17:49 Berdi Kerbabaýew / soñy | |
Umuman, sowet döwründe «Aýgytly ädim» romanyna ýowuz daralyp, Berdi Kerbabaýew köp kynçylyklara sezewar edildi. Kyrkynjy ýyllaryň aýagyna çenli «Aýgytly ädim» romanynyň ikinji we üçünji kitaplary türkmen dilinde diňe döwürleýin metbugatda («Sowet edebiýaty» žurnaly we gazetlerde) çap edilip, kitap görnüşinde neşir edilmändi. 1949-njy ýylyň aýagynda romanyň üç kitaby hem birleşdirilip uly bir kitap bolup çykypdyr.
Taryhy makalalar
B.Kerbabaýewiň döredijilik biografiýasyna göz gezdiren adam, onuň eserleriniň dürli wagtlarda ýiti tankyt edilen halatlaryna-da, öwlen halatlaryna-da duş geler. Emma 1940-njy ýyldansoň, ýagny onuň «Aýgytly ädim» romanynyň birinji kitabynyň ykbaly onuň çözüleninden soň, tä ellinji ýyllaryň başlaryna çenli, ýagny on ýyl töweregi onuň eserleriniň ählisine diýen ýaly aglaba halatlarda položitel baha berlipdi, öwgi äheňli makalalar çap edilipdi. Hususan-da, «Aýgytly ädim» barada A.Kekilowyň 1948-nji ýylda, G.Weselkowyň 1949-njy ýylda çapedilen makalalary şunuň aýdyň mysaly bolup hyzmat edip biler. Şol makalarda uly göwrümli we köp planly çeper eser barada ýekeje-de düýpli tankydy bellik ýok. Şol wakalaryň janly şaýady görnükli türkmen alymy Mämmetdurdy Annagurdow bilen kyrkynjy we ellinji ýyllarda “Aýgytly ädim” bilen bagly wakalar dogrusynda ХХ asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynda söhbetdeş bolanymyz ýadymyzda. Şu setirleriň awtory şol döwürlerde «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýärdi. M.Annagurdow mahal-mahal redaksiýa gelip, geçenden-geljekden gürrüň berýärdi. Ony sagatlap diňleseň-de ýadatmaýardy. Ol gürrüňler peýdalydy, döwür, adamlar hakdaky düşünjäni artdyrýardy. Şol gürrüňdeşlikleriň birinde ol H.Derýaýewiň ýigrimi ýyla golaý tussaglykdan soň gelip, «Ykbal» romanyny çap etdirip bilmän horlanyp ýörşüni, özüniň Merkezi Komitete, onuň sekretary Nurjemal Durdyýewanyň ýanyna barşy, onuň hemaýaty boýunça kitabyň neşir edilişi hakyndaky gürrüňlerini men soň N.Durdyýewanyň ömür ýoly hakdaky taryhy oçerkimde-de ulanypdym. Suratda: Berdi Kerbabaýew, Nazym Hikmet dagy Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýazyjylarynyň Bütindünýä konferensiasyna gatnaşyjylaryň birtopary bilen. 1961. Daşkent şäheri. Mämmetdurdy Annagurdow Berdi Kerbabaýew bilen bolan wakalar dogrusynda hem şeýle gürrüň beripdi: – Kyrkynjy ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň ikinji gurultaýy geçirildi. Şoňa gabatlap hem Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyny çap edipdik. Roman türkmen ýazyjylarynyň arasynda uly jedel döretdi. Gynansak-da, ýazyjylaryň ählisi romanyň neşir edilmegine garşy çykyş etdiler. Partiýanyň Merkezi Komiteti haýdan-haý komissiýa döretdi. Şol komissiýa partiýanyň Merkezi Kimotetiniň sekretary Gurban Permanow, magaryf halk komissary Tagan Berdiýew, sungat işleri baradaky uprawleniýäniň başlygy Şaja Batyrow, men hemem başga-da birnäçe adam girýärdi. Partiýanyň Merkezi Komitetiniň ikinji sekretary Allaberdi Berdiýew hem şol roman baradaky meselede uly rol oýnady. Ol: «Ýoldaş Fonin (partiýanyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary – A.Ç.) komissiýanyň işi bilen içgin gyzyklanýar. Bu işe siziň obýektiw garamagyňyzy haýyş edýär» diýip aýdýardy. Komissiýanyň eden işi barada biz Merkezi Komitetiň býuro mejlisinde hasabat berdik. Elbetde, mejlisde romanyň çykarylmagyna garşy bolan býuro agzalary (has takygy, Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Aýtguly Geldiýew) hem boldy. Şonda mejlisiň ahyrynda ýoldaş Foniniň aýdan sözleri häzirem ýadyma düşüp dur. Ol şonda: «Men ýagdaýa belet. Ýöne men türkmen dilini bilemok. Emma muňa garamazdan, ýoldaşlar bu hakda meni doly habardar etdiler. Olar şu mesele bilen meşgul boldular. Olara men sagbolsun aýdýaryn. Ýoldaş Kerbabaýewiň hem komissiýanyň agzalarynyň eden düýpli kemçiliklerini düzetmegi gerek. Geljekde bolsa romanyň yzyny dowam etmeli. Onsoňam, ony rus diline terjime etdirmek gerek. Wah, rus dilinde bolsa, menem okasam gowy boljak» diýdi. Býuro mejlisine Berdi Kerbabaýewiň özi hem gatnaşýardy. Ol Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň aýdan mährem sözlerine bozulman oturyp bilmedi... Biziň «Aýgytly ädimli» wakalara gös-göni gatnaşan Mämmetdurdy aga bilen, şo wakalar dogrusynda gürrüň eden döwrümiz roman hakdaky Merkezi Komitetiň kararlarydyr gaýry resmi kagyzlary arhiwiň ýedi gulpunyň aňyrsyndady. Dokumentleri görmek, tanyşmak gaýry adamlara gadagan edilipdi. Eýsem-de bolsa, azatlyga çykarylan dokumentler nämeler hakda gürrüň berýärdikä?! Haçanda Berdi Kerbabaýewiň üstüne gara bulut abananda hakyky gardaş howandarlygyny eden rus ýazyjysy G.A.Sannikowy ýatlamak lazym diýip düşünýäris. Çünki bu ýaşuly rus ýazyjysynyň kellesini etegine salyp, türkmeniň abraýly ýazyjysyny ýerliksiz kemsidilmelerden goramagy özüniň ynsanlyk borjy hasaplapdyr. Ýogsam-da bolsa, ol ellinji ýyllarda türkmen edebiýatynda dörän bir topar «bulam-bujarlyga» garşy göreşmek we türkmen edebiýatçylaryny «dogry ýola» gönükdirmek üçin Moskwadan Aşgabada SSSR Ýazyjylar soýuzy tarapyndan ýörite iberilipdi. Şol ýörite iberilenleriň arasynda SSSR Ylymlar akademiýasynyň wekilleri filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Kononow bilen taryh ylymlarynyň doktory, professor Raimow hem bardy. 1952-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 20-nji apreline çenli ol Aşgabatda iş saparynda bolupdyr. Bolýan işlere ol başga göz bilen garapdyr we meseläni jikme-jik öwrenip, gelen netijesi barada «Soňy nähili bolarka?» diýip gorkman, TK(b)P MK-a hat ýazypdyr. Onuň garaýyşlaryndan nägile MK şikaýat edip, onuň üstünden BK(b)P MK-nyň ikinji sekretary G.Malenkowa arz edipdirler. Hatda görkezilişine görä, Sannikow «Türkmenistan Ýazyjylar soýuzyna kömek bermekden geçen, gaýtam, partiýa hataryndan çykarylan buržuaz-milletçiler O.Abdalowy, B.Garryýewi, M.Kösäýewi goldapdyr. Merkezi Komitetiň B.Kerbabaýew bilen baglanyşykly kabul eden kararyna müňkürlik bildirip, B.Kerbabaýewiň nähak yzarlanýandygy hakda iş görüpdir». (Hat 1952-nji ýylyň 10-njy maýynda ýazylypdyr). Bu hatyň ýazylmagyna sebäp bolan zadyň Sannikowyň Berdi Kerbabaýewiň döredijiligine, aýratynam onuň «Aýgytly ädim» romanyna sagdynlyk bilen ser salmagy bolupdyr. Ol öz pikirini hem TKP Merkezi Komitetine hat üsti bilen beýan edipdir. «Aýgytly ädim» bilen baglanyşykly 1940-njy ýylda partiýanyň Merkezi Komitetiniň býurosynyň kararynda görkezilen kemçilikleri düzetmändigi üçin ýazyja 1952-nji ýylyň fewral aýynda berlen partiýa käýinjiniň esassyzdygy hakda ýazyp, Sannikow 1940-nji ýylda heniz partiýa agzasy dälkä-de, ýazyjynyň partiýanyň görkezen kemçilikleriniň üstünde ymykly oturyp işländigini ýerlikli delillendirýär. Ýazyjynyň Stalin baýragyna mynasyp bolan eserleri – «Aýgytly ädimi» hem-de «Aýsoltanyň» töwereginde dörän esassyz gyk-baklaryň özüne düşnüksizdigini, ýazyjynyň geçen ýyl döreden türkmençe adynyň «Syrly depe», rusça terjimesinde «Türkmen poemasy» atlandyrylan Nebitdag hakyndaky eseriniň heniz metbugatda çap edilmänkä, «Известия» gazetinde tankyt edilmeginiň ýazgarylmagyna respublikanyň partiýa guramasynyň ýolbaşçylarynyň biparh garap bilmejekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Sannikow partiýanyň Merkezi Komitetine ýazan hatynda diňe bir Berdi agany, ýa-da bolmasa, «Gorkut ataçylary» goramak bilen çäklenmän, türkmen edebiýatynyň aýry-aýry wekilleriniň goşgularynyň «degene gözüm menden däl» diýlen garaýyşdan ugur alnandygyny tekrarlamak bilen, onuň teýiniň boşdugyny ýazýar we şeýle oýlanyşyksyz hereketiň edebiýatyň ösmegi üçin örän howpludygyny aýdýar. Rus ýazyjysynyň bu aýdanlarynyň jany bardy. J.Ilmyradowyň «Türkmenistanym», G.Gurbansähedowyň «Türkmensiň», R.Seýidowyň «Awçy, atma jereni», M.Seýidowyň, K.Gurbannepesowyň käbir goşgularynyň, G. Seýitliýew bilen G. Muhtarowyň pýesalarynyň ýaramazdygy, zyýanlydygy hakda agyz dolduryp ýerli metbugatda gürrüň edilmeginiň hiç kimiň peýdasyna däldigini G.Sannikow ilkinji bolup ýazypdy. «Gorkut ata» eposynyň zyýanlydygy, ony neşire taýýarlaýan «buržuaz-milletçileri» paş ediji uly ýygnak bolýar. Şonda çykyş edenleriň arasynda «gorkut ataçylary» gorap ýaş edebiýatçy Rahman Rejebow çykyş edipdi. Bu günki gün bolsa üstünden «gadagan» grifi aýrylandan soň rus ýazyjysy G.Sannikowyň mertlik bilen bigünä adamlaryň goragynda durandygyna göz ýetirdik. Munuň üçin biz türkmen edebiýatçylary oňa minnetdar bolmalydyrys. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Türkmenistan komsomolynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup işlän Ýusup Öwezow Berdi aga hakda şeýle gürrüň beripdi: – 1942-nji ýylyň martynda komsomolyň başlangyjy bilen fronta sowgat üçin kyrk bir wagon zat ýygnadyk. Delegasiýanyň hatarynda Türkmenistanyň Ýokary Söwetiniň Prezidiumynyň başlygy Allaberdi Berdiýew, onuň kömekçisi, Berdi Kerbabaýew, Aman Gulmämmedow, tikinçi Şeker Babaýewa, kolhoz başlygy Gurban Gapurow, Sakarçäge raýispolkomynyň başlygy Gurbanowa, Türkmen TAG-dan bir habarçy... jemi on bir adam. Delegasiýanyň ýolbaşçysy Allaberdi Berdiýew biziň bilen Daşkentde aýrylyşdy. Ol Moskwada geçjek sessiýa gatnaşmaly eken. Indi wagonlaryň garamaty meniň boýnumdady. Wagonlarda zaýa boljak zatlar köp bolansoň, men buz bilen üpjün etmeklerini haýyş edip, telegramma yzyna telegramma ibermeli bolýardym. Eşelon estakada gelýär weli, «Buz çekmäge işçi güýji ýok» diýýärler. Men şonda: «Oglanlar, geliň, özümiz çekeliň» diýýärin. Şeýdip buz çekýäs hemmämiz. Berdi aga Gurban Gapur bilen buz daşaýar. Berdi aga oňa degýä. Wagonyň üstüne çykmaly bolanda Berdi aga öňde, Gurban yzdan gelýär. Düşmeli bolanda ol Gurbany öňe salýa-da, yzyndan agram salýar. Bahym ýere düşürýär. Moskwa çenli on alty gije-gündiz ýol ýöremeli bolduk. Moskwada ýedilenji ýa-da sekizlenji gün, gije sagat ikide meni çagyryp äkitdiler. Barsam Allaberdi Berdiýew: «Daňdan sen Leningrada ugramaly. Ýöne ýanyňa-da bir adam alyp bilýäň» diýdi. Indi men otuz dört wagon bilen Leningrada gitmeli. Ýanym bilen kimi äkitmeli? Berdi aga-ha: «Wagondan münüp-düşmek maňa agyr bor» diýdi. Dogrudanam bu oňa agyrdy. Biz Aman Gulmämmet bilen Leningrada gitmeli bolduk...» Soň, ýene bir söhbetdeşligimizde Ýusup aga Berdi Kerbabaýew bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň beripdi: – 1952-nji ýylda Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň nobatdaky gurultaýy geçmelidi. Men şo döwür partiýanyň Merkezi Komitetiň sekretarlarynyň biridim. Gurultaýyň guramaçylyk taraplaryny maňa tabşyrdylar. Menem şo wagt syrkaw. Gurultaýyň öňüsyrasy kurorda gidip geleýin diýip, Soça gitdim. Wraçlar şol ýerini salgy berdiler. Gaýtam o ýerde gün-günden horlanyp başladym. Men soň görüp otursam, Soça däl-de, Kislowodskä gitmeli ekenim. Şo wagt Soçide Berdi Kerbabaýew hem dynç alýan ekeni. Ol Stalin adyndaky sanatoride bolýardy. Gaýdanymyzda Berdi aga ikimiz Gruziýanyň üsti bilen gaýtdyk. Batuma çenli gämä mündik. Batumide obkomdan maşyn alyp, Soçi şäherine geldik. Şäherkomyň sekretary bizi öz maşyny bilen Tbilisä äkitdi. Tbilisä barýan ugrumyzda Msehetä hem sowlup gördük. Berdi aga gaty zor adamdy. Şo döwürde oňa azaram berjek boldular. Elli ikinji ýylda Londonyň gazetleriniň birinde Berdi Kerbabaýew hakynda habar çap edilýär. Habar türkmen ýazyjysynyň ozal iňlislere satylandygy hakda ýazylypdyr. Bu habary Müsüriň bir gazeti hem göçürip çap edýär. Şo gazetler bize gelip gowuşdy. Moskwadanam «Eger respublika üçin gerek bolsa, degmäň» diýip ýazypdyrlar. Biz seredip gördük, maslahat etdik. Kerbabaýewiň Türkmenistan üçin bitiren işiniň agramy gaty uly. Aslynda-da bu prowakasiýa üçin edilen zat. Munuň ýazylmagynyň başga bir sebäbi hem bar. Eger meselä ýeňil seretseň, onda ol dogrudanam şeýledir diýdirýär. Berdi aga Eziz hanyň mürzesi bolan. Ele düşenlerinde-de ikisi bile düşýärler. «Dünýäň ýagdaýy bulaşyk, sen bir gelip gitseň, maslahat etsek» diýip, iňlisler Güljemal hanyň adyndan Eziz hana hat ýazýarlar. «Oň ýaly bolsa, gidip gelsek gowy» diýip, Tejenden wagon alyp, Eziz han bilen Berdi Kerbabaýew, dokuz sany goragçysy şoňa münüp, ýola düşýärler. Başga adam ýok ýanlarynda. Agşam sagat on birlere wagonlary otlyň yzyna dakýarlar. Takyrda bir kiçijik stansiýa bar, şoňa ýetmänkä, Eziziň münüp barýan wagonlary otludan aýrylýar. Şo stansiýa çenli öz badyň bilen gidibermeli onsoň. Adamlaram ýatyr. Stansiýa baransoňlar iňlislerdir ak gwardiýaçylar Eziz hanyň goragçylaryny ýaragsyzlandyryp, kowup goýberýärler. Soň Eziz hanyň küpesine girip, ýaraglaryny alýarlar-da: «Turuň, geljek ýeriňize gelip ýetdiňiz» diýýärler. Olary başga otla tirkäp, Aşgabada getirýärler. Aşgabatda-da bir aý türmede ýatyrýarlar. Soň Eziz hany Baku tarapyna äkidýärler. Berdi Kerbabany bolsa hossarlary gelip, türmeçilerden satyn alýarlar. «Ele düşmez ýaly, gumuň içi bilen git» diýibem tabşyrýarlar. Berdi aga şolaryň diýenini edip gumuň içi bilen gidýär. Ýöne şu zatlar hakynda Berdi aga partiýa girende öz terjimehalynda görkezmän eken Men şuny Berdi aganyň öz dilinden eşitdim...” Ellinji ýyllaryň başlarynda TKP MK-nyň sekretary bolup işlän Ýusup Öwezowyň tassyklamagyna görä, Berdi Kerbabaly mesele şo sapar dört gezek ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Her nänili bolsa-da Berdi agany uly howpdan alyp galmak başardypdyr... ХХ aşyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow bilen bir gürrüňçilikde ol şeýle gürrüň beripdi Şol döwürde G.Gurbansähedow Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolup işlän ekeni. - Respublikanyň ýolbaşçysy Suhan Babaýew Berdi agaly meselä garalanda, Moskwanyň pikirini biljek bolup meni dört gezek o ýerik iberdi. Soňky gezek ýüreklerine düşendir-dä, «Nätseňiz şony ediň. Eger gerekdir diýseňiz, ulanyň – diýip goýberdiler. Men gelip, muny bolşy ýaly edip aýtdym. Şondan soň ony tussag etmek hakdaky gürrüň ýatdy. Eýsem-de bolsa, şo wagtlar Gurbandurdy aganyň öz başyndan hem apat inipdi. Ol «Türkmensiň» diýen goşgusy üçin gaty berk ýanalypdy. Öz döwründe goşgyny bagşy Orazgulyýew aýdym edip aýdypdyr. Geçen asyryň togsan birinji ýylynyň başynda, ýogalmazyndan birnäçe wagt öň Gurbandurdy aga meniň işleýän, o wagt radioda işleýärdim, gelip «Şol aýdymyň ýazgysyny tapyp bolmazmyka? Belki, radionyň «fondunda saklanyp galandyr» diýip haýyş edipdi. Oňa derek men Gurbandurdy aga bagşy Ökdürowyň aýdymlary ýazgy edilen kassetany sowgat beripdim. Çünki men onuň bu bagşa uly sarpa goýýandygyny bilýärdim. Aradan togsan ýyla golaý wagt geçen bu waka dogrusynda Berdi aganyň 87 ýaşynda aradan çykan ogly, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Baky Kerbabaýewiň ýatlamasy şeýle. Muny hem Baky aga kakasynyň öz dilinden eşidipdir. Birinjii suratda: Berdi Kerbabaýew ogly Baky bilen. Ikinji suratda: Baky Kerbabaýew Berdi aga oňa şeýle gürrüň beren ekeni: – Men Eziz hanyň kätibi hem mürzesidim. Bir gezek eşalona münüp, Aşgabada gelmelidik. Teplowozyň yzyndaky wagonyň birinjisinde Eziz han, ikinjisinde men, ýokarkysynda dilmajy, onsoň janpenasy. Beýle ýanlarynda-da birküç sany ohrannigi. Yzda-da goşuny. Duşakdan geçendemi-nämemi maşinist gelip: «Çekenok. Agyr bolýar. Yzyndan tolkaç tirkemäge rugsat ediň» diýip sorady. Olam: «Bolýa» diýdi. Gije gelýäs. Birden oýansam, otly köp wagt bäri durman gelýär. «Näme bolduka?» diýip, turup hajathana barýan. Aýna açyk eken. Yzyma seretsem, yzda bizden başga bir wagonam ýok. Menem nätjegimi bilmän, ýene-de yzyma baryp, horjuny alyp geldim hajathana. Eziz hanyň ähli kagyzlaryny ýyrtyp-ýyrtyp oňa taşladym. Horjunyň ikinji gözünde pul bardy. Gyzyl pul. Ýüz müň manat. Pulam ýyrtjak boldum weli, «Puluň adama zyýan beren ýeri ýokdur» diýdim. Gelip, Eziz hany oýatman, ýerimdejik ýatdym. Daňdan Aşgabada gelenimizde aýnalardan naýza bary gezelip dur. Gymyldara ýer goýmadylar. Eziz han turanda iki sany mauzeri bardy, bada-bat atjak boldy-da durdy: «Hä, ýigitler, siz ýaş bolýasyňyz. Siziň ömrüňize men galmaýyn... Ýogsam birkisin-ä alaryn» diýdi. Soň ol iki mauzerinem goýdy. Onsoň biziň herimizi bir adamlyk kamera saldylar. Meni alanlarynda horjunymda ýüz müň manat pul bardy. «Pri nýom imel sto tysýaç» diýip ýazdylar. Meni halas eden şol pul boldy. On-on bäş günden soň meniň ýanyma türmäniň işgärleri gelip, «Siz günäm ýok diýýärsiňiz. Günäň ýoklugy hakda hat getirip berermisiňiz?» diýdiler. Ahyry bir aý bolansoň türmäniň başlygy geldi: «Siz şeý diýipsiňiz. Sizi boşadyp goýbersem, şol haty getirersiňizmi?» diýdi. «Getirerin» diýip, boýun aldym. «Onda puluňyzy goýýaňyz. Şu taýda dursun. Gidip hat getiriň. Onsoň puluňyzy bereris» diýip, meni çykardylar. Aşgabatdan Mara pyýada diýen ýaly bardym. Köp wagt eglenmän «Eziz han Aşgabatda atylypdyr» diýip, kakamyň aýdany ýadymda. Kakam «Eziz han bilen tutulanda 1 aý, 1932-nji ýylda tutulanda 20 aý, 37-nji ýylda basylanda 30 aý oturdym» diýip aýdýardy. Öz aýdyşyna görä, «Eziz han hakdaky ilki ýazanymy bir ýere toplasam, özi bir tom bolmaly» diýýärdi. ХХ asyryň ellinji we altmyşynjy ýyllarynda türkmen edebi prosesi bilen bagly agramly tankydy makalalaryň awtory, publisist Kakaly Berdiýewiň hem Berdi Kerbabaýewiň belent adamkärçiligi hakyndaky ýatlamasy-da gyzyklydyr: "Aslyýetinde, ýaşuly: «Pylan zady şeýtdim» diýmeýärdi. Hemişe: «Şeýdiläýse nähili borka?» diýip, eýýäm karara gelen meselesinde-de töweregindäkilere sala salýardy. Onuň il bähbidine bitiren işiniň hetdi-hasaby ýokdy. Men onuň ýazyjylygynyň daşyndan bitirýän işiniň gürrüňini edýän. Şäherde ýaşaýyş jaýy gerekli-de, ýokary okuw jaýyna girjegem, kolhoz-sowhoza traktor aljagam onuň hemaýatyna mätäçdir. Onsoň, olam dürli edaralara ýüz tutup, il-günüň ýumşuny başardygyndan bitirýärdi. Bir gezek onuň obadan iberilen haty okap, ýylgyryp oturan wagtyna gabat geldim. – Siz-ä maşyn edindiňiz-de, bergi-borçdan dyndyňyz. Muňa näme diýsemkäm. Berdi aganyň maşynly gürrüňiniň emmasy bardy. Ellinji ýyllarda häzirki ýaly maşyn «keseli» ýokdy. Ulag edinýän az-azdy. Biz üç-dört žurnalist bolup, maşyn nobatyna ýazyldyk weli, ol haýdan-haý geläýdi. Meniň ýaşulydan karz pul alyp gaýdaryma mähetdel, yzym bilen ýene bir dostum barypdyr-da: – Berdi aga, maşyn geldi welin, pulumyz ýetenok – diýipdir. – Näçeräk gerek borka? – Aý, syryp-süpürip, birki müň manad-a ýygnadyk. Bahasam ýigrimi müň-dä. Berdi aga murtuna elini ýetirip, çyny bilen aýdypdyr: – Onda, sen ýöne maşyn äber diýäý-dä. Ikisi-de hezil edip gülşüpdirler. Ýaşuly onuň möhümini bitirip goýberipdir. Hiç birimizem mähetdel bolman ertesi göni işimizi bitirdik.Edil myhmanparazlygy ýaly Berdi aganyň ýoldaşa, dost-ýara hemişe eli açykdy. Ençeme ýyllaryň dowamynda bile tirkeşen adamlar onuň sahylygyna beletdiler.Ýaşulynyň parasatlylygyna haýran galaýmalydy. Işde-de, öýde-de, gezelençde-de, her hili ýagdaýa duçar bolanda-da – ýekeje gezegem onuň hemleli geplänine duşmadyk. Biçak käýemeli pursatlaram asuda gepläp, düşündirýärdi...“ B.Kerbabaýew - söz ussady. Ol metbugatda bolsun, ýa okyjylar bilen söhbeteşlikler bolsun, tapawudy ýok, diliň arassalygy ugrunda, onuň arassa ýazylmagy üçin, arassa geplenmegi üçin çalşylmalydygy hakda ýazýardywe janygyp aýdýardy.Söz ussadynyň “Diliň medeniýeti – uly iliň medeniýeti” makalasy hem adyndan görnüşi ýaly, bu möhüm meselä bagyşlanypdy.Ýazyjynyň dil hakyndaky aýdan pikirleri şo döwürde ýazyjy-şahyrlaryň, dilçi alymlaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdi. Ýazyjynyň makalasynda gozgaýan meselesiniň mazmuny gysgaça aýdanyňda şeýle:Edebi diliň, umuman, medeniýetiň ösmeginde terjimäniň ägirt rol oýnaýandygyny aýdyp, bu hakda ol öz pikirini dowam edýär: --Terjimeçi iki dili hem suw ýaly bilip, öz işini çyn ýürekden söýüp, şoňa-da kemsiz üns berip, öz diliniň grammatiki kadasynda, dilinde terjime edeniňde, terjimäniň özi original esere öwrülýär. Şeýle terjimeçä uzak ömür diläp, “Ukyply eliňe gül bitsin!” diýesiň gelýär. Emma terjimeçi iki diliň birine ýa ikisine-de oňly düşünmän diliň stiline, milli koloritini saýgarman, diňe güzeran üçin ýa setir sany üçin terjime edeniňde, şol zähmet hiç bir weçden peýda getirmän, gaýta, edebi diliň sadalygyna, arassalygyna, umumy ösüşine zyýan berýär. Näçe nebsimiz agyrsa-da, häzirki terjimeçileriň köpüsiniň sözme-söz, harpma-harp terjime edýäni üçin, ne stile üns berilýär, ne-de sözlem düzülişine. Şeýle terjimeleri okamakçy bolaňda, çarkandakly ýerden ýörän ýaly, her sözlemde büdreýärsiň, sözlemiň eýesiniň haýsydygyny, habarynyň haýsydygyny ýitirýärsiň, manynyň guýrugyna çala el ýetirdim diýseňem, sözlem, ýel gysymlan ýaly, maňzyňa batmaýar. Netije zehiniň bütinleý käýinip, eliňdäki kitabyň sahypasyny ýapanyňy duýman galýarsyň. ...Puşkiniň lirikasy ilki terjime edileninde, dili duzlurak biriniň: -“Puşkin, Puşkin” diýip, öwer ýörerdiler welin, türkmençe terjimesine garanyňda-ha, edil biziň emelsiz şahyrlarymyzyň taýy ekeni!” – diýeni henizem ýadymdan çykanok. ...“Mehaniki terjime täsiri, ýagny sözlemiň nädogry düzülişi, biziň şu günki dilimizde adatdan daşary kän. Şol nädogry kada biziň ýazuw dilimizde-de girip gidip barýar. Şoňa siňe syn edeňde, ol gyrmyzy keteni köýnegiň gara begeýigi ýaly, göze dürtülip dursa-da, şol barada seslenýän ýok diýen ýaly. B.Kerbabaýew ýazuw kadalary,käbir kömekçi baglaýjylar, sözme-çöz terjimeler...ýaly ynjyk meseleleriň üçtünden baranda weli jedel döretmän durmandy. Ilki bilen bu zatlar dogrusynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty, uly dilçi alym Amanmyrat Annanurow seslenmän durup bilmändir. Amanmyrat Annanurowyň “Ýoldaş Kerbabaýewiň dil hakyndaky makalasy dogrusynda” atly çykyşy hem gowy garşylanypdy. Dilçi alym B.Kerbabaýewiň makalasyndaky terjimäniň meseleleri dogrusynda aýdan käbir pikirlerini goldap, onuň nädogry ýerlerini ýüz görmän, pugta ynandyryjy delilleri orta atypdy. Gazetiň bir ýüzüni tutup duran makala, ine, şu pikirlere syrykdyrylypdy:“Sözme-söz, harpma-harp terjimeden, ýagny kalkadan, kalkalamadan düýbinden el çekmek bolmaz. Onsuz oňup bolmaz. Edebi dilleriň baýlaşmagy iki ugur bilen barýar. Birinjiden, her bir edebi dil öz içki serişdeleriniň hasabyna baýlaşýar: bir tarapdan, söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen, düýp asyl sözleriň bir söze birikdirilmegi arkaly, abbrewiaturalar ýasamak üsti bilen ozalky sözlerden täze sözler ýasalýan bolsa, beýleki tarapdan, ozalky sözler göçme manylarda we täze manylarda ulanylýar. Bu, elbetde, diliň sözlük sostawynyň baýlaşmagynyň esasy ýoludyr. Emma, ikinjiden, her bir edebi dil başga edebi dilleriň hasabyna hem baýlaşýar. Bu düzgün hem ylymda bireýýäm belli edilen, ykrar edilen düzgündir. Emma edebi diliň başga dilleriň täsiri astynda baýlaşmagy nähili barýar? Bu hem iki ýol bilen barýar. Birinjiden, başga dilleriň sözleri gös-göni alynýar, terjime edilmän alynýar. Ikinjiden, bolsa, başga dilleriň sözleriniň we aňlatmalarynyň özleri däl-de, olaryň obrazlary, nusgalary alynýar. Ýagny degişli sözler we aňlatmalar sözme-söz, harpma-harp (has dogrusy, morfemalaýyn, ýagny morfologik elementler boýunça) terjime edilýär. Ine, şuňa bolsa kalka diýilýär. Hiç bir dil şunsuz oňup bilmeýär, ýagny ösüp bilmeýär. Mysal üçin, rus dilini alyp göreliň. Bu ýerde совесть, земледелие, насекомое, предрассудок, впечатление, понятие, представление, восприятие ýaly köp sözler sözme-söz, harpma-harp terjime arkaly dörän sözlerdir. Diňe bir M.W.Lomonosowyň özi – bu beýik rus alymy – rus diline onlarça sözleri kalka arkaly girizipdir. Häzir rus dilinde giň ulanylýan sözler we aňlatmalar bolan зажигательное стекло, земная ось, негашеная известь, предмет, движение, кислота, наблюдение, опыт, явление Lomonosowyň ýasan kalkalardyr. Hatda языкознание, языковедение terminiň özi-de nemesleriiň bir goşma sözünden harpma-harp terjime edilip ýasalan terminlerdir. “Перерыв” sözünden kalkalanyp ýasalan arakesme sözüne hem Berdi aga garşy çykýar, onuň ýerine dynç diýip almaly diýýär. Berdi aganyň maslahatyna eýersek, biz mundan beýläk "Ýoldaşlar, 15 minutlyk dynç yglan edilýär” diýmeli, “diplomatik gepleşiklerde arakesme edildi” ýerine “diplomatik gepleşiklere dynç berildi” diýmeli boljak. Emma beýle diýip bolmajakdygy hemmelere aýdyň bolsa gerek. Şeýlelik bilen sözme-söz terjimeden bütinleý el çekmek mümkin däldir. Ýazuw kadalary hakynda hem B.Kerbabaýew birentek nädogry zatlary aýdypdyr. Emma Berdi aganyň bu çykyşy, bu makalasy onuň dil bilimini bilmeýändigini, dil hakyndaky taglymatyň iň bir bärki, iň bir elementar meselelerinden hem bihabardygyny görkezdi. Netijede, gepiň gerdişine görä, rus dilinden ene-de bir durnukly söz düzümini sözme-söz terjime edip, “dag syçan dogrupdyr” (гора родила мышь) diýesim gelýär.” Berdi Kerbabaýew ýazyjy we alym hökmünde edebiýatlaryň bir-biri bilen hyzmatdaşlyklaryna aýratyn baha berýärdi. Onuň bu dogrusynda aýdan pikirleri aýdyňlygy, çuňňurlygy, ýürekdenligi bilen her bir adamy ynandyrýar. Ine, onuň rus edebiýatynyň ussatlary hakynda aýdanlary: „Belent dereje, “Taňrynyň unudan bir obasynyň hak-hukukdan mahrum ýönekeý bir çagasynyň şu günki derejä göteren kim?!Şübhesiz, meniň rus galamdarlarym. Biziň klassyk edebiýatymyzda ne proza bardy, ne-de dramaturgiýa. Men roman ýazmagy Tolstoýdan, Gorkiden, Fadeýewden, Fedinden, Şolohowdan öwrendim. Men rus klassyk hem şu günki edebiýatyň üsti bilen edebiýat uniwersitetini geçdim. Maňa galamy nähili tutmany, obrazy nähili döretmäni, gahrymana nähili gylyk bermäni rus dostlarym öwretdi. Meniň ilki başdaky çaýşyk-çuýşuk setirlerimi rejelän, pikirimi çolaşyk düwünlerini çöşüp, şolar maňa gyşarnyksyz göni ýol salgy berdi. Meniň öz dilime düşünýän diňe bir million bolsa, olar meniň dilimi ýüzlerçe milliona göterdi.” Ussat ýazyjynyň türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Mollamurt hakynda ýazan ýatlamasy hem nusga alarlyk.Ol Mollamurtuň okyjylara mälim bolmadykadamkärçiligini, gylyk-häsiýetlerini, döredijiliginiň täsin taraplaryny beletlik bilen açyp görkezýär.Halypa ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew bu ýatlamasyny 1950-nji ýylda ýazypdyr. Dogduk mekany Ýolöten bolup, köp wagtlap Sarahsda ýaşan şahyr Allaberen Mollamurt uzak wagtlap ýatdan çykmaýan, durmuşda üytgeşik adamlaryň biridir. Berdi Kerbabaýew ýatlamasynyň ilkibaşynda Mollamurt şahyryň daşky keşbi barada söhbet açyp, şeýle ýazýar: «Olortaboýludy, ini-boýunagaranda ýaýbaňrak, şonuň bilen bile ýapygrakdy. Emma onuň peşeneli yüzi bardy. Maňlaýy giňdi. Gözleri uludy. Onuň gönümel burnuna gelşik berýän ýogyn murtlay bardy. Töwerek-gyrasy biraz gaýçylanan, gyradeň, mäşbürünç, enaýy sakgaly bardy... Oňa seretdigiňçe seredesiň, gördügiňçe göresiň gelerdi. Ol mähriban adamdy. Onuň keşbi, garaýşy mydam mylaýym ýylgyryşly bolsa-da, şol garaýyşda, şol ýylgyryşda kä degişýän, kä duzlaýan, käte-de şerebeleýän tükeniksiz bir ýumor bardy» . B.Kerbabaýewiňýazmagyna görä, ol häli-şindi mys-mys gülerdi. Onuň gülküsi gaty bolman, örän pessaý bolsa-da, bütin ünsüni, bütin durmuşyny şol gülýän zadyna bereni üçin, diňe bir dodaklary, diňe bir bogazy bilen gülmän, bütin göwresi bilen silkinip gülerdi. Durmuşda üýtgeşik adamyň üytgeşik häsiýetem bolýar: «Gürrüňi yhlas bilen diňlärdi.Ol özüniňýogyn murtlaryny sypamak bilen, bütin ukybyny öz gürrüňdeşine bererdi-de, onuň agzyndan çykan sözleriň baryny birden ýuwutjak ýaly, ymtylmak bilen diňlärdi. Ol özi gürrüň berende-de, ähli goruny jomartlyk bilen orta dökerdi. Onuňýeke dili däl, gürrüňi hem süýjüdi: taryhy ýatlamalara, halk döredijiligine onuň beýnisi örän baýdy». Her bir döredijilik işgäriniň beýlekilerden tapawutlanýan işleýiş usuly bolýar. B.Kerbabaýewiňýatlamasynda Mollamurt şahyryň iş usuly şeýleräk suratlandyrylýar: «Ol simleri gowşan çüýşeleriowunjak çyzyk atan äýnegini hüşgär gulaklaryna geýerdi-de, çolaja otagy eýelärdi. Şäheriň agramy ýatardy - Mollamurt ýatmazdy. Ol öz adatyna görä, käýanyny ýassyga berip oýlanýardy, kä aýbogdaşyny gurup oturardy, käte ajy gök çaýdan bir käse owurtlardy... Onuň galam tutmaga adat eden çeper barmaklary kä stoluň, kä dyzynyň üstündäki ak kagyzyňýüzüne owunjak nagyş çekerdi: Mollamurt örän hatdatdy - arapça haty owadan ýazýardy». Mollamurt öndümli zähmet çekipdir. Onuň gündelik durmuşyndan alyp ýazan şygyrlary gazetleriň sahypalaryny, žurnallaryňýüzüni bezäpdir.B.Kerbabaýewiň özüniňýatlamasynda belleýşi ýaly, «Mollamurt öz ýazan, ýa köne golýazmalardan göçüren kitaplarynyň käbirine surat hem çekerdi. Ol hem şahyr, hem hudožnikdi. Emma onuň çeken suratlarynäçe nepis, näçe enaýy hem bolsa, fantastik suratlara çalym ederdi: gyzlaryň billeri bir gysym, ýigitleriň murtlary bir penje, atlaryň kelleleri müji ýaljakdy». Mollamurtuň döredijiliginiň tematikasyndahäzirki döwrüň talaplaryna gabat gelmeýän goşgular köp. Emma В.Kerbabaýewiňýatlamasynda onun daşky keşbiniň suratlandyrylyşy, işleýiş usulynyň, häsiýetiniň çeper berlişi ýaş ýazyjylar üçin nusga bolup durýar. Suratda: Berdi Kerbabaýew gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow bilen. Indi bu günki gün öz meşhur eserleri bilen ady dünýä ýaýran Berdi Kerbabaýewiň çylşyrymly geçen ömri taryha öwrüldi. Beýik ýazyjy, beýik adam hakynda gürrüň berip biljek adamlar şu günki günem az däl. Olaryň biri öz döwründe aga-ini gatnaşygyny eden halypa ýazyjymyz Atajan Tagandyr. Şol gatnaşyklar barada ýazyjy Atajan Tagan okyjylara köp gürrüň berdi. Onuň ussat hakdaky ýatlamalar kitabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýöne gürrüňimiz Berdi aganyň ömrüniň haý-haýly pursatlary hakynda bolansoň, onuň öz döwürdeşlerine ýüzlenmegi makul bildik. Öz ömri hem indi taryha öwrülen görnükli alym, hiç zada berimsiz öz ajaýyp ýatlamalaryny goýup giden Mämmetdurdy Annagurdow Berdi aga bilen dostlukly gatnaşykda bolupdy. Ol ussadyň «Aýgytly ädimini» howply belalardan alyp galanlaryň biridi diýsek ýalňyşmarys. Ýüz görmezek bu adam Berdi aganyň döredijilik üstünliklerine az guwanmandy, säwliklerine bolsa az gynanmandy. Mämmetdurdy aganyň ussat hakda aýdanlary ýürekdendi: «Kerbabaýew mert adamdy. Onuň başyndan geçen hupbat hem azaplar, sütemdir ýanamalar, horluklar, zorluklar, töhmetdir yzarlamalar näçe diýseň bolan. Bu bela-beterler her kişiniň çekip-çydajak zady däl. Onuň juda çylşyrymly durmuş ýoly diňe bir göwnüçökgünlige, tükeniksiz zeýrenje ädip durman, bütinleý sähnelige, terkidünýälige-de sebäp bolup bilerdi. Ýöne welin meniň tanyşyma görä, onda ýaňky alamatlaryň hiç biri-de duýulmaýardy. Gaýtam ynamly, optimistik, durmuşa joşgunly hyjuw mesaňa bildirip durardy. Özi baradaky adalatsyzlyklaryň, yzarlamalaryň, hatda jezalaryň rewolýusiýadan soňky, sowet sistemasy döwründe hem az bolmandygyna garamazdan, ol iki gezek, 1932-nji ýylyň 18-nji martyndan 1934-nji ýylyň 31-nji noýabryna çenli, 1937-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 1939-njy ýylyň 1-nji dekabryna çenli tussaglykda boldy. Onuň häkimlerden zeýrenenine ýekeje gezegem duş gelmedim. Dogry, aýry-aýry wezipeli adamlaryň nädogry hereketlerini ýazgaryp, gürrüň ederdi, öz eserlerinde şoladamlaryň ýaramaz obrazyny dörederdi». Türkmenistan ýazyjylarynyň 1934-nji ýylda bolan birinji gurultaýyna gatnaşanlaryň aýtmaklaryna görä, Kerbabaýew gurultaýda sözlände aglanmyşyn. Ol, dogrudanam, şeýle bolupdyr, şol fakt giň köpçülige-de ýaýrapdyr. Ýöne Kerbabaýewiň şol gurultaýda aglamagyny, hamsygmagyny, onuň ýeneki jezadan gorkup, şonuň öňüni almak, janyny gutarmak üçin eden zady däl-de, özüniň ýüregi bilen ýapyşan çeper döredijilik zähmeti netijesinde emele gelip biljek eserleriň ykbaly barada çuň tolgunmagynyň netijesi bolmaly. Onuň şondan soňky ömri şeýle pikiriň dogrudygyny doly suratda tassyklady... Döredijilik işiniň ýeňil-ýelpaý däl-de, onuň hupbatlydygyny, şol bir wagtyň özünde-de onuň niçik lezzetlidgini, döredijilik bilen iş salyşýan adamyň bu babatdaky uly jogapkärçiligini, döredililigiň many-mazmunyny bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän öwüt-ündewli makalasyny (sahypa sanyny doldurmak maksadyny göz öňünde tutmadyk) şu işimiziň ahyrynda ýerleşdirmegi makul bildik. Çünki makalada gozgalýan meseleler ähli döwürlerde ähli ýazyjy-şahyrlar üçin hiç haçan könelmejek dür däneleridir. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||