09:04 Bazarda atyr satylýan ýerde çaşan deri eýleýji hakynda hekaýat | |
Bazarda atyr satylýan ýerde çaşan deri eýleýji hakynda hekaýat
Goşgular
Deri eýlemekde hünärmen bardy, Bir gün işi çykyp, bazara bardy. Hoşboý ysly atyr satylýan ýerde O bende duýdansyz uçrady derde. Her hili yslardan aýlanyp başy, Birden çaşdy ýatyberdi ol kişi. (Ýagşymy, ýamanmy) tomaşa bendi Adam bary oñ daşyna ýygnandy. Ýatyr ol çäşerip, ýagdaýy agyr, Märeke daşynda edýärdi gowur. Biri diýdi: "Bu goh-galmagal nedir? Başa her ne gelse, Allañ işidir". Başga biri onuñ ýagdaýyn duýup, Ýüzüne suw sepdi aýñalsyn diýip. Olam ýöne suw däl, ýiti ysy bar, Ysganyñ bada-bat başyn aýlaýar. Belki, şodur öñem derdiniñ başy: Ýatanyñ ýakasyn ýyrtyp bir kişi, Gamyş sürtäp boýnuna hem döşüne, Başlady ozaldan belet işine. Iki adam ony az-kem dikeldip, Aloe şiresin burnuna eltip, Ysgadan wagtlary diýdi bir tentek: "Muñ bolup ýatyş-a tirýek çeken dek". Alladan idinsiz hatda çöp başy Gymyldamaýanyn bilýär her kişi. Bilmänsoñlar derdiñ sebäbin asyl, Diýdiler: "Çagyryñ munuñ agasyn!" dogany haýdaşlap, ýüwrüp gelende, Itiñ pohy bardy onuñ elinde. Eger anyklasañ derdiñ sebäbin, Ýeñletmek kynam däl nähoşyñ tabyn. Em etmekçi bolup hassa doganna, Elindäki pohdan ysgatdy oña. Kän wagtlap atyñ ysyny alan Öwrenişip bilenok başga ys bilen. Köneler aýdypdyr: "Biliñ, her haçan Başga hiç zat däl-de, kiri-kir açar". "Belli zat-doganym öwrenişmedik Ysyn ysgap, ýatyr özünden gidip". Diýip, dykgat bilen doganna bakdy, Burnuna şol pohdan azajyk dykdy. Soñam ony aýasynda owkalap, Sürtdi endamyna çalan dek gülap. Tanyş ys burnuna urup nähoşyñ, Gözlerini açayp, galdyrdy başyn. Ysgynsyz bedenni kem-kemden dikläp, Duranlañ ýüzüne bakdy ýaltaklap. Ol-a porsy ysa öwrenen bende, Añ-paýhasyñ hoşboý ysyn alanda, Özüni ýitirýär samsyk, añkawam, Gerekdir şol pursat tap bilen dogan. | |
|
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |