16:37 Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy | |
SEKIZINJI BAŞ
Romanlar
Üçajy demir ýol duralgasynyň gündogar-demirgazyk tarapyndaky uly çäge depesi üç gün bäri tekizlenýärdi. Traktorlaryň warryldysy bir pursat hem kesilmändi, Mälik, dikilen gazyk ýaly işiň gidişine gözegçilik edýärdi, käte «Bol, bol!» - diýip onsuzam der saçyp işleýän Gurdy gyssaýardy, üçünji gün badysabada ol atyndan düşüp üsti-başyny kakyşdyrdy-da, çägä ýaplanyp ýatan Mäligiň ýanyna bardy. Bir görseň sakgally-sarmakly pyýada, emma syňragy çordy, synasy kir, onuň alynmadyk dyrnaklarynyň aşagam gök nildi. - Nätdiň? – diýip, Mälik sorady. - Ir bilen howaň petişdigini... Lowlaýar, ýanýar, ýa gyzgynym barmyka? - O-o-oww-f, ýadadym-ow! - Nätdiň, daş etdiňmi? - Hana! How! - Giňiräjik jogap bersene daýyjan, «Tabşyrylan işi ýerine ýetirdim, kabul edip bilersiň» diý, nä ýokma ker bolduňmy? - Sluşi, kabul ediber, suw goýberip pagta ekibermelä boldy! - Daş-da ...Biz oňa pagta derek enjam oturdarys, häzir gowaça ekenden ol has peýdaly, daýyjan. Indi dynç al, ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezler saňa. - Sluşi, bu alaňlary tekizläp çyksaň näçe ýer boljak, oňa-da ekin ekseň-ä? - Depeleri tekizlemäňde tekiz ýer gytmy diýsene! Diňe göwün berip işlejek adamlar azlyk edýär. - Tehnika bolsa adam tapylar – diýip Gurt uludan demini aldy. - Ne gözel gowy ýerimiz bar! Ekin taşlaýarlar, zaýalaýarlar, nebsim agyrýar. Ýerden alybileniňi almaly diýen ýoldan ýöreýärler. Gögermese ýer günäkärmişin! Ýok, biz gowy işlemäni, ýaşamany başaramzok. - Biz ýaňy gowy ýaşaýşyň başyny başladyk, daýy – diýip, Mälik oňa garşy çykdy. – Ýolda ýykylyp ýatýat serhoşlary, elini serip ýören gedaýlary görmersiň! Men sygyr edindim, şol az baýlykmy? - Sluşi, men saňa ýeriň gürrüňini berýän, sen bolsa sygyr diýýäň! – Gurt närazylyk bildirdi. – Gaz tapyldy welin, bu ýerleri özleşdirip başladylar. Birnäçe ýyldan aýdaly otuz-kyrk ýyldan gaz gutarar ýer ýene-de eýesiz galar. - Maňa galsa-ha çölde bal ary hojalyklaryny döretjek! – Mälik öz ugruna seslendi. - Onuň näme tapawudy bar? Olam ýeri kömekçi hojalyk hökmünde ulanar-da! - Daýyjan, düşün, arylar tebigaty gözelleşdirmäge ýardam berýärler... Ary maşgalasyny saklaýan adamlar mylaýym, hoştap, mährem bolýarlar. Senem ary sakla, daýyjan! Ýüzüň agraslygy birneme açylar. - Ýere hyzmat etseň seni eklär, etmeseň bereket rysgalyň gaçar, agzyň ala - diýip Gurt eňek bermedi - Aşgabatda ýaşaýan daýyň bar! Ýekeje aýal doganymdan iren ýaly habaram tutanok, ýaşynyň soňunda hat ýazan bolýar. Adamlardan mähir gitdi, mähir... - Öz ýüregiňe osma daýyjan! Men daýzamlara bardygym öňümden çykyp, gujaklap garşylaýarlar. Seň ýüzüňi halaýan däldirler. - Sebäbi seň daýzaň haýatyny kebşirläp berýäň-dä! Berim gökden ýol ýasaýar. - Özümiňkä edýän! Senem haýyş et, daş edip bejerip bereýin. - Sluşi, nähili men seň daýyň bolýan-a? Ýa-da meni oýnajak bolýamyň? - Dogry, daýym däl, mamamlaryň obasynda bolaňsoň diýäýýän! Gel, gowusy ikimiz tersleşmäli. Onsoňam daýyly oglan dartyk bolýandyr, daýyjan! – diýip, Mälik onuň arkasyna kakdy. Olar çaý içmek üçin göçme öýjagaza bardylar. Hydyr haýran eýýäm üç-dört sany gara taňka çaý demläp goýan ekeni. - Gurt ýegen, gabyrdan çykan ýaly bolup ýörmede, üst başyňy kakyşdyr, el-ýüzüňi ýuw! Özem sabynlagyn. Sabynyň bolmasa-da atyr yslyjasyny bereýin! Bar ýüzüň açylsyn! Ýogsam, haýranlar galýan men-ä... - Sluşi, sen haýran galma! – diýip, Gurt onuň sözüni böldi. – Osluk çykaryp ýatýaňda, müdi-müdi eden bolýaň, delili azyň gepi köp bolar ekeni, al bäri, sabynyňy. - Ehe, e-he, ýegen beý diýme, çykmaly zat çykyp dursa gowudyr, Lukman Hekim «Çykmasa zäherdir, zäher bolsa gahardyr, gahar bolsa keseldir» diýenmişin! Haýranlar galarsyň. – Hydyr haýran ojaryň bir ujuny gaýnap duran taňka ildirip otdan çykardy. Senem çykarmaly zadyňy çykaryp dur how! - Wah, şuň dilini kes diýsene, agzyna gapak ýok-da, el-aýak ýuwnulyp daşarda ýazylan düşegiň üstüne geçildi. Her kim tapdygyndan ertirlik edindi. Nahar töwirinden soň Mälik! - Oglanlar, şu günden şeýläk tä öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirýänçäk dynç berilmez! Biz Gurduň tekizlän meýdançasynda kebşirleýji göçme awtomat enjamyny gurnamaly. Özem gysga wagtda. Eger başarmasak ony Daşoguzly kärdeşlerimize berjekler. Ol barada «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň dolandyryjysy Sapar Ýoldaş aýdypdyr. Nähili daş ederismi? - Kim bilýär – diýip, Hydyr haýran jogap berdi. - Üýşüp ýatan demir bölekleri ne çyzgysy bar, ne taslamasy, gören zadymyzam däl, haýran galaýmaly. - Meňem gören zadym däl, çypbakaý çynym! – diýip Saparmyrat seslendi. – Hyrçymy dişläp durandyryn. - Daş sykyp suw çykarys dost, gaýgy etme! Bu agregat 1990-njy ýylda Daşoguzda ýygnalyp bir günem işlemändir, şol sebäplem kem-kemden şaý sepleri dagap, tok simleri hereket edýän tigirleri ýok edilipdir, üstesine-de oňa degişli edara ýapylypdyr, indi nätmeli? Başarmasak utanç, almasak aljaklar. - Sluşi, ony çäge ýuwudypdyp diýäýeliňle. Iki gün ýanyna barmasak enjamy tapmarsyň – diýip, Gurt hikirdäp güldi. - Onda, şeýle Mälik «ýuwaş» diýýän ýaly elini ýokary galdyrdy. - Enjamy şu günden ýygnamaga başlaly, toga düşünýän güýçli hünärmen tapmaly. Bopba kakamy iberjekmişler. - Ony hon-ha iş dolandyryjy Kaka Rejep gelýär, şondan sorarys – diýip Saparmyrat seslendi. - Goýsana-aýt! Senem bir zat tapaýýaň! Hany ol? Hany? Haýranlar galaýmaly! - Haýran galsaňam Hydyr akga, gulaga güwwüldi gelýär, häzir özem görüner! Çypbakaý çynym! – diýip Saparmyrat jogap berdi. Hakykatdanam az wagtdan gaýyp gelen ýeňil maşyndan Kaka Rejep düşdi. - Bäh, gulagy jam ýalaýt, muň, edil kebzeçi ýaly, haýranlar galaýmaly! – diýip Hydyr haýran Saparmyradyň arkasyna kakdy. Kaka Rejep oglanlar bilen salamlaşyp çykdy-da «Sapa Sapar gelmedimi?» diýdi, Saparmyrat bolsa – Başlyk, oň maşynynyň sesi gelýär! Çypbakaý çynym» - diýip jogap berdi. - Näme, howa telefonyň bamy? – diýip Kaka sorady. - Başlyk onuň üýtgeşik jam ýaly gulagy bar, haýranlar galaýmaly – diýip Hydyr jogap berdi. - Hany ýörüň meýdança aýlanalyň. – Kaka oglanlary yzyna düşürip beýik depede düşürilen enjamyň ýanyna bardy, gowy synlanyndan soň – - Heý, öz-ä, gaty dargadylan ekenow!... Muny çalt ýygnamaly! El güýji bilen şonça uzynlykdaky tokurtgalary kebşirlemek mümkin däl! Hany aýt, bir tokurtgany el bilen kebşirlemek üçin näçe wagt gerek bolar? – diýip ol Mälige seretdi. Mälik turbaň kebşirlemeli meýdanyny galyňlygyny ölçedi, hasaplady soňam – Iki adama dört sagat iş boljak! – diýip jogap berdi. - Bar, olar gije-gündiz işläpdir diýeli. Şonda 60-66 metr bolýar, şeýlemi? Indii bu enjam işläp dursa nähili? Hasaplap gördüňmi? - Hawa, başlyk daş etdim, iki adam sekiz sagat işlese 650-700 metri kebşirläp bilýär. - Görýäňizmi tapawudyny – diýip, Kaka oglanlara ýüzlendi. - Gaz geçirijiniň uzynlygy 91 kilometr, bir günde 700 metr kebşirlesek, bir aýda 21 kilometr, diýmek, bäş aýa ýakyn wagt gerek, bize bolsa tokurtgalary posdan goramak, aragatnaşyk, tok we ýene-ýeneki işlere şonça wagt berdiler. Diýmek, bu enjamy ajal ýaly ýetişdirmeli. Näderis, paçak ederismi? – diýip, ol Melige seretdi. - Daş ederis, başlyk! – diýip, Mälik bada-bat jogap berdi. Ýöne, maňa tok ugruny ýygnap biljek güýçli hünärmen gerek. - Hünärmen bolar, näme diýseň tapylar. Hany aýt enjamy näçe wagtda ýygnarsyň? - Bilmedim-dä, anyk aýtmak kyn, ýedi ölçäp bir kesmeli. - Mysal üçin? Pylan wagtda paçak ederis diý! - Azyndan ýarym aý gerek bolsa gerek, başlyk! - Men saňa bir aý berýän! Nädersiň? - Daş ederin! – diýip, Mälik ynamly jogap berdi. - Maňa sen ýaly tutanýerli, işine ynamly, ruhybelent oglanlar gerek! Kimden sorasaň «Haý öz-ä, enjamy ýygnap bolaýsa!» diýip ikirjiňlenýär, sen bolsa ynamly jogap berdiň! Sag bol! Ynamly başlanan iş biter! Şoňa ynanýan. Kaka Rejep Mäligiň gerek diýen zatlyryny ýazyp aldy-da, ertirden ibermegi söz berdi. «Işiňizde üstünlik arzuw edýärin!» - diýip, oglanlar bilen hoşlaşdy. Mälik ilkinji gün enjamyň binýadyny tutdy. Giç agşam Täzegüliň naharyndan gerk-gäbe bolan oglanlar ýatakhana gitdiler, Hydyr haýran Mälige «Ýanymda otur, Saparmyrat üçimiz süýjüli çaý süzeli» diýip ony saklady. Käselere çaý guýdy, pampazadan birini agzyna atdy. - Bir zat kelläme geldi. – Ol agzyndaky süýjini şapbyldadyp sordy. – Eşitseňiz haýranlar galarsyňyz. Men aýyň ýerleşiş ugruny bilýän, dogrusy öwrenýän. Ynanmasaň Saparmyratdan sorap göräý! Ol mendäki ýazgylary okap gördi. - Menem ony okadym. Hawa, onsoň?... Aýtjak zadyňy gysgarajyk beýan etsene Hydyr akga! Mys-mysyň näme? - Gönüläýmesem boljak däl-ow! Sen şu gün türkmen aýyndan näçedigini bilýärmiň? Bilýän dälsiň. - Bilemok! – Mälik boýun aldy. Men-ä adymam ýadymdan çykardym. - Bilmeýän bolsaň bil! Şu gün türkmen aýyň 29-y, Aý ýerde, gökde, diýmek ýyldyz maňlaýda, binýadyň düýbüni tutmak, gelin almak, uzak syýahata çykmak bolmaýar! Haýranlar galarsyň! - Haýranlar galman! – diýip Mälik gaharlandy. - Näme agzyň öň ýaşmaklymydy? Duýdurmaly ekeniň-dä! Indii nätmeli bor? Desga – Kaka Rejep aýtmyşlaýyn «döwli desga». - Etjek alajymyz ýok! Wah, garynjaly saman kelle diýsänim., haýranlar galaýmaly – diýip, Hydyr haýran kellesini ýumruklady. - Şeýle ýagdaýda ata-babalar nädipdir? Hany ýaňky garynjaly saman kelläňi işletde pikirlen... - Heý bilmedim-ow... Wah, kellä gelmeýşini. – Olar näçe pikirlenselerem çykalga tapman Üçajy obajygyndaky ýaşuly bilen maslahat etmegi makul tapdylar, ýöne, maslahat et, etme ýyldyz ýerdekä desganyň binýady tutulypdy. Indii ýa-ha edilen işleri söküp sähetli güni täzeden başlamalydy ýa-da soňuny görip gelen ýok diýip dowam etdirmelidi. Soralan ýaşuly hem şuny diýdi. Onsoňam söküp ýygnamaga wagt ýokdy... Muhammediň ymmaty haýyr işe ýola düşende ilki bilen özüne gözegçilik edýän Alla, soň kyrk çiltenlere uýýar, öňden gelýän tertibiň talabyny. Üç ýedi, üç dokuz, üç onuň talabyny berk saklaýar. Üç dokuzda meselem, ýere gazyk dikmek bolmaýardy. Hydyr haýran bulary gaty gowy bilýärdi. Bir gezek ol daşkyrak garyndaşlarynyňka toýa baranda «Toýuň sähedini kim tutdy» - diýip sorady. Ony aýal adam bellän ekeni. Bu bolsa sähedi arassa, ynsaply, wyždanly, halal erkek adam bellemeli diýen türkmen däbine gabat gelenokdy. Onda-da näme gelnalyjydan galyp bolanokdy. Maşyna münüp ugranlarynda başga bir maşyn gelip Hydyryň oturan böwründen urdy! Diýmek, toýuň sähedi dogry tutulman ekeni. Mälik han, näme diýse-de muňa çykalga ýok. Diňe Alany çagyryp işläýmek galýar, onsoňam «Goýnuňky ýatyg bilen, düýäňki ýitig bilen» diýilşi ýaly bulaňam işi şu enjam bilendi... Ertesi Bopba alkaş bilen Bazarbaý ikisi tok ugrundan hünärment hökmünde kömege geldiler. Hydyr haýran Bazarbaýyň arkasyna kakyp: - Hany, bala, gaýrata gall, üşükli bol, nämede bolsa gazagyň kellesi güýçlidir, türkmen kakabaşyrakdyr, aýylhandan çakgabaş, söýünhandan dikjebaş diýen köne aýtga eýerde bizi haýran et! Şu dagan demirleriň togundan baş alyp çyk – diýdi. Bolsada, ol ýeserje ýigit ekeni. Eýtdi-beýtdi, kem-käs bölekleri ýygnady, käte olam ýalpyllaýan maňlaýyna elini diräp çilim baryny küketdi, şeýle ýagdaý köpräk gaýtalanyp ugranda Hydyr haýran «Bala, kelle döw, hilä ýüz ur, ýöne işi bitir!. Gaplaň bilen öküz tutluşypmyş, öküziň ägirt şahyny görüp, özüne hezil bermejegini bilen gaplaň toýnagy taýar ýaly öküzi ýalçy daga gabapdyr, şeýdibem awlapdyr. Senem şeýle hile et!» - diýip maslahat berdi. Emma adamyň gory gutaranda hilesi hem gutarar ekeni. Bazarbaý «Men ornumy Bopba hana berýän, goý, ol kelle döwsün» - diýip, iki elini galdyrdy. Hydyr haýran bolsa «Bazarbaýjan bir zat aýdaryn welin haýranlar galarsyň. Kim kän zat bilse, bilýän zadynam aýtman soňlasa şoňa türkmençilikde «Lal perişde» diýilýändir. Lal perişdäniň kimliginem sen bilmeli! Badhyzdaky gadymy şäheriň duz oýuna öwrülmegi şol lal perişdäniň günäsi! bilen. Onsoň biliber-dä – diýdi. Emma Bazarbaý «Erbet düýş gördüm, öýe gitmesem bolanok» diýip aýagyny depip dur, Hydyr Haýranyň «Ýaz düýşüniň ýary ýalan, gyş düýşüniň bary ýalan» diýmesine-de gulak asmady. Şondan soň toguň garamaty Bopba bilen Mälik hanyň boýnuna galdy. Olara ony-muny alyp berýän Hydyr haýran gowşadyklary igesini çykardy. - Boluň how, boluň! Kelle döwüň! Kakabaşyragam bolsak türkmeniň kellesi güýçlidir. Atalarymyz «Türkmende ynamym bar, özgede gümanym bar» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar! Kepgiriňizi biliňize daňyp bir dyzaň, alarsyňyz! Türkmende öz eken zadyny iýip keselläni ýok! - Bähh, Hydyr haýran, kaka, bu gürrüňleri nireden tapýarsyň aýt! – diýip, Bopba kömekleşýän Saparmyrat sorady. Aýtjagyň agzyňa gelip dur öýdýän? Çypbakaý çynym. - Eý, ini, inibatyr! Türkmeniň sözleriniň içinde gaty ahyrdan gelýän çuňňur manny bardyr. Şoňa ser salsaňa türkmen ähli adamzadyň atasyna meňzeýär. Haýranlar galarsyň! - Ol hakykatdanam şeýle! – Mälik enjamyň toguna seredip duran ýerinden seslendi. – Reşideddiniň «Oguznamasynda» Türkmeniň aňyrsy Nuh pygamberden gaýdýar. Diýmek, türkmen ähli adamzadyň atasy bolmaly. Daşdyr görseňiz! - Haýranlar galarsyň, ol dogry – diýip, Hydyr haýran sygyrlary ekiz guzlan ýaly begendi. – Gul bilen bulamak iýseň busurman bolmaz, gyrnak bilen çelpek ýapsaň gussurman goýmaz diýen nakyl türkmeniň gadymylygyndan, ganynyň arassalygyndan habar berýändir. - Hydyr haýran kaka, sen haýran lakamyňy alyşyňy aýdyp bersene. - Sapar, inibatyr, haýranlar galarsyň, bizde şeýle tire bar, haýranlar diýýärler, olaryň tirebaşysy Gara Haýran düýeleriniň hasabyny tapmandyr, çökerip sanap görüpdir, hasaby çykmandyr, şonda ol «Bäh, haýranlar galaýmaly» diýipdir. Asyl ol münüp oturan düýesini sanamasa nätjek. Şu wakadan soň Gara pälwana Gara Haýran diýipdirler. Menem näme şol tire bolup giden haýranlar neslinden. Haýranlar galarsyň... Hawa, men-ä saňa düşündim, indi senem öz aňryňy düşündir, inibatyr. Seňki meňkidenem bulaşygrak ýaly. - Kakamyň ady Öwezmyrat, lakamy Galla, ýaşlykda däne ekmäge ökdeligi üçin berilipdir, şeýdibem Saparmyrat Galla ogly bolup galyberdim, biler bolsaň kakamyň inisi Şamyradyň lakamy Taýşan! Ýagny, Taýşanak! - Bäh, bäh, haýranlar galaýmaly! Bir az dur! Hydyr haýran traktory bilen demir tokurtga süýräp gelen Gurduň tirkegini aýyrdy, soň açar alyp enjamyň nurbatlaryny çekişmäge Saparmyrada kömek etdi. – Gürriňi dowam etdiriber. - Biziň neberämizde geň zatlar köp, «Haýranlar galarsyň!» diýip Saparmyrat soňky sözüni has-da hetjikledi. – Bir ýandan başlaýyn! Kakamyň doganlarynyň biriniň ady, jojuk. Ýüzi kiçijik, görmegeýje bolansoň berlen lakam, ady Amandurdy, bir inisine Myha, birine Amma diýýärler, Myhanyň (belki myh-çüý sözünden emele gelendir, sebäbi ol uzyndan inçesagat bolupdyr). Bäpbe, (Bäbejik manyda) Tüwli (Tüw-tark sözüniň kökünden gelip çykýan söz) Motja (Molamak manyda, çagaka aglak bolupdyr). Çüýşe atly çagalary bolan Amma agaň Çepi (haty çepde ýazansoň galan lakam) Tyrry Wellek, Türşek, Uçan, Gyçan, Udul atly çagalary bolan... Hydyr haýran kaka, bulary neneň görýäňiz? - Hawwaýt, gaty geň atlar! Haýranlar galaýmaly! Seň Saparmyrat bolşuňa geň galýan! Bäpbe... Tüwli... Türşek... Ýak beýlede... Seniň syratly sypatyňa seredeniňde Bäpbe, Türşek ýaly boýy keltejik doganlaryňa, garyndaşlaryňy göz öňüme getirip bilemok. Bäpbe-bäbejik manyda Türşek bolsa... Nädip düşündirsemkäm? Mysal üçin it igde iýýär, itiň içinden igde çykýar, olar gögerýär, şol türşek, dişi giden at arpa iýýär, arpa onuň içinden diri çykyp gögerýär, şoňa türşek arpa diýýärler, ol baş berenok, diňe üç-dört gezek ormaga ýaraýar, ýa-da at-eşek gawun iýýär, çigit tezek bilen çykyp gögerýär, ondan emele gelen gawuna türşek diýilýär. Ata-babalar türşek bilen gawuny çakyşdyryp täze görnüşli gawuny döredipdirler... Tejende Durdy Nepes diýen adam şeýdip täze gawun döredipdir. Hydyr sözüne dyngy berdi. - Hany çaýa çykaňyzokmy? Gurt traktoryndan düşüp bularyň ýanyna geldi. - Çaýa çykarys weli, sen maňa dollaryň näçe bolanyny aýdyp ber! Mälik enjamyň aşagyndan çykdy. - Ol saňa, nämesi gerek? - Gerekdä! – diýip, Mälik elindäki çyzga seredip ýeňsesini gaşady. – Öýlenjek bolsaň ähli zat gerek. - Gara bazardaky bahasy gerekmi ýa-da humhanadaky? - Humhanyň näme-aýt? Haýranlar galaýmaly. - Bank diýmek ol! Bank! Şonam bileňokmy? Bilmeseň bil! Dollaryň hümmedi gaçar diýen gorky bar, mende! - Gurt beg, manadymyza ynamyň bolmasa bolmaz-a! Ynamly ýaşamasaň göwnüň çökgün bor. Bir gezek tanşym maňa «Özüme ynamym ýok, iller şeýle ýagdaýda sadaka berýär zat edýär, menem şeýle edäýermikäm?» diýip sorady. Men oňa «Süňňüňe ynamyň ýok bolsa badak atan köpeler, saadaka berseň gowy zat, ýöne säher bilen bir damja gözýaş dök!» diýdim. Ýakynda oňa duşamda «Nähili, içiňdäki güjükler üýrüşip çykdylarmy?» diýip soradym welin ol «Şükür Hudaýa, indii namaz okaýan, oraza tutýan sadaka berdim, göwnüm giňäp gitdi» diýdi. Asyl, onuň Tagtabazr ýapysyna meňzäp duran Gerşem birneme çekiläýipdir. Şonuň ýaly, senem, Gurt han puluňy sanap ýörmede saadaka ber, haýranlar galarsyň. - Aý, näbileýin, ö-zä! - Eklenip bilmeseň ene öýlen! Könelerimiz aýdypdyrlar! Haýranlar galarsyň! Ikiksi iki ýerden çaňňalaklap ýörseler iş durmaz, mallaryň otly, ýataklaň, öý işigiň arassa jaýlaryň tertipli bor, haly, keçe dokarlar, a-na saňa girdeji! Talwas et... - Ah, o diýeniň Bize ýetdiresi ýok-la! Bir heleýi saklap bolanok! Öý gerek oňada, köp dollar gerek - Zadyň Adama peýdasy ýok! Senedi köpeltseň taraň bolmaz, rahadyň ýiter, o nähilikä, bu nähilikä diýip ýörmeli borsuň. Haýranlar galarsyň! Men düýe seredýän. Ömrümde bir gölä gözüm düşdi, onam ogurladylar. Bolsa-da nesibäm aýrylmandyr, tapdym. Indii Bibim öilen gezekleşip göläň ýanynda ýatýas, bileje ýatmanymyza bir ýyl boldy. A-na zadyň bolsa... Göle ýok-ka birahat edýän zat ýokdy, indi durşuna kelleagyry, oty diýýäiými diýýä, goh-galmagal! Haýranlar galarsyň. Ýogsa-da Welini tanaýaňyzmy? Ulaglar kärhanasynyň öňki başlygy... «Sürüde 50-60 goýnum bar, güýz düşdigi ol öldi, bu ýitdi diýen habarlar gelip dur, aýagyňy uzadyp ýatyp bolanok» diýip zeýrenýär. Haýranlar galaýmaly. - Olam atdaşy Weli han ýaly sahylyk etse maly ölmez... Weli han baý bolmandyr. Açlyk ýyly bir garry aýalyň azajyk şaý-sepine aňsyz bugdaý berenmişin. Garry «Rysgyň artsyn» diýip dileg edenmişin. Şondan soň Weli han huma büdränmişin. Saparmyrat han ýaly öýlenip bilmän ýöreniň biri Weli hanyň öňünde oturanmyşyn! «Ýagşy ýigit näme hyzmat?» diýip Welihan sorapdyr, ýigit guda boluşlaryny, bir teňňe zerarly toý Edip bilmeýänligini gürrüň beripdir. «Gaýynlaryň ugursyz ekeni, ylalaşaýmandyrlar» diýen Welihan namysjaň oglanlar ýaman güne düşende bererin diýip ýanynda göterýän puly haltasynyn çykarypdyr-da ine, bu, ýa gaýynlaryň bilen seni ylalaşdyrar, buh em ýaş çatynjalar özüni tutýançalar gün güzeranlaryny aýlama gerek bolar diýip, iki gysym altyny ýigidiň etegine döküp goýberenmiş. - Mälik elini süpürip nähili täsir edýärkä diýip oglanlara seretdi. Nurbatma-nurbat ýygnalýan enjamyňaşagynda ýatan Bopbaň iki gulagy bärde bolansoň seslenmändurup bilmedi. - Haý näbileýin-ow! Indi olar ýaly Adam galan däl bolaýmasa! Maňa gysym däl, ýekeje altyn bolsa bolýar, ýarym litr aragy içsem kelläm düzeljek! Ýogsam garaňkyda iňňä ýüň sapjak ýaly, hiç bolanok! - Agşama gaýrat et, söz berdim, içersiň! Ýöne kelläňi döw, enjam işlesin! – diýip, Mälik jogap berdi. - Kelläňi sen döw! Üýşip ýatan bölek demriň ne çyzgysy bar, ne taslamasy... Mundan aňry hezil berjek däl! Sen Giýewde okan döwrüň bir zatlary belleşdirensiňä? Ýazgy-pozgy etmediňmi? - Bopba han, bi giýewiň nire bolýar diýip Hydyr sorady. - Bopba kakam Kiýewe Giýew diýýär... Sotan Sanjar öz giýewsiniň adyna şäher dörendenmiş, şoňa ýaňzydýar... Haw, Bopba kaka, ýazgy diýdiňmi? diýip Mälik sorady, soňam dogurdanam, ýazgyly bukjam bolmaly, oňa syn edeýin diýip Mälik ýatýan otagyna ylgap gitdi. Hydyr haýran Mäligiň yzyndan garap: - Tüweleme, El aýakly ýigit, ýetişen gyzym bolsa özüm-ä gypynç etmän berjek? Giýew edinjek! Arman ýedi çagam-edisem gyz, hemmesem ýaş!... Ýogsa- da, ýaňkyň okan ýeri dogrurdanam Kiýew däl-de Giýew bolmaly. Kiýew soň bolupdyr. Seljuklar öz giýewlerini şeýle Daş ýere ugradyp han belläpdirler... Haýranlar galarsyň! – Hydyr haýran uludan demini aldy. – Oglum ýok welin hyrjyňy dişledýär. Şoň üçin dirikäm özüme saadaka beräýsem nähili bor diýip ahundan soradym. Ol «Bolar, sebäbi sen sogaby öňüňe salyp gidýärsiň, munuň özü eýýäm uly zat!» diýip pikirimi goldady. Haýranlar galarsyň! - Hydyr akga; beý diýme ahyr! Şagylyç kakamyň 9 gyzdan soň ogly boldy. Seňkem bor! – Çypbakaý çynym – diýip Saparmyrat burnuny çekdi. - Haý, näbileýin, ogul etjek bolup garrap galaýmasak! - Garramarsyň! Häzir gelnejem göwreli dälmi? Ogluň boljagyny bolmajagyny özüň hem bilip bilersiň, onuň üçin gelnejeme iki eliňi öňe uzat diý, eliň aýalary ýokary bolsa gyz, aşak bolsa ogluň bolar. Çypbakaý çynym. - Bä, bä, bä, Saparmyratjan, senä ony aňsat edip goýaýdyňla how, haýranlar galaýmaly. - Ogluň bolanda haýran galyber! – diýip, Saparmyrat hezil edip güldi. – Gelnejeme ýyla duýdurman elini uzatdyrgyn, ýogsam bolýan däldir. - Agzyňdan Hudaý eşitsin! Hydyr haýranyň şobada keýpi göterildi, dili gijedi, kimede bolsa birine şerebesini pürkesi geldi, gabat gelenem Gurt boldy. - Hany, Gurt baý, puldan gürrüň bersene! Sen türkmen pulunyň taryhyny bilýäň. - Sluşi, bilmän duramok, ýöne Ata Annaň ogly Juma oňa ökde! – diýip, Gurt gürrüňi öz üstünden sowmak üçin hilee gurdy. - Kim, aýt ol? - Sluşi, edaramyzyň baş hasapçysyny tanaňokmy? Aýlygyňy almaly bolaňda bilersiň. - Şeýdip düşnükliräk aýtsaň düşünjek-le! Anna Şatlygyň gurluşygynda iş alyp baryjy bolup işläpdi, diýseň talapkär, tygşytly, hasaba ökde adamdy. Gurýan desgasynda ýeke çüý, bir bölek tagta tapsa, ýygnardy, dünýeden ötdi görgüli! Ýatan ýeri ýagty bolsun! Juma şoň ogly diýsene... Bäh, haýranlar galaýmaly... Hany sen, möjegiň çagasy Gurtbaý, gaçalak etmede gürrüň ber... - Sluşi, meňem bir bilip barýan zadym ýok-la! - Bol, bol! Sypjak bolýa! Haýranlar galaýmaly! Gurt pul barada ep-esli gürrüň berdi, soňam: «Parflaryň pul birliginde diňe Ärsakyň şekili bar. Diýmek 500 ýylyň dowamynda ähli patyşalar diňe Ärsakyň ady bilen ýurdy dolandyrypdyrlar. Selewkidler ýurdy öz eline almak üçin köp ýyllap göreşip ahyram belli bir derejede üstünlik gazanypdyrlar. Emma olar rimliler tarapyndan derbi-dagyn edilipdir» - diýip, sözüne dyngy berdi. Şol wagt edil günorta seredip çkeip oturan ýükli düýä meňzeş Inerdepeden ses çykdy. - O-o-how, Gurt, hoow! - Kim aýt, ol Цistan öküz ýaly molaýan? - Hydyr aga, ol meniň kömekçim idäp gelendir – diýip, Gurt ýerinden turdy. - Tüweleme sen-ä möjegiň ogly ýeser ekeniň, kömekçili zatly! Haýranlar galaýmaly! Men saňa gepläp bilýärmikä bir diýýärdim! Ýene-de şular ýaly gürrüňleri tapyp durgun-how! – Hydyr gidip barýan Gurduň yzyndan gygyrdy. Mälik bir ýerden eli depderli alakjap peýda boldy. - Hydyr akga, siz naharlanyp, çaý içiň! Men Bopba hokgaçy bilen azajyk işlejek! Soňrajyk bararyn – diýdi. Oglanlar nahara gitdiler... Mälik bilen Bopba tä agşama çenli toksiminiň bir ujuny beýlekä daňyp, soň çalşyryp näme netije berýändigini anyklap onam çyzga geçirdiler. Bu iş iňňe bilen guýy gazan ýalydy. Nämede bolsa azajyk öňe gidişlik bardy. Şol azajyk öňe gidişligem ýokdan gowudy. Iş soňlap barýarka Sapa Sapar geldi. - Göni Tagtabazardan gelşim, bir aý boldy, öýede baramok! Etrabyň ilatyny gaz bilen üpjün etmeli diýlen görkezmäni ýerine ýetirmäge gitdim! Hudaýa şükür, ilata gaz berip hökümet ýumşuny abraý bilen ýerine ýetirdim. Hany gür, ber, seň ýagdaýyň nähili? – men-ä Teşwüşe galaýdym – diýip Mälige soragly nazaryny dikdi. - Ýagdaýymyz edil suwda kädi münen ýaly haçan, nirede, nirä agdarylarys diýip Hudaýy çagyryp barýas! - Daşyňdan seredeniňde ähli zadyň ýerbe-ýer, tüweleme alyp çykypdyr diýip begenäýdim, «Daş edipdir» diýdim. - Ýok, başlyk, heniz-ä daş edip bilemok, ýöne daş ederis. - Wah, ol maňa bolanokda! Ýaňy Kaka Rejep bilen ikini iki kesişdik. Tokurtgalar ýere-göge syganok, günde 50-60 wagon gelýär, kebşirläp, gaz geçirijiniň ugruna ugradylmasa demir ýoluň töwereginde ýer-ýur ýok diýip zeýrendi. Oňky dogry! Bir ýandan çekilip durulmasa 1500 wagon ýük bu ýerlere sygmaz ahyr. Ony etjek bolsaňam şu enjamy işletmeli... Başlyk maňa bir hepde puryja berdi, ýetişerismi? - Kaka Rejebiň maňa beren möhledine ýarym aýdan gowrak wagt bar!... Görmeli-dä! - Bäh, görmeli-dä diýip bu enjam seni aljyratjak bolýar öýdýän? - Aljyratjak bolýar. Mälik boýnuna aldy. Iň kyn ýeri kebşirleýji tokurtgaň duran ýerinde aýlanyş herekedi bilen kebşirleýji enjamyň sazlaşykly işlemegi hem-de toguň durnuklylygyny gazanmakda! Olaram örän ýokary takyklykdaky ölçegleri talap edýär. Şol sebäplem herekedimiz pyşdylyňka çalymdaş! Edil häzir-ä, ony üýtgedip bilerin diýjek däl! Henizem Kiýewden galan ýazgy depderimi zyňmandyryn, uly kömek edýär... - Her zatda bolsa tijenjek bol, men tok ugrundan, hünärmenler bilen maslahat edip göreýin! Şatlykda hormatly dynç alyşda olaryň birnäçeleri ýaşaýarlar, belki kömek ederler. - Bolýar, ýöne, menem tomazak togalanyp gelýä diýip titräp oturamok diýip, Mälik Sapa bilen hoşlaşdy. – Çaý içip git! Häzir Bopba kakam bilen bizem çykýas. Üçajydan towuk satyn aldyk, gygyrdyp, bileje iýeli! Hydyr akgam bişirip durandyr. - Ýok, siz iýiň, meň towugym ýolda gygyrar. - Başlyk ýa eýýäm bir zat edäýdiňizmi? – Mälik Sapaň gülüp duran gözüne, orta boýuna, gelşikli egin-eşigine seretdi. - Düşünmediňiz öýdýän! - Ýok! - Muny muňa Hydyr haýran kakam gürrüň berdi. Gazanda gaz bişirip oturanyň biri ýetip gelýän myhmana gözi düşüp «Heleý, şu gazymyzy ýygnaly» - diýýär-de başga ýer tapman, gara öýüň gapysyndan giren ýeriňde sag törde gazany asyp goýýar. Myhman ysy barda, özi ýok nahara ymtynyp uzyn gije ýatyp bilmändir, öý eýelerini ukladyp, daňa ýakyn nahary iýýär, duldan asylan çarygam gazana atýar, asma sebitdäki nany duldaky ýekeje horazy öldürip horjuna salýar. Şeýdip gitjek bolup durka öý eýesi oýanyp: «Eý myhman, gidiberjekmi?» - diýýär. «Aý, hawa, gidip barýan!», «Nireden gelip nirä barýaň, adyňy, obaňy, ýaşyňy aýtmadyňla?», «Teke gümmezinden Agar çeşmä barýarka Şark Batyr gazan gala çozup gaz Batyry kowup çykaranda men sebetden nan alyp bilýän oglandym!», «Myhman, ýaman Ir gidýärsiň-le, towuklar bir gygyrsyn ahyryn!» - diýip öý eýesi myhmany saklajak bolupdyr, «Aý, towugam ýolda gygyrarda!» - diýip myhman gidipdir. Soň öý eýesi gazany barlap «Wah, duýdurdam-la welin» - diýip buduna kakypdyr. «Sizeem şol Şark Batyr ýaly gazan gala çozup biziň Towuk Batyry kowup çykaran-a dälsiňiz» - diýip soraşym. Olar hezil edinip gülüşdiler... Adama in ýetmeýän zadyň bir gülküdi... 2. Olar agşam towuk çorbasyny hezil edip iýdiler, Mälik azajyk içip oňdy, Bopba welin bir çüýşe bilen oňman ikinjisine ýapyşdy. - Arak içeniň bilen kelläň açylýan bolsa iç. Mälik onuň bulguryna ikinji çüýşeden arak guýdy. – Ýöne enjamy işe girizeli. - Aý onuň näme? Owgan urşunda wertolýody dikeltdim! – diýip, Bopba bulgura ýapyşdy. Içýän weli beýnim öz orbitasyndan çykyp saz işläp başlaýar. - Biraz nahar iýsene! Iýmän içip otyrsyň? Beýtme ahyr... Goý, soň iç! Şu çüýşe gaçyp gidenok. - Bulgury elime alyp goýsam bolmaz! Men bu ýoluň çüýr depesine çykýançam gitmeli... - Nirä gitmeli? - Öňe gitmeli, öňe? - O näme diýdigiň bolýa? Bütin ýer ýüzüne arak içmegi öwretjek bolýarmyň? - Azajyk içmäni öwretjek. Oňa Demirgazyk, Günorta buzly ummanlar girenok! Olarda adam ýaşanok! - Ýeriň hemralaryna hem bararsyň onda Mälik Bopbaň ertekisiniň ugrundan gopdy. – Meselem Myrryh ýyldyzyna. - Ýok, oňa barman! Birinjiden onda adam ýaşanok, ikinjiden başga planetalaň işine gatyşmagy halamok! Gün zynjyryna girmeýän ýyldyz gerek däl, öz işimizem ýetik! Ýer üstüniň aladasam ýetik. - Seni bu uly wezipä biri saýladymy? Etjek bolýan işiňe bütin adamzadyň razylygy gerek ahyryn! Oturşyňa bir çüýşe aragy jyňkytýaň! Şeýle ukybym bolmasa bu wezipä saýlanjakmaý, diňe men mynasyp adam, iru-giç wezipä, orna ymtylýar. Men eýýäm oňa bardym! - Baran bolsaň wezipäň gutly bolsun! Indiki etsem-petsemler barada gür beräýseň? - Bir ýyllyk maksatnamam bar, on ýyllyk, ýüz ýyllyk! Haýsyny aýtmaly? – diýip Bopba gözüni güldürdi-de aýasy bilen ýüzüni sypady. - Barýan ugruň düýp manysyny gasgajyk beýan edäý, esasy ugruny... - Esasy zat edildi, maksatnamalar düzüldi, çar tarapa wekiller ugradyldy, ýöne häzire çenli agza alar ýaly bir iş etdik diýsek ýalan sözledigim bolardy. - Bäh, daşda walla! Işine tankydy göz bilen garaýarsyň! Ýaman däl, ýaman däl! Maňa şeýle häsiýet ýetenok-da. - Men başgaça bolup bilemok! Diňe tankyt, tankyt we ýene tankyt. Adam şeýdip öz erbet endiklerinden saplanyp biler. - Ýeri, onsoň, maksatnamalaňňy gysgajyk düşündir. - Seni gyzyklandyrýan bolsa aýdyp geçmeli bor! Bopba bulgury boşadyp öňünde goýdy, turşy hyýaryň suwuny sorup çilime ýapyşdy. - Men bir zada göz ýetirdim. Adamlaryň köpüsine açyklyk, adyllyk ýüregindäki pikirini anyk aýdyp bilmezlik ýaly häsiýetler ýetenok! Meselem gündelik durmuşda bir ýaramaz adamyň ýüzüne aýdaýmaly sözleri aýdyp bilemzok, ogry-ogry, düzüwe-düzüw, egrä-egri, gowa-gowy, erbede-erbet, aga-ak, gara-gara diýip bilemzok! Hut şu zatlar adamlaryň ýokary demokratik jemgyýetde ýaşamagyna böwet bolýar. Gysgaça – men näme etjek bolýan? Adamlary kyrk gulakly gazanda gaýnaýan çakyrdan doýurjakda arzuwlaryny diňlejek. Adam şonda dogrusyny aýdýar, şonda adyllyk ýüze çykar. Mysal üçin ynha, men azajyk içmesem kelläm işlänok? Enjamy ýygnap bilemok! Iň esasy zat, şol azajygyň ölçegini tapyp bilmekde! - Bah, sen şony tapyp bileňokda! Tapjak bolup öte geçäýýäň! - Ahyrym taparyn! Yzyny diňle! Biz näme üçin ýaşaýas! Aýalym işlemek, gazanmak, iýmek-içmek, çaga terbiýeläp ölüp gitmek diýip düşünýär. Onuň pikirinde Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň täsiri bar. Oktýabr näme diýdi? Ýurduň ähli baýlygy we çig-maly adamlaryň arasynda deň bölünmelidir diýdi. Men näme diýýän? Adamlaryň ruhy we medeni baýlygy deň bölünmelidir. Ruhy baý Adama az baýlyk gerek, onuň tersine ruhy garyp Adam zatdan doýanok! Näçe iýsin iýeni az görüner... Umuman, maksatnamam ýönekeý ruhy we medeni baýlygy deň paýlap adamzady jenaýatçylykly hereketlerden saklamakdan ybarat... Görýäs-ä, nähili wezipeli adamlar baýlyk ugrunda abraýyny dökýärler, diýmek, olaryň ruhy garyp! Meniň maksatnamam şeýle adamlaryň arasynda düşündiriş işlerini geçirmekde netijede jenaýatdan saklamakdan ybarat. Neneň görýäň, Mälik han? diýip, Bopba bulgury elline aldy. Bu onuň «guý» - diýdigidi. - Bäh, daşda wala! Men bir zada düşünemok! Näme üçin sen çakyr içirip adamlary diňlejek bolýaň? Ýöne diňläň-de bolanokmy? - Ýöne diňleseň ýüreklerini açmazlar. Ýigriminji-otuzynjy ýyllardan galan gorkaklyk keseli henizem dowam edýär. Şol sebäplem azajyk içirmeli. Şonda ýürekleri açylyp ruhy baýlygyň ösmegi üçin islegi artyp başlar. Kimdi şol, Mämmet agamy ýa-da Baýram aga, ýadyma düşenok, otuzynjy ýyllarda türkmeniň gaýmagy iýildi, uruşda süýdi içildi, Aşgabat ýer yranmasynda gazany döwüldi diýen... Örän dogry bellik şol... Indi men seniň pikiriňi diňlejek. Nähili baha berjek? Mälik öz-özünden edara döredip, oňa-da özüni başlyk saýlan bu sada, ýukaýürek adamyň pikiri bilen doly razylaşdy, serhoş ýagdaýdy bolsaňda ol hakykatdanam şol çür depesine ýetjek bolýan zadynyň hakyky başlygy bolup biljek adamdy, ýöne, käbir düşnüksiz soraglary anyklamalydy... Oňam haýsy soraglardygyny onuň pikirlerini üns berip diňlänler düşünerler... Umuman alanyňda erbet däldi, ýöne ertekä çalym edýän ýerleri köp. Eger erbet diýse onda... Onam diýip biljek däldi. Diýmek ortadan bir sebäp tapmalydy. - Seň bu aýdýanlaryň çyna berimsiz ertekä meňzeýär. Bopba kaka! - Erteki diýýäňmi? Erteki bolmasa adamzat şu ösüş derejesine ýetermidi? Ýetmezdi. Er-te-ki! Ertirki! Bu söze düşünseň geljek arzuw-hyýalyny özünde çogdamlaýar... Adam gowy ýaşamagyň arzuwyny etdi, guşlary görüp uçmagy, balyklary görüp ýüzmegi arzuw etdi, oňa erteki diýdiler. Emma şol ertekiler amala aşdy! – Bilýämiň, häzir adamzat uly gorpuň gyrasynda dur, nokada bassaň dünýä düňderiljek! Oňa erteki diýýärdiler, Emma... Emma... Adamzadyň häsiýetinden açgözligi, ýaramaz islegleri köki-damary bilen sogrup bolýan bolsa bolmaýamy!... Robert Greýs diýen bir iňlis alymy «Troýan urşunda wagşy grekler üstün çykmadyk bolsa, dünýä ýürekleri mähirden doly adamlaryň mekanyna öwrülerdi» - diýip belleýär... - Her zadam bolsa seniň bu pikiriň ýagdaýdan çykalga boldugy däl! Onda köp düşnüksizlikler bar... - Muhammet Pygamber gudratyny düşündirjek bolanda adamlar ony kesekläpdirler... Maňa-da düşünenoklar. - Dine ynanýaňmy? - Içip ýören adam hawa diýse bolmaz. Dine ynanýan, kada-kanunlaryny berjaý etmeli! Men berjaý edemok, ýöne Hudaýa, Pygamber gudratyna ynanýan! Men ýönekeý tok bilermeni, köp zada akyl ýetirmesemem az mukdarda, ölçegiňi bilip içseň aragyň zäher däl-de dermandygyny güwä geçip biljek. Mun geçmişde Omar Haýýam aýdyp geçdi. Sen meniň pelsepelerimi kabul edeňok öýdýän? Şeýlemi? - Käbirini kabul edemok. - Beýle akylly bolýan bolsaň kebşirleýji enjamy özüň ýygnaýsaň bolmaýamy? Çal beýniligiň görünip dur ahyr. - Wah, ähli zady bilip bolanokda. Maňa sepi bildirmez ýaly kebşirle diý, kebşirlärin, onsoň eliňe äýnek alyp gözle... Tapmarsyň... Tok ugruny welin bilemok. - Gel, jedel edeli, men sençe kebşirläp bilmesem Bopba adymy aýyrjak. - Ýok, Bopba akga, beýtme. Men sençe bolup bilmen. - Şeýdip göniňden gel! Ýediň enesi ýaly bolma... Ýeri bolýa! Men gidip dynç alaýyn! Erte iş talap edersiň... Bopba entirekläp ýerinden turdy. Mälik ony ýagýan ýerine eltip gaýtdy. Bopba ertesi ýarym awtomat kebşirleýji enjamyň ýanyna daň bilen bardy. Kellesi güwläp durdy, agzy tambat ýalydy, pikirleri welin dagynyk däldi. Häzir diýseň gowy zat ýadyňy düşdi. Ol bu enjamyň ähli ýerine bir wagtda taýýarlap işe goýberjek bolup azara galýardy, ony etmän her bölegi aýry-aýrylykda herekete getirse iş has çalt boljakdy, hemem nämäň-nämedigi bildirjekdi. Enjam esasy üç bölekden ybaratdy. Birinji esasy bölegi, kebşirleýiş işiň geçiriljek ýeri, ikinjisi işe ýolbaşçylyk etmek üçin görkezijilere berkidilen sazlaşyk nokady, üçünjisi, kebşirlenýän tokurtgalaryň ýörüte gurallaryň kömegi bilen alnyp berilmegi hem-de kebşirleýän enjamyň aşagyndan 360 gradus aýlanyp durmagyndan ybaratdy. Hersi aýry-aýrylykda hereket edýän bölekleriň birleşip bir göwrede işlemegi – çözülmesi kyn meseledi. Kebşirlenjek tokurtga aýlanýar, Emma kebşirlenmän geçýär ýa-da kebşirlemän kesip dur... Üçünji bölekde on bir metr uzynlykdaky turbalar enjamyň golaýynda, ambaryň gaýdýan öňünde üýşürilýär, enjam tarapyndan ambaryň agzy açylanda üç sany tokurtga tigirlenip ýörüteleşdirilen tekjä mündürilýär hem-de biri-birine seplemekde jebisligi üpjün edýän gurallaryň kömegi bilen berk saklanyp içinden kebşirlenýär, şondan soň awtomat enjamyň aşagyna berilýär. - Edil iňňe bilen guýy gazan ýaly soky daşy-da, kelläňi iýjek! – diýip, Bopba ýüzüni turşartdy. Şol wagtam oglanlary daşyna üýşürip bir zatlary düşündirýän Mälige gözi düşdi. – Mälik! Eý, Mälik han! Gel bärik! Mälik gelende «Sen inim Kiýewde okadyň. Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen kebşirleýiş enjamlaryň bütindünýä seminaryna gatnaşdyň. Men bir zada düşünip bilemok, näme üçin kebşirleýiş geçmän, gaýtam, tokurtgany deşip dur? Näme üçin? Hasaby nädogry çykardymmykam?» - diýdi. - Bilmedim – diýip Mälik jogap berdi. - Haýsy ýagdaýda deşýär, şony anyklamaly! - Tok güýçli gelende deşýär, mon ony barladym. Ähli zat bolmalysy ýaly. - Onda bilmedim-dä. Dur-la, dur-la! Togam seň häsiýetiň ýaly üýtgäp durýan bolmasyn? – diýip Bopba darak görmedik hüžžük saçyny penjeledi. - Ol nähili üýtgäp durýan? Men barlap durun ahyryn... Öz häsiýetiň ýaly üýtgeýär diýen bolup ýagşam bir gep tapdyň... Ýogsa-da Bize gelýän tok umumy akyma birikdirilen... Bir ýerde çala näsazlyk ýüze çyksa kebşirleýjä täsir edip biler. Diýmek, enjam üçin ýörüte transformator gurmaly toguň hiç ýere dahylsyz bolmagyny gazanmaly. Hawa, hut şeýle, Mälik batyr! - Transformatoryň işi haýyr! – Mälik kagyza bellik etdi. – Häzir serçe sagyp ber diý, şobada bitireýin. - Serçe sagylmaýar, guşlarda süýt ýok - Ony diýme, tap diýseň şonam tapjak. - Sen maňa gowusy ýüz gram tap. Kelle semäp dur. Maňa şol guşuň süýdünden gowy, ýogsam çagarygym çagşady. - Daşda şonyň – diýip, Mälik nirädir bir ýere ýitirim boldy. Iki sagat geçip geçmänkä-de üsti transformator ýükli maşyndan düşdi. - Ine, getirdim! - Getiren bolsaň düşüriber. Men ony başyma ýapaýynmy – diýip, Bopba batnyksyz sögündi. Men saňa başga bir zat getir diýipdim. Nätdiň aýt muny. - Asyl şolam daşda! Ine, getirdim – Mälik kisesinden ýüz gramlyk çeküw daşyny çykardy. - Bu näme? Bopba Daşa gaharly seretdi. - Ýüz gram! Özüň aýtdyň ahyr! - Ugumy ýekelejek bolýamyň? – Bopba daşy alyp zybyrdadyp zyňdy. Adam azar görýär bu bolsa... Häýt, ýüzüňe urba sepilsin diýsänim. - Düşünmändirin, Bopba akga! Indikile. - Wah, büre mynçgan ýaly edäýsem düşünäýersiň-le... Getirilen ýük demir-beton böleginiň üstünde goýuldy, sim çekilip özbaşdak tok alyndy. Emma kebşirleýji enjam şonda-da tokurtgaň diwarlaryny deşmesini dowam etdi. Bopba indii toguň päsgelçiliginiň ýokdugyny, ýöne garşylygy birneme peseltmegiň gerekdigine düşündi. Ony etjek bolsaňam Mary GRES-ine gitmelidi, toguň garşylyk güýjüni 420-den 380-e getirmelidi. Bopba welin togy gerek mukdarda köpeldip, azaldyp bilýän gural ýasap kebşirleýji enjamyň işläp biljek togunyň ortaça mukdaryny tapdy, şonda soň enjam diwaryny deşmän kebşirläp başlady, ýöne işiň hili bellenen kada gabat gelenokdy. Bopba tokurtgalaryň duran ýerinde aýlanyş herekedi bilen kebşirleýji enjamyň sazlaşykly işlemeginiň ortaça ýagdaýyny üç gün gözledi, şonça günläbem içdi, ýöne işini ýadyndan çykarmady. Dördünji gün ol enjamy ilkinji gezek işe goýberdi. Emma ugrugyp gidibermedi. - Wah, sähetsiz başlanan iş hezil berjek däl-ow! – diýip Hydyr haýran hyrçyny dişledi. – Etjek zadyň ýok. Haýranlar galaýmaly! - Beýdip içip ýören adamy ýyldyz nätsin? – Mälik oňa göwünlik berdi, ýogsam özi hem bu barada pikir edipdi. – Ýyldyz diýlen zat Hudaýa ýakynlara degişli bolaýmasa. - Bi nokady basaňda bissimilla bir diýdimmikä? Eý, Bopba diýdiňmi? – diýip Hydyr osmaklady. Bopba «Juk» - edip başyny ýaýkady. Häý, ýagşam bir iş edipsiň? Asyl ugrugyp gidiberenok diýdim-le! Bu günem belalygyňy içensiň? Şeýlemi? Içseň işiň ugrukmaz! - Ugrugar! Onda-da şeýle bir ugrugar. Häzir men bir şaýyny täzeläýin, onsoň Hydyr beg, näme dogaň bolsa oka-da nokady özüň bas! Işlemänem bir görsün... Ine boldy. Gel, hany şuny bas! Hydyr haýran doga baryny okady-da elini ýüzüne ýetirip «Bissimilla, ýa Alla!» - diýip nokady basdy. Enjam işläp başlady, turba bir-birine sepleşdi. Oglanlar birek-biregi gujaklap begençlerine gygyryşdylar. Häzir olaryň begençleriniň çägi ýokdy... Mälik Bopbaň syryk ýaly boýnundan aslyşýardy hem-de «Süzümizde tapyldyk» - diýip gygyrýardy. Şol wagt Muhammet Beg Myrat bilen ýetip geldi-deişläp duran enjamy synlap «Bäh säginmän dur-aýt» - diýip geň galmakdan ýaňa içini çekdiler. Olar giden batlaryna enjamyň bir ýeri şark etdi-de döwüldi. Bu edil Kaka Rejep bilen Sapa Saparyň gelen döwrüne gabat geldi. - Häk, ýaňkyň gözi degendir-ow! Häýt gözüň bar bolsun bedasyl! Yzlaryny çyzmalydym-da! – diýip. Hydyr haýran olaryň galdyran yzlarynyň üstüne atanak çyzdy. - Mälik, bu näme boldugy – diýip, Kaka Rejep sorady. Daş ederin diýýädiň, Agregat işlänok, biriň çägä çyzyk çekýäň, galanyň agzyny öweldip dur... Oňa göz degdi! – diýip, Hydyr haýran jogap berdi - Ýaňy gelip giden şalpy-şaraňlaryň gözi degdi. - Men gözüňem bilemok, beýlekiňizem, şu gün enjam hökman işläýmeli!. Sapa eşidýärmiň? - Bolar, başlyk, agşama işletjek bolarys! Sapa jogap bersede Kaka onuň bilen kanagatlanmady. Sapa sen düşünýärmiň? Her gün ýük bary üýşüp gidip otyr, ýere-göge syganok, üstümizi basdyrdyk... Çykalga diňe, şu enjamda... ol işlemese işimiz pyrryk! Siz maňa söz berdiňiz, men ministre söz berdim, ministr hökümediň öňünde söz berdi, hökümet Prezidentiň öňünde. Düşünýärmiň? Söz ok däl, emma ýürek ýaralaýar. - Bolar, gutarjak bolarys! Sapa şol öňki rahatlygy bilen jogap berdi. - Sen, Sapa örän ýaýal adam arkayýn, meň welin gözüm çykyp barýar. - Sowukganlylyk ýaýallyk häsiýetimde bar. Kaka Rejep elini salgady-da ak köýneginiň üstündäki boýun bagyny düzedip maşynyna atlandy. - Göz deger ýaly kim gelip gitdi? Sapa az wagtdan soň Mälikden sorady. - Muhammet Bek geldi. Myrat ýanynda. - Onda bir zat edeliň! Sapa oglanlary daşyna üýşürdi. – Hydyr akga, sen gitde bir howa molladan doga alyp gel, Mälik enjamyň her burçunda çümmük duz gömsün, onýança Bopba döwlen ýerini oňarsyn... Dogany edil kebşirleýji enjamyň maňlaýyna dakmaly. Ýüzärlik tütetmeli, bir gujagynam asmaly. Näme kän, ýüzärlik kän. - Her hili adam bar, biri göwniýetmezçilik, biri görüplik edýär. Muhammet, boýuny syryk ýaly edip... mysalasy gursun-da seň diýip Hydyr haýran doga almaga gitdi. Ol gaýdyp gelýänçä duz gömüldi, enjam bejerildi, doga bilen ýüzärlik bolsa edil görnükli ýerde asylyp goýuldy. Şondan soň galtaşyp sepleşdirmek usuly boýunça işleýän awtomat enjamy döwülmedi. Hydyr haýran aýtmyşlaýyn oňa Haýranlar galaýmalydy. Demir hem däp-dessurymyza boýun bolýardy. Ýortan adam ozar, ýatan adam tozarlary dogry çykdy. Ýortsaň iş bitjek ekeni. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |