21:58 Daýhan | |
DAÝHAN
Goşgular
Men bir garamaýak, pukara daýhan, Her öňýeten maňa "rehim eden" bolýar. Şeýdip ganym sorup özüm deý ynsan, Işledýär, gynaýar, çekeläp her ýan, Süteme duş edýär, Üstümden gülýär. Men bir garamaýak, ýok meniň erkim, Hor-homsy durmuşda tapdym men kemal. Ýaşlygymda açlyk berensoň merkim, Ýüzme çiş ýöräp, agypdy eňkim, Aýagym çarykly, eşiklem sal-sal. Men bir garamaýak emgege ýakyn, Elmydama ýadaw, surnugan hem aç. Durmuş arabasyn tigirlemek kyn, Uzyn gün der dökýän bir şaýy üçin. Diňe çydamly, ýok başga alaç. Men daýhan, işim ýok gep-gürrüň bilen Ýöne il içine ýaýrapdyr bir lap: "Şa täji hudaýyň özünden alan", Munuň özi çyna berimsiz ýalan, Seniň bu sözüňe ynanmaýan, pop! Men - daýhan, jübimde pulum ýok, haýp, Ýöne akmakdyr diýp pikir etme sen. Ynha bir gün gazap donuny geýip, "Ýigitler, ýaraga ýapyşyň!" diýip, Sesimiň ýetdigne gygyraryn men! 1909 ý. * * * Hawa, menem baý bolupdym bir mahal, Bol-elin durmuşda ýaşapdym şonda. Tukatlyga orun bolmazdy sähel, Dost-ýarlam öýüme gelerdi günde. Gyzlar gaş çyttmazdy meni görende, Olar misli perişdedi - perişde. Men bar ilden bagtlydym hut şonda, Ýöne bulaň bary bolupdy... düýşde. 1909 ý. Ýakub KOLAS. Rusçadan terjime eden Tirkeş SADYKOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 05.11.1982 ý. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |