16:39 Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy | |
DOKUZYNJY BAŞ
Romanlar
Dili uzynlaryň biriniň çagasy bolmaýanlygyny özünden görsün, «Ärde gaýrat bolsa işi kyn bolmaz» - diýipdirler diýen ýaňramalaryny Bopbanyň gulagyna ýetirdiler. Bu söz ýüreginden parran geçip, durmuşyň rehimsizligi baradaky pikiriniň subutnamasy hökmünde ýaňlandy, onsuzam aýagyna kakjak bolup ýörenler gyt däldi. Indi o zyýada gürrüňlerem ýaýrap başlan bolsa asylyp öleniň gowudyr. Ýa başyňy alyp bir ýerlere gitmeli, Aşgabada git, tanamasynlaram, görmesinlerem... Bopba aýagyny ýygryp, iki elini dyzynyň üstünde goýup, namart adamlaryň ýaýradýan taslamalaryndan çykalga gözläp her-hili pikirleri kellesinde aýlady. Göwnüme bolmasa käbir adamlar onuň üstünden gülmäni edil börtme iýen dek gowy görýän ýalydy, indem çagaly gürrüňler üstesine... Bopba şol günden başlap içmezligi şert etdi, emma bulaşyk pikirler gününe goýmady, kellesi ýarylyp barýar, kebşirleýji enjamyň işlerini üstünlikli dynanlygy sebäpli üç-dört gün işden boşadylypdy, gündiz bolsun, gije bolsun tapawudy ýok, özüne degişli işi edäýmelidi, eli-aýagy bilen önümçilige daňylandy, işden boşadylan günleri onuň üçin hakykatdanam azatlykdy, ýöne şuňa begenmegiň deregine, depesinden ummasyz güýç basyp duran ýaly özüni agras duýdy, aýaklary şallaklady, elek-çelek gözleri bir nokada sygmady, biri kowalap barýan dek haşylaýardy. Şäheriň merkezindäki dynç alyş meýdançada aýagynyň ýelini alansoň Bopba ertirden bäri hiç zat datmandygyny ýatlap, bazarjygyň arka tarapyndaky garbanyşhana bardy, kofe içdi, sämäp kellesi gowulaşan ýaly boldy, konýak hasam gowulaşdyrdy, arak agyryny bütinleý aýyrdy, ýuwaş-ýuwaşdan serhoşlygyň täsiri artyp gözüniň öňünde ýaşlykdaky gahrymançylyklary janlandy. Bopba hasaplaşdy-da şäheriň gündogar çetindäki dört gat ýaşaýyş jaýyna ugrady. Ýagty meýdançadaky oturgyçlarda çagalaryny daşyna üýşürip oturan aýallar, gürrüňe gyzypdylar, çagalaryň bir bölegi meýdançanyň ortasyndaky ýörüte gurnalan çägede oýnaýardylar. Bopba kisesinden bir puty pampaza çykaryp çagalara paýlady, käsini bökdürdi, käsiniň kellesini sypalady, käsini ogşady, şondan keýpi göterilip, aýagy ýeňlän, pikirleri durlanan ýaly boldy. Şäheriň bir-birinden gözel jaýlaryny rumynlar salypdylar, şonuň üçinem merkezi bölegine «Rumyn obajygy» - diýýärdiler, merkezden bir-iki kilometrlik gündogarda ýerleşen bölege «Geňeş obajygy», onda birneme günortada, üç hatar ýokary geçirijili tok simleriniň aňyrsynda ýerleşen bölege «Ýaşlar obajygy» - diýilýärdi. Bu obajyk iki gat jaýdan ybaratdy, öňünde ekin ekmek, mal saklamak üçin ýeri bardy. Bopba dört gat jaýyň öňüne barsa-da, ol Çaryň ýaşaýan otagyny ýadyndan çykardy. Geňeş obajygyna Ýaşlyk obajygyna gitjegini bilmän saklandy. «Ýok, ol Rumyn obajygynda ýaşaýan diýipdi öýdýän» - diýip dört girelgeli jaýyň ikinjisinden basgançak bilen ýokary galdy. Tüm ýaly garaňkylykda aýagy typyp büdredi, şol ýerde hem çöküp galdy. Eli taňňyrly hapa dökmäge barýan Gözel tas Bopbaň üstüne ýykylypdy, gorkdy, gorksa-da jaýyň adamlarynyň biridir öýdüp habarlaşdy. Kimsiň? Dogan senmi? - Men Çaryň ýanyna barýan – diýip Bopba darlygy düşen delmirärligini etdi. - Çaryň ýanyna barýan bolsaň näme üçin otyrsyň, ýürek ýargynç ýerçeken? – diýip Gözel gygyrdy. Saltmanyň ýüreginä ýardyň. - Bolýa, bolýa – diýip Bopba entirekläp ýerinden turdy. - Alkaş, asyl senmidiň? – diýip Gözel ýuwaşady. Bopba bu sözi ýaňy eşitmeli däldi, häzir welin ol ok bolup kükreginden girdi. Çary dördünji gatyň sag tarapdaky otagynda ýeke özi ýaşaýardy. Bu jaý oňa ýaňy-ýakynda iş ýerinden berlipdi. Bopba gapyny aýagy bilen açdy, jaýyň çyrasy ýanyp durdy, Çary diwanda ýatyp telewizora seredýärdi. - Kimem bolsaň geliber how. Çary kellesini galdyrman seslendi, jogap eşitmänsoň ýerinden galyp Bopbanyň ýüzüne çiňerildi. – Hä elektrik senmi? Nä beýle giçläpsiň-le? Ýene işe çagyrýalarmy? Öňem-ä Bäşgyzyldan düýn gelipdim. - Içer ýaly zadyň ýok bolsa getirjek – diýip Bopba diwanyň öňündäki oturgyja elini diräp saklandy. - Näme sütün ýaly dikelip dursuň? Otur. Baý, ýagdaýyň gowy ýalyla? Şol içeniň bilen oňaýarlar. - Gep başy bir zat gerek ahyryn – diýip Bopba oturgyjy çekdi. Içgili gürrüň agzalanda Çary hem bir hili gowşaberýärdi, asyl bu ikisi edil işsizligiň pallamagy döredişi ýaly birek-birek üçin dörän ýalydylar. - Hany men görüşdireýin, bir zatlara bolmaly, Çary aşhana çykdy-da eli göweçli çäýnek çaýly dolandy, telewizoryň ýeňsesinden çakyr, iki bulgur çykardy. – Dilege gelen adamyň bir ýüzi gara bermedigiň iki ýüzi-de gara diýipdirler, inee, içseň! Çary ýaňy suwa düşen bolmaga çemeli, saçlary ýalpyldaýardy, akja köýneginiň içinden gapyrgasyny sanabermelidi, eşigi zoraýakdan saklanýana çalymdaşdy. Bopba beýle gapyrgalary heniz görmändi. Diwanyň arkasyndaky türkmen halysynyň ýüzünde egri gylyç bilen dutar asylypdy, bir burçdaky tekjede kitapdyr, çyzgylar çaşyp ýatyrdy, şol ýerde hem bir çüýşe günebakar ýagy, gara çörek, düýp sogan okara-çemçe bardy. Birinji bulgurdan soň Bopba özüne gelen ýaly dil açdy, biraha hat edýän ýagdaýlar bogup barýan pikirler, basýan duýgular edil siliň güýji ýaly atylyp ýüregini dökmäge mejbur etdi, aglamasa-da garaz, başyny ýaýkap, dodagyny dişläp, saçyny penjeläp «Çykgynsyz güne düşdüm, dünýä bulaşdy, sen maňa düşünýärmiň?» - diýdi. - Düşünjek bolýan, bu gün artygrak ýuwdupsyň, bir çüýşede durmandyr – diýip, Çary kesä çekdi. - Men gutaran adam. Käte asylyp ölesim gelýär, pyçakdan däl, dilden gorkýan. - Özüňe eliňi urmaga howlukma. Ölüm gerek bolsa seni gözläp tapar, onsoňam söze ynanmada işe ynan. - Men öz-özümi ýigrenýärin. Eşidýämiň, ýigrenýän, arak içip serden geçen men. - Keseliň gowy däl ekeni, dost, nebse batana däl, bolsa-da... - Özem bejerip bolmajak kesel, guman büren, iman uran men. - Ondan gutulmagyň çäresini gözlemediňmi? - Gutaranyň çäresi bolmaz, inibatyr. - Kisäňde puluň barmy? - Näme? Pul? Pulum bar, edil zikge kakýan ýaly. - Puluň bolubam şeýdip däliräp ýörseň seni dälihana alyp giderler. Pul bilen köp keseli bejerdip bolýar. Diňe ajala we bagta peýdasy ýok, kisäňde puluň bolmas süýtdeş doganyňam dolanana öwrüler ekeni, hasratdan gaçyp, bagty utup bolmaz ekeni. - Wah, menem şony aýdýan-da. Bagtym ýok, bagtym – diýip Bopba elini dyzyna urdy. Dert içimde maňlaýda. Çagam ýok, çagam, aýalym dogranok. - Bagtyň bolmasa bir zat et. Şäherde saglygy saklaýyş merkezi açylanmyşyn, gelnejemi alda bar, şol ýere, maslahat sora. Belki peýdasy deger. Kakam «Atyň ýaman bolsa satyp gutularsyň, goňşyň ýaman bolsa göçüp gutularsyň, aýalyň ýaman bolsa nädip gutularsyň» - diýýä... Onsoň men-ä bilmedim. Dostlar daň atýança birek-birege ýüreklerini döküp oturdylar. Çary hem soňa baka ýüregini dökdi, söýýän gyzynyň bardygyny, ýüzüne seretmeýändigini, şoň üçinem içmäge razy bolandygyny ýaňzytdy. - Bagtym ýok diýip, aglaberesim gelýär. Ýöne bagt üçin dyngysyz göreşmeli. Men göreşimi gowşatmaryn, ahyrym gyzyň razylygyny alaryn. Nesip bolsa alaryn. Bopba öýüne gelende daň atypdy, ejesi gijesini ýatman geçiripdi. Dünýä inenden bäri 26 ýylyň geçenligine garamazdan oglunyň ykbaly üçin gorkup geldi. Bu gorky soňa baka ýoldaşy hökmünde ýanyndan aýrylmady. Bopba bir ýere gitse gorpa gaçaýjak, ýa-da howpa gabat geläýjek ýalydy. Ýeke çagasy bolansoň ene oglunyň bagtly bolmagyny ýüreginde besläp şol bir wagtda her bir herekediň birugsat edilmezligini talap edýärdi, gulagyndan çekýärdi. Bir zady köp gaýtalap dursaň, olam bolmasa onda ogluň ykbaly baradaky gorkular gazaba, gaýga ýigrenje öwrülip gidiberýär ekeni. Bu gün weli ene gaharyny halys saklap bilmedi: «Utançsyz, haramzada, kakasy ýaly özdiýenli ýeke gep samsyk. Saňa arak gerekdir. Men saňa şeýle bir aragy görkezerin welin injigiň çat açar» - diýip ömründe ilkinji gezek ogluna gygyrdy. Bopba hiç zat bolmadyk ýaly sesini çykarman otagyna girip gitjek boldy. Ejesi onuň öňüne geçdi. - Hany, dur sen aýt, haçan bu zährimary goýup adam boljak? Haçana çenli eneňi beýdip kösejek? - Sen kösenmän ýatmaly ekeniň. Men öz ýagdaýymy gowy bilýän, çaga däl. Bopba ýüzüni sowup hüňürdedi. - Soň ökünmeli bolarsyň. Gelniň gowy, dili-agzy ýok, ýogsam beýdip ýörmezdiň-le. Ejesi gözüniň ýaşyny süpürdi, eýsem gözýaşyndan, ykbalyna kaýyl bolmadan başga onuň elinden näme gelýär? Aýalyň ahyrky hilesi aglamakdy. Birden onuň kellesine «Gel men muny molla görkezeýin, maslahatlaşaýyn, gerek bolsa doga okaýyn» - diýen pikir geldi. Ol Akja molla ýüregi bilen ynanýardy. Onuň özüne ýeterlik sebäbi bardy. Bäş ýaşa çenli Bopbaň gije ýerine buşugma häsiýeti bardy. Akja molla goňşularyň birine toýa gelende, ene «Molam, çagajygym şeýleräk, kömek et!» - diýip ýüzlenipdi. Akja molla içip oturan çaýly käsesini goýup, silkme telpegini çykardy-da kellesine sele oranyp «Hany, çagany getir» - diýdi, uzyn dogalary okady, ganda dem salyp içirdi. Şodurda-şodur Bopbanyň buşugmasy galaýdy. Diňe bir olam däl, bir hepdeläp guzusy emdirmeýän goýna dem salyp nan berdi welin goýun guzysynyň daşynda kökenek. Hawa, ol ogly, gelni üçin doga almady. Özem şu gün almaly. Wah, onuň kellesine, bu pikiriň öňräk gelmeýşini diýsene. Oglunyň öýlenenine alty ýyl boldy, çagalary bolanok, belki içip ýörmesem şol sebäplidir? Ene şu günüň özünde Akja mollanyň ýanyna ogly bilen gelnini alyp gitmegi maksat edinip ertirlik namazyna başlady. Şäher towuklarynyň häsiýeti has irräjik oýanagan, seslerem obadakylardan çaslyrak bolar ekeni... | |
|
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |