16:42 Bendiwan / satiriki hekaýa | |
BENDIWAN
Satiriki hekaýalar
Telewizor meniň durmuşyma şeýle bir ornaşypdyr, heý, ýöne goýaý, aýdyp aňyrsyna çykar ýaly däl. Öýde-de, edarada-da, hatda maşynymda-da telewizor bar. Işde telewizor görýän-görýän-de gaýtjak wagtym daşardaky maşynyma tarap ýelk ýasaýan. Maşynymdaky telewizora ýetmäge howlugýan. Şonsuz ýüregim daş gysan ýaly gysýar, ölüp barýan. Onuň üçinem elde göterilýänje, batareýa bilen görkezýän telewizor edinäýdim. Meniň telewizor bilen şeýle bir bagrym badaşypdyr. Hatda sakyrtga hem düýäni beýle gowy görýän däl bolsa gerek. Baryp ýelmeşäýýän. Men öýde geplämok. Sag elimi galdyrsam, çaý içjek diýdigim. Çep elimi götersem, aýalym nahar guýýar. Ähli programmalar gijäniň bir wagty gutarýar. Men şonda-da telewizory on-on bäş minutlap ýapman oturýan. «Aldadyp meni ukladyp, gyzykly bir zatlar berjekdir» diýip betgüman bolýan. Ýogsam diktorlar: «Gijäňiz rahat bolsun!» diýip ýylgyrýarlaram. Men altmyşa golaý diktor tanaýan. Ençemesiniň doglan gününe belet. Gutlap hatdyr «otkrytka» ýollaýan. Emma jogap ýok. «Siziň garrap barýanyňyza gynanýanam» diýip ýazýan weli, eger-eger, jogap berenoklar. Günlerde bir gün şeýle hadysa boldy. Şol gün elde göterýän telewizorym hem maşynda galypdyr. Umumy garaž bolsa öýümden 9 kilometr daşlykda. Telewizorym döwüldi duruberdi. Nätjegimi bilmän, diwaryň ýüzünde ýöräp başladym. Potolokda pelesaň kakdym. Diwary süse-süse kelläm çilik ýaly çişdi. Bolmady-ow. Dördünji etažyň äpişgesine çykyp möjek bolup uwlamaga başladym. Köçedäki biri-birine hyňranyşyp ýören itleriň ählisi meniň garşyma agyz birikdirip, barlyşyksyz hüjüme taýýarlyk görýärler. Ine, onsoň, myrryhym atlandy: ýere düşäge-de mündüm söbüklerine. Waňk-waňk edişip, baý gaçdylar-a. Aý, garaz, her zatlara baş goşdum-ow. Emma telewizorsyzlygyň azary meni gysyp-gowrup barýardy. Çapalanyp ýörşüme halys çydaman, ömrümde birinji gezek çilim çekjek boldum. Çilim tapmadym. Magazinler bolsa bireýýäm ýapylypdyr. Gidip, goňşymdan nas diledim. Ol: «Iň soňky atym nas galan ekeni» diýdi. «Şony paýlaşaly» diýip ýalbardym. Goňşym aýtdy: « Ine, agzymda» diýdi. Agzyny pakgartdy. Gaharyma tas owurduna ýelmäpdim. Lapykeç halda öýe geldim. Görsem, gije sagat on ikiden işleýär. Başga güýmenje tapman, kitap okamaga oturdym. Derrew ýassyk ýaly bir romanyň aňyrsyna çykdym. Soňra ýatan çagalarymy synlamaga başladym. Öýümizdäkileriň menden başgasy süýji ukudady. Ýogsam olaryň meniň bu hereketlerimden gorkaýmaklary gaty mümkindi. Çagalarymy üç sapar sanadym. Görsem, birki sanysy kem ýaly. Ýüregime dowul düşdi. «Bäh, bular nirä ýitirim bolup gitdilerkä?! Ý-da bolmasa ýaban ýatyşyp ýörmükäler?!» diýip içimi gepletdim. Derrewem sandygy açyp, çagalarymyň dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny tapyp alyp, olary sanap gördüm. Dogrudanam, çagalarymyň ikisi kem. Meni howsala gaplap aldy. Gan basyşym 200-den geçdi öýdýän. Näme alyp, näme goýýanymy bilemokdym. Eger häzir wraç meniň gan basyşymy ölçese, ojagaz rezin top ýalyjak zatlary sabyn köpürjigi ýaly dargap giderdi. Janhowluma oglanlaryň enesini oýarmakçy boldum. Öz nikaly aýalymy tanamok. Şu güne çenli onuň ýüzüne dikanlap seredip görmändirin. Aýalymy tanaman, oýaryp bilmän, sazanaklap durdum. Öýlenenim ýadyma-ha düşýär. Sebäbi heniz telewizor diýlen keýpli güýmenje heniz rowaç bolmanka öýlenipdim. «Be, allajanlarym, aýalym diýip, bu güberilip ýatan zenany oýarsam, olam myhman bolup çykaýsa» diýip pikir etdim. Sandykdan pasportyny tapdym. Suratyny görüm. Propiskasyna seretdim. ZAGS-yň nika baradaky belligini okadym. ― Hany çagalaryň ikisi? ― Wiý, kakasy, saňa näme boldy? Oglumyz-a goşun gullugynda. Geçen tomus rusgada gelip gitdi ahyry. Gyzymyz bolsa bäş ýyl mundan öň durmuşa çykyp gidipdi. Sen şol telewizora göwün berip, gije-gündiz gümra bolup oturşyňa dünýäden bihabar. Goşun gullugyna giden ogluma oturyp birnäçe hat ýazdym. Daň bolsa heniz atarly däldi. Ukym bolsa tutanok. Çagalarymyň gündeliklerine gol çekdim. Öý işlerini işlemäge oturdym. Bäş uludyr dörtden. Sekiz kiçidir ondan. A we B nokatlardan bir wagtyň özünde iki sany welosipedçi biri-birine tarap ugrady. Olar W nokatda duşuşmaly. Ikisiniňem tizligi deň: sagatda 25 km. Emma A nokatdan ugran welosipedçiniň ýel döşünden. B nokatdan ugran welosipedçiniň bolsa ýel ýeňsesinden, has takygy ýagyrnysyndan itýär. A nokatdan ugran welosipedçiniň döşüniň meýdany 0,83 kwm, B nokatdan ugran welosipedçiniň ýagyrnysy bolsa 0,19 kwm kiçi. Ýeliň tizligi sekuntda 7 m. Deňleme düzdüm-de, ýaňky meseläni derrew işledim. Başlangyç klasda okaýan oglumyň portfeline salyp goýdum. Daň atdy. Syrkaw garrymyzy soramaga gitdim. Gaýdyşyn bir owadan ymaratyň ýanyndan geçdim. Depesinde «HHGS» diýen harplar bar. Içine girip görsem, ol-a sergi ekeni. «Haçan guruldy» diýsem, 3-4 ýyl boldy diýdiler. Gaýdyşyn kino gördüm. Bile okan kursdaşlarymdan ikisine duşdum. Öýe gelip, saraýymyzy arassaladym, içen çüýşelerimi dükana tabşyrdym. ― Telewizory bejerdýänçäň göreniň-göreniňdir. Sirki hem görüp gel ― diýip aýalym aýtdy. Köp zatlar gördüm, köp işler bitirdim. Esasy zat: ol hem, ynha siziň bilen bir salym pikir alyşdym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |