06:14 Begmyrat Ussaýew | |
BEGMYRAT USSAÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Begmyrat Ussaýew 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Bäherden etrabynyñ Garrynohur obasynda dogulýar. 1960-njy ýylda Mary şäheriniň 10-njy mekdep-internadyny ýokary bahalar bilen tamamlap, şol ýyl hem M.Gorkiý, häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. 1965-nji ýylda uniwersiteti gyzyl diplom bilen tamamlaýar. Ol talyp döwründe iň ýokary talyp hakyny alýar. Şol döwürde ol Lenin stipendiýasydy. Begmyrat Ussaýew şol ýyl türkmen telewideniýesinde redaktor bolup, zähmet ýoluna başlaýar. Begmyrat Ussasýewiň ylyma bolan höwesi ony kän mahal geçmänkä, Türkmen döwlet uniwersitetine alyp gelýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli uniwersitetde talyplara türkmen edebiýatyndan sapak berýär. Şol birwagtyň özünde hem ol ylmy iş bilen meşgullanýar. Alymyň kandidatlyk ylmy işi “Beýik Watançylyk urşy döwrüniň poziýasynda dostluk temasy”. B.Ussaýew 1972-nji ýylda şu tema boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, filoligiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy. Alym şahyr B.Ussaýewiň türkmen edebiýatynyň dürli meseleleri bilen baglanyşykly makalalary, onuň öz döreden goşgulary döwürleýin gazet- jurnallarda häli-şindi çap edilýardi. Alym şahyryň “Alkyş” (1972), “Çalaran saçlar” (1970), “Sowuk suwly çeşmeler” (1976), “Gyzyl ýaň” (1989), “Aýlanaýyn adyňdan” (1980) goşgular ýygyndylary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Edebiýatçy alym Begmyrat Ussaýew türkmen edebiýatynyň, türkmen şygyrýetiniň ölemen aşygydy. Onuň türkmen edebiýatynyň ösüşi, onuň wajyp meseleleri baradaky makalalary, edebi tankytlary edebiýatçylar, edebiýaty söýüjiler tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýardy. Şonuň netijesinde hem edebiýatçy alymyň “Söweşjeň poeziýa” (1984), ‘Edebi durmuşymyz” (1991) atly makalalar ýygyndylary okyjylar köpçüligine ýetirildi. Poeziýanyň, umuman, edebiýatyň güýji hem mertebesi hakynda, onuň terbiýeleýjilik ähmiýeti barada çuňňur oýlanmalary, derwaýys meseleleri öňe sürýän makalalar edebiýatçy alymyň galaymynyň bu ugurda tä ömrüniň ahyryna çenli ýadawsyz işländigini doly subut edýär. Alym şahyr Begmyrat Ussaýew talyplara sapak berende-de, olaryň edebi döredijiligi bilen gyzyklananda-da ýokary adamkärçiligi elden bermeýärdi. Şonuň üçinem talyplar islendik mesele boýunça B.Ussaýewe ýüz tutup, maslahat alyp bilýardiler. Alym şahyr döredijilik bilen meşgullanýan talyplar bilen aýratyn gyzyklanýardy. Olaryň goşgularyna syn berýardi. Goşgy düzmegiň düzgünlerini, sözüň gymmatyny düşündirýärdi. Ol uniwersitetde hereket edýän edebiýat gurnagynyň ýolbaşçysydy. Şonuň üçinem edebiýat bilen gyzyklanýan talyplar öz ýazan eserlerini ilki bilen B.Ussaýewe görkezýärdiler, onuň bilen maslahatlaşýardylar. Ol beýik pedagogdy, mährem adamdy. Elinden gelen kömegi hiç kimden hiç wagt gaýgyrmaýrdy. Ol baradaky ýagty ýatlamalaryň talyplaryň hem-de işdeş ýoldaşlarynyň, edebiýatçylaryň we edebiýaty söýüjileriň ýüreginde baky orun eýeländigi hiç bir şübhesiz aýandyr. Begmyrat Ussaýew 1996-njy ýylyň 22-nji awgustynda aradan çykdy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |