22:48 Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy | |
BÄŞINJI BAŞ
Romanlar
1. Rahman işden çykyp jaýyna gelende, Annuş eýýäm ýatyrdy, beýle ir ýatmagyny geň görsede azar berip durman, çäýnege suw guýup toga sokdy, soň düýpdäki tekjäniň başyna geçip ýoluň çyzgylaryna göz gezdirmäge başlady. Oňa ýoly çalt tabşyrmagyň ýollaryny hasaplap ber diýipdiler. Ine, onunjy nokada çenli, hemde oňa gerek ýigriminji nokatdan başlanýan çyzgy!. Ol edilmeli işleri hasaplap taslama bilen deňeşdirdi, netijede işi ýerine ýetirmekde gerek boljak tehnikalaryň häzirki mukdarynyň ýeterlik däldigine göz ýetirdi, ýöne oňa Kim goşmaça zat berer? Eliňde baryny almasalar kaýyl bolaýmalydy, sebäbi her bir bölümde işler gysgaldylan wagt boýunça alnyp barylmaly bolansoň tehnikanyň artykmaçlyk etmejegi düşnükli ahyryn. Eýsem ol näme etmeli? Onda iki ýan gazyjy, üç gumm sürüji, bir ýer tekizleýji, birem topragy basgylaýjy gurallar bar, geregi bolsa hersinden üç esse artykdy. Annuş ýatan ýerinde basyrgandymy nämemi, bir zatlar diýip gygyrdy. Işden ünsüni sowmasa-da, garaz, bu ses ony pikirlenmäge mejbur etdi. Ine, indi iki aý bäri Annuş, Artyk üçüsi bile ýaşaýardylar. Bir gün Begmyrat «Azatlyga goýberilýän oglanlaryň birnäçesi işe geldi, şolaryň birini ýanyňa iberjek, göz-gulak bol, işlet, terbiýele!» diýip, Rahmana tabşyrypdy. Şeýdip olar üç bolupdylar. Bir gün Rahman işe gitjek bolup durka tekjede ýatan hata gözi ildi. Onda şeýle ýazylypdy: «Gadyrly dostum Aman, meni gowy garşyladylar. Azatlyk ýaly hezil zat ýok ekeni, biz onuň gadyryny wagtynda bilmändiris, meni göz astyna alyp, Rahman, Artyk aýratynam Rahman diýseň gowy ýigit. Gurluşyk doly güýjünde ýaýbaňlanyp başlady, iş näçe diýseň bar, işgärem gerek. Senem azatlyga çyksaň ýanyma gel, iş tapylar, diýseň gyzykly ýokary aýlykly işi bar. Bilýämiň, men çölde Garagulak gördüm, barmagym ýaly daýaw çybynlary bar, ondan gaçyp, göçme öýleriň üstüne çykyp ýatýas! Hoş onda! Hat ýazyp dur. Dostuň Annuş!». Rahman muny ýatlap çaý demledi, bir käse içdi, edil şol wagtam Artyk işden geldi. - Baý-bow Annuş bu wagtam ýatmak bolarmy? Eý, Annuş tur hany! - Artyk, degme, goý heneklesin. - Bimahal çak ýatmak bolmaz... Tur eý, tur! Gözüňi ýumup, agzyňam açyp ýatma. - Gowy düýş görüp ýatyrdym. – Annuş gözüni oýkalady. Kitap elime alsam ukym tutýar. - Kitaba heýwere yhlas, höwes gerek. Men-ä gijesi bilen okap bilýän, üşükli bolmaly. - Rahman, seňki başga gürrüň, hatymkerdi sen, meň zordan ýedi ýyllyk bilimim bar. - Köpräjik okamak gerek, gözli körden köňli ker! – Rahman orta saçagy ýazdy, çäýnek käseleri goýdy, annuşyň bişiren naharyndan guýundy. – Oglanlar, hany nahary sowatmalyň! - Aý, indi okuw nämeme gerek, ýöne kerpiç örüjilik, traktorçy, ekskowatorçylyk hünärlerini edindim. - Tussaglykda okatdylarmy? – diýip Artyk sorady. - Hawa-la! – Annuş ýaýaplap jogap berdi. - Işlediňemmi? - Näme onda iýip-içip ýatmalydyr öýdýäňmi? Hawa işledim, onuň ýüzi birden gaýgylandy. – Wah, işlemek duran bir eşret ekenle! Sag bolsun, patyşamyz, bolsada meň bilen deň bolman azatlyga çykardy, ragbatym artdy, rençden dyndym. - Indikiňe berk borsuň, gören bilen tirkeşip ýörmersiň! Hany bol sadylla etme-de, eliňi ýuw naharyň başyna geç. Rahman oglanlar ýuwunyp gelenden soň Bissimilla bilen nahara başlady. - Şu gün-ä ähli maşynlary ýola sürdüler. – Artyk naharyň arasynda habaryny berdi. - Şeýdip bir hepde çagyl çekilse ýoluň esasy bölegi dynsa gerek, arman tehnikalar ýeterlik däl. Goňşy edaralardan soranyň bilen çözüp boljak däl. Bu ýerde nähilidir bir başga çykalga gözlemeli. - Rahman naharyny iýip boldy-da ýene-de çyzgylarynyň başyna geçdi. - Hany başgaça hasaplap göreýin! - Ýol diýýäler, olam gerekdir, ýene ýaşaýyş jaý meselesini ilki çözmeli. Haý diýmän gara gyş geller, bu çadyrlarda, göçme öýlerde ýaşap bolmaz. – Annuş goltuk jübüsinden hat çykardy. – Ine, basym barjak diýipdirler. - Kim ol, gelniňmi? – diýip, Artyk sorady. - Hawa, aýalym! - Wagtlaýyn obajykda umumy ýaşaýyş jaýyny gurýarys! - Näme üçin wagtlaýyn obajyk? – Annuş çaýly käsesini elline aldy. – Wagtlaýyn gurular ýaly gazyň çykyşy wagtlyýyn däldir ahyryn. Garagumda baýlyk näçe diýseň bar. - Biz gaz ýataklaryna gözegçilik etjek adamlar üçin wagtlaýyn gurýas, ýaşaýyş jaýlaryny bolsa merkezde Şatlyk şäherinde salýas. Her gaz ýatagynda ýaşaýyş jaý gurmagyň geregi ýok! Işçiler on günden çalşyp durlar. Onsoňam görşüňiz ýaly adam aýagy düşmedik çölde ymykly gurluşyk işlerini geçirmäge wagtda ýok, serişdede. – Rahman sesine dyngy berdi-de. – Gynansamam, hakykada şeýle! diýdi. - Belki, her ýerden adamlar gelerler, işimiz köpeler, dynç başymyzy kelkele sokarlar diýýändirler. Şeýlemi? – diýip, Annuş sorady. – Garaz, kynçylykdan, gohdan gaçýan adam diýerler, olara. - Dogry, ilki-ilkiler kynçylygam, goh-galmagalam bolar, ýöne gelejege seretmeli diýip, Artyk söze goşuldy. – Gelejekde kiçijik oba şähere öwrüler. - Siziňkem dogry welin, taslama düzýänler o zatlary bizden gowy bilýändirler... Basym bu ýere Garagum derýasyndan gaz tokurtgalary çekiljek. Biz Bäşgyzyly gür baglyga öwürsek uly iş etdigimiz bolardy. - Rahman, suw geljek bolsa mende teklip bar. Annuş ortadaky gap-çanaklary ýygnady. – suw gelen güni seýil bagyň düýbüni tutalyň, menem oňa bagban bolaýyn. Tüýs ýgowy görýän zadym. - Men seni bagbag edeýin! – diýip, Artyk aýdyma hiňlendi. - Dogrudanam Rahman, sorajak bolup ýördüm, seň kakaň gaz gözleýji geolog bolanmy? - Hawa, onuň nebitgaz gözläp Garaguma aýagy düşmedik, sökmedik ýeri galmandyr, Şatlykdaky birinji baş desganyň töwereklerinde suwsuzlykda heläk bolupdyr. Şoň üçinem ol ýere Şehitli diýipdirler. Şatlygyň ady hem ilki Şehitli bolupdy. Suwsuz ölen adama halk arasynda şehit ölen diýýärler... «Garagumyň her daban ýerinde gazam, nebidem kändir» diýip, kakamyň aýdan sözlerini onuň şägirdi Ata Ýazyr subut etdi. - Kakaňy görüp bildiňmi? – diýip, Annuş sorady. - Ýok, Rahman uludan demini aldy. Men dünýä inen günüm kakam ýagty jahan bilen hoşlaşypdyr. Mende onuň diňe suraty galdy. - Onda senem men ýaly ýetim-dä? – diýip, Annuş Rahmanyň arkasyndan gujaklady. - Hawa... Rahman kakasy baradaky gürrüňleri ejesinden eşidipdi. Gazçylaryň arasynda onuň uly abraýynyň bardygyny diňe gurluşyga gelenden soň bilip galypdy. Has dogrusy ony kakasynyň uly abraýy üçin işe alypdylar. Özem nähili uly iş. Hut şol sebäplem ol kakasynyň ölümi baradaky wakany tolgunman ýatlap bilmeýärdi. - Rahman, biz-ä gezime çykmakçy. Belki bile gideris. – Annuş penjegini geýip ýerinden turdy-da, Rahmany ýatlamadan halas etdi. - Oglanlar, siz gidiň. Men şu çyzgylarymy bir ýüzli edeýin, onsoň yzyňyzdan baraýaryn. Sizem «Garaşsyzlyk» köçesi bilen «Arzuw» naharhanaň, «Bitaraplyk» kinoteatrynyň töwereginden daşlaşyp durasyňyz ýok-la?! Oglanlar bu meňzetmä gülüşdiler. Sebäbi kinoteatr diýlip ähli işçiler üçin ortalyk bolan telewizorly jaýa, restoran diýip naharhana, köçe diýip, bolsa bar bolan göçme öýleriň arasyndan naharhana barýan ýoda aýdylýardy. - Arzuwçyllyk ruhuňy belent edýär. – Artyk Annuşyň yzy bilen çykyp gitdi. - Zyýany ýok oglanlar, aňyrsy on aýdan ertekini hakykata öwüreris! – Rahman olaryň yzyndan gygyrdy. Aýdaly, bar bolan buldozerler ýetenokmyş, onda nätmeli? Maşynlar bilen çeksek gymmat düşjek, olar çagyl-a, gara ýola gerek. Gyssagly 12 sany buldozer iberiň diýip telegramma bersek... iberäýjekleri gümana, iberäýenlerinde hem bir aýlap gelip ýetişmez. Nätmeli? Artygyň aýdyşy ýaly edaralary aýlanyp ýüz tutmaly bormyka. Ol oturdy, turdy, gezmelidi. Hiç belli netijä gelip bilmän daşary çykyp oglanlaryň ýanyna ugrady. Gapyň agzynda Mämmet aga duşdy. - Jan oglum, saňa hat gelipdi, şony gowşuraýyn – diýip, ol jaýyndan bir kagyz alyp çykdy... – Häli suw maşynynyň sürüjisi Arslan «ber» diýdi, şäherden getiripdir. - Sag bol, Mämmet akga. Hat Aýsoltandan gelipdi. Hatymyň seni tapjagynam bilemok, ýöne ýazaýdym. Arada kakama duşdum, «Rahman işden gidip ýalňyşdy» diýýär. Olar ýaly wezipe boş durmaz diýýär. Men ony has ýokary wezipä baş hünärmentçilige çekerin diýip ýördüm weli, ýalňyşdy diýýär... Menem saňa şony aýdasym gelýär. Ýalňyşdyň. Meniň şäheri taşlap gitmejegimi bilýärsiň. Söýgüli işim bar... Çöl diýip meni taşlap gitdiň... Ýalňyşdyň... häzirem pille... Öňki käriň önümçilik tehniki bölümiň başlyklygy boş dur... Pikirlen... Hoş Aýsoltanyň»... Rahman haty gaýtalap okady. «Aýsoltanyň şol bolşu-da, diňe özüni bilýär, diýen zadynyň edilmegini gowy görýär». Rahman oglanlaryň yzyny yzarlap daşary çykdy. Biri-birine seplenip hatar goýulan tigirli, aşagy typýan demir öýjagazlaryň türkmeniň gara öýleriniň içindäki oglanlar çaý-nan iýenlerinden soň onuň üstüne düşeklerini çykarypdylar. Bu hersi bal arysy ýaly çybynlardan gaçmagyň iň ýakyn ýoludy, onsoňam ýokarda salkyn şemal öwüsýärdi. Olaryň biri «näme how, meň ýerimi alypsyň?» diýse beýlekisi «ataň mülki barmy, geçde ýatyber beýlämde» diýýärdi, olam «O-how, düşün men gyrada ýatyp bilemok, togalanyp gaçarmykam diýýän» diýse, «gaçsaň aramyzdan bir ýalta aýrylýar, ýitirýän zadymyz ýok» diýýärdi. Öýjagazlaryň töweregindäki demir beton sütünlerde asylan çyralar töwerege ýagtylyk berýärdi, şol ýagtylyga aldanan çybynlardyr, mör-möjekler ýerganatlaryň, baýguşlaryň höregine öwrülýärdiler, ýere gaçanlaryny bolsa çöl kirpisi çöpleýärdi. Garaz, durmuşda hasapsyz zat ýokdy. Rahman hatar maşynlaryň arasy bilen geçip telewizorly öýjagazyň daşyna üýşen oglanlaryň ýanyna bardy. - Ýeri, rahatlykmy? – Rahman Artygyň galagoply ýüzüne seretdi. - Rahatlyk däl-dä! Arslan bilen Annuş uruşdylar. - Näme boldy? Hany olar? - Ýaňy şu ýerdediler. Araladym özün-ä! Halys kejigipmi, nämemi, çala bir zat bolsa Annuş uruşjak bolup dur. - Biz ony terbiýelemeli, Artyk! Şol sebäplem seni yzyna düşürdim. - Haýsynyň yzyna düşüp gezjek bulaň! - Ýör, tapaly. – Rahman şeý diýip durka Arslan geldi. – Näme paýlaşyp bilmeýän zadyňyz bar? Seň ýaşyň uly, pähimliräk bolaýmaly ekeniň-dä? - Meň-ä oňa eden zadym ýok. Maşynyňda içmäge suw ýok diýýär. - Dogry aýdypdyr. Sen adamlary suw bilen üpjün etmek üçinem ýörüte goýuldyň. Onsoňam, şu uzyn diliňe dyngy bermeseň başyň gowgasy gutarmaz. - Telewizorda kino gutarsyn, soň getirjek diýsem urşa başlaberdi. Ynanmasaň özünden soraý, ynha geldi! Annuşyň ak köýneginiň ýakasy ýyrtyk, penjeginiň ilikleri gaçan, saçlary bullam-bujar, gözüniň aşagy gögerendi, gele-gelmäne Arslanyň üstüne topuldy, emma Artyk: - Annuş bolşuň nätüýsli? – diýdi. - Içmäge suw ýok diýsem «Buşugjak şony içäý» diýýär... Men şony içmelimidirin? Owganda bolup geldim diýip döşüne kakýar. Garyby ursun, söksün, ýöne eşigini ýyrtmasyn. - Şonda-da uruşmaly däl ekeniň! Özünden bilim getirmeýän bolsa biz Arslany mejbur ederis! Arslan, eşidýärmiň? Git-de suw getir! Gaýdybam şeýle zatlar bolmasyn! – Rahman gaharlandy. Arslan sesini çykarman maşynyna ýöredi. - Ine, munyňyz-a berekella, Rahman! - Annuş, beýle zatlary dawasyz çözmeli. Sen öz ýagdaýyňdan habarsyz. Gaçmaly halyňa dawaň üstüne topulýaň. - Nädeýin, bolşum şeýle-dä! Gaharym tiz gelýär! Aýalymam şu häsiýetim üçin zeýrenýär. - Näçe çagaň bar? - Iki. Aýalym obada, men munda... Gijelerine gabanyp ýatyp bilemok. - Gabanjaň bolsaň söýgiň port bolar. - Men-ä gaýtam berk söýdügiň diýip, düşünýän. - Onuň ýaly bolsa maşgalaňy getirmek meselesini çaltlandyrmaly bolar. - Özüňem çaltlandyr! Ýeke horlanyp ýörme! Maşgala bir-birekden aýra ýaşasa bolmaz, onda jebislik ýiter. - Bolýar, ýör, öýe gideli! – Rahman Annuş bilen otagyna gaýtdy. Asmandan bir ýyldyz süýnüp öçdi. Annuş «Arslanyň başyna» diýip çagaka diýýän sözlerini gaýtalady. Bir ýerden ekskowatoryň sesi çykdy. Ekskowator... Ekskowator... Rahmana birden näme etmelidigine düşünip çyzgylaryň ýanyna howlukdy... - Näme edeli Annuş? – diýip, kiçijik boýly, burnunyň çep gyrasyny kekene iýen, gözleri gyýylyp duran polisiýa nobatçysy sorady. Arslan arz etse, arz etjeginem sen bilýäň, işiň bulaşýar, ýene-de gözenegiň aňyrsyna girmeli bolarsyň. - Nätseňiz özüňiz biliň! – diýip, Annuş göwünli-göwünsiz jogap berdi. – Urşanym hak... Şonuň üçin oturmaly bolsa, oturaýjak jenap neçennik! Türmä indii öwrenişmeli däl. - Näme üçin urşanyňy bilýän! Hakyna seretseň seňki dogry, ýöne sen bilýärmiň, kim? - Azatlykdan mahrum edilen ýeriňde wagtlaýyn ýaşap-işlemeli adam. Bedenäniň öýi ýok, nirä barsa «byt-byldyk» diýleni... - Dogry – diýip, nobatçy bir zat tapan ýaly begendi. - Azatlykdan mahrum edilen, hukuksyz! Azat adam bilenem uruşýaň. Oýnuň dDeň gelmejegini bilmeli ahyryn! - Bileňde nätjek? Boldy-da. Ýüregi bulady. Nobatçy kagyzlaryny dolduryp, gaty seresaplylyk bilen biri-birine çatyşdyrdy, saýhallanyndan soň. – Ine, şu ýerine gol çek – diýip Annuşyň öňüne süýşürdi. Ol görkezilen ýere şo bada gol çekdi. - Näme okaman gol çekäýýäň? Bolmaz ahyryn. Meň näme ýazanymy bilýäňmi? - Tapawudy näme, jenap neçelnik? Dogram bolsa, ýalňyşam bolsa... Siziňki dogry. - O näme diýdigiň bolýar? Düşünmedimle... - Men uruşdym. Sizem meni ýazgarýarsyňyz! Ol dogry, ýöne men ýalylaryň üsti bilen sizeem ýaşap bolmaýan jenaýatlaryňyzyň üstüni ýapmaly ahyryn! Onsoňam ýetim bolsaň hor bolýaň, han üstüňden ýol bolýar, seniň gezen köçeleň giň hem bolsa dar bolýar. - Ýeri, ýeri. Samsyk gürleme! Men seniň öň näme üçin düşeniňi bilemok. Diýýänleriň jany bar bolmagam mümkin. Muňa durmuş diýýärler. Her hili zat bolýandyr, ýöne saňa nebsim agyrýar. Kömek edesim gelýär. - Näme üçin jenap neçelnik? - Çynymy aýtsam hakykatyň hatyrasyna Arslana sapak beripsiň... - Men özüme kömek edilmegimi islämok. Jenaýat etdiňmi, ýatmaly bolar. Nobatçy çilim otlandy-da, birnäçe gezek nebsewürlik bilen sorup iki ýana gezim etdi, soňundanam gapyny açyp: - Bar, gaýdyber! Bir hepdeläp Arslanyň gözüne görünme. Öýüňdenem çykma, eger çykaýdygyň onuň myrryhy tutular. Men seni «yzyňa iberdim» diýerin – diýdi. - Daşary çykman oňub-a bolmaz – diýip Annuş aýgytly garşy çykdy. - Men bir zat iýmeli borun ahyryn. Işlemesem kim maňa çörek bersin? - Nätjek-dä gardaş – diýip, ol uludan demini aldy. – Bu soraglary ilki gözenegiň aňyrsyna düşmänkäň özüňe bermeli ekeniň. ...Indikiň näme? Men seni öz islegim boýunça däl, işdeş ýoldaşlaryň ýaşulylaryň haýyşy boýunça jenaýatdan boşadýan! - Öňde biri «Eşegimiň öljegini bilen bolsam halta samana çalşardym» - diýipdir. Senem şonuň ýaly. Öňümi bilen bolsam başgaça bordy. Onsoňam... Men hökman iberilen ýerde işlemelimi? O ýerde käbir adamlar maňa ýakanok, şonda nätmeli? Ýok, beýle güne düşerin diýip ýatsam-tursam pikir etmändim. Garamaňlaý bolsaň... Ejem pahyryň ölümine sebäp bolan bir mahluk men... Şol wagt tekjäniň üstündäki telefon janagyryly jyrlady. Nobatçy telefony almazyndan öňürti. – Bar, onda diýlen bilen boluber! Işle! Gerek bolsa idärin! Alýo! Alýo!. Nobatçy diňleýär – diýip öňündäki küti kitabyň içini dörüşdirip başlady. Annuş göwünli-göwünsiz daşary çykdy-da ýüzüni gündogara tutup ýöräp gaýtdy. Ol häzir edil on ädim öňünde duran Göwheri, Gözeli, Artygy görmedi... | |
|
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |