol kellesini işletmäni başarýandyr, gürrüň bilen abraý aljak bolman netije görkezýändir. - Netijäň bolsa görkez-dä onda! – diýip, Muhammet durup bilmedi. – Bize pelsepäň geregi ýok-da netije gerek! - Gurbannepes, aýdyberiň, ýöne, birneme gysgaldyň – diýip, Kaka oňa goldaw berdi. – Näme, aýtjak zadyňyz huşuňyzdan çykdymy? - Adam garrasa şeýle bolýandyr. – diýip Muhammet ýene-de ara sokuldy. - Aslynda galjaň bolsaň, herekedim berekedim edip, gymyldaberseň, ol seni garratmaz eken! Men muny Muhammet düşünsin diýip aýdýan. Ýaňky gozgalan meselede bolsa men çykalga tapylar diýip umyt edýärin. - Belli teklipleriňiz barmy? - Käbir hasaplamalarym bar, ýöne doly taýyn däl! - Haçan men oňa doly seredip bilerin? – diýip, Kaka Rejep sorady. - Nesip bolsa iki üç hepdeden soň – diýip, Gurbannepes jogap berdi. - Ýagşy! Men garaşmaga razy, ondan bärem kimde bu meselede täze pikir dörese gaýra goýman meni tapsyn! Kaka oturanlara birlaý göz gezdirip çykdy-da: - Kerim, hany Muhammet Bek? Bar gitde tapyp gel, -diýip, buýruk berdi. Onýança Muhammet: - Başlyk, men bärde” – diýip ýerinden turdy. Ol oturandan soň Kaka söze başlady: - Olanlar, öňde durýan wezipeleriň ýeňil däldigini bilýänsiňiz! Biz ýükleri düşürmekde, kebşirläp gerekli ýerine daşamakda uly guramaçylyk görkezmelidiris. Işi wagtynda çözmek üçin Üçajydaky göçme jaýymyz guramaçylygyň merkezi bolmalydyr, merkezde gije-gündiz adam oturyp her bir meseläniň döreýşi, wagtynda çözülişi bilen gyzyklanmalydyr. Umuman işiň bähbidini araýan her bir adam üçin merkeziň gapysy açyk! Ýaňy birnäçäňiz ýük göteriji tehnikalaryň ýetmezçiliginden zeýrendiňiz. Dogry, ýakyn hepdäniň içinde olar bolmaz, ýöne, oňa derek ýer tekizleýji, ýap gazyjy tehnikalar näçe diýseň bar! Bu nähili beýle bolýar? Jogap bereýin! Gynansak-da biz ýagdaýyň beýle çaly üýtgemegine garaşmadyk. Şeýdibem şu güne geldik, tehnikalaryň iş öndürijiligi peseldi. Siz bilýäňiz olary Döwletabat gaz käninden Bäşşgyzyla geçirmek üçin näçe tagalla, näçe wagt gerek! Indi gyssaýarlar, göz öňüne tutanymyzdan on bäş esse artyk ýük gelýär, gelmesem dowam edýär. Häzirki esasy wezipe geljek tokurtgalary düşürmek, kebşirlemek we daşamak, gaz geçirijiniň geçmeli ýoluny tekizlemek, gaz guýularyny özleşdirmek, gaz ýygnaýyş nokady, ýaşaýyş, beýleki önümçilik desgalaryny gurmak ýaly işleri agzap hem durjak däl. Olaram wagtynda edilmeli işler. Kimde sorag bar? - Sorag ýok –diýip, Muhammet Bek jogap berdi. - Onda meniň saňa soragym, şu günden şeýläk guşagyňy gaty berk çekmeli bolarsyň! Maňa gyssagly 80 tonluk ýük düşüriji gerek! - Başlyk, onuň şaýlary tapdyranok! Mesele ýakynda çözüler öýdemok. - Sen şony çözmeli! Iki hepde wagt berýärin, belläp al! Ol bolmasa biz turbalary nädip düşüreli? Üpjünçilik bölümi, Amanow, siz hem belläň, gije diýmän, gündiz diýmän ýükleriň düşürilmegini ýola goýmaly. Şu işde işlejek oglanlary goşmaça hak bilen höweslendiriň! Gerek bolsa iki aýlyk hakyny töläň! - Men kemçilikleriň ählisi barada aýdyp oturmaýyn. – diýip, Rahman Rahmanow söz aldy. – Gaz ýygnaýjy desga barýan ýoluň gurluşygy haýal barýar. Ýer tekizleýji tehnika ýetenok, işleýän maşynlaryň sany az. Ýagdaý şeýle dowam etjek bolsa ýoluň gurluşygy wagtynda gutarmaz. Käbir ýoldaşlar bu meselä kembaha garaýarlar. - Kyn görmän anygrak aýdaýsaň –diýip, Begenjow sorady. - Işe kembaha garaýar diýýänim siz, jenap Begenjow! - Kim? Men? – diýip, Begenjow töweregine garanjaklady. –Düşünmedim... - Düşündireýin! Tabşyrylan işi ýerine ýetirmek üçin maňa günde 25 sany maşyn gerek! Berilýäni 8-10 sany. - Gynansamam şol-a şeýle diýip Muhammet Begenç jogap berdi. – Üçajy demir ýol duralgasynda işlejek maşynlaryň sanyny köpeltmeli bolanym üçin sizden maşyn aýyrdym. - Menem şony aýdýanda! Rahman sözüni dowam etdi. – Bir bölümiň işini togtadyp beýlekiniň öňe giderini islämok. Üns häzirki möhüm bölümlere berilmelidir. Şu günki günüň iň möhüm zady ýoluňgurluşygy... Ol gutarylmasa biz ýükleri çekmek meselesinde kynçylyklara gabat geleris. Agyr ýollardan geçer ýaly bizde ýeterlik maşynlar ýok. Onsoňam “Ýol azaby – gör azaby” diýipdirler, ýol hysyrdyly iş. - Eýsem, siziň pikiriňizçe beýleki bölümleriň işini ýatyrmalymy? – diýip, Sapa sorady. - Ony diýjek bolamok! Bölümlerde maşynlaryň doly güýjünde ulanylmagyny gazanmaly diýjek bolýan. Onsoňam iş alyp baryjy ussalaryň hersiem bir maşyn münär, şolary tertibe salmaly. - Ýeterlik maşyn bersek ýol haçan taýyn bolar? – diýip, Kaka Rahmandan sorady. - Sanjar aýynyň başynda! - Sen maňa Ruhnama aýynyň aýagynda gutarmak üçin nämeler gerekdigini hasaplap getir! Düşnüklimi? Indi kimde sorag bar? Sorag ýok bolsa Sapa, Muhammet, Begenç Bekow üçiňiz galyň. Galanlaryň gidiberiň. Hemmeler çykandan soň Kaka Rejep Mälige: - Saňa näme gerek? – diýdi. - Başlyk, ol meň bilen –diýip, Sapa şu günki gelen netijelerini gürrüň berdi: -Iş ýeňil däl, biz ministriň öňünde ýüňsakgal bolaýmasak ýagşydyr! Ýogsa-da bize tokdan baş alyp çykýan ökde hünärmen gerekdi. - Kerim, tok boýunça trestiň baş hünärmenini tap-da aýt, goý, meseläni çözsün. – Kerim çykyp gidenden soň, - Oglanlar, siz işiň esasy garamatyny boýnuňyza alýarsyňyz, ýene bir gezek ölçäp döküňde işleriň tertibini düzüň, ýöne ýüňsakgal bolmalyň! – diýip, Kaka Rejep sözüni tamamlady. Mälik ýygnakdan çykyşyna göni öýüne gaýtdy, has dogrysy Sapa ony öýüne eltip “Ertir ir bilen gelerin, gerek ýaragyňy al-da, taýyn bolup otur, Üçaja gideris” diýdi. Olary aýtmak gerek däldi, ejesi ony Mälige aýtdyrman edýärdi. Biynjalyk edýän başga bir zat bardy, olam iki aý bäri Şirin bilen duşuşyp bilmezligidi. Şirin mallary bilen çöle çykypdy,duşuşmak üçin ýörüte gidäýmeseň görüp boljak däldi, onsoň Şirin bilen bir ýyl mundan ozal ilkinji duşuşygyny ýatlap oňmaly boldy. Ol şonda dosty Saparmyradyň maşyny bilen gezime gidipdi... Olar derýa barýan ýol bilen gitdiler-de, köprüden geçip, çepe aýlandylar, şol wagtam bir eli haly bukjaly, beýlekisi gapyrjakly, egni keteni köýnekli, orta boýly ak ýüz gyzyň deňinden geçdiler. - Geçip gidiberjekmi? – diýip Mälik Saparmyrada seretdi, maşynyň saklananyna mähetdel: -A gyz, münüň äkideýin. – diýdi. Gyz ýörişini üýtgetmän olaryň deňinden geçdi. - Gorkmaň, ýolumyz bir! – diýip, Saparmyrat ýalbardy. Mälik bolmajagyny bilip gyzyň elindäki gapyrjagy alyp maşyna oklady, gapyny açyp –Haýyş edýän! –diýdi. Gyz Mälige, soň Saparmyrada seretdi, her zatda bolsa sesini çykarman mündi. Nirä barýaň?-diýip, Mälik yzyna gaňryldy. – Öýňüzemi? Gyz sesini çykarmady. - Eşitmedik bolaýmasyn! Gatyrak sora... – diýip, Saparmyrat sadioň nurbatyny towlady. - Ýa, gulagy agyrmyka? Öýüňizemi ýa daýzaňlara? - Aý, hawa-la! - Daýzaňlara? - Aý, hawa-la! - Daýyňlaramy? - Aý, hawa-la! - Bäh, daş edýär-ow! Okaýamyň? - Aý, hawa-la! - Adyňyz näme? - Köp bilseň garrarsyň. – diýip, gyz ýylgyrdy. Soňam ýuwşja –Şirin! –diýdi. - Şirin. Şirin, şeker... Daş-da, gowy adyň bar! Ara ümsümlik aralaşdy. Mälik näme sorajagyny bilmedi, aýtmaly sözleri ýaňam diliniň ujundady, häzirem söztapman otyr. “Içigar galmyş, başga wagt bolan bolsa adama gezek bermezdim weli şu wagtam dilim tutlan ýaly pikirim çaşdy.” Göwnüne bolmasa Saparmyradam maşyny çalt sürýärdi. Ýeri nirä gyssanýaň diýsene... Öýüň göçüp gitjek ýeri ýok ahyryn! Çalarak sürsene-how! Uçurdyň maşyny. - Äý, walla, saňa-da düşüner ýaly däl. Çypbakaý çynym! Ilk-ä haýal sür dýýdiň. Indi gaty diýýäň? –Saparmyradyň gyz görerligi ýokdy, utanjaňdy, häzirem gulaklary bilen gyzarypdy. Maşyn oba golaýlanda Şirin: - Şu ýerde saklaň! – diýdi. - O nähili? Hany barmaly ýeriňiz? - Daýy, meň üçin azara galma – diýip, Şirin seslendi. Mälik bukjany egnine aldy-da ýöräp ugrady. Şirin onuň yzyna düşdi. Olar ýoluň iki gyrasyny tutýan bagyň gutarýan ýerindäki ýoda saga sowuldylar. - Ine, şu ýol bilen gönüläp gitsem öýe barýan, daýy, sen yzyňa gaýdaý! - Rugsat berseň daş edip ugratjak – diýip, Mälik bukjany beýleki egnine geçirdi, onda nämede bolsa agyr bir zat bardy, ýadamadym diýse-de gara suw bolupdy. - Gör-dä... Isleseň ugrat. Adyň Mälikmi? - Hawa, Mälik, Mälik! Kakamyň ady Baýram. “Ýeri, kakaň adyny senden soraýan barmy diýsene” diýip Mälik derini süpürdi. - Daýy, näme kär edýäň? - Işleýän... - Kim bolup işleýäň? - Kebşirleýji bolup, demirleri daş edip sepleýän! - Ýokary okuwa synanyşyp görmediňmi? - Ýok... Girjegem bolmadym. - Synanmaly ekeniň. - Sen okaýarmyň? - Ýok, men sygyr sagýan! - Aý, ýoga! Şeýle görmegeý gyzam sygyr sagarmy? Bäh, daş-da! - Onuň aýby barmy? – diýip Şirin güldi. – Ilki ejeme kömek etdim. Indi özbaşdak işleýän. - Aý ýoga... Her zatda bolsa men çagalara bilim berýän wagtyň, kesellilere em edip durkaň ýa-da bir ylmy edarada işläp duran wagtyň göz öňüne getirip biljek, ýöne sygyrlaryň arasynda weli... - Göz öňüne getirip bileňokmy? - Ýok. Ýogsa-da men seni bir ýerde gören ýaly. Nirede görenim hiç ýadyma düşenok-da. - Men bolsa seni görenimden tanadym, daýy! - Aý ýog-a, nädip? Olaryň barýan ýodasy akyp ýatan ýaba ýatip gutardy. Ýabyň açrysyndan oba başlanýardy, köpri ýokdy, ýöne paýapyl bilen geçilýändigi bildirip durdy, aňyrky kenarda paýapylyň özem ýatyrdy. Obadan biri gelmezmikä? Şol paýapyly ýabyň üstünde gurnamaly. –diýip, Şirin ýaýdandy. - Ýap çuňmyka? - Onçakly çuň hem däl. Men-ä boýlap bilýärdim. - O-hoo! Onda esli bar –diýip, Mälik köwşüni çykaryp ugrady. - Näme etmekçi bolýaň? - Bir pursatlyk aňryňa öwrülseň... - Waý, diýip, Şirin ýüzüni tutdy. Mälik çykarynyp suwa girdi. Ýabyň ortarasyna ýetip töweregine ser saldy. Hol beýlede üç dört sany ýaş oglanlar olara syn edip durdylar. “häý, bezzatlar, köpri şolaryň işidir-ow” diýdi-de suwa çümüp ýabyň aňry raýşyndaky gamyşlyk ýerde kellesini gizledi. - Mälik –diýip, diýip Şirin birnäçe wagtdan soň seslendi. – Daýy bolduňmy? – Jogap almansoň yzyna öwrülip seretse Mälik ýok. Onsoň iki ýana zowzuldap – Mälik! Daýy! –diýip gygyrdy. - Men bärde! –diýip, Mälik gamyşyň içinden kellesini çykardy. - Waý... Beýle köp çümme, demiň gutarar. - Gark bolaýsam aglarsyňmy? – diýip Mälik sorady, içindenem “haý, paňkelle başga soragyň gutardymy?” diýdi. Ol paýapyly ýaba germäp üstünde iki gezek bökdi-de: - Geçmek üçin paýapyl daş boldy! – diýdi. Şirin bukjasyndan süpürgiji çykaryp: - Al, üstüňi süpür, arassadyr! – diýdi. Mälik süpürgiji ýüzüne tutanda baharyň ähli gülleriniň ysy şonda gizlenendir öýtdi, ýakymly ys birhili beýhuş edip barýardy. “Beýlede bir ýakymly zat bor eken-ow!” diýip pikir etdi-de süpürgiji yzyna uzatdy. - Heziller edinäýdim... Sagja bol! - Geýinip bolduňmy, daýy? - Hawa. Mälik bukjany egnine atdy-da, agaç germewden geçip saga dolandy. Olar ýabyň raýşyndaky ýoda bilen ýöräp oglanlaryň duran ýerine ýetdiler. - Bä, bä! Bü-ýä Şirin ýaly-la! Şirin salam! –diýip, oglanlaryň biri seslendi. - Salam Myrat! - Obaň oglanlary kömek etmedilermi? - Kömek edişiňiz şomy? –diýip, Şirin paýapyla tarap başyny atdy. - Indi tanadyk. Ýanyňdakyny welin tanamzok. - Ady Mälik, bukja göterişýär. - Mälik diýsene! –diýip, ilkinji seslenen ýigit gara saçyny sypalap Mälige elini uzatdy. –Salawmaleýkim! - Waleýkimessalam! – diýip, Mälik elleşjek boldy. - Hol daýyňlary görýäňmi? – diýip, ýaňky ýigit elini çekdi. Oglanlar gülüşdiler. Mälik muňa üns bermezlige çalyşdy. “Giň bolmaly, uruşaýsam güýjüm deň däl, çydamaly”. Ol perwaýsyzlyga salyp geçiberjek bolanda oglanlaryň biriniň aýagyna kakmagy zerarly ýüzin ýykyldy, elindäki bukja hol beýläk düşdi. - Çekil yza! Çekil diýýän! Şirin ýaňky saçlak ýigidiň döşünden itip goýberdi. Eliňi bir degrip gör... - Myrat bolýa-la! Goý gitsin! Biz bu oglany soňam taparys, daýzalaryna ýene geler. - Goý, seň diýeniň bolsun,. Arslan! - Oba gyzlaryny görenden ýüz kilometrlikden gaçyp ýörer ýaly etmeli muny...Goý, bilsin. - Şirin näme ony goran bolýar-aýt? - Kim bolanda näme? Sylap goýmarys! - Dogry-da! Ýogsam dişinde et galar. - Eýerläp münäýdiňiz-le how ony... - Goý, gitsin! –diýip, Arslan diýilýän oglan “jyzt” edip tüýkürindi. -Ýene duşar... Mälik üst-başyny kakyşdyryp Şiriniň yzyna düşdi. - Agyrýan ýeriň barmy? - Ýok... Olar esli ýöränlerinden soň bir jaýyň gabadyna gelip saklandylar. - Ine, geldik. Eden kömegiň üçin sag bol, daýy jan! Şirin hoşallyk bildirdi. – Günem gijigipdir, gaýdaý! - Mälik elini bukjadan aýyrsa Şirin gaýyp bolar öýdüp gorkýardy. – Daýy, sag bol! – diýdi-de, Şirin howla tarap ugrady. Mäligiň diline gulp urlan ýalydy, sag bolam diýmedi, görüşelem diýmedi. Şirin howla ýetip: - Daýy, gelen ýoluňdan gitmegin, urularsyň! Ine, şu ýoly sypdyrmasaň häki maşyndan düşen ýeriňe elter. Ýöne daşrakdyr weli. – diýdi. Mälik Şiriniň girip giden howlusyna seredip doňup galdy. Töweregine garanjaklady. Hawa, şol tut, şol erik, şol köçe. Dur-la – asyl ol daýzalaryna gelen oguşýa! Şirin eýýäm şeýle owadan gyz bolup ýetişäýdimi-kä?! Ol daýzalaryna 8-10 ýaşyndaka gelipdi ahyryn! Asyl daýy, daýy diýdem-le weli. - E-heý, näme ýoluň ortarasynda sömelip dursuň! Aýryl ahyry –diýip maşynyň sürüjisi aýnadan kellesini çykardy. Mälik gelen ýoly bilen yzyna gaýtdy, gorky ýadyna düşmedi, ýöne, ýaňky ýerde üýşüşip duran oglanlary görüp gorkmanam durmady. Yzyna gaýtmakdanam utandy. “Näme bolsa şol bolsun! Ursalar urarlar-da” diýip, göwnüni bire baglady. Birhili urgyny öňünden duýýan ýaly, eňekleri gyzyp gitdi. Oglanlar geň galmakdanmy, nämemi aňk bolup durlar. Aňk bolmaz ýalymy näme? Uruljagyny bilip-de birnäçe adamyň ýanyna öz aýagyň bilen gelmek eýsem geň dälmi? - Oglanlar, köplük bolup bir urmaň, - diýip, Mälik olaryň deňine gelip seslendi. - Seň üçin köp bolmak nämä gerek! Özümem bir zat ederin. – diýip, Myrat goluny çyzgady, eline tüýkürdi. Häli aýagyna kakanyna gahary gelensoň, olaň köplük özüniň ýeke bolany üçinmi, garaz, her halda Mäligiň ýitirýän zady ýokdy, onsoň uruşda yza galmazlygy ýüregine düwdi. - Sen peläkede gyz gerekdir, häzir men, - diýip, Myrat elini galdyrmanka Mälik bar güýji bilen onuň dulugyna suňşydy-da, ýazzyny berdi, bir bökende esli arany açdy, şeýle bir gaçdy welin, häki paýapylly ýapdan ýüzüniň ugruna böküp ötägitdi. Adam gorksa gaty gaçar ekeni, yzyna seretse oglanlar ha-ha-haýlap gülüşýärdiler, Myrat üst-başyny kakyşdyryp ýerinden galyp barýardy. Güýçli urgy ony ýere ýazypdy. “Dogry-da walla, goý, aýagyma kakmasyn-da” diýip Mälik öz ýanyndan ýylgyrdy... Ine häzir ol şu wakalary ýatlap ejesiniň omaçaly çorbasyndan garnyny otarýardy. 2. Аrtyk bu gün ýolа çаgyl çekdi, günorta ýakyn, 34-nji gaz guýydan habar alaýyn diýip giden Rahmanyň yzyndan ugrady, Guýyň töwereginiň şol bir pytraňňylygydy, ýaýrap ýatan demir bölekleridir, turbalardan doludy. Rahman bu ýerde işgärler bilen meýdançany arassalaýardy. - Artyk geleniň gowy boldy, bize bölüji turba ýetenok, gyssagly getirmeli, soň beton çekmeli! - Bu ýatan demirlere sereet! – Artyk üm bilen töweregi görkezdi. – Ýüregi agyrýan ýokmuka? - Dogrymy aýtsam oňa meňem ýüregim agyrýar. Burrawçylaryň harsallygyna haýranlar galýan. Käbir geleňsiz, owarramçyl ýolbaşçylar şeýdip emlägi zaýalaýarlar. - Men ýaňy burawçylaryň nobatçysyna jaň etdim, ýygnaryn diýip söz berdiler, äkiden dolatamy ambara tabşyrdym. - Şony oňarypsyň; Artyk!. Aý, hawa-da, söz bermek aňsat, beren sözüňde tapylmak kyn. Maňa-da bölüji şu gün barar diýdiler. Görýäň-ä. - Rahman, kebşirleýji enjamyň işleýärmi? Maşynyň gapysynda jyzlatmaly ýeri bar. - Işleýändir. Oglanlaryň ýanyna bar! Bol, onsoň ýüke ýöräli!. Şol wagt çulbaň depesinden ýeňil maşyn aşak düşüp gaýtdy. Gelşine-de, işläp duran oglanlaryň gapdalyny tozadyp saklandy. Maşyndan iki adam düşüp göni Rahmanyň ýanyna gaýtdy. Olaryň biri burawçylaryň baş geology Ata Ýazyr, beýlekisi gaz çykaryş edarasynyň bölüm başlygy Halyk Hallydy. Daýawdan, uzyn boýly, peşeneli Ata gözünden äýnegini aýryp Rahman bilen gadyrly salamlaşdy, oglanlara «Armaň» diýdi, ýanyndakyny Rahmana tanyş etdi. Artyk agasy Ata bilen görüşdi, saglyk-amanlyk soraşdy. - Biz öňdenem tanyş – diýip Halyk jogap berdi. – Bular men hünärmentlerimi elimden alýarlar, Sapa diýip bir işgäriňiz gowy ekskowatorçymy alyp gaýtdy. Ol «Yzyma barjak däl» diýýär. - Rahman otuz dördünjini basym sana goşmakçymy? - Ata guýa tarap elini salgady. - Başarsaga goşmaly, ýöne çaşyp ýatan bu demirlerden ýaňa işlär ýaly däl. - Halyk syn et, bular seň wezipäň. Näme jogap berjek? - Men näme diýeýin – Halyk kibtini gysdy. – Burawy söküp tiz göçürmeli diýdiler, onsoň yzymyzy ýygnamaga-da elimiz degenok. - Oglanlar zeýrenmez ýalam däl ekeni. – Ata töweregine gözüni aýlady. – Hi, beýle-de bir zaýaçylyk bor ekeni, hä, Halyk? Gözüm bilen görmedik bolsam ynanjagam däl. Asyl gitmäli diýip jebrindiňle... Onunja gazyňy gural gerek bolansoň gaýdyberdik. - Şol gazyňyzyň eýýäm ambara eltildi, çägä siňip ýatmasyn diýdik. Artyk ol barada nobatçyňyza habaram edipdir. - Asyl ýokardan til etdiler diýýänleri senmi, köreken? – Ata soragly nazaryny Rahmana dikdi. - Hawa, biz... - Häkimlikden dälmi? Maňa şeý diýdiler, - Halyk uludan demini alyp çilim otlandy. - Şo ýerden bolmasa bolýala, ýüregim ýaryldy. - Halyk, sen piliň gulagynda uklaýan ýaly-la?, bu zaýaçylyklara kimde bolsa biri jogap bermeli bolar. Saňa bolsa Artyk, inim, guraly ýygnanyň üçin sag bolsun aýdýan! Şeýle zatlara gabat gelseň göni maňa çykgyn, nireden tapmalydygyny bilýänsiň... Ýogsa-da haly guýydan çykmaly gazyň möçberini ölçeýän gural goýuldymy? - Hawa, ol goýulmasa bolmaz-a! - Näçenji belgilisi? - On altylyk bokurdak! - Barlap durjak däl. Sözüňe ynanýan ýöne berk belle, gaz çykarmagyň düzgünleri gyşarnyksyz berjaý edilmelidir. Indi Bize SSSR döwründäki ýaly bol-bol diýýän ýok ahyryn. Bilýäňmi şonda nämeler boldy? Gaz çykaryljak guýylaryň doly özleşdirilmedik wagty bize Moskwadan şunça gaz bermeli diýdiler, ine onsoň ýaňky 16-lyk bokurdaklar zyňylyp taşlandy, bir guýy iki üç guýynyň gazyny bermeli boldy. Netijede ýeriň aşaky gatlagynyň rahatlygy bozulyp gaz bilen suw gelip başlady, şeýdibem 50-ýyla ýetmeli Şatlyk gaz känini 15 ýylda ker etdik. - Ata aýdýanlaryň dogry... Häzirem şol bol-bol endikden el çekip bilmeýän ýolbaşçylar bar. Olar iş başarýa diýdirjek bolup, gazy taslamada görkezilenden artyk bereris diýýärler, sözünde durjak bolubam ýatagy hatardan çykarmagyň kül-külüne düşýärler. Häzir ýolbaşçylar şu gün abraý alsam bolýar, erte dünýäni sil alsyn diýen ýörelgä eýerýärler. – Rahman sözüne dyngy berip Halygy seretdi. Ýa-da men nädogry söz aýdýarynmy? - Ýok, seňki dogry – diýip, Halyk göwünsiz jogap berdi. Osmaklatmanyňda-da düşünýän! - Ýeri bolýa, biz gideli! Halyk, sen maşyny baryber, men häzir – ol – Ata Rahmanyň golundan tutup çete çekdi – nähili, ýegenden habar barmy, ýanyna baryp gaýdýarmyň? - Ýok, elem degenok, olam gelenok! - Özüň gidip düşünişip gaýdaňsaň bolmadymy? Nähili hem bolsa aýalyň... Sen güň däl ahyry. - Ol meni diňlemek islänok, diýenini tutup dur. Işiňden çykda gaýt diýýär. - Ýeri bolýar, biraz garaşaly. Birneme düşüşmezmika? Öýe barsam maslahat baryny berýän welin, sen ýöne umytdan düşmegin. Ol azajyk hötjediräkdir. Ganyňda barda. Ata ugranyndan soň Rahman: - Gideli! – diýip Artygyň maşynyna atlandy. Olar niredesiň Bäşgyzyl diýip ugradylar. - Diýseňem, Rahman, günäkärler ahyryn tapylýar, ekeni! - Näme ol? - Aý, ýaňkylara diýýän, towşany araba bilen tutarlar diýip eşitmänmidiň? Halyk öňdebaryjy önümçilik bölüminiň başlygy, edýän işine seret? - Kemçilik hemme ýerde tapylýar, şol kemçiliklere garaýşyňa bagly welin... ol tükelleme ukybyňa bagly. Artyk nan haltasyndan bir döwüm çöregi döwüp agzyna atdy. – çörege eliňi ýetirip otur. Nahar wagtam bolandyr. - Sag bol, häzir-ä işdäm ýok! ... Çatrykdan çepe sowul, Muhammet Begiň ýanyna degip geçeli. Maşyn çatrykdan ýüz ädim daşlykdaky geçme öýüň ýanynda saklandy. Rahman maşyndan düşüp öýjagaza girdi. Artyk bolsa özüniňki ýaly maşynyň içinde saz diňläp oturan Myradyň ýanyna bardy, o ýerde Arslan atyjy hem bardy. - Beýdip saz diňläp oturanyňdan ýola çagyl çekseň bolmadymy? diýip, Artyk Myrada habar gatdy. - Men Muhammedi çekýän. Olar az ýük däl ahyr. - Işlemeseň bolýa-da! - Ol nä iş dälmi? - Çagyl çek, sement çek, anna saňa iş! - Dost, sen meň iş edişime seretme-de hak alyşyma seret – diýip Myrat hikirdäp güldi. - Beýdip hak alanyňdan-a... Neneň oňa wyždanyň çatýa? - Sen messepli bol-da eňiber. Dünýä iki gelýänsiň... Isleseň senem bir rahatja işe sokaýyn, häzir şoňa gurbum çatýar. - Oglanyň kakasy barda... Kakaň üsti bilen ýüzli bolandan zähmediň bilen ýüz gazanarlar. Mydama beýle elpe-şelpelik tapdyryp durmaz. Soň kyn düşer. Artyk han, soňuny görüp gelen ýok. Aýdym diňleseň-ä mün ýanyma, bolmasada kellämi agyrtma! – Myrat aýdymyň sesini gataldyp goýberdi. Rahman Muhammetden bir günlük ekskowator bermegini sorady. Muhammet bolsa ýagy ýok, ätiýaçlyk şaýy ýok diýip müň bahana tapdy. Ýöne bahana tapanyň bile nişi bitirip boljak däldi, işi bitirmek üçin hereket etmelidi, gözlemelidi, tapmalydy, gerekli ýerine habar etmelidi, iki eliňi galdyryp oturanyň bilen çykalga tapylanokdy. Soňky günlerde beton garyjylaryň, kerpiç örüjileriň, reňkleýji suwagçylaryň birnäçe goşmaça toparlary döredilipdi. Olary iş bilen üpjün etjek bolsaň diýseň çeýe bolmalydy. Kömek sorap gelene ýok diýmek aňsatdy, ýöne, şony diýmänkäň işiň alaşykly çemçedigini, dilege barmaly boljakdygyňy hakydaňa getirmelidi. Rahman möhüminiň bitmejegini bilip Muhammediň ýanyndan keýpsiz çykdy, ol ýerdenem göni merkeze ugrady. Agşam işden soň oglanlar üýşüp Artygyň okaýan goşgularyny diňleýärdiler. Jaýda Annuş, Arslan atyjy, Gözel, Şatlykdan iki günlik gelen Göwher, Ýene-de üç-dört gyz-oglan bardy. Rahman bolsa jaýyň töründe çyzgylaryna seredip otyrdy. - Umuman goşgy ýaman däl – diýip, Annuş Artygyň arkasyna kakdy. - Ýaman däl, ýöne ... Arslan aýtjak sözlerini pikirinde aýlady – bir hili göwniçökgünlilik äheňi bar ýaly. - Men-ä gowy gördüm – diýip, Göwher Artygy gutlady. – Gutlaýaryn, tüweleme, zehiniň bar. - Artyk ýene bir goşgy oka! – diýip Gözel haýyş etdi. Eý meniň zehinim, Beýik mertebäm. Gall sen arşa Süýnüp göýä ýyldyrym. Güýç bilen ýollara basjak yzymyz, Bozup bilmez toýnuk gurýan ýyllaram... - Berekella! Ine saňa gerek bolsa... – diýip, Annuş ony alyp göterdi. – Edil gyzyla barabar sözler. Gözel ýerinden turdy-da - Meniň üçin söýgi goşgularyňdan birin okap ber! – diýdi. - Baş üstüne – Artyk Gözeliň elini öz elline alyp barmajyklaryna seretdi. – Bu barmaklar suwag edýär, reňkleýär, çakym çak bolsa bu barmaklar surat çekýär, goşgy hem goşýar. Şeýlemi? Surat çekip oturanda, - Sagmysyň gyz – diýmän galdym. Barmajyklaň arasyndan «Guw uçuşyn» - duýman galdym. - Waý, enaýy-da gyz! – Gözel mylaýym ýylgyryp Artygyň goşgusynyň öwgüsini ýetirdi, Soňam: - Menem size bir goşgy okap berjek. Eger diňlärin diýseňiz? – diýdi. - Diňlemän näme jora, oka! – Göwher Gözeli gujaklap «Jora, sen bu ýerde has görke gelipsiň, çölüň howasy ýarapdyr, daşyňdan guwanýan, utanmada gowy goşgularyňdan okap ber! – diýdi. Gözel ýylgyryp başyny atdy-da goşgy okady: Garagumum, dyzym epýän öňüňde, Dost-ýarlamma baş arzuwym pespällik! Başym egip, tozuň sürtsem gözüme, Bagryňa bas! Besdir maňa şo şalyk! Göwsüm oýkap tokaýyňa, düzüňe, Gözüm süzüp diňlesem seň owazyň. Öçmez söýgim, şum otlukly yzamdan, Duýmaz tenim doňdursa-da aýazyň. Şemallaryň şuwlap keç söýgim ýaly, Döşümden iteläp goýmaz kowmany. Gazaply hem sada, sen ynsan ýaly, Sadalykdan aýyrmawer dogmaňy. Gün nury dek mähir bilen çoýar sen, Bereket bar baharyňda, güýzüňde, Garagum ki agras boluň adamlar, Nusga galsyn ogullaňda, gyzyňda. Goşgy okalyp, bolunansoň esli wagtlap hiç kimden sedah çykmady. Dymyşlygy Göwher bozdy. - Goşgy Garagum barada, ýöne onda ýowuz söýgi ýollary ussatlarda görkezilýär. Meniň pikirimçe Gözeliň şahyranalyk duýgularyň kämillik derejesine tarap süýşüpdir. Şahyryň geçmişi bilen habarly bolamsoň bu goşgy maňa has-da gowy täsir edýär. Berekella jora: - Göwher Gözeli gujaklady. Şol wagt gapy açyldy-da, «Mümkinmi» diýip Begmyrat jaýa girdi. Tüýs bolaýdy, asyl hemmäňiz bärde ekeniňiz! Umuman şeýle oglanlar. Edil şu wagt sekiz maşyn ýük geldi. Şoňa kömek etmesek boljak däl. Bilýän, siz ýadansyňyz, ýöne başga alaç tapman ýanyňyza gelşim. - Ine saňa gerek bolsa şygyr dünýäsi. Arslan elini urup başyny ýaýkady. Dynç güni, parahat otyrys diýip geň galypdym... Geň göreniň alnyna diýleni boldy. - Oglanlar, gaýrat etmeseňiz bolanok. Rahman çyzgylaryny taşlap söze goşuldy. – Hany ýörüň men siziň bilen ýük düşürmäge gitjek. Goý, gyzlar galsynlar-da, çaý-paýyň ugruna çyksynlar. Oglanlar jaýdan çykyp barýarkalar Artyk bu ýagdaýa günäkär ýaly «Zeleli ýok, ýene bir gün goşgularyňy diňläýeris!» diýip Gözele maslahat berdi. Gözel bilen Göwher jaýda galdylar. Iki jora Aşgabatda ýaşan ýyllary barada ýatlamalaryna ýüz urdular. Göwher ulaglary ulanmak barada ýokary bilim alyp Şatlyga gelipdi, şondan bärem merkezde, ulaglar kärhanasynyň Şatlykda ýerleşýän edarasynda işleýärdi, käte bolsa edaraň bölümlerine şeýdip aýlanýardy. Gözel onuň bilen bir günde işe gelipdi. - Jora, Myrady gördüňmi? – Göwher bu soragy berer diýip garaşan Gözel perwaýsyzlyk bilen jogap berdi. - Aý, käte bir görünib-ä gidýär. Tanamadyksyran bolýar... Men oňa ýalbaryplar gördüm. Sesini çykarman etjegini edip ýör. - Asyl şeýlemi? «Gözeli gördüňmi, ol Şatlyga işe geldi, seni gözleýär» diýsem, maňa-ha ol «Gelen bolsa gowy bolupdyr, men ony hökman taparyn, göresim gelip gitdi» diýýär. - Gör, tapýan zadyny. Meni bolsa tanamadyksyran bolýar. - Jora, sen gaty berk dur-da gepleş! Çaga seňki diý! Goý, aklyna aýlansyn. Aýlanmasa başgaça hereket etmeli bolar. Göwher sözüne dyngy berdi-de, esli salym oturdy, ol ýüregindäki syryny aýtsammykam diýýän ýalydy. – Jora, men senden zat gizlämok! Artyk nähili ýigit! Sen ony işde görýänsiň? - Işeňňir, arassa oglanmyka diýýän, men-ä. ony nämä soradyň? - Ol Şatlyga ýüke baranda daşymda aýlanýar. Şol sebäpli soraýdym. - Men-ä dogrusy, ony üç-dört gezek gördüm, ýöne erbet oglandyr diýip biljek däl. - Sen indii dogrudanam suwagçy, reňkleýji bolup işe geçdiňmi? Göwher gürrüňi üýtgetmekçi boldy. - Hawa, ilki Bäşgyzyl gaz käniniň gurluşygyny alyp barmak baradaky merkezde kätip edip bellediler. Bir gün giçlik Begmyrat bilen ýygnakdan çykyp gaýtdym, ol maňa «Sen öz käriň boýunça işläsiň gelenokmy?» diýdi, menem «wah, näsini aýdýaňyz, suratçy bolsam armanym barmy» diýdim. «Onda gyzlagy ýygnada bir topar düz, özüňem şoňa ýolbaşçy bol, jaýlary surat ýaly reňklärsiňiz, suwarsyňyz» diýdi. Men «Ýolbaşçylygy başarman, onsoňom meni goýbermezler» diýsem ol «Ony öz üstüme alýan» diýdi... Ine, şeýdibem gyzlardan topar döretdim-de işläp ýörün... Elim sypynsa çagalar bagyna gyzymyň ýanyna baryp gaýdýan. Sen nätdiň jora, işiňe öwrenişdiňmi? - Menem näme işläp ýörün... – Göwher işe gabat gelýän kynçylyklary gürrüň bermäge başlady. 3. - Gaýrat ediň, oglanlar, Ýene bäş maşyn ýük galdy, şolary düşürsek dynýas. Rahman oglanlara göwünlik berdi. Päheý gutaraýan ekenig-ow! Bäş maşyn galanmyşyn... Biz robot däl ahyr. Men-ä çilim çekjek. Arslan maşyndan böküp düşdi-de bir bölek çagylyň üstüne çökdi. - Türmede hem beýdip işlemändim, aljak bü-ýä! Annuş elline tüýkürip işini dowam etdi. – Oglanlar hany boluň, ýene bir gezek derlesek bolýas... - Muhammet Beg bilen Myrat nirede? – Artyk Rahmana seretdi. - Muhammet ýoňlapdyr, Myrady bilmedim. - Muhammet gelmese Myrat gelmez. – El, onuň sypjykdygyny! – Arslan aşakdan söz gatdy. - Kül bilen tiken birigip Badam peýda bolanmyş. Perişde bilen şeýtandan, Adam peýda bolanmyş. diýip könelerimiz aýdyp geçipdir. Hemmeler perişde bolup bilmez. Şeýtanam aramyzda bolmaly ahyry – diýip Artyk jogap berdi. - Artyk dogry aýdýaň, belki şeýtanlyk edendir, belki işi çykandyr, ony agza almak bolmaz bir sagat işlesek dynýas, hany alalyň! Rahman sementli haltalary Annuşyň arkasyna alyp berdi. - Hawa, gowy işlesek, behişdiň jemgyýetçilik jennetine bararys! Diýip Arslan güldi. Begmyrat ýene iki adamy kömekçi getirdi. - Nebir abbat haltalary ýyrtypsyňyz, ýuwaşrak ýere taşlaýmaly ahyryn? – diýip Begmyrat Arslana igendi. - Sen özüň gel-de bir tarapyndan tut, onsoň nähili taşlaşyňy göreris. Aç eşege ýük ahyryn ol. Giň ýeriň gürrüňini edýäň! – diýip Arslan atyjy batnyksyz sögündi. - Arslan sögünmän bir dursana! – Begmyrat onuň böwrüne dürtüp goýberdi. - Sögünjekü Düşürýän men. - Senden başga-da düşürýän bar-a, ýadan bolsaň oturyber. Özümiz bir zat ederis! Sögünmän otursaň bolýa. - Eý Alla, men näme üçin adam bolup dünýä inipdirin, näme üçin suw maşynymyň çişik çelegindäki ýaly suwa öwrülip gitmändirin! Bütin ömrüm galagoplukda geçip dur. BAM-diýdi, owgan diýdi, indem... – diýip Arslan zeýrendi. - Ýogsamam iş etmek çişlik iýenden agyrrakdyr – diýip, Annuş seslendi. - Näme aýt, men geplesem goşulyp dursuň? – diýip Arslan gaharlandy. - Beýle asylly bolýan bolsaň düşür özüň. Men-ä elimem degirjek däl. Besdir, dynç alman işlemeli diýlen kanun ýok! - Başga-da bir kanun bar-a? - Bar bolsa hany aýt, Begmyrat! - Ol wyždanyň. - Ýagşam bir gürrüňä tapdyň?! – Arslan ajy ýylgyryp ýeňsesini gaşady. – Asyl arassaja penjek geçip eliňi işe urman ýöreniň şony aýdybam durla! Begmyrat gyzardy, näme jogap berjegini bilmän penjegini çykaryp ýeňini çermedi-de, maşina böküp mündi. – Hany, oglanlar, alalyň. Dogrudanam özümizden biläýmeli welin, bizem... - Begmyrat, özümiz düşürerdik-dä – Rahman şeýle diýse-de kömek edilenini kem görenokdy. Işleýän oglanlaryň öňünde Arslanyň oturmagy ýaramaz täsir etdimi, nämemi, Annuş göterip barýan haltasyny taşlady-da:- - Näme ýürek bulap maňlaýymyzda otyrsyň? – diýip Arslanyň ýakasyndan ebşitläp ýapyşdy. - Aýryl, goýber diýýän! – Aýyr eliňi, ýakamdan - Men, saňa häzir küre tozanyny görkezjek! Saňa iş ýakýan däldir... Turşan hamyr diýsäni. - Ýakamy goýber diýýän. Olar tutluşyp ýykyldylar. Artyk ara goşuldy. - Annuş degme, degme diýýän. Hany aýyr eliňi! Ejaza et! - Çymçyk ýaly türmeden gelerlerem indi bu gün üstüňe baýar boljak bolsa, Arslan tüýkürdi. - Arslan bes et! - Bes etjek däl. Men näme döwlediň bankyny urdummy, bes eder ýaly? Idili adam bolsa türmä düşmezdi, heý çerrek diýsänim. - Haý, seniň bir Annuş Artygyň üstiaşyr Arslanyň üstüne dyzaýardy. – Elime düşäýseň bokurdagyňy oýkalaryn, şyhmütüriňi towlaryn. - Öz şyhmütüriň gamyny iý... Men saňa towlatman... - Arslan bes et... Git şu ýerden... Bolmanda-da hezil berip duranok. - Gitmeli bolsa gidäýerin... ýöne her ýeten sandally zyklara ýakamdan tutdurman... Artyk Arslanyň alkymyna dykylyp bardy. - Saňa aýdylýar, git şu ýerden – diýip, Arslan hyrra yzyna öwrüldi-de, maşynlaryň arasy bilen ýok bolaýdy. - Annuş, ganygyzgynlyk etmeli däl, gara ýanaşmanyňdan gowusy ýokdur! – Artyk onuň elinden çekip maşina mündürdi. - Menem şony aýdýan-da. Gitdimi-gitsin, ýürek bulanç, myrdaryny aşyryp oturmasyn, keşbini purdatmajak bolsa. - Her zatda bolsa, sen saklanmaly. Ýagdaýyňdan habaryň ýokmy? Kim, Kim sen saklanmaly. - Aý, diýdi-de, Annuş elini silkdi. Iş dowam etdi. Oglanlar gaty ýadapdylar. - Meniň külbäme, ýygnanmaly, eşitdiňizmi, oglanlar – diýip Begmyrat gygyrdy. – Ýene bir sagatdan size garaşýan. Emma olaryň çaý ýadyna düşmedi. Her Kim başyny ýassyga goýup bilse kaýyldy... | |
|
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |