17:29 Berdi Kerbabaýew | |
BERDI KERBABAEW (1894-1974)
Taryhy makalalar
Uly söz ussady Berdi Myradowiç Kerbabaýewiň ömür ýoly çylşyrymly bolupdyr. B.Kerbabaýew bu hakda öz terjimehalynda şeýle ýazypdyr: «Meniň atam Kerbaba Öwez ogly Tejen raýonynda doguldy we şol ýerde ýaşady. Onuň 6 sany ogly we bir gyzy bolupdyr. Ol ýer işinden oňat baş çykarýan tejribeli daýhan hasaplanylypdyr. Suwaryş kanallaryny çekmekden, aýawly saklamakdan, suwaryş işinden oňat baş çykarypdyr. Şonuň üçin gatla döwlen mahalynda, obadaşlary, gidrotehnikler onuňýanyna maslahat almaga seýrek gelmändirler. Emma muňa garamazdan, ýadyma düşüşine görä, ol mydama ýylyň-ýylyna bergili bolup galypdyr. Haçanda, biz, onuň ogullary ýetişip, hojalygyna kömekleşip başlanymyzda, atamyň işleri erbet gitmedi. Ol bergiden çykyp, öz hojalygyny dikeldip başlady. 1915-1926-njy ýyllardaky bol hasyldan soň, ol 300-e golaýgoýun edinip, ony kiçi inimiz Hana bakmaga berdi. Emma 1917-nji ýylda bolan açlykda süri gyrlypdyr. 1918-1919-njy ýyllardaky hasyldan soň, ol hojalygyny ýene dikeldip, ozalky goýunlarynyň sanyna barabar mal edindi. Ýöne welin iki-üç ýyldan soň, ol ýene dowarsyz galdy. Men ýer-suw reformasynyň ilkinji günlerinde atamyň suwdan kesilendigini eşitdim, emma atamyň suw paýyny derrewem beripdirler. Atam baý-kulak hasaplanylmady, hukukdanam kesilmedi. Ol hemişe obada ýaşady, soňky döwürde maýyp pensioner boldy. Ogullaryndan Durdymyrat we Çaryguly sowhozda işlediler, Kerimguly Çapaýew adyndaky kolhozda zähmet çekdi, iň kiçi ogly Aşgabatda okady. 1937-nji ýylyň 2-nji ýarymynda atam we iki doganym Durdymyrat hem Kerimguly tussag edildiler». B.Kerbabaýew soňra şeýle ýazýar: «Ýokarda görkezen maglumatlarym boýunça, meniň hasaplaýşyma görä, atam daýhan, onda-da orta daýhan bolupdy. Tä 1937-nji ýyla çenli oňa bolan garaýşymda hiç hili repressiýa bolmandy. Mende gelip çykyşymy gizlemek ýaly niýet bolmandy. Meniňýalňyşym, görnüşi ýaly, şularyň terjimehalymda doly görkezilmänligidir. Men 1917-nji ýyla çenli oba mekdebinde hem-de Tejendäki, Kakadaky, Gökdepedäki medreselerde okadym.1915-1916-njy ýyllarda Buharadaky medresede din ugrundan hem-de arap, pars dillerinden sowat öwretdiler. 1917-nji ýylda meniň anyk kärim bolmansoň, bellibir işiň başyny tutmandym. Şol wagt Tejende bolup, käwagt oba, beýleki şäherlere gidýärdim, açlyk ýyly bolansoň, maşgalamyzyň eklenmegi üçin ownuk söwdajyklar bilen meşgullanýardym». Ýazyjynyň terjimehalynda ýazyşy ýaly, 1918-nji ýylyň ikinji ýarymynda, beýleki türkmen adamlary bilen birlikde, B.Kerbabaýew hem Eziz han tarapyndan çagyrylyp, onuň otrýadyüçin azyklyk (däne, mal) tapmakda peýdalanylypdyr. Ol Eziz hanyň otrýadynda 1919-njy ýylyň fewral-mart aýlaryna çenli bolýar. «Men terjimehalymda 1922-1923-nji ýyllarda daýhançylyk hem-de azda-kände söwda bilen meşgullanandygymy ýazypdym - diyip, B.Kerbabaýew ýazýar. - Şeýle-de ýene-de aýdyňlyk girizesim gelýär. Biz birnäçe adam bolup ýygnanyşyp, Tejen şäherinde dükan açyp, mata, çaý, azda-kände azyk önümlerini satdyk. Söwdamyz üstünlik alyp ugrady, biz gowaça ösdürip ýetişdirip, şondan gazanç etmegi yüregimize düwdük. Şonuň üçinem biz pagtaçylyk trestinden ýer hem suw beriji desgany kärendesine aldyk. Emma serışdäniňýetmezçıiıgı sebäpli, suw beriji desgany peýdalanyp-da, hasyl alyp-da bilmedik. Biz düýbünden tozup, kompaniýamyzy doly ýapmaly bolduk...” Ýazyjynyň öz ýazan terjimehalyndan mysal getirmegimiz, gürrüňini edýän şahsyýetimiziň ömrüniň irki döwrüniň hem niçik galagoply bolandygyny, ýazyjynyň nähili döwürlerde ýaşamaly bolandygyny göz öňüne getirmek üçindir. * * * Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda Berdi Kerbabaýewiň edebiýata gelşi dogrusynda, onuň döredijiligi dogrusynda köp sanly ylmy işler ýazyldy. Biz ol işleri hetjikläp oturman , söz ussadynyň geçen asyryň ýigriminji we otuzynjy ýyllarynda edebiýat ylmy dogrusynda bitiren işlerine nazar aýlamagy maksat edindik. Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň ortalarynda Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň döredilmegi bilen nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerini toplamak we olary ile ýetirmek hakda birtopar işler amala aşyrylyp başlanýar. Munda jemgyýetiň ilkinji ýolbaşçysy Bekgi Berdiýewiň aýratyn tagallalaryny agzamagymyz gerek. Her nähili gynançly bolsa-da, Bekgi Berdiýew we otuza golaý adam “Türkmen azatlygy” kontrewolýusion guramasyna gatnaşdy bahanasy bilen türmä basylypdyr.Şolaryň arasynda Berdi Kerbabaýew bilen Garaja Burunow hem bar. 1926-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň kitap bolup neşir edilmegi Türkmenistanyň medeni durmuşynda görlüp-eşidilmedik wakalaryň biri bolýar. Kitaba sözbaşy ýazanyň Abdylhekim Gulmuhammedowdygyny hem aýtmalydyrys. Bu zehinli edebiýatçy alym hem “Türkmen azatlygynyň” pidasy bolupdy. B.Kerbabaýew tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ilkinji gezek goşgular ýygyndysy çapa taýýarlanylyp, ol türkmen dilinde köpçülige ýaýradylýar. Kitabyň neşir edilmegi bilen Kerbabaýewiň adyna garşylykly pikirler aýdylyp başlanýar. Şu günki günüň nazary bilen seredenimizde, bu ýagdaý gülki emele getirýär. Edebiýatçy alym Bäşim Şamyradow “Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty” atly monografiýasynda Magtymgulynyň kitaby bilen bagly bolgusyz gürrüňleri aýyl-saýyl edipdir. Özüni diniň diregi hasaplan herrikgalaly Jelaleddin diýen bir dini wekili “Bolmadyk işe ýanýan” diýip “şygyr” bilen “Tokmak” žurnalynda çykyş edipdir. Jelaleddin Magtymgulynyň eserleriniň neşir edilip, halka ýaýradylmagyndan Hudaýdan hem beter gorkýar. Munuň sebäbi-de düşnükli. Magtymguly Jelaleddin ýaly ýalançy kezzaplary öz eserlerinde rehimsiz paş edipdir. Şonuň üçin Magtymgulynyň eserleriniň çykarylmagyna Jelaleddin özüni ýakýan, “bolmadyk iş” diýip baha berýär. Eýsem, ol klassyk şahyryň ýygyndysynyň çykmagyny oňlamazlydygyny näme bilen delillendirýär? Sebäbi ýygyndyny çapa taýýarlan (B.Kerbabaýew—A.Ç.) “kitaby bismillasyz” başlapdyr. Pygamberiň “sagullasyny”goýmandyr. Bismilla ýazylman kitap çykansoň, Gije-gündiz ýaka tutup, toba edýän... Turuwbaşdan şeýle uly günäler ýüklenýän düzüjini soňra “Alla” sözüni “h-syz” (Allah), Muhammet Mustapany aýry ýazany üçin kötekleýär. “Şeýtan ýoluny tutup, harplary üýtgedeni” üçin ýazgarýar. “Günä bir iş edip, jähennemde” özüni oda salýandygy bilen, “müňkür-nekiriň gürzüsi hyýanatyň azaby” bilen howp salýar. Jelaleddiniň goşgusyna jogap edip, B.Kerbabaýew hem “Tokmak” žurnalynda çykyş edipdir. Gurbanyň bolaýyn hezreti Jelal, Bir hata eýledim, bagyşla günäm! Ýazylyp geç, göwne getirmän melal, Dyz çöküp ýalbarýan, bagyşla günäm!.. Bu kinaýaly goşgy “Tokmak” žurnalynyň 1927-nji ýyldaky 20-21-nji sanlarynda çap edilipdir. Bäşim Şamyradowyň geçen asyryň ýigriminji ýyllaryndaky edebiýatymyzyň ýagdaýyny dürli röwüşde görkezýän ylmy gözlegleriniň belli bahasy ýokdur. Alym Magtymgulynyň kitaby bilen bagly käbir dindarlaryň kitabyň çykmagyna garşy çykyşlarynyň anyk mysalynda getirilmegi hem bize düýbünden häzir başga bir döwürde ýaşaýan nesle düşnükli bolsa gerek. Baý bolsun, garyp bolsun, ýa-da basmaçy diýilýäni bolsun, azda-kemde sowady bolan adamlaryň-a gürrüňem ýok, Magtymgulynyň halk içinde deň-derejede söýlüp okalandygyny, söýlüp diňlenendigini inkär etmek bolmaz. Muny biz birje mysal bilenem, XIX asyrda Orta Aziýa syýahat edip giden adamyň-wenger alymy A.Wamberiniň bir türkmen toýunda mähelläniň şahyryň goşgularynyň nähili diňlenenini suratlandyran wakasy bilenem subut edip bolardy. Magtymguly “hemme zady aýdyp geçipdir!” diýen berk düşünjä eýeren türkmen halky ony diňe bir şahyr hökmünde-de däl-de, şahyrdanam keremli bir şahsyýet hökmünde öz aňlaryna girizipdirler. Şol sebäpdenem şahyryň goşgularynyň jezit hatynda çap edilmegi, onuň ýygyndysynyň “bismilla” sözi bilen başlanmazlygy hem din adamlarynyň gaharyny getirendigi bilen düşündirilen bolsa, has göwnejaý bolardy.Ýöne olar muňa başga hili düşünibem biljek däldir. Sebäbi olaryň okap, öwrenen kitaplarynyň ählijesi şu terzde ýazylandy. Kitaby neşir eden adamlaryňam, goşgulary bir ýere jemlän adamyňam gürrüňi edilýän dindarlaryň isleg-arzuwlaryny amal edip bilmejekdiklerini özleri hem düşünmeýärdiler. Çünki “Alla”, “bismilla” ýaly sözleriň aýdylmagyna garşy göreşilýän döwürde, “Hudaýsyzlar toparynyň” tarapdarlarynyň köpeldilmegi üçin syýasat ýöredýän jemgyýetde Jelaleddiniň we onuň pikirdeşleriniň metbugat sahypalarynda çykyş etmekleri kelläňi çapgy ýassygynda goýmak bilen barabardy. Bu, elbetde, şeýle-de bolupdy. Soňam, ýigriminji ýyllarda-da ruhanylar, işan-mollalar, kazy-kelamlar, ýa baýlar... Magtymgulyny ikä bölmändirler. Bölenler başgalar. Olar täze hökümetiň syýasatyna duwlanyp, Magtymgulyny burjuaz söwdaçylaryň şahyryna öwrüpdirler. Bu düşünje hatda otuzynjy ýyllaryň ortalaryna çenli dowam edipdir. Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyna sözbaşy ýazan Abdylhekim Gulmuhammedowdy. Gulmuhammedowyň terjimehaly bilen tanyş bolsaň, onuň sowadynyň ýetikdigine, onuň öz sowadyny dini hem dünýewi mekdeplerde alandygyna göz ýetirýäris. Onuň Türkiýede okanlygy hakda žurnalist A.Soltanow şeýle habar berýär: "1910-njy ýylda Hojamberdi Magtym ýaş türkmen oglanlary Orazmyrat Şamyradowy, Sadyk Orazowy hem-de ogullary Sytdyhy we Abdyllany Türkiýäniň Konstantinopol (häzrki Stambul) şäherine okuwa alyp gidipdir. Şol döwürlerde Buhara medresesiniň müderrisleri Muhammet Geldiýew Ufa şäherine, Orazmämmet Wepaýew, Abdylhekim Gulmuhammedow Türkiýä okuwa gidipdirler... Abdylla Hojamberdiýew saglyk ýagdaýy zerarly Konstantinopolda uzak okamandyr.Sytdyh Türkiýeden 1912-nji ýylda, Orazmyrat Şamyradow 1924-nji ýylda, Orazmämmet Wepaýew 1918-nji ýylda, Abdylhekim Gulmuhammedow 1917-nji ýylda dolanyp gelipdi....“ 1926-njy ýylyň noýabrynda “Türkmenistan” gazetinde ady näbelli bir awtor Seýdi hakyndaky öňe süren pikirlerini has çuňlaşdyryp, ony aç-açan hut Magtymgulynyň garşysyna goýupdyr. “Seýdi kimin hakykatparaz, hurufat, nowhunatdan mümkingadar çäre çykan bir şahyry Magtymguly ýaly fanatik bir goşguça meslekdeş etmek, “ideologiýalary bir” diýilmegiň özi ullakan taryhy hakykatyň üstüne perde çekmekden başga zat däldir”. Ýeri gelende aýtsak, B.Kerbabaýew Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny çap etdirip, köpçülige ýaýradandan soň, garşysyna edilen hüjümlerden çekinmändir. Ol edilen tankytlara we klassyk edebiýaty inkär edýän makalalaryň yzly-yzyna çykarylýandygyna garamazdan, 1929-njy ýylda Keminäniň goşgularyny hem “Okyjylarymyzy geçmiş şahyrlarynyň edebiýatlary bilen tanyşdyrýarys” diýen rubrikanyň aşagynda ýerleşdirip, çap edýär. Edebiýatçy alym Baýmuhammet Garryýew B.Kerbabaýewiň çapa taýýarlan “Magtymgulysynyň” goşgulary dogrusynda "Magtymguly we onuň watançylygy“ (1943) atly kitabynda şeýle ýazdy: „...1926-njy ýylda Aşgabatda “Magtymguly goşgulary jezit harpy bilen çap bolup çykdy. Bu diwany çapa taýýarlan ýazyjy B.Kerbabaýewdir. Diwanyň oňaýly tarapy onuň mundan ozalky Rossiýada, ýa çet ýurtlarda öňde-- soň-da diwanlaryň iňulusy bolup, üç ýüze çenli goşgyny öz içine almagydyr. Şeýle-de bolsa, Magtymgulyň bu neşiriniň ençeme kemçilikleri-de bar. Ol kemçilikleriň iriräkleri şulardyr: 1. B.Kerbabaýewiň bu diwany çapa taýýarlanda, esasan, üç sany elýazmanyň üstünde, onda-da howul-hars işläni üçin, diwana giren goşgular oňat seljerilip başga tekstler bilen tutuşdyrylmandyr. Diwanyň sözbaşynda hem bu ýagdaý görkezilip, “Bu çykaryşda gyssag arasy bilen ýagşy seljeriş ýasamadygyny okyjylara duýdurýarys” diýilýär. Ine, şol sebäpli kitapda Şabendäniň “Gözelim” atly meşhur eserini Magtymgulynyň aýagyna ýazmak ýaly ýalňyşlar goýberipdir. Umuman diwan kritiki neşir däldir. 2. Magtymgulynyň bu diwany ne bir degerli sözbaşy bilen, ne-de giň kommentariler bilen üpjün edilipdir. Şonuň üçin hem, Magtymgulynyň bu uly diwanyny okan okyjy beýik şahyryň özi, başdan geçiren durmuşy, onuň edebi usullary hakynda, diwanda ýerleşdirilen eserlerine nähili baha bermek, nähili düşünmek hakynda (mysal, dini, ahlaky, watançylyk, yşky goşgulary, onuň düýş görmek, göçme manyda aýtmak ýaly usullary hakynda) hiç bir maglumat, hiç bir düşündiriş almaýar. 3. Galyberse-de, diwanyň imla tarapy düýbünden işlenilmändir. Ýazyjy B.Kerbabaýewiň “Bu kitap hakynda ozaly bilen öz ýalňyşymy görkezmegim gerek... Magtymgulyny kä nusgalar bilen deňeşdirip barlamak mümkin bolmady...Meniň ol wagtda ylmym we tejribäm az bolmagyna görä, asyl nusgasyny saýlap alyşda we Magtymgulynyň goşgularyny başgalardan saýgaryşda kän kemçiliklerim boldy diýip, resmi suratda boýun almagyna görä, türkmenler arasynda giň ýaýran bu diwanyň özge defektleriniň üstünde durup geçmese-de bolar.” Şu mesele dogrusynda B.Kerbabaýew 1940-njy ýylyň 21-nji dekabryndaky “Туркменская искра” gazetinde “Magtymguly we onuň döredijiligine garaýyşlar” atly makala bilen çykyş edipdir. Berdi Kerbabaýew «Söz hem obraz» (edebiýat teoriýasyndan) atlymakalasynda ýazyjynyň diliniň baýlygy, her bir zady töwerekleýin alyşy, diliniň çakganlygy, süýjüligionuň ussatlygy bilen baglydygy hakda aýdyp, ýazyjy öz töweregini gaplap alan zatlara gowy göz ýetirse, oňat bilse, tebigat hakynda, adamlar hakynda, hakykat babatynda aýratynlyk bilen galam ýöredip biljekdigini ýazýar. Ol özmakalasynda ýazyjynyň öz diline eserdeňlik bilen çemeleşmelidigi dogrusynda pikir ýöredipdir. Şeýle hem ol Magtymgulynyň «Näme sen?» goşgusyndan mysal getirýär. Awtor şeýle ýazýar: «Eger ýazyjy öz materialyny birkemsiz bilip, onuň üstünde janygyp işlese, ol eser ýagşy çykýar, hyrydary köp bolýar. Asyrlar boýunça ýaşaýar, gymmatyny ýitirmeýär. Emma ýazyjy öz materialyny degerli gadar bilmese, ýa geleňsiz işlese, onda ol eser ilki dörände-de özüne gerekli hyrydar gazanyp bilmeýär. Bugün dörese, ertir «ölüp» gidýär. Klassyk ýazyjylar öz dilleriniň üstünde kän işläpdirler». Bizi başga bir zat gyzyklandyrdy. Awtor söz we obrazyň nusgalygy hökmünde Magtymgulynyň «Nämesen?» goşgusynygtalýar. Ýaňy, ýörjen-ýörjen bolup ugran edebiýatymyzyň şol döwürdäki öňe saýlanan ýazyjylarynyň biri bolan Berdi Kerbabaýewiň ady agzalan ýaňky makalasynda edebiýat teoriýasyna degişli söz hakda, obraz hakda pikir ýöredişi gyzyklydyr. Bular hakda onuň nähili pikir ýöredişini bilmek üçin makaladan uzyn hem bolsa, bir bölek sitata almagy makul bildik: «Şygry diliň aýratyn hususyýeti näme bilen aýgyt edilýär, edebi dil nähili funksiýa eýelik edýär? Elbetde, buzatlaryň özi çeper edebiýatyň obrazlylygyna, şekiline, suratlandyrylyşyna garap bellenýär. Ýazyjy yzly-yzlyna suňuşyk obraz döredýär. Ol şolobrazlardaky bütin özbaşdak baýlyklary hakykatyň durmuşdaky tutýan ornuny saklamaga ymtylýar. Ýazyjy durmuşdan alan hakykatlarynyň her haýsyny obrazlara toplaýar. Şol obrazlar üsti bilen bolsa, görkezjek bolýan durmuşynyň suratyny çekýär. Bu ýerde ýazyjynyň döredijiligi üçin diliň bütin ähmiýetleri orta çykýar. Ýazyjy bu aýratyn ýagdaýlaryň hem haýsysyny yşaratlary, şol wakadaky bolan zatlary we olaryň ottenkalaryny (şöhlelerini) diňedilkömegi bilenbellän wagtynda obraz döredip bilýär. Hakykatlary özbaşdaklaşdyrmakda obraz döredýän wagtynda, söz şonuň üçin bir ýarag – deregini tutýar. Çeper edebiýatda söz obrazyny düzmek üçin, diliň zerurlygy gelip çykýar. Ýazyjy şoldile, söze ökdebolmasa, onda ol döredijiligiň ýokary derejesine ýetip bilmez». Ýazyjy-şahyrlaryň her bir söze örän aýawly çemeleşmelidigini, diliň tilsimlerinden peýdalanmagy başaryp bilýän adamlar bolmalydygyny nygtaýar. Obrazyň ýok ýerinde edebiýatyň hem ýokdugyny tekrarlap geçýär. B.Kerbabaýewiň “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1946-njy ýyldaky 5-nji sanynyň rus bölüminde “Наша литература в годы войны” at bilen makalasy çap edilýär. Bu makalada uruş döwrüniň poeziýasy, prozasy, dramaturgiýasy, edebi tankydy giňden seljerilýär. B.Kerbabaýew aýry-aýry eserler hakda degerli tankydy bellikler edýär. A.Gowşudowyň “Mähri-Wepa” romanynyň oba durmuşyny suratlandyranda şowly çykandygyny, emma eseriň uruş epizodlaryna bagyşlanan ýerleriniň ýüzleý, hakykata laýyk däldigini ýerlikli belleýär. B.Soltannyýazowyň “Kerim Dos” powestiniň gowşak çykandygy, eserde gahrymanyň häsiýetleriniň onuň janly hereketlerinde tebigy formada aýdyňlaşmandygy, gahrymanyň adamçylyk sypatlarynyň awtoryň öz sözleri bilen aýdylýandygy anyk deliller bilen görkezilýär. B.Kerbabaýew dramaturgiýa hakynda gürrüň edende, komediýa žanryna üns berilmeýändigi, H.Şükürowyň “Horezm” atly pýesasynyň ideýa taýdan yrgadygy hakda ýörite durup geçýär. Makalada edebi mirasymyz hakda giňden söz açylýar. B.Kerbabaýew geçmiş edebiýatymyz öwrenilende we neşir edilende oňa tankydy göz bilen garalmaýandygyny, köne edebiýatymyzyň ähli eserleriniň uçdantutma klassyk eserler hasaplanýandygyny, hatda “Hojamberdi han” poemasy ýaly ideýa taýdan durnuksyz eseriň-de klassyk eser hökmünde okyjylara hödürlenendigini tankytlaýar. Türkmen edebiýatynyň mysalynda dünýä derejesinde gürrüň edilende Berdi Kerbabaýewiň ady M.Şolohow, A.Korneýçuk, M.Rylskiý, A.Unit, M.Auezow, S.Aýni, M.Ibragimow... ýaly onlarça söz ussatlarynyň ady bilen deň tutuldy. Çünki Berdi Kerbabaýewiň çuň mazmunly, adamkärçilikli, durmuşy söýüjiligi öwredişi, geljege okgunly döredijiligi tutuşlygy bilen onuň şahsy häsiýetine – durmuş söýüjilik, irmez-armaz, kuwwaty egsilmez ýaş ýüreklilik, biziň joşgunly durmuşymyzdan täzäni ýadawsyz gözleýjilik häsiýetine öwrülipdi.Berdi Kerbabaýew – türkmen halkynyň ruhy taýdan ägirt uly ösüşiniň aýgytly ädimi boldy. Elbetde, Berdi aga hakda dünýäniň parasatly adamlarynyň aýdan zatlary bir ýa iki däl. Onuň egsilmez zehinine, belent adamkärçiligine çuňňur sarpa goýulýardy.Berdi Kerbabaýewiň «Aýsoltan» powesti dünýäniň 30 dilinden gowragyna, «Aýgytly ädim» romany bolsa 20-ä golaý dile terjime edilip, dünýä ýüzüne ýaýrady. Biz şu ýazgymyzda onuň döredijiligi hakda, ussatlygy hakda, ýa bolmasa, onuň derejeleri hakda däl-de, onuň geçen uzak ömür ýoly hakda birki agyz aýtmakçy. Bu ýol örän-örän güzaply bolupdy. Üç gezek türmede oturyp, şan-şöhratynyň ýetjek derejesine ýetip ýören wagtlary hem dürli ýanalmalara sezewar edilen, tutuş ellinji ýyllar Berdi aganyň niçik sabyr-takatly, çydamly, kanagatly, kynçylyklaryň öňünde ýaýaplaman ýaşandygyna göz ýetirýäris. 1974-nji ýylda bolsa Berdi aganyň ýaş toýy mynasybetli gazet makalasyny ýazan professor Mäti Kösäýewiň soňky ömrüniň nähili pajygaly bolandygyny bilmeýän ýokdur. Professoryň «Turan aksakaly» at beren Berdi Kerbabaýewi bolsa töhmet labyry atylan öz dostuna hemaýatyny ýetirip bilmän amanadyny tabşyrypdy. Türkmeniň adyny arşa göteren Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyny hem belläp bilmändigimiz ýadyňa düşende ýüregiň gyýylyp gidýär. Indi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öz tagallasy bilen öz ägirtlerimiz hakynda buýsanyp gürrüň etmäge, olara guwanmaga bize giň ýol açyldy. Dogrudanam, halkyň halan ogly türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýewiň ömrüniň çarkandakly ýoly hakynda gürrüň etmäge, ýazmaga zat az däl. Ine-de, Berdi Kerbabaýewiň öýüni (şol wagt Berdi aga Garagum köçesiniň 3-nji jaýynda ýaşaýan eken) dökmek hem-de ony tussag etmek üçin 1932-nji ýylyň 18-nji martynda GPU-nyň işgäri Çudakowa (siňe seretseň Gudakow şekilde ýaly hem –A.Ç.) berlen 7-nji belgili order, öýi dökülende haýsy zatlaryň alnandygy, kimiň şaýat hökmünde bolandygy hakdaky dokument biziň elimizde. Tussag edilen Berdi Kerbabaýewe 1932-nji ýylyň 5-nji dekabrynda sorag edilendäki protokola ser salalyň! Şonda biz onuň nähili betpygyllara ýöňkelip türmä basylandygyna göz ýetireris! Berdi Kerbabaýewiň düşündirişinden: « – 54-nji maddanyň 2-nji bölümi we 54-nji maddanyň 4-nji bölümi boýunça men özümi günäkär saýamok we maňa ýöňkelýän punktlary inkär edýän. 1. Ne Türkmenistanda, ne-de başga ýerde men haýsydyr bir kontrewolýusiýa guramada durmadym. Türkmenistanda kontrewolýusion guramanyň sanyndan habarym ýok. Mundan öňki soraglarda men Türkmenistanda maňa belli aýry-aýry adamlaryň milletçilikli işleri barasynda giňişleýin görkezme beripdim. Tejendäki «Dokuzlyk» atly söwda kompaniýasynyň hiç hili syýasy iş bilen meşgullanmandygyny tassyklaýaryn. 2. Men özümiň türkmen ylmy-edebi jemgyýetine aktiw gatnaşandygymy tassyklamak bilen, onuň öz öňünde hiç bir hili kontrewolýosion maksat goýmandygyny aýdyp bilerin. Ýöne jemgyýetiň milletçilikli häsiýetden ugur alandygyny weli, boýun alýan. Olam jemgyýetiň agzalygyna adamlaryň sosial gelip çykyşyna garamazdan, kabul edilmegi sebäp boldy. Şonuň netijesinde-de jemgyýetiň hatarynda sosial ýat elementleriň köplügi emele geldi. Şeýle hem jemgyýet sosial ähmiýetini doly seljermän, köne türkmen şahyrlarynyň eserlerini ýygnap, olary neşir etdi. 3. Türkmen intelligensiýasynyň ýokarky gatlagynyň meniň gatnaşan söhbetdeşliklerim hakda ozal görkezme beripdim. Bularyň kontrewolýusion-milletçilikli agzalarynyň maslahaty bolandygyny inkär edýärin. 4. 1926-njy ýylda Bakuwda geçirilen türkologik gurultaýyndan gaýdyp gelen delegasiýalaryň azajyk toparyň öňünde doklad bilen çykyş edendigimi ýa-da azerbaýjanly we beýleki milletçiler bilen bolan gürrüňçilikler hakda aýdan zatlarym ýadyma düşenok. Magaryf işgärleriniň 1928-nji ýylyň başynda bolan gurultaýy döwründe men Leningradda okaýardym. 1930-njy ýylda Aşgabatda Türkmenkultuň ylmy konferensiýasy geçen wagtlarynda men onuň işine gatnaşdym, ýöne kontrewolýusion-milletçilikli häsiýetdäki gürrüňleriň hiç birisine-de gatnaşamok. 5. 1927-nji ýyla çenli döwürde («Tokmak», «Türkmenistan») meniň edebiýat işimde ideologiki ýalňyşlyklar boldy. Men olaryň köpüsini soň düzetdim, bular meniň gündelik işimde bolupdy. Edebiýat işimde men hiç bir kontrewolýusion – milletçilikli guramanyň hiç hili tabşyrygyny alamok we olary ýerine ýetiremok. 6. Antisowet wagzy, aýratynam ýaragly gozgalaň hakdaky wagzy hiç haçan alyp barmandym. 7. Men Tejende hiç hili jemgyýetdir guramany ne özbaşdak özüm ýa-da Burunow bilen döredemok. 8. Antisowet guramasy ýa-da antisowet maksatlar üçin hiç haçan hiç hili serişde ýygnamok. Ýöne bir gezek öz öňki mugallymym Kemal Nogaý üçin (tatar adamsy) zerur wagty 60-70 manat pul ýygnadym. Başga hiç hili görkezme berip biljek däl». Kontrewolýusion guramada duranlygy üçin aýyplanýan Berdi Kerbabaýew bilen Garaja Burunow 1934-nji ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň adyna özleriniň ýalňyşandyklaryny boýun alyp günäleriniň geçilmegini sorap hat ýazypdyrlar. Hat gazet-žurnallaryň hemmesinde çap edilipdir. Olaryň günäsi geçilse-de geçilýär welin, Garaja Burunow türmeden ömürlik maýyp bolup gelipdir. Ol tä ömrüniň soňky gününe çenli şol ýowuz otuz ikinji ýylyň jezasyny çekipdir. Ýeri gelende aýtsak, toslanyp tapylan kontrewolýusion gurama diýilýän «Türkmen azatlygy» guramasy bilen baglanyşykly şo wagt köp adam jenaýata çekilýär. Guramanyň ýolbaşçylarynyň biri hasap edilen Bekgi Berdiýew 1932-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda ele salynýar. B.Berdiýew 1897-nji ýylda Maryda, öz ýazyşyna görä, «gurply maşgalada doglupdyr». Guramanyň işine gatnaşandyklary üçin onuň özi, dogany Kakajan we kakalary Emir aga... garaz, 34 adam jenaýat işine çekilipdir. Şo sanda Berdi aga-da. Adamlar agyr horluklara döz gelip bilmän, etmedik zatlaryny etdim diýmäge mejbur edilipdir. Bekgi Berdiýew 1926-njy ýylyň başlarynda Bakuwda geçirilen türkologlaryň birinji gurultaýyna gatnaşan güýçli dilçidi. 1925–31-nji ýyllarda «Türkmenleriň taryhynyň oçerkleri», «Türkmençe-rusça sözlügi» ýaly işlerini ýazypdyr. Ol golýazmalar indi nirede?! Alla bilsin!Men ozal ýatdan çykarylmaly däl bu adamyň ömür ýoly, keç ykbaly hakynda öz wagtynda göwrümli makala ýazypdym. Haçanda ýazyjy Hydyr Derýaýew otuz ýedinji ýylyň oktýabrynda milletçi hökmünde ýygnalyp, ýigrimi ýyla dolaý sürgünlikde bolanda-da, onuň basylmagynyň bir sebäbi hem Bekgi Berdiýew bilen gatnaşykda bolmagydyr. Hawa, indi Berdi agaly gürrüňe dolanalyň! Berdi aga otuz ikinji ýylda tussag edilende sülçä düşündirişinde 1927-nji ýyla çenli döwürde, ýagny «Tokmak» žurnalynda, «Türkmenistan» gazetinde işlän döwründe özüniň edebiýat işinde ideologiki ýalňyşlyklaryň bolandygyny, soň olary düzedendigini ýazypdyr. Eýsem-de, onuň basylmagyna, buržuaz milletçi adyna eýe bolmagyna bahana bolan o delilnama nämeden ybaratdy. Bu barada ol edebiýatçy alym Bäşim Şamyradow bilen ömrüniň ahyrky ýyllarynda gürrüňdeş bolanda şeýle diýen ekeni: Berdi aga bilen Garaja Burunow obadan gelip, şäherde kireýine bir otagda bile ýaşaýan ekenler. Bir gün agşam işden soň dynç almak üçin şäheriň seýil bagyna çykyp, aýlanyp ýörkäler, serhoş bir adam bulara ýoknasyzyny sürtüp başlapdyr: «Häý, türkmenler, size gyz satýar diýýärler. Ine, pul. Hany, bize-de bir gyzyňyzy oklasaňyz-la. Men...» diýeninden ony şol ýerde ara alýarlar. Milisiýa saklaýar. Şo ýerde gezelenç edip ýören Gaýgysyz Atabaýew ýazyjylary tanap, olary köşeşdiripdir. «Siz türkmenlere gyz satýar diýýärsiňiz weli, özüňiz her gijede satýaňyz» – bu «goşgy setirleri» edil şol günüň ertesi «Türkmenistan» gazetiniň birnäçe sanynda gazetiň adynyň hem ýokarsynda ýerleşdirilip, çap edilýär. Wagtyň geçmegi bilen bolsa bu setirler olary «buržuaz – milletçilikde» aýyplamagyň bir delili bolup, derňew organlarynyň eline düşýär. Berdi aganyň öz gürrüňlerinden çen tutanyňda, onuň bir wagtlar ýazan bu goşgusyndaky liriki gahrymanynyň dilinden aýdylan «şerabyň gyzylyny ýok etsen-äý, agyndan getir» diýen ýaly setirlerden hem soň-soňlaram, ters many çykarjak bolup «azara galypdyrlar». Berdi Kerbabaýew edebiýatçy alym Bäşim Şamyradowa beren gürrüňinde: «Meniň pederlerim barada alty adam ýarym-ýalta, ýalan-ýaşyryk maglumat beripdir. Ýöne men onda köp zady inkär etdim. Soň Daşkende iberdiler. O ýerde görkezen görgülerimi Hudaý ynsan balasyna görkezmesin. Şonda-da men köp zady boýun almadym...» diýipdir. Bäşim Şamyradow «Men onuň beren gürrüňleriniň ýazgylarynyň esasy bölegini XX asyr ahyr bolýança ile ýaýmajakdygyma bu uly ýazyjynyň öňünde ant içenim üçin, şol ýyllaryň edebiýatçylaryna bu aýry-aýry şahslara degişli gaty gyzykly zady aýtmakdan saklanýan» diýipdi. Arman, ussat edebiýatçy alymyň özi-de indi aýatda däl. Bäşim Şamyradowa Berdi aganyň beren gyzykly maglumatlary ýitip gitmezd-ä hernä! Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |