01:34 Belarus şahyrlaryndan parçalar | |
BELARUS ŞAHYRLARYNDAN PARÇALAR
Goşgular
• ÝERIÑ NALYŞY Tisginip gidýärin gulagma ilip, Ene watan meni çagyrýar her dem. Oragyñ sesi dek, ýüregmi bölüp, Eşdilýär ol owaz şol uzak ýerden. Çeşmeleriñ syçrap akýan gözýaşy, Eñräp ahyr hasrat çekýän derýalar. Mawy kölleñ sessiz çytylan gaşy, Duşman hakda maña habar berýärler. Gördüm bu jahana ajal sepelän, Garakçylañ ganly göreçlerini. Adamzadyñ kanunlaryn depelän Şol wagşy ordanyñ aç leşgeriniñ. Şeýle güýç berseler: etlerin kesip, Etsedim zarbymdan elener ýaly. Men topragym, seniñ hasratyñ egsip, Göreşlerde saña güýç berer ýaly. Ene watan, eşidýärin perýadyñ! Men bu gün kalbymyñ kasamyn aýdyp. Saña wada berýän, men señ zürýadyñ, Ýesirlikde uzak galmarsyñ beýdip. Diñleýärin seniñ başy gowgaly, Tokaýlaryñ güwläp duran seslerin. Edil günortanyñ ak Güni ýaly, Kändir seniñ otdan gaýtmaz esgeriñ. 1941. • BAHARDA Bahar şemalyna müñ mukam ýasap, Şygyrdaşýar ýaş derekleñ ýapragy. Maña welin bu dünýäde gerek zat Ene meýdanymyñ mährem topragy. Bu ýerde ümsümlik salyp dur ýada Äpet çynar gümmezini asmanyñ. Şeýle bir mylaýym bady-sabada Bu giñ meýdanynda Özbegistanyñ. Onda bolsa meniñ Belorussiýam, Eziz halkym çekýär agyr gussany. Galyp aşagynda aýylganç gaýañ Gök meýdanlar ýada salýar hassany. Bilýän onda gamçysyny bulaýlap, Höküm sürýänini şol gara ýeliñ. Çagalar giñ ýola nazaryn aýlap, Diýýändir: "Basymrak, basymrak geliñ" Ah, ejir çekýändir ol ýerde galan, Eziz ülkäm, ýöne dolanar döwran. Goý, haraba, goý kül bolsun binalañ, Saña ýetse bolýar bu goja göwräm. Erkinlik berilse, sag bolsa janym, Gelmişekler ýok edilse bu taýdan, Meniñ Witbam, Swisloçym, Nemanym, Onsoñ men ýene-de bagtly adam. Goý, zemin çöwrülip, galsyn astynda Gülle atan faşist seniñ döşüñe. Mymyk şemal ösýär bahar paslynda Ene watan, girýäñ her dem düýşüme. Ýakub KOLAS. • ARZUW Uly ildir ýüregimiñ guwanjy, Uly ildir tagam-duzuñ hümmeti. Şondadyr ömrümiñ hazyna-genji, Şondadyr ömrümiñ gadyr-gymmaty. Uly il baş atsa köñül sazyna, Ylham berse çermän wagty bilegim. Şüdür maña egsilmejek hazyna, Şüdür meñ dünýede ýeke dilegim. Watan, gülle, gel gün-günden joşa sen, Halkymyzyñ döwran bolsun sürjegi. Ilim-günüm uzak-uzak ýaşasyn, Iliñ-günüñ gowy bolsun görjegi. Ýol gözlediñ tümlüklerden güneşe, Başyn egmez ýaly garyplar baýa. Bütin ömrüm bagyş ederin bu işe, Hem gulluk ederin şeýle Hudaýa. Rahatlygy, bagty üçin Watanyñ, Doganlarym siziñ üçin söweşde Saýlaryn ýollaryñ iñ bir hataryn, Ölsem armanym ýok, Bardyr ol başda. Ýanka KUPALA. • "BU EZIZ TOPRAGA BAGLYLYGYM HAK..." Bu eziz topraga baglylygym hak, Berýozañ köki dek, Dubuñ köki dek. Bu ösýän şemala Gulak salyp dur: Ol meniñ ýüregmiñ Gürsüldisidir. Derýa kenarynyñ Çygyna bakyñ! Ol şatlyk gözýaşy Didämden akan. Derýalar, tokaýlar Aýdym aýdýar. Egnim bulutlara Degip gaýdýar. Ähli töwerekde Bagt görýärin. Älemgoşar üste Güne barýaryn. Petrus BROWKA. • "BAGT MYDAM BIR HILIDIR..." Bagt mydam bir hilidir, Uly iliñ bagty hem Señki-meñki ýalydyr. Ol duz bilen başlanar, Ol bugdaýdyr meýdanda Ýañy orlup başlanan. Bagt dökülýän derde bar, Hakykata, dostluga Guwanylýan ýerde bar. Ol bugdaý başagynda. Hem öz eziz topragyñ Asmannyñ aşagynda. Aýdymda, ýagşy sözde. Ine, şular bolmasa Bagt bolmaz ikimizde. • PARTIZANYÑ ÖLÜMI Gök pürleriñ arasynda Akyp ýatyr dury çeşme. Gülle degen partizanyñ Dodaklary suwa teşne. Ýarasyndan akýar gany Gök otlary eze-eze... Ýatyr pälwan ýowuz okuñ Awusyna döze-döze. Ýatyr ýigit, juwan ýigit Gözlerine duman inip... Ah, şo suwdan bir içsedi, Bir içsedi, şondan ganyp Gök otlary garbaýar ol Boş salgymy garban ýaly. Bu ysgynsyz göwresiniñ Gozganara ýol mejaly. Ajap çeşme, dury çeşme, Gel ýanyna juwan merdiñ. Gurbat bersin bedenine Her bir damjañ, her owurdyñ. Oñ göwnüne sowuk çeşme Gerip oña göwüslerini. Ylgap geldi, alyp geldi Derman abyköwserini. Sandyraýan eller bilen Teşne ýigit, haşlap-haşlap, Içişi dek çaga wagty, Içdi ondan goşawuşlap. Oñ göwnüne şu pursatda Teşneligi birden gandy... Pürler däl-de, pyşyrdaýan Ak saç ene, mähribandy. Kirpiginde çyg buldurap, Eşitdi oñ mährem sözün. Eda bilen "eje..." diýip, Soñ ömürlik ýumdy gözün. Ales STAWER. • IKIMIZ Men saña duşupdym ýaş mahalyñda, Ýaş mahalymda. Sen meniñ bagtyma zemin bolupdyñ, Men seniñ bagtyña deñiz bolupdym. Bedeniñ ümmülmez deñiz guçanda, Sen özüñe ýol gözläpdiñ geregim. A men zemin tokaýlarnyñ içinden, Agtaryp gezipdim seniñ ýüregiñ. Sen tolkunýan giñ deñiziñ içinde Ýol tapmadyñ, gider ugruñ bilmediñ. Men azaşdym gür tokaýlañ içinde, Seniñ ýüregiñi tapyp bilmedim. Sen näm üçin şonda zemin ýerine Derýa bolmadyñ? Şonuñ üçin seni tolkunlaryma Garyp bilmedim. Men näm üçin şol tokaýlañ içinden Ýaşlygymda ýalyn bolup geçmedim? Men näm üçin şol tokaýlañ üstünden Ýaşlygymda ak guş bolup uçmadym? Ýaşlygymyz geçip gitdi ezizim, Indi men şol öñki sarymeñiz däl. Meniñ öñki deñizligim henizem, Ýöne öñki güwwüldeýän deñiz däl. Öñki batly-batly tolkunlar hany, Indi ol tolkunlar görülýär. Köñlüme teselli - synlaýan seni, Añyrsy tokaýly kenar görünýär. Men-ä deñiz, senem zemin henizem, Bizi bir-birekden aýryp bilen ýok. Gunça dodaklarym, meniñ ezizim, Näzik aýaklañdan aýryp bilemok. Ýatyryn men saña ýagşylyk diläp, Köpdür gursagymda suratyñ gören. Men indi señ aýnañ, başyñ silkeläp, Maña bakyp sünbül saçlaryñ daran. Arkadiý KULEŞOW. • "GATY GÖRME, GAHARLANMA EZIZIM..." Gaty görme, gaharlanma ezizim, Seýran edýäñ diýip ilden illere. Ýüregim küýseýär doganlarymy, Görsem diýip düşýän uzak ýollara. Diñe öz bagyñy wasp etmek azdyr, Hasam azdyr baglanmaklyk bir güle. Bir gül däl, müñ gül bar giñ Watanymda, Hersi müñ joşgun biýr saýrak bilbile. Meñ ähli baglara barasym gelýär Hem gözel ülkämden salam aýdasym. Meniñ aýdymlarym belent ýañlanar Doganlam köp bolup goşsalar sesin. Ýewdokiýa LOS. Goşgulary terjime edenler Mämmet SEÝIDOW bilen Ahmet GURBANNEPESOW. | |
|
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |