16:28 Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy | |
ALTYNJY BAŞ
Romanlar
Gurbannepes Aşgabada gelen güni taslama institutyna baryp özüňi gyzyklandyrýan meseleleri çözmegiň ugruna çykdy. Şol bolsa kändi Bäşgyzyl gaz käniniň gurluşygyny gysga möhletde ýerine ýetirmek üçin köp meselelere hut şu ýerde täzeden seretmelidi, ylalaşmalydy, şondan soňam ministrlige üpjünçilik bölümlerine baryp gerek adamlaryny tapmalydy. Ol bu institutyň Şatlyk bölüminiň başlygy bolup mundan köp ýyl öň işläpdi, ol bolsa soraglaryň çalt çözülmegine amatly täsir edýärdi. Taslama instututynyň merkezi bölümlerinde öň bile işleşen oglanlary bardy, hut özüniň ýetişdiren işgäri häzir Bäşgyzyl gaz käni boýunça taslamalaryň baş hünärmeni bolup işleýärdi. Onsoňam Şatlyk gaz käni iri gaz ýataklaryň biri bolansoň ondan baran wekiliň işini aňryujy bolar ýaly bolsa gaýra goýman bitirip berýärdiler. Gurbannepes günorta ýakyn tabşyrylan ägirt uly wezipeleriň pyşdyl herekediniň başlandygyny duýdy. Dogry, her bir meseläni çözmeli bolanda täze soraglar, ylalaşmalar, ýüz tutmalar, peýda bolýardy, olaryň käsini ýüz ugruna, käsini irginsiz haýyş bilen çözüp bolsa, käsi üçin ertir ýene gelmeli bolýardy. Gurbannepes diňe şu ýerde özüniň boýnuna alan wezipesiniň nähili agyr, jogapkärli, hysyrdylydygyna düşündi. Dolandyryjy Kaka Rejep ony paýtagta ugradanda «Her zat et welin, şu soraglary çözüp gel» diýip bilmän ugratman ekeni. Ol naharlanmak üçin institudyň jaýynda ýerleşen naharhana baranda baş hasapçy Juma Anna gabat geldi. Ol: - Nirede bolsada nahara geller diýip garaşyp durşum! – diýip, ony hoşamaý garşylady. - Özüň iýiberseň bolmadymy? – diýip Gurbannepes nahara gelen adamlaryň yzyndan nobada durdy. Olar nahardan soň institudyň jaýyndan çykyp Gurbansoltan eje ýadygärliginiň ýanyndaky oturgyçlaryň birinde çökdüler. Çüwdürimlerden akýan suwuň täsin sesi, mermer daşlara bezelen meýdança, golaýda ýerleşen telewideniýe birleşiginden çykýan sazyň owazy göwnüňi göterýärdi. - Paýtagtymyz şeýle bir gözel görke girdi welin käte aýlanyp ýörkäm bu görünýänler düýşümmikä diýdirýär. Edilýän bu işler haýran galdyrýar! – diýip Juma joşgunyny daşyna çykardy. – Sen, Gurbannepes aga, diňe bir gurluşykçy däl, tanymal žurnalist, publisist, ýazyjy! Bularyň üstüne gadymy türkmen taryhyny ezber öwrenýän adam... Hi, beýle zatlar öňde-soňda bolup geçipmi? - Bular bilmän edilenok! – diýip, Gurbannepes jogap berdi. Belli bolşy ýaly Oguzhan taýpa, millet, il halk arasyndaky jedelli meseleleri syýasy ýol bilen çözmeklige üns beripdir, permanlaryň iň çetki künjeklere ýetmegine, gürrüňsiz ýerine ýetirilmegine gözegçilik edipdir, permanlara kembaha garalsa höküm berijiniň kimligi bildirilipdir, adamlaryň arzyny diňläp günäkäre temmi bermek bilen adalatyň dabaralanmagyny gazanypdyr, zulum edýänlere, ogry-jümrülere, beýleki baş-bozarlara jezadan sypmajagyny duýar ýaly edipdir, esasanam ýurduň merkezini diýseň abadanlaşdyrypdyr. Gelýän ilçidir, myhmanlary ýurduň serhedinde hoşamaý, güler ýüz bilen garşylap, gapdallaryna syrdam, görk-görmekli ýol görkezijileri goşupdyr, ýolda hiç bir zatdan mätäçlik çekmän paýtagta aşmaklaryny üpjün edipdir. Duralgalarda, kerwensaraýlarda dabaraly garşylanyp ýollaryň ugrundaky göze iläýjek harby desgalardan sowa geçiripdir, şeýdibem şäheriň iň gözel künjeginde ýerleşdiripdir. Hanyň kabulhanasy myhmanlar üçin ýörüte bejerilip bezelipdir, sebäbi myhmanlara edilýän her bir hyzmat, sylag-hormat näçe ýokary derejede bolsa, şonça-da hanyň derejesi galýar diýip düşünilipdir, her bir agyr ýagdaýda hem olaryň göwnüne degmek gadagan edilipdir, şol bir wagtda hanyň ýaşaýyş derejesi döwletiň gülläp ösýänliginiň alamaty hökmünde kabul edilipdir. Gelýän myhman baý döwlet bilen, garyp döwlet bilen başgaça gepleşýär ahyryn! Oguzhan döwründen bäri ýörgünli bolan şeýle düzgünler Seljuk türkmen döwletinde hem ýörgünli bolupdyr. Bu barada Seljuk hanlary Alp Arslanyň, Mälik şanyň baş weziri bolan Nyzamyl Mülküň, «Syýasatnama» atly uly göwrümli golýazmasynda giňden durulyp geçilýär. Paýtagtymyzda gurulýan gözel ymaratlar şol köne däbiň gaýtalanmasy dälmi? Türkmenistana gelýän her bir myhmanyň, daşary ýurt ilçisiniň uçardan düşüp merkeze barýança gözüne ilýän gözellikleri eýsem bu geçmişimizden habar berenokmy? Daşary ýurt myhmanlary gözel köşklerde güler ýüzli garşylanyp, sahylyk bilen hezzet-hormatlap, sylag-serpaýlap ugradylsa, eýsem bu döwdetiň gurplulygynyň halkynyň agzybir, bol-elinlikde ýaşaýanlygynyň, ýurduň pajarlap ösýänliginiň alamaty dälmidir. Käbir adamlar «Paýtagtda munça gözel ymaratlar nämä gerekkä»? diýip, onuň manysyna düşünenoklar. - Düşünmek üçin geçmişimizi çuňňur bilmek gerek? Her zatda bolsa baý taryhymyzy öwrenmäge mümkinçilik döredi... Şoňa-da şükür. Ýogsam SSSR döwründe taryhymyzy öwrenmäge ýol bermediler ahyryn – diýip Juma janykdy. - Başga zada bilemok, ýöne gadymy grekler 3500 ýyl ozal Kawkazdan häzirki ýurduna baranlarynda ol ýerler Babyl (Wawilion) hany II hana degişli bolupdyr. Bu barada Gomeriň şygyr bilen ýazylan Iliada eposynda aýdylýar... - Diýläň, diňläň – diýip, Juma Gurbannepesiň sözüni böldi. – Şu sazy inim Akmuhammet çalýar, mekdepde sazçylyk mugallym. Kakam pahyryň usat Han Aka ýasadan dutary! Kakamyň iň gowy görýän zady bagşy diňlemekdi... Jumageldi Çary myhman gelende çalsyn diýip alypdy. Inim Amannazar Atadan tälim alypdy. - Ýakymly şirin çalýar! – diýip Gurbannepes sazy diňläp jogap berdi. – Käbiriniň saz çalyşyny diňleýäň weli bolýa-da... Sazy diňe gaýtalap çalýar. Özünden goşýan çeperleşdirýän zady ýok! Ussatlygy damardaky ganyň bilen duýmasaň sazyň şirin bolmaz. Olar turup bu ýerden daş bolmadyk Bitaraplyk binasynyň ýanyna bardylar. - Şu bina maňa ýaraýar... Onda men ojagy, ojakda gazany, üç aýak tagany Bitaraplygyň hakyky nyşanyny görýärin. Juma bina seredip joşgunly seslendi. - Bu binada hem türkmeniň pähim-paýhasy ýatyr – diýip, Gurbannepes oturgyçlaryň birine çökdi. – men «Türkmen pähimi-Altyn asyr» diýen makalamda bu bina barada giňden durup geçdim. – Halk arasynda şeýle rowaýat bar. Nuh pygamberiň agtygy Türk han diýseň görmegeý çaga bolanmyş, çyrçyk-çile belasyna düşeňde gözden, dilden gorasyn diýip ejesi ony goç tekeleriň mekanyna – Köpetdaga taşladypdyr. Çaga Amal peri (güýz), Eýe peri (ýaz), Agras ten peri (gyş), Nusaý peri (Aýyň nusgasy) atly perileriň elinde saklanyp, geçi süýdüni içip ulalypdyr. Ilkinji üç peri şol wagt ýörgünli bolan ýylyň üç paslyny aňladýamyş, esasy terbiýeçisi Nusaý bolanmyş. Türk han özüne edilen hyzmatlarynyň hatyrasyna Nusaý şäherini esaslandyrypdyr. Derwezesinde teke şahy asylan bu şäher Isgenden Zülkerneýiniň döwrüne çenli gülläp ösüpdir. Eýsem türkmenlerde tekäň şahy gapysynda bolan adamyň islän dilegi hasyl bolarmyş, söz-dilden gorarmyş, işini ugruna edermiş diýen ynam şu güne çenli dowam edmeýärmi? Ýeri gelende bellemeli zat – keramatly hasap edilýän T – harpy aňladýan daş heýkelleri häzire çenli grekleriň Miksi, Faros şäherlerinde Krit adasynda Ukrainanyň Çernigow şäheriniň golaýyndaky Mezin obajygynda, Gündogar Sibiriň Açyn şäherinde, Alýaskada, Alut daglarynda, Gwetemala, Salwador, Gonduras, Peru, Meksika ýurtlarynda Türk hanyň gyzy Maýanyň halky ady belli bolan halkyň ýaşan ýerlerinde saklanyp galypdyr. Bu barada amerikan ýazyjysy Alberto Rus «Maýa halky» atly kitabynda belleýär. – Bagyşla, meniň wagtym boldy... Şeýle gyzykly gürrüňleri diňleýän weli ýanyňdan gidesim gelenok. Agşam duşuşarys-da. – diýip Juma ýerinden turdy. - Bolýar! Meňem ýene bir sagada golaý wagtym bar. Onýança oturyp dynç aljak – diýip, Gurbannepes ony ugratdy. Ol oturan ýerine, uly suw çüwdürimine seretdi. Dogrusy, suw çüwdürimleri käte beýgelip, käte peselip dutaryň owazyna meňzeýärdi. Suwuň sesi kelläňe oňaýly täsir edýärdi. Şäher häkimliginiň öňündäki baglaryň ýapraklary saralypdy, mydama gök öwüsýän arça agaçlary has-da gözel görke gelipdir. Onuň sag egninde Bitaraplyk binanyň aňyrsynda ýer göterýän Sary öküziň şahyndaky Ýer togalagy bolup geçen aýlyganç hadysanyň Aşgabat ýer titremesiniň şaýady hökmünde garalyp görünýärdi, ondan günortarakda Prezidentiň köşgi, aňyrda Ruhyýet köşgi... Gözel ymaratlar sanardan köpdi. Şeýle bolansoň şäheri söýmezlik mümkin däldi. Onuň adamlaryň ruhuna edýän täsiri hiç bir deňeşdirmä mätäç däldi. Sebäbi şäheriň köki Gurbannepesiň ýokarda ýatlap geçişi ýaly türkmeniň gadymy köýül çeşmesine uzalyp gidýän aýdyň ýoldy, ýöne ýerden adamlar umyt uçgunlarynyň hasyl bolaryny isläp, bu şähere buýsançly garanoklar ahyryn! Gurbannepesiň edil öňünde telpegini çümre geýen, medeniýetli bir garry peýda boldy. Ol geçip gidenem bolsa yzyna dolanyp, guran dodaklaryny ýalady-da: - Ýazyryň ogly ýanyňda otursa bolarmy? – diýdi. - Oturyň! – diýip, Gurbannepes iki gapdalynyň boşdugyna garamazdan ýerinden gowsundy, onuň gitmeli wagty bolupdy, turmakçydy, ýöne ýaşulynyň öz adyny diline getirmegi oturmaga mejbur etdi. - Bagyşlaň, siz meni nireden tanaýarsyňyz? - Men seni heniz dünýä inmänkäň tanaýadym – ýaşuly haşylap üsgürdi, ýaglygy bilen agzyny süpürdi, özüni rahatlady. – Kakaňa meňzäpsiň, edil bir almany iki bölen ýaly. - Şeý diýseňizläň! Bu eýýäm meniň üçin örän gyzykly. - Kakaňy uruşdan soňky döwürden bäri tanaýadym. Ol oba şurasy bolup köp işläpdi. 1932-1937-nji ýyllarda baýlaryň daşyna geçenlerinde onuň halas eden adamlarynyň sany – sajagy ýokdur, biriniň adyny üýtgetdi, birini hasaba almady, ýene birini öýünde gizledi. Ol ýöne-möne şura däldi. Akýap obasynda şura diýseň tanamaýan ýokdur. - Bagyşlaň, siz kim bolarsyňyz? Ýüzüňiz tanyş görünsede aňyp bilmedim... Onsoňam men gyssanýan. - Azajyk gyssanma! – Garry äýnegini süpürip ýaňadan dakyndy. - Men seň bilen duşuşaryn öýtmändim, geçip barýadyň, görsem, şuraň ogly... Ýanyndan geçip gitmek maňa gelişjek zat däldi. Men duduşyga begendim, sebäbi ýüreklerde gasyn tutan pikirlerden gutarnykly netije çykarmaga ýetişmerin diýip gorkýan! Men olary birine aýtmaly... Ýogsa-da bagyşly, meniň adym Berdi... Berdi Oraz diýýärler! Tanyş bolaly! – Garry guran, uzyn barmaklaryny uzadyp Gurbannepes bilen täzeden görüşdi. Gurbannepes bu ady eşidip tisginip gitdi. Berdi Orazy tanamaýan ýokdy. Ol partiýada, häkimlikde jogapkärli wezipelerde işlän, wagtynda tüýküligi ýere gaçmadyk adamdy, indi bolsa nämedir bir zatdan günäli ýaly egnini gysyp otyrdy. - Şura! Men saňa şeýle ýüzlensem bolar-a? ... Ogullaryňa içiňi döküp bolmajak ekeni! Olar diňlänoklaram. Uly oglum, şu ýerde şäherde telekeçi, öýünde tapyp bolanok, kiçim Şatlykda maşyn sürýär. Şura diýip ýüzlenýänimi bagyşla, men seniň adyňy ýadymdan çykarypdyryn. - Gurbannepes, meň adym, Berdi aga! Sizi näler diňlejek welin wagtym boldy. - Şura, meni bagyşla! Men indii halys garradym. Ellinji ýyllarda ýaş oglankam beýnimde orun alan at Şuraň ady ýadyma düşdi durdy. Bu ýerde seni görüp bolsa ýanyňa gelmän bilmedim. Men seniň gazetlere ýazýan makalalaryň hemmesini okaýan! Heniz, zaýalanmadyk pikirleriň bar... - Siz munam bilýäňizmi? - Hawa, hut şoň üçinem seň bilen gürleşesim geldi. 1990-njy ýyllarda gazet-žurnallarda çap edilen makalalaň meniň durmuşym baradaky çykarýan netijelerime täzeçe seretmegime getirdi. Kelläňi agyrdyp oturjagam däl welin... Indi garradym. Men seni düýbünden tanamandym, makalalaryňy okamda bu sensiň diýip pikir hem edemokdym, ýöne adyňy ataň ady tanyş ýaly boldy durdy. Indem saňa tötänlikde duşup saklanman bilmedim. - Dogrudanam men gyssanýan! Garaşýanlar bar. - Kän saklap durjak däl! Sen biraz ejap et! Guýydan suw çekilýän ýüpi erňegi kerter, birsydyrgyn damyp duran suw daşy deşer. Hakykata göz ýetiresi gelýän adamlaram şular ýaly erjel bolmaly. Dünýäde köp müň dürli zat bar, ynsanyň kalbynda şonça duýgy, zeminde hem şonça iş bar. Eger bulaşyk akyl bilen nazar salsaň olar manysyz, başly-barat görüner, dury paýhas bilen synlanyňda welin, ähli zatda berk tertip-düzgüniň barlygyny duýýarsyň... Bu zatlar meniň indiki aýtjaklaryma degişli... 1950-nji ýyllaryň başlarynda ýakyn garyndaşym oba gurluşyk edarasynyň jogapkär işgäri bolup işleýärdi. Irginsiz ýagyş zerarly onuň salan mekdebiniň ýokarky demir-beton örtügi gaçdy. Munuň üçin ýaňkyny jogapkärçilige çekdiler. Oba geňeşiniň başlygy bolan kakaň hut şu jenaýat işini gozgamagyň başynda durdy. Ýogsam, heniz tabşyrylmadyk desga, kemçiligiňi düzet diýäýmelidi weli ýaňy abraýy artyp, ösüp barýan ýigit birden süýekden gaçdy duruberdi. Hany, aýt, seň kakaň durmuşda ýagşylygy köp etdimi, ýamanlygy? - Bular barada menden soramaklygyň özi eýýäm gelşiksizligiň alamaty bolýar. - Näme üçin? – Berdi aga ajy ýylgyryp durşy bilen Gurbannepese tarap öwrüldi. Gurbannepes bu soraga «Ogly bolanlygyň üçin atamyň herekedine Baha bermäge hakym ýok» diýip jogap berip bilerdi, galyberse-de, bu wakadan bihabar. Ýöne ýagyş zerarly demir-beton örtüginiň çagalar heniz içine girmänkäler gaçany gowy bolupdyr, bolmasa gör, nähili aýlygançlyk bolardy, diýmek hünärment harsal işi üçin dogry jogapkärçilige çekilipdir diýibem bolardy. Ýöne, ýaşula jogap bermekden saklanyp gürrüňi sowmakçy boldy. - Ýaşuly, şu ýerde oglum ýaşaýar diýdiňizmi? - Hawa, oglum bar, ine-de ýaşaýan ýeri, özüm-ä Mary şäherinde ýaşaýan, ol ýazgy depderçesinden bir bölek kagyzy uzatdy. – Maňa maddy kömek däl, ruhy direg gerek! Düşündiňmi! Häzirlikçe, hoş! Gurbannepes ýeňsesini tüňňerdip barýan bükür ýaşulyny gözi bilen ugratdy, tä gözden ýitýänçä ugratdy. Meýdançada Garaşsyzlyk baýramyndan soňky dörän hapalary arassalaýan işçileriň sany köpeldi. Ol turmak bilen boldy. Gidip barýarka kalbynda dörän soraglary ölçerip dökdi. Eýsem ýaşula ondan näme gerek! Ýakymsyz soraglary bilen onuň kalbyny zäherläp ar aldygy bolýarmy? Nädip oňa gabat gelip ýör! Onda-da Mary şäherinde däl-de Aşgabatda? Ýok bu ýerde bir uly bolan zat hem ýokdy, durmuşyň özi şeýle duýdansyzlyklary peşgeş berip durýar ahyryn! Olar her ömrümde gabat gelip dur, ýöne häzirki ýagdaý welin onuň durmuşynyň heniz açylmadyk sahypalaryny açypdy, pikirlenmegine, howsala düşmegine getiripdi. Kakasy barada ýaman söz eşitmedik adama bu hasam agyr degýärdi. Emma durmuşda günäsiz ýa-da günäli diýip Kime aýdyp boljak? Adyl hasap edilýän şalarda hem ýetmezçilikler bolupdyr ahyryn!... Taslamalar institudynyň baş hünärmeni Ýazmyradyň iş otagy esasy girelgeden giren ýeriňde ýerleşýärdi, gurbannepes baranda ol garaşyp oturan ekeni. - Çaý içmejek bolsaň göni işe başlaly? Şeýlemi? - Men gurluşykda girizýän täzelikleri baradaky ýazgylaryňa, hasaplaryňa göz gezdirip çykdym. Umuman ýaman däl, ýöne täzeden seretmeli bormykan diýýän! Bu örän ýokary jogapkärçilikli iş! Hudaý saklasyn, bir ýalňyş goýberseň göz öňünde tutan zatlaryňy ýerine ýetirip bilmeseň nähili masgaraçylyk! Dogry, sen öňem köp gezek hasaplapsyň, meň haýyşym boýunça ýene-de bir gezek barla! Barladym diýde, getir, soň razylyk hatymy bereýin! Häzir men ony Edip biljek däl. - Ýazmyrat, bilýäň-ä gözüm ýetmeýän bolsa ýanyňa gelmezdim. Ýedi ölçäp bir kesdim ynanaý! - Bagyşla welin, bu seniň maňa öwreden esasy sapagyň bolupdy. Ýadyňa düşýärmi, Gündogar Tejen gaz ýatagynyň taslamasyny tassyklamaga beremde «Ýene gözden geçir!» diýip gaýtarşyňy! Menem şonda hasabyma ynamym bolansoň ýanyňa barypdym, ýöne maslahatyň boýunça barlanyp gowy bolupdyr. Uly ýalňyş goýberjek ekenim. Onsoňam... - Hä-ä, könäni ýatlaýan diýsene? – diýip, Gurbannepes aga öňüni gabzady. - Hawa, ýatlamak bilen ikimiz üçinem peýdaly netijeleri göz öňüme tutýaryn. Şol sapagyň meniň üçin uly mekdep boldy, hut şu derejä ýetmegime-de goltgy berdi. Bilýäň, Bäşgyzyl gaz käni ähli ministrlikleriň üns merkezinde durýar, bu ýerde biziň ýalňyşmaga hakymyz ýok! – Ýazmyrat çekgeleri agaryp ugran buýra saçyny sypalap goýun gözüni güldürdi-de, kagyzlary Gurbannepesiň öňüne süýşürdi. - Görüşmedigimize esli ýyl boldy welin sen-ä kän üýtgemänsiň! - Senem tüweleme şol bir çeeligiň, görküňi, agajetligiňi saklapsyň! Käbirleri şeýle derejä ýetenlerinde edil saman dykylan ganar ýaly pökgerýärler – diýip, Gurbannepes ýylgyrdy. - Pökgerip ýörmäge el degenok! Çagalar ýetişdi, dört ogul, üç gyz! Okatmaly, öýli-işikli etmeli. Sen-ä ogullaryňy öýlendirensiň? - Hawa, ikisem öýli-işikli, gyzymy çykardym. - Gelnejem bilen galdym diýsene! Seň ýüküň ýeňläpdir. Gep mende bar. Ýene iki ogul öýermeli. Işden soň şol öňki bolşum ýaly biriniň gapysyny oňarýan, ýene biriniň magnitofondyr, telewizoryny bejerýän, ýene biriniň daşary ýurt garnituryny ýygnap berýän, garaz gazanç edýän! Bu taslama barada bolsa ýaňky aýdanlarym, ýene bir gözden geçir... Mysal üçin süýşýän çäge depelerinden gaz geçirijileri goramagyň meseleleri meniň pikirimçe doly çözülmändir... O ýeriň çägelerini sen menden gowy bilýärsiň. Iki günden soň gaz geçirijiniň üsti açylyp durjak bolsa... Umuman pikir öwürmeli we hasaplamany başarmaly, näme ýitirýäs, näme gazanýas bilmeli! SSSR döwründe biz hasaby ýatdan çykardyk. Biz üçin Moskwa hasap edýärdi, indii Garaşsyz bolanymyzdan soň özümiz hasap etmäni öwrenmeli, beýlekilere-de öwretmeli. - Gurluşyk eýýäm başlady, hasap et, etme, ony duruzyp bolmaz diýip, Gurbannepes garşy çykdy. – Meniň bu taslamamdan başga has tygşytly görnüşleri hem bolsa bolar, emma wagt diýen bir zat bar! On aýda işi gutarjak bolsaň her sekunt gymmatly... - Takyk hasaplamamyz birki gün giç taýyn bolany bile nişe böwet bolanok, her hili adam bar, ara gep düşüp, barlanylaýanda-da taslamamyz dogry bolsun! Men şony nygtamak isleýärin! SSSR döwründe biz bol-bola gulak asyp näçe gaz ýataklaryny sandan çykardyk. Ýerden diňe almaly diýdik! Ýataklary ulanmakdaky kadalary bozup, şu zatlara ýol berdik. Indi bir ony gaýtalamaly. - Dogry, biz gaz ýataklaryny özleşdirip ýaşaýşymyzy gowulaşdyrmakçy bolýarys, onuň üçin bolsa adamyň özi bilen göreşmegi, kemçiliklerden üstün çykyp, tebigata zyýansyz, ähli zadyň kada-kanuna gabat getirilmegi gerek. Şeýle dälmi? - Hawa, hut şeýle! Bu biziň diňe ikimize däl, gaz käninde işleýän ähli adamlara degişli! Nebsim agyrsa-da SSSR döwründe gowulygyň tarapynda durmaklygyň özi gahrymançylyk hasap edildi, indi men her bir adamyň soň bilmedim diýmezligi üçin ýedi ölçäp bir kesmegini isleýärin... Gurbannepes kagyzlaryny goltuklap dynç alýan ýerine, Kemine köçesindäki kiçeňräjik myhmanhana geldi. Bu ýerde hemmeler üçin bir umumy aşhana, hamam, hajathana bardy, otagda 3-4 adam bolup ýaşalýardy, ýöne oňa derek bahasy arzandy, ähli zady hasaply bolmalydy. Bu ýerde eneň taýyn nahary, açyk saçagy ýokdy. Gurbannepes agşama çenli taslamalara täzeden seredip çykdy, kem-käs ýalňyşlyklaryny düzetdi, boldum edip telekeçi dükandan azyk getipip agşamlyk edindi. Nobatçynyň ýanyndaky telewizoryň öňüne geçdi. Birdenem, eşiklerini geýip Berdi aganyň gapysynyň öňünde peýda boldy. Orta boýly görmegeý zenan gapyny açdy. - Berdi aga öýdemidir? Geldi başyny atdy-da yzyna gitdi, şobada aňyrdan ýaşulyň özem göründi. - Men saňa garaşýardym. Edil bu gün gelersiň öýtmändim. Berdi aga ýylçyr kellesini sypalap jaýa çagyrdy. – Gelin, hany Bize bir çäýnek çaý demle. Berdi aga kiçijik otagda bolýardy. Onda diwary dolduryp duran kitaplardan başga zat ýokdy, tekjede birnäçe kitap, gazet-žurnal çaşyp ýatyrdy. - Berdi aga, men kakam barada siziň ähli bilýänleriňizi diňlemäge geldim! Ýene nähili «Ýamanlyk» eden bolsa... Men...Men... - Gyssanma! – Berdi aga Gurbannepesiň sözüni böldi. Sen başga netije çykarýaň, düýbünden başga... Hany çaý-paý getirsinler. Bu gün gyssanýan ýeriň ýokdur-a! – Berdi aga saçak, käse, ýassyk getirdi, soňam çäýnegi almaga çykdy. Gurbannepes arzuwçyl adamdy, şonuň bilen birlikde diýseň köp okap maksadyna ýetmäge çalyşýardy, bu göreşde ejizlik edýän käbir ýoldaşlaryna gynanýardy. Ol mydama uly işleri etmegiň arzuwyndady, onuň üçin hyjuwyny, güýjüni gaýgyranokdy, ýöne durmuşda belli bir tejribe toplaýançaň olaryň hasyl bolmaýanlygynam bilýärdi. Maşgalada ýüze çykýan meseleleri bilelikde, üýşüp maslahat etmek endige öwrülipdi, her kimem pikirini diňläp netije çykarardylar, gutarnykly çözmän goýmazdylar. Gurbannepes ejesi tarapyndan sarpasy belent tutulýan adama kakasyna dil ýetirilmegine gözüni ýumup biljek däldi, şu gapyny gözläp tapmagam şonuň üçindi. Kakasynyň derejesine ýetmegiň iň uly bagt hasap edýän adam üçin ol baradaky ýakymsyz sözler agyr degýärdi, agyr degse-de ýakymly-u-ýakymsyz bolsun köp zady bilesi gelýärdi. - Seň göwnüňe degmek ýa-da durmuş düşünjäňe päsgel bermek niýetim ýok! Berdi aga çaý getirip käselere guýuşdyrdy. – Hudaý saklasyn!... Edebiýat we sungat gazetiniň bir sahypasyny tutýan, meni gör diýip duran makalalaryňyzy okamadyk bolsam, seni ýadyma hem düşürmezdim... Ömrümde köp zat gördüm, dürli wezipelerde işledim, dürli adamlara gabat geldi, afrikada ýalaňaç, diňe iki satanynyň arasyny insiz mata bilen örtýän adamlaram gördüm... Eşikli bolsun, eşiksiz bolsun adam öz tebigy döreýşinden üýtgäp bilmez, ýa-da bolmasa bir öwrenişen endigiňden gije ýatyp ertesi saplanyp bilmez! Ine, onsoň gazetlerde seň makalalaryňy okadym. Ilki adyňa üns bermändirin... Sen uly meseleleri gozgaýaň. «Bazar, bahalar, biz» «Hanhowuza eýe gerek», «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýen makalalaňda örän derwaýys meseleleri keserdip goýýaň! Meni geň galdyrýan zat, şol gozgaýan meseleleri çözmekdäki ynamyňda... Diňe bir ol däl, sen şeýle ynamy ähli adamlarda görýärsiň! Ine şu ýeri meni iňkise goýdy. Bize ýetmiş ýyllap bir zat diýip geçdiler, sen bolsa ýedi aýda adamlaryň aňyny üýtgetjek bolýaň, ýetmiş ýyllap tebigaty boýun egdireris diýdiler, sen bolsa adam tebigatyň hyzmatynda bolmaly diýýärsiň, bize Hudaý ýokdur diýdiler, sen bolsa oňa ynanmagy tekrarlaýarsyň. Dogry, adamyň kalbynda bir gudrata ynam bolmasa ol gaýyp ýören tozga meňzeýär, ýöne terbiýämiz şeýle bolsa nätmeli? Indi biz şol terbiýe bilenem dünýäden ötmeli. Bilýänsiň, men özümi göz öňünde tutamok... Ýa-da aýdaly «Hazara hossar gerek» diýen makalaňda SSSR dargandan soň Kaspii deňziniň baýlyklaryny Kaspi ýaka döwletleriniň arasynda deň derejede bölünmegi ýaly meseläni öňe sürýärsiň! Seň onyňa kim gulak galdyrsyn? Bäş döwlediň agzyny birikdirjek bolsaň näçe ýyl gerek? Şony pikirlenip gördüňmi? Umuman sen SSSR döwrüniň terbiýesini alan adamlaryň aňyna kynlyk bilen ornaşjak ýa-da asla ornaşmajak meseleleri galdyryp, atyňy ýeke çapýaň. Atyňy ýeke çapsaň büdrärsiň, düşünýärmiň? - Bagyşlaň, düşünemok. – Gurbannepes boýnuna aldy. – Berdi aga siz hakykatdanam kakamy ýakyndan tanaýadyňyzmy? - Düşnükli. – Berdi aga käseden bir owurt çaý içip ýassyga ýaplandy. – Garrasaň, deşik künnüge döner ekeniň, çaý içseň täretem emele gelýär, owsarymyň ujy garaňka daňyldy, haňan guýa iterseler gidibermeli boldum. Kakaňy ýakyndan tanamokdym, ol bir obaň şurasy, men şäher ispolkomynyň, häkimligiň jogapkär işgäri, käte bir ýygnakda zatda duşaýmasak, onda-da näme, özüň bilýäň, her kimiň aladasy özüne ýetik. Görýän welin sen maňa nädogry düşünipsiň, men kakaň barada ýekeje mysal getirmek bilen şol döwrüň umumy nesillerini göz öňüne tutupdym... - Bir zat aýtsam meni halamazlygyňyz mümkin, ýöne, ýakyn garyndaşyňyzyň keç ykbalynda kakamyň günäsiniň ýokdugyna ynanýan bar diýip ynandyrybam bilmersiňiz. Onsoňam siziň bu gürrüňleriňiziň düýp manysyna düşünemok! Şol ýekeje mysal bilen siz ýetmiş ýylky nesli zaýaladyňyz, şonuň üçin-de özüňizem bar – Gurbannepes biraz gyzmalyk Edip, öte geçenini aňdy, öz-özünden utandy. Azajyk dymyşlykdan soň ol Berdi aganyň ünsüni çekäýjek sorag bilen «günäsini» ýuwmakçy boldy, - Siz hudaýa ynanaňzokmy, Berdi aga? - Hudaýyň barlygyna ynanýan. Berdi agaň ýakymsyz gürrüňden soň gamaşan ýüzi açyldy. – Adam garradygyça Hudaýy köp ýatlap başlar ekeni! Men Hudaýa ynanmadyk adamlaryň garrandan soň namaz okap, Hudaýa sežde etmeklerine düşünip bilemokdym. Asyl ol öz-özünden bolaýýar ekeni! Namaz okamasamam Hudaýyň barlygyna ynanýan! Belki ol ömür tanapyň kertilip gidip oturmagy bilen bialaç döreýändir? Arman men ýaşymyň soňunda bu ynanjy kabul etdim. Gaty köp zat ýitirenligime göz ýetirdim. Asyl, özüni akylly hasap edýän her bir adam bagtyny Alladan, durmuşa düşünmegiň soraglaryny ene-atasyndan gözlär ekeni. Ýazýan makalalaryňa seretseň senem şeýle... Kakaň mertebesini gorajak bolmagyňa-da düşünýän! Seniň «Ölä-de hossar gerek» diýen bir hekaýaň bar, düýp manysy dirilere mahsus bolan hossarlyk keseli Adam ölende hem aýrylyp gitmeýänligiňde... Şeýle keseller kakaň, meň döwrümde sanardan köpdi. Biz öz döwrümiziň önümi, ýerine ýetiriji, buýrulan zady demi bir sübse bilen sübseleýänler bolduk. Kakaň belki köp zatlara düşünen däldir ýa-da düşünse-de düşünmedik bolandyr, sebäbi köp biliberseň işiňden pyzýardylar... Belki-de ol şol edişi ýaly diňe hakykaty aýdyň gelendir, biljek däl... Senem köp zady bilýän diýýänsiň, «Aýtmasam bolanok» diýen makalaňda hakykaty ýaýýarsyň, ýöne ony tapyp bildiňmi? Bilen dälsiň bilmersiňem. Bütin ömrümde ýokary wezipeli adamlaryň hakykaty ýaýmagyna garaşdym, ýetip bilmedim. Belki şol günlerimi hakykaty ýene ýüz ýyldan soň ýazylar. Sen, ine bir adamyň müňlerçe adamyň ganyna galyp ýurdy, «abadanlaşdyryşyna» nähili düşünýäň? Bilimli jemgyýetde wyždanyň; ahlagyň kanunlaryna ters düşünilse nähili bor? Aýdaly, bir kiçijik günä etsem meni basýarlar, jemgyýetçilik kanunlaryny bozan hökmünde gyýa göz bilen garaýarlar, kimdir biri birnäçe adamlaryň ganyna galyp, ganhorluk derejesine ýetse – oňa ýadygärlik galdyrýarlar. Olar ýigide ýedi däl, ýetmiş görgi görkezdiler ahyryn. - Siz kimi göz öňünde tutýarsyňyz? Gurbannepes indi bu pelsepelerden ýadandygyna düşünip başlady. - Kim bolanda näme? Aýdaly, Çingiz han millionlarça adamy gyrdy. Mary ýaly gözel mekany ýer bilen ýegsan etdi, ýa-da Gitler, Stalin! Olar sanardan kän! Staliniň adyny eşidenimde inim tikenekleýär. – Berdi aga gyşaryp ýatan ýerinden turdy-da çaý owurtlajak boldy, emma titreýän barmaklary käsäni göterip bilmedi, saçaga çaý döküldi. – Meň sorajak bolýanym, sen şeýle zatlaryň ýene gaýtalanmagyndan gorkmaýarmyň? Bir garakçy üçin dünýä urşy turjak bolup dur ahyr. - Berdi aga, birahat bolmaň! Biz indii Garaşsyz, Bitarap ýurt, öz ykbalymyzy özümiz çözýäs! Bizi dogry ýola gönükdirýän Beýik Prezidentimiz bar! Onsoňam siziň ol aýdýan adamlaryňyz barada örän köp zat okadym. Meň üçin isle ol Çingiz han, isle Stalin. geregi ýok! Öz ýurdumy gülletmegiň aladasy bilen ýaşaýan! - Seň kelläňi birnemejik agyrtdym öýdýän? Dünýäde adamyň tebigy döreýşi boýunça tebigat bilen egin-egne berip ýaşamagyny islemeýän az bolsa gerek! Şolaryň biri men! Ogullarym maňa düşünenoklar. Uly oglum arzan alyp gymmat satýar... Men oňa «Bazar ykdysadyýetine ýalňyş düşünýärsiň, onuň manysy seniň edýän işiňde däl-de önüm öndürip önümiň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmakda, erkin bazara çykaryp satmakda diýýän, ol bolsa «Kaka, men senden näme iş edýärsiň diýip soramak» diýýär. Kiçi oglum jalaý, tüýs bir pul ýagysy... getirenden-ä geçen, gaýtam ejesi ikimiziň pulumyza gözüni dikýär... Meň bulara janym ýanýar... Şeýdibem ölüp gitmeli! - Berdi aga rahatlanyň! - Men rahat! Ömrümde partiýa gulluk, sekretara ýaranjaňlyk edip geldim. Ýaranjaň gorkak bolmasaň iş ýok! Şeýdibem bir tarapdan hakykata gulluk, şol bir wagtda öz-özüňe ikilik etdim! Men bu sözi ömrümde ilkinji gezek seniň ýanyňda aýdýaryn! Seniň köp zatlary bilýänligiň üçin aýdýaryn! Diňe köp bilýän meniň kalbyma düşüner. Şol sebäplem seni gözledim... Kakaň barada gürrüň gozganymyň sebäbem, seni öýüme getirmek üçin etdim – Berdi aga suw bolup akan derini ýaglygy bilen süpürip ýetişenokdy - Berdi aga, siz özüňizi horlamaň! Belki, tiz kömege çagyrmak gerekdir? Ýüzüňiz üýtgäp gitdi... Ýürek dermanyňyz ýokmy? - Derman gerek däl, keselime öwrenişdim. Etjek haýyşym, ediln gürrüňler ikimiziň aramyzda galsyn! Şatlykda işleýän kiçi oglumyň gulagyna ýetmesin! Onsuzam meni uly ahlaga goýýar... Ol bir maşgala nikasyz öýlenipdir, ondan gyzjagaz dünýä inipdir. Men bolsa ony şu güne çenli bilemok! Uly gelnim bilse-de maňa aýtmandyr. Men şu meseläni aýyl-saýyl etmeli... Iki günden mara, öýe gaýtjak! Şähere ýoluň düşse aýlanyp dur! Ýogsa-da gel bir zat edeli. Täze ýyl gijesi men saňa öýde garaşýan. Ýigriminji asyrdan ýigrimi birinji asyra gadam urýas, asyr bilen müňýyllyk bir wagtda çalyşýar. Gowy belläli! Men içemok, ýöne ýanyňa ýoldaş bolaryn... - Men söz bermäýin! Gurbannepes Berdi agaň halynyň gowulaşandygyna göz ýetirip gaýdarman boldy. - Otur, men häzir seni naharlajak! Gör-ä, bu gelinleri, aýtdyrman getiribermelidir welin... – Berdi aga ýerinden gozgandy. - Ýok, men naharly, sag boluň! Gurbannepes ýerinden turdu-da sagbollaşyp çykyp gitdi. Myhmanhana gelen badyna Ýazmyrat jaň etdi. - Nirede gezip ýörsüň! Öýde nahar taýýarlap garaşdym. Nobatçy zat aýtmadymy? - Ýok!...Hawa, aýtdy, aýtdy. Bagyşla, zerur işim çykdy! Ýene bir gün oturaýarys! - Nätdiň, taslamany? - Barlap çykdym! Indii gol çekseňem boljak. - Ertir ir bilen gel, gol çekmeli bolsa çekeris – diýip Ýazmyrat jogap berdi. Gurbannepes çyrany söndürip ýerine geçdi... | |
|
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |