BAŞLYK WE IŞÇI HAKYNDA FELETON
Diýseň täsin başlyk, ýüz ýok diýere,
"Bize tokçy däl-de, tok çatýan gerek"
Diýip, gygyrýar.
Men bolsa, bakýaryn ýere.
Aslynda gutardym sim çatmak üçin,
Birnäçe ýyllaryň ukusyzlygyn...
Diýdim:"Başlygyňyz neneň yrylýar?!"
Işçi aýtdy:"Kisä görä yranýar."
Täzeden şaýlandym,
"Başlyk nirde sen?!"
Gaharly ýüzlendi:
"Näme gerek? Gel."
Resminama däl, kisäm bilen...
Ellerim gysdy-da diýdi:
"Edara siz ýaly
Ýaşlar gerekli."
Haýran galdym, boljak işe
Bolman durdy, kör-köpüksiz.
Haçan başlap, haçan gutar,
Bu zatlaryň bary köksüz.
Gaşyňda däl, han başlygym,
Uzagrakda, ýok ýeriňde.
Siz hakynda, uzagam däl,
Bir "feltonjyk" ýazyp galdym
AHALLY
Goşgular