15:42 Berdinazar Hudaýnazarow | |
BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW (1927–2001)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak geňeşliginde (öňki Aşgabat oblastynyň Aşgabat raýonynyň Gyzylsakal geňeşligi) eneden dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary agyr uruş ýyllaryna gabat gelýär. Olaryň maşgalasy 1940-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Kerki etrabyna göçýär. Berdinazar Hudaýnazarow 1955-nji ýylda Kerki şäherindäki 4-nji orta mekdebi, 1959-njy ýylda öňki SSSR Ýazyjylar Birleşiginiň ýanyndaky Ýokary Edebiýat kursuny tamamlaýar. Ol mekdepde okap ýörkä, zähmet ýoluna başlamaly bolýar. 1943–1944-nji ýyllarda onuň ilkinji goşgulary çap edilýär. Berdinazar Hudaýnazarow 1943-1946-njy ýyllarda Kerki etrabynyň şol wagtky «Gyzyl baýdak» daýhan birleşiginde tabelçi, 1946-1947-nji ýyllarda şol wagtky Kerki oblastynyň «Täze ýyl» gazetiniň edebi işgäri, 1947-1950-nji ýyllarda Kerkiniň «Pagtaçynyň sesi» gazetiniň edebi işgäri, redaktoryň wezipesini ýerine ýetiriji, 1950-nji ýylda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetiniň edebi işgäri,1950-1954-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1954-1955-nji ýyllarda «Wodstroýewes» gazetiniň gezme habarçysy, 1955-1957-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1957-1959-njy ýyllarda SSSR Ýazyjylar Birleşiginiň ýanyndaky Ýokary Edebiýat kursunyň diňleýjisi, 1959-1961-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1961-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, 1962-1968-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň şygryýet bölüminiň müdiri, 1968-1991-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1991-1992-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar Birleşiginiň hormatly başlygy, 1992-2001-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky baýragynyň bermek baradaky komitetiň başlygy wezipelerinde işleýär. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/19. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||