17:45 Berdi Kerbabaýew / dowamy | |
Otuzynjy ýyllaryň başynda «buržuaz-milletçi» möhüri ýelmenen Berdi aga otuz ýedinji ýylda ýene-de «halk duşmany» hökmünde tussag edilipdir. Öz öýleriniň dökülişi barada maňa 1997-nji ýylda Berdi aganyň uly ogly, şo wagt ýetmiş ýedi ýaşly, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Baky aga bilen söhbetdeş bolanymda gürrüň beripdi: – 1937-nji ýylyň, ýalňyşmasam, iýun aýydy. Biz şo wagtky Garagum köçesinde ýaşaýardyk. Ýaşulyny gijäniň içinde äkitdiler. Kakam gitmänkä: «Aýgytly ädimiň» golýazmalaryny saklajak boluň» diýip berk tabşyrypdy. Bizem ertir ir bilen golýazmalary we ýene-de birki sany kitaby hala doladyk-da, howluda çukur gazyp, şoňa gömdük. Biz onuň golýazmasyny şeýdip sakladyk.
Taryhy makalalar
Ol Arhangelsk oblastynyň Karganol diýen ýerinde bolupdyr. «Pul iberiň!» diýip ýazypdyr. Biz hem tokga gandyň uluragyny alyp, pyçak bilen gowja deşip, içine puly togalap salyp, soň gyrasyny ýelmäp, çyranyň ýagtysynda seredip, görünmez ýaly edip, pul iberdik. Özi biler ýaly hatda «Gandyň ulusy ýaman süýjüdir» diýip ýazdyk. Ýaşuly bilipdir. «Aýdyşyňyz ýaly, gandyň uluragy süýji eken. Eger ugruny tapsaňyz, şeýdip süýjüň uluragyny iberiň» diýip, bize jogap berdi... 1939-njy ýylyň 1-nji dekabrynda türmeden boşap gelip B.Kerbabaýew ýene-de bütin düýrmegi bilen döredijilik işine berlipdir. «Aýgytly ädimi» neşire taýýarlapdyr. Öňde bolsa jebir-jepasy birjigem kem däl görgüler ýatyrdy. Eger-de bu hakda azda-kände gürrüň edilmese, onda bu beýik adamyň şahsy edermenligine hiç wagt hem göz ýetirip bilmejekdigimiz hakdyr. Wakalar şeýledi. Berdi aga klassyk şahyr Keminäniň ýubileýini geçirmeklige işjeň gatnaşypdyr (hatda oňa bu işi üçin baýrak hem berlipdir – A.Ç.). Muňa käbir ýazyjylar görübilmezçilik hem edipdir. Ýazyjylaryň ikinji gurultaýyna guramaçylyk işiniň gowşakdygyny aýdyp «Туркменская искра» gazetinde tankydy makala ýazypdyr. Muňa-da nägilelik bildirenler tapylypdyr. «Dostlar» atly çagalar edebiýatynyň ýygyndysyny taýýarlapdyr. Çagalar üçin iki sanygoşgular kitabyny neşir etdiripdir, mekdep ýaşly çagalar üçin «Üç nesil» atly poemasyny ýazyp gutarypdyr. Türkmen teatry üçin bir pýesany gutaryp, başga pýesalar ýazmaga girişipdir. Saz teatry üçin libretto ýazmagyny dowam etdirip, Ýanka Kupaladan, Nowaýydan terjimeler edipdir. Garaz, ýazyjy elini gowşuryp oturmandyr. Bu-da birnäçelerde bahylçylyk duýgusyny has-da gyzdyran bolmaly. Könäni çöşlemek maksady bilenem däl-de, şo döwrüň edebi prosesiniň ýagdaýyna azda-kände göz ýetirmek maksady bilen şu aşakdaky ýazgyny mysal getirmegi göwnemakul bildik. Ýaşuly alym Mämmetdurdy Annagurdow «Çeper eserler nähili döreýär» atly kitabynda B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» kitabynyň ýazyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyşy hakynda ýazýar. Şeýle ýygnak 1940-njy ýylyň 5-nji we 10-njy noýabrynda geçirilipdir. Ine, şol maslahatyň gysgaça görnüşi şeýleräk: Ata NYÝAZOW: “Aýgytly ädim” kitaby taryhy roman däl. Oňa durmuş powesti diýilse, has dogry bolardy, çünki awtor taryhy 1916-njy ýyly beýan etmäge synanyşyp, gozgalaňyň wakalaryny umumylaşdyryp bilmändir, hatda umumylaşdyrmaga synanyşmandyram... Kitap çeperçilik tapdan örän emelsiz ýazylypdyr. Onuň sýužeti gowşak, kitabyň personažlary işlenilmändir, köp baplary gereksiz we ýürege düşgünç...”. Beki SEÝTÄKOW: “Kerbabaýewiň romany 16-njy ýylyň gozgalaňy hakynda dogry düşünje bermeýär... Men şu wagta çenli Eziz hany kellekesen, ganhor, sowet häkimiýetiniň ganym duşmany diýip düşünýärdim. Roman bolsa başgaça öwredýär... Tutuşlygyna roman partiýasyz bolup çykypdyr. Awtor öz halkynyň taryhyna marksistik-leninçilik ylmy nukdaýnazardan garamaga synanyşmadyk bolarly... Romanda hiç hili položitel pikir ýok.Romany okyja hödürlemeli däl ekeni we hödürlemeli däl”. Gurbanmyrat EÝEMBERDIÝEW: “Aýgytly ädim” patyşa samoderžawiýesine we baý-han agalygyna garşy halk gozgalaňyna töhmet atmakdan başga zat däl... 16-njy ýylyň rewolýusion gozgalaňy romanda talaňçylyk ýörişi ýaly görkezilipdir, ol ýörişi başyna giden galtamanlar şaýkasy amala aşyrýar... Roman ideýa we çeperçilik taýdan zyýanly”. Ýakup NASYRLY: “...Roman partiýalaýyn däl, syýasy taýdan durnuksyz. Şoňa görä-de sowet okyjysyna hödürlenip bilinmez”. Baýmuhammet GARRYÝEW: “Eziz han 16-njy ýylyň gozgalaňynyň hereketlendirijisi, merkezi figurasy edilip görkezilipdir... Awtoryň indiki kitapdaEzizi erbet şekilde görkezmek isleýärin diýmegi gülkünç zat...” Rehmet SEÝIDOW: “... “Aýgytly ädim” çeperçilik taýdan-da ynandyryjy däl. Tipler birmeňzeş we bir kysymly... “Aýgytly ädim” ady laýyk gelmeýär, munda hiç hili aýgytly ädim ýok”. Hajy YSMAÝYLOW: “... “Aýgytly ädim” roman däl, ol ýöne etnografiýa. Onuň çeper eser hökmünde terbiýeçilik ähmiýeti ýok, ters, zyýanly täsir ýetirip biler”. Agahan DURDYÝEW: “Roman ideýa taýdan ýalňyş, hatda zyýanly. Gozgalaňyň keşbi we sebäbi nädogry görkezilipdir.Roman şu görnüşinde sowet okyjysyna mynasyp däl”. Garaja BURUNOW: “Men ozal çykyp geplän ýoldaşlaryň, hususan-da, G. Eýemberdiýew we Hajy Ysmaýylowyň pikiri bilen doly suratda razylaşýaryn. Kitabyň çeperçilik taýdan esasy nogsany diýip, awtoryň sözüň bütin çeperçilik ýitiligini, bütin maňzyny otrisatel personažlara beripdir diýip hasap edýärin... Kitabyň kä ýerinde položitel tipažy bezäýjek ýaly aýry-aýry owadan sözler duş gelýär, emma kitaby tutuşlaýyn gözden geçireniňde, ýaňky bezeýji ýerleri gözboýagçylykdan başga zat däl diýen pikire gelýärsiň... Roman syýasy taýdan durnuksyz”. Amandurdy ALAMYŞOW: “... Romanyň ähli tekstiniň bolaýsa 25 prosentini edebiýat hasap etmek bolar.Galany edebiýat jähetden derde ýaramaýar”. Ata GOWŞUDOW: “Kitap halky söýmezden ýazylypdyr. Beýle kitaplar bize gerek däl. Ýoldaşlaryň adalatly çykyşlary boýunça diňe bir netije çykarmak boljak: romany ýatyrmaly, ony sowet okyjysyna teklip etmek bolmaz”. Berdi SOLTANNYÝAZOW: “Romany okanyňda, onuň esasy gahrymany Artyk däl-de, Halnazar baý diýen netnjä gelýärsiň... Romanda göreş musulmanlaryň ruslara garşy göreşi hökmünde görkezilipdir”. Durdy Haldurdy:“Eziz han diňe bir bandit, kelle keser bolup durman, ol iňlis içalysy. Romaňda bolsa ol örän rehimdar, hatda halk gahrymany we rewolýusioner ýaly görkezilýär... Çykyş edenleriň hemmesiniň diýen ýaly pikiri bir we kitaby ýatyrmagy haýyşetmeklige syrygýar.Menem şeýle etmek zerur diýip hasap edýärin”. MÄMMETGULYÝEW: «Gahrymanlarda hiç hili rewolýusion zat we öňde baryjy ideýa ýok. Gahrymanlaryň ählisi kynçylyklara sezewar bolan batlaryna galtamanlaryň tarapyna geçmek bilen bolýarlar. Partiýanyň ýolbaşçylygy we täsiri juda gowşak görkezilipdir. Romanyň Iwan ýaly personažy şu halatda ýagdaýy düzedip bilmez”. Ýokarda ady tutulanlaryň aglabasy öz pikirlerini ýaýbaň beýan edipdirler. Emma olaryň biri-de “Aýgytly ädim”romany hakynda ýekeje agyz hem hoş söz aýtmandyr. Ýygnaga başlyklyk eden Nurmyrat Saryhanowam olaryň pikirini goldap we üstüni ýetirip, jemlemek bilen: “Men “Aýgytly ädim” kitabyny sowet okyjysyna hödürlemeli däl ekeni diýen ýoldaşlaryň pikirini doly suratda makullaýaryn” diýen netijä gelýär. Emma şuňa garamazdan, ýygnaga gatnaşyjylaryň roman barada hoş söz aýdanlary-da bolupdyr. Dogry, olar azlyk, özi hem olaryň sözlän sözleri ýaýbaň däl, gysga. Şonuň üçinem olaryň aýdanlaryny tutuşlygyna getirip görkezmek mümkin. Ine: Jahan EFRUS: “Awtoryň wakalary görkezişi dogry, çünki şol wagtlar rus proletariaty we partiýa tarapyndan kömek bolmandyr. Romanda oba aýallarynyň durmuşy oňat suratlandyrylypdyr. Roman ýeňil okalýar”. Berdinyýaz DOLIHAN: “Köne romanlaryň biriniň gahrymany özüniň söýjek gözel gyzy barada arzuw edip, aglaýar. Emma gyz ýok. “Aýgytly ädim” hem şonuň ýaly. Ýöne munda roman özüni goldap biläýjek gahrymanlaryň ýoklugy barada aglaýar. Şeýle-de bolsa, romanda edebi taýdan gyzykly sahypalar duş gelýär, şeýle sahypalary ýazmagy şu ýerde oturanlaryň her biri başaryp bilmezdi”. Hojamyrat WELMYRADOW öz çykyşynda romany doly okamandygyny, onuň rus diline (podstroçnyý) terjimesi boýunça birnäçe baby bilen tanşandygyny aýdyp, romanyň diliniň käbir kemçiliklere garamazdan, umuman, erbet däldigini belleýär. Ol romanyň heniz gutarylmandygyny, onuň dowamynda gahrymanlaryň, hususan-da, Artygyň obrazynyň aýyl-saýyl bolmagynyň mümkindigini-de ýaňzydýar. Emmaşular ýaly käbir hoş pikirleri agzamak bilen birlikde Welmyradow hem düýpli aýyplamalary öňe sürýär. Onuň çykyşynda, ine, şeýle sözler bar: “Kerbabaýew ideýa jähetden “düşnüksiz zat” ýazypdyr. Munda ideýa düşünjeler şeýle bir bulaşdyrylypdyr, şeýle bir garyşdyrylypdyr, şu romany nähili adamyň ýazandygyna düşünmek kyn... Umuman, munda haýsy ideologiýanyň öňe sürülýändiginden baş çykarmak örän kyn...”. Ýygnakda romanyň awtory-da çykyp gepleýär. Berdi Kerbabaýew 1916-njy ýylyň gozgalaňyna ylmy analiz berýän materialyň ýokdugyny, taryhy dokumentleriň örän çäklidigini, umuman şu meseleleriň örän bulaşykdygyny, romanyň üstünde uzak wagtlap işländigini we ş.m. mälim edýär. Ol romanyň tamamlanmandygyny, diňe birinji kitabynyň neşir edilendigini, şoňa görä-de obrazlar we tipler dogrusynda ahyrlaýyn baha berip gürrüň etmek mümkin däldigini aýdýar. Awtor çykyp geplänleriň romanda partiýa ýolbaşçylygy ýok, synpy göreş ýok, gahrymanlar hususy eýeçilik, baý bolmak ugrunda ylgaýarlar, gozgalaňyň guramaçysy Eziz han edilip gerkezilipdir diýen pikirleriniň nädogrudygyny-da aýdýar. Şunuň bilen bilelikde, ol öz çykyşynda: “Ýoldaşlaryň romany ara alyp maslahatlaşmaga işeňňir gatnaşmaklary maňa köp peýda berdi. Şu ýerde meniň käbir ýalňyşlarymy we kemçiliklerimi adalatly görkezdiler. Şol kömek üçin men ýoldaşlara minnetdar” diýip ýüzlenýär. Kerbabaýew ýygnaga gatnaşyjylara kitabyň neşir ediliş prosesinde bolup geçen käbir wakalary-da mälim edýär. Ol şeýle diýýär: “Kitap çap edilýän momentinde Türkmendöwletneşiriň redaktorlary meniň Eziz hany başdan-aýaga çenli nädogry görkezýänligim dogrusynda metbugat uprawleniýesiniň öňünde mesele goýdular. Bu mesele MK-a baryp ýetdi. Şonda üç ýoldaşdan ybarat komissiýa döredildi. (Ý.Nasyrly, Ata Nyýazow, N.Amanow), şol ýoldaşlar Eziz hanyň nädogry görkezilenligi hakyndaky meseläni gozgapdylar.Redaktirlenilenden soň MK-da — ýoldaş Tahyrowyňkyda, kitap barlanyldy, komissiýa syýasy ýalňyş ýok we Eziz hanyň obrazy dogry diýip mälim etdi.Şondan soň kitaby çykardylar.Göwnüme bolmasa, indi Ata Nyýazow bilen Nasyrlynyň çykyp geplemek bilen, romanda syýasy ýalňyşlyk bar diýmegi geň zat”. Kerbabaýewiň öz çykyşynda ýaňzydan meseleleri kitabyň redaktory Aman Kekilowyň çykyşynda has giň we açyk beýan edilýär. Ol ýygnakda edilen birnäçe çykyşlaryň awtor üçinem, ýazyjylar üçinem peýdalydygyny, birenteginiň pikiri we çykaran netijeleri bilen bolsa ylalaşmagyň mümkin däldigini turuwbaşdan belläp geçýär. Onuň çykyşynyň mazmuny şeýleräk: Awtoryň razylygy bilen golýazmanyň üç baby aýrylypdyr, 4 we 5 baplary bolsa ep-esli gysgaldylypdyr. Kitabyň redaktory hökmünde ol birnäçe maýda kemçilikleri düzetse-de, Eziz hanyň obrazynyň görkezilişi baradaky meseläni onuň özi çözüp bilmeýär. Taryhçy alym G.I.Karpow bilen maslahatlaşylyp, onuň bilen Eziz han barada birnäçe gezek gürrüňleşilipdir.. Karpowyň beren maslahatyna laýyklykda onuň obrazy işlenip, üsti ýetirilipdir. Kitabyň çykarylmagyny çaltlandyrmak üçin Türkmendöwletneşiriň birnäçe işgäri bu işe çekilipdir. Olar awtoryň kitaba ýazan sözsoňusy esasynda Eziz han romanyň esasy we položitel gahrymany diýen netijä gelipdirler. TSSR HKS-iň ýanyndaky Metbugat uprawleniýesiniň öňünde romany ikinji gezek gözden geçirmek hakynda mesele goýlupdyr. Ata Nyýazow, Nasyrly we Nurjan Amanowdan ybarat redkollegiýa döredilipdir. Redkollegiýanyň käbir düzedişlerinden soň roman neşir edilýär. Ony satuwa ibermezden ozal TK(b)P MK-nyň birnäçe işgäri kitabyň ep-esli bölegini diňläp, ony makullapdylar. TK(b)P MK-nyň sekretary Gurban Permanow romany (çykmazyndan ozal) doly okap, göz ýetirmegi Muhammetnur Söýünowa tabşyrýar. Ol romany okap, oňat baha beripdir. Şeýlelik bilen, Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyny magazinlerde satyp başlapdylar.Romanda kemçilikler köp. Gaýtalamalar köp duş gelýär, çig-çarsy ýerleri bar. Redaktoryň pikiriçe, romanyň dilinde hem kemçilikler bar. Elbetde, şunuň ýaly uly romanda şeýle kemçilikleriň bolup biljekdigini belläp, ol awtoryň ýalňyşlyklar görkezilýän çykyşlary peýdalanjakdygyny, awtoryň şu romanyň üstünde ýene bir gezek işlände, onuň ýazyjylaryn belliklerini nazara aljakdygyny aýdýar. Şeýle hem Aman Kekilow Agahan Durdyýewiň položitel gahrymanlar sölite, gowşak, B.Seýtäkowyň roman partiýalaýyn däl diýýän pikirleriniň esassyz diýip hasap edýär,“çünki hiç bir roman partiýalaýyn däl bolup bilmez.Ol biziň ideologiýamyza ýugrulan bolmaly ýa-da biziňkä duşman ideologiýa ýugrulan bolmaly. “Aýgytly ädimiň” ideýasy bize garşy gönükdirilipdir diýmek, romana we onun awtoryna töhmet ýüklemek bolar”. A.Kekilow sözüniň ahyrynda romana bagyşlanan ýygnagyň alnyp barlyşy dogrusynda nägilelik bildirip, şeýle diýýär: “Sözümiň ahyrynda özümi geň galdyrýan bir fakty belläp geçesim gelýär. Iki günüň dowamynda roman ara alnyp maslahatlaşylanda ony tankytlap çykyş edenlere, romanyň kemçilikleri hakynda gürrüň edenlere sahylyk bilen söz berildi. Emma romana položitel baha berip çykyş etmäge synanyşan käbir adamlara öz pikirlerini doly aýtmaga mümkinçilik bermediler”. Ýygnagy alyp baryjy N.Saryhanow Kekilowyň bu nägileligine geň galýanlygyny bildiripdir. Ol bir oratoryňam wagty çäklendirilmändigini aýdyp, ählisiniň öz aýtjak zatlaryny doly suratda aýdandygyny, Kekilowyň bu babatda Jahan Efrusy nazarda tutýan bolsa, onda onuň romany nähilidir bir hili aklamaga synanyşyp, öz çykyşynda bulam-bujarlyga ýol berendigini,onuň romany doly okap çykmandygyny boýun almaga mejbur bolandygyny hem aýdypdyr. Şeýlelikde, biz ýygnakda çykyş edenleriň hemmesiniň adyny tutduk (ýigrimi adam) we belli bir derejede olaryň aýdan pikirlerini getirip görkezdik. Emma ýygnaga olardan başga-da Çary Babanyýazow, Gazak Horramow, Çarykulyýew, P.Karýagin, Meret Sopyýew, A.Aborskiý, Aşyr Amanow, Kömek Kerimow, Çarmanow, Şaly Kekilow, J.Tahyrow, Annaberdiýew, Taýymow, Baýlyýew, Alahwerdow, Kemal Işanow, Mädeminow, Sapar Garaýew dagy hem gatnaşypdyr. Ýygnaga gatnaşanlaryň umumy sany kyrk adam bolup, olaryň arasynda ýazyjylaryň daşyndan alymlaram (Baýlyýew, Garryýew, Taýymow), žurnalistlerem (Aşyr Amanow, Mämmetgulyýew, Sapar Garaýew), neşirýat we glawlit işgärleri-de (H.Welmyradow, Kerimow), terjimeçilerem (G.Eýemberdiýew, Meret Sopyýew) bolupdyr. Ýygnaga TK(b)P MK-nyň medeniýet sektorynyň şol wagtky müdiri Juma Tahyrowam gatnaşypdyr. Umuman alanyňda, ýygnak örän gyzgalaňly geçipdir. Oňa gatnaşyjylaryň ýarysy roman hakynda çykyp gepläpdir. Çykyp geplänleriň ýek-ýarymy bolaýmasa, aglabasy roman hakynda ýekeje-de hoş söz aýtmandyr, ony zyýanly hasap edipdirler. Romanyň maslahatyndan soň, işi aýdyňlaşdyrmak üçin partiýanyň Merkezi Komitetiniň býurosy 1940-njy ýylyň 21-nji noýabrynda A.Geldiýewden, Ş.Batyrowdan, M.Söýünowdan, T.Berdiýewden, M.Annagurdowdan ybarat komissiýa döretmegi, roman barada dogry netije çykarmagy şolara tabşyrypdyr. 14ýylyň dowamynda (1940-1954 ýý.) Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany hakyndaky meselä Türkmenistan kompartiýasynyň MK-nyňhem-de sekretariatynyň mejlislerinde 5 gezek seredilendigini aýtmak hem ýeterlikdir. Mundan başga TKP-niň propaganda we agitasiýa bölüminde hem roman hakyndaky meselä birnäçe gezek garalypdyr. MK-nyň şol kararlary şulardan ybarat: «Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany hakynda» (1941 ý.), «B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany» (1952 ý.), «B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň O.Abdalowyň redaksiýasy bilen çykan türkmen dilindäki neşirini kitap magazinlerinden we kitaphanalardan gaytaryp almak hakynda» (1952 ý.), «B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany hakynda» (1953 ý.), «TKP MK-nyň 1952-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky «Aýgytly ädim» romany hakyndaky» kararynyňýazyjy B.Kerbabaýew tarapyndan ýerine ýetirilişi hakynda» (1953 ý.) we başgalar. «Türkmenistanyň milli arhiw gaznasy hakyndaky» karara laýyklykda, 1993-nji ýylyň aprel aýynyň 12-sinde Berdi Kerbabaýewiň durmuşyna we döredijiligine degişli resminamalara «gizlinlikde saklanylmaly» belgisi aýrylansoň, «Türkmen arhiwi» žurnaly ýazyjynyň 1940-1953-nji ýyllara degişli resminamalarynyň birtoparyny çapetdi. Bu babatda alymlar Ýazgylyç Orazgylyjow bilen Oleg Kuzminiň tagallalaryny aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. 1940-njy ýylda Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany hakynda dürli pikirler dowam etdi. Romanyň syýasy taýdan durnukly däldigi barada-da aydylyp, ýazyjy B.Kerbabaýewe günäýüklenip ugraldy. Şol şebäpli TK(b)P MK-nyň 1940-njy ýylyň noyabr aýynyň 21-nde bolan býurosynda «Ýoldaş Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» kitabyny barlamak hakynda» karar kabul edildi. Karara laýyklykda kitaby barlamak üçin 5 adamdan ybarat toparyň döredilendigini ýokarda aýdyp geçipdik. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyny barlamak boýunça toparyň agzalary özlerine tabşyrylan ýumuş barada jemleýji pikirlerini TK(b)P MK-a ýazmaça görnüşde ýetiripdirler. Toparyň habarnamasynda bellenilişi ýaly, «Aýgytly ädim» romany 1940-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýaty tarapyndan 5 müň nusgalykda türkmen dilinde neşir edilipdir. Romanyň çap edilmeginiň, bar bolan kemçiliklere garamazdan, türkmen edebiýatynda uly wakadygy,romanyň esasy üstünlikleribellenip geçilýär:--Romanyň bay dilde, arassa türkmen dilinde, arap hem pars dilleri garyşdyrylmazdan, sada we çeper, halka düşnükli dilde ýazylandygy, köne türkmen obasynyň durmuşy dogry we hakyky görkezilehdigi, türkmen aýallarynyň hukuksyzlygy, garyplaryň baýlara, emeldarlara, süythorlara garşy göreşi dogry suratlandyrylandygy, köne däp-dessurlar we adamlaryň gylyk-häsiýetleri aýdyň görkezilendigi, Artygyň demir ýol işçileri Iwan hem Kartaşow, şeyle hem, Zakawkazýe sosial-demokratik guramasynyň wekilleri (Artamonow) bilen tanyşmagy oňa işçiler bilen daýhanlaryň umumy bähbidiniň birdigine, şol sanda ruslaryň hem patyşa garşy göreşiniň maksadyna anyk göz ýetirmegine, dogry düşünmegine getirendigi ýaly birentek gowy taraplary bellenipdir. Topar şunuň bilen birlikde romanyň kemçiliklerini ýüze çykarypdyr. Eýsem-de bolsa, ol kemçilikler nämeden ybaratdy? “...1. Romanda gaýtalanýan ýerler örän kän. Ýazyjy Artygyň aty, nika toýy, Aýnanyň ejeligi, baýyň öýüniň gap-gaçlary hakynda gaty köp gaýtalaýar. Bir söz bilen aýdanyňda, dörtden bir bölegi gysgaldylanda, roman diňe utuş gazanardy. 2. Roman syntgylamak meselesinde düýpli kemçiliklerden halas däl. Eser oňat syntgylanylanda, kemçilikleriň käbiriniň öňüni alsa bolar. 3. Romanda düýpli kemçilikleriň biri-de, onda paýyş sözleriň çendenaşa köp ulanylýanlygydyr, munuň özi beýan edişde eseriň çeperçiligini pese gaçyrýar. 4. Kitapdaky kemçilikleriň hataryna Eziz hanyň obrazynyňýeterlik beýan edilmeýändigini hem goşmak bolar. Ol 1-nji kitabyň soňunda görkezilip, Eziz hanyňýaramaz maksadyny daýhanlar tolgunyşygynda peýdalanjak bolşy we käbir ýerde tolgunyşyklara ýolbaşçylyk edişi ýazyjy tarapyndan beýan etmäge synanyşylýar. Emma kitabyň bu böleginde halk duşmany Eziz han paş edilmän, gaýtam, ýokary galdyrylýar. Kitabyň bu böleginde ol görkezilmän, indiki böleginde gandöküji, talaňçy, halk duşmany hökmünde görkezilmeli ekeni. 5. Topar Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde romanyň ara alnyp maslahatlaşylandaky çykyşlar bilen-de tanşyp, käbir ýazyjylaryň özlerini alyp baryşlarynyň çydarlykly däldigini belleýär. Olar bu romanyň korrekturasyny okap, çap edilmegini tassyklap, pul we baýrak alypdyrlar. Yzyndanam Ýazyjylar birleşiginin maslahatynda, romany yzyna almagy talap edip çykyş edýärler. Topar romanyň ykbaly nähili çözülende-de, ikiýüzlüligi üçin şol adamlaryň partiýa jogapkärçiligine hökmany suratda çekilmelidigini belleýär. 6. Topar romandaky bar bolan kemçiliklere garamazdan, eseri yzyna gaýdyp almak barada çykyş edýän adamlaryň pikiri bilen ylalaşmaýar. Ikinji gezek neşir edilende, toparyň görkezen kemçiliklerini düzetmek, talabalaýyk gysgaltmak, şeyle hem, romany pugta syntgylamak barada ýazyja maslahat bermegi makul bilýär. 7. Topar giň okyjylar köpçüliginiň tanyşmagy üçin romanyň rus diline terjime edilmegini zerur hasaplaýar. 15.05.1941ý.” 1952-nji ýylyň fewral aýynyň 19-ynda TK(b)P MK-nyň býurosynyň mejlisi bolup, onda B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany hakyndaky meselä-de garalýar. Býuronyň mejlisiniň kararynda bellenilişi ýaly, 1940-njy ýylda B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň 1-nji bölegi çapdan çykýar. Kitap neşir edilenden soň, TürkmenistanyňÝazyjylar birleşiginiň maslahatynda ýazyjylar çykyş edip, romanda düýpli syýasy ýalňyşlyklaryň bardygyny aýdyp, ony yzyna almagy teklip edýärler. Şonuň üçin-de, 1941-njiýylyň başynda TK(b)P MK bu meselä seredýär we romana, esasan, oňat baha berýär. Şunuň bilen birlikde, romanyň käbir ýetmezçiliklerden halas däldiginem belleýär. TK(b)P MK-nyň1941-nji ýylyň mart aýynyň 15-indäki kararynda nygtalyşy ýaly, «Aýgytly ädim» romanynyň 1-nji bölegindäki esasy kemçilikler Tejende rewolýusiýa garşy guralan toparyňbaştutany Eziz Çapykowyň halk duşmany hökmünde paş edilmän galdyrylanlygydy. Merkezi Komitet şol karary bilen romanyň 2-nji bölegi ýazylanda we 1-nji bölegi tazeden neşir edilende görkezilen kemçilikleri düzetmegi B.Kerbabaýewe tabşyrypdyr. 1951-nji ýylda B.Kerbabaýewiň üç bölekden ybarat «Aýgytly ädim» romany ilkinji gezek bitewiligine çap edilipdir. Ýöne welin ýazyjy 1941-nji ýylda TK(b)P MK tarapyndan görkezilen kemçilikleri özüniň romanynda düzetmändigi berk tankyt astyna alynýar we B.Kerbabaýewiň üstüne ýüklenilýän "günäniň" onuň Eziz hanyň ýanyndabolanynda, oňa bolan onat garaýşynyň häzire çenli yitirmänligi, geçmişdäki buržuaz-milletçilikli düşünjeden saplanyp bilmänligi bilen düşündiriljek bolunmagydyr. Şol sebäpli Türkmenistanyň K(b)P MK-sy kararynda «Aýgytly ädim» romanynda rewolýusiya garşy toparyň baştutany Eziz Çapykowy halk duşmany hökmünde paş etmek barada TK(b)P MK-nyň 1941-nji ýylyň 15-nji martyndaky tabşyrygyny ýerine ýetirmänligi üçin, B.Kerbabaýewe hasap depderçesine ýazmak bilen berk käýinç yglan edilipdir. Ikinji neşiri üçin «Aýgytly ädim» romanyny täzeden işlemäge B.Kerbabaýew borçly edilipdir. SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Stalin baýragy boýunça komitetiň düzüminden B.Kerbabaýewi yzyna çagyrmak hakynda BK(b)P MK haýyş bilen ýüzlenilipdir. Partiýanyň MK-nyň «Aýgytly ädim» romany hakyndaky kararyndan soň, Berdi Kerbabaýew TK(b)P MK-a düşündiriş hatyny ýazyp, eser boýunça görkezilen kemçilikleriň her biri barada öz garaýşyny beýan edýär. Hususan-da, Eziz hanyň obrazyny döretmek, kommunistleriň sowet häkümetini pugtalandyrmak barada alyp baran işini beýan etmek boýunça görkezilen kemçilikleriň köpüsini düzedendigini habar berýär. Düşündiriş hatynyň soňunda-da romandaky kemçilikleri doly düzedip, eseriň many we çeperçilik taýdan ýokary bolmagy üçin güýjüni, zehinini aýamajakdygy barada MK-ny ynandyrýar. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |