01:14 Başlygyñ özi-dä / satiriki hekaýa | |
BAŞLYGYÑ ÖZI-DÄ
Satiriki hekaýalar
- Hormatly oba zähmetkeşleri, häzir size "Mesirgän molla" diýen oýun görkezmekçi bolýarys. - Kyýas han, men-ä şol mollanyñ rolunda oýnajak däl. - Näme üçin? - Ol-ä tüýs başyna giden how. Azypdyr. Mes. - Ony nireden bilýäñ? - Hol gün aýdylan janly edilende şol mollany ýörite apalap çagyryp getirdiler. Maña şonuñ eline suw akyt diýdiler. Akydyp durkam, ýañky mollasumak kündügi elimden kakyp aldy-da, hol mellegiñ içine oklap goýberdi. Aý, gaty erbet utandym-a. Ýer ýarylmady, men girmedim. - Kündügi ýeke elde tutansyñ-da. Beýleki eliñ bilen çürründiginden tutmadyñ diýen bolýandyr. - Wah, hawa-la. Aý, gaharyma bäs geljek bolup, tas ýarylypdym. Ikiçäk bolsañ zyýanam ýok weli, ähli gurama başlyklaram aý berşip durlar. - Zat diýen bolmadymy? - Wah, ählisi käýedi-le. - Mollamy? - Ýok-la, maña-la. - Hany, komsomol guramasynyñ sekretary Gurt Ýazmyradow näme işleýä, señ tarapyñy çalman? - Gurt-da şol ýerde mollanyñ ýuwunjak kündügini hozmagdan öz "Žigulisi" bilen elin getirip, üç gezek gyzgyn suwa çaýkan. - A, profsoýuz komitetiniñ başlygy Arça Muhammedow näme üçin mollañ petigulysuny bermedi? - Arça-da şol mollany üç günläp gözläp, ahyry tapyp getiren. - Medeniýet orunbasary Gytja, näme, ýaşmaklymy? - Gytja-da çagam bolanok diýip, şol molla özüni okatdyrýan. - Hany ilkinji partiýa guramasynyñ sekretary ýoldaş Saryýew? - Meni köp gepletme. Roluñy yzyna al. Men çekinýän. Guramalar işlänoklar. - Obada iñ esasy adam - başlyk näme işleýä bu zatlar seretmän? - Wah, başlyk-da şol aýdylan janlyny berýän. Oraşan düýş görenmiş. Iş gowşak diýip, býuroda wezipeden boşadýarmyşlar. - Mollañ roluny oýnamaly-ha borsuñ. Häzir ýaşulular hem geljekler. Ýolbaşçylaram şu ýere ýygnanjaklar. - Eger gürrüñli bolsa, iñirdeselee, men-ä medeniýet köşgüniñ direktory Kyýas meni mejbur etdi diýip hökman aýdaryn. Şoña boýun bolsañ oýnaýyn. - Be. Mesirgän mollañ roly-ha kyndyr-ow. Sen has gödegrägem oýnaýań. Men bir pikir edip göreýin. Kündük bilen birini heläk edäýmegiñ mümkin. Ägä bolmaly. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |